12:59 Mährem enäniň ýazgylary -16/ soňy | |
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Dördünji bölüm IV bap Ene mähri hakynda Çagalar är-aýal söýgüsini şeýle bir pugtalandyrýarlar, şeýle bir artdyrýarlar welin, sahawatly hem duýgur aýal durmuşa çykanynda, çagaly bolmak bagtynyň näçe hupbat ýuwutdyrýandygyny bilsede, çagaly bolmagy arzuw edişi ýaly, hiç zady arzuw edýän däldir. Ene diýen hormatly at göýä bolmasa, onuň durmuşyny, akyl-paýhasyny, kalbyny bezäp duran ýaly. Ol çaga hatyrasy üçin ýaşamakdan ötri saglygyny aýaýandyr, oňa görelde bolmak üçin sahawatyny artdyrýandyr, onuň bilen paýlaşmak üçin bilim-sowat alýandyr. Ene mährini suratlandyrmaga hiç kimiň gurby çatýan däldir, onsoňam dünýäde hiç bir hamraklyk onuň hamraklygyna taý gelip bilýän däldir. Gyzym, bu kiçijik bapda men saňa, Hudaý berse, çagalaryňy söýgün diýip maslahat berip durjak däldirin. Beýle ýagdaýda wagşy haýwanlar hem öwüt-ündewe mätäç däldirler. Men diňe saňa enäniň borçlaryny gysgaça beýan edip, çagalaryňy nähili söýmelidigini öwretmek isleýändirin. Biziň jynsymyzyň ejizligini bilmek bilen, Hudaýtagala biziň borçlarymyzy hem çäklendiripdir. Öz üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zenan maşgala güýçli kalp, artykmaç zehin, üýtgeşik sowatlylyk gerek däldir, oňa diňe syzgyr ýürek, sagdyn paýhas, maşgala imisalalygy zerurdyr. Şeýle şertlerde ol göwnaçyk gyz, uýa, jora, öý eýesi, raýat aýal we ene bolup biler. Ene bolmaklyk olaryň hemmesinden degerlidir, ol akyl-paýhasyň, aladaçyllygyň bolmagyny talap edýändir, sebäbi çagalary mylaýymlyk bilen söýmeklik ýeterlik däldir (bu duýgynyň enäniň süňňüne ykjam ornaşany üçin, ony bitirilen hyzmat hasap etmek bolmaz), çagany akyl-paýhas bilenem söýmek gerekdir. Çendenaşa hemde paýhassyz söýgi köplenç çagalara perwaýsyzlykdan hem kän zyýan berýändir. Enäniň çagasyna bolan borjy bäbek dünýä inmänkä başlanýandyr. Ol ene boljagyny bilen dessine özüniň saglygyny aýamak, artykmaç hereketlerden gaça durmak we çaga üçin zerur ähli zatlary taýynlap goýmak bilen, çagasyna bolan söýgüsini subut edýändir. Eger enäniň jany sag bolup, gurby çatsa, onda çagasyny özi emdirmelidir. Bu borjuň birentek hysyrdysy we ýakymsyz taraplary bardyr, ýöne çaganyň ýekeje ýylgyryp bermesi, mähri, sagatjalygy, sagdynjalygy bu zatlaryň barysynyň öwezini dolýandyr. Eger ene ysgynsyzlygy ýa göwsi zerarly bu zatlary özi ederden ejiz bolsa, eneke tutanynda juda seresap bolmalydyr, ol şeýle ýagdaýda enekäniň saglygyna we häsiýetine üns bermelidir we onuň bilen birlikde mümkin bolan oňaýlyklaryň aladasyny etmelidir. Bäbek gundagdan çykan badyna ene ondan gözüni aýyrmaly däldir we onuň mundan beýläkki terbiýesi barada oýlanyp ugramalydyr. Adam çagalykdan başlap, erbet göreldä ýykgyn etgiç bolýandyr, ol entek gepläp bilmänkä ýaramaz gylyklary öwrenmäge ukyplydyr. Şonuň üçin çaga sallançakdaka oňa göz-gulak bolup durmalydyr, onuň nämä ýykgyn edýändigini öwrenmelidir, ony ýaramaz gylyklardan saklap, onda gowy häsiýetleri oýarmalydyr. Bu ätiýaçlyklar äsgermezçilik edileninde, juda gynançly netijelere getirýändir, sebäbi biziň süňňümize ornaşan endiklerden dynmak ýaly kyn zat ýokdur. Her çaga diýen ýaly öz häsiýeti bilen dogulýandyr, şonuň üçin olaryň hersi bilen bir tüýsli iş salyşmak gerekdir. Bu aýratynlyklary tapawutlandyryp bilýän we çaganyň mundan beýläkki terbiýesini şoňa görä alyp barýan diňe enedir. Gyzym, eger uzagyndan çagaň bolsa, sen olaryň kalplarynyň we ýürekleriniň kemala gelmegi baradaky aladany keseki adamlara ynanmagyn, bu babatda dünýäde ýekeje enekede seniň ornuňy tutup bilmez. Zenan maşgalalaryň köplenç ýaş wagtlary meşgullanýan ähli ylymlarynyň we sungatlarynyň iki maksady bardyr: olaryň biri öz gözelliklerini artdyrmakdan, ýigitlere gowy görünmek üçin serişde gözlemekden ybaratdyr, ikinjisi, meniň pikirimçe, has esasy – olary çagalara gönükdirmekdir. Elbetde, töwerekden kömek bolmasa, onda-da birentek çagaň barka kömeksiz bolmak mümkin däldir. Beýle ýagdaýda, Liza, men saňa görelde bolup bilerin. Saglygymyň elhallygy, aýalyň we öý eýesiniň borçlary bar aladamy sen edip seretmäge maňa mümkinçilik bermedi, emma men kesekiniň kömeginden peýdalananam bolsam, muny diňe sungat üçin edipdim. Ýöne men seniň kalbyňy we akylyňy taplamagy seniň dine we sahawatlylyga uýgunlaşmagyňy hiç kime ynanmadym. Seniň jigiň hem on iki ýaşaýança meniň elimde ulalypdy. Kakaň onuň bilen gimnaziýa girmek üçin zerur bolan käbir sapaklar boýunça meşgullanýardy, men bolsam köplenç saňa diniň esaslaryny öwretmäge jan edýärdim, sebäbi onsuz öz eliň öz ýakaňka azaşaýmagyň kyn däldi. Öz öwüt-ündewlerim oglumyň hakydasyndan çykmaz, ol sahawatlylygy söýer we ejesini minnetdarlyk bilen ýatlar diýen umydym bardyr. Liza! Senem ogullaryňy öýden şeýle ýagşylyklar bilen ugratgyn. Saňa has uly bagt garaşýandyr, sebäbi sen çeken azaplaryň miwesini görersiň we garran çagyňda çagalaryň bagtynyň we sahawatynyň görnüşinde sylagyňa gowşarsyň. Gyzyň akyl-huşuny kemala getirip, onuň zehinini artdyryp, sen onuň ýan-ýoldaş saýlap almagynada ýolbaşçylyk edersiň we alnynyň açyk bolmagyny arzuwlarsyň. Wah, maňa berilmedik eşret saňa bir beriläýsedi! Liza, sen öz perzentleriňi gowy görgün. Panydaky zatlara öte hamraklyk etmäni bize diniň özi hem gadagan edýändir. Bu gadaganlygyň sebäbi ynsan bagtydyr. Eýsem ýitirip bolaýjak zady, heý, öz ynjalygyňy ýitirmänem söýüp bolarmy? Goý, seniň hiç bir hamraklygyň, hiç bir duýgyň aram ýagdaýdan we akyl-paýhasdan aňry geçmesin. Ähli ýakyn adamlaryňy özüňi gowy görüşiň ýaly gowy görgün, ataň-eneňi, adamyňy, çagalaryňy, dostýarlaryňy, watanyňy olardanam eý görgün, Hudaýtagalany bolsa hasda yhlasly söýgün. Duýgynyň çägi, ine, şudur, ondan aňryk zowalsyz geçme ýokdur. Ene mähri ýaly çuňňur duýgy duş gelýän däldir. Ata enä hamraklykdaky öte geçmeler sylag-hormat bilen çäklendirilýändir, söýgüde bolsa oňa zenan maşgala mahsus bolan pespällik çäk goýýandyr. Ýöne çagalara bolan hamraklygyň çägi ýokdur, bu hamraklyk belli bir derejede borjuň özi bilen delillendirilýändir. Söýmäge ukyply ýürege şeýle ýagdaýda azaşmakdan aňsat zat ýokdur. Meniň öz ýazgylarym arkaly seni ondan halas edesim gelýändir, sebäbi men çendenaşa ýukaýürekligiň zyýanlydygyny öz tejribämden bilýändirin. Enäniň üznüksiz gynançlaryny hasaba almanyňda-da, çenden aşa ýukaýürekliligiň netijesi çagalara has hem zyýanly täsir edýändir. Ene öz öte geçmeleri üçin tölenmeli tölegi saglygy hem rahatlygy bilen tölese, çagalar häsiýetleri we ýürekleri bilen töleýändirler. Çagadaky duýgurlygy üznüksiz läliksiretmegiň, käteler bolsa birahat kökenek bolmagyň küteldişi ýaly, hiç zat bilen küteldip bolmaýanlygy bireýýämden bäri bellidir. Şeýle mylakatlylyga öwrenişen çaga özi barada uly pikirde bolýandyr we köplenç ýeketabak bolup çykýandyr, ýakyn adamlaryny söýmek ukybyndan mahrum bolýandyr. Öz duýgularyňy hemişe akyl-paýhasa tabyn edip biljegiňi bilsemde, Liza, men saňa ähli hamraklygyňy çagalara, onda-da olar kiçijikkäler, siňdirjek bolup durmazlygy maslahat berýärin. Adama hondanbärsi bolmazlyk ýaly bagt eçilýän, oňa sylag-hormat getirýän zat ýok bolsa gerek. Çagalaryňy özleri barada çakdan aşa köp pikir etmezlige endik etdirgin. Öýde bolanyňda, myhmançylykda bolanyňda, olary kimedir birine seretdirjek bolmagyn. Ýanlaryndakaň olary öwmegin, çaga bäş ýa alty ýaşanda mylakatly sözleri seýregräk eşitmelidir, şeýdilse, ol her gezek süýji sözleri sylag hökmünde kabul eder. Men bu ýerde terbiýe barada gürrüň edip oturmakçy däldirin, sebäbi munuň üçin köp tagalla gerekdir, ýöne meniň saňa enäniň borçlaryny ýatladasym, seniň çagalary nähili söýmelidigiňi öwredesim gelýändir. Men tejribäm boýunça saňa bir zat aýdaýyn. Çagalar bilen iş salyşanyňda duýgurlykdan seresap bolşuň ýaly, olar bilen hemişe mylaýym gürleşmelisiň. Çendenaşa duýgurlyk, elbetde, çagany zaýalaýandyr, ýöne olara paýyş sögünçler, käbir eneleriň zerur hem paýhasly görüp öwredýän gödeňsi, janagyryly äheňi ýaly kesirlik hem hötjetlik öwredýän zat ýokdur. Mylaýymlyk arkaly hernäçe dyzmaç häsiýeti jylawlasa bolýandyr. Şeýle mylaýym gatnaşyga öwrenişen çagalara sähelçe özgerişlik hem temmi bolup görner. Meniň özümä size başgaça daramokdym. V bap Ýokary gatlak we jemgyýetçilik pikiri hakynda Geljekki zatlardan enäniň hem habary ýokdur, obada, maşgalaň arasynda ýaşajakmy ýada paýtagtyň şagalaňynda ýaşajakmy, men seniň takdyryň nähili boljakdygyny bilýän däldirin. Bu nämälimlik ýüregimi gysyp-gowrup barýandyr. Syry açyp, takdyryň seniň maňlaýyňa näme ýazanyny bilip bilsem, men Hudaýtagalanyň özüme eçilen sanlyja gününden gypynç etmän geçerdim. Kakaň on sekiz ýaşyňy doldurdygyň seni Peterburga alyp gitjekdigine maňa söz berdi, sen ol ýerde daýzaňyň hossarlygy astynda gowy maşgala bilen tanyşarsyň. Men serişdesi we jemgyýetdäki ýagdaýy mümkinçilik berse, ýokary gatlagyň adamlarynyň arasynda ýaşamak birkemsiz sowat alan gyza päsgel berer öýdemok. Saýhally zenan maşgala zerur bolan ýeserligi we edepsizligi diňe şol ýerde öwrense bolar. Onsoňam ony onçakly söýmezlik we parahat sagdyn oba durmuşynyň gadryny bilmek üçin şol gatlagyň ýaşaýşyny öwrenmek gerekmikä diýýärin. Ýokary gatlak özüniň ähli eşretleri bilen özünde hiç haçan ýaşap görmedik, onuň elpe-şelpelikleri barada diňe daş gulakdan eşiden ýada onuň romanlarda onçakly dogry gelmeýän suratlandyrylmasyny okan adamlar üçin hemişe albaý bolup durandyr. Ol ýakyndan seredeniňde, gözelligini birneme ýitirýän ýalydyr, ýöne oňa siňe-siňe sereden adam onuň daşdan görünýän owadanlygynada, keýpsapasynada aňsat-aňsatlar duş gelip bilýän däldir. Eger sen ýokary gatlagyň adamlarynyň arasyna gyzkaň barsaň, paýtagta durmuşa çykan ilkinji ýylyň olar bilen ýüzbe-ýüz bolandan has ýeňil bolar. Sen olaryň şelaýyn sözlerine, kelläňi aýlajak bolmalaryna ýol bermezlik barada alada etmelisiň. Ähli babatda kakaň we sarpaly daýzaň diýenlerine gulak asmalysyň. Birkem siz terbiýeli, ýeterlik şaýsepli täze zenan hökmünde sen, elbetde, birentek muşdagyň ünsüni özüňe çekersiň, ýöne eger kelpezlik etmeseň, sen hiç haçan beýleki gyzlaryň gözi gider ýaly, onçakly köp ýigidi özüňe bendi edip bilmersiň. Diňe saňa öýlenmek islän ýigitler seniň ugruňda pelesaň kakarlar, ýöne sen hemmeler bilen edepli gürleşip, kakaň ikiňiz seniň bagtyň üçin gerek gylyklary tapjak ýigidi saýlap-seçmelisiň. Ýöne öýlenjek ýigitleriň sany köp bolmaz, onsoňam görk görmegiň onçakly bolmansoň, şaý-sepiň birnäçe ýüz müňden geçmänsoň, seniň hiç hili şowhun döretmän, idili täsir galdyrman ýokary gatlagyň sahnasyndan düşüp gitjegiňe gözüm ýetikdir. Liza, sen maňa ynansaň, hakyky bagt ýokary gatlagyň adamlarynyň şowhunly öwgülerinde däldir. Men ýokary gatlakda saňa hiç kim haýran galmaz, hiç kimde hiç hili gülki döretmeýşiň ýaly, hiç kim seni öwüp arşa çykarmaz, sen ilkinji hem, iň soňky hem hasap edilmersiň, şeýdibem hiç kime köňül bermän, kelläňi aýlatman oba dolanyp gelersiň diýen umyt bilen öz-özümi köşeşdirýändirin. Paýtagtdan gaýdyp geleňsoň, sen obanyň parahat durmuşyna hezil edip tomaşa edersiň we özüňi jan-dil bilen gowy görýän adamlaryň saňa has ileridigini duýarsyň. Eger sen ýokary gatlakda mynasyp adama duşup, olam saňa öýlense, senem şol şowhunly şäherde ýaşamaly bolsaň, onda öz göwnüňe geňeşmeli we meniň gysgaça beýan etjek sadaja belliklerime gulak asmaly bolarsyň. Juda ýokaryk dyrmaşmagyn, ýöne özüňi hem kiçeltmegin. Hiç kim bilen dostlaşmagyn we gysgajyk tanyşlyklardan seresap bolgun. Mümkin bolsa, hemme ýerde ýanyňda adamyň bolsun. Eger saňa jora gerek bolsa, ony iň asylly aýallaryň arasyndan gözlegin. Hiç kim barada diliňi sala goýbermegin we hiç hili gybata we arabozarlyklara goşulmagyn. Hemme kişi bilen bir terzde gürleşip, sapara juda zerur halatlarynda çykgyn. Her meýlisde görnüp ýörmegin we dünýewi keýpler üçin öz borçlaryňa biweçlik etmegin. Her gün säheri öz işleriňe bagyş etgin, çagalar ulalyp, aladalar artanynda tanyş-bilişleriň bilen diňe adaty gatnaşyklaryňy saklamak üçin zerur möçberde barşyp-gelişgin. Uly şowhunlara mümkin boldugyça, seýrek gatnagyn, tans etjek bolsaň, otuz ýaşa çenli etgin we muny saglygyňa zyýan bermez ýaly etmäge çalyşgyn. Durmuşyň we wagtyň gadryny bilýän adam hemişe we hemme ýerde bagtyýar hem peýdaly bolup biler. Ýöne, Lizam, men saňa beýle takdyry arzuw edemok, sebäbi, meniň pikirimçe, iliň kän bir tanamaýan zenany has bagtyýardyr. Egerde Hudaý meniň arzuwymy ýerine gowşursa, onda seniň wezipäň meniňkä çalymdaş bolar. On sekiz ýaşyňda paýtagtda bolmak, birneme elpe-şelpeli ýurt görmek bilen, oba gaýdyp gelersiň we ýene iki ýylyňy kakaňa we öý işleriňe bagyş edersiň. Şonda bir hormatly, alçak hem sowatly goňşyň seniň razyçylygyňy sorar. Senem arkaýyn, öz razyçylygyň bilen, hiç hili romantiki wakasyz durmuşa çykarsyň. Belki, adamyň seni paýtagta ýada daşary ýurda gezelenje äkidip, saňa ýakymly güýmenje tapar. Ýöne seniňem arzuwyň meniňki ýaly bolsa, derrew oba gaýtmak bilen bolarsyň. Ýaş zenan, adatça, köp zada üns bergiç bolýar, onsoň tor bary gurlup, ýokary gatlakda ýaşamak uly hem birsyhly seresaplylygy talap edýändir. Eger zenan adamsyny gowy görýän bolsa, muşdaklarynyň öwgülerine baş hem galdyrýan däldir. Olaryň geýim-gejimleri, güýmenjeleri onuň gözünede ilýän däldir. Onsoň ol bularyň baryndan gorky-ürküsiz, howsala-ünjüsiz, diňe özi we adamsy üçin, sahawatlylyk ýoly bilen gidip biljek maşgala durmuşyny has gowy görýändir. Ýöne welin zenan maşgala özüni alyp barşyna esewan bolmalydyr, munuň üçin ýokary gatlakda ýaşamak hökman däldir. Ol oba hemişelik göçüp gelenem bolsa, adamlaryň arasynda ýaşamalydyr we olary sylamak barada alada etmäge borçludyr. Öz ýanyňdan pespäl we sahawatly bolmak ýeterlik däldir, pespälligiň, sahawatlylygyň iň bärkije şertlerini uly il üçinem aýap saklamalysyň. Metastazionyň pikiriçe, «zenan maşgalanyň abraýy çalaja öwsen şemalyň islän ýerine yralap duran çalajan gamşydyr, ýeňiljek alnan demiň howry hem ýüzüni örtüp duran dury aýnadyr». Abraýyň barada aladalanyşyň ýaly, hiç zat barada aladalanmagyn, goý, erkekler jemgyýetçilik pikiriniň üstünden gülseler, gülübersinler, biz ony sylamalydyrys. Sen şäherde ýaşaýarmyň ýa obada, ýokary gatlagyň adamymy ýa aşaky gatlagyň – hemişe jemgyýetçilik pikiri barada alada edip durgun. Goý, seniň kalbyň hem, etmişleriň hem arassa we päk bolsun. Adamlar saňa köplenç daş keşbiň boýunça baha berýändirler, muňa haýran galyp oturasy iş ýokdur... sebäbi biziň daşky hereketlerimiz göze ilgiç bolýandyr. Eger olar ýazgarylýan bolsa, onda oňat ada eýe bolandan, özümiz baradaky ýaramaz pikirden dynmak has kyn bolýandyr. VI bap Bagt hakynda Meniň ýazgylarym tamamlanyp barýar... Besdir... salym gowşaýar... Birnäçe günläp, pursatdan peýdalanyp, halym birneme ýeňilkä, mahal-mahal ony-muny çyrşan bolýaryn. Liza, basym biz hoşlaşmaly bolarys... Çyragymyň gitdigiçe öçüp barýanlygyny duýýaryn... Gyzym, seniň barlygyňda derdim onçakly agyr görünmeýän ýaly. Saňa peýda getirip biljek bu ýazgylarymy taslap ýörşüme men bu işden şeýle bir lezzet tapdym welin, köplenç näme sebäpli galama ýapyşanlygymy hem hakydama getirip bilemok. Jebri-jepalarym bu zatlary ölümiň öň ýanynda gyza berilýän maslahatlardygyny ýaňzydanynda, men agyry-ynjyma zordan basalyk etdim... Baby tamamlamak bilen, men maslahatlaryma pugta eýerseň, saňa nämeleriň garaşýandygyny görkezmekçidirin we bagt hakynda birnäçe söz aýtmakçydyryn. Ähli arzuw-islegleriň maksady, her bir adamyň ýaşaýşynyň maksady bagtdyr. Hemmeler onuň gözlegindedir, sadaka diläp elini serýän gedaýdan başlap, elýetmez şöhrat bilen gurşalan monarha çenli hemmeler onuň ugrunda ser-sepildir. Ýöne köplenç adamlar nähak azara galýandyrlar, ony ýok ýerinden gözleýändirler. Şöhrat, baýlyk, sylag-hormat olara al salyp, albaý bulaýandyr. Olar ony tutdum-tutdum diýenlerinde, salgym bolup görünýän ol eşret bada-bat gaýyp bolýandyr we adamlaryň paýyna gynanç bilen olaryň peýdasyz perişdelerdigi baradaky ynanjy galýandyr. Eziz Lizam, sen bagty ýagşylykdan gözlegin, şeýtseň, sen ony çalt taparsyň. Biribara lükgeligiň bilen ynangyn we päk wyždanyň saňa abadançylygy üpjün eder. Arzuw-islegiňde kanagatly bolup, diňe bolaýjak zady arzuw etgin, ýöne başa barmaýanynda-da onçakly gynanmaz ýaly, juda köp zady arzuw etmegin. Söýeňde, paýhas bilen söýgün, söýgiňe mynasyp adamlary söýgün. Boýun egseň, üýtgedip bilmejek zadyňa boýun eggin, täleýiňden razy bolgun, hiç kime hiç zady görübilmezçilik etmegin. Täze-täze borçlary oýlap tapjak bolman, özüňe buýrulanlary berjaý etgin we mal döwlet barada alada edenden, ilki bilen janyň saglygy barada alada etgin. Özüňe talapkär, owunjak etmişleriňede seresap bolgunda, iliň edenine-goýanyna onçakly baş galdyrmagyn. Goý, seni her bir adam gowy görsün we sylasyn, ýöne sen hiç kimde howatyrlanma döretmez ýaly pespäl boljak bolgun. Mümkin boldugyça, maňlaýy şorlara medet berip durgun, ýöne kömegiň üçin olardan taňryýalkasyn hantama bolmagyn, şeýtseň, ýagşylyga ýamanlyk etjege duşmajakdygyňa ynanaýgyn. Zähmete sarpa goýgun, şonda her bir işiň saňa ýakymly güýmenje bolar. Az okagyn we diňe saýlanan kitaplary okagyn, akyl-paýhasyňy taplamak üçin ir-gözin alada etgin, soň doly hasyl alaryň ýaly, tohumyňy ýaşlykdan seçgin. Ylmyň ösdüren tebigy zehinlerini äsgermezçilik etmegin. Yzda süýrenmegin, hemişe sahawatlylykda bolşy ýaly, bilimi ele almakda-da öňe dyzagyn. Ol ýa beýleki maglumaty soň alsamam bolar diýmegin, bu günki etjegiňi ertä goýmagyn. Adamlar hakyndaky pikiriňde we bolup geçýän zatlara garaýşyňda hemişe juwan bolgun. Ähli zat babatda ýagdaýyňa we ýaşyňa görä bolgun. Garrylyk ýakynlaşýar diýip, basga düşmegin. Ondan näme üçin gorkmalymyş? Eýsem, ol biziň uzak wagtlap ýagşylyk edip ýaşanymyzyň sylagy dälmidir näme? Garrylygyň öz lezzeti bardyr. Ýöne ol öz-özüne sarpa goýanynda ony bagtly, sylag-hormata mynasyp hasap etse bolar. Ýerdäki ýaşaýşyň soňuna golaýlaşyp başlanyňda, goý, Hökmügüýçlüniň tagtynyň ýanyna ilki seniň sogap işleriň barsyn we seniň azaşmalaryň üçin günäňi ötmesini Ondan dilesin. Şeýlelikde sen bagtyň lezzetini görüp, bu dünýäni gaýgy-gamsyz, ökünç puşmansyz terk edersiň. Ynha, telim gündür, meniň ysgynsyzja elim zordan galamy tutýar... pikirimem kynlyk bilen jemleýärin... ganymyň akyşynyň haýallanlygy duýulýar, diňe ejem jany, adamymy we doganyň ikiňizi ýatlanymda ýüregimiň gowşajyk urýanyny aňýaryn... Alnymdaky ähli zatlar gaýyp bolýar... birnäçe minutdan meniň üçin täze dünýä açylar. Men özümi çagyrýan sesi eşidýärin, ýöne munuň üçin howsala düşemok. Teselli beriji perişde meniň kalbyma şeýle diýýär: Ejeň, adamyň we çagalaryň bilen hoşlaşykda gurşap alan sansyz gaýgy-hasratlaryň Ýaradany yrdy. Ol seniň günäňi ötdi, indem saňa garaşýar... ‘‘Barýan, barýan... ýuwaşja, ýöne gorky-ürküsiz barýan... Ýöne, Taňrym, huzuryňa barmazymdan ozal gyzym bilen birki agyz gürrüň etmäge maňa rugsat ber... Liza, meniň seniň bilen hoşlaşasym we saňa ak pata beresim gelýär. Düýn men seniň bilen şu ýazgylar barada gürrüň edenimde, seniň gözýaşlaryň we möňňürmeleriň aýtjak bolan sözleriň üstüni basdy, ýöne men olary ýüregim bilen duýdum... Men bu minutyň hiç haçan ýadyňdan çykmajakdygyny gördüm, diýmek, men bu maslahatlary biderek ýazman ekenim, sen olara gulak goýarsyň, diňe eňek atyp barýan ejeň hakyndaky ýatlama seni azaşmalardan halas eder, sahawatlylygyňy artdyrar. Bu pikir meniň soňky minutlaryma teselli berýär... galamymy taşlaýaryn... özümi we sizi Hökmügüýçlä tabşyrmak we mährim siňen adamlarymy bagryma basmak üçin soňkuja güýjümi aýasym gelýär. Gyzym, hoş gal... Ýene görüşjek wagtymyz geler... men siz bilen baky hoşlaşamok, ol ýerde bakyýetde duşuşyp, müdimi bile bolarys. Wah, bu süýji arzuwlar meniň iň soňky hoşlaşyk pursatlarym maňa, gör, nähili teselli berýär. Liza jan, bagyşlaweri!... Alla ýaryň bolsun, halasgär perişde mydam hemraň bolsun! Soňy Rus dilinden terjime eden: Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 2/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |