16:47

Gitler: Bir zalymyñ bize belli bolman galan taraplary

Geň-taňsy wakalar
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 1122 | Добавил: Gökböri | Теги: Çagry Gyrlangyç | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Myhman0430  
778
Ünsümi çeken zatlar:

Gitleriň G-syny aýyrsaň itler bolýan eken. "Gitler itleri gowy görüpdir" diýen sözlem düzseň gelişjek.

Haýwan söýgüsi bolan adam hakynda gürrüň gidýärkä, oň halamadyk zady hakda "itden beter ýigrenmek" frazalogizimini ulansaň birhili boljak eken :-)

Azajyk temadan çykaýyn. käte kelläme her hili senarýalar gelýä. mysal üçin: "Çingiz han Meňburundan ýeňilen bolsa" diýýän yzyny hyýal edýän. ýene orslar türkmenlerden ýeňilen bolsa..... garaz kän. şolaň birem Germaniýa SSSR-I alan bolsa... her hili senarýa çykýa. eser ýazýanlara maslahat: şeýtseler gowy eserler çykardy.

Soňky hakda pikir edemde köplenç bir prikol ýadyma düşýä (komedi clubda gördüm öýdýän). Stalin egindeşleriniň birinden soraýa "ýene elli ýyldan SSSR-iň ýagdaýy nähili bolar öýdýäň?". ol "aýna ýaly ýollar, zawodlar, fabriklar, bagtly adamlar we ş.m". soň Stalin eriýadan soraýa "sen nähili pikir edýäň?" "men muny atmaly diýip pikir edýän" Stalin "näme üçin" "sebäbi ol Germaniýa SSSR-i alar öýdüp pikir edýä".

0
2 Ependi  
284
@Myhman0430, Gitler - itler diýeniňizde, bir zady ýatladaýyn diýdim. Ýagny, Gitler diýilýän söz ýok eken aslynda, nemeslerde. Hitler sözi ýörgünli eken. Adolfyň kakasyna ýalňyşlyk bilen dakylan at. Ýagny, kakasy doglanda hristian monahlary, (biziňkide molla bolýar öýdýän) her doglan çaga üçin adyny ýazayp dokumentleşdirýän ekenler. Şonda, şol hristianyň ýalňyşlygy bilen gol çekilen dokumentde, Hitler diýlip ýazylmagyň deregine Gitler diýlip ýazyp, gol çekip goýberýär ruhany. Bu ilkinji ýalňyşlygam näme, tutuş adamzadyň onuň adyny ýalňyş tutmagyna getirýär. Wikipediýasynda okapdym, çynmy-ýalanmy belli däl. Onoňam, bu aslynda bu adam Şweýsariýada doglan, ýaşlygy şol ýerde geçýär, nemes raýaty bolsa-da. Ýurduna bolan söýgüsi bilen watanyna dolanyp barýar. Soňuny aýtmagam gerek däl. Ýöne, ýene birzat, Gitleriň süýjikeseli bolany tassyklanylýar. Eti iýmeýänem, çilimi halamaýanam şondan çak edýärler. Iti halaýanynyň sebäbem, ýaşajyk aýaly Braunyň (doly ady ýadymda däl) itleri gowy görýändiginiň sebäbinden gelip çykýar. (Adamy halamadyk, iti başyna ýapsynmy diýýämi, owalam biri..) Umuman, meň gyzyklanan zatlarym-a şol, ýalňyş bolsa-da, dogry bolsa-da, wikipediýasynda şeýle ýazylgy.

0
3 mango  
651
Ependi kaka. o zalymyň familiýasynda ýalňyşlyk ýok. orslar onuň "H" harpyny "G" -he öwürip aýdýalar. originalda Hitler.
Gamburg şäherem originalda Hamburg
Gamburger - Hamburger
ýöne, ine "H' harply Haýdar sözünde-de "H"-niň ýerine "G" diýip aýdýa.
Haýdar Aliýew - Гейдар Алиев
dillerde kä harplar milletiniň aýdyşyna görä üýtgeýär.
Kanaew diýip klasdaş bardy. türkmen.
ýöne Kanaý, Kana... ýaly at türkmende ýok....
Ahyry onuň rasşiwrowkasyny ýaşuly mugallym edip berdi.
asyl onuň atasynyň ady Köne eken. "Ö" diýip bilmebän metrika berýän Nataşa daýza-da Könäýewiň ýerine Kanaýew ýazýa. (aslynda orsda "Ö" bolmansoň).
ýöne Hitler, Hambur, Haýdar.. diýip biläýjek ýalam bolsa Gitler, Gamburg, Geýdar... diýýäler. biz-ä dilçem dälle welin, bu zatlaryňam düşündirilişi bardyr-da.
---
otly bilen Mara (Baýramala) barýadyk student döwürlerim...
daňdanmy, gijemi, bilemok, öz-ä oýanyp poýeziň penjiresinden daşaryk seretsem duran stansiýamyzyň wyweskasyna gözüm düşdi: ДЖУ-ДЖУ-КЛУ
özümi Hytaýda ýaly duýdum.
soň türkmençe ýazylan ýazga gözüm düşdi "JOJUKLY"

0
4 Ependi  
284
@Mango, aýdýanyňyz dogry, ýöne, wikipediýasynda şeýle düşündirilensoň aýdaýdym. Wikipediýa girip-çykmak kyn däl, şol diýlen ýerini şu taýyk kopiýalabam bolýar. Ol at Ruslaryň dakan ady däl, şony aýtmakçy bolýan. Dogry, Rusça geçilene H harp G öwrülýär, aslynda az sannly Ruslara H bilen başlanýan söz. "Habarowsk bilen hoçu-ny" goşmasaň. Hitler dälde, Haýtler aslynda. Aý, näme bolsa şo bolsunla ady, ganymyň. @Mango kaka, okan zadymda owal.

0
5 Ependi  
284
It diýlende ýene bir waka ýadyma düşdi. Temadan daş düşýän bolmagymam ahmal, bagyşlarsyňyzda. Öňräkler, goňşymyzyň mellegi boşdy, ýagny, entek göçülip gelinmändi. Eýesiz bolansoň, muňada her gün diýen ýaly, obaň içindäki, boş, kaňkap ýören itden ýaňa ýarygije ýatuw ýokdy. Ol itlerem her gije bir ganjygy tapyp gelýäler, (ýagny ýala gelen) şoň üstünde bolsa uly uruşdy. Ol wagt kowjak bolsaň, özüňem ibaly goýaslary gelenok, jalaý itleň ýagdaýyny özüň bilýäň. It diýlen zada hem-ä çörek bereňde, (eýesi bolsaňam) hemde böküp duran wagty ýanyna baryjy bolma diýerdi Ata-Babalarymyz. Garaz, aýtmakçy bolýan zadym, uzak gije ýatyrmazdylar bir-birine üýrüşip. Kakam pahyr ahyry bizar bolup, sanstansiýa arz edip gaýdypdyr bu ýagdaýy. Ýokardaky aýdanlamy olarada düşündirip. Meň bolsa habarym ýok bu zatlardan. Bir gün işik kakylýar. Öýdäki işigi açypdyr, atylybam yzyna geldi zut:
- Gyýw, işikde eli tüpeňli üç sany adam dur, näme etdiň beýle?
Özümem çekindim, ilki oknodan jyklap. Çyksam, üç sany daýaw pyýada dur. Billerem örüm patron, eginlerinde bolsa goşa atylýan tüpeň asylgy. Salamlaşamsoň, murtly adam ýagdaýy düşündiräýdi nämede bolsa:
- Ýaşulyňyz, "töwerekde selpäp ýören it kän" diýip, arza berip gaýdypdyr edara, birki günlükde. Biz awçylar, şolary atmaga geldik.
Ýüregim ýerine geläýdi, ýagdaýa düşünip. Olara, diňe gije gelmelidini düşündirdim.

Aýtmakçy bolýanym, item it welin, köpelsede peýda däl. Hakyky tohum itler öýüni taşlamaýar. Bu, soňky itleriň nireden peýda bolany belli däl, tohumy. Hakykatyndanam, biziň Alabaý itlerimizi dünýä belli ekeni. Internetden gözleg edäýiň, iň bolmanda "Алабай собака" diýseňiz, köp halklaryň biziň itlerimizi ulanyp ýörendigine göz ýetirersiňiz.

0
6 mango  
651
Ependi kaka, gürrüňiň gapydaky tüpeňliler ýerinde gülüp hezil etdim “…näme etdiň beýle?”
Garogollygyň ýetik öýdýän? :-)
“…itler köpelse peýda däl” diýipjik, yzyndanam owadanja manýowr (öwrüm) edişiňem bet.
Telpek goýdum :-)

0
7 Yusup  
50
Amannazar bir ors sazanda (maryda) ýüzlenýär.
- Siz näme üçin Gurbana Kurban diýýäňiz?
- Biziň dilimizde şeýledä.
- Onda näme üçin Girişa Kirişe diýeňzok?

0
8 Yusup  
50
Bu degişme däl, Amannazar aga bn şu dialog bolan.(fakt)

0
9 Yusup  
50
Dünýä grammatikasynda harp bar, ses bar. Harpy tanarsyň ýöne ses çykarmakda gep bar. Dünýä ilatynyň agramly bolegi Hytaý halky , şolara "r" sesini çykarjak bol. ýada kowumdaşymyz türklere "ň" sesini diýdirjek bol.

0
10 yalnyzozi660812  
1367
Юсуп....Хытайлыларын Андрей диен ишдешимизе..Андлей" дийип йузленйанлерни озум коп гордум. Догрыданам оларда р харпы ек экен. Йоне турклерде ,ñ"сесинин екдугны билмандирин.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]