LAKAMY – «WALLA»
Segsene ser uran Myrat Rejebowyň ömür ýoly türkmen sowet metbugaty bilen berk bagly. Metbugatda birkemsiz işlänligi we ony ösdürmäge goşan goşantlary üçin «TSSR-iň at gazanan medeniýet işgäri» diýlen hormatly at hem dakyldy.Gazet işinde onuň öwüt-ündewlerini özlerine sapak edinen türkmen žurnalistleri bolsa bir ýa iki däl. Durgunlyk ýyllary diýlen döwürlerde-de Myrat aga köp sanly kärdeşleri ýaly howaýy, pagtabent häsiýetli öwgüli materiallar bilen meşgul bolmandy. Şo mahalam onuň tankydy materiallary meseläni düýpli we her taraplaýyn goýýanlygy bilen ýadymyzda galypdy.
Bu gün men ýaşuly žurnalistiň myhmany. Hal-ahwal soraşmakdan başlanan gürrüňiň soňy uly söhbete ýazyp gitdi.
– Meniň «Sowet Türkmenistany» gazetinde işläp başlanyma elli ýyldan köpräk boldy. Işe başlan döwrümde gazetde türkmen azdy. Redaktor-a tatar Hüseýin agady. Familiýasy Hüseýinow, ady Abdylla bolmaly. Ýöne hemmämiz oňa ýaşuly adam bolansoň Hüseýin aga diýýärdik. Elli ýaş töwerekleri bardy. Obadan sowatly adamlary gözläp, gazet işine çekýärdiler. Berdi Kerbabaýew edebiýat bölüminiň müdiri. Oň ýanynda Garaja Burunow hem işleýärdi. Haldurdy, Agahan Durdyýew, Durdy Agamämmedow dagy bilen bir kollektiwde işleýärdik. Ýöne işgärleriň köpüsi tatardy. Olardan Ryzakow oba hojalyk bölüminiň müdiri. Muhammetjanow – partiýa durmuş bölüminiň müdiri. Malbaýew sowet gurluşygy bölüminiň müdiri. Almakaý – Mary oblasty boýunça gazetiň habarçysy, Döwletşin – edebi işgär, Ahmet Şerip – edebi işgär bolup işleýärdiler. Şo döwürde türkmenlerden hemişelik işläp gelýän Halmyrat Gulnazar bardy. Köneden sowatly adam. Sähet Nyýazow bardy. Sähetnyýaz molla-da diýýärdiler. Sähetnyýaz aga hemmämizden gaty sowatlydy. Köne mekdepde okanam bolsa, ýazan zatlarymyzy düzetmäge zordy. Ol hatlar bölüminde işleýärdi. Ýaşuly adamdy. Asly Aşgabat obasyndan. Balakaýewler bilen goňşy ýaşan bolmaly. Pensiýa çykansoň, oba gitdi. Şo ýerde-de ýogaldy. Bize köp zatlary öwreden şo bolmaly. Biziň bilen işleşenleriň arasynda azerbaýjan, ermeni-de bardy. Ýazan zatlary orsça bolsa-da, soň türkmençä geçirilýärdi. Ýazan zatlarymyzy maşynka bermäkäk, ilki Sähetnyýaz aga okatdyrýardyk. Türkmen bolsun, azerbaýjan bolsun, ermeni bolsun – tapawudy ýok, hemmämiz şeýdýärdik...
1930-nji ýylda Aşgabatdaky sowet partiýa mekdebiniň ýanyndaky bir ýyllyk gazet kursuna okuwa giren Myrat Rejebow öz galan bütin ömrüni metbugat bilen baglajakdygyny oňly bilenokdy. Olar kursuň ilkinji tapgyryny otuz oglan bolup tamamlaýarlar. Şolardandiňe ikisi gazet işinde galýar. Emin Çaryýew bilen Myrat Rejebow, E.Çaryýew soň gazetiň öz habarçysy bolup Çärjewde işleýär.
– Hüseýin aga türkmen kadrlaryny ýetişdirmekde köp iş etdi. Material taýdan kömek gerek bolsa-da, gaýry kömek gerek bolsa- da, «Çekinmäň-de aýdyberiň» diýýärdi. Hor edenokdy. Habar ýazanymyzda, biri hüjüm etse, bizi gaty gowy edip goraýardy. Hüjüm eden gaýdyp biziň adymyzy tutmaz ýaly bolýardy. Halk Komissarlar Soweti, Merkezi Komitet bilen haýdan-haý gürleşýärdi. Şoňa çäre gördürýärdi. Eşik almaga dagy indiki aljak gonorarymyzyň hasabyna pul berýärdi. Ýa öýümizde ýetmez zadymyz bolsa şoňa-da hemaýaty degerdi. Aý, garaz redaksiýadan gitmez ýaly edip yhlas edýärdi. Men gazete işe gelemde, nirde işle diýseler-de işläbermeli diýen düzgün bardy. «Daýhanda» işle diýseler işläbermelidi. Aýallar žurnalynda-da işleýärdik. Radioň materiallary hem biziň redaksiýamyzda taýýarlanylýardy o wagtlar.
Köşüden Bäşim aga diýip biri bardy. Welosipedli, sakgally, ýaşuly adamdy. Materiallar taýýar bolan badyna olary derrew radio äkidýärdi. Okamaga ýetişdirýärdi. Daýhansypat, arassa geýinýän adamdy.
Ilkinji ýazan habarynyň ady «Horlan ýatmalymy ýa-da horlanan» diýlip atlandyrylýardy. Şonuň aşagyna-da «Walla» diýip gol çekipdim. Sud bolanda günäkäre çäre görülmän, ejir çekene çäre görülipdir. Şo material boýunça ony türmeden boşatdylar.
Lakamyňy goýmasaň, bilseler janyňa kast edýärdiler. Hatda redaksiýanyň howlusynda Garahanow diýilýän işgärleriň birini öldüripdirler.
Garadamak obasyndan Durdy Nepesow diýip, äýnekli bir şahyr oglan bardy. Şonam tankydy makala ýazýaň diýip, öýündekä paltalap, guýa başaşak taşlapdyrlar. Birnäçe günden soň tapylypdy.
Oraz Täçnazar bilenem az-owlak işleşmek miýesser etdi. Gaty gowy adamdy. Sowatlydy. Ondan köp zat öwrendik. Ozal bize öwreden adam azdy. Ol gelensoň ilkinji nobatda çem gelen zasy gazetde ýazmaly däldigini hem-de onuň synpy häsiýetli bolmalydygyny öwrendik. Milli mesele, agzybirlik hakda köp zat öwredýärdi. Öňümizden çykanda özi bize salam berip, elleşip görüşýärdi...
1932-nji ýylda Myrat Rejebowy Daşoguza işe iberýärler. Ol o ýerik barmanka, ýazyjy Ata Nyýaz Ýylanly raýon gazetiniň jogapkärsekretary bolup işleýän eken. Gazetiň ady «Täze güýç». Redaktoryna Öwlüýaguly Serdar diýilýän eken.
Redaktor bilen Ata Nyýazyň arasynda oňuşmazlyk döräpdir. Çünki Ata Nyýaz ýiti mesele gozgaýan makala ýazsa, ol gazetde berdirmeýän eken. Şoň üçinem Ata Nyýaz öýkeläp, Aşgabada gaýdarman bolupdyr. Daşoguzdan gelip ol «Sowet Türkmenistany» gazetiniň sekretariatynda işleýär. Myrat agany hem oň ýerine işe iberipdirler. Gazet Daşoguzda çap edilýärdi. Sebäp diýeňde, tipografiýa Daşoguzda ýerleşýärdi. Redaksiýanyň özem Daşoguzdady.
– Obalara gidip, material ýazamyzda biz öz adymyzy gizlemeli bolýardyk. Sebäbi o ýerde janyňa howp salýanlar ýetikdi. «Gören», «Bilen», «Goňşym», «Ýoldaşym» diýýärdik. Köplenç men «Gören», «Belet» diýen lakam bilen gazetde çykyş edýärdim.
Şo wagt oba habarçylary aktiw çykyş edýärdiler. Ýylanlyň internatynda ene dili mugallymy bolup işleýän Beki Seýtäkow olaryň içinde has işeňňiridi. Bir gün Bekä men:
– Redaksiýada işlemek höwesiň barmy? – diýip soradyk. Olam:
– Bar – diýdi.
– Aşgabada gitsem, meň ýerime işlärmiň? – diýdim.
– Işlärin – diýip, ol biragyzdan jogap berdi.
Partiýanyň Ýylanly raýkomynyň sekretaryna Muhammet Nazarow diýýärdiler. Ýüregimi bire baglap onuň ýanyna bardym.
– «Ýeriňe kadr taýýarlasaň, yzyňa gaýdyp gelseňem bolýar» diýip, Aşgabatdan bärik gaýtmankam aýdypdyrlar. Ýerime-de adam taýýarladym. Beki Seýtäkow işlejek – diýip, oňa düşündirdim.
Muhammet Nazarowyň özi daşoguzly, milleti özbek bolmaly. Soň Aşgabatda Suhan Babaýewiň kömekçisi bolup işledi. Gaty gowy adamdy. Bize hemme taraplaýyn kömek berýärdi. Raýkomyň sekretary meniň bilen ylalaşdy. Ýol şaýymy tutup Daşoguza geldim. Hudaýguly Täçgulyýewiň öýüne bardym. Barsam, öýünde Aşgabatdan gelen Nurjan Amanow hem oturan eken.
Transport meselesi kyn. Hudaýguly: «Şumat birtopar basmaça tutulyp, sud edildi. Şolary etap etjekler. Ugratjak milisioner meň garyndaşym. Şolar bilen giderin diýseň, senem oturyber olaň arasynda» diýdi.Men Nurjana:
– Sen nähili görýäň? – diýip, sala saldym.
Olam:
– Bor, bor – diýdi.
Men şolara goşuldym-da, ýola düşdüm. Basmaçy diýýänlerem aslynda oba garyplary eken. Ýolda olar bilen habarlaşdym. «Nähili bolup basmaçy bolduň?» diýip birinden sorasam, «Baýa köp bergim bardy. Maňa magazin otlatdy» diýdi. Ýene biri: «Kolhozyň skladyny ýardyrdy. Obadan gaçgak bolar ýaly etdirdi». Başga biri: «Maňa gyz zorlatdy. Garyp günüm bardy. O gyzyň garyndaşlary meni görseler öldürjekler. Gaçyp basmaçylaň arasynda gezdim» diýýär.
«Şu beladan gutulyp bilsek, aralaryndan aýryljakdyk. Gowy boldy. Biz indi obadan çykyp, arkaýyn-a ýatarys» diýýär, görgüliler. Bular hökümede garşy zandyýaman pikirli adamlar hem däl ekeni. Ýöne baýlar jenaýat etdirip, ýoluny ýitiren adamlar. Uzak ýol söküp, Darganata geldik. Ýük maşynly. Özem haýal ýöreýär. Hojeýliniň çaýhanasynda ýatdyk. Ertirem irden ýola düşüp, agşamara Çärjewe geldik. Ýolagçy ýoldaşlarym otlyny dagy ömründe görmän ekenler. Otly guguldasa, ýaňkylar gorkularyna böküp maşyndan düşäýdiler. Çärjewde olar bilen aýrylyşdym. Otla mündürip, Alla bilsin, nirelere ugratdylar...
Aşgabada gelensoň, oňa «Farapda täze gazet açylýar. Şoňa sekretar bolup gitmeli» diýýärler. Ol Farapda täze gazetiň işini ýola goýýar. Gazet ilki türkmen dilinde çykýan eken. Soň özbek dilinde çykyp başlaýar. Şondan soň ol ýene-de Aşgabada dolanyp gelýär. Ýene-de «Kerki MTS-niň ýanynda syýasy bölüm açyldy. Şo ýerde täze gazeti ýola goýmaly» diýýärler. Ony täze gazete jogapkär sekretar edip işe iberýärler. Redaktory Husnitdinow diýen tatar adamsy. Pawel Ioniçew hem syýasy bölümiň naçalnigidi. Syýasy bölümiň naçalniginiň bir orunbasary GPU ugruny alyp barsa, bir orunbasary partiýa işlerini, beýleki bir orunbasary komsomol işlerini, başga bir orunbasaram aýal-gyzlaryň arasynda iş alyp barýardy.
– Partiýa işleri boýunça orunbasary Agajanow, ermenidi, komsomol boýunça orunbasary Hoşwagydow, aýal-gyzlar boýunça orunbasary Gylyjowdy. Gylyjowa häzirem bar diýýärler. GPU boýunça orunbasaryna Myrat Baratow diýýärdiler.
Döwlet Mämmedow hem partiýanyň Kerki okružkomynyň sekretarydy. Aýalyna Ružiskaýa diýýärdiler, magaryf ugrundan işleýärdi. Döwlet Mämmedow uzyn boýly, ak ýüzli adamdy. Özem näme ýumşuň bolsa bitirip goýberýärdi. Şo döwrüň adamlaryna bir zat diýip ýüz tutsaň, bitirmeýäni ýokdy.
Iýjek-içjek zatlarymyz, geýjek zatlarymyz Moskwadan gelýärdi.
Syýasy bölüm soňabaka raýkomyň hukugyny alyberdi. Syýasy bölümiň işgärleri raýkoma boýun bolman başladylar. Soň syýasy bölümler ýatyrylmaly edildi...
Syýasy bölüm ýatyrylandan soň ol Aşgabada gelýär. Ol Merkezi Komitetden Türkmenistan ýokary oba hojalyk kommunistik mekdebine okuwa ibermeklerini haýyş edýär. Komsomol çleni bolansoň ony mekdebiň ýanyndaky bir ýyllyk komsomol kursuna okuwa kabul edýärler. Soňam şo mekdepde okuwyna dowam etdirýär. Hywaly Babaýew hem şo ýerde olar bilen bile okapdyr.
Mekdebi tamamlandan soň «Ýaş kommunistiň» redaktory Nagym Kadyrow ony bölüm müdirligine işe çagyrýar. Emma ol özüniň öwrenişen kollektiwiniň arasyna dolanyp gelýär.
1937-nji ýylda onuň gazetde bile işleşen adamlarynyň köpüsi tutulýar. Ryzakowy, Almakaýy... tutýarlar. Tutulmadygy azdy. Hersine-de bir bahana tapýardylar. Gulnazar aga-da tutulýar. Agşam bile işleşip giden adamlar ertir gelseler, stollar boş durdy. Günäsiniň nämedigini hiç kim bilenokdy.
– Okuwy gutaryp işe başladym. Partiýa hataryna kabul edildim. Soň ilkinji partiýa guramasynyň sekretarlygyna saýladylar. Beýik Watançylyk urşy başlandy. Ähli metbugat organlarynyň hem-de Ýazyjylar soýuzynyň partiýa guramalary birikdirildi. Men indi birleşdirilen partiýa guramasynyň sekretarydym. Mäti Kösäýew gazetde redaktoryň orunbasary bolup işleýärdi. Redaktory Aşyr Annabaýewdi. Aşyr aganyň sowady o diýen ýokary bolmasa-da, adamkärçiligi gowudy. Tapbiler adamdy. Açlyk ýyllary bolansoň, men: «Işgärler üçin, hemem fronta gidenleriň maşgalalary üçin Tejenden, Saragtdan ir-iýmiş, galla, gök önüm satyn aljak, oňa siziň goluňyz bilen ýazylan hat gerek» diýip ýanyna baramda, ol meni goldapdy. Onuň goly çekilen hat bilen wagon alaýmak üçin demir ýolunyň naçalnigi Mihaýlowyň ýanyna bardym. Mihaýlow bilen aramyz gowy bolansoň, wagon berýärdi.Wagon aýlamak o döwürde gaty kyndy. Galyberse-de, oň ýaly hata gol çekip biljek redaktoram az-azdy. Munuň üçin men Aşyr agany hemişe minnetdarlyk bilen ýatlaýan.
Berdi Kerbabaýew şo wagt partiýa çleni däl eken. Myrat Rejebow ondan: «Berdi aga, partiýa hataryna girjekmi?» diýip soraýar. B.Kerbabaýew hem «Geçjek» diýýär.
– Arzasyny berdi. Merkezi Komitet bilen gürleşdim: «Geçmişi şeýle bolupdyr. Size geňeşeýin» diýdim. Şaja Batyrow şonda:
– Ony deputat saýlamak hem hyýalymyz bar. Päsgel bermezleri ýaly, raýkoma özüm jaň ederin – diýdi. Raýkomda-da oňa kän sorag berip oturmadylar.
Ine, gazetiň sahypasyny düzüp (wýorstka edip) otyrys. Azajyk ýer galýar. «Näme bereris?» diýseň. Mäti aga Magtymgulyň goşgusynyň şoňa gelşip duran bir bendini tapyp, «Şuny goýaýalyň» diýer. Soň görüp otursaň, şaplaşyp durandyr.
Urşa bizden köp adam gitdi. Gurbanmyrat Eýemberdiýew – terjimeçi. Muhammet Babaýew – terjimeçi. Durdy Haldurdy – sekretariatyň işgäri, Şaly Kekil – oba hojalyk bölüminiň edebi işgäri...
Myrat aga mylaýym adam. Onuň sesini gataldyp gürlänini ýa- da bijaý söz bilen biriniň göwnüne degenini bilýän adam ýok bolsa gerek. Ol dogryňa dogry, egriňe-de egri diýip, bilýän adam. Oňa onuň žurnalistik işinde her hili wakalar duş gelipdi. Çözgüdi kyn meselelere-de baş goşmaly bolupdy. Ol haýsy işe baş goşsa-da, onuň adyl çözgüdini gözleýärdi. Her gezegem hakykatyň aýan bolmagyny gazanýardy. Onuň bu häsiýetini açyp görkezýän delilnamalaryň bir näçesi hakda Myrat aganyň özi şeýle söhbet edýär.
■ BIRINJI DELILNAMA. /Ol Aşgabatda ýer titrän ýylynda bolup geçipdir/.
– Bir gezek redaksiýada işläp otyrdym. Döwlet diýen biri redaksiýa gelip, o bölüme bardy, bu bölüme bardy. «Aşgabadyň suwy ýollarda sowlup, ekinlere tutulýar» diýdi. Hiç kimiň bu temanyň yzyna düşesi gelmedi. Men redaktoryň orunbasary Jürmenekden haýyş etdim. Redaktor Ş.Täşliýew dynç alyş rugsadyndady.
Ilki oblwodhoza bardym. «Bizde şikaýat bar. Şony barlamaly» diýdim. Naçalnik «Aý, barlama. Barlaňda-da netije çykmaz» diýdi.Menem «Netije çykarar ýaly etjek borus. Sen maňa näme kömek edip biljek? Aýlanar ýaly maşyn berip biljekmi? Biziň ýanymyzda wekil bolup, durup biljek adamyňyz barmy?» diýip soradym. Garaz ol göwnemedi.
O wagt redaksiýaň işgärleriniň maşyny ýokdy. Oýlandym. TSSR Ministrler Sowetiniň iş dolandyryjysy Ýazmyrat Öräýew ýadyma düşdi. Berdi Kerbabaýewiň Gözel diýen gyzynyň adamsy. «Ýazmyrat, şuň ýaly mesele bar. Özüňem dost adam. Maňa maşyn kömegini ber» diýdim.
Ýanyma Olga Aleksandrowna Lodzinskaýany hem aldym. Ökde žurnalistdi. Oňa-da «Ýanymda durup, maslahat berseň bolýar, galan zady özüm gepleşerin» diýdim.
Garadamakdan başlap, Bagyra çenli gitdik. Muň içinde kanunsyz mellegi bar adam gaty köp eken. Şäheriň ketdesidirin diýeniň, ilki ýüz tutan oblwodhozyň naçalnigine çenli, hatda şäher ispolkomynyň başlygyna çenli melleginiň barlygyny anykladyk.
Maý aýynda şäherdäki agaçlar suwsuzlykdan saralyp, ýapraklaryny döküp dur. Emma olaryň mellegindäki agaçlar, bag-bakjalar gök öwsüp otyr.
Makala gapdalynyň karikatura suraty bilen çykdy. Seslenme kän geldi. Şeýle material bilen gazetde çykyş etmek hatarlydy. Material Ministrler Sowetiniň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ogryn ekilen melleklerdäki miweleri, gök önümleri isrip etmän, çagalar öýlerine paýlamaly edildi. Redaktor kurortdan gelip, gaty begendi. Artdyrylan gonorar goýdy.
■ ÝENE BIR DELILNAMA. /Ol altmyşynjy ýyllaryň ahyrlaryna degişli/.
– Nebitdagda guşçulyk fabrigi gurulýardy. Obýekt Oba gurluşyk ministrligine degişlidi. Gidip barladym, planlary 30 prosent ýerine ýetirilipdir. Gurluşygyň proýektem gaty harsal düzülipdir. Towuklara iým dökülýän bunkerlerem agyr betondan edilýär. Demir bolsa- da bolýan eken. Gurluşygyň naçalnigi haçan görseň komandirowka gidýän eken: Ukraina, Pribaltika, Orsýediň köp oblastlaryna. Ýylyň köpüsini komandirowkalarda geçirýän eken. Gelibem, olaň iş tejribesini ulanjagam bolmandyr. Şu zatlar hakda tankydy material ýazdym. Gazetiň redaktory meni ýanyna çagyryp:
– Nebitdag şäherkomynyň birinji sekretary maňa jaň etdi. Olam MK-nyň çleni. Men onuň sözüne gulak asmaly – diýdi.
– Kim jaň etse edibersin. Eger meň materialymda ýalňyş zatlar bolsa, onda başga gep. Maňa çäre görüň. Eger dogry bolsa-da materialy hiç kimiň saklamaga haky ýok. Öz hukugyma gowy düşünýän – diýdim.
Ol:
– Onda sen bir zat et. MK-niň oba gurluşyk bölüminiň müdiri Karaçensewe materialy okat. Eger ol makullasa çykararys – diýdi.
– Men oň ýaly habar ýazamok. Meň özüm makullasam, başga adamyň makullamagyna mätäç däl – diýdim. Kejir ýerimde menem gaty kejir-dä. Aý, garaz ol meni yrdy.
Bölüm müdiri material bilen tanşyp: – Muny ýerinde barlap görmek üçin instruktorym Wereşagini iberjek – diýdi. Menem:
– Makalany gazetde çykansoň barlaň – diýdim. Ahyry: – Instruktoryňyz şo ýerik barlamaga gitmesin – diýip, aýtdym.
Onda bölüm müdiri:
– Oň Bäherdende-de işi bar. Ilki şo ýerik barmaly – diýdi. Şeýdip olaryň wagt geçirjek bolýanlaryny bada-bat aňdym.
– Ýok. Eger gidýän adyna galýan bolsa, onda göni gitmeli – diýdim.
Oba gurluşyk ministri Setdar Möwlamow bilenem gürleşdiler. Ministr «Onda menem gitjek» diýipdir. «Saňa-da bilet alalymy?» diýdiler. «Ýok, meň üçin azara galmaň. Özüm alaryn» diýdim. «Sen nähili gitjek?» diýip soradylar. «Oň bilen işiňiz bolmasyn. Siz baraňyzda men şo taýda bolýan» diýdim. Agşam otla mündüm. Irdenem şo taýda boldum.
Myhmanhanada duşuşdym. Möwlamow «Sen biziň ýanymyzda bolaý» diýdi. Menem «Men eýýäm ýerleşdim. Sag boluň» diýdim.
Partiýanyň şäher komitetiniň birinji sekretarynyň ýanyna bardyk.
Bile aýlanyp başladyk. Ministriňem ýanynda öz spesialisti bar. Aýlandyk, zat etdik. Şonda ministr maňa «Myrat aga, bu zatlar seň ýazyşyňdanam bäş beter eken» diýdi. TKP MK-nyň wekili bolsa «MKbilen maslahatlaşman, öz razyçylygymy berip biljek däl» diýdi. Menem «Siziň razyçylygyňyza mätäç däl» diýdim. Sebäbi Möwlamowyň sözüni eşidemsoň has arkaýyn bolupdym. Arkam bardygyny duýdum. Sebäbi ministr «Aşgabada barsam, meseläni kollegiýada goýaryn» diýdi. Onuň dogry gepli adam ekenligine şonda gözüm ýetdi.
Makala şeýdip gazetde çykdy. Günäkärlere çäre görüldi...
Myrat aga Aşgabat ýer titremesini tolgunman gürrüň berip bilenok. Kesegiň astynda galan işdeş ýoldaşlarynyň, dost-ýarlarynyň, dogan-garyndaşlaryň bagyr awusyny kalbynda göterip gelýän diňe Myrat agamy näme?!
– Ýer titrände redaksiýalaryň jaýlary Labinskiý köçesinde ýerleşýärdi. Häzirki «Watan» kinoteatrynyň hem-de Halk magaryf ministrliginiň ýerleşýän ýerleri.
Ýer titrände birnäçe işgärlerimiz ýogaldy. Edermenlik görkezen žurnalistler boldy. Allaýar Hydyrow diýen terjimeçimiz bardy, ertir ir bilen işe gelseň, maşinistkaň ýanynda diktowka edip durandyr. Özüniňem ýer titrände maşgalasyndan alty-ýedi adam kesegiň aşagynda galdy. Şeýle ýagdaýda onuň gelip işleýşine haýran galýardym.
Gazeti çykaryp bilemzok. Birki sany adamyny gazet çykarmak üçin Mara iberdiler. Soň bu pikirem makullanmady. Gazetiň redaktory Şamyrat Täşliýewdi.
Şo wagt TK/b/P MK-nyň propoganda boýunça sekretary hem Gara Esenowiç Alyýewdi. Ol meň mugallymymdy. Şo günleriň birinde ol redaksiýa geldi. Redaksiýada menden başga adam ýok diýen ýalydy.
Hal-ahwal soraşanymyzdan soň ol menden «Şu ýerde çadyr gurlaýsa niçik görýäňiz?» diýip sorady. Menem «Gara Esenowiç, çadyry şu ýerde guranymyzdan ony poligrafyň howlusynda gurulsa gowy bor. Redaksiýa gazetiň çykarylýan ýerinde bolsa, iki tarap üçinem bähbitli» diýdim. Olam «Şu pikiriň-ä dogry» diýip, Şamyrady gözledi. Onam tapmady. Gidensoň. Şamyrat geldi. Bolan gürrüňi aýtdym. «Redaksiýa poligrafyň howlusynda bolsa gowy bor diýdi» diýdim. Şamyradam «Dogrudanam şeýle-aý» diýdi. Şo günüň özünde çadyrlary poligrafyň howlusynda gurup başladyk.
Täşliýew soň «Wagtlaýyn jaýam şu ýerde guraýalyň» diýdi. Gurluşyk işlerine kimleri goşmaly? Maňa, Kakaly Berdiýewe, MämmetSeýidowa, Aga Taganowa, Togalak aga redaksiýanyň öňki ýarym ýykylan jaýlarynyň kerpijini getirmek tabşyryldy. Tagtalaryny, penjire-gapylaryny goparyşdyrdyk. Kerpiçlerini üýşürdik. Redaktor bize «Redaksiýanyň iň gowy işlerini siz edýäňiz. Ortaça gonorar alar ýaly ederis» diýdi. Şoň ýalam etdi...
Myrat aga öz ömründe dürli ýaşdaky, dürli garaýyşdaky, dürli häsiýetdäki redaktorlaryň ençemesi bilen bile egin-egne berip işleşdi. Hüseýin aga, Oraz Täçnazarow, Aşyr Annabaýew, Şamyrat Täşliýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Ata Atajanow, Çary Matalow, Nurjan Amanow, Mämmet Badaýew, Begenç Kerimi... Myrat aga olaryň adamkärçiligi hakda, iş bilşi hakda, kemçilikleri hakda anyk gürrüň edýär. Ol dürli ýyllarda partiýa tarapyndan gazet işine ýolbaşçylyk edilşine hem belet. Partiýa we hökümet ýolbaşçylarynyň ençemesi bilen hem iş salşypdyr. Bu babatda ol altmyşynjy ýyllarda TKP MK-niň birinji sekretary bolup işlän Balyş Öwezowyň adyny ýygy-ýygydan ýatlady.
– Ýazyjy Kakaly Berdiýew ikimiz bir gezek Gyzylarbat raýonynyň Tutly obasyna komandirowka gitdik. O ýerde-de çopanlaryň toýunyň üstünden bardyk. «TKP MK-nyň birinji sekretary Balyş Öwezowam gelýär» diýdiler. Men onuň bilen Daşoguzda işländen bäri tanyşdym. Myhmanlar geldi. Menem onuň bilen salamlaşmakçy boldum. Şo wagt onuň kömekçisi Grinberg «barmak bolanok» diýip, eli bilen yşarat etdi. Balyşyň özi meň ýanyma geläýdi. Onuň bilen bile oba aýlandyk. Ilki mekdebe bardyk. Soň magazini göreli diýdi. Magazinçiden «Nämäňiz bar?» diýdi. Balyş «Onda bize on-onki sany gülli çäýnek ber» diýdi. Gyt zat-da. «Onym-a ýok» diýdi. Aý, onda dört-bäş sany ýüň ýaglyk beräý» diýdi. Olam «Ýok» diýdi. «Birki sany haly ber» diýdi. «Ýok» diýdi. Onda Balyş «Hany, hemme zadym bar» diýýäň-le, soranyma ýok diýýäň». Magazinçem degişmäge ökde eken. «Men-ä odun ýüpi ýa-da duz, otluçöp sorarsyň diýip, pikir etdim. Soraýan zadyňyz gyt harytlar» diýdi. Balyş Öwezow şonda «Dogry. Ýöne ýaňky zatlary bol öndürmek planymyz bar. Büzmeýinde haly fabrigini, Çärjewde-de ýaglyk fabrigini, Daşoguzda- da çäýnek-käse öndürýän kärhana gurmakçy. Ýoldaş Kosygin bilen bu meseleler hakda gürleşdim. Ol razyçylyk berdi» diýdi. Hoşlaşyp gidende‑de: «Myrat agany horlamaň» diýdi. Balyş degişmegi gowygörýän adamdy. Men Daşoguzda işleýärkäm, ol Daşoguz pedtehnikumynda mugallym bolup işleýärdi. Şo wagtlar gysga boýly oglandy. Şo ýerde Şirli Durdyýew hem işleýärdi. Bir gezek Şirli «Balyş, sen gaty kiçi görünýäň. Sen bulary okadyp bir bilýäňmi?» diýip, oňa degjek boldy. Balyşam «Düýe uly gerek! – diýdi. – Ýöne onuň owsaryny oglanjygyň eline berseň, çekip alyp gidýändir. Olaň sowady ýok. Meň sowadym bar» diýip gülüşdirdi.
Myrat aga Aşgabatda ýaşaýar. Indi on ýyla golaý wagt bäri hormatly dynç alyşda.
Metbugatda känbir çykyş edip ýörenok. Ýagdaýyny tapsa, öň bile işlän kollektiwiniň arasyna gelip gidýär. Gazetiň ýiti mesele gozgaýan çykyşyna guwanjyny beýan edýär. Bärden gaýdýan ýerleri hakda halypa maslahatyny berýär.
Diýmek, halypa žurnalist hatarda. Gazet işi zannyna guýlan adam şeýle-de bolmaly!
1990 ý. Oktýabr
Edebi makalalar