07:47 Kyrkaýak bilen ýylan / erteki | |
KYRKAÝAK BILEN ÝYLAN
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken, gadym eýýamda kyrk sany aýakly kyrkaýak bilen bir kepjebaş ýylan goňşy bolup ýaşaýar eekn. Ýöne kyrkaýagyň ulumsylyk, öwünjeňlik, bahyllyk, men-menlik edip, ejiziň üstünden gülmek, sähelçe zady bahanalap, dostlary bilen tersleşmek, olaryň göwnüne degmek ýaly ýaramaz endigi bar eken. Onuň tersine, ýylan örän parasatly, asylly, geçirimli, göwnüne degleni bagyşlap bilýän, ile-güne elinden gelen kömegini gaýgyramz eken. Degmedige asla degmeýär eken. Aslynda ýylan kyrkaýaga garanda gurply ýaşaýar eken, onsoň kyrkaýagyň ýylanyň ýaşaýşyna gözi gider eken. Ýylan öýüne nämedir bir del zat getirdigi, her edip, hesip edip şol günüň özünde onuň getiren zadyndan kyrkaýak hem tapar eken. Bu, elbetde, gowy häsiýet däldi, goňşyň bilen bäsleşip ýaşajak bolmagyň özi manysyzlykdy. Günlerde bir gün ýylanyň doglan gününde dostlary oňa altyndan tabak sowgat edipdirler. Şol günden başlabam ýylan öz naharyny altyn tabaga guýup iýipdir. Kyrkaýak özüne altyn tabak edinmek üçin iki-baka urnupdyr, ýöne näçe urunsa-da ýylanyňky ýaly ýalpyldap, töwerege şugla saçyp duran altyn tabak edinip bilmändir. Ahyry ol bir hilä baş urupdyr. Ýylany özi bilen uzak aralyga ylgamakda ýaryşa çagyrypdyr. Kyrkaýak ýylana duýdurman, uly ile jar çekdiripdir. “Görüň bakaly, kim üstün çykýar, kyrk aýaklymy, aýaksyz?! Niçik, altyn tabagyňyutduraýmazmykaň?” diýip güpüläpdir. Ýaryşyň şertini hem kyrkaýagyň özi kesgitläpdir. Ýeňlen ýeňiş gazanan tarapa altyndan tabak bermelimişin. Ýylan birbada goňşusynyň bu teklibine garşy çykypdyr, onuň bilen hiç mahal ýaryşmakçy, hiz zatda jedelleşmekçi däldigini aýdypdyr. Onda-da parasatlylygy elden bermändir, pälini pes tutup, kyrkaýak bilen ýaryşa goşulmaga mejbur bolupdyr. “Geregi altyn tabak bolsun, ýeňilsem beräýerin” diýiýpdir-de, ýüregi bire baglap,ýaryşa çykypdyr. Basym ýaryşyň başlanýandygy yglan edilipdir. Kyrk aýagyny kyrk ýerden ädimläp, ýylandan ep-esli arany açan kyrkaýak ýaryşyň başyny çekip, ýylany tot-tozana garyp, onuň öňe geçmegine ýol bermändir. Ýöne ol basym ýadapdyr, onuň başky bady hem haýallapdyr. Öňe okdurylyp, simap ýaly süýnüp barýan ýylan pellehana birinji bolup gelipdir. Ýaryş tamamlanypdyr. Hemmeler ýylany ýeňiş bilen gutlapdyr. Kyrkaýagy welin gutlan bolmandyr, ýaryşyň şerti boýunça onuň özi ýylana altyn tabak bermeli bolupdyr. Hemmeler kyrkaýagyň ýaryşyň şertini berjaý edişine garaşypdyr. Kyrkaýak welin altyn tabagy bolmansoň il içinde masgara bolupdyr, öz guran toruna özi düşüpdir. Eden işine ökünip, müýnli başyny aşak egipdir. Soňam:”Men ýeňildim, mende saňa berere altyn tabak ýok. Sen meni bagyşla, goňşy!” diýip, ýylandan ötünç sorapdyr. Ýyllan akyllydy, kyrkaýagyň şu ýaryşy gurnamagynyň maksadyna-da oňat düşünýärdi. Onuň kimdir birinden gaty görmek, öýkelemek häsiýeti bolmansoň ol bu gezegem kyrkaýagyň özi bilen deň bolup durmandyr: - Goňşy, “Oýunçy oýunda utulanyny bilse ýagşy” diýlendir, men utdum, ýöne senden altyn tabak tamakin bolup utmadym. Meniň öz altyn tabagym bar, isleseň, mundan beýläk biz nahary bir tabakda iýibem bilerdik, bir tabak ikimize-de bes ahyryn—diýipdir. Kyrkaýak özüniň telek iş edenine ökünipdir, soňam günäsini bagyşlan hem-de oňa özüniň altyndan tabagynda bile naharlanmagy teklip eden goňşusyndan minnetdar bolup, begenjinden ýaňa ýyrş-ýyrş edipdir. Şol günden başlabam kyrkaýak özüniň ulumsylyk, öwünjeňlik, bahyllyk, men-menlik edip, ejiziň üstünden gülmek, sähelçe zady bahanalap, dostlary bilen tersleşmek, olaryň göwnüne degmek ýaly ýaramaz endiklerini taşlapdyr. Goňşyň bilen bäsleşip ýaşajak bolmagyň telek işdigine göz ýetiripdir. Şondan soň kyrkaýak ömrüniň ahyryna çenli ýylan bilen agzybir, hoşniýetli goňşuçylykda ýaşapdyr. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |