16:05 Lepbeý diýip egiljegiñ bahanasy gutarmaz! | |
LEPBEÝ DIÝIP EGILJEGIÑ BAHANASY GUTARMAZ!
Ýeterlik däl, emma heýjanelekçiler "nämediginem bilemok, ýöne başlyk näme diýse dogry"-çylar, "şular näme diýse, tersini edeliñ"-çiler... Bahanalary dürli-dürli, emma ahyrlary meñzeş. Çünki, lepbeý diýip egiljegiñ bahanasy gutarmaz. • Bolmaýan zada nämüçin bolýar diýýärsiñ? Bary bilen bazar eýlemek, aza kanagat etmek gowumy, bilemok. Emma bizde "hiç ýokdan şolam gowy", "mundan gowusyny tapybam bolmaz" diýen ýaly düşünjeleri bilen birnäçe ýyllap gowylar ýamana çalşyldy ýa-da geçilere dürli güýç-ygtyýarlyklar berildi. Munuñ bilen birlikde bähbit bar ýere baglanmak, lepbeý diýmek ýagdaýy-da giñden ýaýrady. Netijede aslynda emelsizler güýçlerini erbede ulanmak bilenem çäklenmän, güýç arsyzy boldular. Geçmişde ýalñyş ugry saýlanlar saýlap alan ugurlarynyñ netijesinde bolup geçen zatlar üçin puşman etmekden başga ellerinden gelen zat bolmandyr. Emma saýlap aljak täze ýoly bilen oñyn ädimleri ädip bilerler. Ýeterlik dälligi, kemçilikleri we bilkastlaýyn edilýän ýalñyşlyklary görüp, bulara "ýok, bolanok" diýip bilmek kişiniñ öz öñündäki wyždan, ýurdunyñ öñündäki raýatlyk borjudyr. Senjñ elekden geçirjek, gözlejek, seljerjek, sorag berip biljek, ylalaşmaýan zadyña ýok diýip biljek beýniñ ýokmy? Kelläñ ýokmy? "Pylany şeýle diýýär, bizem şony gaýtalalyñ" diýmek, ikitaraply peselmekdir aslynda. Ädimiñi özbaşdak ätmek üçin başga birinden haraý islejek ýagdaýda bolsañ, bul eýýäm seniñ ejizligiñ alamatydyr. Meniñ pikirimiñ, meniñ garaýşymyñ, gelen kararymyñ hiç hili gymmaty ýok diýmekdir. Şeýle adamlar jemgyýetçilik taýdan alanda öl şahasy ýanmaga sezewar edilen gury töññeden ibaly däldir. Şeýlelikde pikirlenmegi we aýyl-saýyl etmegi saýlap alandygyna garamazdan alaçsyzlykda galan adam pikirlenmegiñ we aýyl-saýyl etmegiñ ýerine gep-gürrüñsiz başgalaryñ yzyndan gitmegi ýeglän köpçüligiñ pidasy bolýar. Meniñ üçin başgalary bir zyýan çekäýmesin diýip, nämä bolýar ýa-da ýok diýjegiñi öwrenmek - iñ bärkijesi kişi hakyny iýmekdir. • Garşylyklaýyn pikirli adamlar dogry zady öñe sürenlerinde, olar bilen bir pikirde däldigiñ üçin ýalñyş zada dogry diýmek nadanlyk dälmi? Diñe nadanlygam däl. Belli bir derejede gulçulyk. Hasam beteri, görmezlige, bilmezlige, eşitmezlige, ýagny owarramçylyga salmagyñ boýun egijiligi. Öz çagañ namysyna degilýänçä öñünde egilenleriñ çaga zorlaýşyna göz ýummak, öz baýlygy köpelse ýa-da aýlygy wagtly-wagtynda berlip duran bolsa, sistematiki ýagdaýda garyp düşen adamlary görmezlige salmak, başyndan soñuna çenli adalatsyzlykdan doly dawalaryñ pidasy däldigi üçin pida ediljekleri dymyp ýa-da garşysyna gürläp, bendilige itermek ýaly adamkärçilige gelişmeýän hyýanatlar, belki-de, şolar ýaly adamlara belli bir ugurlarda artykmaçlyklary gazandyrýandyram. Emma bu adamkärçilige gelişmeýän hyýanatlaryñ öwezine berilýän hezillikler başyñy ýassyga goýup, wyždan içre uka gitmäge mynasyp bolup bilmez! Çagry GYRLANGYÇ. 02.03.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |