17:33 Mährem enäniň ýazgylary -7/dowamy | |
Ikinji bölüm
Edebi makalalar
I bap Ynanjyňa wepalylyk hakynda Men saňa ruhy gözelligi beýan etmäge çalyşdym; olam durşy bilen gowy gylyklardan ybarat bolansoň, men olar barada saňa az-owlak gürrüň bereýin. Ilkinji hem iň esasy gowy gylyk — munuň özi Hudaýy jan-dil bilen söýmekdir we oňa wepaly bolmakdyr. Göwnüme bolmasa, şeýle söýgi her birimiziň dogabitdi hemramyzdyr, sebäbi özüniň mährem Ýaradanyny söýmeýänem ynsan bolarmy? Haýsy bir adam Ýagşylyk eçilýäniň gadyryny bilmeýär? Älem-jahany ýaradyp, ony edara edýäniň ummasyz parasatlylygyna ten bermeýän, onuň kuwwatyny we ýagşylygyny ykrar etmeýän adam bir barmyka? Eger ýer ýüzinde Hudaýa we janyň ölmez-ýitmezligine ynanmaýan elhenç mahluklar baram bolsa (özüm-ä beýle zat bardyr öýdemok), olaryň gününe dat diýmeli; olary diňe betbagt adamlar diýip hasap etmeli. Hudaýa ynanmak, Ony söýmek, Oňa täsin galmak — bu diňe biziň borjumyz däl-de, eýsem ynsan ýüreginiň zerurlygydyr. Onsoň beýle ynamsyz durmuşdan durmuş bolarmy? Eger hemme zat biziň ölümimiz bilen tamamlanýan bolsa, soňky durmuş barada kim aladalanmaly? Tebigatdaky hemme zat geldi-geçerdir, adamdan başga hemme zat öz durkuny üýtgedýändir. Adamy wagtlaýyn zatlaryň şunçasynyň hökümdary etmek bilen Hudaýtagala oňa öz nurunyň uçgunyny bagyş edýändir. Ol muny adamyň olary peýdalanmagy üçin şeýdendir; onuň görjegi ýagşylyk hem bagt bolany üçin ol oňa bakylygy bagyş edipdir. Ýöne welin, bu hakykata göz ýetirmeklik şol arzyly maksada ýetdigiň däldir, munuň üçin onuň parzlaryny berjaý etmelidir. Bu wezipe bolsa ýeňil hem ajap wezipedir. Liza, ýaşlykda hem garrylykda, şatlykda hem gamgynlykda, baýlykda hem garyplykda bir derejede bagtyýar bolaýyn diýseň, sen hemişe tüýs ýürekden hudaýhon bolgun. Elbetde, biz munsuzam atly-abraýly, alym, zehinli bolup bolýanlygyň mysallaryny bilýäris; emma dinsiz we takwalyksyz hiç kimiň hiç haçan tüýs beýik we bagtyýar bolanlygyny adam ogly gören däldir. Hudaýhonluk diňe bir doga okamaklyk, ybadathana gatnamaklyk we beýleki däp-dessurlary berjaý etmeklik däldir. Ol Hudaýa, dine, kowum-garyndaşa, dost- ýara hakyky söýgüdir, hem özüň we beýleki babatdaky wezipeleriňi öz wagtynda berjaý etmekdir hem özüňi Hudaýyň erk islegine sadyklyk bilen bagyş etmekdir hem, sansyz- sajaksyz sahawatlylygy üçin Ýaradana tüýs ýürekden şükür etmeklikdir. Barypýatan takwa adamdan bagtly kişi barmydyr? Çagalykdan başlap Hudaýa sygynmaga endik eden, her bir isleginden Biribaryň habarynyň barlygyna gözi ýetýän, her bir hereketini Onuň görüp durandygyny bilýän adam hemişe hakykat we ýagşylyk ýolundan barýandyr. Oňa durmuşyň her bir nogsanlygy hiç hili kär edip bilýän däldir; ol bir diýenlidir, sebäbi ol Hudaýa sygynýandyr. Başyna iş düşeninde Biribar onuň hemaýatçysy we gaçybatalgasydyr; onuň çydamlylygyny, mertligini keselde mizedip bilmez; açlyk-ýalaňaçlyk-da gorkuzyp bilmez. Ýylyň-ýylyna meýdan güllerini tirip, guşlary naharlaýan Ýaradan birsyhly onuň gamyny iýýändir, onuň ähli hajatlaryny bilýändir. Takwa adamy hatda ajalyň özi hem umytdan düşürip bilýän däldir: ol ölümi diňe wagtlaýyn aýralyk hasap edýändir we köpler üçin gorkunç bolan şol belent pursat geleninde ony wagtlaýyn ýeserlikden gutulmak diýip bilýändir. Eger ol ýeriň ýüzünde ata-enesini, çagalaryny, kowum-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny goýup gidýän hem bolsa, eýsem, iň eziziniň ýanyna gitmeýärmi näme? Eýsem, ol şol ýerde adamlaryň ýer ýüzünde duýmaýan iň belent söýgüsine gowuşmaýarmy näme? Ynançdyr doganyň zerurlygyny şu wagt hiç kim menden artyk duýup bilýän däldir: ajalyň gözümiň öňünde salgymlap ýörşüne basym ýarym ýyl bolýandyr, emma men ondan heder edýän däldirin, onsoň wyždanyň käbir ezýet bermekleri diýmesem, men şol ýarym ýyly eşret hasap ederdim. Mähriban gyzym, takwalykda özüňi tanatjak bolgun. Hökmi güýçli bilen ýygy-ýygydan we tüýs ýürekden söhbetdeş bolgun: beýle söhbetler adamy asylly edip, ony dogumlandyrýandyr. Hiç haçan ýekelikden we doga okamakdan gaça durmagyn. Ýaşan ömrüňi, eden işleriňi mahal-mahal seljerip görgün, käteler ölçegiňi hem ýatlagyn. Sen entek ýaşsyň; göwnüňe uzak ömür sürjek ýalysyň, emma ertire çenli näme boljakdygyňy welin, ýürek edip aýdyp bilen tapylmaz. Sallançakda ýatan wagtyndan bäri adam oglunyň üstüne müň bir belalar abanýandyr, onsoň biziň minutsaýyn gabrymyza golaýlaşýandygymyz her bir kişä mälimdir. Elbetde, hiç kim haçan öljekdigini bilýän däldir, emma öňýeten adam ölümden gaçyp gutulmajakdygyny aňýandyr. Şonuň üçin hökmany boljak waka barada näme üçin irgözin pikir etmeli dälmiş? Gitjek günüň howlukmaç şaýyňy tutjak bolanyňdan alys ýola kem-kemden taýýarlanan has gowudyr, sebäbi howlukmaç ýagdaýda iň zerur zatlaryňy ýatdan çykarmagyň mümkindir, gaýdyp alaýaýyn diýseňem, yzyňa dolanmak ýokdur. Diňe kemakyllar hem-de jenaýatçylar üçin ölümi ýat- lamak gorkuly görünýändir; ýöne ol takwa kişä zerurdyr, betbagt üçin bolsa tesellidir. Bize bu dünýäniň ebedilik däldigini şol beýik syýahat hakyndaky oýlanmadan gowy düşündirip biljek zat barmydyr eýsem? Biri baýka, bagtlyka ölse, başga biri ýetde-gütdelikde, gaýgy- hasratda ýogalýar. Bir zenan gözelliginiň aýny wagtynda ölse, beýleki birisi garrap, bili büküleninde ýogalýar, emma aslyna seretseň, ähli kişi birmeňzeş toza öwrülýär. Liza jan, sen muny hiç haçan ýadyňdan çykarmagyn. Bu pikir seniň erkanalygyňa awy gatmaz, gaýtam ol akyl-paýhasyňy pugtalandyrar, has dogrusy, seni ýagşylyk ýoly bilen alyp gider, saňa bela-beterlere, ejir-ezýetlere merdemsi döz gelmegi öwreder. Ömrüňi bezemegiň, onuň lezzetini artdyrmagyň ýeke-täk ýoly: ölümiňi ýatlamakdyr we Hudaý bilen söhbetdeş bolmakdyr. Ukudan oýanan dessiňe seniň ilkinji pikiriň özüňi we bütin jümle-jahany Ýaradan hakda bolmalydyr. Işe başlamazdan owal Oňa hyjuwdyr yhlas bilen doga okagyn. Eger günüň dowamynda bir şatlykly zada duçar bolsaň, ähli şatlyklary eçilýän Hökmürowana alkyş okagyn. Eger başyňa bir bela-beter inse, Ondan dalda gözlegin, Oňa ýüregiňi açyp, ölümiňi ýatlagyn. Ýatjak bolup ýeriňe gireniňde uzynly günläp birin-birin seljerýänçäň, eden günäleriňe ökünýänçäň, eçilen eşretleri üçin alkyş okaýançaň we ukyň parahat hem imisala bolmagyny dileýänçäň uka gitmegin. Diniň talap edýän parzlarynyň barjasyny ýerbe-ýer berjaý kylgyn, hakyky takwalar bilen hemsöhbet bolgun, her gün Keramatly kitaplary okamaga ýarym sagat bagyş etgin we din hakynda ýeterlik ynamy bolman gürleýän adamlardan we kitaplardan gaça durgun. Öz jynsyň ýagşylyklary barasynda, Hudaýyň eçilýän eşretleri hakynda, dini borçlar babatda böwrüňe diň salgyn, ýöne welin, din hakyndaky takallardan we jedellerden gaça durgun, sen muny erkeklere goýgun. Zenan maşgalalara dine ynanmak, söýmek we doga okamak ýeterlikdir. Onsoňam, Liza jan, Hudaýy beýik Ýaradanyň, Eşret eçilijiň, Adyl Kazyň we Gudraty güýçli hökümdaryň saýgyn; sen Ondan heder etgin, ýöne ony jan-dil bilen söýgün, eger-de tüýs takwa hem bagtyýar zenan bolaýyn diýseň, Ýaradana minnetdar bolmagy başargyn. Onuň özüňe bermekden saklanan zady barada göwün ýüwürtmegin, ýöne özüňe eçilýän eşretleri üçin Oňa borçlusyň, şonuň üçin sen Ony diňe edýän ýagşylyklaryň we takwa ömrüň bilen alkyşlap bilersiň. Bimöçber jomart, bimöçber Sahawatly Ýaradanymyz bize eden ähli ýagşylyklarynyň üstesine ýene biziň bagtyýar bolmagymyzyň hem aladasyny edýändir. Ol biziň hem Özüni söýmegimizi, sahawatly bolmagymyzy isleýändir; bu isleg bolsa biziň o dünýe-bu dünýe ömür eşretlerimizi pugtalandyrýandyr. Terjime eden:Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |