21:12 Magtymgulynyň Külliýaty hem “Görogly” eposy hakynda | |
MAGTYMGULYNYÑ KÜLLIÝATY HEM "GÖROGLY" EPOSY HAKYNDA
Magtymgulyny öwreniş
Öňem habar berşimiz ýaly, meşhur rus gündogarşynas alymy I.Belýaýew 1904-nji ýylda “Gyzykly golýazma” atly gysgajyk makakasyny Daşkentde çykýan “Turkestanskiýe wedomosti” atly gazetde çap etdirýär. Awtor bu makalasynda: “Zakaspi oblastynda Garrygalanyň töwereginde ýaşaýan türkmenleriň arasynda meşhur şahyr Magtymgulynyň ullakan golýazmasy saklanýar. Bu gyzykly edebi ýadygärlikde türkmen halk poeziýasynyň örän täsin nusgasyna gabat gelinýär” diýip ýazypdyr. Awtoryň ýazmagyna görä, şol golýazma göçürilip almak üçin her ýyl Aşgabatda geçirilýän halk sudlarynyň gurultaýyna getirilýän eken. Bu golýazmanyň soňky ykbaly belli däl. Magtymgulynyň Külliýatynyň (bir şahyryň bir kitaba jemlenip ýazylan eserine şahyryň Külliýaty diýilýär) bolandygyny magtymgulyşynas rus alymy A.Samoýlowiç “Magtymgulynyň aýdymlarynyň görkezgiji” atly işinde tassyklap, şeýle ýazýar: “Zakaspiý oblastynda Magtymgulynyň Külliýatyny kän gözledim, netije bermedi. Ýöne 1906-njy ýylda Merwde bir molla maňa Mäne obasynda birine degişli şahyryň külliýatyny öz eli bilen göçürip alandygyny habar berdi hem Magtymgulynyň şol göçüren Külliýatyny ärsary bir molla okamaga berendigini aýtdy” (Zapiski wostoçnogo otdeleniýa Imperatorskogo russkogo arheologiçeskogo obşşestwo. T. 19, wyp. 4. Spb. Sah. 9-11.). Görnüşi ýaly, A.N.Samoýlowiç Mäne obasynda Pyragynyň Külliýatynyň bolandygyny tassyklapdyr. Täç Gök Serdar bilen 1867-nji ýylda Herrikgaladan Mänä göçüp gelen Seýitnazar ahunyň ogly Hojanazar 24 ýaşly ýigitkä, 1885-nji ýylda Buhara medresesini tamamlap, ahunlyk ak patasyny alyp gelende, Herrikgalaly kakasynyň dogany kätip Atanazar ussa (Bu kätibiň ady Nazar ussa diýip gelýär. Onuň hakyky ady Atanazar D.Ý.) iki köşekli düýe, sekiz öweç (öweç goýnuň her biri 45 kg geçýän eken) goýun berip,(golýazmanyň kagyzlary, sahaplamasy, bezeg işleri kätibiň boýnuna eken) özüne göçürdipdir hem ol 24 ýaşly ýigitkä, 1885-nji ýylda Buhara medresesini tamamlap, ahunlyk ak patasyny alyp, ilki Herrikgala sowlup, göçürden Magtymgulynyň Külliýatyny alyp, onuň bilen oýüne dolanýar. Hojanazar ahun öýüne gelen gününiň ertesi ahun bolandygynyň we Magtymgulynyň Külliýatyny edinendiginiň hormatyna sadaka beripdir. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aganyň hem Hojanazar ahunyň agtygy Muhammet mollanyň tassyklamagyna görä, Hojanazar ahunyň sadaka beren güni 1885-nji ýylyň güýz günleriniň başlary eken. Diýmek, Hojanazar ahunyň ahun bolan hem beýik akyldar Pyragynyň Külliýatyny edinip, öýüne gelen wagtlary 1885-nji ýylyň awgustyň aýaklary, çentýabr aýlarynyň başlary eken. Hojanazar ahun: “Magtymguly işanyň Külliýatyny agam Atanazar ussa beýik akyldaryň öz eli bilen ýazan Külliýatyndan göçürilen nusgadan göçürip berdi. Bu meniň iň uly hem başga hiç zat bilen çalşyp bolmajak baýlygym” diýipdir. Hojanazar ahun hiç haçan Magtymgulynyň Külliýaty üçin näçe çykdajy edendigini aýtmandyr. Ol ahundan her kim Külliýatyň bahasyny sorap bilmändir. Onuň deň-duşy bolup soran adamlara ol “Bu mukaddes Külliýatyň bahasy ýok” diýip jogap berýär eken. Magtymgulynyň Külliýatynyň bahasy hakyndaky gürrüň kätip Atanazar ussaň beren maglumatydyr. Atanazar ussa “Men Magtymguly işanyň öz eli bilen ýazan Külliýatyndan orta barmak ýaly abat, sagdyn üç köşekli düýä ýa-da şoňa barabar gymmatlyk bilen 12 adama bu mukaddes Külliýaty göçürip berdim” diýer ekeni. Katip Atanazar ussa ogly ussa Tagana şahyryň bir Külliýatyny miras goýupdyr. Kätip Atanazar ussanyň göçüren on iki Külliýatyndan diňe Hojanazar ahunyň Külliýaty 1930-njy ýyllaryň başyna bu uly kitap başga-da birnäçe köne golýazmalar bilen ýere gömlüpdir. Ol bu Külliýatyny Maryly Weli baýa öýünde göçürdipdir. Weli baý Hojanazar ahun bilen saçakly gatnaşykdaky dost bolupdyr. Hojanazar ahunyňkydan beýleki Külliýatlaryň näme bolandygy-ykbaly belli däl. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aga Hojanazar ahunyň Buhara medresesini tamamlap, ahun bolup hem Magtymgulynyň Külliýatyny öýüne-Mäne obasyna alyp gelşini şeýle gürrüň berdi: “Meniň atam Annamuhammet Hojanazar ahun bilen deň-duş hem saçakly gatnaşypdyrlar. Atam bu gürrüňi kakam Gurbanmuhammede aýdyp beripdir, kakamam maňa gürrüň berdi. 1885-nji ýyldy. Oraza sowlup, Baýram aýynyň iň soňky gününde Hojanazar ahunlyk patasyny alyp hem Herrikgala sowlup, Magtymguly işanyň Külliýatynam göçürdip, birigün irden gelýär diýip habar geldi. Ertir irden gelmeli diýlen günem ertir irden däl, birigün irden gelýär. Sebäbi Hojanazar-ahun bolandygynyň hem akyldar Magtymguly işanyň Külliýatynyň göçürdendiginiň hormatyna agzyny bekläp, gündiz dynç alyp, düýelerini diňe gije sürýär diýen habar geldi. Diýlen güni irden bir tarapdan Gün dogdy, beýleki tarapdanam bir düýäniň üstünde Hojanazar ahunyň özi hem goşlary, ikinji düýede hem Magtymguly işanyň Külliýaty salnan sandyk ýüklenip örän gözel bolup, kerwen düýeler gelýärdi. Seýitnazar ahunyň gapysyna gelip, düýeler çökerilip, Hojanazar ahun düýeden düşdi. Ol özüne garaşyp duran erkek adamlar bilen görşüp salamlaşdy, ejesi Kümüş eje ogly adamlar bilen salamlaşyp bolandan soňra, Hojanazary garsa gujaklap, oňa “Gel, oglum, uýalaň, gelnejeleň, gelinleň bilenem salamlaş” diýdi. Şondan soňra Hojanazar ahun duran gelin-gyzlaryň has ýakynlary bilen bir goluny uzadyp görüşip çykdy, galanlary bilen baş atyp salamlaşdy. Hal-ahwal soraşylandan soňra, Hojanazaryň ahun bolup, Külliýaty alyp, sag-aman gelendiginiň hormatyna gysgajyk töwir okaldy. Magtymguly işanyň Külliýaty salnan sandygy täretli dört adam ýere düşürip, ony Seýitmazar ahunyň öýüne salyp törde goýdular. Külliýatyň sandygyny Hojanazar ahun Buharada ýasadypdyr. Mäneliler ol sandyga işan sandygy diýer ekenler. Bu sandyk ýaňy-ýaňylaram bar eken. Külliýaty öýe salyp, gaýtadan töwir okalyp, diňe şondan soňra Magtymgulynyň Külliýaty sandykdan çykaryldy. Adamlar bu mukaddes kitaby teşnelik bilen synladylar. Täretli adamlara elläp görmäge rugsat edildi. Kitap bir adam eline alardan has uludy. Külliýaty elläp görmek üçin ýörite täret alan adamlary gördüm, Külliýaty sypalap elläp gören adamlar özlerini gaty bagtly duýýardylar. Külliýaty sypalan adamlaryň, aýallaryň içinde gözünden boýur-boýur ýaş dökenlerem boldy. Mundan soňam hiç adam dagamady. Hojanazar ahun üç sagada golaý Külliýatdan Magtymguly işanyň şygyrlaryny okap berdi. Hemmeler gulaga öwrülip diňlediler. Sagat günortan 12-ä golaýlaberende, Külliýat sandyga salnyp nahar çekildi. Şol ýere ýygnanan adamlar jemi 150 töwerek bardy. Nahar iýip bolup, adamlar Seýitnazar ahuna, ogly Hojanazara “Gözüň aýdyň” diýip dagadylar. Ertesi gün Seýitnazar ahun uly sadaka berdi. Şol günler Ýaldyragyň doganyna ep-esli gün geçip, gije salkynlanam bolsa, heniz yssy günler salkyn howa ornuny bermändi”. Mäne obasyndan 1956-nji ýylda 67 ýaşynda aradan çykan Alty Maş ogly Hojanazar ahunyň Külliýaty barada şeýle gürrüň beripdir: “Men on alty ýaşanymdan birküç gün soňra ilkinji gezek Hojanazar ahunyň Külliýatyny sandykdan dört adamyň biri bolup, daşyna çykardym. Magtymguly işanyň Külliýaty okaljak wagty dört adam bu kitaby hersi bir burçundan tutup çykarýardy. Sandyga salynjak bolnanda-da ýene dört adam sandyga getirip, usyllyk bilen goýýardylar. Bu mukaddes kitabyň agramy iki put diýilýärdi. Men bu Külliýaty ýeke özüm göterip gördüm, onuň agramynyň 24-25 kg-dan az däldigini aýdyp biljek. Külliýaty sandykdan çykarýan-salýan adamlar täretlidiler. Hatda Magtymguly işanyň şygyrlaryny diňlemäge gelýän adamlaram täretli gelýärdiler. Külliýat sandykdan çykarylanda-da, yzyna salnanda-da, adamlar agzybir bolup töwir okaýardylar. Külliýaty köplenç Hojanazar ahunyň özi okap berýärdi. Menem Hojanazar ahundan sowat öwrendim. Külliýaty on ýedi ýaşymdan soňra, tä bu mukaddes kitap ýygnalyp gömlünçä, birnäçe gezek okadym. Magtymguly işanyň Külliýaty 1928-nji ýylyň ortalaryndan soňra hiç haçan okalmady. 1930-njy ýylyň başlarynda Magtymguly işanyň Külliýaty hem obadaky daşbasma arap hatyndaky golýazmalar Mäne babanyň kümmetinde goýuldy. Şol kitaplar ol ýerde bir ýyl gowurak ýatandyr. Bir gün adamlary ýygnap ol kitaplary ýere gömüp, soňrada üstünden suw goýberdiler. Magtymguly işanyň Külliýatyny kakasy Hojanazar ahundan miras alan Berdinazar ahun bu eden-etdilige çydam edip bilmän üç aý öldi-öldi bolup, agyr syrkaw halda ýatdy. Ýöne ölüm Allanyň buýrugy, Berdinazar ahun üç aýdan soň sagalypdy”. Bu ahun 1990-njy ýylda segsen üç ýaşynyň içinde aradan çykdy. Alty Maş ogly Külliýat hakynda şeýle diýipdir: “Men Külliýaty azyndan 50-60 gezek okandyryn. Magtymguly işanyň Külliýatynyň ortalaryna baranyňda, Külliýatda “Görogly” eposy ýerleşdirilipdir. Bu epos başlamazdan öň, ýadyma düşüşine görä aýtsam şeýleräk jümleler bardy: Magtymguly işanyň halkyň arzuw-umydynda howandary bolan Görogly hakynda taraşlan hekaýatlary. Bu ýazgydan soňra “Görogly” eposy “Göroglynyň dogluşy” şahadan başlap, “Göroglynyň ölümi” diýen şahada gutaryp, bu eposyň on iki şahasy ýerleşdirilipdir. Men “Görogly” eposynyň Magtymguly işanyňkydygyny gözüm bilen okadym, obadaşlaryma hem okap berdim. Ata Gowşudyň çap etdiren “Görogly” eposy Magtymguly işanyň Külliýatynda okanlaryma gabat gelýärdi. Megerem, Ata Gowşut ogly aýdyp bilmedigem bolsa Magtymguly işanyň Külliýatyndan göçürip alandyr, nähili bolanda-da Ata Gowşut ogly örän haýyrly iş edipdir”. Uniwersitet mugallymyz professor Nazar Gullaýewem “Görogly” eposyna Magtymgulynyň eliniň degendigine şühbäm ýok diýerdi. Nazar Gullaýewiň tassyklamagyna görä, kakasy Gulla aga Weli baýyň Külliýatynyň içinde “Görogly” eposynyň bardygyny töwerek daşyna seredip, ynamly adamlaryň arasynda aýdar ekeni. 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Halk artisti, ussat gyjakçy sazandamyz Ata Ablyýew maňa şeýle gürrüň berdi: “Magtymguly Garlyýew-Çuwal bagşy Sahy Jepbar halypamyzyň ýanynda “Men bir hakykaty aýdyp, ýüregiňi dök diýseler, munuň üçinem ezýet bermeseler “Görogly” eposy Magtymguly işanyňkydyr diýerdim” (Çuwal bagşynyň nämeüçin Magtymgulydan aýdym aýtmandygy hakynda ýörite makala ýazaryn. D.Ý.) diýipdir Ussat halypa Sahy Jepbaram şol pikirdedi. Ýöne, haýp ol zamanlar bu pikirleri açyk aýdyp bolmady. Bu halypalar onlarça bilýän zatlaryny göre alyp gitdiler”. “Görogly” eposynyň Magtymgulynyňkydygy barada şahsy pikirim şeýle: Nusgawy şahyrymyz Molla Nepes “Zöhre-Tahyr” dessanynyň awtory. Ýöne Molla Nepesden has öňem “Zöhre-Tahyr” dessany bardy. Bu ussat nusgawy şahyrymyz “Zöhre-Tahyr” dessanynyň halk içindäki rowaýatlaryny jemläp, öz nusgasyny döretdi. “Görogly” eposy Magtymguly Pyragydan has öňem bardy. Ýöne beýik akyldar Magtymgulynyň “Görogly” eposyny taraşlap tertibe salandygyna birjikde şühbelenmeýärin. Bu eposyň içindäki şygyrlaryň on bäşe golaýynyň many-mazmuny Magtymgulynyň şygyrlary bilen many-mazmun taýdan gaty golaý. Eposyň içindäki şygyrlaryň stilem Magtymgulynyň stilini ýatladyp dur. “Görogly” eposynyň gaty kämildigi bu esere bir ussadyň eliniň degendigini görkezýär. Beýle kämil eseri Magtymguly taraşlamasa kim edip biler. Magtymgulynyň Külliýatynyň içinde hem “Görogly” eposynyň bardygy baradaky maglumatlary-da inkär etmek kyn. Şonuň üçin “Görogly” eposyny awtorly şadessanlaryň hataryna goşup, onuň awtorynyň Magtymgulynyňkydygyny aýtmagyň wagty geldi diýip pikir edýärin. Umuman, alymlaryň we döredijilik işgärleriniň arasynda “Görogly” eposynyň Magtymgulynyňkydygy hakyndaky pikir birnäçe ýyldan bäri bar. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |