15:40 “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp..” | |
"MAGTYMGULY, SÖZÜM GYSGA, ŞERHI KÖP..."
Magtymgulyny öwreniş
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman derýä ýaly çuň, giň hem köptaraply. Pyragynyň beýikligi onuň döredijiligine kärine, hünärine, ýaşyna garamazdan, her bir adam özüçe düşünýär. Diýmek, şahyryň poeziýasyndan her adam özüçe lezzet alýar, bilmeýän zadyny bilmek isleýär. Bu kanuny bir ýagdaý. Şol sebäpli Magymgulynyň döredijiligine sowallaryň dörejekdigem öz-özünden düşnüklidir. Magtymgulynyň “Döker bolduk ýaşymyz” şygrynyň şu bendini ünsli okalyň: Türkmenler baglasa bir ýere bili, Guradar Gulzumy, derýaýy-Nili, Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. Şahyr ürkmenler agzybir bolsa başarmajak işiniň ýokdugyny bendiniň birinji-ikinji seirinde gaty obrazly beýan edýär. Kim ikinji setire düşünmeýän bolsa, onuň manysy şeýle: Türkmen bir ýere bilini baglap, agzybir bolsa, zerur halatynda Gulzumy (Gulzum-Kaspi deňzi diýilýän pikir has dogry diýip pikir edýäris.), Nil derýäsynam guradyp biler. Magymgulynyň bu sözleri obrazly aýdylan. Ony türkmen diline geçirseň, türkmen agzybir bolanda almajak galasy ýok, döwlet döredip bagtyýar ýaşap biler. Ine, şahyryň birinji, ikinji setiriniň manysy şeýle. Emma beýik akyldar Pyragy türkmeni birleşdirip, döwlet döretmek pikiriniň edil şol zaman örän uly ham-hyýaldygyna düşünipdir, şol sebäpli dagynyk türkmeniň taýpalarynyň birleşip, bir döwlete-bir patyşa gulluk etse, häzirkisinden has gowy boljakdygyny öňe sürüpdir. Pyragy edil şol wagt bir taýpany (her taýpanyň urug-tireleri öz taýpalarynyň beýleki urug-tireleri bilen agzybir däl eken, hatda köp halatda bir taýpanyň tireleri biri-biri bilen duşmançylyk edipdir. D.Ý.). birleşdirip bolmaýan zamanda biri-biri bilen goňşuçylykda ýaşaýan taýpalaryň Pyragy özüniň töwerek daşynda ýaşaýan agzan bäş taýpasynyň bir agzybir bolup, bir döwlete gulluk etse, häzirkilerinden has gowy boljakdygyny beýan edipdir. Şygry döretmegiň öz düzgüni bar. Şahyr öz töwerek-daşynda ýaşaýan bäş taýpa ýüzlenip, şolaryň bir agzybir bolmagyny ýürekden arzuwlapdyr. Şahyr “Türkmenler baglasa bir ýere bili.." diýende bolsa halkymyzyň hemme taýpasyna ýüzlendigidir. Beýik akyldar ilki ähli türkmeniň birleşmegini arzuwlapdyr, ýöne şol zaman şahyr ähli halkymyzy birleşdirmek diýen arzuwyny soňa goýup, ham-hyýallykdan el çekip, bolmanda töwerek-daşyndaky taýpalaryň birleşmegini nesihat edipdir. Şol sebäpli şahyr bu şygrynda näme üçin halkymyzyň beýleki taýpalaryny agzamadyka”! diýen sowalyň özi ýerliksiz. Magtymguly töwerek-daşyndaky türkmenleri birleşdirmek pikirini “Türkmen binasy” şygrynda şeýle beýan edipdir: Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup, Kylsa bir jaýa ýöriş, açylar gül lälesi. Magtymgulynyň zamanynda Ahalda halkymyzyň agzalan bäş taýpasyndan başga-da birnäçe taýpa ýaşapdyr. Emma Pyragynyň baş maksady hemme türkmene ýüzlenmek, şahyr nämüçin ýeke-ýekeden sanap taýpalarymyza ýüzlenmeli?! Akyldaryň türkmenler diýdigi halkymyzyň hemme wekillerine ýüzlendigidir. Şahyr köp geplemegi, sözüni uzaldyp oturmagy halamandyr. Ol “Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp...” diýipdir. Şu ýerde şu hakykaty-da bellemek gerek. Magtymguly nämeüçin beýleki türkmen taýpalaryny agzamandyr”! diýen sowala jogap hökmünde 1996-njy ýyl bolsa gerek, şahyryň şol şygryna bäş taýpanyň yzyna on-on iki (aýdanymyzdan köpräk bolmagam mümkin) taýpany goşdular, emma goşulan sözler ýamalyk ýaly boldy, soňra ol “goşulmalar” öz-özünden galdy. Magtymgulynyň şygrynda hiç zat artygam däl, kemem. Şol sebäpli şahyryň poeziýasy öz sözlerinden başga hiç bir sözi kabul etmeýär. Magtymgulynyň, asla hiç bir döredijiniň otur-nokadyny hem hiç kimiň üýtgemäge haky ýok. Umuman, Magtymguly halkymyzy birleşdirip, türkmen döwletini döretmegiň arzuwynda bolupdyr. Magtymguly beýleki türkmen taýpalaryny bilmedimikä?! diýen sowaly kelläňe getirmegem ýerliksiz. Akademik Baýmuhammet Garyýewiň aýdyşy ýaly, Magtymguly hemme zady bilipdir. Türkmen öz milli şahyryna ynanypdyr. Magtymgulyny agasy Abdylladan, Döwletmämmt Azadyny oglundan men aýrammok (Bu nähili gelşiksiz sowal, men bu pikiri ilkinji aýdanam däl ahyry, berýän sowallaryňyza üns bereweriň. D.Ý.). Atany oguldan, agany-inisinden, doganyndan şol zamanyň ýowuz durmuşy aýrypdyr (Adamyň ýitmegi, aýrylmagy düşündirip bolmaýan kysmat. Häzirki bagtyýar zamanamyzda hem örän azam bolsa ýitýän adamlaryň bardygyny bilýäs ahyry. D.Ý). Magtymgulynyň maşgalasynda ýiten diňe Abdylla däl, Azadynyň ogly Mämmetsapa hem ýitipdir. Munuň şeýledigini şahyryň birnäçe şygry tassyklaýar. Magtymguly iki doganyndan (Abdylla şahyyryň inisi bolsa gerek. D.Ý.) nähili aýra düşdi. Şahyr muny “Bular gelmedi” şygrynyň birinji bendinde şeýle beýan edýär: Göçi-gony birle göçdi Abdylla, Hemme giden geldi, bular gelmedi. Mämmetsapa gitdi kömek bermäge, Uzadanlar geldi, bular gelmedi. Magtymgulynyň maşgala-durmuşy hem döredijiligi barada töwerekleýin alyp baran ylmy işimiziň netijesine daýanyp, şulary anyk aýdyp biljek: Şahyryň iki dogany ýitdi hasaplanyp, olara birnäçe ýyllar garaşylypdyr. Emma soňraky maglumatlar Magtymgulynyň maşgalasyna bu iki doganyň ölendigini boýun almaga mejbur edipdir. Men kiapcy.ru saýtynda şu mesele boýunça giňişleýin makalalar bilen çykyş edipdim. Ony gaýtalap oturmaýyn. Gyzyklanýanlara şol makalalary okamagy maslaha berýärin. * * * Şu makalamyza degişli bolmasa-da, Keýmir kör barada gysgaça pikirimi aýdaýyn. Keýmir kör halk hakydasynda ýaşaýar. Halk hakydasynda ýaşap ýören şahslary öwrenmeli diýen okyjynyň pikirini ýüregim bilen goldaýaryn. Keýmir körüň taryhy şahsdygyna, onuň gaýduwsyz pähimdar bir adam bolandygyna şübhäm ýok. Ýöne onuň Nedir şa bilen guran darkaşlary hiç bir taryhy dokumentde tassyklananok. Keýmir kör Nedir şanyň döwürdeşi (Magymgulynyňam ýaşlyk ýyllarynda ýaşan şahs bolýar. D.Ý.) bolup, aýdylyşy ýaly, beýik şahs bolan bolsa Magymgulynyň, bolmanda bir nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginde ýatlanardy, ady gelerdi. Meniň pikirimçe, Keýmir kör taýpa-tire derejesinde halkymyzyň bähbidini gorap, ol hakdaky hekaýatlar has soňra dilden-dile geçipdir. Türkmenleriň Keýmir köri hakynda käbir pars çeşmelerinde hem maglumat bar. Emma şol ýerde aýdylýan zatlaram halk hakydasynda aýdylýan hekaýatlar. Men akademik Şamyrat Täşliýewden, Myrat Annanepesowdan hem taryh ylymlarynyň doktory Hemra Ýusubowdan Keýmir kör hakynda soranymda, olar hem Keýmir körüň halk hakydasynda bardygyny, emma taryhy dokumentlerde bu şahs barada maglumatyň ýokdugyny aýtdylar. Hatda agalarymyzyň içinde Keýmir körüň egindeşi bolan Annaseýit wekiliň özüniň sekizinji arkasydygyny aýdýanlaram bar. Belki, geljekde Keýmir kör barada has giňişleýin maglumatlar tapylar. Ýöne bir zat belli: Pederlerimiz taryhy şahsmy ýa halk hakydasynda ýaşaýarmy tapawudy ýok, Göroglysy, Keýmir köri we beýleki onlarça gahrymanlary bilen hiç haçan ruhy taýdan göwnüçökgün bolmandyr, halkymyz öz beýik ogullaryna ynanypdyr. Pederlerimiziň şol ynanjam bu gün biziň garaşsyz Türkmenisanda bagtyýar ýaşamagymyzyň gönezligi bolupdyr. Şeýlelikde, beýik akyldar Magtymgulynyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýen zamanynda ýaşaýandygymyzyň belli bahasy ýokdur, adamlar!!! Döwlemyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|