09:18 Dälileriñ körlere ýolbeletlik edýän ýurdy | |
DÄLILERIÑ KÖRLERE ÝOLBELETLIK EDÝÄN ÝURDY
Hakykaty ýatdan çykardyp, jahyllyga ynandyrmak üçin dälileriñ körlere ýolbeletlik edýän ýurdunyñ kyssasy... Körleriñ ýaşaýan bir ýurdy bar. Bu ýurtdaky körleriñ gözleri däl-de, añlary kör. Olar özlerine ýöremäge ýol tapmakdan ejiz. Çünki olaryñ öwreneýin diýen niýeti ýok. Niýetine düwjek bolýanlary-da öwrenişen endiklerini taşlamajak we bähbitlerinden paýsyz galmajak bolup çaltlyk bilen ugurlaryny tümlüge tarap gönükdiripdirler. Onsoñam öñlerinde işlerini añsatlaşdyryp, olara nähili düşünmelidigini öwredip duran däliler bar. Münüpdirler şol dälileriñ arabalaryna, jahyllygyñ merkezine syýahat edýärlermiş. Bu şeýle bir jahyllyk welin, körler daşa taryha ýazylan hakykatlary inkär etjek we näletlejek ýagdaýa gelipdirler. Meseläniñ hasam erbet tarapy: bulara "saklanyñ!" diýip biljek güýji bolubam, barmagyny gymyldatmaýan patyşa we kazylar bar eken... Birem hemme zady bolmalysy görüp bilýänler bar. Olar hakykatyñ bardygyny görüp bilipdir. Şonuñ üçin olar özlerini ne kör ýaly alyp barýarlar, ne-de bir däliniñ yzyna düşýär. Belki, güýçleri-de ýetmez, belki, sesleri-de batly çykmaz, emma, şonda-da körleri oýaryp, delivered garşy gidip bilýärler. Emma bärde ýatdan çykarylan bir detal bar. Däliler kime hyzmat edýär? Olaram patyşanyñ guly dälmi ahwetinde? Üstesine körleri uçurumyñ gyrasyna alyp barýan ýollardan ýöräp barýarkalaram, ne-hä patyşa bilen, ne-de kazylar bilen tersleşýär. • Däliler patyşanyñ hasabyna işleýär Patyşanyñ guly köp. Deñizdäki balyk ýaly. Ertekilerine ynanylmagy üçinem hakykatyñ nämedigini ýatdan çykartmak gerek. Ine, şu ýerde-de däliler ara girýär. Saga-sola zehin körlügini şineledýän jahyllyk tohumyny sepişdirýärler. Soñam şol tohumlara agyzlaryndan çykýan her bir sözi bilen gaýgyrman dökün berýärler. Gören-bilenler bolmasa, patyşanyñ keýpine diýjegi ýok. Şonda-da mesele saýylmazlar. Netijede olary ýerinde oturtmak üçin bellenen kazylar bar. Ýagny, şu dälileri duruzmak üçin barmagyny-da gymyldatmaýanlar... • Edil şol wagtam işler bulaşýar Bir ýandan gartaşyp, bir ýandanam tapsyzlaşan patyşanyñ hasabyny oýlamadyk güni gelip ýetýär. Dälileriñ ýaýradan zäheri körler bilen kör dälleri duşman ederlik derejä çykýar. Patyşanyñ iýeni awy, içeni zäher bolýar. Elinde-de hasa bar. Emma iki ujuna-da poh bulaşan hasa. Dälileri duruzmasa, kör däller aýaga galjak. Duruzjak bolsa, körler hakykatlary görüp başlajak we soñabaka görýänler köpeljek. Hekaýanyñ soñy nähili gutararka diýip gyzyklandyñyz gerek? Ynanyñ, muny heniz hiç kimem bilenok. Hatda patyşanyñ özem! Çagry GYRLANGYÇ. 01.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |