08:54 Mährem enäniň ýazgylary -13/dowamy | |
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Üçinji bölüm II bap Bilesigeljilik we gybat hakynda Adatdan daşary bilesigelijilik bilen gybata bolan ägirt uly meýli birleşdirmek üçin zenan maşgala bolmak besdir diýen pikir örän giň ýaýrandyr. Onsoňam özümize ynanylan syry saklamak biziň jynsymyz üçin duranja bir güzapdyr hem diýýärler. Dogrusyny dogry aýtmaly, beýle aýyp duş gelýän zenan bir ýa iki däldir, bu babatda erkekleriň arasynda-da bize meňzeýänleriň tapylyşy ýaly, aýallaryň arasyndada hiç haçan özüne degişli däl zady biljek bolup jan etmeýän, gybaty öler ýaly ýigrenýän, kesekiniň.syryny saklap bilýän zenanlarada duş gelse bolýandyr. Gyzym, sen, ine, şeýle zenanlaryň hatarynda boljak bolgun, şeýtseň, sen durmuşdaky birentek ýakymsyz zatlardan halas bolarsyň. Bu aýyplaryň ikisi hem uly il bilen agzybir ýaşamagyň, hatda är-aýallyk durmuşynyň imisala bolmagynyň hem ganym duşmanydyr. Gybat söýýän bilesigeliji aýal hökman tanyşlary bilen sögüşýändir. Hiç haçan äriniň doly ynamyna girýän däldir. Käteler juda möhüm syrlar hem duş gelýändir, onsoň şeýle syrlary neneň edip içinde hiç zat saklap bilmeýän adama ynanjak? Är-aýallykda bolsa, birek-birege ynam kepilnamadyr. Eger sen özüňden bir zat gizlenýändigini aňsaň, munuň şeýle bolmalydygyna şek-şübhe ýokdur. Bilesigeliji bolmagyn, syry açjak bolup, kelläňe agram salmagyn we tagapyl etgin. Eger ol saňa degişli bolsa, özi hem peýdaly çyksa, ony, barybir, saňa açarlar. Eger käbir adamlar seniň ýanyňda ýuwaşja gürleşýän bolsalar, olardan araňy saýlagyn, iliň gürrüňini diňlemek ownukçyllygyň hem medeniýetsizligiň alamaty hasap edilýändir. Eger saňa syr ynanýan bolsalar, sen ony, doga gaplan ýaly etgin. Özüňem ony ile jar etmegä beýlede dursun, gaýtam ony bilýändigiňem aňdyrmagyn. Ataň öýündekäň, özüňem ýaşkaň biri saňa söýýänligini aýtsa, özem muny kakaňdan ýada geljekki adamyňdan ýaşyrmagy sargasa, sen hiç oňa gulak asma, sebäbi sen olardan ýekeje zady hem gizlemeli dälsiň. Gybatdan yhlas bilen gaça durgun we seresap bol gun. Gybat etmek diýmek bir öýde gören hem eşiden zadyňy başga bir öýde çişirip gürrüň bermekdir; biri hakynda edilen gürrüňleriň gylyny gyrman, şol adama ýamanlamak diýmekdir, tanyşlaryň gybatyny etmek üçin olaryň bolşuny garawullap, olaryň gürrüňini diňlemekdir. Ýüregiň päk halynada gybatkeş hem dürli dawa-jenjelleriň, ýakymsyzlyklaryň sebäpkäri bolup bilersiň. Toslanyp tapylýan gybatlar iň imisala, iň agzybir diýjek maşgalaň hem arasyny bozup, barypýatan betbagtçylygyň üstünden eltip bilýändir. Ýöne gybatkeş bolmazlyk entek ýeterlik däldir, gybatkeşlik gowy terbiýe alan zenanlaryň arasynda seýrek duş gelýändir, ýöne gybata ynanmaly däldir, asylly zenan olara gulak asmalam däldir. Liza, sen barypýatan akylly bolaňsoň, näme işlemelidigini gowy bileňsoň, hiç haçan gybata baş goşmarsyň, ýöne ömrüň dowamynda gybatçy erkeklerden, gybatçy aýallardan gutulyp bilmersiň, şonuň üçinem olara sataşanyňda, olar hem dürli gybatlara ýatanlarynda sen beýle gürrüňleri halamaýanlygyňy gös-göni bildirmelisiň. Seniň ýanyňda yzgytsyzlykdanam dälde, edere iş tapmazlykdan ýakyn garyndaşlaryňy ýazgaryp ugran halatlary hem bolar, şonda, Liza, sen olara ýeke söz aýtmagada ýol bermegin. Eger seniň ýanyňda tanyşlaryňy ýamanlap ugrasalar, senem bu gürrüňden gutulyp bilmejek bolsaň, hiç zada ynanmagyn we muny sypaýyçylyk bilen duýdurgyn, şeýtseň, saňa gaýdyp beýle täzelikleri habar bermejeklerine kepil bolýaryn. Men gybat diňläp oňa ynanmaklygyň nähili hasratly netijeleriň üstünden eltýändiginiň bir mysalyny bilýärin. Biziň iň golaý goňşymyz bolan hanym D. meniň bilen bir ýylda durmuşa çykdy. Şonda onuň ýaşy on altydan köp däldi. Biziň ärlerimiziň mülkleri bir-birine juda ýakyn bolansoň, men oňa diýseň ýygy-ýygydan duşýardym. Onda joralarymdan göwün edýän sypatlarym bolmasada, goňşy örän ýakymly aýaldy, sebäbi ol wäşidi we ummasyz alçakdy. Jenap D. ony jany-teni bilen söýerdi, özi hem söýülerdi. Olar bilen bile jenap D.nyň ejesi, diýseň tapylgysyz, asylly garry hem ýaşardy. Bu üç adam esli salymlap äbede jüýje ýaşadylar. Hanym D. mylaýym hem mährem bolansoň, terbiýesiniň kemterlik edýäni duýlanokdy. Onuň bilen özümem köp-köp ýakymly pursatlary başdan geçirdim. Bir betbagtçylyk, Anna Petrownanyň (hanym D.nyň ady şeýledi) daýzasyny bulara alyp geldi. Anna Petrownanyň daýzasy köp wagtdan bäri durmuşa çykman oturan uly gyzdy, diýseň mylaýymdy, emma onçakly aýlawy ýokdy. Hiç hili bilim almansoň, hiç hili işi halamansoň, ol köplenç wagtyny gybat bilen geçirýärdi. Ýaş, bilesigeliji we ynanjaň Anna Petrownanyň bolsa el işine, kitap okamaga çigit ýaly höwesi ýokdy, şol sebäpli hem soňky wagtlarda özleri bilen ýaşaýan daýzasynyň her hili gürrüňlerini hezil edip diňleýärdi. Ynanjaň ýegençisiniň beýle häsiýetini gören we öňem öz şum häsiýeti zerarly gör, näçe endişeleriň üstünden barsada, olary ýadyndan çykaran daýzasam basym Anna Petrowna daşky garyndaşlary barada dälde, goňşulary barada hem gürrüň berip başlady. Şeýle tejribe geçirip, oňada ynanylýandygyna göz ýetiren daýzasy ýegençisine indi gaýyn enesi hakynda, iň soňunda hem jenap D.nyň özi dogrusynda gürrüňler bermäge başlady. Anna Petrowna daýzasyna «besdir» diýmegiň deregine onuň gürrüňlerini hezil edip diňledi we oňa sorag üstüne sorag ýagdyrdy. Akylly-başly hem alym adam bolan jenap D. aýalyna garanyňda ejesine köp ynanýardy. Çünki, ol Anna Petrownanyň bolşy ýaly, mähremliligi we diýen edijiligi derejesine juda sadadygyna hem diňe öýleneninden soň göz ýetiripdi. Ol ejesi bilen gürrüňdeşliklerde bu hakda ýygy-ýygydan ökünýärdi, ýöne onuň hoşamaý, ukyply, ýaşdygy üçin özüniň oňa wagty gelende bilim hem berip biljekdigine bil baglap, öýlenenine puşman etmeýärdi. Ejesi onuň diýeni bilen ylalaşyp, edil şonuňky ýaly umytdady. Ýeser daýza şeýle gürrüňleri telim gezek gizlinligi bilen diňläpdi, idili eşitmedik zatlaryny bolsa özünden goşuşdyryp we soňra bularyň baryny, kä ýerine begenen, kä ýerine gynanan kişi bolup,öz ýegençisine gürrüň beripdi. Ol günsaýyn diýen ýaly bir täzelik alyp gelýärdi, ynanjaň Anna Petrowna bolsa gün-günden özüni betbagt saýýardy. Görgüli gelin özi barada adamsynyň we gaýyn enesiniň nähili pikirdedigini daşýany bilen bilensoň, olar bilen gatnaşygyny üýtgetmeli boldy. Öz derdini boýun almaga onuň bogny ysanokdy, asyl ony boýun alybam biljek däldi, sebäbi ol syry saklajagyna daýzasynyň öňünde ant içipdi. Ol hasam beter gaýyn enesine kejigýärdi, çünki daýzasy, esasan, şonuň gybatyny edýärdi. Depseň yranmaz döwleti bolan kempiriň oglunyň ýanynda bolmagynyň ýeketäk sebäbi perzende bolan enelik mähridi. Ýöne öňler alçak we sypaýy gelniniň özüni geň alyp barşyny göreninden soň, göwünli-göwünsiz öz mülküne göçüp bardy. Aýalynyň bolşuna dergazap bolan, mährem enesinden jyda düşenligine jany ýanan jenap D. özüniň bu zatlardan göwnüniň suw içmeýändigini ýaňzytdy. Anna Petrowna daýzasynyň maslahaty we nesihaty bilen derrew äriniň jogabyny berdi, onda-da diýseň nagt berdi, dawa-jenjeller başlandy, şeýdibem maşgala jenneti hasap edäýmeli öý dowzaha öwrüldi. Jenap D. dawa-jenjeliň başlanyşyny we sebäbini hernäçe gizlesede, biz bu üýtgeşikligi bada-bat aňdyk, bu onuň aýaly bilen gürleşişinden, aýalynyň birsyhly ünjüli ýüzünden hem mesemälim bildirip durdy. Biz olary ýaraşdyrjak bolduk, ýöne munuň üçin ilki şol senemenäniň sebäbini bilmek gerekdi. Meniň adamymyň mizemez dostlugynyň öňünde ejiz gelen jenap D. oňa ähli zady bolşybolşy ýaly edip gürrüň beripdir. Onsoň menem öz tarapymdan Anna Petrownanyň ynamyna girmäge çalyşdym. Onuň gam-gussadan ýaňa püre-pür bolup duran ýüregi syry uzak wagtlap saklap bilmedi. Anna Petrowna ýarym ýaş bolup, maňa bolup geçen zatlaryň barjasyny gürrüň berdi: «Men daýzamyň şol gürrüňi aýdan pursadyndan bäri özümi keç maňlaý hasaplaýaryn» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Öz açyşlarymyzy birek-birege gürrüň bermek bilen, adamym ikimiz ähli betbagtçylygyň sebäbiniň gybatdygyny aňdyk. Biz olaryň ikisinede göwnümizdäkini aýtdyk. Anna Petrownanyň daýzasy göçmeli boldy. Düşünişildi. Är-aýal ýaraşdy, ýöne indi öňki äbede-jüýjeligi gaýtaryp getirip bolýarmy näme? Aýalynyň ýeňilkelledigine göz ýetiren we ejesinden aýra düşen jenap D. Anna Petrownany öňkülerinden has az söýýär, gaýynenesi bolsa gelniniň göwne degmesini heniz-henizlerem ýatdan çykaryp bilenok. Indi ol oglunyň ýanynda ýaşamakha beýlede dursun, eýsem Anna Petrowna sataşaýan halatlarynda hem juda sowuk görünýär. Şeýdip, gybat tutuş bir maşgalanyň aşyna awy gatdy. Gyzym, goý, bu saňa sapak bolsun! Gybaty özüňä bir ýaýratmagyn, eşidenleriňede hiç haçan gulak gabartmagyn. Iliň işini bir ýana goýgunda, öz işiň bilen bolgun. Her dürli myş-myşlardan gaça duraýyn diýseň, hyzmatkärler bilen çylkasyz gürleşmegin, olar ähli zady ähli ýerde gürrüň bermäge öwrenişen adamlardyr, ýöne gürrüňiň hernäçe sypaýy bolsada, Anna Petrownanyň ýanynda öz tanyşlaryň barada gürrüň bermekden gaça durgun. Bu ýol arkaly sen birentek ýakymsyz zatlardan gutularsyň. Duşman gazanmarsyň we öýdäkiler, goňşular bilen imisalalykda ýaşap, Anna Petrownanyň başyna düşen bela sataşmarsyň. Ol, barybir, adamsyndan hiç zat gizlemeli däl ekeni. III bap Tekepbirlik, dänjireme we görüplik hakynda. Adatça, tekepbirligi hem biziň jynsymyza ýöňkeýärler, bu bir tarapdan adalatlam, sebäbi ol birentek zenanyň kalbyny hem, oý-pikirini hem gurşap alýar. Adam ogluna birsyhly kämillige ymtylmak islegini bermek bilen, Hudaýtagala oňa aň-düşünje hem, sahawatlylykdyr ýakyn-ýada mähirli bolmak arzuwyny hem eçilipdir. Dogry düşünen üçin ol sypat bize kämillige ýetmäge ýol açýandyr we ähli sahawatlaryň başlangyjy bolup hyzmat edýändir. Ýöne ony ýamanlyk üçin ulansaň, ol aýyba hem öwrülýändir we tekepbirlik diýlip atlandyrylýandyr. Tekepbirlik öz özüňi çakdan aşa gowy görmeklikdir we şonuň bilen birlikde öz-özüňe aşa göwnüň ýetmeklikdir. Şondan soň biz öz sahawatlylyklarymyzy we derejelerimizi çişirmek bilen bolýandyrys we hakykatda özümizde bolmadyk sypatlary hem bar hasaplaýandyrys. Tekepbirlik zenan ýüreginde birentek aýyp döredip, köplenç onuň bagtynyň ýatmagyna sebäp bolýandyr. Ondan bagtlylygyň iň elhenç päsgelçilikleri bolan dänjiremek we göriplik döreýändir. Eger biz bagtyýar hem kämil zenanlara näçe az duş gelýän bolsak, munuň sebäbi tekepbirlikdir. Ol biderek öwgüleri bagtyň esasy hasap edýändir, hyýalda pel-pelläp ýören bu hyýaly goşgy durnuksyz gözellikler, bedeniň geldi-geçer näzikligi, kaşaň lybaslaryň şowhuny bilen bina edýändir. Ýöne hallan atyp duran, çalamydar şeýle ymaraty gurduňamda! Wagtha beýlede dursun, çala öwsen şemal hem ony wes-weýran edip, her tikesini allowarralardan çykarar. Bagt köşgüni gurmagyň ynsana ömründe bir gezek miýesser edýändigini bilmeýän barmy näme? Akyldyr tejribeden şaýyň tutulýan wagt geleninde, Taňrynyň özi adamy guraldyr enjamlar bilen üpjün edýändir. Eger ymaratyň esasy edilip takwalyk, sahawatlylyk, mylaýymlyk we asylly mertebe ýaly zatlar goýulsa, ol her hili tupandyr gaýlara garamazdan, köp wagtlap mizemän durýandyr. Ýöne onuň esasy gowşak hem paýhassyz goýulsa, onda ymarat çala bahana tapyldygy weýran bolmak bilen bolýandyr. Ymaratyň weýran bolýan ýagdaýy, adatça, gurluşyk üçin iň amatly pursat bolan ýaşaýyş säheriniň eýýäm sowulyp, agşamyň düşmegine bolsa epesli wagtyň bar halatynda bolup geçýändir... Onsoň öz günäsi bilen şeýle biweç ýagdaýa düşen adam harabaçylyklaryň arasynda ýaşap, ajy-ajy ýatlamalar kölüne batmaly bolýandyr. Eger birneme soňrak öwrenilen sahawatlylyklar Hudaýtagalanyň eradasy bilen oňa bagt köşgüni ýene bir gezek gurmaga ýol berilse, onda ol munuň üçin, gör, näçe zähmet çekmeli boljak! Ýaşkaň ýeňil ýaly görünýän zähmet, garran çagynda müňde bir päsgelçilige duşýandyr, köplenç bolsa adam gurjak bolýan ymaratyny gurup gutarmanka ajal onuň ýakasyndan ebşitläp tutýandyr. Ýöne tekepbirligiň bu ünjüli netijelerine garamazdan, ondan gutulyp bilýän zenan seýrek bolýandyr. Muny biziň kalbymyza erkekleriň özi salýandyr. Olaryň ähli öwgüleri biziň iň gowşak taraplarymyza gönükdirilýändir, olary hasda daşky gözellik bendi edýändir. Zenan maşgalalar bolsa, ejizliklerine garamazdan, özlerine ýanýoldaş seçip almaga has paýhasly çemeleşýärler. Olaryň erkek adamdan owadanlyk talap edýäni az-az bolýandyr, ýöne olaryň her biri akylly-başly, sowatly ýar gözleýändirler. Ýaşy bir çene baran, görk-görmeksiz adamlaryň diňe bir zenanlaryň göwünlerini awlamakha däl, eýsem olaryň söýgülerine mynasyp bolýan halatlary hem köp duş gelýändir. Erkek kişileri özlerine maýyl etmek üçin ýada dogabitdi sypatlaryna görä, biziň jynsymyz öz daş keşbini şeýle bir gowy görýändir welin, tekepbirlik hemmämiziň ýetmezimiz öýdäýmelidir. Ýöne welin ondan halas bolmak mümkindir, şonuň üçinem, meniň Lizam, öz ýüreginde sahawatlylygyň çeşmesi bolan asylly mertebesine hyýanat etmez diýen umydym bardyr. Tekepbirlige şowly garşylyk görkezmek üçin pespäl we paýhasly bolmak ýeterlikdir. Eger ynsan ejizligi zerarly asylly mertebäň seni irdegiçde tekepbirligiň üstünden eltip, senem öz gözellikleriňe ýada beýleki mertebeleriňe buýsanyp ugrasaň, sen şol ýeriň özünde gylyklaryňy iliň gylyk-häsiýetleri bilen deňeşdirip görgün, ýöne sen pese dälde, belende bakgyn, şonda sen bu keseliňden birebir açylarsyň, sebäbi dünýäde içgin deňeşdireniňde, özünden owadan, özünden ylymly, özünden mährem zenana duşmadyk ýekejede gözel, alym, hoşamaý zenan ýokdur. Biz tekepbirligiň zenan ýüreginde ençeme aýyby döredýändigini eýýäm bilýäris. Olaryň iň esasylary hem dänjiremek we göriplikdir. Tekepbirlik erkek kişini käte şöhratyň üstünden eltýändir, olarda uly ile belli, meşhur adam bolmak arzuwyny oýarýandyr, onsoň olar şol maksada ýetmek üçin ellerinde baryny edýändir. Ýöne iki jynsyň wezipeleriniň dürli-dürli bolanlygy üçin tekepbir erkegä gahrymana, tekepbir zenanam kelpeň maşgala öwrülýändir. Olaryň birinjisi batyrlygy bilen belli bolsa, ikinjisi gelişgenligi bilen ýol aljak bolýandyr. Olaryň birinjisinden rüstem çykyp bolmasa, ikinjisinden ozduryp bolýan däldir. Olaryň birinjisiniň şalyklary bar bolsa, ikinjisiniň töwekgel ýüregi bolýandyr. Ýöne olar bir zatda meňzeşdirler. Doýar-doldumlary bolmadyk olar agalyk edip, öz täsirlerini has giň ýaýratmak arzuwyndadyrlar, şeýdibem diňe özleriniň däl, eýsem özgeleriň hem bagtlaryny ýatyrýandyrlar. Ýöne gahrymana adatdan daşary ýagdaýlaryň, müňlerçe pursatlaryň, ummasyz batyrlygyň gerekligi üçin, olar telim ýüzýyllyklaryň içinde bir gezek döreýändirler. Kelpeň zenan barada aýdylanynda bolsa, dürli ýaşly, dürli emläkli bolan olar ähli ýurtlarda-da şeýle bir köp welin, sanap aňrysyna çykar ýaly däldir. Men olaryň mukaddes borçlaryny unudyp, öz kelpeňlikleri bilen etmişiň üstünden barýanlary barada-ha gürrüňem edemok. Men olar barada diňe eşitmiş. Öz gyzymyň hiç haçan beýle derejä ýetmejekdigini bilip duramsoň, beýle zatlara peromy hapalasym we özümem aýal bolamsoň, mysal baryny getirip ýüzümi gyzardyp oturasym gelenok. Ýöne welin näzirgemekligiň gowy görünmek islegi diýilýän ýörite bir görnüşi bolýandyr, ony bolsa diňe ýol bermek däl, eýsem ýaş zenanlara maslahatam bermek gerekdir. Adyndan belli bolşy ýaly, ol parh goýmazdan, erkeklere, aýallara, garrylara, ýaşlara – hemme kişä gowy görünmek üçin jan etmekden, gepiň keltesi, ählumumy öwgä mynasyp bolmakdan, özi hem diňe daş keşbiň, geýim-gejimiň bilen dälde, eýsem sowatly paýhasyň, mährem ýüregiň bilenem gowy görünmekden ybaratdyr. Asylly mertebe oňa ýaşaýyş beripdir. Duýgurlyk, mylaýymlyk we pes pällik ony zehinler bilen baýlaşdyrypdyrlar. Näzeninlik onuň terbiýesine terbiýe goşupdyr, tebigat bolsa biziň öz wezipämizi ýerine ýetirmegimiz üçin ony bize başbitin beripdir. Bu ýagdaýa düşünýän zenan göreni aňk etmegi başarýar. Kimiň gowy görnesi gelse, onuň bu barada jan etmelidigi hakynda belli hakykat bar. Sahawatlylyk we bilim bize sylag-hormat getirsede, hemmeleriň söýmegini üpjün edip bilmez, munuň üçin biziň hemmeleri özümize imrikdirmegimiz gerek. Gyzym, senem hemişe şu pikire gümra we hemmeler bilen salamatly bolgun. Sarpaly gojalar, sylagly kempirler bilen sypaýy, erkekleriň ýanynda mylakatly bolgun. Ýöne hiç haçan şol mylakatlylygyň çäginden çykmazlygyňy senden ýalbaryplar haýyş edýärin. Dogrusyny dogry aýtsaň, häzirki zenanlar erkekleriň edepsizliklerinden, käte bolsa hatda sypaýyçylygy ýatlaryndan çykarýandyklaryndan zeýrenýärler. Biziň ejelerimiz we mamalarymyz öz döwürlerinde ýaşlaryň bu günki ýaşlardan düýpgöter üýtgeşik bolandyklaryny gürrüň berýärler, ýöne içgin pikir etseň, erkekleriň biz bilen hemişe sypaýy gürleşmeýändikleriniň sebäpkäriniň belli bir derejede özümizdigini görmeýän ýokdur. Zenan maşgalalaryň birentegi özlerini sylatmak isleýärlerde, öz-özlerini sylamagyň ebeteýini tapmaýarlar. Erkeklere mylakatly bolmazdan, olardan sypaýyçylygy berk saklamagy talap edýärler. Biziň jynsymyz bolşuny üýtgetdigi, näzirgemesini bes edip, diňe gowy görünmek isledigi erkekler hem şobada üýtgeýärler. Geregim, dünýewi adatlary zenan maşgalanyň özünde beslemeli hormat-sylagy bilen utgaşdyrjak bolgun. Çakdanaşa talap edijilikden saklangyn we erkek adamlardan bize diňe eserdeňlik bilen hoşamaýlygyň gerekdigini hergiz ýatdan çykarmagyn. Eger sen erkek jynsyna özüňi sylatdyrjak bolsaň, olar babatda hiç haçan iň ujypsyzja kemsidilmegine hem ýol bermegin. Ulalyp, has köp tejribe toplanyňda näzirgeme bilen gowy görünmek isleginiň arasyndaky tapawudyň juda uludygyny özüňem görersiň. Şonda bu ikisiniň tapawudyny bilmeýän zenanlaryň hem bardygyna haýranlar galarsyň. Gowy görünmek isleýän zenan söýgä mynasypdyr. Onuň näçe tanyşy bar bolsa, şonçada dosty ýada iň bolmanynda sulhy alýan adamlary bardyr. Ol bahyllyk döredýän däldir, sebäbi ony onuň özi hem duýýan däldir. Mahabatlandyrylmagyny halaman, ähli erkekleriň öwgüsini paýhas bilen gazanjak bolýandyr, ýöne söýgä welin olaryň diňe birinden garaşýandyr. Şeýle zenan öz jynsynyň bezegidir. Ol hiç haçan hiç kimiň göwnüne degýän däldir we daş keşbe garanyňda kalbyň gözelligi barada has köp aladalanmak bilen, hakyky ýaşyny aýtmakdan çekinýän we garrylykdan gorkýan däldir. Akylly-paýhasly adamlaryň äsgermeýän kelpeň aýallary bolsa diňe ýaşlaryň göwnünden turjak bolýandyrlar, olaryň birentek muşdaklary bol sada, içinde söýýäni ýokdur. Şonuň ýaly zenan ýürek-bagryny mynçgap barýan bahyllyk birsyhly ynjalyk berýän däldir. Öz görk-görmeginden, geýim-gejiminden we boş hem bihepbe öwgülerden başga zat bilmeýän kelpeň zenan özüniň söýülenini isläbem durýan däldir, ol diňe özüne aňk etmäni we muşdak bolunmany halaýandyr. Hakyky duýga ukypsyz bolmak bilen, ol göwni giden ýigidiň ykbalyny aşyk oýnan ýaly oýnaýandyr. Onuň üçin iň ýakymly güýmenje özgäniň ýüregini gozgalaňa salmak, özi söýse-söýmese, ýigitlerde yşk heserini oýarmakdan ybaratdyr. Ol hemişe oýlanman hereket edýändir, hatda oýlanmagada gorkýandyr, öz etmişleri barada pikirem edýän däldir, diňe şu güni bilen gümradyr. Onsoňam ol bütin bagtynyň örki bolan gözelliginiň kemelmegine ýada ýitmegine getirýän geljege näme üçin höwes bilen seretsin. Kelpeň zenanyň soňy diýseň gussaly tamamlanan elpe-şelpe, şol bir wagtyň özünde-de gamgyn durmyşyny özümem gördüm. Moskwada bolanymda Ýuliýa diýip atlandyrasym gelýän bir ýaş zenan bilen tanyş boldum. Onuň çagalykdan başlap eşidýän zady diňe öz jemalynyň tarypy bolupdyr. Bu bolsa onda tebigatyň beren peşgeşini mümkin boldugyça amatly ulanmak baradaky pikiri oýarypdyr. Alçak göwünli, emma paýhassyz enäniň tarypdyr öwgä gurşalan gyzy gowy görünmek islegi bilen kelpeňligiň haýsyny saýlap almalydygyny bilmän, «Daşky owadanlykdan arzyly zat ýok, zenan maşgala diňe erkekleriň söýgüsi we haýran-serasyma kylmagy üçin ýaradylandyr» diýen ynam bilen ösüp ulalypdyr. Belki, onuň takdyryna bagtyýar bolmak hem ýazylsa ýazylandyr, ýöne ol şol köşgüň binýady edip tekepbirligi saýlap alypdyr, basymam muny aňypdyr. Ýöne basym diňe daşky owadanlyk bilen alyp biljek galasynyň ýokdugyna göz ýetirip, ol paýtagtyň ilkinji mugallymlaryndan sapak alyp ugrapdyr, ýöne bu babatda-da ol şol öňki maksadyna laýyklykda hereket edipdir. Peýdaly kitaplary ol diňe waraklap çykypdyr. Biderek kitaplary bolsa köp okapdyr, şeýdibem kellesidir kalbyny bolgusyz zatlar bilen doldurypdyr. Ol eneden dilewar bolup dogulsada, gürrüňiniň diňe başy gyzykly çykypdyr, soňra bolsa gitdigiçe suslanypdyr we bilimdir sowadynyň ýoklugy mesaňa mälim bolupdyr. Ol tansy diýseň gowy edýärdi, fortepiýanony birkemsiz çalýardy, aýdym aýdyşy hem hiç neneň däldi. Atly, emma onçakly baý bolmadyk ata-enäniň gyzy Ýuliýa deňsiz-taýsyz gözelligi bilen uly ili aňk edip, köçä çykanynda, ýaşlar şobada onuň görküne maýyl bolupdyrlar. Basym muşdaklary onuň daşyny ary üýşen ýaly edip alypdyrlar. Erkek kişiler kelpeň aýallary halamaýan hem bolsalar, (yşga aňyny aldyrmadyk) ýeke adamyňda olardan ýanýoldaş saýlap almak meýli bolmasada, käte öz kärine çulum kelpeň zenan iň akylly-paýhasly diýjek adamyňy hem özüne bendi edýär goýaýýar. Erkekleriň arasyndan diňe özleri sylanyp, diňe özleri söýülýän hasap edýän ýeňilkelleler ýada özlerini hondan bärsi saýýan gopbamlar hem tapýar. Aslynda bolsa olaryň göz öňünde tutýan aýallary hemme kişä bir deň seredip, hemme kişä birmeňzeş duýgy bildirýärler. Daş-töweregi muşdaklardan doly Ýuliýa diňe bir öňki muşdaklaryny torunda saklamak üçin däl, eýsem, birsyhly täzelerini hem tapmak üçin günüň gününe dürli-dürli tärler öwrenipdir. Bu niýeti başa bardyrmak üçin diýseň uly sungat gerek bolupdyr. Tekepbirlikdir owadanlygyň bolsada, işiň şowuna düşjekdigi hökman gutulgysyz ýaly bolup görnüpdir. Özüni gurşap alan muşdaklaryň birinede göwün bermezden, ol her biri özüni seçilip alnan bagtyýar ýigitdirin hasap edýän oglanlaryň baryny barmagynyň daşynda aýlapdyr. Jögi mähremlik bilen aldanan birnäçe ýeňilkelle ýigitler oňa lak atypdyrlar. Ol bolsa olaryň hemmesinden ýüz öwrüpdir, çünki oňa olaryň hiç haýsysy ýaramaýan ekeni. Üstesinede, şol öýlenjek bolýan ýigitleriň hiç haýsysynyň kelpeň gyza zerur bolan baýlygy ýok ekeni. Şeýle zenanlar bezemen geýimleri, ballary, teatrlary gowy görgüç bolýandyrlar, munuň üçin bolsa depseň yranmaz gurp gerekdir. Birnäçe ýyllap şeýle elpe-şelpelikde, emma howsalaly durmuşda ýaşanyndan soň, Ýuliýa ahyr kalbyny awlan adamyna duşupdyr. Olam görmegeýligi, akyl-paýhasy we beýleki bitentek gowy gylyklary özünde jemlän Anatoliý G. bolupdyr. Anatoliniň bir kemi bar ekeni, olam maly-döwleti çäklije ekeni. Ýuliýanyň diýseň owadan keşbi, onuň oturyp turşy, has hem beter jadyly gözleri ýaş ýigidi özüne maýyl edipdir. Ýöne ol akyly ýerindäki ýigit bolansoň, ony aşaklyk bilen synlap ugrapdyr. Ol Ýuliýanyň galdyran täsirinden başy aýlanyp duranam bolsa, onuň kelpeňligini aňypdyr. Ol köp wagtlap ätiýaç edip gezipdir, ýöne gözel gyz bilen bir üýşmeleňe baranynda, ol onuň beýlekilere garanyňda özi bilen has içgin gürleşýändigini görüpdir. Şondanam «gyz maňa parhsyz dälow» diýen netije çykaryp başlapdyr. Günlerde bir gün onuň Ýuliýa bolan mähriniň sebäbine düşünmek islän kalby bu duýga we Ýuliýanyň kelpezligine delil tapyp oturyberipdir. «Ol bar kişä ýaraýar – diýip, ýaş ýigit içini gepledipdir. – Özem öz bolşundan lezzet alýar, öz muşdaklaryna isleýşi ýaly erk edýär, sebäbi ol şu çaka çenli olardan mynasybyny tapyp bilmedi. Meni bolsa: «Köňlüm seni küýseýär, eger goşumyzy birikdirsek, özgeleri ýele ýanymdanam getirmerin, onsoň beýlekileriň çekjek pidalary maňa düýpden derkar bolmaz» diýip ynandyrýar». Anatoliý şeýle pikir edipdir, ähli zada ynanjaň ýürek hem bu arzuwlary makullapdyr. Bu bolsa onuň mertebesine gopberipdir, lezzet eçilipdir. Şondan soň ol Ýuliýadan ätiýaç etmesini goýupdyr. Kelpeň zenan bu özgerişligi şol pursadyň özünde duýupdyr. Azap edip ýeten ýeňişine guş bolup uçaýjak bolan zenan ýaş ýigidi toruna öňküdenem berk çolaşdyrmak üçin hiç zatdan gaýtmandyr. Hiç zat barada oýlanmazlyga endik etmek bilen ol öz bolşunyň nämäniň üstünden eltip biljegini güman hem etmän, Anatolini her näçe söýsede, onuň teklibini bir tüýsli howsalaly diňläpdir. Anatoliniň eli ýuka ekeni, Ýuliýanyň şaýsepi hem meňki bolsun diýer ýaly bolmandyr. Şeýlelikde, gün-güzeran ýykma-ýykylma diýýänleri bolup, kaşaň eşiklerden, şäher durmuşyndan jyda düşüp, oba göçmek «howpy» döräpdir. Ýuliýa içini gepledip, köp gezipdir, sebäbi ol Anatolini tüýs ýürekden söýýär ekeni. Ýöne welin basym oňa söýgülisinden jyda düşmek çagalygyndan bäri öwrenişip gelýän we geljekde amatly durmuşa çykmagy üpjün edip biljek ýokary jemgyýetiň ýaldyr-ýuldurlaryndan jyda düşmekden has aňsat görnüpdir. Onsoňam ol: «Anatoliý her näçe ret edilsede, söýgüsi öçmez, netijede, ýagdaýlar üýtgäberse ýa amatly zat tapylmasa, Anatolä durmuşa çykaýaryn» diýibem umyt edipdir. Şeýdibem ol Anatoliniň teklibini kabul etmändir we şeýdibem öz hasabynda erbet ýalňyşypdyr. Anatoliý Ýuliýanyň bolşuna derrew düşünipdir we jögülik edip, duýgulary depeleýän, ýalan umyt eçilýän zenany jähennemä urup hemde özüniň ýeňilkelleligine käýinip, Moskwadan çykyp gidipdir. Diňe ol gideninden soň Ýuliýa ony nähili güýçli söýendigine düşünip galypdyr, emma gijigen ökünjiň peýdasy bolmandyr. Ol özüni şeýle hyjuw bilen söýýän adama gaýdyp duşmandyr. Birnäçe ýyl geçeninden soň kelpeň zenan üçin elhenç zat bolan «garry gyz» sözünden gorkusyna duýgusam, ýaşam, baýlygam düşnüksiz dünýewi adamlaryň birine durmuşa çykypdyr. Ol özüniň är-aýallyk durmuşynda bagtyň ýokundysynam tapmandyr. Indiden soň kelpeňlik etmek oňa gelişjek däl ekeni, şol sebäplem onuň üçin durmuşyň ähli gyzygy gaçypdyr, şonuň bilen birlikde ol sargaryp-solubam, görk-görmegini ýitiribem ugrapdyr. Ol kaşaň geýim-gejimler, uzak ýerlerde syýahatlar bilenem derdini ýeňledip bilmändir, sebäbi adamsynyň bergiden başga hiç zady bolmandyr, kakasy bolsa onuň şaý-sepinden diňe ujypsyzja göterimleri töläpdir. Şeýlelikde, Ýuliýanyň bagtynyň çalamydar binýady gürpüldäp gaýdypdyr, kelpeňligiň netijesi köplenç şeýle hem bolýar. Durmuşa çykanyna iki ýyl bolanynda Anatoliý owadan aýaly bilen Moskwa geldi, muny gören Ýuliýa özüniň keçmaňlaýdygyna has hem güýçli düşündi. Anatoliý heniz-henizlerem bagtyýar. Ýuliýa bolsa gam-gussada ýaşap ýör. Ol birentek kemçiliklerinden saplanypdyr, ýöne özüniň azaşmasyna welin birsyhly puşman edýär. Onuň durmuşyna awy gatylypdy, dagy bolmanynda sulhlary almaýan, akyl-paýhaslaryň çapraz gelýän är-aýallykdan hem bagta garaşyp bolarmy? Gül ýaly ýaşlaryň barynyň diýen ýaly muşdaklygyna öwrenişen Ýuliýa onçakly söýmeýän adamsynyň göwün bermesinden bagt tapmak kyndy. Ol öz mertebesini geldi-geçer gözelliklere esaslandyrypdy, olar bolsa hä diýmän geçip, oňa galan zat bolmady. Indi ol hemmesine düşünýär we munuň üçin iki esse dert çekýär. Öz günäň bilen ýitirilen bagt has hem gymmatly bolup görünýär, munuň üstesine wyždan azaby hem bolansoň, ol has gynandyrýar. Ýöne welin Ýuliýany bozuk hasap edip bolmaz, ol diňe ýeňil kelledi, onuň göwni açykdy, ýöne tekepbirlik onuň gowy sypatlarynyň üstüni örtüpdi. Eziz Lizam, sen bu aýypdan häzirjek bolgun. Goý, öwgüler saňa erbet täsir etmesin. Olara gulak gabartmaýan ýaş zenan ýokdur, ýöne käte näçe ynanasyň hem gelse, olara güp ynanaýmaly däldir. Tekepbirlikdir kelpeňlige baş urmasaň, diňe bir gaýgy-gussa baryndan dynman, eýsem biziň jynsymyzy masgaralaýan iňňän elhenç aýyplaryň birine, has dogrusy, göriplige sataşmarsyň. Zenanlaryň aşyna şondan beter awy gatýan, olaryň sahawatlylyklaryna şondan beter zeper ýetirýän zat ýokdur. Tekepbirligiň we kelpeňligiň hökmany netijesi bolan bahyllyk kalbyň iň gowy sypatlaryny öldürip, durmuşy iň gowy şatlyklardan mahrum edýändir. Görip adam diňe bir ýakyn hossaryny söýmek, iliň begenjine begenmek duýgularyndan mahrum bolmak däl, eýsem, özgäniň bagtly bolmagyna hem çydam edip bilýän däldir, bu onuň üçin duranja ejire öwrülýändir. Bahyl zenan kaşaň geýimleri, görk-görmegi bilen hemmelerden oz durmak isleýändir, ähli kişiň öwgüsine mynasyp boljak bolýandyr, eger päsgel bererler öýtse, ol iň gowy jorasyny, hatda öz uýasyny hem gözünde oky bolsa urmaga taýyndyr. Onuň üçin arkaýyn gün ýokdur, sebäbi onuň öz nejis aýbyny gižželemäge bahana tapmaýan ýeke minuty dagysam bolýan däldir. Eziz gyzym, men hiç haçan bahyllyk etmersiň diýip umyt edýärin, şeýle umyt meniň üçin örän ýakymly hem. Sen kelpeňem bolmarsyň, diňe uly ile gowy görnesiň geler. Kimde-kim artykmaçlyk gazanmaga sahawatlylyk ýoly bilen jan edýän we öz kalbynda hakyky gowulyk duýýan bolsa, ol bäsdeşlerinden gaça durýan däldir, gaýtam, olar bilen duşuşsam diýýändir. Terjime eden: Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 2/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |