08:13 Mahmyt Kaşgarynyñ "Diwan lugat at-türk" kitabyndan | |
MAHMYT KAŞGARYNYŇ «DIWAN LUGAT AT-TÜRK» ATLY KITABYNDAN
Taryhy makalalar
Mahmyt al-Hüseýn ibn Muhammet al-Kaşgary filologdyr. Garahanidler emiri Nasr ibn Alynyň neberesinden. Bilimini artdyrmak maksady bilen Orta Aziýada we Eýranda bolýar. Birnäçe wagtlap Bagdatda ýaşaýar. Türkleriň ýaşaýan ýurtlarynda bolmak bilen, olaryň taýpalarynyň diline degişli köp material toplaýar. Awtoryň öz aýtmagyna görä, ol türk taýpalarynyň dillerine gaty belet adamlaryň biri bolupdyr. Özem şol taýpalaryň arasynda sylagy-hormaty uly eken. Mahmyt Kaşgary öz diwanynyň gaty az wagtyň içinde ýagny, iki ýylda (464-466 = 1072-1074) ýazyp gutarypdyr. Ol öz kitabyny «Diwan lugat at-türk» («Türk şiweleriniň diwany”) diýip atlandyrýar we ony Halyf al-Muktadä (467-487 = 1075-1094) bagyşlapdyr. Mahmyt Kaşgarynyň toplan materiallarynyň ähmiýeti örän uludyr. XI asyrda türki dilleriň şiwe aýratynlyklaryny öwrenmekde gowy düşünje berýär. Biz hem şol diwandan bir bölegi öz okyjylarymyza hödürlemegi makul bildik. Oguz – türk taýpalarynyň biri (kabilesi), olar türkmen diýilýänleridir. Olar 22 urugdan (rod) düzülipdir. Her urugyň öz belgisi we milli tagmasy bar. Şonuň bilen bir-birini tanaýarlar. Olaryň birinji we esasy uly urugy Gynykdyr. Häzirki soltanlar şol urugdan. Olaryň mallarynyň tagmasy şeýle – Ikinji – Kaýyg, belgisi – Üçünji – Boýundur – belgisi – Dördünji – Iwe, şeýle hem Ýiwe, belgisi – Bäşinji – Salgur, belgisi – Altynjy – Afşar, belgisi – Ýedinji – Bektili, belgisi – Sekizinji – Boýugdýuz, belgisi – Dokuzynjy – Baýat, belgisi – Onunjy – ÝaZgyr, belgisi – On birinji – Eýmýur, belgisi – On ikinji – Kara-Bölýuk, belgisi –On üçünji – Alka-Bölýuk, belgisi – On dördünji – Igder, belgisi – On bäşinji – Üregir, şeýle hem Ýuregir, belgisi – On altynjy – Tutyrka, belgisi – On ýedinji – Ula-ýondulug, belgisi – On sekizinji – Týuger, belgisi – On dokuzynjy – Peçeneg, belgisi – Ýigriminji – Juwaldyr, belgisi – Ýigrimbirinji – Jebni, belgisi – Ýigrimi ikinji – Joruklug, sany az, belgisi näbelli... Azak – Oguzlaryň beýik emirleriniň biriniň ady. Uran – oguzça, eýer bir erbet zat şeýle atlandyrylýar. Meniň pikirimçe, bu söz parslaryň «waýran» sözünden alnan bolmaly. «Ýumrulan» manysynda. Haçan-da oguzlar parslar bilen gatyşan wagtlary türk sözleriniň köpüsini unudyp, pars sözlerini ulanypdyrlar. Ýaňkam şo sözleriň biri. Egin – sürlen ýer. Oguzça. Oýuk – göze görünme, salgym, oguzça... Oba – taýpa (kabile), oguzça... Epmek – çörek, ýagmalaryň, tuhsileriň, oguzlaryň bir böleginiň, gynyklaryň dilinde Otrýuk – mekir, oguzça... Aşlyk – aşhana. Oguzlar «aşlyk» diýip galla aýdýarlar. Ogurgen – ösümlik, garlyk-türkmenleriniň iýýän dänesi. Kent – oguzlaryň ýaşaýan obasy. Türkmenleriň köpüsinde bu söz okrugy aňladýar. Taryg – türkmenleriň ählisinde galla, diňe oguzlarda daryny aňladýar. Bu ýalňyş, oguzlar gallany «aşlyk» diýip atlandyrýarlar. Bamuk – pamyk, oguzça... Çanak – oguzlaryň palçykdan ýasaýan jamy ... Bukýum etuk – aýallaryň geýýän köwşi, oguzça... Çaçyr – çadyr, bassyrma. Oguzlar ony çaşir diýip atlandyrýarlar ... Sabran – oguz şäherleriniň biriniň ady... Sitkun – oguz şäherleriniň biriTugrag – şanyň möhüri, oguzça. Türkler bu sözi bilen oklar. Meňem düýp sözünden habarym ýok. Man-Kyşlak – oguz ýurdunyň bir ýeriniň ady Başmak – köwüş, oguzça... Sugnak – oguz şäherleriniň biriniň ady Karnak – ouz şäherleriniň biri Karluk – çarwadar ilatyň biri. Oguz däl. Ýöne olaram türkmenler. Týumruk – deprek, oguzça. Seljuk – seljuk soltanlarynyň ata-babasy. Oňa Seljuk sýubaşy (goşun başy) diýýän ekenler Karaçuk – farabyň ady, ol hem oguzlaryň şäherleriniň ady Terinjek – ýorgan, oguzça Korugžyn – gurşun. Oguzlar o sözden birnäçe harp aýryp «Koşun» diýip aýdýarlar. Temýurgen – peýkamyň uçlugy Gok-kök – Meselem: «gokýung kim», şeýle many berýär «kimlerden bolarsyň, haýsy taýpadan». Oguz we gypjak sözleri. Ýugrýuk at – çapylýan. Oguzlar akylly başly alyma «ýgrýuk bilge» diýip aýdýarlar. Ýugurgun – ot. Ýabany gara çalymdaş, gyzyl dänesi bar. Türkmenler onuň dänesini iýýärler. Boý – urug, tire, taýpa, oguzça. Eger-de iki sany nätanyş adam duşsa, salamdan biri-beýlekisinden: «Boý kim?» ýagny, «Seň urugyň, tiräň, taýpaň kim?» diýip soraýar. Beýlekem: «Salgur» diýýär, ýagny meniň taýpam salgur diýýär ýa-da meniň ýokarda görkezen uruglarymyň biriniň adyny getirýär. Şondan soň olar bada-bat gürrüňe başlaýarlar ýa-da bir-biriniň urugny bilen soňlar aýrylyşmak bilen bolýarlar. Gemi – korabl, oguzça hem gypjakça Kowa – bedre, oguzça... Oguzlar çuňňur we köp sanly zada tering sözüni ulanýarlar. Mysal üçin: «tering ury» – çuň jülge, «tering bilge» – alym, parasatly. Ýuruça – ýorunja, oguzça Ýalanjk – gyrnak. Oguz, gypjak, suwar dillerinde. Türkmenler – oguzlar. Olara bu adyň dakylyşy hakda şeýle hekaýat bar. Zülkarneýn Samarkanda baryp, türkleriň ýurduna tarap rowana bolýar. Şo döwürde türkleriň patyşasy Şu atly ýaş ýigit eken. Onuň uly leşgeri bolupdyr. Ol Balasaguny eýeläp, şonuň golaýynda Şu galasyny gurdurypdyr. Şu galasynda onuň leşgerleriniň emirleri üçin günde 360 solýut oýnalypdyr. Oňa (Şuwa) Zülkarneýn gelýä diýen habary aýdýarlar. «Onuň bilen söweşe girmelimi ýa-da nätmeli biz?» diýip, Şudan sorapdyrlar. Şu serkerdeleriniň kyrkysyny Hojend derýasynyň boýlaryna iberip, Zülkarneýniň derýadan aşmak hyýalynyň barlygyny ýa-da ýoklugyny bilmek isläpdir. Iberlen otrýad bolsa patyşanyň leşgerlerine bildirmän, zat etmän ýola düşüpdir. Patyşa olar gidensoň arkaýynlaşypdyr. Ýene-de patyşadan «Biz söweşe girmelimi?» – diýip soranlarynda, ol: «Ördek-gazlaryň howuzda ýüzüşine tomaşa ediň» – diýip, arkaýyn jogap beripdir. Onuň kümüşden edilen howzy bar eken. Ol ýörişe gidende ony özi bilen äkidipdir. Howzy suwdan doldurandan soň ördek-gazlaryň howuzda ýüzüşine tomaşa edýän eken. Patyşanyň biperwaý jogabyny eşidip, adamlaryň ýüregini howsala gaplapdyr. Olar patyşaň urşa taýýarlygam ýok, onuň öňüni aljagam däl diýip pikir edipdirler. Patyşaň iberen nökerleri gelip, Zülkarneýniň derýadan geçip, öz üstlerine gelýändiklerini habar berýärler. Hökümdar gije deprek kakmagy buýurýar, hemem ýola düşýär. Haçan-da ilat öz patyşalarynyň ýola düşenini, hemem özleri hakda birjigem alada etmeýändigini görüp, ala-basga galýarlar. Her kim tapan-tupan zadyna münüp, hökümdaryň yzyna düşýär. Her kim bir-biriniň elinden ulagyny alyp, kim-kime bolupdyr. Haçan-da daň atanda, patyşa leşgeriniň mesgen tutan ýeri giden bir boşluk eken. Taraz, Isbijab, Balasagun ýaly şäherler we welaýatlar şo döwürde ýok eken, olar soň gurlupdyr. Adamlar şo wagt çarwadarlykda, çadyrda ýaşapdyrlar. Hökümdar we onuň leşgerinden 22 adam öz maşgalalary bilen öz goşlaryny ýüklemäge ulag tapman galypdyr. Bu adamlar hakda men diwanyň başynda aýdypdym, olaryň mallarynyň tagmasyny habar edipdim: Gynyk, Salgyr hem beýlekiler şolaryň arasynda eken. Şol 22 adam paý-pyýada ýola düşmelimi ýa-da şu ýerde mesgen tutubermelimi diýip pikire batyp otyrkalar, goşunyň yzyny yzlap barýan iki sany adama hem-de olaryň maşgalasyna gabat gelýärler. Olar ýüküň derdinden gara dere batan ekenler, özlerem gatyýadaw. Bu iki adam olar bilen gürleşýärler, «näme etmeli?» – diýip maslahat soraýarlar. 22 adam: «Zülkarneýn jahankeşdedir. Onuň belli mekany bolmaz. Bu ýerlerden gidensoň, biz ýene-de öz mekanymyzda mesgen tutarys» – diýipdir. Türkmençe «Gallaç» diýip atlandyrypdyrlar. Bu olaryň şo iki adama «Aýak çekiň, galyň» diýdikleri eken. Soň şol ikisini «Halaç» diýip atlandyrypdyrlar. Halaçlylaryň we onuň iki taýpasynyň döreýşi şeýledir. Zülkarneýn ýolda şol akylly başly türke meňzeş adamlary görüp, olaryň kimdigini sorapdyr-da, «týurkman-end» diýipdir. Bu-da onuň «Türklere çalymdaş adamlar» diýipdir. Soňabaka şol at hem şu güne deňiç ýörgünli bolupdyr. Ilkibaşda şol türkmenler 24 taýpadan ybarat. Ýöne 2 sany halaç taýpasy käbir ýagdaýlara görä, olardan aýrylyşypdyr. Şonuň üçinem bu ik taýpa olara girenok. Türkmeniň emele gelişiniň özeni şeýle. ____________________________ Otunç – bergi. «Men angar ýarmak otunç berdim» – «Men oňa karz pul berdim» diýmek. Oguz sözi. 1991 ý, aprel. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |