10:14 Isläniñi edip bileniñde azatsyñ | |
ISLÄNIÑI EDIP BILENIÑDE AZATSYÑ
Isläniñi edip bileniñde azatsyñ. Kimdir birileri saña erk edip ýörkä däl! Azatlygy özi ýa-da başgalary tarapyndan çäklendirilen kişileriñ içinde "emma, ýöne, welin, käşgä..." sözleri bolan jümleler tutalgasydyr. - Edesim-ä gelýär welin, çekinýän-dä... - Niýetim-ä bardy welin, mümkinçilik bolmady... - Öler ýaly arzuw etdim, ýöne nesibede ýok eken... - Şeýdäýesim-ä gelip dur welin, gadagan eken... - Gitjekdim, emma işim çykdy... - Söýýän, ýöne gorkýan... - Isleýän, ýöne töwekgellik edip bilemok... - Käşgä edibilsedim, ýöne daş-töweregim näme diýer... Bir sözlemiñ içinde "ýöne", "welin" sözleri geçenden soñ, ondan öñki aýdanlaryñyzyñ hiç bir babatda manysy-da bolmaz, agramy-da. Çünki mundaky "ýöne welinler" edäýsedim diýip lap urýan işiñizi etmejekdigiñiziñ ýa-da edip bilmejekdigiñiziñ bahanasydyr aslynda. Tabular, öñden gelýän ýörelgeler, köpçüligiñ basyşy, ynançlar, ýazgarmalar, çekinjeñlik, ýaltalyk we kämahalam jahyllyk "welin" fartugyny dakynmaga sebäp bolýar. Depgilenen we togtadylan adam soñabaka monotonlaşýar. Bir wagt arzuwlan zatlaryny etmäge özünde hak-hukuk ýokdur öýdüp başlaýar. Soñam iç hümletmeler we depressiýa. • Munuñ çykalgasy nämede? Çykalgasy - etjek diýen işiñi etmekde! Edip bilmeseñizem iñ bolmanda etmäge synanyşmakda. Çünki añdan süzülip çykan "dogrudanam", "eýsem", "ýogsa-da" sözleri gelejekde añyñyzy ýadadyp biljek "emma, ýöne, welinleriñ" ýoguna ýanýar. Şoñ üçinem isle, talap et, synanyş, et ýa-da etmäge çytraş. Agzyñy öweldip ýörmeseñ bolýar. Islemeýän, synanyşmaýan, töwekgellik etmeýän, arzuwlamaýan, söýmeýän, söýülmeýän adamyñ aýdýan azatlygy aslynda azatlyk däl. Adatdan daşary bir ýagdaý bolaýmasa, adamyñ bäş günlük ömrüniñ bardygy belli. Bu bäş günlük ömrüñ başlangyjam, ortasam, ahyrky pellesem belli. Şujagaz ömürde islän zadyñy edip bilmeseñ, eliñde näme bar bolanda-da azat dälsiñ. Birdenkä galkyp, "ýörüñ atlandyk, gidýäs" diýlende ýola çykyp bilmeýän, edesi gelýän zatlary barka edesi gelmeýän zatlaryndan el çekip, edesi gelýän zadyna ýapyşyp bilmeýän adam azat däl. Belki-de, hiç kimem sözüñ doly manysynda azat däldir. Her niçik-de bolsa, azatlykdan söz açyp boljak seçgiler we pursatlar bar. Ine, şol seçgiler, şol pursatlar garşyña çykanda berip biljek jogabyñdan seniñ näderejede azatdygyñy bilse bolar. Adam dolandyrylma zerurlygyny duýup başlan wagtyndan bäri ýazgarmalar, päsgelçilikler, gadagançylyklar we jezalar bar. Täsin ýeri, bu zatlaryñ barsy dolandyrylýanlar üçin ulanylýar. Dolandyrýanlar bolsa hamana bu zatlar özlerine degişli däl ýaly ýaşaýarlar. Kim bilýär, belki-de, bu düşünjeler diñe garamaýaklary dolandyrmak üçin döredilendir... Adamyñ dolandyrylmaga mätäçligi barmy, ýokmy baradaky sowala jogap bermek başga gürrüñiñ temasy. Emma absolýut dowamlylykda bolmasa-da, adamyñ öz-özüni dolandyryp biljek durmuşda ýaşamak mümkinçiligi bar. Ine, şol durmuşa ýetip bileniñde azatsyñ. Çagry GYRLANGYÇ. 06.08.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |