09:36 Mahmyt Gaznalynyñ döreden dili | |
MAHMYT GAZNALYNYŇ DÖREDEN DILI
Edebi makalalar
• Hindistanda we Päkistanda ýaýran urdu diliniň döreýiş we ösüş taryhy barada Dilçi alymlar Hindistany dilleriň «muzeýi» diýip atlandyrýarlar. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bar. Iňlis alymy J.A.Grirsonyň hasaplamalaryna görä, Hindistanyň ilaty 179 dilde we 544 sany şiwe dillerinde gürleýärler. Bu diller hem-de şiweler Hindistanda ýaşaýan ýüzlerçe milletleriň, halklaryň we halkyýetleriň dili. Dünýäniň başga hiç bir döwletinde şeýle hadysa duş gelmeýär. Ýurduň häzirki zaman dilleriniň maşgalasynda üýtgeşik bir zyban dil bar. Ol Hindistanda türkmenleriň ata-babalary tarapyndan döredilen urdu dilidir. Urdu dili gürleýänleriň sany boýunça hindi, bengali, marathi, tamil we telugi dillerinden soň altynjy orny eýeleýär. Ýöne, milletara gatnaşyklarynyň serişdesi hökmünde urdu Hindistanda iňlis we hindi dillerinden soň üçünji orunda durýar. Häzirki döwürde Hindistanyň milli edebiýat Akademiýasy her ýyl ýurduň 22 dilinde, şol sanda urdu dilinde hem döredilen ajaýyp eserleriň iň gowylaryna baýraklary berýär. Hindi alymy K. K. Kullaryň berýän maglumatlaryndan çen tutsak, urdu Hindistanyň Jammu we Kaşmir welaýatynyň resmi, Andhra Pradeş, Bihar we Uttar Pradeş welaýatlarynda bolsa «hindustaniden»1 soň, ikinji resmi dil hasap edilýär. Şeýle hem urdu ýurduň 10 sany welaýatynda iňlis we ýerli dillerden soň üçünji dil hökmünde mekdeplerde okadylýar. Hindistanyň ençeme uniwersitetlerinde urdu dilinden ýokary derejedäki hünärmenleri taýýarlaýan ýörite fakultetler işleýär. Ýurduň hökümeti bu diliň öwrenilişini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Delide Urdu uniwersitetini açmaklygy hem göz öňünde tutýar. Häzirki döwürde Hindistanyň urdu metbugaty, iňlis we hindi dillerindäki metbugatdan soň üçünji orny eýeleýär. Her ýyl urdu dilinde neşir edilýän gazet-žurnallaryň sany iki müňden hem geçýär. Päkistan barada aýdylanda bolsa, ol bu ýurtda döwlet dilidir. Bir döwürde urdu dilini Hindistanyň görnükli jemgyýetçilik-syýasy we döwlet işgärleriniň ählisiniň bilmekligi hökmany hasap edilipdir. Hindistanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşleriň gidýän döwründe Mahatma Gandi (Garaşsyzlyk ugrundaky hereketiň ruhy ýolbaşçysy), Jawaharlal Neru (Hindistanyň ilkinji hökümet başlygy), Muhammet Aly Jinna (Garaşsyz Päkistan döwletini esaslandyryjy), Motilal Neru ýaly şahslar öz egindeşlerine urdu dilini öwredýär ekenler. Urduny beýleki dillerden tapawutlandyrýan bir alamat bar, olam bolsa bu dilde gürleýän aýratyn millet ýok. Sebäbi ol milletara gatnaşyklarynyň serişdesi, ol döwletiň – syýasy gurluşyň dili. Urdu edebiýatyň – çeper döredijiligiň hem dilidir. Diliniň zybanlygy, sözleriniň şirinligi bilen Hindistanyň diller ummanynda onuň öz-özi ýaşaýar. Bu dilde, beýleki ähli dillerden tapawutlylykda, Hindistanyň ähli ýerlerinde gürleýärler. Halklaryň dostluk dili, milletara gatnaşyklarynyň serişdesi, esasan hem çeper döredijiligiň hem-de ylmyň dili hökmünde urdu, indi tas müň ýyl bäri ýaşap gelýär. Käbir adamlar Hindistanda höküm süren türkmenleriň bu täsin ýurtda döreden ruhy gymmatlyklarynyň yzlaryny tapmaklygyň kynlygyndan zeýrenýärler. Halkymyzyň Hindistanda döreden baý medeni mirasyny ýüze çykarmak, milletimiziň bu toprakda galdyran ruhy dünýäsini açyp görkezmek üçin, ata-babalarymyzyň şahyrana kalbyndan, döredijilik dünýäsinden dörän urdu dilinde döredilen san-sajaksyz ruhy mirasymyzy öwrenmeli. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu zyban diliň gyzykly hem buýsançly taryhy bar. Ygtybarly taryhy maglumatlar urdu diliniň türkmenleriň hindi topragyna aralaşmagy bilen ýüze çykandygyny tassyklaýarlar. Taryhçylaryň işlerinde onuň anyk senesi hem görkezilýär. 1027-nji ýylda Mahmyt Gaznalynyň Lahory eýelemegi, XII asyrda bolsa bu şäheriň Gaznaly türkmen döwletiniň paýtagtyna öwrülmegi bilen täze döwlet dili ýüze çykyp, ol milletara gatnaşyklarynyň serişdesine, ylym-bilimiň hem-de çeper edebiýatyň diline öwrülýär. Täze dörän bu dili, türkmençede «düşelge», «goşun», «leşger», «halk» we «döwlet» manylaryny aňladýan türkmen harby-syýasy adalgasy bolan «orda» sözi bilen baglanyşdyryp, «orda dili» diýip atlandyrypdyrlar. Şonuň üçin hem «orda dili» diýmeklik, şol bir wagtyň ozünde «düşelgäniň», «goşunyň», «leşgeriň», «döwletiň» we «halkyň» dili diýmekligi hem aňladypdyr. Asyrlaryň geçmegi bilen türkmenleriň «orda» sözi, Hindistanda bir döwür ulanylan arap we pars, şeýle hem ýerli dillerde ýoýulyp, «urdu» görnüşine eýe bolupdyr. Hindistan köp milletli ýurt bolansoň, bu ýere gelen türkmen serkerdeleri we esgerleri ýerli halk bilen gatnaşyklarda kösenýärdiler. Iňlis alymy Abraham Beýli «Urdu edebiýatynyň taryhy» eserinde «Esgerler her gün ýerli halk bilen iş salyşmaly bolýardylar. Şonuň üçin hem sözleşikde umumy bir dil gerekdi. Başda pars ýa-da penjaby dilleri ulanylypdyr, ýöne soň köpçüligiň [urdu] dili esasy dile öwrülipdir» diýip ýazýar. Üstesine-de, Mahmyt Gaznaly, Kutubeddin Aýbeg, Iltutmuş soltan, Alaýeddin Halaç, Muhammet Togalak ýaly hökümdar serkerdeleriň goşunynda türkmen ýigitlerinden başga-da boýun egdirilen köpsanly halklaryň wekilleri-de bardy. Şonuň üçin hem hemmelere düşnükli goşun dili hem gerek bolupdyr. Seýrek ýagdaýlarda urdu diline «bazaryň dili» diýip hem at berlipdir. Sebäbi bu diliň kemala gelmeginde bazarlaryň hem ähmiýeti uly bolupdyr. Adatça türkmen goşunlarynyň «Orda» ýa-da «Leşgergäh» diýlip atlandyrylýan düşelgeleriniň hem-de okuw-türgenleşik işleri geçirilýän ýerleriniň golaýynda hökman bazarlar gurulýardy. Sebäbi türkmen esgerleri zerur harytlary ýerli ilatdan satyn alýardylar. Kähalatlarda esgerler hem ýörişler wagty alnan oljalary bazarlarda ýerli söwdagärlere satýardylar. Bu bazarlara Hindistanyň dürli ýerlerinde ýaşaýan halklaryň wekilleri haryt getirip satýardylar. Bazarlara ýygnanan şunça mukdardaky köp milletli ilat, adatça urdu dilinde düşünişýärdiler. Şonuň üçin ony kähalatlarda «bazap dili» diýip hem atlandyrýardylar. Şeýlelikde, häzirki Päkistanyň, Hindistanyň we Bangladeşiň (öňki Gündogar Bengaliýa) ýerinde hemmelere düşnükli, özboluşly bir dil ýüze çykypdyr. Urdu diliniň döremeginde Mahmyt Gaznalynyň hyzmaty uludyr. Sebäbi ol hemmelere düşnükli bolar ýaly döwlet dilini döretmegiň aladasyny edipdir. Mahmyt soltanyň zikgelän käbir teňňelerine urdu dilinde ýazgylar edilipdir. Urdu dilini çeper döredijiligiň serişdesine öwüren hem türkmenlerdir. Bu diliň kemala gelşini köneürgençli Abureýhan Biruni (970-1038), ömrüniň soňky ýyllaryny Hindistanda geçiren asly merwli Muhammet Aufi (1177-1242), türkmenleriň Delidäki soltanlygynyň halaçlar nesilşalygynyň köşk şahyry Emir Hysrow Dehlewi Türkmen (1253-1325) ýaly beýikleriň ölmez-ýitmez eserlerinde görmek bolýar. Edebiýatyň dili hökmünde urdu diliniň türkmenler tarapyndan döredilendigini hindistanly alymlar hem ykrar edýärler. XIX asyryň belli hindi edebiýatçysy we tankytçysy Naýýar Emir Hysrow Dehlewi hem-de Asadulla han Mürze Galyp (1797-1869) ýaly beýik türkmen söz ussatlarynyň hyzmatyny görkezmek bilen: «Hindistanda urdu poeziýasy Laçyn kowmundan bolan türk[men]den [Dehlewi] başlap, Aýbeg kowmundan bolan türk[men] [Galyp] bilen hem gutardy» diýip ýazypdyr. Hindistanda gözelligi taryp edenlerinde «hindi tawusy», pähim-parasady bolsa «hindi totusy» meňzetmeleri bilen aňladýarlar. Dünýa edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Emir Hysrow Dehlewi «hindi totusy» adyna eýe bolan beýk danadyr. Şygyrýet äleminde zehini esasan saýrak bilbiller bilen ölçeýän türkmen okujysyna-da «toty» meňzetmesi gaty ýat däldir. Çeper sözi toty guşuna meňzetmeklik türkmen nusgawy edebiýatynda-da duş gelýär. «Žöhre-Tahyr» dessanynynda «Toty-suhan, hoş güftarym gal indi» diýip bardyr. Türkmen nusgawy edebiýatynda bilbillige ýetişmegiň uly ähmiýetiniň bolşy ýaly, döwründe Hindistanda hem «toty» derejesine eýe bolmak şahyr üçin ýetip bolmaýan derejedi. Urdu dili türkmenleriň esaslandyran Deli soltanlygynyň döwründe has hem kämilleşipdir. 1326-njy ýylda türkmen hökümdary Muhammet Togalagyň Dekene (Günorta Hindistan) ýöriş geçirip, giň ýerleri türkmen soltanlygynyň düzümine goşmagy bilen urdu diliniň gerimi has hem giňeýär. Hezreti Magtymguly aýdýar: - Owazyň düşüp Rumy-Ýemene, Müsür, Şam, Hindistan, Dekene. Dekende türkmen hökümdarlygyny berkitmek maksady bilen Muhammet Togalak bu ýerde döwletiň täze paýtagtyny – Döwletabat äherini esaslandyyrýar. Ňetijede urdu dili Günorta Hindistana ýaýrap, ol bu ýerlerdäki marathi, telugi we kannara, şeýle hem Gündogar Hindistanyň bengali, oriýa dillerinde gürleýän halklar üçin milletara gatnaşyklaryňyň serişdesine, ylym-bilimiň hem-de çeper döredijiligiň diline öwrülýär. Urdu diliniň kemala gelmeginde we ösmeginde XVI asyryň meşhur türkmen serkerdesi, edenli döwlet işgäri we ajaýyp şahyry Muhammet Baýram hanyň hem gürrüňsiz uly hyzmaty bardyr. Bu gün halkymyz özüniň beýik şahyryny gowy tanaýar, oňa belent sarpa goýýar. Şonuň üçin hem dilleriň zybany urdunyň kemala gelmeginde söýgüli şahyrymyzyň uly hyzmatyny ýene-de bir gezek nygtamak bilen, biz Hindistanyň şygyrýet dünýäsinde uly yz galdyran, ýöne okyjylarymyza az mälim bolan türkmen şahyrlary hakynda gürrüň etmekligi maksat edindik. Urdu poeziýasy Dekende asly osmanly türkmen nesilşalygyndan gelip çykan Ýusup Adyl han tarapyndan Bijapurda esaslandyrylan Adylşalar (1489-1686) we aýratyn hem Golkondada Soltanguly Türkmeniň guran Kutubşalar (1512-1687) döwletlerinde gülläp ösüpdir. Bu sebitlerde ylym-bilimiň, medeniýetiň we sungatyň ösmegi bilen bu zyban diliň «Deken urdusy» atly şiwesi ýüze çykypdyr. Nesilşalyklaryň ikisinde-de türkmen patyşalary hökümdarlyk edýärdiler. Hökümdarlyklarryň ikisi-de gyz alyp-gyz berşip, garyndaşlyk gatnaşyklaryny berkidipdirler. Köpmilletli döwletleriň ikisinde-de milletara we dinara ylalaşyk ýola goýlupdyr. Netijede döwletleriň raýatlary bolan musulmanlaryň we induslaryň arasynda bu nesilşalyklaryň dolandyran ýyllarynda bir gezegem dinara dawalary bolmandyr. Hökümdarlar edebiýata we sungata howandarlyk etmek bilen şahsy abraýlaryny artdyrýardylar. Uştesine-de, iki döwletiň hökümdarlarynyň aglabasy ajaýyp şahyrlardy. Kutubşalar neslinden Muhammetguly Kutubşa, Muhammet Kutubşa, Abdylla Kutubşa, Abulhasan Tana şa Kutubşa; Adylşalar neslinden Ywraýym II Adylşa we Aly II Adylşa hakyky şa şahyrlardy. Bu nesilşalyklaryň ikisiniň döreýiş taryhy-da, soňraky ykbaly-da meňzeş. XV asyryň ahyrlarynda – XVI asyryň başlarynda esaslandyrylan döwletleriň ikisi hem iki ýüz ýyla golaý wagt ýaşanlaryndan soň 1687-njy ýylda mogol patyşasy Aurangzebiň çozuşlarynyň netijesinde synypdyr. Goňşy we garyndaş döwletler bolan Bijapur bilen Golkonda syýasy we edebi bäsdeşler bolan Muhammetguly Kutubşanyň (1580-1611) hem-de Ywraýym II Adylşanyň (1580-1625) dolandyran ýyllarynda gülläp ösüpdir. Ýöne, iki hökümdaryň bäsdeşligi parahatçylykly häsiýetdedi. Olaryň ikisi hem bir ýylda häkimýet başyna gelipdirler. Olar gurmakda, döretmekde we halkyň hal-ýagdaýy barada alada etmekde özara ýaryşýardylar. 1587-nji ýylda Ywraýym II Muhammetgulynyň uýasyna öýlenip, onuň bilen «baky parahatçylyk» şertnamasyny baglaşypdyr. Iki hökümdaryň hem ejeleri günorta hindistanly, musulmançylygy kabul eden asylzada indus gyzlary bolupdyr. Muhammetguly Kutubşanyň çagalygy bolsa indus babasynyň köşgünde geçipdi. Şa şahyrlar bolan Muhammetguly Kutubşadan «Külliýet» («Ýygyndy»), Ywraýym II Adylşadan bolsa «Nauras» («Dokuz nagma») atly uly göwrümli eserler miras galypdyr. Ozara ýaryşmak bilen Ywraýym II we Muhammetgyly Kutubşa Hindistanyň dürli ýerlerinden şahyrlary, alymlary, pir-ulamalary, medeniýet we sungat ussatlaryny köşklerine çagyrypdyrlar. Adylşalaryň Bijapur köşgünde «Saky nama» («Şerapçy (saky) hakynda kitap») eserini döreden Muhammet Zuhury, ajaýyp taryhçy Hinduşah Perişde (Ferişte) uly abraýdan peýdalanypdyrlar. Perişdäniň «Gülşan-e Ibrahimi» («Ywraýymyň gülçemeni») eseri häzirki bu güne çenli Adylşalaryň taryhy boýunça urdu dilinde ýazylan iň ygtybarly çeşme hasap edilýär. Perişdäniň yazmagyna görä, Ywraýym II döwründe Bijapurda bir million töweregi ilat ýaşapdyr. Şäherde 1600 sany metjit bolup, onda köpsanly köşkler, kerwensaraýlar, bazarlar, hammamlar we ýaşaýyş jaýlary gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, Bijapuruň metjitleriniň iň ulusy bolan Athar Mahalda yslamyň mukaddes nyşanlarynyň bri – Muhammet Pygamberiň saçynyň tary şu wagta çenli saklanylýar. Ywraýym II Günorta Hindistanda owadan Adylabat şäherini hem gurdurupdyr. Bijapur köşgünde «Şahyrlaryň şasy» derejesine eýe bolup, ajaýyp eserleri döreden meşhur şahyrlaryň biri Muhammet Nusraty (1684-nji ýylda aradan çykan) bolupdyr. Onuň döreden Adylşalary taryplaýan kasydalary, şeýle hem «Güldeste-i işk» («Söýgi güldessesi»), «Gülşan-e işk» («Söýginiň bagy») poemalary, «Aly nama» («Aly Adyl şa hakynda hekaýat») we «Tarihi Iskanderi» («Isgender Aly şanyň hökümdarlygynyň taryhy») kitaplary urdu dilinde ýazylan kämil eserler hasap edilýär. Nusratynyň gahrymançylykly wakalary wasp edýän kitaplarynda Dekende bolup geçen taryhy wakalar janlandyrylýar, Adyl şalaryň we Kutub şalaryň mogollar bilen alyp baran ýiti göreşleri beýan edilýär. 1580-nji ýylda häkimýet başyna gelen Muhammetguly Kutubşa hem beýik şahyr bolupdyr. Hindi edebiýatçylarynyň ýazmagyna görä, ol ýüz müňden hem gowrak ikilemeleri döredipdir. Olaryň agramly bölegi urdu dilinde ýazylypdyr. Muhammetguly Kutubşa pars we telugi dillerinde hem eserleri döredipdir. Şa şahyryň ejesi Günorta Hindistanda ýaşaýan andhra milletinden bolupdyr. Şonuň üçin hem babasynyň köşgünde ýaşan ýyllary Kutubşa andhralaryň dili bolan telugini hem suwara öwrenipdir we bu dilde ajaýyp şygyrlary döredipdir. Bu barada 1954-nji ýylda hindi edebiýatçysy we tankytçysy Seýit Ehtişam Hüseýin:»Telugi dilindäki goşgularyny ol Turkman [Türkmen] tahallusy bilen ýazypdyr, ýöne häzirki wagtda olar barada hiç bir zat anyklamak başartmady. Şahyryň beýleki goşgulary golaýda Haýdarabatda neşir edildi» diýip ýazypdyr. Kutubşalaryň hindi edebiýatyndaky tutýan ornuny daşary ýurt alymlary hem ykrar edýärler. Rus edebiýatçylary N.Glebow bilen A.Suhaçýow: "Kuly [Muhammetguly] Kutubşanyň demokratizme ýugrulan şygyrýeti, hindilere ony özleriniň ilkinji halk şahyry diýip atlandyrmaga hukuk beripdir" diýip aýratyn nygtaýarlar. Muhammetguly Kutubşa hakynda gürrüň edilende, ynsan durmuşyny inçelik bilen yzarlaýan ajaýyp şahyr göz öňüne gelýär. Onuň goşgylarynda hindi musulmanlarynyň we induslaryň bahar baýramlary bolan nowruz, idah we şabrat, diwali we holi hakynda uly gyzyklanma bilen gürrüň berilýär. Muhammetguly aýdypdyr: - Gel, söýgülim, geçireli baharyň toý-ýylgyryşyn. Sen-ä meniň äýym bolgun, menem seniň ýyldyzyň. Muhammetguly Türkmeniň goşgylarynda Hindistanyň gözel tebigaty wasp edilýär, adamlaryň gündelik durmuşy, öz döwrüniň oýunlary we güýmenjeleri çeper sözüň üsti bilen ussatlarça beýan edilýär. Kutubşalar barada ýazylan taryhy eserlerde berilýän maglumatlara görä, şahyryň käbir goşgylary onuň onki sany söýgülisine bagyşlanypdyr. Saklanyp galan rowaýatlara görä, ýaş wagtlary Muhammetguly Haýdaramahal lakamly Bhagýamati atly bir gözel gyza aşyk bolupdyr we patyşalyga göterilenden soň oňa öýlenipdir. Muhammetguly Türkmeniň gurduran Haýdarabat şäheri Şa şahyryň öz söýgülisiniň hormatyna guran ajaýyp ýadygärligidir. Muhammetguly Kutubşanyň döredijiligi we onuň eserleriniň mowzuklary adatdan daşary giňdir. Ol gazallary, kasydalary, mesnewileri we marsiýalary ýazypdyr. Onuň eserlerinde beýan edilýän wakalar we öňe sürülýän pikirler süňňi-durky bilen millilige ýugrulan. Urdu dili boýunça işleýän bilermenler, Kutubşanyn eserleriniň diliniň baýdygyny, onuň urdu diliniň Hindistana ýaýran şiwelerinden, aýratyn hem Demirgazyk Hindistanyň urdusyndan habarynyň bolandygyny belleýärler. Günorta Hindistanda urdu dilinde ilkinji eseri döreden türkmen hökümdarynyň hem-de şahyrynyň dili örän zyban hem adaty, ýönekeý hem şirin. Şol sebäpden hem Muhammetguly Kutubşanyň eserleri dilçileriň hemişe-de üns merkezinde bolupdyr. - Söýgülimsiz al şerap hem suw kibi, Söýgülimsiz bu durmuş däl, kän kemi. Söýüp görmedikler lal hem güň ýaly, Süýjüsin näbilsin, duýmasa häli. Kutub şa! Akmaga derkarmy aklyň? Söýüp azaşanlar söygüde hakly. Hemişe, her ýerde söýgi keremdir, Umydy, daýanjy söýgi berendir. Baga barman kast etdiň nahalyna, Baga çyk-da gül bitir oň kalbyna. Bagbany bir, sany ýok oň bagynyň, Almaz ýeke, hasaby ýok çogunyň. Ol jahana meşhur, doly bu durmuş, Emma ony görüp bilmez bir körmüş. Yşkymyň bir uçgunjygydyr kuýaş, Misli onuň tüssesi deý kürsu-arş. Muhammetguly Kutubşa ajaýyp döwlet işgäri hem bolupdyr. Ol Kutubşalar döwletiňiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen oba hojalygynyň, senetçiligiň we söwdanyň ösüşine ýardam beripdir. Aýratyn hem onuň döwletinde göwher (almaz) söwdasyna uly ähmiýet berlipdir. Çünki bu söwda uly girdejileri getirýärdi. Muhammetguly Kutubşanyň musulman dünýäsindäki abraýy Sefewi türkmenleriň döwleti bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny açandan soň has hem berkäpdir. Asylzada gyzlarynyň birini Muhammetguly sefewi türkmen patyşasy şa Abbasyň ogluna durmuşa çykarypdyr. Muhammetgulynyň häkimiýet başyna gelen döwri Golkonda gözel binalary bilen şöhratlanan uly şäherdi. Sebäbi onuň ata-babalary şäherde gurluşyk işlerini giňden ýaýbaňlandyrypdylar. Hatda häzirki döwürde-de Golkondanyň harabalyklary özüniň patyşalyk beýikligi we täsin gurluşyk usullary bilen görenleri haýran galdyrýar. Mysal üçin, häzirki döwürde Hindistana syýahat edýän gezendeler, haraba öwrülen şäheriň derwezesinden girip çapak çalsaň ýa-da gygyrsaň, sesiň baýryň ýüzünde ýerleşýän şäheriň ýokarsyna tarap kem-kemden güýçlenip hem-de töwerege ýaň salyp gidýändigini gürrüň berýärler. Golkondanyň ilatynyň artmagy Muhammetgulyny täze paýtagt gurmaga mejbur edýär we 1600-nji ýylda ol Haýdarabat şäheriniň düýbüni tutýar. Şäheri gurmak işini ol weziri Mömin Astrabada buýrupdyr. Kutubşanyň döwründe Haýdarabatda köp sanly ajaýyp binalar gurlupdyr. Olaryň iň täsini «Çar minara» hasap edilýär. «Çar minara» bu ýerlerde mergi keseliniň sag-aman sowulmagynyň hatyrasyna gurlup, ol häzirki döwürde-de Haýdarabadyň baş simwoly – nyşany bolup galmagyny dowam etdirýär. Golkondaly kutubşalaryň soňky nesilleri hem çeper döredijilik bilen meşgullanypdyrlar. Muhammetgulydan soň häkimýet başyna gelen agasynyň ogly Muhammet Kutubşa (1611-1624) hem tanymal şahyr bolupdyr. Onuň eserleriniň dili şirin we göçgünli, atalar sözlerine we meňzetmelere diýseň baý. Muhammet Kutubşa töweregine döwrüniň iň tanymal şahyrlaryny ýygnapdyr. Bu bolsa onuň köşgüne aýratyn zynat, ajaýyp bezeg beripdir. Muhammet Kutubşa eserlerini Zilullah tahallusy bilen döredipdir. Muhammet şanyň ogly Abdylla Kutubşanyň (1624-1672) goşgylarynyň ýygyndysy hem saklanyp galypdyr. Emma onuň eserleriniň çeperçiligi kakasynyňkyça bolmandyr. Abdylla şanyň ogly Abulhasan Kutubşa (1672-1687) «Tana şa» tahallusy bilen mälimdir. Kutubşalaryň köşgünde meşhur şahyrlar Wajyhy, Guwwasy, Kutby, Ibn Nişaty, Tabaýy, Züneýdi we Amin urdu dilinde ençeme ilhalar eserleri döredipdirler. Abulhasan Kutubşanyň dolandyran ýyllarynda Deli taraplardan hüjüm edýän mogol goşunlaryna garşy yzygider söweşler alnyp barlypdyr. Emma 1687-nji ýylda türkmenleriň Golkondadaky Kutubşalar we Bijapurdaky Adylşalar döwleti mogollar tarapyndan ýykylypdyr. Gynançly ýeri, Kutubşalar neslinden bolan iň soňky hökümdar Tana şanyň eserleri biziň günlerimize gelip ýetmändir. Hindi alymlary onuň eserleriňiň ykbalynyň şeýle bolmagyny, hökümdaryň ömrüniň galan böleginiň mogollaryň zyndanynda geçenliginden görýärler. Kutubşalaryň eserleriniň esasan urdu dilinde ýazylandygyny, olaryň köpsanly söz ussatlaryna howandarlyk edendiklerini biz eýýäm belläp geçdik. Muhammetguly Kutubşanyň köşgünde işlän şahyrlaryň biri Wajyhy bolup, ol öz hökümdary barada 1608-nji ýylda «Kutub - Müştäri» («[Muhammetguly] Kutub we Müştäri («Yupiter»)» poemasyny döredipdir. Eseriň baş gahrymanlary Muhammetguly Kutubşa bilen onuň bengaliýaly söýgülisi Müştäri bolupdyr. Onda Wajyhy öz hökümdarynyň ýaşlyk ýyllarynyň söýgüsini wasp edýär. Poema şahyryň hyýaly duýgylarynyň önümi bolup, ol durky bilen söýgä ýugrulan. Şahyr eserinde öz howandarynyň ömür ýoluny beýan etmek bilen, onuň batyrlygyny, söýgüsine wepalydygyny, ruhubelentligini, sahylygyny görkezmäge, onuň çekýän söýgi ejrini beýan etmäge-de çalşypdyr. Günorta Hindistanda urdu dilinde döredilen eserleriň arasynda «Kutub-Müştäri» aýratyn orun eýeleýär. Eserdäki wakalar esasan Günorta Hindistan bilen Bengaliýanyň arasyndaky giňişliklerde bolup geçýär. Wajyhynyň eserinde edenli hem-de şahyr soltanyň ýaşlyk söýgüsi inçelik bilen yzarlanýar. ...Soltan Ywraýym Kutubşanyň mirasdüşeri bolmandyr. Uzak arzuwlardan, köp-köp doga-dileglerden soň tagtyň mirasdary Muhammetguly dünýä inipdir. Döwletiň paýtagty Golkondada ýaşajyk hanzada ajaýyp bilim we terbiýe beripdirler. Poemada ady «Kutub» diýlip tutulýan şazada Muhammetguly ýigit çýkanda düýşünde bir gözel gyza aşyk bolýar. Musulman halypalaryň we indus brahmanlarynyň2 maslahaty bilen Ywraýym hökümdar söýgi hasratyna ulaşan ogluny köşeşdirmek üçin meşhur suratkeş Utaridi (Merkuriý) köşgüne çagyrýar. Şazadanyň düýşünde gören gözeli hakyndaky gürrüňlerini diňläp, Utarid onuň suratyny çekipdir. Suraty çekilen gyz bengal hökümdarynyň gyzy Müştäri (Ýupiter) bolup çykýar. Şazada suratdan öz hyýaly söýgülisiniň şekilini tanapdyr. Şundan soň magşuk ýigit Utarit bilen aşygynyň gözlegine çykýar. Bengaliýa barýan ýolda olara Müştäriniň uýasy Zöhräniň magşugy Myrryh han (Mars) hem sataşýar. Emma olara birbada Bengaliýa aşmak başartmaýar. Ýolagçylar zalym jynlaryň penjesine düşýärler. Emma edermen ýigit Kutubşa söweşde jynlardan üstün çykmak başardýar. Emma ýolda olara ýene-de bir päsgelçilik sataşýar. Muhammetgula Mahtap (Aý şuglasy) peri aşyk bolup, ol ýolagçylary aldap köşgüne getirýär. Emma Myrryh han bilen Utaride Bengaliýa aşmak başardýar. Bengal patyşasynyň gyzy Müştäri Utaride öz köşgüni bezemegi buýrupdyr. Bezeg işleriniň alnyp barylýan wagty Utarit köşgüň diwarlarynyň birine Muhammetgulynyň suratyny çekýär. Şazadanyň suratyny görüp, Müştäri hem oňa aşyk bolýar. Magşuk ýigit Muhammetgula-da Mahtap periniň elinden sypmak we Bengaliýa aşmak başardýar. Şeýdip Muhammetguly aşygy Müştärä öýlenýär, onuň uýasy Žöhräni bolsa Myrryh hana alyp berýär. Toýdan soň Kutub bilen Müştäri sag-aman Golkonda dolanyp gelýärler. «Kutub-Müştäri» ýazaryň öz hökümdarynyň adyna aýdýan öwgüli sözleri bilen tamamlanýar: - Saňa şükür edýär ähli barlyklar— Gije geçdi. Ýene dogdy täze Gün. Gün şöhlesi düşen bada äleme, Syrdy mahmalyny bir ýana ol tüm. Gün şöhlesin saçýar mawy asmanda Misli suwda açylan bir lotos gül. Wajyhy Abdylla Kutubşanyň buýurmasy esasynda «Sabras» eserini hem döredipdir. Ol urdu dilinde döredilen ilkinji proza eseri hasap edilýär. Haýdarabatly ýazyjy Muhiddin Kadyry Zoruň Muhammetguly Kutubşa bagyşlap ýazan «Haýaty - Kuly Kutubşah» («[Muhammet]guly Kutubşanyň ömürbeýany») eseri hem kämil işleriň biridir. XVIII-XIX asyrlarda urdu diliniň gerimi has hem giňäpdir. Urdu dilli edebiýatyň dürli žanrlarynda ajaýyp eserleri döredýän ýazyjy-şahyrlaryň sany hem birsyhly artypdyr. Şeýdip ata-babalarymyzyň döreden urdu dili Hindistanyň umumy milli diline öwrülipdir. Urdu diliniň ösmegine, onuň ulanyş geriminiň giňemegine 1835-nji ýylda pars diliniň ýatyrylyp, urdu diliniň Hindistanyň döwlet dili diýlip yglan edilmeginiň hem uly ähmiýeti boldy. Oňler döwlet dolandyryş diwanynda we edaralarynda esasan pars dili ulanylýar eken. Indi bu işler doly derejede urdu diline geçirilýär. Netijede urdu hem-de pars dillerinde ýazýan ýazyjy-şahyrlar hem eserlerini diňe urdu dilinde döredip başlaýarlar. Urdu dilli edebiýata köp asyrlaryň dowamynda Hindistanyň dürli halklaryndan ösüp ýetişen köpsanly ýazyjy-şahyrlaryň giden bir nesli wekilçilik edýär. Şunça mukdardaky söz ussatlarynyň sanawunda asly türkmen we türki halklaryndan bolan ýazyjylardyr şahyrlaryň atlaryna-da duş gelmek bolýar. Şeýle adamlaryň biri ýazyjy hem-de terjimeçi Sajat Haýdar Ýyldyrymdyr (1880-1943). Ol urdu dilinde ençeme eserleri döredipdir. Ýyldyrym osmanly türkmen dilinden birnäçe romanlary, sahna eserlerini we hekaýalary urdu diline terjime edipdir. Ýyldyrym begzada maşgalasyndan bolup, ata-babalary mogol köşgünde uly wezipeleri eýeläpdirler. Onuň neberesi hindi halkynyň iňlislere garşy azat edijilik hereketine gatnaşandygy üçin ähli baýlyklaryndan mahrum edilipdir. Ol Seýit Ahmet han (1817-1898) tarapyndan esaslandyrylan hindi musulmanlarynyň Aligarh kollejini tamamlap, Bagdatda, Türkiýede diplomatik gullukda işläpdir. 1908-nji ýylda Ýyldyrymyň «Hyýalystan» («Hyýallar bagy») ýygyndysy neşir edilýär. Ýyldyrym urdu dilinde täze žanry – hekaýany döredijidir. Onuň urdu dilinde ýazylan «Jelaleddin Horezmşah» kitaby hindi okujysyny meşhur türkmen serkerdesi bilen tanyşdyrýar. Nawab Mürze han Dag (1831-1905) mogol köşgüniň iň soňky şahyrlarynyň biri. Ol asylzada beg maşgalasyndan gelip çykypdyr. Häzirki wagta çenli Dagyň dört sany ýgyndysy neşir edilipdir: «Gülzar-e Dag» («Dagyň gülzarlygy»), «Aftab-e Dag» («Dagyň Güni»), «Mahtab-e Dag» («Dagyň Aýy») we «Ýadgar-e Dag» («Dagdan ýadygärlik»). Zehinli şahyr Aga Kaşmiriniň «Türki hüýr» («Türk[men] gözeli») şygyr çemeni, ezber ýazyjy Haýdar bahş Haýdarynyň (1823-nji ýylda aradan çykan) «Taryh-e Nadiri» («Nedir şanyň taryhy») kitaby urdu dilinde döredilen kämil eserler hasap edilýär. Rejep Aly Beg, Mürze Farhatulla Beg, Azym Beg Çugtaýy hem urdu edebiýatynda uly yz galdyryp giden zehinlerdir. Urdu dilinde eser ýazan hindistanly ýazyjy-şahyrlaryň tahalluslary – edebi lakamlary hem her bir türkmen adamsyna düşnükli: Azat, Amany, Amanat, Arzuw, Andalyp, Gamgyn, Dag, Dert, Mahrum, Pygan, Haly, Hasrat, Ykbal... Hindistan respublikasynyň Rabindranat Tagor (1861-1941) hem-de Muhammet Ykbal (1877-1938) tarapyndan ýazylan iki sany döwlet senasy bar. Beýik şahyr Muhammet Ykbalyň urdu dilinde ýazan senasynda şeýle setirler bar. - Tarana-e hindi sare jahan se, açça Hindustan hamara, Ham bülbülenh eýn iski, ýe gülüstan hamara. - Jahanda iň gözel ýurt - biziň Hindistanymyz. Biz onuň bilbilleri - oldur gülüstanymyz. Hawa, gurujy hem-de dörediji milletimiz dünýäniň çar künjeklerinde bolşy ýaly, gadymy hindi topragynda hem azym-azym döwletleri, sarsmaz galaly şäherleri, ajaýyp maddy hem-de ruhy miras döredip, adamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşupdyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |