06:53 Mährem enäniň ýazgylary -6/dowamy | |
VI bap
Edebi makalalar
Beden gözelligini ruhuň gözelligi bilen utgaşdyrmagyň zerurlygy hakynda Gyzym, men soňky babyň öň ýanyndaky bapda saňa daşky keşbiň barada alada etmegi maslahat beripdim; ýöne men seni kalbyňy bezemegi unudyp, bar küýüňi bedeniňi bezemäge dikip ýörensiň öýdemok. Çünki ter gül hemişe goýlan golçajykdan owadan bolmalydyr, surat bolsa hemişe goýlan golçasyndan çekilen çarçuwadan gözel bolmalydyr. Biziň bedenimizi — tenimizi gapdyr çarçuwa meňzedip bolýan bolsa, ruhumyz ter güle we surata çalymdaşdyr. Ruh biziň hemişeki işimiziň esasy bolmalydyr. Ýöne onuň bahasy ujypsyz boljak bolsa, onda barypýatan gözel kalbyň hem wagtlaýyn mekany bolan bedende nä weç bardyr? Beýle bolsa, onda ýakymly gylyk-häsiýet hem, iň gowy dünýewi sypat hem hiç zatdyr. Ruh biziň ýaşaýşymyzyň çeşmesidir, tüýs gözellik hem şondadyr. Beden gözelligi we aňk ediji daşky keşp bolsa adamyň ahlak tarapy bilen bir ýere sygyşmasa, azaşdyryjy aldawaçdyr. Beden gözelligi Hudaýyň beren bagty hem bolsa, pähim- paýhasly adamyň ýanynda ol has dowamly ýakymlylyk bilen utgaşmasa, biderek birzatdyr; ol her bir halatda ulanylyp bolýan zat däldir, basym gaýyp bolýandyr, onsoň ondan diňe ýürekde ýatlama galýandyr. Munuň tersine, ruh gözelligi bilen birleşen ten gözelligi hiç zat bilen deňäp bolmajak hazynadyr, onsoň gül bedeni, gözel ruhy bolan zenan Hudaýyň ýer ýüzünde ýaradan iň kämil melegidir. Ajaýyp daş keşbe kalp gözelligi şeýle bir zerur welin, käte olaryň birinjisi ikinjisinden mahrum bolsa, biz kejigenligimizi hem duýman galýarys, muny tebigatyň goýberen hatasy hasap edýäris. Özüm-ä şeýle pikirde: kime gözel kalp, mährem ýürek berilmedik bolsa, onda oňa özüne imrikdiriji daş keşp hem berilmeli däl ekeni. Liza, biler bolsaň, meniň öz gamyny iýeninden iliň gamyny iýenini gowy görýän ejem, gör, nähili sahawatly; şonuň üçinem öz-özüniň söýşünden ony uly il köp söýýär. Durmuşa çykmazymdan iki ýyl töwerekleri öň ol asylly maşgalalardan gelip çykan, ýöne hiç hili eklenji bolmadyk iki sany ýetimi seretmäge aldy. Olar hiç hili terbiýe görmän ekenler, tebigat hem olara uly başarnyk bermändir, şonuň üçin bu derdi-bela kömek etmek diýseň kyndy. Ejemjan ýetimleri hossarçylyga alanynda, olaryň ulusy eýýäm on dördüni doldurypdy. Diýmek, bu ýerde olara düýpli bilim bermek mümkinçiligi ýok diýen ýalydy. Gyzlaryň adamkärçilikleri barada aýtsaň bolsa, olar özleri barada erbedem, gowam diýip bolmaýan çagalardandy. Olaryň ulusy, Warinka, owadanjady, jigisi Katýa barypýatan bigörkdi. Ejemiň ýetimleriň terbiýesi baradaky aladalary biderek bolup çykanynda, ol olar hakda juda ynjalyksyzlanyp başlady. Gepiň gerdişine görä aýtsaň, bu ynjalyksyzlyk esasy uýalaryň kiçisi hakdady, sebäbi olaryň ulusy şeýle bir gowudy welin, göwnüňe bolmasa, oňa iňňän gowy geljek garaşýan ýalydy. Gözel gyzyň günde-günaşa edilýän tarypy bu ynamy hasda güýçlendirýärdi. Ýöne welin, şol taryplamalar diňe batly-batly sözler bilen tamamlanýardy. Goňşularyň ýygy-ýygydan bolup geçýän üýşmeleňlerinde Warinka ençeme sapar ýaş ýigitleriň biriniň kellesini aýlaýardy; gyza göwni giden ýigit şondan soň biziň üýşmeleňlerimize ýygy-ýygydan gatnaýardy, daşyndan göräýmäge ol gyza söz aýtmak meýillidi, ýöne basym owadanja çarçuwada boş suratyň oturandygyna göz ýetirip, ol ýigit biziň ýanymyza gatnamasyny bes edýärdi. Öz owadanlygynyň güýjüne baýrynýan Warinka göwnünde süýji-süýji arzuwlar besläp, özüniň bagtly geljeginiň barlygyna bil baglaýardy. Munuň tersine, özünde görk-görmegiň ýokdugyna göz ýetip Katýa öz geljegine gorka-gorka garaşýardy, oňa umyt eder ýaly zat ýokdy, ýöne görk-görmeksiz bolsa-da, akyl taýdan uýasyndan saýlanmasa-da, ol diýenedijiligi, ümsümligi we eserdeňligi bilen maşgalada Warinka garanyňda has abraýlydy. Ejemiň özüniň ýeketäk daýanjydygyna, onuň sahawatlylygynyň ýeketäk ýaşaýyş serişdesidigine akyl ýetirmek bilen, ol, uýasyna garaňda, ejeme has minnetdardy, ýogsa beýle duýgy olaryň ikisinde-de deň derejede bolaýmalydy. Onsoň Katýa öz hossarynyň göwnünden turjak bolup jan edeninde, Warinka nädeninde oňa has gowy ýaranyp boljakdygy barada göwün ýüwürdýärdi: ol bizi at-abraýly hanym bolaýsa, ejeme iberjek bezemen lybaslaryny taryp edip, telim gezek gyzyl- gyran gülüşdiripdi. Onuň enaýyja jemalyna, inçejik we syratly kamatyna gözüň düşeninde, göwnüňe bolmasa, bu zatlary başa barmajak «bolsadylar» hasap edip boljak däldi. Aslynda bolsa ol ýigrimisine gidip, irde-giçde atly zenan boljakdygynada çigit ýalyjak umyt döredenokdy. Uly iliň içinde görk-görmeginiň dabarasy dag aşýan gyza söz aýtmaga pukara dworýanynyň-a bogny ysmaýardy; barly ýa atly adamlar bolsa gyzyň aýdyp-diýerden zyýat gözelligine maýyl bolup ýörüşlerine birden oňa ýakyndan göz ýetirýärdiler-de, öz heserlerine haý diýmeli bolýardylar. Uýasynyň birsyhly gyýylmasyna sezewar bolýan Katýa, hiç kimiň gözüne ilmeýän ýaly bolup görünýän bu gyz biziň öýümizde on sekiz ýaşyny doldurmaga-da ýetişmedi. Daşkyrak garyndaşlarymyzyň biri, depseň yranmaz döwletli, kyrk ýaş töwerekleri, sarpaly adam bir gezek ejemiň ýanynda sallahlygyň ýürege düşenligi barada zeýrenipdir we özüne bir gelinlik tapyp bermegini haýyş edipdir. Şol wagt ejemiň hem terbiýe berip ýören gyzlarynyň birini ýerleşdirmek pikiri kellesine gelipdir. Ol garyndaşymyzyň Warinkany saýlap aljakdygyna birjik-de şübhelenmändir, sebäbi garyndaşymyz Warinkanyň gözelligine maýyldy. Ýöne welin, kyrk ýaşly erkek kişiniň beýle möhüm zada bada-bat töwekgelçilik et- meýändigi üçin ol gyzy esli wagtlap synlapdyr we şeýle gözelligiň aňyrsynda paňkelleligiň ýatandygyna göz ýetirip, beýle är-aýallygyň nämäniň üstünden eltjekdigi barada oýlanyp ugrapdyr. Elbetde, beýle oýlanma Warinkanyň peýdasyna gutarmandyr. Şol günden başlap garyndaşymyz öň gözüne-de ilmedik Katýany içgin-içgin synlamany çykardy: gyzyň kiçigöwünliligi, hemişe bir bolşuny saklaýanlygy, salamatlylygy, alçaklygy onuň göwnünden turup başlady. Basymam tüýs ýürekden ony sulhy alyp, oňa öýlenmegiň ugruna çykdy. Garyndaşymyz eger Warinkany saýlap alan bolsa, onuň kemteresinden özüne hoşallyk hem bildirmejekdigine gözüni ýetirdi. Gyz erkek kişiniň özüni söýmegini we ýürekdir emlägini oňa bagyş etmegini bolaýmaly hasaplajakdy. Katýa bolsa minnetdarlygy bilen ony bagtyýar etdi, sebäbi garyndaşymyz Katýanyň sahawatly kişä bolan ajap duýgusynyň çensiz-çäksizdigini görüp durdy. Garyndaşymyz Katýa söz aýdanynda biziň hemmämiziň nähili geň galandygymyzy söz bilen beýan eder ýaly däl. Şeýlelikde, ol heniz-henizlerem hoşbagt, adamsy ony jan-dil bilen söýýär, ony sylaýar. Katýa-da bularyň hemmesi üçin ondan elmydam göwni hoş: Katýanyň göwnüne bolmasa, adamsyny henizem ýeterlik söýmeýän ýaly, şonuň üçinem ol adamsynyň her bir göwün islegini öňünden aňjak bolup elinde baryny edýär. Warinka henizem uly gyz bolup ýör, göwnüňe bolmasa, ol ölinçä şol ýagdaýynda galaýjak ýaly. Onuň gül meňzi eýýäm solaňkyrlapdyr: munuňam bar sebäbi ýaşyň geçip duranlygy däl-de, lapykeçlikdir örtenmekdi. Elbetde, bu zatlar üçin onuň özi günäkärdi, sebäbi onuň bar umydy puja çykanynda, ol jigisine we bütin adamzat ähline janagyryly hem yzgytsyz garap başlady we gaýgy-gama batyp ýör. Onuň Katýalara göçüp baranyna eýýäm telim ýyl boldy. Ilki-ilkiler ol öz gözelliginiň gadyry bu ýere garanynda ol ýerde gowy bilner öýtdi: ýöne ol ýerde-de solan meňziň gadyr-gymmatyny bilen adam bolmady. Bu ýere gaýdyp gelmäge Warinkanyň bogny ysanok, ýogsam doganynyň elpe-şelpeli güni onuň ýüregini mynçgalap dur. Ähtimal, ol öz owadan bolup doglanyna entek-entekler öküner ýa-da iň bolmanynda oňa köre-körlük bilen bil baglanlygyna, ony hakyky, has zerur gylyklar bilen utgaşdyrmanlygyna kejiger. Göz guwanjym Liza jan, sen kalbyň göze- lligini edinjek bolup jan etgin, sebäp diýseň owadan, galjaň hem syratly boldugyňça öňýeten adam senden köp zady talap eder. Eger biz geldi-geçergözellik barada-da içgin aladalanýan bolsak, onda has durnukly, hiç haçan solup ýitip gitmeýän gözellik barada has hem köp aladalanmalydyrys. Heý, öz öýüniň töwereginde ýeke gül sançmanam uly ýoluň ugruny agaçdan doldurmaly diýip biljek kelesaň tapylarmy? Iň uzak ýaşaldy diýen ömrüň hem bakylygyň ýanynda göz açyp ýumasy salymdyr. Ajal ýeten pursatda bar zat gutaryp, bar zat sumat bolýandyr. Ýöne ajalyňa garaşyp ýörmek gerek däldir. Eýsem garrylyk iň kämil, iň maýyl ediji owadanlygy hem ýok etmeýämi näme? Her bir adam ömründe iki gezek ölýär: bir gezeg-ä gojalyk döwrüne gadam basanynda ölýär, ikinji gezegem amanadyny tabşyranynda ölýär. Ol garranynda görk-görmegini, saglygyny ýitirýär, onsoň onuň gowy gylyklary, akyl-paýhasy, dost-ýarlary ýok bolsa, onuň başga alajy ýok: ol ajaly ýeteninde, gowy gylyklaryndan, paşmadyk umytlaryndan başga ähli zadyny ýitirýär. Meniň pikirimçe, hakyky gözellik üç zatda: kalby päklikde, mährem ýürekde we sowada ýugrulan akyl-paýhasda bolýar. Beýle gözellige ýetmek üçin biz uly yhlas, uly gaýrat etmelidiris. Men şol zada öz ýazgylarymyň ikinji bölümini bagyş etmekçidirin. Liza jan, sen olary üns berip okagyn. Eger men duýýan zatlarymyň baryny ýeterlik beýan etmäni oňarýan bolsam, onda meniň aýdýan sözlerim diňe bir seniň däl, eýsem her bir okajak zenanyň hem ýüregine jüňk bolar. Men hiç haçan awtor bolup göremok; diňe saňa bolan mährim meni galama ýapyşmaga mejbur etdi, şol mährem tä ölýänçäm maňa medet berer. Terjime eden: Daňatar BERDIÝEW "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |