12:57 Mährem enäniň ýazgylary -15/dowamy | |
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Dördünji bölüm II bap Söýgi hakynda Zenan maşgalanyň wezipesi aýal hem ene bolmakdan ybaratdyr. Ol şonuň üçinem ýaradylandyr, onsoň ähli berilýän sapaklaryň, öwüt-ündewleriň, ähli terbiýäniň maksady diňe bir zatdyr: ol adamsyny bagtyýar edip, çagalaryny terbiýelemelidir. Gyzlar söýgi köşgüne dürli ýollar arkaly girýändirler. Gazanç hem dünýewi edep ýolundan barýan jübütleriň sany hemişe örän köp bolup, olar çaklaňja ýodajygy uly ýola öwrüpdirler. Tekepbirlik ýoly ondan birneme dardyr. Bir söz bilen aýdanyňda, boş söýginiň ýoly, romantiki söýginiň ýoly, boýun synmanyň, mejbur etmäniň ýoly, hiläniň, paýhassyzlyk etmäniň ýoly, garaz, ýollar köpdür. Ýöne olaryň ikisi bir-birine meňzeş däldir. Şol meňzeş däl ýollaryň birine hakyky söýginiň ýoly, beýlekisine akyl-paýhas, sylag ýoly diýilýändir. Olaryň ikisinede derwezäni sahawatlylyk açýandyr, onsoň olaryň ikisi hem diňe bir söýgi köşgüne däl, eýsem, bagta hem alyp barýandyr. Seniň kakaňa we alan terbiýäňe belet bolamsoň, men seniň diňe şu iki ýol bilen gitjekdigiňe ynanýandyryn, şonuň üçin beýleki ýollar barada gaýdyp ýatlabam oturjak däldirin. Men şo ýollaryň birinjisi, Sofýa Nikolaýewna bolsa ikinjisi bilen gitdik, biziň ikimiz hem arzuwlan bagtymyza ýetdik. Onuň syýahaty onçakly hupbatly bolmady, meniňki bolsa düýpden howsalasyz geçdi. Men saňa bu ýollaryň haýsysyny arzuw etjegimi bilemok... bu babatda maslahat bermek kyndyr... ýöne bu maňa bagly bolsa, men seni akyl-paýhasdyr sylag ýoluna atarardym. Özüm jan-dil bilen söýlüp, onuň meýinden näçe diýseň gananam bolsam, bu söýgüde näçe lezzet bolsa, şonçada jebri-jepanyň bardygyny boýun almalydyryn. Ol durmuşa täzeçe bezeg berýändir, ýöne öň duýulmaýan täze gamgussa hem eçilýändir. Magşuk gyzyň galagoply ýagdaýynyň ynjalykly boljak gümany ýokdur: gabanjaňlykdyr gorky onuň gutulgysyz hemralarydyr. Men bu ýerde diňe zenan maşgalalar barada gürrüň edýärin, sebäbi är-aýallylykda söýginiň erkek adam üçin howply bolan ýagdaýyny bilemok. Erkek adamlaryň kalby has güýçli bolansoň, olar söýgä onçakly maýyl bolanoklar, zenanlar bolsa ejiz hem ýukaýürek bolýarlar, şonuň üçinem olar oňa durklary bilen tabyndyrlar. Mundan bolsa erkekleriň söýgüden köplenç diňe bir şatlyk alýandyklary, biziň paýymyza bolsa hasratyň düşýändigi gelip çykýandyr. Men söýgi zenan maşgala üçin duranja bir eşret diýilýän pikire goşulamok. Biziň kalbymyz has güýçli bolup, erkekleriň ýürekleri hem has ýuka bolan bolsa, belki bu pikir dogry bolsada bolardy, ýöne bu başgaça bolup çykansoň, meniň pikirimçe, adamsynyň ýüreginde söýgi oduny tutaşdyryp, özi bolsa oňa dostlukdyr sylag bilen jogap berýän zenan bagtlydyr. Hakyky ikitaraplaýyn söýgi diýseň seýrek duş gelýän hadysadyr. Ýöne är-aýallylykda ol sanlyja ýyl geçeninden soň, dostluga sapýandyr. Egerde iň hyjuwly söýgi şeýdip üýtgeýän bolsa, onda söýgi köşgüne iki ýol arkaly giren jübütleriň arasynda diňe bir tapawut bardyr: olaryň biri nämeden başlan bolsa, beýlekisi şonuň bilen tamamlaýandyr. Sanlyja ýyldan olaryň hamraklygynyň öwüşginleri şeýle bir gowşaýandyr welin, olary seljerjek gümanyň ýokdur. Ýatlamada şeýledir. Olaryň birinjisiniň geçmişi häzirki durmuşyna düypden meňzeş däldir, şonuň üçin bu özgermäniň birneme hasratly bolýandygynyň ujy iki däldir. Beýleki jübüdiň bolsa geçmişi, häzirki ýaşaýyşy şeýle bir meňzeşdir welin, olara gynanmagada, könäni küýsemägede bahana ýokdur. Ine, şeýlelikde, söýgi köşgüne biri hakyky söýgi ýoly bilen, beýlekisi akyl-paýhasdyr sylag bilen aralaşan iki zenany, biri ýaşlygyny Italiýada, Ispaniýada, Fransiýada geçiren, beýlekisi bolsa mydam öz sowuk ýurdunda ýaşan iki sany adam bilen deňeşdirmek mümkin. Olaryň birinjisi gaýdyp gelen dessine bolup geçen özgerişligi duýýandyr, geçeni ýatlamak onuň şu gününe ýakymsyz kölege salýandyr. Beýlekisi hiç hili gowy zat görmänsoň, hiç zada gynanýan däldir we öz gününe kaýyl bolup ýörendir. Olaryň birinjisi şatlykdyr täsinlikleri görenem bolsa, olary ýitiren bolmalydyr. Ikinjisi bolsa onçakly köp şatlyga duşmadyk bolmaly, ýöne muňa derek onuň ýitiren zady hem bolmaly däl. Liza, eger sen söýgi diýilýän zadyň nämedigini bilseň, bagtyň şonçada şypaly bolar, ýöne şonuň bilen birlikde gaýgy-hasratyň hem şeýle bolar. Seniň takdyryň onçakly eşretli bolmasada, ol muňa derek saňa ynjalyk eçiler. Bu babatda saýlap-seçmek juda çetindir, bu ýagdaýa baglydyr. Öýlenjek gyzyny ýigidiň özüniň seçip-saýlanlygy, gyzyňam köplenç özüni saýlana durmuşa çykmaga mejbur bolýanlygy üçin, erkek kişiniň ýüreginiň söýgi oduna lowlap ýanýan wagty zenan maşgalanyň ýüreginiň söýgüden dynç pursatlary hem seýrek bolmaýar. Şeýle är-aýal köplenç iň bagtly jübüt bolýandyr. Zenan maşgalalaryň ýuka ýüreklilikleri we näziklikleri erkekleriňkiden şeýle bir artykmaçdyr welin, biziň dostlugymyz hem edil olaryň söýgüsiniň derejesinde gyzgyndyr hem mähremdir. Liza, eger sen durmuşa çykmazyňdan öň söýginiň ataşyna çowlanmasaňda onçakly hapa bolmagyn. Dogry, bagtyň ganatly bolmaz welin, ýöne ol hiç haçan uçup hem gitmez. Bigäne romanlar özlerine ynanýan hemde «zenan maşgala ömründe bolmanda bir gezek bir hyjuwly söýginiň lezzetini datmalydyr» diýip pikir edýän birentek zenanlaryň başyny aýlandyrlar. Ýöne dünýäde beýle etmedik aýallar azmy näme, şonda-da olar asuda maşgala bagtynyň lezzetini görýändirler. Umuman aýdanyňda, ýeňles duýgy lezzet dälde, betbagtçylyk getirýändir. Ýaş gyzlar köplenç pikir etmezden zat etmezden, söýginiň alyna çolaşýarlar. Hyjuwly hyýala, heserli duýga, romanlara, geldi-geçer hezilliklere özlerini aldadýarlar. Özleriniň daşyndan perwana bolup aýlanýan ilkinji erkek adamy olar gahryman hasap edýärler, biçäre görgüliler onuň mynasybetliklerini, häsiýetlerini bilmezden, söýgä baş goşýarlar we köplenç ömürboýy bagtlaryndan mahrum bolýarlar. Gyzym, sen bu ýalňyşlyklardan gaça durmalysyň, sebäbi sen özüňde galan her bir täsiri, her bir duýgyňy kakaňa gürrüň bermelisiň. Heserli hyjuwlar diňe kitaplarda göz açyp-ýumasy wagtyň içinde, bir bakyşda döreýändirler, şonuň üçinem kakaň öýlenmejek, seniň bagtyňy açyp bilmejek adama seni rowa görmez. Ýöne ynsan ähline mahsus bolan ejizlik zerarly kakaňam seçip-saýlamak meselesinde ýalňyşaýsa, eger, Hudaý saklasyn, halan ýigidiň hem biderek bolup çykaýsa, onda sen, balam, tesellini dinden gözlegin. Birbada seni güýçli hasrat gaplap alar, ýöne basym diniň saýasynda ýüregiň aram tapar, ataň hem joraň hamraklygyndan lezzet alarsyň. Wagt seniň duýgyňy ysgyndan gaçyrar, söýgi saňa bir wagt ky görnen düýş bolup görner. Şondan soň basym sen bigäne adama durmuşa çykmanlygyň üçin Hudaýa müňde bir şükür edersiň. Kimde-kim akyl-paýhasynyň diýeni bilen bolsa, oňa beýle-beýle wakalar howp salyp bilýän däldir. Zenan maşgala ömründe betbagtçylyga uçrap bilýändir, olam özüniň ähli geljegi eliniň içinde bolan adamsynyň ölümidir. Öýlenjek ýigit biwepalylyk edeninde akyl-paýhas we mertebe söýginiň iň bärkije suduryny hem ýylmap gidýändir, adamsy öleninde bolsa bularyň barysyny iki esse artdyrýandyr. Biçäre aýal ýüreginiň örki bolan adamsyndan jyda düşsede, hatyradyr sahawatlary ýeňledýän din, elbetde, gam gussany köşeşdirýändir, ýöne şonuň bilen birlikde ony güýçlendirýändirem, sebäbi bu köşeşmeklik wagt gelip, hasrat çekýän zenanyň öz söýgülisi bilen baky birleşjekdigi baradaky ynamyna esaslanýandyr. Beýle ýitgi köplenç ýukaýürek zenan üçin ýerdäki bagta ýetmäge päsgelçilik döredýändir, şoňa görä seni beýle hasratdan aman-esen saklamagy Hudaýtagaladan gije-gündiz dilärin. Eger meniň dileglerim eşidilse, sen geljekki adamyň bilen hakyky hamraklykda, sylag-hormatda ýaşarsyň. Ýöne özüňiň söýgüden gaça durmagyň ýeterlik däldir, sen ony beýlekilerde hem oýarmaga jan etmeli dälsiň. Iň owadan, iň mähirli gyz durmuşa çykjak ýigidinden beýleki muşdaklarynyň hiç birine umyt bermänligi bilen hiç kimiň aşyna awy gatmaz. Her bir asylly maşgala erkekler bilen iş salyşanda, juda seresap bolmalydyr. Ol hemmeler bilen, garrylar bilenem, ýaşlar bilenem, edepli bolmalydyr. Hiç kime al salyp, hiç kimiň ýanynda kelpeňlik etmeli däldir. Ol hiç kimden sowgat almaly, hiç kimden ýaranjaňlyga garaşmaly däldir, hatda söz aýdýan ýigide hem çenden çykmaga ýol bermeli däldir. Şeýle häsiýetli gyz uly iliň hormatyna mynasyp bolar we kimiňdir biriniň kalbynda hakyky söýginiň oduny tutaşdyrar. Liza, sen hiç haçan öz bagtyňy we şöhradyňy muşdaklaryň köplüginden gözlemegin. Olaryň sanynyň köplügi diňe tekepbirlik üçin gowy zatdyr, ýürege welin köplenç dert getirýändir. Mysal üçin, akyl-paýhas ikisini hem unap durka iki bäsdeşiň birini saýlamak, gör, nähili kyndyr. Biriniň, onda-da özüniň sylaýanlygyna diýseň aýdyň subutnamalar, berýän adamyň göwnüne degmek, gör, nähili agyrdyr. Meniň pikirimçe, ilkinji duşany maňlaýyna ýazylan adam bolup çykan zenan iň bagtly zenandyr. Men bu baby şeýle sözler bilen tamamlamakçydyryn: ýerdäki iň seýrek duş gelýän hadysa bolan hakyky söýgi juda hasratlydyr, şonuň üçinem sen bu duýgudan sap bolsaň, onda saňa şeýle söýgüsiz oňmak aňsat düşer, üstesinede seniň bagtyň mundan sähelçede zyýan çekmez. III bap Är-aýallyk hakynda Enaýyja, güler ýüzlüje, asylly terbiýe alan, gurpluja ýaş gyz, göwni islese, durmuşa çykmaga arkaýyn bil baglap biler. Liza, şol gylyklaryň hemmejesi hem sende bardyr, diýmek, senem är-aýallyga gadam urarsyň diýip umyt edibermelidir. Emma seniň bagtyň üçin, has dogrusy, ömürboýy bagtyň üçin men seniň juda ýaşlykda durmuşa çykmagyňy islämok. Birinjiden, seni hakyky söýgimi, akyl-paýhasymy, ýada sylag-hormat – haýsysy bagtyňy açsada, sen hiç haçan edil häzirkiň ýaly erkana bolup bilmersiň. Häzir seniň durmuşyň ähli aladalardan, bişeýkelliklerden azatdyr, ýeňil-ýelpaýja hasratlar bolsa diňe göz açyp-ýumasy salymlyk myhmandyr. Kakaňy gözüň göreji ýaly görmek, ol barada aladalanmak, onuň ýumuşlaryny bitirmek we ýazyksyzja eşretler barada arzuw-hyýal etmek, ynha, seniň etmeli işleriň şulardyr. Ýöne welin durmuşa çykdygyň iş-aladaň şolbada artar, söýgüliň bagty seniň eliňde bolar, wezipeleriň möhümleşer: öýi dolandyrmaly, hyzmatkär aýala gözgulak bolmaly, myhmanlary kabul etmeli bolarsyň, bu wezipeleriň barjasyndan öz-özüňe seretmek, öz-özüňi dolandyrmak iň esasy wezipe bolar. Adamyň diňe has möhüm ýagdaýlarda ýumuş buýrar, maslahat berer, beýleki ownuk-uşak ýagdaýlardan bolsa özüň baş alyp çykmalysyň. Jemgyýetde uly gyzyň wezipelerine garanyňda ýaş gelniň wezipeleri has uludyr. Hemmeleriň ünsi ýaş gelindedir. Ejesiniň ýada başga bir sylagly-hormatly zenanyň ýany bilen ile çykan gyz birneme çekinjeň ýalam bolsa, oňa gorkup oturasy iş ýokdur. Ärli aýalyň bolsa öz eli, öz ýakasydyr, ol näçe ätiýaçly bolsada, her bir sözüne, her bir hereketine şonça eserdeň bolmalydyr. Munuň üstesine enelik borçlary hem onuň iş-aladalaryny ep esli artdyrar... Men, iň gowusy, durmuşa çykmazlykdyr diýemok. Munuň özi Hudaýyň buýrugynada, tebigatyň kanunlarynada ters geljek. Ýöne, Liza, men är-aýallygyň diňe bir şatlykly ýagdaý däldigini, onuň borçlarynyň biziň pikir edişimizden agyrdygyny, onda müňlerçe owunjak aladalaryň tapdyryp durandygyny, şonuň üçinem ýetişen gyzyň durmuşa çykmaga gatybir howlukmaly däldigini nygtamak isleýärin. Men beýan etmegä beýlede dursun, eýsem düşünmesi hem kyn bolan elhenç hasratlaryň üstünden eltýän şowsuz nikalar baradaha entek gürrüňem edemok. Men diňe bagtly är-aýallyk hakda gürrüň edýärin, sebäbi munuň başgaça bolmagyndan meniň gyzymy, goý, keremli kadyr Hudaýyň özi gorasyn. Hernäme diýseňem iň bagtly är-aýallygy hem onçakly ýeňil ýük hasap etmek bolmaz. Ýaş zenan durmuşa çykmak bilen, gerekmejek ýagdaýlarda käbir erkinlige eýe bolýandyr, ýöne möhüm ýagdaýlarda bolsa ol ony badabat ýitirýändir. Goý, äri diýmäliň, aýallyk borçlarynyň özi hem ony atasy öýünde peýdalanan garaşsyzlygyndan mahrum edýändir. Ata-enä gulak asmak, olara tabyn bolmak bize tebigy zat bolup görünýändir. Biz muňa çagalykdan endik edip gidendiris, şonuň üçinem bu ýagdaýy gulçulyk diýip aýtmaga hiç kimiň dili barmaz. Ýöne är-aýallyga gadam uran badyňa erkinligiňi ýitirýänligiň köre hasa bolup durandyr. Liza, sen är-aýallykda özüňe käbir derejede meniň beýan etmelerimden belli bolan sahawatlylyklaryň birentegini hökman ýerine ýetirmeli bolarsyň. Sabyr-takat, kaýyllyk, egilişik etmek, mydama bir bolşuňy saklamak söýgüli hem bagtly bolmak isleýän her bir zenan üçin zerur zatlardyr. Ýöne olary her bir pursatda mydamalyk saklamak üçin, gör, nähili tagallalar gerek! Meniň pikirimçe, är-aýalyň bagty nikanyň ilkinji ýylyna baglydyr. Adatça, iň gowy ýyl şodur diýip aýdýarlar. Belki, şowsuz är-aýallykda bu beýle bolsada bolýandyr, ýöne bagtly är-aýallykda soňky ýyllar has ýakymly bolýandyr. Ilki-ilkiler ýada anygrak aýtsaň, birinji ýylyň dowamynda är-aýal biri-birini gowy tanap başlaýandyr, sebäbi olar esli wagtlap tirkeşen hem bolsalar, bir-birleriniň diňe gowy taraplaryny bilýändirler, bir-birleriniň kemçilikleri bolsa olara belli däldir. Ilkinji ýyl aýal ömürlik dosty we daýanjy bolan hemrasyny tanajak bolup jan etmelidir. Liza, käte gynançly lapykeçligi görerin diýseň, är-aýallyga gadam uranyňda, adamyňda öýlenjek ýigitkä görmedik kemçilikleriňi görjekdigiňe, adamyň seň bilen bolşuny üýtgetjekdigine, eglişige ezber, diýen ediji, aşyk ýigidiň toýdan soň saňa erk edip ugrajakdygyna taýyn bolgun. Erkek kişiler diňe wagtlaýyn bendimizdir, soňra bolsa olar hemişelik hökümdarymyzdyr. Munuň özi Hudaýyň işidir, oňa düşünesi gelmeýän zenan öz eli bilen öz bagtyny ýatyrýandyr. Liza, zenan maşgalanyň beýle ýazgydyna hapa bolmagyn, sen kadyr Hudaýyň öwütlerine dilsiz-agyzsyz tabyn bolmalysyň. Men sen şeýle bir adama durmuşa çykarsyň, oňa tabyn bolmaklyk seniň üçin ýakymly wezipä öwrüler diýip pikir edýärin. Eger adamyň özünden on ýaş dagy uly bolsa, bu entek betbagtçylyk däldir, är-aýallykda doly bagtly bolmak üçin adamyň ýaş babatda-da, akyl-paýhas, bilim babatda-da senden gala bolmalydyr. Elbetde, ýaş tapawudynyň ululygy käte kämil hemde näzik sazlaşyga zyýan berýändir, ýöne barybir ähli artykmaçlyklar erkek adamyň tarapynda bolsa, hemişe gowy bolýandyr. Zenan maşgalalar egilişik etmek we gulak asmak üçin ýaradylandyr, olar höküm etmek sungatyny bilýän däldirler, şonuň üçinem käte paýlaryna häkimlik ýetdiräýeninde-de, olar ony öz zyýanlaryna peýdalanýandyrlar. Biz aýaly çäklem bolsa, adamsy akylly-başly, aýaly garybam bolsa, adamsy gurply we ş. m. müňlerçe agzybir är aýaly bilýäris. Ýöne şol artykmaçlyklar aýalyň tarapynda bolanynda, bagtly är-aýallygy gören az-azdyr. Hawa, mähriban Lizam, sen egilişik etmäni we sadyklygy aýalyň ilkinji sahawaty hasap etgin. Ýöne olary lepbeýlik derejesine ýetirmek gerek däldir: aňry çägine ýetirilen çendenaşa alçaklyk eýýäm öz gowy tarapyny ýitirmek bilen bolýandyr, ol hatda minnetdarlyk hem döredýän däldir. Gyzym, şeýlelikde sen durmuşa çyksaň, ilkinji ýylyň ömürboýy özüňi alyp barmagyň ýoluny kesgitlegin. Umuman, är-aýallyk olaryň duýgularyny we häsiýetlerini üýtgedýändir, ölüp-öçüp barýan ýigit basym göwnibir äre öwrülýär diýip erkek kişilerden zeýrenilýändir. Beýle ýagdaýlar bolmasyna bolýandyrda, ýöne bu babatda köplenç aýallar ýazykly bolup çykýandyrlar. Olar entek durmuşa çykmankalar şeýle bir eýjejik, ümsüm, hemmelere, aýratynda durmuşa çykjak ýigitlerine güler ýüzli bolýandyrlar. Onsoň öýlenjek ýigit öz alnynda durany perişde saýýandyr we ony baky söýjekdigine hyjuw bilen ant içýändir. Aslynda bolsa şol perişdeler durmuşa çykan batlaryna öz kemçiliklerini açyp, üýtgetmek bilen bolýandyrlar we ýasama näziklik edip, ärleriniň ýürek-bagyrlaryna düşýändirler ýada sowuk, parhsyz adama öwrülýändirler. Olaryň käbiri kaşaň geýinýändirler, ýöne özgeler üçin bezenýändirler we diňe märekede öz dilewarlyklaryny, zehinlerini görkezýändirler. Beýlekileri bolsa hapysalyga çenli gözden düşýändirler... öňler adamlaryň göwnünden turan hünärlerini ýatdan çykarýandyrlar. Ärlerine gowy görünjek bolup çigit ýalyjak hem alada edýän däldirler, munuň tersine, olar uly iliň özlerini söýmegini talap edýändirler. Liza, sen durmuşa çykyp, bagtyýar bolmakçy, ömürboýy adamyň hamraklygyny saklamakçy bolsaň, onuň ýanynda, edil durmuşa çykmadyk wagtyňdaky ýaly, mylaýym hem sypaýy bolmaga çalyşgyn. Ilkinji ýyl soň ömürboýy nähili bolasyň gelýän bolsa şol hili bolgun we adamyňa hemişe gowy görünmek islegiňi saklagyn: öňler ony heýjana getiren gylyklaryň hiç birini ünsden düşürmegin. Öňküleriň ýaly, belki öňküleriňdenem artyk, her bir hereketiň owadan, lybasyň päkize hem gowy bolmagy ugrunda çalyşgyn. Hiç haçan adamyňdan öýlenmänkän eden ýaranjaňlygyny talap etmegin, sebäbi bu mümkin däldir. Adamyňa özüň bilen öýde bolmagyň ýakymly görünmegi, çuň lezzeti başga ýerden gözlemäge mejbur bolmazlygy üçin alada etgin. Onuň gowy görýän tanyşlary bilen agzybir ýaşagyn, onuň iň maýdaja endiklerine çenli biljek bolgun we olaryň gaňryşyna gaýtmagyn, ownuk-uşak zatlarda-da halyndan habar alyp durgun we ony mylaýym aladaň bilen gurşagyn. Munuň özi äriňi özüňe mydamalyk bendiwan etmegiň iň gowy serişdesidir. Onuň rahatlygy we göwnünden turmak barada birsyhly alada edip dursaň, ynanaý, hiç ýer oňa öýi ― seniň ýanyň ýaly ýakymly görünmez. Şonda hiç zat ony senden daşlaşdyryp bilmez, ol myhmançylyga gitmesini hem goýar, ýogsam näme, onuň seniň ýanyňdan başga hezil ýer tapjak gümany barmy? Şelaýynlyk edip, näzirgäp gowy görneniňden, sen şeýtseň, adamyňa bolan söýgiňi has gowy subut edersiň. Eger çala-çula ýoňlanyňy aňsaň, çydajak bolgun we zeýrenip, ah-wah etmegin. Beýle iňňildiler derdi ýeňletmän, gaýtam ýürege düşýändir. Hemişe bir bolşuňy saklajak bolgun, bu özüňe aňsat düşmesede ähli zatda oňa eglişik etgin, ýöne bu egilişigiň akyl-paýhasdan çapraz düşmesin. Adamyňa ynamyň çäksiz bolsun, ondan hiç zady gizlemegin we onuň bilen birsyhly maslahatlaşyp durgun. Onuň sarpasyny saklagyn, şeýtseň, ol mertebesiniň hatyrasy üçin seniň duýgularyňa mynasyp bolmaga jan eder. Has uly gynanjyny sen oňa mylaýymlyk bilen aýan etmäge, ýeňil-ýelpaýlaryna garaşyk etmäge çalyşgyn, özüň welin ony bolgusyzja bir zat bilenem ynjytjak bolmagyn. Zenan maşgalalar ýürekleriniň açyklygy bilen tapawutlanýandyrlar, olar diňe şolar bilen şan-şöhrat gazanyp, diňe şolar bilen görelde bolup bilýändirler. Duýgusyz, gödek zenan öz jynsyny masgaralaýandyr, erkekler üçin diýseň ýakymsyzdyr, äri üçin bolsa juda ýigrenjidir. Hiç haçan oňlulygyň üstünden eltmeýän gabanjaňlygyň ýokundysynyňam bolmazlygyny gazanmak gerekdir. Ärleri beýleki aýallaryň tarypyny edip, olaryň hal-ahwallaryny soranlarynda, birentek aýal örtenip bişýändir, eýsem, bu paýhaslylykmydyr? Eýsem bolmanda, erkek adam öýlendim diýip, adamlara bolan garaýşyny üýtgetmelimidir ýada öz aýalynyň agzyna seredip oturmalymydyr? Munuň özi gülkünç hem akmaklyk bolýar ahyryn! Liza, goý, seniň adamyň beýleki aýallaryň akyl-paýhaslaryny, gözelliklerini görüp, olara telpek goýsun, ýöne sen oňa gün yrman dünýäde hernäçe akylly-başly, gözel zenanlar bolsada, diňe özüňiň bagtyýar edip biljekdigiňi özüňi alyp barşyň bilen ynandyryp durgun. Men onuň saňa gabanjaňlyga birjikde bahana bermejekdigine güwä geçýärin. Gepiň tümmek ýeri, aýal öz äriniň mysalynda bir wagtyň özünde kakasyny hem, dostuny hem görüp bilse, ana, şonda söýgüsi paýhasly bolup, özüni alyp barşy bagtyň üstünden eltip biler. Öz keramaty bilen maňa eçilişi ýaly, saňada şeýle är bermegini Hudaýtagaladan ölýänçäm dilärin. Bu möhüm işde gaýdyp saňa özümiň ýol görkezmejegim, bu möhüm edermenlige gaýdyp ak pata bermejegim her gezek ýadyma düşeninde, gözlerimiň owasy ýaşdan dolýar... Ýöne men saňa iki sany howandar goýup gidýärin, olaryň biri asman bolsa, ikinjisi ýerdir. Bu pikir maňa birneme teselli berýändir. Seniň paýhaslylygyň hem meniň howsalamy köşeşdirýändir. Men seniň öýde diýseň şady-horramdygyňy, meniň ölümimden başga hiç zadyň seni gam laýyna batyryp bilmejekdigini bilýärin. Iň esasy zat: durmuşa çykanyňda gyssanmagyn! Öňinçä bütin ömrüňi bagtly etjek adamyňy änigine-şänigine çenli tanagyn. Köp kişiler ýaly, onuň din barada ýeňles pikir etmezligine, ýöne hakyky takwa adam bolmagyna esewan bolgun. Sen esasy ünsi onuň daş keşbine, owadanlygyna, wezipesine, baýlygyna bermegin, çünki är-aýallyk bagty bu zatlara bagly däldir. Ynsanyň kämil däldigine gözüň ýetip durka, öz kemçilikleriňi boýun algyn, şeýtseň, adamyňda-da ýalňyşlyk bolmazlygyny talap etmersiň: bagt diýýäniň, ynha, şundadyr. Men adamymyň biwepalylyk edenini göremok, saňa boýun alaýyn welin, ol biwepalylyk edäýse, men çydabam biljek däl. Liza, sen hem beýle elhenç, egsilmez gussa duçar bolmaýadyň diýip umyt edýärin. Ýöne welin, göwnüme bolmasa, şeýle ýagdaýda arany açyp barýan ýüregi iňirdidir igenç hem, perwaýsyzlyk hem gaýtaryp getirip bilmejek ýaly. Muny diňe näzik dostluk bilen mylaýymlyk başaryp bilýändir. Adamsy bilen hemişe agzybir ýaşaýan, ony söýýän, oňa ynanýan, oňa gowy görünjek bolup jan edýän aýal uzak wagtlap onuň söýgüsinden mahrum bolup gezip bilmez. Hökman wagty ýetip, duýgudyr ökünçden doly adamsy ýene onuň ýanyna dolanyp geler. Ýöne, goý, Hudaýjan seni beýle göreşlerden we ýeňişlerden aman-esen saklasyn. Saňa adamyňa wepaly bol diýip sargamany özüme artykmaçlyk diýip hasap edýärin, çünki asylly hem sahawatly aýal başga birine gowy görünmäge, keseki ýüreginde söýgi döretmäge milt hem edip bilmez. Seniň hiç haçan äre çykmazlygyňam bolup biljek zat däldir. Köplenç aýal maşgala är-aýal bolmaga dürli ýagdaýlar päsgelçilik berýändir. Men şeýle mysallary telimsini görüp, şolar ýaly bolaýanynda hem örtenip bişip oturmagyň gerek däldigine göz ýetirdim. Adam ähline gahar edip ýörmese we talapdan gaçmasa, garry gyzyň hem söýülip, bagtly bolup biljekdigi ikuçsuzdyr, üstesine bu birjikde gülkünç bolmaz. Elbetde, aýal, ene has köp lezzet alýandyr, ýöne muňa derek onuň erkinligi, ynjalygy az bolýandyr. Tebigat är-aýallyga uly salgyt salypdyr, şol bergini bermek üçin bolsa näçe sahawadyň gerekdigini özüň gördüň. Elbetde, zenan maşgalanyň esasy wezipesi aýal hem ene bolmakdyr, bu wezipelerden daşgary onuň beýleki wezipeleri hem bardyr. Olaryň her biri gyz, uýa, jora, raýat hem bolup biler, eger zenan maşgalanyň söýer ýaly adamy bolsa, ol peýdaly hem hökman bagtyýar bolar. Terjime eden: Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 2/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |