22:30 Magtymguly Pyragy, türkmen edebiýaty we şygry | |
MAGTYMGULY PYRAGY, TÜRKMEN EDEBIÝATY WE ŞYGRY
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanýar Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan etmegi bilen 2014-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady goýulmagy türkmeniň bu beýik şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp çäreleriň geçirilmegine esas bolup, Pyragynyň şahsyýetini hemmetaraplaýyn tanamakda, onuň şygrynyň mazmunynyň forma, many, mazmun, galyp taýdan taýdan düşündürme, derňeme zerurlygynda aýratyn ähmiýeti bardyr. Sebäbi gynansakda, bu ugurda näçe wagyz edilse hem, ylmy, derňew işlerinde onuň edebi, pikir, mazmun, yrfany we hatda dini häsiýeti hakynda teswirleme (kommentariya) ýok. Olar örän zerur duýulýar. Aýdyň bolşuna görä, türkmeniň aryf we beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň mazmun, edebi häsiýetini tanamak, düşündürme üçin, onuň edebi sredasyny tanamak, öwrenmek zerurdyr. Türkmen dili we edebiýaty Oguz türk diliniň bir şahasy bolup, öz nobatynda Oguz türk diliniň özboluşlylygynyň gatyşmagy bilen, Eýran-yslam edebiýat we medeniýetiniň hazynasyndan täsirlenip, aýratyn orna eýe bolup, edebi sferalary okap, onuň dil görnüşine gelmegini, onuň näderejede ähmiýetlidigi bilen tanşyp bilersiňiz. Esasan türkmen dili we edebiýaty dört sferada ösüşe eýe bolupdyr, has anyk aýtsak, türkmen dili we edebiýaty oguz-türk diliniň taryhy edebiýatyndan peýdalanmagy bir tarapdan, Eýran edebiýatçylarynyň beýik magaryfynda we örän baý hazynasyndan hoşa çöpläp, ondan peýdalanyp aýratyn üns berdi. Türkmen diliniň we edebiýatynyň edebi sferasyny aşakdaky sferalara bölüp bolar: 1. Horezm edebi sferasy Türkmen dili we edebiýatyny syn edip öwrensek, bir tema aýdyň aýratynlygy bardyr. Ol Mawerannahr sebiti gadymdam özboluşly medeniýeti we edebiýaty bolup, bu sferada üýtgeşik şahsyýetler ýüze çykyp, olaryň gymmatly eserleri arap, pars, türk (oguz) dillerinde ýazypdyrlar. Horezmiň türkmenleri medeniýetiň merkezi bolan Ürgenje we Hywa ýakyn bolandygy üçin ylmy peýdalary görüpdirler. Hywanyň hanynyň syýasy goşunyna dahylly bolupdyrlar. Bu sebitde dürli tire-taýpalar bilen gatnaşmagy we ýakyn bolmagy, türk, arap-pars dilleriniň garyşmagy, şeýle hem özbek-türkmen medeniýetiniň aralaşmagy bilen bu sebitiň edebi diliniň aýratyn özboluşlylygy bolmagyna getirip, häzirki wagtda oguz-gypjak diliniň umumy mirasy hökmünde Gündogary öwrenişe we türkleriň taryhyna degişli kitaplarda aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sebitiň proza-poezýa žanrynda ýazylan edebi eserleri Horezmiň gymmatly mirasy hasaplanýar. “Nahj olfaradis”, Rabguzynyň “Pygamberler kyssasy”, Horezminiň “Muhabbetnamasy” ýaly oguz-türk diliniň iň gadymy eserleri Horezmde ýazylyp, soňky döwürlerde türkmen edebi eserleriniň gymmatly çeşmesi hökmünde hemişe türkmenleriň arasynda peýdalanypdyrlar. Türkmenler bu çeşmeden peýdalanyp “Moýinolmarid”, “Hajeb hasyň Ýusup kyssasy” we ajaýyp eser bolan “Rownakyl yslam” eserlerini döredipdirler. Miladynyň XVII asyrynyňtürkmenleri türkmen nusgawy edebiýaty ýüze çykýança bu sferada diliň dürli etaplaryndan geçipdirler. Ol aşakda getirilen diliň üç şahasyndan täsirlenipdir: 1. Horezm-Gypjak dili döwri 2. Oguz dili döwri 3. Jagataý dili döwri Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende ýaly beýik şahyrlar Horezmiň edebi sferasynda terbiýelenendirler. Gadymy türk edebiýatyna üns bersek, Jogtaý-türkmen diliniň barlyklaryndan peýdalanmaklyk, Gündogar we Günbatar türkleriň umumy türki dilleriniň bilelikdäki hazynasy hökmünde gadymy dessan edebiýatyndan peýdalanmaklyk, pars diliniň we edebiýatynyň prozapoeziýasyndan täsirlenmek, gazal-kasyda ýaly Eýran-Yslam (aruzi) şygyr galyplaryna eýermek, aşyky-ozan (bogun sazlaşygy) şygyr galyplaryna ýykgyn etmek, şeýle hem, nazire (aýdyşyk) ýazmaga ymtylmak, dessanda pendi-nesihata ähmiýet bermeklik bu edebi sferanyň aýratynlyklary bolupdyr. Bu sfera güýç, giňligi we edebi baý mazmunlary taýdan örän ähmiýetlidir. 2. Ahal-Mary edebi sferasy Türkmen dili we edebiýaty, hatda türkmen medeniýetine özboluşlylyk beren, türkmen medeniýetiniň we edebiýatynyň bir şahasy hökmünde öwrenilýän ikinji sfera Ahal-Mary sferasydyr. Ahal-Mary sferasy geografiki ýaýrawy taýdan ähmiýete eýedir. Bu sferanyň etegi siwilizasiýanyň, edebiýatyň we medeniýetiň gözbaşy bolan gadymy Merwiň gündogary ymam Ryzanyň (a) (Gyzyl ymamyň) gelmegi we birnäçe ýyl bu sebitde ýaşamagy bilen ylmyň, medeniýetiň, diniň merkezine öwrüldi. Mübärek ymamyň gelmeginiň netijesinde taryhyň beýik şahsyýetleriniň bu ýere gelmekligine getirip, olaryň ählisi ymam Ryzanyň(a) mekdebinde terbiýelenipdirler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ymam Ryza (a) bagyşlanyp geçirilen ilkinji maslahatyna ugradan gutlag hatynda şeýle diýýär: "Ymam Ryzanyň hormatyna, onuň ruhy mirasyna bagyşlanyp geçirilýän bu ylmy forum beýik alymyň at-abraýyny, şan-şöhratyny has belende götermek bilen çäklenmän, gadymdan gelýän türkmen-eýran doganlyk-dostlugyny, medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem ajaýyp işleriň birine öwrüler. Bu halkara ylmy maslahaty taryhyň gadymy döwürlerinden bäri iki goňşy döwletiň özara bähbitli ylmy-medeni gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge güýçli itergi berer, doganlyk gatnaşyklaryny has-da jebisleşdirer. Biz ýakyn goňşymyz bolan Eýran Yslam Respublikasy bilen gözbaşy gojaman gadymyýetden başlanýan doganlyk gatnaşyklarymyzy, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk hem berkideris, ösdüreris. Türkmenistan bilen Eýran milletleriň arasyndaky ynsanperwerlik we dostluk gatnaşyklaryna, asudalyga, parahatçylyga hemişe uly sarpa goýýan ýurtlardyr. Hormatly adamlar! Geçmişde adamzat kalbynyň, jemgyýetiň ruhy taýdan kämil bolmagy üçin özüniň ömri, göreldesi, ajaýyp ahlaga ýugrulan hikmetleri, gymmatly taglymaty bilen dogry ýol-ýörelgeler görkezen ynsanlaryň mübärek atlary taryh sahypalarynda, adamzat hakydasynda müdimilik galýar. Şol akyldarlaryň mukaddeslige deňelen eserleri, pelsepesi öz döwründe-de, soňky döwürlerde-de jemgyýetiň kämilleşmeginde, kämil nesilleri ýetişdirmekde esasy ruhy gönezlik bolup hyzmat edipdir. Yslam dininiň ýörelgelerini wagyz eden, ynsan durmuşynyň gözelleşmegi, jemgyýetiň abadan, adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin özüniň zehinini, yhlasyny bagyş eden şeýle alymlaryň biri-de türkmenleriň arasynda Gyzyl Ymam ady bilen meşhur bolan Aly ibn Musa Ryzadyr. Ymam Ryzanyň ady türkmenleriň arasynda mynasyp orna eýedir. Meşhur alymlar Mäne baba, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Hoja Ahmet Ýasawy, Süleýman Bakyrgany ýaly keramatly şahslar Ymam Ryzanyň paýhas hikmetinden ruhlanypdyrlar. Milli guwanjymyz Magtymguly atamyz hem öz goşgularynda bu beýik alymyň adyny öwran-öwran gaýtalap, onuň kerem-keramatyna sygnypdyr. Türkmen halky gadym döwürlerden şu günlere çenli hem keramat eýesi Ymam Ryza çuňňur hormat goýýar, beýik alymyň Eýranyň Maşat şäherindäki mübärek guburyna zyýarat edýär. Beýik alym Ymam Ryzanyň mübärek gadamy türkmen taryhynyň we medeniýetiniň genji-hazynasy – Merw şäherine düşüp, oňa bu ajaýyp mekanda belli bir döwürde ýaşamak nesip edipdir. Ylmyň-bilimiň, ajaýyp kitaphanalardyr medreseleriň mekany bolan bu gadymy şäherde alym nesillere – bize ýagşylyk, halallyk, ynsanperwerlik pelsepesini miras goýupdyr. Şu ylmy maslahatyň bu gün gülläp ösýän Mary şäherinde geçirilmegi hem beýik alyma we onuň gadamy düşen mukaddes topraga çuňňur hormatyň nyşanydyr. Hormatly alymlar! Beýik alymyň ündän lebze ygrarlylyk, halallyk, il-güne, ata-enä, ussada hormat goýmak, dostluk, wepalylyk ýaly ajaýyp ahlak häsiýetleri türkmen halkynyň owal-ahyr uýup gelen ýörelgeleridir. Ymam Ryzanyň mirasyny çuňňur öwrenmek, düýpli seljermek we dünýä ýaýmak bolsa umumyadamzat gymmatlyklaryny has-da baýlaşdyrar. Şu halkara ylmy maslahatynyň Gündogaryň beýik alymy Ymam Ryzanyň sarpasyny we mertebesini ýene-de beýgeltjekdigine ynanýaryn. Size ýene bir gezek şu ylmy maslahatyň işinde üstünlikler arzuw edýärin!" Bu medeniýet merkeziň döremegi, yslam alymlarynyň, edebiýatçylarynyň bu merkezde, ymam Ryzanyň (a) mekdebinde terbiýelenmegi Ahal-Mary sopyçylyk edebiýaty we medeniýetine uly täsir goýupdyr. Onuň Günorta gündogarynda taryhy şäher bolan Sarahs, merkezinde Ahal welaýaty we Gyzylarbat, Demirgazygynda uly Garagum çöli, Günortasynda Gündogar Horasan ýerleşýär. Medeniýetiň we taryhyň merkezleri, olardan: gadymy Merwde ymam Ryzanyň (a) gadamgähiniň ýerleşmegi, Sarahs, Nusaý şäheri (Nusaý galasy) ýaly gadymy şäherleriň, Gyzylarbat, Abiwert ýaly gadymy yslam şäherleriniň bolmagy, Abu Seýit Abulhaýyr (Mäne baba), Abulfazl Sarahsi Enweri ýaly taryhy şahsyýetler, Abiwerdiň uly sopular kerweni, şeýle hem Horasan ýaly medeni sebitler bilen goňşuçylygy bu edebi sferanyň ähmiýetini güýçlendirdi. Bu edebi sfera ymam Ryzanyň (a) pikir, medeniýet mekdebinden täsirlenip, many-mazmun taýdan, şygryň galyby taýdan aruzdan daşlaşyp, şahyrlaryň we edebiýatçylar has bogun sazlaşygy we "Guşug" formasyndan peýdalanypdyr. Şeýle hem, şahyrlaryň milli ene dilinde eser döretmekleri türkmen diliniň berkemegine getirdi. Bu sferanyň ýene bir aýratynylgy türkmen edebiýatynyň ýany bilen türkmen sazynyň hem ösmegidir. Bu sebit türkmen sazynyň merkezine öwrülip, Nurmuhammet Andalyp tarapyndan Horezm sferasynda başlanan dessan edebiýaty bu sebitiň sazy bilen gatyşyp owazly dessan aýtmaklygy emele getiripdir. Mollanepes, Mämmetweli Kemine, Annagylyç Mätäji ýaly şahyrlar bu sebitiñ edebiýatçylaryndan hasaplanýar. 3. Lebap-Jeýhun (Çärjew) edebi sferasy Lebap-Çärjew edebi sferasynda gadymy Amul ýaly gadymy, taryhy şäheri, düýbi Gorkut ata dessanyna gaýdyp gelýän Salyr ýaly gadymy türkmen tireleri bolupdyr. Bu sebit Buhara ýakynlygy sebäpli, hakykatda Mawerannahryň derwezesi Samarkandyň we Buharanyň medeni sebiti hasaplanypdyr. Türkmen edebiýaty bu sebitde şekil alyp, bir tarapdan Buharanyň ýakynlygy sebäpli jogtaý dili we edebiýatynyň täsirinde, pars dili we edebiýatynyň mazmunynda, başga bir tarapdan Hywa sebitinde türkleriň medeniýetiniň täsirinde dolandyrylypdyr. Türk medeniýetiniň, iki tapawutly merkeziň täsirinde türkmen dili we edebiýatynda bolmanda bu sebitde iki wekil, iki edebi tarap ýüze çykdy. Buhara edebi ugry aruzi sazlaşykly, gazal mazmunly liriki bolan klassyky şygrynyň dowamyna ugrugan we diwan (şygyrlar ýygyndysyny) taýynlamak edebi, Eýranyň pars şahyrlarynyň usulynda şygyrlar diwanyny bezemek ukybyna eýe bolupdyr. Ýöne, Hywa edebi ugry esasan bogun sazlaşygyna ugrugan ussatlar üçin bolupyr we aruz şygryny peýdalanmak bilen bilelikde has hem bogun sazlaşygyny milli watançylyk mazmuny peýdalanylypdyr. 4. Hazar edebi sferasy Hazar edebi sferasy yklym şertleri we türkmeniň beýleki edebi sferalary bilen, aýratyn hem Gürgen-Astarabad, Azerbaýjan medeni gatnaşyklaryny saklamagy sebäpli, şeýle hem gadymy türkleriň aýratyn-da oguz-seljuk türkleriniň edebiýatyndan we dessanyndan täsirlenmegi sebäpli edebi üýtgeşmeleri bardyr. Şol sebäpli häzirki wagta türkmen edebiýatynyň sütüni hasaplanýan bu sebitiň iki beýik wekiliniň ýagny, Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragynyň dili we şiwesi leksikologiýa taýdan tapawutlydyr. Şol sebäpli Döwletmämmet Azadynyň dilinde Ýunus Emre ýaly Seljuk, Anadoly türkleriniň sözlerine gabat gelmek bolýar. Ýöne Gündogar türklerinde agzalan sözlere az duş gelmek bolýar. Olaryň ikisinde hem Oguzyň ysy has duýulýar. Bu edebi sfera bu iki beýik şahsyýetiň bolandygy üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Magtymguly Pyragy bu sferanyň terbiýesini alyp, türkmen nusgasy edebiýatynyň, medeniýetiniň täsiri bilen birlikde türkmeniň beýleki dürli edebi sferalaryndan täsirlenipdir. Pyragynyň Oguz türk edebi sebidine ýakynlygy, olar bilen gatnaşygy, bolmanda Teýlim han, Şa Ysmaýyl Hataýy ýaly şahyrlaryň eserleriniň many-mazmuny bilen tanyşlygy, Möwläwi, Sagdy, Hafez, Ferdöwsi ýaly pars şahyrlarynyň şygyrlary bilen düýpli tanyşlygy, şeýle hem Yslam alymlarynyň eserlerinden peýdalanmaklygy we Gurhan düşünjeleri yrfany-edebi beýik şahsyýeti derejesine ýetirdi. Bu temany düşündürmek üçin birnäçe makalalaryň ýazylmagy zerur bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli, bu beýik şahsyýetiň dürli häsiýetleri, onuň şahsyýetini hemmetaraplaýyn düşündürme zerurlygy, onuň edebi häsiýetlerini we şygyrlarynyň mazmunlaryny düşündürmek üçin bu temany açmaklygy we "Haweran" žurnalynyň her bir sanynda muňa bagyşlanan makalany getirmegi makul bildik. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli bu makala çap edilip, Magtymgulynyň suraty hem bu neşirde getiriler. Doktor Resul Ismailzade DUZAL, gündogarşynas we türkolog. (Eýran). # Eýran Yslam Respublikasynyñ "Haweran" žurnaly, 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |