17:27 Gorky bilen öñi baglanan adam | |
GORKY BILEN ÖÑI BAGLANAN ADAM
Adam fiziki taýdan şikesli doglup biler ýa-da soñra fiziki şikesli bolup biler. Emma asyl şikesli gorky bilen öñi baglanan adamdyr. Fiziki şikesiñ adamy belli bir derejede çäklendirýändigi dogry. Emma adam özüni hiç zat edip bilmejegini añyna salmajak müddetine çenli edip bilmerin diýmeli däl. Bu ýagdaý fiziki şikesi bolmasa-da, käbir zatlary edip bilmejegine özüni ynandyran adam üçinem şeýle. Bu ynandyrmanyñ añyrsynda ýatan belli-başly sebäpler bar. Düýp sebäpler bolsa adamyñ öz oñarmajak zadyna synanyşmakdan halas bolmak islemesi we oñarmazlyk gorkusy. Öz oñarmajagyna düşünýändigi üçin özüni synanyşykdan alyp galmagy, eýýäm şahsy bahanadyr. Oñarmazlyk gorkusy bolsa kişiniñ daş-töweregindenem alýan päsgelçiligidir. Esasan ene-atany ýa-da ýanýoldaşy bahana edip şeýdilýändigi-de inkär edip bolmajak bir hakykat. Netijede her iki ýagdaýda-da kişi öz çözgüdi bilen ýa-da daş-töwereginiñ basyşy ýa bolmasa ugrukdyrmasy bilen goýbolsun edýär. • Näme bolupdyr oñarmañda? Goýbolsun etmekligiñ berjek ýeke peýdasyndan söz açmak mümkin däl. Üstesine onuñ birgiden zatlary gizlemek üçin ulanylýan häsiýetdigi açyk görnüp durka. Şol pursat adam soraman durup bilmeýär. Näme bolupdyr oñarmañda? Bir sportsmen her ýaryşda birinji bolaýmalymy? Bir işgär her aý "aýyñ işgäri" bolmaly diýen zat barmy? Haýsydyr bir basdaşlyk bolmazdan ýa-da basyş duýmazdan diñe ýerine ýetirmek üçin tagallañy gaýgyrmazlykda, şahsy bähbit ýa-da gury öwgi üçin däl-de, özüñ üçin oñarjak bolmakda uly many-mazmun ýokmy näme? • Adamyñ bir iş edende beýlekilere özüni görkezmegi we özüni öwdürmegi hökmanmy? Soñra orta kim çykýar diýsene? Erbet baha almajak we tankyt edilmejek bolup, şowsuzlyga uçramazlyk üçin mazaly presslenen, goýbolsun etmäge endik eden ýa-da goýbolsun etdirilen we gorkular bilen öñi baglanan adam. Gorkular bilen öñi baglanan adam bolmazlyk üçin edilmeli zat bolsa, aslynda kyn zadam däl - synanyşmak! Hawa, diñe synanyşmak gerek. Oñarmajagyñy bilip durkañam synanyşmak. Kimdir birilerini garşyña aljagyñy bilip durkañam synanyşmak... Tagallañ soñunda aslynda hiç zat edinmejegiñi bilibem we muña pitiwa etmän synanyşmak... Ýeke goly bilen ajaýyp oýunlary görkezip bilýän derwezebanyñ, gulagy eşitmänem müdimilik galjak sazlary ýazyp bilýän kompozitoryñ we gözi görmänem nijeme ýollary külterläp ýolagçylara ýol görkezip bilen dananyñ gelip-geçen bu dünýäsinde bir zatlara synanyşmazlyk üçin bahana gözlemek bize gelişýärmi? Çagry GYRLANGYÇ. 11.11.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |