10:01 Hiçlikde çyrpynan umytlar | |
HIÇLIKDE ÇYRPYNAN UMYTLAR
Bolmajagyny bilibem durdy. Urunmagyñ geregi ýokdy. Ol şonda-da maksadyndan dänmedi. Emma hiçlikde çyrpynan umytlar şineläp gidibermedi. Durmuş tikenlerden ybaratdy. Onuñ paýyna ganamak düşdi... • “Ýok bolsun, imperializm” 1979-njy ýylyñ sowuk günleriniñ birinde diwara "Ýok bolsun, imperializm!" diýip ýazan ýaş ýigit Semýuel Bekket diýen ýazyjynyñ bardygyndan habary bolmasa-da, onuñ meşhur sözüne nezire ýazýan ýaly hemişe synanypdyr, hemişe ýeñlipdir we has gowy ýeñilen biri ýaly hereket edipdir. Bigünä ýere kakasyndan taýak iýip, bigünä ýere mekdepden kowlup, bigünä ýere söýgülisi taşlap giden ýetginjek yzyna düşen iki sany garantga tarapyndan bigünä ýere öldürildi. Işiñ geñ tarapy, öldürilenden soñ günäsizdigini aýtmaga başlanmagy boldy. Meselem, kakasy onuñ doganyny goramak üçin taýak iýendigini bildi. Pikirini aýtmakdan çekinmändigi üçin ony okuwdan kowan mekdep müdiriniñ wyždany ýigdekçäniñ ölüm habaryny gazetden okanda oýandy. Ony taşlap giden gyz birnäçe günläp aglady. Hem onuñ ölüm habaryna, hem sebäpsiz ýerden dörän dawa-jenjeli bahana edip ony taşlap gidenine. Iñ geñ galdyryjy tarapy bolsa, ganhor garantgalaryñ birnäçe ýyldan soñ oñkyny dogry hasaplamagy we diwara ýazan sözi üçin öldüren ýigdekçeleriniñ sözüni otuz sekiz ýyldan soñ bagyra-bagyra gygyrmaklary boldy. Şu günüñ gözleýän, agtarýan, hakykaty bilmek isleýän, öwrenýän, mert boljak bolýan, belki-de, hiçlikde urunýan ýigitleri üçin durmuş beter kyn. Çünki äden her bir ädimiñde garantgalaryñ üstüñe çöküp biljek çöketligine düşme howpy bar. Arkaýynlyk bilen "Aýagyma jennet dakyp goýsañyzam, saýramak isleýän weýran baglarda" diýip bilenok. Çünki indi weýran baglaryñ ýerinde beketler gurulýar. Ýalñyş hasaplaýan, zyýan boljagyny bilip duran zadyna "ýok" diýendigi üçin bu gezek has köp garantga tarapyndan dymdyrylmaga jan edilýär. Ol garantgalar mundan otuz sekiz ýyl soñ 2055-nji ýylyñ mart aýynda dymdyrmaga synanşan ýigitleri ýaly pikirlenip, tümlüge "ýok, bolanok" diýerler. Diýerler, ýöne iş işden geçensoñ, giç bolar. Düýnüñ, ýagny otuz sekiz ýyl owalynyñ hiçlikde çyrpynan umytlary şu günüñ erkin dillenip bolýan pikirine öwrülip bilýän bolsa, şu günüñ hiçlikde çyrpynan umytlary-da ertämiz üçin umyt berip biler. Şoñ üçinem, goýberiñ, gaýgylanýan bir "ýok, bolanok" diýsin, garşylygy barlar bir demokratik görnüşde dillenibilsin. Ýa beýle pikir edeñzokmy? Janyñyz sag bolsun, pikir etmäñ. Pikir etmezligem demokratik hukuk ahwetin. Emma yzymyzdaky garantga bir bolmañ! Çagry GYRLANGYÇ. 02.03.2017 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |