17:31 Magiki (jadyly) realizm žanrynyň 6 sany esasy alamaty | |
MAGIKI (JADYLY) REALIZM ŽANRYNYŇ 6 SANY ESASY ALAMATY
Edebiýaty öwreniş
Magiki (jadyly) realizm žanryny fentezi, fantastika, mistika, horror, bizarro-fikşn, antiutopiýa, paranormal edebiýat, absurdizm ýaly, hyýaly älemlerdäki ýa-da hyýaly wakalary beýan edýän çeper edebiýat žanrlary bilen bulaşdyrmak aňsat. Ýöne, ertekilerem, mifler, rowaýatlar, hekaýatlar, dini kyssalar, dessanlar, fentezi, fantastika, mistika eserleri, horror (gorklunçlyklar) žanrynda ýazylan trillerlerem, ýokarda agzalan we agzalmadyk beýleki çeper edebiýat žanrlary-da, magiki (jadyly) realizm žanryna degişli däldir. Magiki (jadyly) realizm žanrynyň, ýokarda agzalanlardan esasy tapawutlandyryjy alamatlary şu aşakdakylardyr: 1. Durmuşy mantygy (logikany) inkär edýän ýa-da endikli bolmadyk, ters usulda ulanýan wakalar we dürli hereketler Mysal üçin: Laura Eskiweliň “Gaýnag suwdaky şokolad” atly, ýeňiljek sýužetli romanynda, durmuşa çykmaklyk gadagan edilen zenan, iýmit taýýarlanda jadygöýlügi (magiýany) ulanýar. Toni Morrisonyň “Magşuk” atly eserinde has garaňky waka beýan edilýär: gaçyp gaýdan gyrnak, birmahal ölen çaganyň ruhy (salgymy) ýaşaýan öýe barýar. Bu eserlerdäki wakalaryň ikisinde-de birmeňzeş jadygöýlük (magiýanyň) alamatlary bar. Ýöne, şol birwagtda-da olardaky wakalar hakyky durmuşylykdan (realizmden) örküni üzmeýär. Şeýle eserler, mantygy (logikany) özboluşly ulansalar-da, olar realizm (hakyky durmuşylyk) paradigmasynyň (pikiriň baş hereket ediş ugrunyň) çäklerinde hereket edýärler. 2. Mifler we rowaýatlar Magiki (jadyly) realizm eserleriniň agramly böleginiň sýužetleri, halk döredijiliginiň döreden özboluşly jadyly dünýäsinde (wakalaryň içinde), dini hikmetli hekaýatlarda, ynançlarda, sada halkyň köre-kör ynançlarynyň çäginde bolup geçýär. Mysal üçin: Abiku – günbatar afrika ynançlarynda çaga-ruh, Ben Okriniň “Aç ýol” eserinde täsin wakany gürrüň berýär. Köplenç dürli ýerlerden, halklardan, wagtlardan alnan rowaýatlar, magiki realizm eserlerinde özboluşly sepleşýär-de, okyjynyň aňyny aňkardýan, hemmelere mälim bolan wakalaryň çepbesine çöwrülen bulam-bujarlygy (anahronizmler) hem-de dürli jadyly/täsin hadysalardan hyryn-dykyn, çylşyrymly wakalar emele gelýär. Mysal üçin: gruzin ýazyjysy Otar Çiladzeniň “Ýol bilen adam ýöräp barýardy” eserinde gadymy grek mifi, awtoryň öz watanynyň pajygaly taryhy bilen utgaşykly sepleşip gidýär. 3. Taryhy äheň (kontekst) we durmuşy (sosial, jemgyýetçilik) meseleleri Köplenç magiki (jadyly) realizm eserlerinde hakykatda bolup geçýän ýa-da geçen syýasy hadysalar hem-de jemgyýetçilik (durmuşy, sosial) hereketleri, şol eseriň şekillendirýän jemgyýetindäki agalyk edýän jynsparazlyk, aýallara hojaýynçylyk garaýyşlary, sabyrsyzlyk ýaly ynsany kemçilikleri, has ýiti güberçekledip görkezmek üçin, jadyly hyýalbentlige garyşdyrylýar. Mysal üçin: Salman Ruşdiniň “Ýarygijäň çagalary” atly eseri – bu Hindistanda azat edijilik hereketiniň üstün çykan pursatynda doglan adam hakda dessan. Ruşdiniň çeper gahrymany jadyly usul bilen şol sagatda, hut şol pursatda doglan hem-de jadygöýlük ukyplary bolan çagalaryň hemmesi bilen bir telepatiýa (hiç hili enjamsyz, beýniden beýnä pikir geçirmegiň tebigy ukyby) ulgamyna birikdirilen. 4. Wagtyň kadaly akymyny we hadysalaryň yzygiderliligini bulaşdyryp, şekillendirmek Magiki realizm dünýäsinde çeper gahrymanlar wagtyň akymy boýunça geçmişe-de, geljege-de geçip, eger-de awtor islese, geçmiş bilen geljegiň arasynda gyşyk-çaýşyk, gysga ýa-da uzak möhletleýin gidip-gelmeleri amala aşyrybam bilýärler. Munuň mysaly hökmünde Gabriýel Garsia Markesiň “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” romany çykyş edýär. Bu romanda sýužetiň duýdansyz at göçümi bilen bökmegi, dürli salgymlaryň geçmişden we geljekden ap-arkaýyn häzirki zamana we yzlaryna gidip-gelip durmagy, dürli welilik yşaratlary, okyja çeper beýan edilýän wakalaryň toplumlaýyn (sikliki) häsiýetini anyk duýmaga ýardam berýär. Şol birwagtda-da munuň ýaly eserlerde sýužetiň bütewligem eýdip-beýdip saklanylýar. 5. Hakyky durmuşy (real) düzüm bölekleri Magiki (jadyly) realizm – älem giňişliginde älem gämilerini dolandyrýan edermenler hakda-da däl, Jadygöýleriň akademiýasynda tälim alýan geljekki jadygöý oglanjyklar hakda-da. “Ýyldyzlaryň urşy”, “Garri Potter” ýa-da “Silmarillion” – bu başga žanrlaryň eserleri. Salman Ruşdiniň aýdyşy ýaly: “magiki (jadyly) realizmde jady (magiýa) durmuş hakykatynda (realizmden) kök alýar”. Şeýle görnüşdäki çeper eserlerde adatdan daşary hadysalaryň bolup geçýändigine garamazdan, olaryň gahrymanlary – adaty ýurtlarda, adaty öýlerde ýaşaýan, adaty adamlar. Özleriniň gündelik hysyrdylary, ownuk hojalyk gaýgy-aladalary bilen bilelikde. 6. Agras çeper beýan ediş äheňi Magiki (jadyly) realizm žanrynyň esasy aýratynlygam, onda hekaýa etmek, ýagny kyssany gürrüň bermek, kelç-külçsüz, heneksiz diýen ýaly, agras äheňde we agyr prozada ýazylýar. Üstesine-de magiki (jadyly) realizmiň çeper beýan ediş usuly, adatça, ýörite duýga garyp, biparhlyga ýakyn edilip ýöredilýär. Täsin hadysalar adaty bir bolaýmaly, günde-günaşa bolup duran wakalar ýaly edilip suratlandyrylýar. Awtoryň özi mümkin boldugyndan sýužetden daşlaşýar. Çeper gahrymanlar bolsa özleri bilen bolup geçýän adatylykdan üýtgeşik (sýurrealistik) wakalara düýbünden geň galman, olary adaty zat ýaly kabul edýärler. Mysal üçin: Jeki Kreýweniň “Biziň ömürlerimiz gözegçiligiň astyndan sypdy” atly gysga powestinde, hekaýat edip beriji (wakany gürrüň berýän) zenan, öz äriniň duýdansyz gürüm-jürüm bolmagy hakda, bu bir adaty, bolaýmaly ýaly zat ýaly edip, aýdyp berýär. Dürli internet maglumatlaryndan jemlenip, düzüldi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||