17:10 Mährem enäniň ýazgylary -11/dowamy | |
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Ikinji bölüm V bap Akyl-paýhas gözellikleri hakynda. Açyk göwün bilen mylaýym, duýgur ýürekden soň aňly-düşünjeli, röwşen akyl ýaly ygtybarly gözellik ýokdur. Hatly-sowatlylygyň gymmat bahaly peşgeşiniň diňe erkek kişileriň eýeçiligi bolan döwründen oba göçdi; indi zenan maşgalalara gadagan edilmek-hä beýlede dursun, gaýtam olara öz akyl-paýhaslaryny her dürli peýdaly maglumatlar bilen baýlaşdyrmak hakynda alada etmeli wagt geldi. Ýogsam olar ylymly-bilimli adamlara nädip gowy görünsinler? Olara özlerini näme bilen saýlap-seçdirsinler? Onsoňam sahawatlyklaryny düýpli bilim bilen utgaşdyrmasalar, olar neneň edip öýe seretsinler, myhman kabul etsinler, neneň edip çagalaryna bilim bersinler? Elbetde, erkek adama garanyňda bilim zenan maşgala üçin az gerekdir, ylym zenan maşgalanyň maksady däl-de durmuşynyň bezegidir. Bu baýlyga erk edip bilmeýän, ony şöhratparazlyk ýa-da kitapdyr fortepiano üçin ulanyp, has möhüm öý işlerini, aýal maşgalalaryň meşhul bolmaly zatlaryny unudýan zenanlar näçe diýseň kötekläniňe degýändir. Ýöne kimde-kim sagdyn paýhasa gulluk edýän bolsa, kimde-kim öz wagtyny peýdaly ulanýan bolsa, ol ýakymly zady peýdaly iş bilen utgaşdyryp biler. Meniň ylyma çakdanaşa çuňňur aralaşýan, grek, latyn we ýewreý dillerini öwrenýän, fizika, himiýa bilen meşgullanýan we matematiki hasaplamalaryň üstünde kelle döwýän zenanlara «hä» diýesim gelenok. Ärine şatlyk eçilmek, onuň durmuşyny lezzetli etmek, çagalaryna adam şekilli terbiýe bermek, ähli kişi bilen salamatly, mylaýym bolmak, zenan üçin ylmy ulgam, ynha, şudur. Ol muny ýokary matematikasyz hem edip biler. Ol matlaplarynda hem niýetinde ýalňyşlyk göýbermese, beýlekileri hem ýalňyşdyrmasa, şeýle hem hiç haçan dogry ýoldan çykmasa — şol hem ýeterlikdir. Ýokary bilimleri ol ýüzleý bilse-de bolar, ol diňe olaryň has zerurlaryny hem-de öz zehinini ösdürmek üçin gereklerini bilse, besdir. Dil babatda aýdanyňda bolsa bizde zenan maşgalalar birnäçe dil bilmelidir diýen pikir bardyr: Men şol göreldä eýerendirin, senem, Lizam, fransuzça, nemesçe we italýança gepläp bilýänsiň. Ýöne birnäçe daşary ýurt dilini bilmek bilen utýan zadymyz nämedir? Beýle bilimlilikden biziň ahlagymyzyň görýän peýdasy nämedir? Enelerine, mamalaryna ýa-da beýleki ýerlerde ýaşaýan zenanlara garanyňda eýsem häzirki zaman zenanlarynyň kemçilikleri azmyşmy? Ýa-da biziň birimiz birnäçe dilde suwara gepleşýän bolsak, ol sahawatlygyň kadasyna şonça dogry gelýändir, ýüreginiň ajaýyp sypatlary bilen özgelerden çürt-kesik tapawutlanýandyr öýdýärsiňizmi? Eýsem- de bir zadyň adynyň dürli dilde dürlüçe ýaňlanýanlygy bilen kalpdyr akyl-paýhasy bezemegiň arasynda baglanyşyk bolup bilermikä? Diller bize pikir etmäni däl-de, gürlemäni öwredýärler. Şonuň üçin akyl-paýhasy söz baýlygy esasynda däl-de, pikirleriň köplügi esasynda baha berilýändigi bilen öňýeten adam ylalaşarmyka diýýärin. Birtopar dili emgenmän öwrenmek ömürleriniň iň gowy pursatlaryny bilime sarp etmek, bäş ýa alty dilde stol, çörek we beýleki sözleri aýdyp bilmek bilen, biziň zenanlarymyzyň aglabasynyň bitirýän goşlary näme? Olar daşary ýurt romanlaryny okaýarlar, hyýallaryny hujuwly toslamalar bilen joşdyrýarlar, sahawatlykdyr bagtyň düýbüne palta urýarlar, şeýdibem, galapyn, aýaldyr enäniň borçlaryny unudýarlar. Ýöne bu meseläniň birtarapydyr ýa-da käbir derejede çenden çykmaklykdyr. Ýöne gyzym, birnäçe dili bilmeklik daşary ýurt edebiýatynyň ähli genji-hazynasyny açýar. Sen indi zenan maşgala üçin artykmaç hasaplanýan bu baýlygy elden gidirip bilmersiň, şonuň üçünem sen ondan özüňe haýyr tapmany öwrenjek bolgun. Saýlanan eserleri öwrengin, şeýtseň, lezzet barynyň üstünden barandygyňa göz ýetirersiň. Men indiki bapda bu zerur zat hakda seniň bilen söhbet ederin, häzirlikçe bolsa, gel, biz ylym hem sungat baradaky gürrüňe geçeli. Meniň pikirimçe, zenan maşgala taryh, geografiýa, arifmetika we tebigy taryh gerekdir. Men bu erde iň zerur zady — din hem ahlak ylmyny ýatdan çykarypdyryn, ýöne munuň sebäbi: ol ylym saňa çagalykdan bäri tanyş ylymdyr. Sen dil ylmyny we Mukaddes Taryhy gül ýaly bilýärsiň, sen Taňrynyň özüň üçin eden zadyny, oňa näme üçin minnetdar bolmalydygyny, ýakyn-ýadyňa näme üçin minetdar bolmalydygy-da bilýärsiň; sen diňe din bilen sahawatlygy ymykly ele almalysyň. Bu hyjuw seniň ömürboýy etmeli maksadyň bolmalydyr. Taryh — gyzykly hem peýdaly ylym; ondan akyl-paýhas üçin-de, ýürek üçin-de köp zady susup bolýandyr. Bize dünýäniň ähli döwletlerini görkezmek bilen, ol beýik we meşhur adamlaryň waspyny edýändir. Ylmyň we sungatyň gözbaşyny düşündirýändir, patyşalyk etmegiň, söweşmegiň, edara etmegiň, diplomatiýany alyp barmagyň, gepiň tümmek ýeri, her ýaşda, her ýagdaýda özüňi alyp barmagyň tärlerini öwredýändir. Sen eýýäm meniň gözümiň alnynda taryhy geçdiň. Sen ony ýene bir gezek, ýöne uly dykgat bilen, edil meniň bilen geçişiň ýaly usul bilen yzarlagyn. Käbir zenanlara taryh kyn ýaly bolup görünýän bolsa, eger ondaky wakalar has hem beter ýyllar kellede garym-gatym bolýan bolsa, bu biziň taryhy köplenç öwrenmelisi ýaly öwrenmeýänligimiz üçindir. Geografiýanyň onçakly gyzygy ýokdur, ýöne ol hem gerekdir: ony bilmezlik käte adamy märekede gülki astyna goýmagy mümkindir. Onsoňam geografiýa ýatda juda aňsat galýar, diňe gowy okuw kitaby bilen kartalaryň bolsa bolýar. Her bir asylly zenan üçin arifmetika-da zerurdyr. Hojalygy dolandyrjak bolsaň, onsuz mydar etmek mümkin däldir, muny tejribäň boýunça özüň hem juda gowy bilýänsiň. Ýöne Beýik ylym kibi ajap hem-de biziň aňymyzy tebigata we onuň täsin hadysalaryna akyl ýetirmegi öwredýän bilimler ýaly, aňymyzy Hudaýa golaýlaşdyrýan zat ýokdyr: Tebigat— kitaplar içinde iň gowusy we iň kämilidir, ol biziň akyl paýhasymyzy bezemäge, ýüregimizi kämilleşdirmäge ukyplydyr. Gyzym, şonuň üçin sen ony yhlas bilen öwrengin. Ol biziň kalbymyza ganat bekläp, ony asyllylaşdyrýar, hiç bir ylymam bize onyň berşi ýaly