20:00 Lýalla Ghasita Ram / hekaýa | |
LÝALLA GHASITA RAM
Hekaýalar
Lahoryň golaýyndaky Sanda Klan obaly mylakatly dellal Lýalla Ghasita Ramy tanamaýan barmy? Ol Sanda Klanyň iň uly ýer eýesidir. Obanyň ähli adamsy oňa bergili; olaryň öýleri oňa girew goýlan. Obanyň aýal-gyzlarynyň ähli şaý-sepleri, gymmat bahaly zatlary kem-kemden oňa saklamaga berildi. Ol biçak rehim-şepagatly bolany üçin hiç haçan özüniň bergidarlaryna kast etmeýärdi we sudlaşyp, olaryň emlägini ýazdyryp durmazdy. Eger bergidaryň öz karzyny möhletinde gaýtaryp bermäge ýagdaýy bolmasa, Lýalla gyssap durmazdy. Ol telim ýyllap garaşardy we bergidaryny howlukdyrmazdy. Şeýlelik bilen ýüzlerçe adam onuň rehimdarlygyndan peýdalanardy. Eger bir adam onuň bilen dawa-jenjel edäýse-de, Lýalla hemişe diýen ýaly dawany ýatyrmagy başarardy. Bardy-geldi iş suda ýetäýse-de, şonda Lýalla islese-islemese-de sud prosesi onuň peýdasyna çözülerdi we suduň çykaran kararynyň ýerine ýetirilmegini hiç wagt talap etmezdi. Sud bolsa elmydama işi onuň peýdasyna çözerdi, çünki ol Lýalla Ghasita Ramyň mamladygyna şek ýokdygyny bilýärdi. Lýalla artykmaç adamdy. Sanda Klanda musulmanlar köp bolup, indiler azdy. Kada bolşy ýaly, musulmanlar hindilere garanmda garypdylar; olaryň arasynda bergili köpdi, bela-beterleriň hem köpüsi olaryň paýyna düşýärdi. Lýalla Ghasita Ram Sanda Klanyň msulmanlarynyň barsyny gowy tanaýardy we olar bilen çakdanaşa sypaýçylykly gatnaşyk ederdi. Musulmanlaryň biri-de hiç mahal Lýalla Ghasita Ramyň agzyndan erbet söz eşitmändi. Ol dini ytagaty boýunça hindi bolup, öz öýüniň ýanynda salnan ybadathanada her gün ybadat edýänligi üçin, hakykata dogry gelmese-de, hindileriň birentegi ol hemişe musulmanlary goldaýar diýip hasaplaýardy. Ol günde iki sagatlap, ertirine bir sagat, agşamyna bir sagat ybadat ederdi. Hawa, Lýalla hindidi, şeýle hem bolsa, bu onuň musulmanlara bolan aýratyn hoşniýetli gatnaşygyna birjik-de päsgel bermeýärdi. Hut geçen ýylyň özünde ol musulman metjidine haýyr-sogap üçin sadaka beripdi. Oba ädikçisi Jamma aradan çykanda, Lýalla Ghasita Ram onuň ýeke gyzyny hossarlyga alypdy, soňra bolsa hut özi şol gyz üçin oňat we edep-ekramly bir adamyny – Sanda Khord diýen goňşy obaly ädikçini agtaryp tapypdy we gyzy oňa durmuşa çykarypdy. Lýalla Ghasita Ram iki gezek öýlenipdi, emma onuň iki aýaly-da dünýäden ötüpdi. Onuň ýedi ogly hem bir eýýäm ýigit çykypdy. Soňra Lýalla üçünji gezek öýlendi. Ol özüniň çalaran murtlaryny we saçlaryny boýardy, ýerli häkim Muhammet Dars Alýuwiden alýan dermanlaryny ýygy-ýygydan ulanýardy. Lýalla Ghasita Ram öz ýaşyna garanda örän sagdyn görünýärdi. Ertirine we agşamyna ol alty-ýedi mil aralygy pyýada ýöräp, gezelenç ederdi. Gezelç wagtynda obanyň günbatar çetindäki guýynyň başynda ýygy-ýygydan saklanardy we bir-iki sagatlap, aýallar bilen gürleşerdi. Öý işleri dogrusynda soraşdyrardy, kynçylyk çekýänlere duýgudaşlyk bildirerdi. Hindileriň we musulmanlaryň dini baýramlaryny Lýalla Ghasita Ram bir deň derejede dabara bilen belläp geçerdi we hemişe şol günlewrde nahar bererdi. Ol musulman ligasyna, şeýle hem Hindi milli kongresine wagtal-wagtal pul geçirer durardy. Ol polisiýa komissarynyň arada durmagy bilen hökümetiň goranyş fonduna eslije pul hem beripdi, şunuň üçin häkimiýetiň ýokary organy oňa hökümete hyzmat görkezen hindi çinowniklerine we beýleki hindi adamlaryna iňlisleriň sylag hökmünde dakan adyny – “Raýs Sahib” titulyny beripdi. Sanda Klanda ýerli munisipial komitet döredilenden kän wagt geçmänkä, Lýalla Ghasita Ram şol komitetiň başlygy edilip bir agyzdan saýlandy. Indi ýerli munisipial komitetde we oba pamçaýatynda boluşy ýaly, kooperatiw bankynda hem diňe Lýalla Ghasita Ramyň ady tutulýardy. Kooperatiw bankynyň serişdesiniň gaty köp mukdary Lýalla degişli bolany üçin, bu bank bada-bat onuň hususy bankyna öwrülipdi. Oba ilaty Lýalla öz biri-birine ynanyşyndan beter ynanýardy. Lýalla Ghasita Ram Sanda Klaunyň we Sanda Khordyň çäklerinden hem uzaklarda tanaldy. Onuň at-owazasy Jaduka obasyna-da ýetdi. Bu raýonda ýygu-ýygydan bol pagta hasyly alynýardy. Pagtany satyn almak we ony peýdasyna satmak işi bilen ýerli jellaplar Şeýh Omar Aly bilen Lýalla Prem Anand meşgullanýardy. Emma indi welin, Jadukede özüniň kommersiýa kärhanasyny açan Lýalla Ghasita Ram dogrusynda gürrüň edilýärdi. Öňler Şeýh Omar Ala we Lýalla Ananda bergili bolan ýerli ilatyň hemmesi az salymyň içinde Lýalla Ghasita Rama bergili boldy. Tiz wagtdan Şeýh Omar Aly bilen Lýalla Prem Anandyň özleri-de oňa bergili boldular. Hindistana özbaşdaklyk berilen soň, Lýalla Ghasita Ram Sanda Klany taşlady. Ol öňküsi ýaly bar güýji bilen kommersiýa işleri bilen meşgullandy. Lýalla ýagdaýa dogry baha bermegi we ondan peýdalanmagy başarýan adamlaryň hilindendi. Hoşiarpuryň golaýyndaky Sandaran obasynda onuň dellalçylyk kontorasy açyldy. Lýalla bahaly kagyzlarynyň, bergidarlaryň kwitansiýalarynyň hemmesini, şeýle hem üç aýalyna degişli bolan gymmatbaha zatlaryny Jallandar bankyna geçirdi. Öz ýanynda diňe girew hökmünde saklaýan gymmatbaha zatlaryny, bergidarlaryň dil hatlaryny we elli müň rupyýa möçberinde nagt puly alyp galdy. Lýalla Ghasita Ram Sanda Klany taşlap gidende, ilat onuň galmagyny sorap, gözýaş edip ýalbardy, emma ol öz diýenini etdi. Lýalla girew hökmünde saklaýan gymmatbaha zatlaryny we şaý-seplerini aýallara öz eli bilen gaýtaryp berdi. Nagt pullaryny bolsa ol pugta ýygşyrdy. Dükanyny özüniň şärikdeşi bolan Şeýh Omar Ala tabşyrdy. Ana şondan soň, ol Sanda Klany taşlap gitdi. Bu ýerden göçüp gitmegi onuň dosty, polisiýa inspektory Sahib Tan maslahat berdi. Lýalla Sandarana gelen dessine, özüniň nagt puluny gaýtadan sanap gördi. Ol şol puluň otuz müňüni bir wagtlar Sandaranyň iri zemindaryna degişli bolan ullakan jaýy satyn almaga harçlady. Ol jaý obanyň iň çetinde, dogrusyny aýdanda, açyk meýdanda ýerleşýärdi. Täze mesgen tutan ýerinde-de Lýalla Ghasita Ram tiz wagtyň içinde özüni tanatdy. Heniz ol göçüp gelmänkä açylan kommesriýa kärhanasy gülläp ugrady, muňa gallanyň nyrhynyň gymmatlamagy az kömek etmedi. Bu ýere ýüz müňläp bosgunlar we göçürlen hindiler Günbatar Penjapdan gelýärdiler. Gündogar Penjapdan gaçyp gaýdýan ýüz müňläp şular ýaly bosgunlar we musulmanlar Pakistana baka süýşýärdiler. Olaryň barysyna hem Lýalla Ghasita Ram kömek edýärdi. Ol Sandarana göçüp gelýän hindilere we göçüp barýan musulmanlara hyzmat edýän kontorasyny esaslandyrdy. Örän tiz wagtyň içinde Lýalla Ghasita Ramyň ady bütin töwereklerde meşhur boldy. Ýerli häkimiýetler iki sany magazini onuň garamagyna geçirdiler we ýaşaýyş jaý berdiler. Şol jaýda Lýalla kontora we hyzmat edýän býurosyny gurdy, özi bolsa obanyň çetinde açyk meýdanda ýerleşýän ullakan jaýynda ýaşaýardy. Raýon merkezi Taksilden gelen çinownikler we gulluk wezipeli adamlar hemişe Lýalla Ghasita Ramyňkyda düşlärdiler. Olar onuň akyl-huşuna, iş bilenligine, gaýratyna, dinparazlygyna wew sadalygyna haýran bolardylar. Hatda olaryň käbirleri oňa ministr bolmak ýaraşýar hem diýerdiler. Muňa jogap berip, Lýalla Ghasita Ram diňe myssa ýylgyrardy. 1947-nji ýylyň 20-nji noýabrynda, ýagny Hindistanyň garaşsyz döwlet bolandygy yglan edileninden üç aý bäş gün geçenden soň, Pakistanyň polisiýasynyň görkezmesi boýunça Lýalla Ghasita Ramyň öýüniň daşy gabaldy. Polisiýa ol ýerde gizlin saklanan, ýesir edilen musulman gyzlarynyň ýigrimisini tapdy. Ýesir edilen gyzlar Lýallanyň olary satyn alyp, soň satýandygyny – musulman gyzlaryny arzan alyp, gymmat satýandygyny gürrüň berdiler. Onuň bellän nyrhy şeýle eken: 14-16 ýaş aralygyndaky gyzyň bahasy 750-1000 rupyýa, 16-dan 25 ýaş aralygyndaky gyzyň bahasy 300-500 rupyýa, orta bilimli gyzyň bahasy 1500 rupyýa, kolležde okan gyzyň bahasy bolsa 2000 rupyýa. Lýallanyň eýýäm ýüzlerçe gyzy alyp-satandygy ýesirleriň gürrüňinden mälim boldy. Halas edilenleriň arasyndan biri Sanda Klandan bolup çykdy. Lýalla Ghasita Ram ony rehimsizlik bilen ýenjipdir we zorlapdyr. Lýalla Ghasita Ram Sanda Klandan gaýdanda müň rupyýalyk gymmatbaha zatlary aýallara gaýtaryp berendigini we elinden çykan pulunyň öwezi dolýança, msulman gyzlaryny alyp-satmagyny goýmajakdygyny mälim etdi. Lýalla Ghasita Ramy boşatdy. Mälim bolşyna görä, näbelli huliganlar onuň öýünde gyzlary bildirmän gizläpdirler, yzyndan hem polisiýa habar beripdirler. Lýalla Ghasita Ram bütinleý aklandy, onuň abraýy dikeldildi, dellalçylyk kärhanasy bolsa öňküsinden-de artyk gülläp ugrady. Ýokary häkimiýetler ona aýratyn hormat etdiler: onuň kontorasynyň girelgesinde neopallylardan, gurkilerden sakçy goýuldy. Gijlerine bolsa onuň öýünden ahy-nalaly gykylyklar, eşidilip durýardy. Ony eşidip birnäçeler: “Bu aglaýan Pakistan” diýýärdiler. Beýlekiler bir az pikirlenip “Bu aglaýan Hindistan” diýip jogap berýärdiler. Ýöne welin, bu jaý edil serhetde ýerleşýärdi, onuň bir bölegi Hindistana, beýleki bölegi bolsa Pakistana garaşlydy. Şonuň üçin-de üçünjiler: “Bu agy Päkistanyňky hem däl, Hindistanyňky hem däl, bu öýde ynsan aglaýar...” diýýärdiler. K.Çandr, hindi ýazyjysy. Rusçadan terjime eden: Ýagmyr PIRGULYÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1958 ý | |
|
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |