02:49

Magtymgulynyň poeziýasy halkyň kalbydyr

Magtymgulyny öwreniş
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 538 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Money  
1834
Şu Magtymguly barada aýdylýanlary we edilýänleri has beter çişirilýämika diýýän. Edebiýaty we sungaty syýasatyň içine salmak, ulanmak syýasatyň peýdasyna. Halk arasynda şunyň sözlerini, ýazanlaryny diňläp ýören ýada goşgularyny aýdyp ýören göremok. Kime we nämä gerek, nämä peýdasy bar?!

0
2 Moderator  
1471
Meñ pikirimçe hiç zat çişirilenok. Magtymguly we onuñ edebi mirasy boýunça ýalñyş pikirleri orta atan ýazyjylaryñ goýberen säwliklerine ünsi çekilýär.

0
3 Döwletmyrat  
1892
Hormatly okyjylar!!! Men Magtymgulynyň kämil şygyrlaryna esassyz şübhe bildirýänleriň pikirlerine ylmy esasda gaty takyk jogap berendirin. Beýik akyldaryň şygyrlaryna şübhe bildirmegiň öňbaşçysy bolan, şu meseläni döreden Zylyha Muhammedowa Gylyç Müllä bolan şahsy kinesiniň netijesinde ýok mesele çişirildi. Soňra bu meselä, onuň äri Sapar Ahally hem A.Meredow goşuldylar. Bu adamlaryň ykrar edilen alymdygyna özümem kepil geçip biljek. Ýöne olar tekstologik alym däl, çepe eseriň inçe tilsimlerinden başy çykmandyklary üçin, Pyragynyň şygyrlaryny emelsiz inkär edenlerinden, "Türkmeniň" şygrynyň eýesi-habary ýerinde däl diýen ýaly ylymdan daş, gülkünç pikirleri ýazdylar. Bir okyjynyň A.Meredowyň makalalaryna jogap beriň diýen pikiri käbir okyjylaryň saýty doly okaman teklip edýändigini görkezýär. A.Meredowyň pikirlerini men makalalarymda jogap berdim, käbir pikirlere jogap berilmedik bolsa, oňa-da jogap bererin. Men şu taýda bir hakykaty aýdyp biljek. Eger häzir ady agzalan alymlar diri bolan bolsa, Beýik akyldar Magtymgulynyň şygyrlarynyň onuň özüniňkidigine Sapar Ahallyny, Aşyrpur Meredowy ynandyraryn. Emma Zylyha Muhammedowany hem olaryň kyrk ýaşdan soňra şägirtleri bolan "magtymgulyşynaslary" men-ä däl, sadagaň gideýin Ýaradanyň (Alla meni bagyşlasyn) özem ynandyryp bilmez. Umuman alanyňda, Magtymgulynyň şygyrlaryna şübhe bildirilip ýazylan makalalar duýgy bilen ýazylan, içinde jinnek ýaly hakykat bolmadyk çeper sözler bilen beýan edilen ýalanlar toplumy. Şu çaka çenli Pyragynyň şygyrlaryny "köpeltjek" bolanlar boldy, emma Magtymgulynyň döredijiligi gowşak şygyrlary özüne kabul edenok. Men ýazanlarymy gaýtalap oturjak däl. Meniň ýazanlarymy okap, her kim akyl-paýhasyna görä netije çykarar. Köre Ýaradanyň özem dünýäniň barlygyny görkezip bilenok. Onsoň biz näme?!

0
4 Döwletmyrat  
1892
Moderator aga salam!!! Mümkin bolsa, meniň Magtymgulynyň şygyrlaryna esassyz şübhe bildirilen makalalara beren jogap makalalarymyň hemmesiniň salgysyny şu ýerde berip bilmermisiňiz?! Men şeýle-de şu saýtyň adminstrasiýasyna edýän işleri üçin çäksiz minnetdar, sag boluň.

0
5 pezzek  
1631
Sag bol Döwletmyrat aga ylmy işlerňiz üçin. Keçjallara näme diýseň peýdasy ýok. Ýöne gynansagam menem keçjallaryň biri. Düýn A.Meredowyň makalasyny okadym, ýene mende şübhe döräp ugrady. "Türkmeniň" goşgusy barada. Alym dogry aýtýan ýaly

0
6 pezzek  
1631
Siz şol barada ýygnak geçendiginem ýazypdyňyz. Ýalňyşmasam şu saýtda-da ýazgysy berildi. "Magtymgulynyň goşgularynyň tekstologiýasy"
https://kitapcy.ru/news....5-23404
Gatnaşanlar: Hydyr Derýaýew, Berdi Kerbabaýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Hanguly Taňryberdiýew, Abdylla Myradow, Nagym Aşyrow, Abdyrahman Mülkamanow, Baýrammämmet Ahundow, Beki Seýtäkow, Gylyç Kulyýew, Nury Atdaýew, Hojageldi Hanow, Mäti Kösäýew.
Şol ýygnakda Sahy Jepbar hem bar diýdiňiz. Gylyç Mülli 46-njy ýylda Magtymgulynyň goşgularyny hödürlände, şondan öňem men aýdym edip aýdyp ýördim diýipdir Sahy aga.

Ýene sorag: Gylyç Mülliniň ýygyp beren goşgylaryndan öñ, halkyň dilinden ýazylyp alan şahyryň goşgularynda Meňli hanymyň ady bardymy?

0
7 Döwletmyrat  
1892
Häzir bagşylaryň Magtymgulynyň ürç edip aýdýan "Aýyrma" atly şygry halkyň dilinden ýazylyp alnan. Ol şygyrda "Meňli atly hak syrdaşdan aýyrma" diýen setir bar. Bagşylar bu aýdymy Gylyç Müllüniň kakasy Mülli işan eneden bolmanka aýdym edip aýdýar ekenler. Pezzek inim, beren sowalyňyzyň jogaby makalamyň içinde bar. Gaýrat et, inim, dykgatly oka. Täze sowalyň bolsa, baş üstüne, ýöne okaman sowal berme.

0
8 pezzek  
1631
Hmm, okaýanla welin, Siziň ýazgylarňyz kän. Haýsy biriniň içinden gözläp tapaýyn.
Düýn-öňňun admin link berdi, A.Meredowuň makalasyny (şu wagt gözlesemde tapamok). "Türkmeniň" goşgysy baradala. Şol barada makala ýazaýsaňyz diýdigimle.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]