23:20 Magtymgulynyň başdaş aýaly | |
MAGTYMGULYNYÑ BAŞDAŞ AÝALY
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly “Gana geldim” goşgusynda özüniň haçan yşka düşendigini, öýlenendigini, söýgüli aýalyndan aýra düşendigini şeýle beýan edýär: On ikide her kime gyňralyp söz gatardym, On üç ýaşa ýetemde, agyr mejlis tutardym, On bäşime ýetemde, tiri-tüpeň atardym, On ýedige baramda, yşk söwdasyn göterdim, Yşkyň söwdasy bilen sürüp, meýdana geldim. On ýediden geçen soň, şöhrat öýüne girdim, Aldym bir näzenini, zowk ile sapa sürdüm, Bu gunçaýy-gülzaryň elwan gülüni tirdim, Ýigrimiýe ýetende, pelek jebrini gördüm, Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim. Beýik akyldar özüniň on ýedi ýaşa ýetende, yşka ulaşandygyny, on ýediden geçen soň öýlenendigini, ýigrimi ýaşa baranda bolsa, ýaryndan pelegiň aýra düşürendigini ýazmagy şahyryň maşgala durmuşyny takyk beýan etmäge mümkinçilik berýär. Şahyryň öz tassyklamagyna görä, Magtymguly ýigrimi ýaşyna ýetende, söýgüli aýalyndan aýra düşýär. Magtymguly on ýedi ýaşynda öýlenip, onuň aýaly şahyryň öz dili bilen aýdanyňda, ýigrimi ýaşynda pelegiň pidasy bolupdyr: Ýigrimiýe ýetende, pelek jebrini gördüm, Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim. Şahyr “Pelek aldy ýarymy” diýmegi şahyryň başdaş aýalynyň aradan çykandygyny aňlatmaýar. Magtymguly aradan çykan şahsyýet atasymy, meşhur serkerdemi, garaz, wepat bolan kim bolsa-da, onuň wepat bolandygyny gaty anyk beýan edýär. Mysal, Pyragy “Atamyň” şygrynda: Altmyş bäşde, nowruz güni, luw ýyly, Turdy ajal, ýolun tusdy atamyň. diýip, atasynyň 65 ýaşynda nowruz güni luw ýyly ýogalandygyny, “Geçdi diýdiler” esrinde aradan çykan türkmen beginiň aradan çykandygy baradaky ahy-nalasyny şeýle başlaýar: Eý ýaranlar, ýowuz dessan bitildi, Bir goçak panydan geçdi diýdiler. Ahyrzaman boldy, aftap tutuldy, Aý-Günüň şuglasy ýaşdy diýdiler. Şajyr Nedir şanyň ölümine bagyşlap ýazan “Döwletalynyň” elegiýasyny şeýle jemleýär: Magtymguly, geçdi dünýäde deňsiz, Törelikde − taýsyz, ärlikde − eňsiz, Pygamber − peýsizdir, Süleýman − soňsuz, Şoňa meňzär yzy Döwletalynyň. Görnüşi ýaly, Magtymguly aradan çykan döwürdeşiniň kimdigine laýyklykda, ol şahsyýetiň obrazynyň aýratynlygyny- şahsyýet menligini çeperçilik bilen beýan edipdir. Pyragynyň aradan çykan döwürdeşleriniň ahy-nalasyny hasam uzaldyp bilerdik. Ýöne şu mysallaram şahyryň aradn çykan şahsyýet barada ýazanda, şol şahsa bagyşlanyp ýazan elegiýasynda onuň ýogalandygyny gaty anyk beýan edipdir. Emma şahyr başdaş aýaly hakynda ahy-nalasyny beýan edende, onuň aradan çykandygyny beýan edýän ýekeje setirem ýazmandyr. Şonuň üçin Magtymguly başdaş aýalyny “pelege aldyrdym” diýende, onuň ölmändigini, diri aýra düşendiginigaty anyk anyk aýdyp bileris. Şeýlelikde, Magtymgulynyň on ýedi ýaşynda öýlenip, onuň pelege aldyran aýaly-ýary kimkä?! Ine, şu sowaly çözmek derwaýys. Ýene bir gezek nygtap bellemek isleýärin. Magtymguly “Ýigrimiýe ýetende pelek jebrini gördüm, Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim” diýende, şahyryň bu jümlesi onuň ýarynyň, başdaş aýalynyň aradan çykandygyny aňlatmaýar diýip anyk netijä gelmek mümkin. Gaýtam, şahyr pelege aldyran ýarynyň derdinden özüniň ajal gamhana- ruhy taýdan ölüm derejesine gelendigini belleýär. Magtymguly ýaryny-başdaş aýalyny pelege nähili aldyrdyka?! Biziň pikirimizçe, Magtymgulynyň başdaş aýaly duşmana ýesir düşüpdir. Magtymgulynyň söýgülisi Meňliniň ýesir düşendigi hakyndaky pikiri gündogarşynas alym Halyk Göroglam öňe sürüpdir Ýöne Halyk Görogly “Aýryldym” şygryna goşulan, şahyryň geçen asyryň 50-60-njy ýyllarynda çap edilen neşirlerindäki “Ýara ýaraşar üç müçe” diýen setire salgylanyp, “Meňli 37 ýaşynda ýesir düşüpdir. Şonuň üçin ol ýaşdaky Meňli Magtymgulynyň başdaşy bolmaly däl” diýip ýalňyş netijä gelipdir. Hakykatda, “Aýryldym” şygry bar bolan iki golýazmada “Ýara ýaraşar üç müçe” diýen setir “Ýara ýaraşar sürmeçe” görnüşinde gelýär. Öňki neşirlerde goýberilen ýalňyşlyk şahyryň Garaşsyzlyk ýyllarynda çap edilen neşirlerinde düzedildi. Meňliniň ýesir äkidilen bolmagynyň mümkindigini tankytçy Saýlaw Myradowam belleýär. Ýöne Saýlaw Myradowam şahyryň Meňliniň başdaşy bolmandygyny Halyk Göroglynyň ýalňyş gelen netijesine esaslanyp aýdýar. Saýlaw Myradow “Ýaş ýigit otuz alty ýaşly Meňlini uly hyjuw bilen söýüp bilmez” diýýär. Şeýlelikde, professor Halyk Göroglynyň “Meňli Magtymgulynyň başdaşy däl-de, ikinji söýgüsi bolupdyr” diýen pikiri käbir türkmen edebiýatçylary tarapyndanam häzirem goldanýar. TYA-nyň habarçy agzasy Annagurban Aşyrow Magtymguly başdaş aýaly aradan çykansoň, şahyryň Meňlini söýendigini, ýöne Meňlini Şyhym Harpyk diýen barjamly biriniň alyp, şahyryň ol adama nälet okap, “Ýary ýardan aýran” atly goşgy ýazandygyny öňe sürýär. Halypa alymyň ýazmagyna görä, “Ýary-ýardan aýyran” şygry ilki 1958-nji, soňra 1981-nji ýylda garrygalaly Abdyrahman Saparowdan “Ýary-ýardan aýranyň” ady bilen ýazylyp alnypdyr. A.Aşyrow Magtymgulynyň ikinji söýgüsi bolan Meňlini almandygy hakyndaky pikirini şeýle delillendirýär: “Meňliniň barjamly başga bir adama, has takygy, Şyhym Harpyk diýen adama durmuşa çykarylandygy barasyndaky halk maglumatlaryna müňkürlik bilen garanlar hem boldy. Ýöne ol garaýyşlaryň nädogrudygyny täzelikde ele salnan elýazma subut edýär. Ol elýazmada “Ýary-ýardan aýyran” atly goşgy gelýär. Bu goşguda şahyr ýary-ýardan aýran Şyhymy näletleýär.” A. Aşyrowyň pikiriçe, şahyryň “Şyhym” diýip ady gelýän “Ýary-ýardan aýyran” şygry Meňliniň Magtymgula barman, Şyhym Harpyga durmuşa çykarylandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Ýöne “Ýary-ýardan aýyran” şygry ylmy derňew edenimizde, bu goşgy Magtymgulynyň Meňlini almandygyna hiç hili ylmy delil bolup bilmez. A. Aşyrowyňam tassyklaýşy ýaly, alym M. Öwezgeldiýew Magtymgulynyň Meňlini almandygy barasyndaky rowaýaty hem Abdyrahman Saparowdan ýazylyp alnan “Ýary-ýardan aýranyň” atly şygry şahyryň täze şygry hökmünde 1981-nji ýylyň 25-nji iýulynda “Täze maglumatlaryň gözleginde” ady bilen “Edebiýat we sungat” gazetinde çap etdirýär. Alym M. Öwezgeldiýewiň bu makalasyny tankytçy S. Myradow “Türkmenistan” gazetiniň şol ýylyň 20-nji awgustyndaky sanynda “Talapkärlik gerek” atly makalasynda berk tankyt edipdir. Magtymgulynyň döredijiligi bilen ýakyndan gyzyklanan edebi tankytçy Saýlaw Myradow agzalan goşgynyň Pyragynyň şygry bolmakdan has gowşakdygyny belläp, halk içinden çöplenen çem gelen maglumatlary, rowaýatlary, şygry Magtymgulynyň boýnuna dakmaly däldigini öňe sürýär. Saýlaw Myradow şahyryň gargyşa ýugrulan şygry ýazmajakdygyny nygtap, makalany ýazan awtoryň bu hakykaty bilmelidigini, umuman, şahyryň döredijiligine jogapkärli çememeleşmelidigini belleýär. Magtymgulynyň Meňlini alman, onuň barjamly Şyhym Harpyga durmuşa çykaralyp, şahyryň ol şahsa gargap, “Ýary-ýardan aýranýyň” atly şygyr düzendigi hakyndaky maglumat çykaýan badyna hem berk tankyt edilipdir. “Ýary-ýardan aýyran” atly şygyr ýedi bogunly goşuk formasynda, folklor stilinde ýazylan, şygyr ýeňil okalýar. Ýöne şygry tekstologik derňew edeniňde, bu goşgy many-mazmun hem stil taýdan biri-biri bilen baglanyşanok. Şeýle hem, bu goşgyny näçe okasaňam, Magtymgulynyň Meňlini almandygyny, onuň barjamly Şyhym Harpyga durmuşa çykyp, şahyryň goşgyny Şyhym Harpyga bagyşlap ýazandygyny delillendirýän anyk subutnama bu şygyrda beýan edilmeýär. Pikirimizi ylmy taýdan anyk subut emek üçin bu şygryň her bendini, zerur halatynda her bendiň setirini aýratynlykda Pyragynyň goşgusy hökmünde ylmy derňew edeliň: Goşgy şeýle başlanýar: Şyhym, saňa duşmandyr, Ýary ýardan aýyran. Şygryň başlanyşyndan çen tutanyňda, Magtymguly Şyhma ýüzlenip, ýary-ýardan aýran adamyň oňa duşmandygyny belleýär. Ilkinji iki setiri okanyňda, Şyhym ejir çeken ýaryndan aýrylan ynsan hökmünde gözöňüňe gelýär. Emma şahyyr birinji bendiniň üçünji setirinde Soňy saňa puşmandyr, Ýary ýardan aýyran. diýip, ýary-ýardan aýrana ýüzlenip, bu işiniň soňunyň puşmandygyny aýdýar. Birinji bendi näçe okasaňam, Şyhym ejir çekenmi ýa ýary-ýardan aýran anyk belli bolman galýar, şol sebäpli her kim öz paýhasyna görä, bentden netije çykarmaly bolýar. Goşgynyň birinji bendiniň birinji-ikinji setiri bilen, üçünji-dördünji setiri stil taýdan asyl baglanyşmaýar. Şygryň ikinji bendi şeýle: Ataň bagry baş bolsun, Eneň gözi ýaş bolsun, Müň bir bela duş bolsun, Ýary ýardan aýyran. Şahyr şygrynyň ikinji bendinde menlik ýöňkemede ýary-ýardan aýrana gargyş edýär. Ikinji bendiniň öňünden Şyhym sözüni goýsan, dogrudanam, şahyr ikinji bendinde edýän gargyşyny Şyhma edýän ýaly. Ýöne bu ýerde hem düşünişmezlik bar. Magtymgulynyň oglunyň eden erbet işi üçin ýaman adamyň kakasyna-atasyna, enesine-ejesine gargajakdygyna ynanmak gaty kyn. Magtymguly “Näletkerde ogul dogdy, dogmady” diýip, näletkerde ogluň ýaman işleriniň ene-ata agyr boljakdygyny aýdýar. Emma bu bendi okanyňda bolsa, şahyr näletkerde ogul üçin onuň ene-atasyna gargaýar, bu ýerde Magtymguly näletkerde ogul üçin ene-atany jogapkärçilige çekýär. Beýle etmek, Magtymgulynyň stili däl. Şygryň üçünji bendine gulak asalyň: Söýgüli ogly ölsün, Gözüniň ýaşyn çalsyn, Mejnun gargyşyn alsyn, Ýary ýardan aýyran. Şahyr bu bendinde gargaýan şahsyna üçünji olluk ýöňkeme bilen ýüzlenýär. Bu bendiň öňünden Şyhym sözüni goýsaň, gargyşyň Şyhma edilmeýändigine anyk göz ýetirýärsiň Bu bendinde şahyr ýary-ýardan aýran näbelli şahsa ýüzlenýär. Beterinden beteri bar diýleni, bu goşgynyň dördünji bendinde şahyr ýary-ýardan aýranyň ähli nesliniň (öwladynyň) ölmegini gargyş edýär. Meni ýandyran ýansyn, Ýanan çyragy sönsün, Ähli öwlady ölsün, Ýary ýardan aýyran. Goşgynyň dördünji bendinde Magtymguly özüni ýakanyňam ýanmagyny, ýanan çyragynyňam öçmegini gargyş edýär. Bu bentde-de gargyş Şyhma edilenok. Magtymguly bäşinji bendinde ýary-ýardan aýranyň ýaman günde ýaşap, onuň zürýatsyz ötmegini gargyş edýär. Şahyr gargyş bilen ýary-ýardan aýranyň öýünde ýumurtga togalamak isleýär: Ölmesin hem gülmesin, Bagry ýerden galmasyn, Ýeke zürýat galmasyn, Ýary ýardan aýyran. Magtymguly goşgynyň jemlemesinde ýary-ýardan aýrana gargyşyny goýup, ony bet işi bilen birlikde Ýaradana tabşyrýar: Magtymguly diýr, gördüm, Hak işine ten berdim, Ýaradana tabşyrdym, Ýary ýardan aýyran. Görnüşi ýaly, şygyr “Şyhym, saňa duşmandyr, Ýary-ýardan aýyran” diýip başlasa-da, goşgynyň hemme bendi Şyhyma gönükdirilen däl. Bu gargyş goşgy Şyhymyň ýary-ýardan aýrandygyny ýa-da Şyhymyň ýary-ýardan aýranyň pidasy bolandygyny aýyl-saýyl etmeýär. Goşguda logiki yzygiderligem ýok. Alym Annagurban Aşyrow Magtymgulynyň “Gargyşym daşlarny mum deý erider, Pir-pudak ýaýradar alkyş kylanym” diýen setirene salgylanyp, şahyryň Meňlini elinden alan adama gargyş goşgy düzüp biljekdigini tassyklaýar. Şahyryň gargyş goşgyny ýazyp biljeginiň subutnamasy hökmünde bolsa Pyragynyň; Haram ýaşap, şer isläne, Uzak ömür, ýaş olmasyn. diýen setirini mysal getirýär. Ýöne gargyş anyk bir adama edilen erbet niýetiň ýaman sözler bilen beýan edilmesidir. Mysal getirilen iki setirde bolsa şahyr haram, şer ýaşaýanyň jemgyýete uly zyýan ýetirmezligi üçin uzak ýaşamazlygyny umumy äheňde arzuw edýär. Şeýlelikde, ýokarda hem belleýşimiz ýaly, “Ýary-ýardan aýyran” atly şygry Magtymgulynyňky hasaplamaga hiç bir ylmy esas ýok. Bu goşgy Magtymgulynyňky hasap edäýenimizde hem, ol şygryň Şyhym Harpyga bagyşlanandygy barada ýekeje ylmy delilem ýok. Aslynda nusgawy edebiýatymyzda ýar-ýarym sözi, esasan, alan gelniň, ýanýoldaşyň manysynda gelýär. Adamyň “ýamanyny örtüp, ýaýyň ýagşysyn” diýýän Magtymgulynyň “Sen meň elimden ýarymy aldyň, şol sebäpli bar nesliň ölsün, ataň-babaň ejir çekip ölsün, bela-beterler başyňdan sowulmasyn” ýaly biri-birinden aýylganç gargyşlary etmejekdigine berk ynanýarys. Annagurban Aşyrowyň aýdyşy ýaly, Magtymgulam adam, olam gaharlanyp biler, ýöne gaharlansa-da beýle aýylganç gargyş etmez. Ýene bir bellemeli zat, nusgawy edebiýatymyzda ýar-ýarym sözi, esasan, gelin, aýal manysynda gelýär. Magtymgulynyň söýgülisi elinden gidipdir diýeli, şonda hem şahyr “Meň elimden ýarymy aldyň” diýip, oňa aýylganç gargyş etmez, beýle etmek şahyryň mentalitetine gabat gelenok. Magtymguly türkmen jemgyýetinde gargyş edip, beýik akyldar adyny almazdy. Döwrüniň jemgyýetçilik aňy şahyryň elinden giden söýgülisiniň baran ýerine aýylganç gargyş etmegine ýolam bermezdi. Eger Pyragy elinden alnan gyzyň baran ärine gargyş goşgyny düzäýse, onuň aňyrsynda gan ysynyň bardygyna şahyr oňat düşünendir. Şu hakykaty hem nygtap bellemek isleýärin. Magtymguly ýaryny pelege aldyran uçurlary onuň adyny açyk tutmadygam bolsa, soňra ol özüniň pelege aldyran ýarynyň-özüniň diri aýra düşen başdaş aýalynyň Meňlidigini açykdan-açyk beýan edipdir. Alym A.Aşyrow Magtymgulynyň “Aýryldym” goşgusyny “Gülzardan aýryldym” at bilen derňäp, Meňli başga birine, has takygy, Şyhym Harpyga durmuşa çykanda, şahyryň bu goşguny ýazandygyny nygtaýar. Ýöne Magtymgulynyň biriniň aýaly bolan gyza: “Ýar, täze gülzar, gunça-gülüm...” ýaly sözleri diýjekdigine ynanmak kyn, sebäbi şahyryň “Aýryldym” goşgusyny doly ylmy derňew edeniňde, Magtymgulynyň öz aýalyndan aýra düşmeginiň ahyny çekýändigini duýmak kyn däl. Biziň pikirimizçe, Magtymgulynyň “Aýryldym” goşgusy Meňliniň ýesir äkidilendigini delilendirýän şygyrdyr. Şonuň üçin bu şygry derňemegi makul bildik. Bu goşgy: Bilbilem, ahy-zar çekip, Täze gülzardan aýryldym. diýen setirler bilen başlaýar. Magtymguly Meňli bilen gatnaşygyny göçme manyda beýan edipdir. Bilbil iň gymmatly zadyndan ( gülzaryndan) aýra düşende ahy-zar çekýär. Magtymguly bilbil, Meňli täze gülzar. Magtymguly öz Meňlisinden aýrylypdyr. Şu ýerde Magtymgulynyň Meňlä “Täze gülzar diýmegine üns bereliň. Öň hem belleýşimiz ýaly, on ýediden geçip, on sekize gadam basan Magtymguly öýlenipdir. Türkmen däbine görä, täze alnan gelin 40-45 günden atasy öýüne gaýtarylyp, olar bolmanda alty-ýedi aý, hatda ondanam köp atasy öýünde bolup, soňra gelin bolan öýüne gaýtarylýar eken. Umuman, Magtymgulynyň “Jana geldim” goşgusynda tassyklaýşy ýaly, ol başdaş aýalyna öýlenenden iki ýyl gowrak geçen soň, gelnini gaýtarmalygyndan gaýdyp alandan, takmynan, bir ýyl töweregi soň (Belki, ondanam azdyp.D.Ý.), ondan aýra düşýär. Diýmek, gaýtarmalygyndan gaýdyp gelenine bolsa bir ýyl geçen şahyryň gelni oň üçin täze gülzar boljakdygyna hiç kim jedel etmese gerek. Şahyryň pelege aldyran başdaş aýaly Meňliden başga gelin däl. Indi şahyryň bu goşgusynyň üçünji-dördünji setirini diňläliň Gözden ganly ýaşy döküp, Söwdügim ýardan aýryldym. Söýýän ýa söýüşýän gyzyň başga birine durmuşa çyksa, gözden ýaş döküler. Emma söýen aýalyň bolmasa, gözden ganly ýaş döküp bolmaz XVIII asyrda ýaşaýan bir adamyň öz aýalyndan başga bir adama “Söwdügim ýardan aýryldym” diýjegine ynanmak gaty kyn, asla mümkin däl. Bu şygryň ikinji bendine gulak asalyň Ýara ýaraşar sürmeçe, Sypatyn söýlärem ençe, Agzy şeker, lebi gunça, Zülpi garadan aýryldym. Magtymgulynyň Şyhym Harpyga aýal bolup gidip barýan Meňlä “Agzy şeker, lebi gunça” diýmejekdigine türkmen däbini bilýän islendik adamyň akyl ýetirjekdigine ynanýarys. Magtymgulynyň zamanynda diňe öz aýalyňa “Agzy şeker, lebi gunça” diýip bolar. Şonuň üçin Magtymgulynyň aýra düşen ýarynyň zülpi gara, ýaş gelindigi görnüp dur. Bu bendiň birinji setiri Garaşsyzlyk ýyllarymyzdan öňki çap bolan neşirlerde “Ýara ýaraşar üç müçe” diýlip ýalňyş alnansoň, Halyk Görogly ýaly daşary ýurtly magtymgulyşynas alymlar şahyryň Meňli bilen gatnaşygy meselesinde gödek ýalňyş netije gelipdiler: Şirin janda ýokdur takat, Jebri onuň jana rahat, Gaşlary pitne-apat, Çeşmi hunhordan aýryldym. Aýryldym gunça-gülümden, Syýa saçy sünbülimden, Hoş owazly bilbilimden, Şirin güftardan aýryldym. Magtymguly bu goşgynyň üçünji bendinde Meňliden aýra düşmegi bilen janynda rahatlygyň ýokdugyny beýan edýär. Pyragy “Aýryldym” goşgusynyň dördünji bendini “Aýryldym gunça-gülümden” diýen setir bilen başlap, Meňliniň özüniňkidigini açyk beýan edýär. Islendik adam diňe özüniňki bolan gelne menlik formada ýüzlener. Şahyr Meňli özüniňki bolmasa, iliň aýalyna “Bakjaly bardan aýryldym” diýip aýdarmydy?! Elbetde, aýtmaz. Pyragy iliň aýalyna “Külli gözelleriň hany” diýip ýüzlenmez. Däli köňlüm arzymany, Külli gözelleriň hany, Sekiz jennetiň bossany, Bakjaly bardan aýryldym. Magtymguly söwer ýary bolan Meňliniň anyk kimdigini, haýsy ildendigini beýan edýär. Aýdaly, şahyr söýşüp, elinden gidip barýan biriniň maşgalasyna “Ili- gökleň, ady-Meňli” diýip, kişi maşgalasynyň anyk salgysyny, ilini beýan edip dursa, il-gün oňa näme diýer: Illeri bar diňli-deňli, Sowuk suwly, ter öleňli, Ili – gökleň, ady – Meňli, Näzli dildardan aýryldym. Käbir alymlar şahyryň söýgülisiniň ady başga bolup, Meňli şertli at bolmagy mümkin diýen çaklamany öňe sürýärler. Bu pikir bilen ylalaşaýanymyzda hem üýtgeýän zat ýok. Sebäbi Pyragynyň Meňli diýip, kimi nazarda tutýandygyna şahyry tanaýanlar doly düşünendir. Magtymguly “Aýryldym” goşgynyň soňky bendinde Meňlä ýazan goşgularynyň kändigini beýan edip, “Bagladym şanyňa dessan” diýip ýazýar. Biriniň aýalyna goşgy yzyna goşgy ýazyp ýörseň, bolmanda il-gün näme diýer. Asla biriniň aýalyna goşgy ýazyp ýörmekden başga Magtymgulynyň işi bolmadymyka?! Nähili gözel maşgala bolanda hem entek duluňa geçirmedik maşgalaňa goşgular toplumyny-dessany bagyşlap ýazyp bolmaz. Magtymguly, aşyk messan, Bagladym şanyna dessan, Menzilgähi bag-u bossan, Almaly nardan aýryldym. Magtymgulynyň Meňli başdaş aýaly bolup, onuň düşnüksiz bir ýagdaýda ýesir äkidilip, soňra Meňliniň ykbalyndan gördüm-bildim bolmandygyny şahyryň Meňlä bagyşlan şygyrlaryndan bilse bolýar. Beýik akyldar Magtymguly sopuçylyk temasyndan ýazan eserlerinde hem aýaly Meňliden zor bilen aýrylandygy hakynda inkär edip bolmajak maglumat berýär. “Ýarym ýa, Alla” şygrynyň başky iki bendine üns bereliň: Jan joşguna geldi, ýandym, ýaryldym, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla. Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýryldym, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla. Sözleşerdim, syrlaşardym ýar bile, Ýüreginde ýar hyýaly bar bile, Imdi, leýkin, aýyrdylar zor bile, Bagyşlasaň neýlär, ýarym, ýa, Alla. Pyragy “Ýarym, ýa Alla” şygrynda zor bilen elinden alnan söýgülisi bilen sangysyz söýşendigini ýazyp, sangysyz söýşen ýarynyň elinden gitmegi netijesinde öýünden jyda düşendigini ýazýar. Şahyr hakyky ýarynyň-Allanyň yşkynda bolman, sangysyz söýşüp, öýünden aýrylan ynsan ýary üçin ejir çekip, ýanyp ýarylandygy sebäpli Ýaradandan ötünç soraýar, ondan bagyşlanmagyny dileýär. Eger Magtymguly Meňlini almadyk bolsa, elinden giden söýgülisi üçin öýümden aýryldym diýmezdi. Türkmende nikalaşan, är-aýal bolan ýigide atasynyň öýüniň ýanyndan öý dikip beripdirler. Öýlenmek sözem ýaş ýigidiň gelin alyp, öý edinmegi bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Pyragy “Sangysyz söýüşdim, öýsüz aýryldym,” diýende, aýaly Meňliden jyda düşendigini ýazýar, çünki türkmende öýlenmedik ýigidiň öýi ýok. Şu temamyza degişli bolmasa-da, Gylyç Mülliýewiň kiril hatyntda tabşyran 214 goşgusynyň Magtymgulynyň galamyna degişlidigini şahyryň maşgala durmuşyny, Meňliniň ykbalyny yzarlanyňda hem, subut bolýandygyny nygtap bellemek isleýärin. Magtymgulynyň golýazmada gelýän “Aýryldym” şygryndan beýleki Meňlä bagyşlanan goşgularyň köpüsi Gylyç Müllüniň kiril hatynda tabşyran 214 goşgusydyr. Ol şygyrlar Pyragynyň “Aýryldym” goşgusynyň üstüni ýetirýär. Şahyr “Aýryldym” şygrynda” Magtymguly, aşyk messan, Bagladym şanyna dessan,.. diýip, Meňla köp şygyrlar bagyşlandygyny gizlejegem bolmandyr. Şonuň üçin Gylyç Mülliniň tabşyran şygyrlarynyň Magtymgula degişlidigi şygyrlaryň çeperçiligini derňeseňem, eseriň logikasyny yzarlasaňam subut bolýar. 23-24 ýaşly Gylyç Mülli Magtymgulynyň Zübeýda diýen aýal doganynyň bardygyny nädip bilsin. Şahyryň Zübeýda diýen aýal doganynyň nesilleri häzirem sag-aman ýaşap ýörler. Meşhur klasyk şahyrymyz Gurbadurdy Zelili hem Pyragynyň aýal dogany Zübeýdanyň agtygydyr. Magtymgulynyň Meňliden aýra düşüşi hakynda aýal dogany Zübeýda “Armanym galdy” diýen şygrynda aýdýan ahy-nalasyna guklak asalyň: Zübeýda, naçarym, diňle, Kalbymda armanym galdy. Kuýaşymdan akdyrdym gan, Zemine bak, ganym galdy. Bilbilem, çekmişem zary, Sowuldy yşkyň bazary, Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy. Öten günlerim düýş bolup, Gezdim ilimden uýalyp, Bakyň, jesedim boş galyp, Lahat içre janym galdy. Günbe-günden derdim artyp, Ýörmedim jahany ýortup, Zähmet çekip, azar tartyp, Düzdügim dessanym galdy. Zalym pelek, gahba pelek, Çoh janlary kyldyň heläk, Läle, zemin, asman, melek, Wah, mahy-tabanym galdy. Magtymguly, gara ýüzüň, Diňlemezler zaryn sözüň, Zübeýdäm, ýaşlasaň gözüň, Harytsyz, dükanym galdy. Magtymguly bu şygrynda “Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy” diýip, Meňliden diri aýra-hijran düşendigini ýazýar. Pyragynyň bu esrindäki “Bakyň, jesedim boş galyp, Lahat içre janym galdy” diýen setirler, şahyryň galamyna degişlidigine şübhe edilmeýän “Gana geldim” şygrynyň “Pelek aldy ýarymy, ejel gamhana geldim” diýen setiriniň üstüni ýetirýär. Pyragy edil “Aýryldym şygrynda beýan edişi ýaly, bu şygrynda hem “Düzdügim dessanym galdy” diýip, Meňliden diri aýra düşendiginiň şanyna dessan-birnäçe şygyr ýazandygyny tekrarlaýar. Magtymgulynyň “Terk eýleme bu mekany” diýen şygrynyň şu bendine gulak asalyň; Hany hemraýym, ýaranlar. Hindistan sary ýörenler, Ajap jemaly görenler, Gördüňizmi Meňli hany? Magtymgulynyň söýgülisi Meňli Şyhym Harpyga durmuşa çykan bolsa, şahyryň Meňlini sorap-idäp, gözläp ýörmegi akyla sygjak zat däl. Onsoňam Meňli Şyhym Harpyga durmuşa çykan bolsa, Meňliniň durmuşa çykan salgysy anyk belli. Ony gözlejek bolsaň, Meňliniň salgysyny çen edip, Hindisandan gözläp ýörmeli däl. Magtymguly Meňlä öýlenipdir, şahyr ýigrimi ýaşlaryndaka Meňli duşmana ýesir düşüp, Magtymguly Meňliden diri aýralykda ýaşamaly bolupdyr. Bolmanda, Magtymgula Meňliniň ölüdigi-diridigi belli bolmandyr. Meňliniň soňky ykbaly nämälimligine galýar. Şonuň üçinem Magtymguly elmydama Meňliden aýra düşmeginiň yzasyny çekip gezipdir. Ýöne üns berseň, Pyragy Meňli hakyndaky şygyrlarynyň hiç birinde hem Meňliniň aradan çykandygyny dile getirmeýär. Şahyr ahmyr bilen ondan aýrylandygyny-pelegiň Meňlini elinden alandygyny öwran-öwran nygtaýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda berýän anyk maglumatlaryndan netije çykaranyňda, Meňli Magtymgulynyň başdaş aýaly bolupdyr. Meňli Magtymgula barandan soň, ol zor bilen ýesir äkidilipdir. Meňliniň nirä ýesir äkidilendigi şahyra nämälimligine galypdyr. Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, Meňli zor bilen başga birine durmuşa çykarylan bolsa, Magtymguly Meňla bagyşlap, goşgy düzüp, onuň aýralyk ahyny çekip ýörmezdi. Türkmen däbi, namys-ar meselesi bilen baglanyşykly Meňli başga birine çykan bolsa, şahyr Meňliniň adyna dessany-goşgular toplumyny bagyşlamazdy. Şahyryň “Armanym galdy” diýen şygryndaky “Magtymguly, gara ýüzüň..” diýen setirleri Pyragynyň başdaş aýaly Meňliden diri aýra düşendigine şek-şübhe goýmaýar. Sebäbi ýesir alnyp gidilen adamlar duşmanyň öz ýesirleri bilen çalşylypdyr ýa-da satyn alnypdyr. Şol döwrüň türkmen däbine görä, şahyryň aýdyşy ýaly, hakykatdanam aýalyň ýesir düşmegi ýüzügaralyk hasaplanypdyr. Pyragynyň şol şygryndaky “Gezdim ilimden uýalyp..” diýen setirem aýalynyň ýesir alnyp gidilmeginiň ahmyrydyr. Çünki ol zamanda aýal her bir türkmen maşgalasynyň namys-ary hasaplanypdyr. Türkmende aýaly aradan çyksa, hatda söýýän gyzy elinden alynsa-da ýüzügaralyk hasaplanmandyr, ilden uýalmandyr, adamyň başyna düşen ajy kysmat hasaplanyp, olara duýgudaşlyk edilipdir. Şonuň üçin Magtymgulynyň Meňlini alyp, onuň söwer ýaryndan diri aýra düşendigini ynam bilen aýdyp bileris. Şahyryň halk dilinden ýazylyp alnan “Aýyrma” diýen şygram biziň bu meselämizi aýdyňlaşdyrmaga ýardam etjekdigi üçin, bu şygry dolulygyna almagy makul bildim: Ýa Ýaradan, bir arzym bar alnyňa, Öz bendäňi akyl-huşdan aýyrma. Islegen myradym bergil goluma Adamzady ýanýoldaşdan aýyrma. Gaplaň geler, gara dagy penalap, Müňkür gezer, mydam lebzini ýalap, Ajal gezer öz harydyn kowalap, Biwagt bendäni ýaşdan aýyrma. Ýas ýerinde aýdym bolmaz, saz bolmaz, Garry arwat müň bezebse, gyz bolmaz, Gyşyň gyş bolmasa, ýazyň ýaz bolmaz, Gyzyl güller üçin gyşdan aýyrma. Magtymguly, meni geda eýlediň, Ilimden aýryp, jyda eýlediň, Aşyklaň jebrine jepa eýlediň, Meňli atly hak syrdaşdan aýyrma. Bu şygryň birinji bendinde Ýaradandan dileg etjekdigini ýaňzydansoň, ikinji setirinde şahyr “Ýaradandan adamzady akyl-huşdan aýyrma” diýip dileýär. Sebäbi ýaryndan jyda düşüp, ruhy taýdan lagar düşen şahyr akyl-huşuna zeper ýetmezligi Hakdan ýalbaryp towakda edipdir. Şahyryň bu şygry eseriň logikasy boýunça Magtymgulynyň Meňli atly başdaş aýalyndan aýra düşmeginiň ahy-nalasy. Ýöne şahyr diňe öz derdini aýtsa, Magtymguly bolarmy?! Ol Meňliden aýra düşen ahy-nalasyny öz halkynyň ajy ykbaly bilen baglamagy ussatlyk bilen başarypdyr. Şonuň üçin şahyr Ýaradandan “Bendeleriniň ir aradan çykmazlygyny, ýanýoldaşlarynyň biwagt aýra düşmezligini, hatda tebigat kanunyň gyşyň gyş, ýazyň ýaz bolup, rysgally gelmegini dileýär. Özem şahyr Allanyň adyny Ýaradan diýip tutup, dilegini Ýaradandan hakyky türkmen bolup, öz ene dilinde diläpdir. Ynha, Pyragynyň sözýetmez, elýetmez ussatlygy, Bu şygyr şahyryň häzirki bize elýeter bolan golýazmalarynda ýok, ol bagşylaryň dilinden ýazylyp alnan eser. Ýöne Magtymgulynyň bu eseri şygyr sungatynda kämilligiň iň ýokary derejesidir. Şonuň üçin bu kämil şygryň neşir edilendigine ýa edilmändigine garamazdan, ol eseriň çeperçilik, kämil many-mazmun taýdanam Magtymgulynyňkydygyna şek-şübhe bolup bilmez. Pyragynyň “Aýyrma” şygrynyň iň soňky bendi has üns berilmegine mynasypdyr: Magtymguly, meni geda eýlediň, Ilimden aýryp, jyda eýlediň, Aşyklaň jebrine jepa eýlediň, Meňli atly hak syrdaşdan aýyrma. Magtymguly “Meni geda eýlediň” diýende, garyp durmuşy beýan edenok, ol ikinji setirinde “Ilimden aýryp, jyda eýlediň” diýip, özüniň “gedalygynyň sebäbini beýan edýär. Şahyryň bu setirindäki “Ilimden” diýen sözi göçme manydaky Meňlidir. Munuň şeýledigini şahyr bendiň üçünji-dördünji setirinde gaty aýdyň beýan edýär. Şahyryň: Aşyklaň jebrine jepa eýlediň, Meňli atly hak syrdaşdan aýyrma. diýen setirleri Meňliniň Pyragynyň başdaş aýaly bolandygyna hiç bir şek-şübhe goýmaýar. Özüniň aýaly bolmadyk zenana Magtymguly “Hak syrdaşym” diýmez. Magtymgulynyň “Aşyklaň jebrine jepa eýlediň,” diýen setiri bolsa, şahyryň Meňliden diri aýra düşmeginiň örän ussatlyk bilen beýan edilen ahy-nalasydyr. Magtymguly “Nägehan pyrak” diýen şygrynda hem şahyrhalkynyň agyr ybaly bilen baglap, özüniň söwer ýary Meňliden aýra düşendigini beýan edýär. Pyrak sözüniň aýralyk manysyny aňladýandygyny düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Pyragy: Goldan aldyň kararymy, Gelip sen nägehan, pyrak. Göterdiň Meňli ýarymy, Goýup janda arman, pyrak. diýen bent bilen başlaýar. Ýokarda hem nygtap belleýşimiz ýaly, bu şygrynda hem şahyr Meňliniň aradan çykandygyny dile getirmän, ondan diri aýra düşendigini zarynlap ýazypdyr. Şahyryň bu şyry sekiz bentden ybarat bolup, Gylyç Mülliniň tabşyran 214 şygrynyň biridir. Magtymguly bu şygrynyň bäşinji bendinde söwer ýarynyň nirä ýesir alnyp gidilen bolmagynyň mümkindigi baradaky şübhesini şeýle şöhlelendiripdir: Zülpükarym aldyň goldan, Aýyrdyň bir ýalňyz saldan, Ilim habar sormaz haldan, Zyňdyň baryn Eýran, pyrak. Şahyryň bu bendiniň mazmunyndan çen tutanyňda, Meňliniň ýeke özi ýesir edilip alnyp gidilmändir. Magtymgulynyň başyna bedbagtlyk ili bilen bile gelipdir. Käbir maglumata görä, Magtymgulynyň obadaşlarynyň derde ýaran erkek göbeklisi mal üstüne gidende, duşman aňtap, oba ýagy dökülip, ogul olja, gyz-aýal-ýesir edip alyp gidipdirler. Soňra alnyp gidilenleriň köpüsinden habar düşse-de Meňliden hem az sanly beýleki gyz-gelinlerden uç-derek bolmandyr. * * * Şu mesele boýunça boýunça geçiren ylmy-derňewlerimizi jemläp, şeýle netijäni anyk aýdyp bileris. Magtymgulynyň Meňla bagyşlan dessanlary-şygyrlar toplumy biri-biriniň üstüni ýetirip, şahyryň başdaş aýaly bolan Meňliniň ölmän diri aýra düşendigine kepil geçýär. Başga biriniň aýalyna goşgy düzseň, gan ysynyň gelýändigine, asla beýle zada türkmen däbiniň, hatda şerigat kanunyň ýol bermejekdigine Magtymguly hemmeden gowy düşünendir. Şol sebäpli şahyryň Meňli barasyndaky şygyrlaryna Magtymgulynyň başdaş aýalyndan mejbury diri aýrylmagynyň ahy-nalasy diýip düşünmelidiris. Magtymgulynyň başdaş aýaly Meňli bolandygy baradaky subutnamamyzy-şahyryň şygryndan alyp hasam köpeldip bilerdik. Emma şu mysallarymyzyň hem aýdan pikirlerimiziň dogrudygyna kepil geçýändigini anyk bilýäris. Şol sebäpli Pyragynyň başdaş aýalynyň Meňli bolandygy barasyndaky inkär edip bolmajak netijämiz bilen bu meselä häzirlikçe nokat goýýarys. Elbetde, Magtymgulynyň başdaş aýaly Meňliden nähili ýagdaýda diri aýra düşendigi, şahyryň söýgüli aýalynyň ýesir alnyp gidilendigi barasyndaky mesele aýratyn söhbet etmeli wajyp temadygyny nygtap bellemelidiris. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||