22:02 Başga planetalylary şolar ýaly samsykdyr öýtdüñizmi? | |
BAŞGA PLANETALYLARY ŞOLAR ÝALY SAMSYKDYR ÖÝTDÜÑIZMI?
Adamzadyñ bardygyny müñlerçe ýyl owal bilen we olardan daşda duranyny gowy gören başga planetalylaryñ kyssasy Ýagtylygyñ tizligindenem ozup ýol aşmagy başaran bir başga planetalyny göz öñüne getiriñ. Älem giñişligindäki başga planetalarda ýaşaýyş barmy-ýokmy barlamak üçin ýola rowana bolan we saý-sebäp bilen Ýer togalagyna gelip düşen başga planetaly. Adamzadyñ edinen iñ ösen tehnologiýasyndanam añrybaş ösen tehnologiýany ulanyp Ýere gelen we özüni gizläp daş-töweregi synlaýan kosmosly öz planetasyna dolanyp baranda, halkynyñ dykgatyna ýetirmek üçin beýleki planetalarda gören janly-jandarlary boýunça maglumat ýazmaga başlapdyr. Maglumatnamasynda dünýädäki janly-jandarlary esasan iki topara bölüpdir. Adaty we adatdan daşary jandarlar. Çak edişiñiz ýaly adaty jandarlara ösümlikleri we haýwanlary degişli edipdir, adatdan daşarylara bolsa adamlary. Kosmosly synçy öz kowmunyñ juda gyzyklanýan meselesi bolan "Beýleki planetalardaky janly-jandarlar bilen gatnaşyk" boýunça şeýle täsin bellikleri edipdir: " — Adatdan daşary topara degişliler öz planetalaryna doly agalyk sürüp bilýän jandarlar. Olar özlerine ýat her bir zat üçin dürli-dürli reaksiýa berýärler. Gözellige zorluk görkezýär. Hapa hasaplaýan zadyny näletleýär. Özünden ejiz görýänini gul edýär. Özünden güýçlini hudaýlaşdyrýar. - Iýjek bolýanlary-da ýa-da sütem edýänleri-de bar. Iñ düşnüksiz özlerini alyp baryşlary bolsa, öz jynsdaşlary bilen urşup-dawalaşyp ýörmekleri we hatda öldürmekleri. Gatnaşyk açmaga synanyşsak ýa-ha şularyñ haýsam bolsa biriniñ soñy ýaly bolarys ýa-da bizi özleri bilen uruşmaga mejbur ederler." Kosmosly synçy planetasyna dolanyp baransoñ, maglumatlaryny sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan kowmunyñ dykgatyna ýetiripdir. Maglumatlary haýran galyjylyk we lapykeçlik döredipdir. Şeýdibem olaryñ başga planetalardaky janly-jandarlara bolan gyzyklanmalary kem-kemden ýok bolup gidipdir. • Birnäçe müñ ýyldan soñ Aradan birnäçe müñ ýyl geçýär. Adamzat iñ soñky tehnologiýasy arkaly älemiñ iñ uzak sebitlerine çenli ýolagçylyk edip biljek derejä ýetipdir. Has öñ Ýer togalagynda bolup giden kosmoslynyñ planetasyna baran adamlar ýaşaýyşyñ yzlaryny gözlemäge başlaýar. Sanlyja minutlaryñ içinde planetada jandarlaryñ ýaşandygyna degişli tapyndylaryñ üstünden barýarlar, ýöne hiç bir janly-jandara duş gelmeýärler. Planetanyñ jümmüşine baranlarynda ösen medeniýetiñ üstünden barandyklaryna göz ýetirýärler. Ýöne şonda-da iñlär siñege gabat gelinmeýär. Öñlerinden ilki giñ meýdan, yzyndanam ýolugra seteran dikilen äpet şekiller çykýar. Bu şekilleri görenlerinde ýaşaýyşdan doly planetada nämüçin janly-jandara duş gelmändiklerini bilýärler. Şekillerde adamlaryñ tebigaty harlaýşy, haýwanlary ýok edişi we öz jynsdaşlaryna garşy eden gandöküşligi gyzykly mysallar arkaly suratlandyrylypdyr. Şekiller gutaranda bolsa, adamlaryñ öz dilinde ýazylan ýazgyny okapdyrlar: "Siziñ bardygyñyzy müñlerçe ýyl bäri bilýäris. Diñe şonuñ üçinem siziñ bilen nämüçin gatnaşyk açmandygymyzy pikir edýänsiñiz. Görşüñiz ýaly, edip ýören pohçulyklaryñyzdanam habarymyz bar. Ýogsa-da, siz, kosmoslylary şolar ýaly samsykdyr öýtdüñizmi?” Çagry GYRLANGYÇ. 07.09.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |