10:39

Küýe gelen küpürler

Sözler
Категория: Sözler | Просмотров: 505 | Добавил: Haweran | Теги: Isgender Mälik | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 kungfuu  
1292
Underground stili.
Her kim beýdip "küýüne gelen küpürleri" ýazyp ýörjek bolsa, eňňere diýilýäni bolmazmy bu ýer?!

0
2 GG  
1637
"Göwnüñe alyp göwreli bolanyñdan, agzyña alyp abraýly bol".
Şeýle setirleri köpçülikde aýtmak, medeniýetlilik däl! Diýmek, biz öz ýaşlarymyza şeýle görelde görkezýäris! bu şerigata-da syganak, kowahata-da. GG

0
3 GG  
1637
Isgender MÄLIK-iň haýasyz setirlerini çap etmek saýtyň peýdasynamyka?

0
5 Garadag  
128
Men-ä saýtyñ peýdasynamy diýip däl-de jemgyýetiñ peýdasynamy diýlip sorag goýulsa has dogry bolarmyka diýýän.

0
4 Moderator  
1471
Goçdurdy aga, aýyplaşmañ.
Dogrusy, "Isgender Mälik" lakamy bilen saýtda çykyş etmek islän awtorymyz bulary elektron poçtamyza ugradanda, özümiñem çap edesim gelmedi. Edil siziñ ünsüñizi çeken setirleri okadym diýsem ýalançy borun. Sebäbi, her gelen materialy boýdan-başa okamaga wagtym ýetmeýär. Ýüzleýje göz gezdiripdim.

* * *

Metjitleriñ deñinden geçýäñ welin, bir zat gözüñe ilýär. Käbir adamlar metjide täretli, üst-başy arassa girýänem bolsa, daşyna çykansoñ, bularyñ barsyny ýatdan çykarýar...
Ýa-da käbir gelin-gyzlarymyzy mysal alalyñ, teleýaýlyma çykanda kellesi tahýaly, iki örüm saçly, ýaglykly-gyñaçly, ýakaly we ýeñli daraýy köýnekli we ş.m... Telestudiýadan çykýaram welin, ýañky zatlar başyndan aýlap urulýar: ýañky gelin-gyzlary ýubkaly, saçy ýaýgyn halda we hatda mundanam has beterräk döwrebap eşikde görýäñ welin, gözüñe ynanmaýañ...
Bular ýurdumyzyñ ýüzi bolup duran telewideniýäni gözellik salonydyr ýa teatryñ sahnasydyr öýdýälermikä? Durmuşda nähili bolsak, iliñ öñünde-de şo bolşumyz ýaly görünmek aýypmy ýa kyn zatmy?
Şoña görä hem, saýt metjidem däl, telewideniýe hem. Goý, adamlar isleýişleri ýaly, hakyky öz boluşlary ýaly çykyş etsin. Özüm-ä hakykatda bihaýa bolup, saýtyñ münberinde edeplisireýän mynapykdan Isgender Mälik ýaly zoñtary ibaly görýärin.
Elbetde, beý diýsem, onuñ tarapyny tutdugym däl. "Isgenderiñ" ugradýan zatlary dogrudanam saýtyñ abraýyna däl, megerem ol bulary zapoýa gidende ugradýar öýdýän. Şoñ üçin düýnki ugradan "Namart takallaryny" goýmadymam. Gülkiñem tutdurýar käte. Ýöne meñ pikirimçe islendik pikirli adam samsyklajam bolsa pikirini aýtsyn. Siziñ ýaly adamlar bolsa has köp seslensin, beýle kişileri ýazgaryp çykyş edýänler köpelsin. Şeýdibem il bolmagy, il bolup ýagşyny ýaýmagy, ýamany ýazgarmagy öwreneliñ. Bu diñe biziñ öz peýdamyza.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]