lezzet berýän däldir. Müňlerçe gözelligi we gudraty görenimizde, her bir çöpüň, her bir kinniwanja gurçujagyň öz durmuşy bilen ýaşaýandygyny, ähli tebigatda ýaşaýşy, güýji, hereketi, üýtgewsiz, müdümi kanuny görenimizde, biziň kalbymyz we ýüregimiz Hökmügüýçlä tarap talwas etmeýärmi näme? Eýsem olar ägirt uly lezzete ýugrulmaýarlarmy näme? Liza sen tebigatyň tükeniksiz gözellikleriniň gadyryny bilmegi öwrengin, sen olardan müňlerçe şatlyk susup alarsyň. Tebigatyň täsinliklerine hiç hili sungat bäs edip bilmez. Günüň maý aýynda ugraýşyny synlagyn, awgustyň ýagty gijesini ýatlagyn! Seniň akylyň meýdan güljagazynda, säher çygynyň damjajygynda, çala göze ilýän möjejikde böwrüne diň salyp oýlanmak üçin köp-köp zat tapar. Şonda diňe görer göze ajap, emma kalbyňa berip bilýän jinnek ýaly-da zady bolmadyk köşklere garanyňda, Ýaradanyň nähili hökmi güýçlüdigine özüň göz ýetirersiň. Sen çagalykdan botanikany gowy görüpdiň. Şonuň üçin, Liza, hiç haçan ondan ýüz öwürmegin. Meniň pikirimçe, ondan ýakymly, ondan peýdaly gümenje ýokdur. Tebigat taryhy şeýle bir giňdir welin, ömürboýy eliňde baryny edip zähmet çekseň-de, ol tebigatyň täsinliklerine akyl ýetirmäge ýeter öýdemok. Diýmek, zenan maşgala ony umumyrak häsiýetde öwrense-de ýeterlikdir, botanika, aýratynam ýerli botanika bilen bolsa giňiräk meşgullanmak gerekdir. Munuň özi obada ýaşaýan zenan maşgala uly hem-de tükeniksiz lezzet berip biler. Ylymlardan soňra sungat bardyr... Durmuşa çykanyňda-da hiç haçan zehinleri ýatdan çykarmagyn. Dogursyny aýtsam, men ýaş zenanlaryň, köplenjem oba zenanlarynyň hemmesiniň diýen ýaly durmuşa çykanlaryndan soň telim ýyllap, onda-da yhlas bilen öwrenen zatlaryny bir ýyl geçip-geçmänkä ýatdan çykarýandyklarynyň sebäbine düşünip bilýän däldirin. Biziň ömrümiz onsuzam gysgadyr, onsoň ony näme üçin öňküdenem gysgaltmalymyş, biz şol döwürde we zähmetimiziň miwelerinden peýdalanyp biljek ahyryn? Näme üçin zenanyň öz adamsyna gowy görünesi gelmeli dälmiş? Näme üçin ol diňe sanlyja ýyllap näzli ýar bolmalymyş? ... Meniň ýatlap geçmedik iki zehinim bardyr, özem olar hiç bir zehinden kem däldir.Olar ýakymly gürlemek we kagyz ýüzinde pikiriňi beýan edip bilmek başarnygydyr. Ýakymly gürlemäni öwrenmek üçin ilki bilen köp okamak däl-de, dykgatly okamak gerekdir, gürlemezden öň ep-esli diňlemek zerurdyr, akylly-başly adamlaryň arasynda bolup, olaryň her bir sözüne diň salmak derkardyr. Ata-enäň, ýakyn tanyşlaryň bilen gürleşip durman, öz oý-pikirleriňi aýdyň we gelşikli beýan etmegi öwrenmek gerekdir. Liza, sen maňa telim gezek: «Kakam ýa sen bilen ýeke gezek gürleşenimde, käteler tutuş bir kitapdan öwrenip bilmedik zadymy öwrenýän» diýip aýdypdyň. Akylly-başly gürrüň ýaly peýdaly zadyň ýokdugy şübhesizdir. Käte gürrüňçilikde eşiden zatlarymyza garanyňda kitapdan okan wakalarymyz ýa pikirlerimiz has çalt ýatdan çykýar. Gyzym, sen kakaň bilen ýygy-ýygydan we uzak wagytlap söhbetdeş bolmaga çalyşgyn. Bir kitapdan hem tapyp bilmejek zerur zatlaryň bardyr. Kakaň bilen söhbetdeşlikden susup alýan pikirleriň hiç haçan ýadyňdan çykmaz. Ýöne sen öýde gürlemäni näçe gowy görseň-de, märekede, onda-da durmuşa çykýançaň, beýle geplemsiklikden gaça durgun. Ýaş gyz özgeleriň näme diýýänine gulak asmalydyr we diňe özüne sorag berlen halatda geplemelidir. Durmuşa çykanyňda bolsa dogumlyrak bolgun. Öý eýesi aýal diňe soralýan çaglary gürlemeli bolsa, bu gülkünç bolardy. Beýle ýagdaýda myhmanlar suslukdan ýaňa uklap galardy. Emma şonda-da dyngysyz gürläp oturmagyn; beýlekileriň gürrüňini diňläp oturmak, diňe ýeri geleninde şorta sözler ýa-da jaýdar aýdylan pikir bilen gürüňe hä bermek uly sungatdyr. Liza, sen dogabitdi bälçik, degişgen gyzsyň, sen şadyýanlygyň bilen beýlekileri-de özüňe çekip bilýänsiň. Ýöne sen bu babatda çenden çykmagyn, sypaýylygyň çäginden aňry geçmejek bolgun. Gürrüň edeniňde hakykatdan arany açmagyn. Töweregiňdäkilere gürrüň berýän wakalaryňy çişirip, mahabatlandyrmagyn. Ilki kiçeňräk soňra bolsa has uly çişirmelere endik etmek aňsatdyr, munuň soňy bolsa bellidir, ýa biziň gepimize hiç kim ynanýan däldir, ýa-da ynanylsa-da, zordan onuň ýaryna ynanylýandyr. Onsoňam hiç haçan jikme-jik bilmeýän hadysalaryňy gürrüň bermegin. Aýallaryň baryny olara mahsus bolan umumy bir zatda aýyplaýandyrlar: olar haýsydyr bir wakany gürrüň berenlerinde köplenç ol ýerde bolan adamlaryň atlaryny, wakanyň nirede bolup geçendigini, haçan bolandygny bilýän däldirler. Iki-üç sagada çekýän we bir pisselik hem peýdasy bolmadyk boş gürrüňlerden gaça durgun. Ýogsam aýal gürrüňleri köplenç şolar ýaly bolýandyr. Şaý-sepler baradaky gürrüňler tükeniksiz çeşmedir; ýöne bu zatlar baradaky erkekleriň ýanynda gürrüň bermek gerek däldir, çünki beýle gürrüň olar üçin düşnüksiz hem gyzyksyzdyr. Şeýle-de bolsa käte ugursyz bu zatlar barada-da gürrüň etmeli bolýandyr: märekede geýim-gejimden başga zat hakynda gürrüň berip bilmeýän gelinler gabat gelýändir. Ýakymly gürrüň etmek zehinli her kimiň ugruny tapmakdan ybaratdyr: sen alymyň ýanynda alym bolmalysyň, wäşiniň ýanynda wäşi, dymmanyň ýanynda geplemsek, ýaňranyň ýanynda-dymma, çäkliniň ýanynda-çäkli, şäherliniň ýanynda-şäher düzgünlerini bilýän, obalynyň ýanynda oba düzgünlerine belet adam bolmalysyň. Ýene gaýtalaýaryn: her bir gürrüňdeşiň akyl derejesine, bilýän zadyna, durmuşda eýeleýän ýagdaýyna göräräk bolmak barypýatan başarnykdyr, ýöne munuň üçin diňe ylymly-bilimli akyl däl-de, eýsem sypaýçylyk hem gerekdir. Kalba näzikligiň gerek bolşy ýaly, akyl paýhasa-da sypaýyçylyk gerekdir. Ol ähli zady görýändir, görmedik zadyny bolsa hökman aňýandyr. Kagyz arkaly biz özümizden uzaklardaky adamlar bilen söhbetdeş bolýandyrys. Hatda-da biz gürrüňçilikde gaça durýan zatlarymyzdan gaça durmalydyrys. Ýöne haty gepleýşimiz ýaly, çalt ýazmaly däldiris. Kagyz ýüzüne geçirilen söz bir hili gatan ýaly bolýar, şonuň üçin ol gürrüňçilikdäkä garanyňda kagyz ýüzünde serasaply hem yzygiderli bolmalydyr. Terjime eden:Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |