16:34 Mährem enäniň ýazgylary -9/dowamy | |
MÄHREM ENÄNIŇ ÝAZGYLARY
Edebi makalalar
Ikinji bölüm III bap Zenan maşgala üçin zerur sahawatlar hakynda. Adam ogluny bezeýän ýagşylyklaryň baryny jikme-jik sanap çykmak meniň güýjümiň ýetjek zady däl, şonuň üçin men olardan diňe zenan maşgala üçin has zerurlaryny ýatlap geçeýin. Olar erkekleriň paýyna düşen ýagşylyklar ýaly onçakly möhüm we onçakly abyrsyz däldir, olary duýmak aňsadrak bolýandyr, şonuň üçin beýan etmek hem ýeňil düşýändir. Olaryň ilkinjisi çydamlylykdyr. Adam bir zat etjek bolanynda hemişe ugrugyberenok: onuň şowsuzlyklara-da uçraýan halatlary seýrek bolmaýar, üstesine, ol durmuş ýolundan köp ýöredigiçe, oňa şonça-da köp päsgelçilik gabat gelýär. Şeýlelikde, durmuşda juda köp duş gelýän kesellere, gaýgy-hasratlara, zähmete we dürli mätäçliklere döz gelmek üçin çydamlylyk her bir adama zerurdyr. Onsuz biziň ýaşaýşymyz gaty azaply bolardy. Erkekler şol ýagşylygyň adyna mertlik diýýärler, sebäbi olar ony möhüm ýagdaýlar üçin aýap saklaýarlar, ýöne ägirt uly betbagtçylyga batyrlarça döz gelen adamyň sähelçe jebiriň astynda ýan berýän halatlary hem seýrek bolmaýar. Zenan maşgala üçin mertlik görkezmek setanda-seýranda gerek bolýar, ýöne çydamlylyk welin, oňa günüň-gününe zerur. Erkek kişi dünýä erk etmek üçin ýaradylandyr, zenan maşgalanyň paýy bolsa ýürege erk etmekdir. Erkek kişi mertlige setanda-seýranda ýüzlenmeli bolsa, zenan maşgala birsyhly çydam etmeli bolýar. Onuň aýallyk borjy bilen baglanyşykly çaklaňja, emma ýygy-ýygy gabat gelýän hasratlaryny diňe şol sahawatlylyk ýeňip geçip bilýär, şonuň üçinem her bir zenan maşgala çagalygyndan başlap, çydamlylyga werziş bolmalydyr. Eziz Lizam, sen häzir-ä onçakly gaýgy- gam çekýän dälsiň: sen häzirki ýaly päk hem göçgünli ýaşyňda diňe gezelenç etmek niýetiň başa barmazlygy, garaşýan lezzetiň birneme yza çekmegi, uzak ýola atlanmagyň goýbolsun edilmegi ýaly bişeýkelliklere duçar bolýansyň. Ýöne bu bişeýkellikler hem seniň geljegiň üçin sapak bolup biler: çünki harplary tanamak arkaly biz okamany öwrenýäris, edil şonuň ýaly, bolgusyzja dert-alada döz gelmek bilen, sen mundan beýläkki, has güýçli gam-gussalara hötde gelmegi hem başararsyň. Bütin ömrüňde bolgusyzja dert-alada hem döz gelip bilmeýän adam uzagyndan bir betbagtçylyk bolaýanynda oňa garşy çykmaga güýji nireden alsyn? Gyzym, megerem sen meniňem, kakaňyňam seniň iň ýönekeýje haýyşyňy ýerine ýetirmedik halatlarymyzyň seýrek bolmagyna, üstesine, öýde oturan ýeriňde wada berlen zada ep-esli garaşmaly bolandygyňa telim gezek geň galansyň. Biz muny saňa sabyr-takatlylygy öwretmek üçin şeýtdik. Wagty gelende sen munuň üçin bize köp minnetdar bolarsyň. Biziň arzuw-isleglerimiziň hasyl bolmagy, şeýdip, ýygy-ýygydan yza tesip gidip otyr. Häzir sen bu haýal-ýagallygy günler bilen hasaplaýansyň welin, birneme soňrak ony ýyllar bilen hasaplarsyň. Sabyrsyzlyk garaşma pursatlaryny uzaklaşdyrýar, sabyrlylyk bolsa ony gysgaldýar. Sen bularyň hemmesine ýaşlygyňdan endik etgin, sebäbi men seniň bagtly bolmagyň barada dileg etmäni goýmasamam, durmuşda endik hiç kimiň uly-uly gynanmalaryndan gutulyp bilmeýändigini men bilýärin. Onsoňam iň elhenç betbagtçylygyň Hudaý tarapyndygyna meniň gözüm ýetik, ýöne sen ony temmi diýip düşünmän, keremlilik diýip düşünmelisiň. Biziň günälerimizi diňe gözýaşlar ýuwup biler, baky bagta biz diňe gözýaşlar bilen ýetip bileris. Sebäbi Isa pygamberiň özi dünýäni halas etmek üçin (ynsan keşbine gireninde) jebri-jepalary äsgermezçilik etmändir, gam käsesini nem goýman içipdir. Eger adamyň maňlaýyna hemişelik bagt ýazylan bolsady, onda biz onuň belli bahasyna ýetip bilmezdik, onsoňam adamlar ýamanlyk garasyny görmezdi. Başyňa her hili gaýgy-hasratlar, derdi-belalar, keseller inse-de, sen hiç haçan sabyr-takatdan gaçmagyn. Hemişe Biribara sygyngyn, hemme zadyň Hudaý tarapyndygyny ýatda saklagyn. Hernäçe ejir çekseň-de, ýazyksyz ejir çekýändigiňe ynam edip bilseň, sen bagtyýar bolup bilersiň. Sen şol wagty öz kalbyňy bezemäge sarp etgin, onsoňam derdi-belalar seni horlaman, saňa şatlyk getirer ýaly etmäge çalyşgyn; eliňde baryny edip, olara garşy durgun. Päsgelçilikleri ýeňip geçmäge werzişlik we jebri-jepalary sabyrlylyk bilen çekmek Ýaradana tarap ýol açýar. Sähelçejik hem dady-perýat etmegin, hatda oňa bahana-da goýmagyn. Öz derdi-belalaryňy Hökmi güýçlä ynangyn, dost-ýarlaryň bilen maslahatlaşyp durgun, akyl- paýhasyňa ýeňillik berer ýaly, onuň ähli diýenlerine uýgun, soňra bolsa sabyr-takat edip, takdyra ten bergin, emma iň esasy adamzada Erk Edijä we derdi-belalary köplenç iň uly şatlyga Öwrüjä sygyngyn. Muny men öz tejribäme salgylanyp aýdýaryn, sebäbi men soň öz peýdama bolup çykan zat barada şeýle bir aglamak aglapdym, şol birwagtyň özünde-de meniň juda ynjyklygyma duwlanan sabyr-takatsyzlygym we Hudaýa ýeterlik bil baglamazlygym maňa, gör, näçe gezek ezýet beripdi. Biziň jynsymyza mahsus bolan ikinji sahawatlylyk erkek kişide juda seýrek duş gelýär, emma zenan maşgala üçin juda derwaýys bolan mylaýymlykdyr. Söýmek we söýdürmek, eglişige gitmek we ylalaşdyrmak üçin ýaradylan bende onsoň onsuz nädip bagtyýar bolsun? Mylaýymlyk biziň bezegimizdir, ýöne ýaragymyzdyr hem; kejeňeklige garanyňda, ol bize her halatda has peýdalydyr, şonuň üçinem ýaşlykdan başlap eglişik etmek sungatyny öwrenmeýänler akyllylyk edýän däldirler. Bu sungaty aňsatlaşdyrmak üçin Hökmi güýçli bize irgözin serişde berýändir. Biz sallançakda ýatan wagtymyzdan başlap, garaşly bolýandyrys, çaga keçjallygyny etdigimizem şobada temmimizi alýandyrys; bu gylyk käte oglanlar üçin dogumlylyk hasap edilse, gyzlar üçin betbagtlygyň çeşmesine öwrülýändir. Biz tä durmuşa çykynçak, ejemiziň birsyhly göz astynda bolmalydyrys, onuň her bir buýran ýumşuna amal etmelidiris, her bir işde ondan maslahat soramalydyrys, gepiň tümmek ýeri, biz bir işi hem ondan bidin we rugsatsyz etmeli däldiris. Bu sadalyk öňümizde garaşýan bendiligiň diňe bir kölegesidir, has dogrusy tejribesizlikdir. Är-aýallygyň derdeseri ata-enemiziň tap bilenlikleri netijesinde biziň üçin ýeňil düşen jebri-jepalardan has agyrdyr. Söýgi olary mahal-mahal bägüller bilen beslese-de, hiç haçan şol ýüki gizläp saklap bilmez. Bu tabynlygyň has agyr ýeri — ýigidiň sypaýylygy, sylag-sarpalylygy, towşantüýlügi zerarly, şol sadyk guluň birden öz söýgülisiniň hökümdary bolup oturyberjekdigini ýaş gyzyň wagty bilen bilip bilmeýänligidir. Ýöne welin, bu gatnaşygy hem ýakymly etmek zenan maşgalanyň elindedir. Ol Hudaýyň özüni eglişige çulum, diýen ediji edip ýaradandygyny mydam ýadynda saklamalydyrwe hemişe Onuň erkine kaýyl bolmalydyr. Mýlaýymlyk hemişe rehnetli gylykdyr, her bir sahawatlylygyň hem özüne ýetik sarpasy bar welin, mylaýymlyk zenan maşgalanyň büs-bütin bagtyýar bolmagynyň kepilligi bolybam hyzmat edýändir. Eglişige gidýän zenan hemişe bagtyýar bolar we gowy görler. Onuň geçirimliligini gören paýhasly är ondan akyla sygmajak pidalary talap etmez, eger ol setanda-seýranda mümkin bolmadyk bir zady talap edäýeninde hem aýaly onuň al-petinden alman, ony şol pälinden gaýtaryp biler. Ol öz maksadyna diňe mylaýymlygy we sadyklygy bilen ýetip biler. Güýçli çabga garanyňda, gök öwsüp oturan maýsa bahar aýynyň ýuwaşja ýagýan ýagyşy has anyk, has amatly täsir edýändir. Zenan maşgala, göräýmäge,hiç kime garaşsyz ýalydyrwelin, ol, barybir, il-günüň, edep-ekramyň bendisidir, şonuň üçinem olara tabyn bolmalydyr. Erkekler edenlerini edip ýörendirler welin, aýallaryna gezek geleninde zabundyrlar! Ýöne şonuň üçin biz gynanyp oturmaly däldiris: biziň gowşaklygymyzyň kämilligiň aýakbagydygyna, ähli zada erki ýetýän erkekleriň oňa bizden öň ýetmelidigine garamazdan, biziň jynsymyza, megerem sahawatlylyk köp berlipdir, şonuň üçinem erkeklere garanyňda bizden edilýän talap has uludyr. Diýmek, sadyklyk zenan maşgala hemişe we hökman zerur zatdyr. Eziz Lizam, sen zenan maşgalanyň ilkinji gowy tarapynyň mylaýymlykdygyny, hemmeler bilen hoşzybanlykdygyny we eglişige çulumlykdygyny hiç haçan ýatdan çykarmagyn. Diňe bir seniň etmişleriň däl, eýsem gep-sözüň hem mydam sadyklyga ýugrulan bolsun. Sen şonda zenan maşgala adyna tüýs mynasyp adam bolarsyň we şol bagtyňdan lezzet almak bilen, beýlekileri hem bagtyýar edersiň. Sadyklygyň yz ýanynda pespällik ýatandyr. Ol biziň jynsymyza edil güllere burk urup duran ysyň gerekligi ýaly gerekdir. Şeýle hoşboý ys gülleriň näzikligini, ýakymlylygyny iki esse artdyrýandyr. Şöhratparazlyk, öz artykmaçlygyny, bilimlerini, zehinlerini nygtamak edähedi erkeklerde-de ösen welin, ol zenan maşgalalarda has hem gözilginçdir hem ýakymsyzdyr. Çuňňur bilim diňe pespäl zenan üçin zowalsyzdyr, şonuň üçinem erkek kişileriň birentegi biziň bilimli bolmagymyza garşy çykýan we ylymly zenanlardan gaça durýan bolsalar, bu, esasan, olaryň biziň bilimimiz bilen pespälligimizi biziň gaty az sanlymyzyň utgaşdyryp bilýänligimiz üçindir. Biziň jynsymyza mahsus bolan gowy gylyklar şeýle bir ýakymly welin, olar bize diýseň gelişýändir we görkümize görk goşýandyr, eger biz birden başga bezegler gözläp olardan jyda düşäýsek, töwerekdäkiler muňa şeýle bir gynanmak gynanýandyrlar. Biziň her birimiz açylyp duran benewçä meňzemelidiris, bu gül mydama kölege küýseýändir, onuň hoşboý ysy dumly-duşy burk urduryp duranam bolsa, ol hemişe olaryň arasynda gizlenip oturandyr. Biziň jynsymyz hem şeýle gizlenmekden hiç zat ýitirýän däldir, gaýtam utanýandyr. Eger mynasyp ýeňiş erkek kişini kemsiz bezeýän bolsa, ýaş zenany kiçi göwün bilen alýaňaklyk ýaly bezeýän zat ýokdur. Eziz Lizam, pespäl bolawergin, özüň hakda pikir edeniňde-de, geýim geýeniňde-de, gep-sözüňde, hereketleriňde-de şeýle bolgun. Görer göze, her bir kalba mährem görünýän, öz-özüne onçakly göwni ýetmeýän, gaýtam hemişe başga birine eglişik etmäge taýýar çekinjeňlik mydam ýaryň bolsyn. Özüňi hernäçe sahawatly saýsaň-da, alan terbiýäň bilen has hem sahawatly bolup biljekdigiňi elmydam ýadyňda saklagyn. Sen syratyňa, zehiniňe, bilimiňe, döwletiňe buýsanmaly dälsiň, bularyň bary tötänleýin we geldi-geçer zatdyr. Adam ömri gylyň üstündedir, şonuň üçinem ertir näme boljakdygyny bilýän ýokdur. Üsti-başyň hem sada bolsun; ony modadyr göwnejaý gelşik bilen hem aňsatja utgaşdyryp bolýandyr. Eger kelpez zenanlar hem öz sungatlaryna düşünýän bolsalar, olar hem pespällik kanunyna eýererdiler. Gözellik pynhan saklandykça, ýakymlydyr. Gürrüň arasynda sähelçejik hem ýakymsyz söz aýtmagyn. Sen durmuşa çykanyňda, bu öwüt-ündewleri ýatdan çykarmagyn, şeýle sahawatlylyga ysnat getirýän jemagatdan we kitaplardan gaça durgun. Özüňdäki pespälligi ilki bilen özüň sylagyn, şeýtseň, hiç kim oňa dil ýetirip bilmez. Şähdaçyklyk hem mydam birtap bolmaklyk möhüm sypatdyr, ol mundan başga-da sahawatlylyk bilen bagtyň alamatydyr. Adatça, zenan maşgalalarda beýle gylyk ýokdur, köplenç gam laýyna batgyç, göwünleri çökgün, yzgytsyz bolýandyrlar, özlerem munuň sebäbine-de düşünjek bolýan däldirler — diýip, olara igenýärler, belki, munuň jany bolsada bardyr. Liza, sen özüňi beýle adamlardan daş tutjak bolgun. Biribar saňa şähdaçyklyk bilen ýumşaksy häsiýet eçilipdir, sen bu gymmatly zadyň gadyryny bilgin, onsoň hem ömürboýy şeýle gylykly bolmak seniň öz eliňde ahyryn. Muňa takwa, sabyrly, sadyk, kiçigöwün we ýeňil diýmän, agyr diýmän, her hili zähmete werziş bolan her bir adam ýetip bilýändir. Eger Alla tarapyn bir derde uçraýsaňam, sen doga okap, oňa sabyrlylyk bilen döz gelgin: ol wagtlaýynça keýpiňi bozsada, göwrümiň giňligine zeper ýetirmän, basym sowlup gider. Eger başyňa düşen şumluklaryň iş salyşýan adamlaryň biweçliklerinden gelip çykýan bolsa, onda mylaýymlykdyr sadyklygyň saňa kömege gelip, giňgöwrümliligiň çigit ýalyda zyýan çekmez. Onsoň özüňem hemişe pespäl, şöhrata kowalaşmaýan, hiç kimden bolmajak zady talap etmeýän bolsaň, seniň lapykeçligiň üstünden barjak gümanyň ýokdur. Howanyň çytyklygyndan, az-kem nähoşlukdan döreýän ýürekgysgynçlygy bolsa oduk-buduk işe gümra bolup, şobada dep etse bolýandyr. Işjeň hem zähmetsöýer zenanyň göwnüçökgünlige eli ýetýän däldir; peýdaly geçen gün baradaky ýatlama bolsa ertesi güni şatlykdyr rahatlyk getirýändir. Durmuşda henizlerem doňan ýaly bolup gezmeli bolýan günleriň bolýandyr: şonda göwnüňe bolmasa, kalbyň boşap galyp, gözüňe-de adam ogly görünýän däldir. Şolar ýaly bolanynda, doga okap, Hudaýdan medet dilemelidir, onuň ähli eden ýagşylyklaryna şükür etmelidir. Ýürekden syzdyrylyp okalan doganyň dep etmejek gussasy ýokdur. Sebäbi her bir adam lükgeligi bilen Hökmi güýçlä sygynsa, ol her hili pida, her hili kynçylyga döz gelmäge taýýardyr. Diýmek, Liza jan, parahat we şadyýan häsiýetiň saklanmagy üçin saňa päsgel berip biljek zat bolmaly däldir. Ol päk we sahawatly kalbyň alamaty bolup hyzmat etmelidir; jenaýatçy adam hiç haçan şähdaçyk bolup bilýän däldir. Ömrüňde her hili zatlar duş gelse-de, hiç haçan ruhubelentligiňi elden bermegin, goý, azda-kände şatlyk ömürboýy hemraň bolsun; zyýansyz oýunlary, sadaja güýmenjeleri äsgermezçilik etmegin, gaýtam olary goldamaga çalyşgyn. Şatlyk-şagalaň her bir döwrüň bezegidir we durmuşa gelşik berýän ýagşylyga, sahawatlylyga ysnat getirmeýän şatlyk-şadyýanlyk diňe bir mümkin däl-de, eýsem, uly il üçin ýakymly zatdyr. Ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, haýyr-sahawatlylyk atly üç sany asylly zat hakynda men bir wagtyň özünde gürrüň etmekçidirin. Ynsanperwerlik — Hudaýyň eçilen gymmatly peşgeşidir, ol bizi ýakyn adamlarymyz bilen birleşdirýän düwündir; ol her bir adamyň edil özümiz ýaly adam bolanlygy üçin, biziň onuň ykbaly bilen gyzyklanmagymyza sebäp bolýandyr. Beýleki sahawatlylyklar bizi kowum- garyndaşlarymyz, öýdäkiler bilen hamrak edýändir, bize lezzet berýändir, ýöne ynsansöýüjilik uly iliň söýgüsine we hormatyna mynasypdyr. Gyzym, sen bu ajaýyp gylygy kalbyňda beslegin, golaý-goltumlaryň derdi-belalaryny tüýs ýürekden bölüşgin we olaryň şatlyklaryna begengin. Eger uly il bähbitli bir zat çykar öýtseň, bu günem, geljegem ýakymsyzlyklara höwes bilen döz gelgin. Goý, seniň ynsanperwerligiň kalbyňy heýjana getirip, beýleki sahawatlyklara, has dogrusy, myhmansöýerlige, haýyr-yhsanlylygyňa medet bersin. Olar bizi her bir närse üçin ýakymly hem peýdaly adamlara öwürmek bilen birlikde öz durmuşymyzy hem gözelleşdirýändir. Öý eýesi bolanyňda gelen kişini güler ýüz bilen garşy algyn, şonda öňýeten adam seniň öýüňe höwes bilen gelip gider. Hökmi güýçliniň maňlaýyňa näme ýazanlygyny, hany-manyň köp ýa az boljagyny bilemok welin, bir zada ykjam ýetikdir: myhmany gowy garşylamak üçin seniň hemişe gurbuň çatar. Onsaňam sen maňa ynangyn: hakyky myhmansöýerlik görülmedik nahardyr içgiler taýynlamakda däldir-de, myhmany kabul edeniňdäki güler ýüzdedir. Sen myhmanlaryň gowy görýän zatlaryny aňjak, biljek bolgun; olaryň göwnünden turmak üçin eliňde baryny etgin; myhmany kabul edeniňde özüniň oňa dälde, öýüňize gelmek bilen onuň saňa sarpa goýýandygyny birsyhly ýatlap durgun. Myhmanlaryň her biriniň ugruny tapmany oňargyn, myhman her näçe düňle bolsa-da ýüz-gözüňde tukatlykdan nam-nyşan bolmaly däldir. Diňe şu sahawatlylygyň seniň öýüňi bazara öwrüp biljekdigine, onuň erkek kişide däl-de, öý eýesi zenanda bolanynda nähili uly ähmiýetiňiň bardygyna gözüm ýetik bolansoň, seniň bu sahawata werziş bolmagyňy maslahat berýärin. Öý eýesi aýal öýe erk edýändir, myhmanlary kabul edýändir, ýöne ol garasöýmez hem yzgytsyz bolsa, adamsynyň her näçe gowulygyna garamazdan, myhmanlar onçakly hoş bolman gaýdýandyrlar. Ynsanperwerligiň ikinji borjy her bir duýgur ýürek üçin baryp ýatan lezzet bolan haýyr-sahawatlylykdyr. Elinde maly bolup, hor-homsulara sadaka berip bilýän adam tüýs bagtly kişidir. Şeýle adam öz asylly işi bilen özüniňkileriň arasynda howandar Hudaý bolyp görünýändir. Ýöne meniň gep nokatlap oturmam nämedir? Keremli Hudaý adama mährem ýürek berip, şol ýüregiň üsti bilenem bize haýyr-yhsan mümkinçiligini eçilendir. Eger-de ýüregiňde ýagşylyk etmek niýeti bar bolsa, sen barlymysyň-barsyzmysyň, golaý-goltumyňa ýardam edip bilersiň. Liza jan, häzirlikçe sende garyp-gasarlara jomartlyk bilen eçiler ýaly köp pul bolmansoň, sen bu ýetmezçiligiň öwezini alçaklyk, sadyklyk we el işiň bilen doldurjak bolgun. Sen daýhan külbelerine gatnanymda maňa ýoldaş bolardyň, men henizlerem seni dermandyr egin-eşik eltip gel diýip, oba ýygy-ýygydan iberýärin. Onsoň sen munuň onçakly uly kömek bolmasa-da, onuň berýän üçin-de, alýan üçin-de nähili şatlyk getirýändigini özüň görüp duransyň. Sen beýle asylly işe hiç haçan biperwaý bolmagyn: Goý her bir daýhan seni öz hanymy hem penakäri saýsyn; dogrusyny aýtsaň, olaryň täleýleri şeýle bir şum welin, olara sähelçejik ýardam etmek hem jana ýakymly görünýändir. Uzagyndan ýagşylyk etmek üçin ýeterlik serişde tapsaň, goý, ol mümkinçilik seniň kalbyň üçin zerur lezzete öwrülsin. Ýöne welin, haýyr-yhsançylykda hem, edil beýleki işlerde bolşy ýaly, çakyňy bilmek gerekdir. Öz daýhanlaryň mätäçlik çekýän bolsalar, kowum-garyndaşlaryň kömek sorap duran bolsalar, onda keseki kişilere tarhandökerlik etmegin. Sen ilki bilen töweregiňdäki adamlaryň we kowum-garyndaşlaryň gamyny iýmäge çalyşgyn, diňe şondan soň, eliňde zadyň galsa, kesekilere kömek etgin, hatda özüň pahyr-pukaralaryň gözlegine çykgyn. Hemme kişä maslahat bermäge hakymam ýokdur, niýetimem, ýöne herkim, saňa maslahat berişim ýaly etse, obalarymyzda garyp- gasarlar onça köp bolmazdy, betbagt bendeleriň sany has azalardy. Liza, men saňa sogap iş edýän diýip tumşugyňy dik ýokaryk tutup, ony mazamlap ýörmezligi ýatlatmakçy däldirin; saňa bu babatda pespälligiň özi we ýagşy işiň uly ile aýan bolan wagty onuň gadyr-gymmatynyň gylla ýarsynyň gaçýandygy baradaky ynam päsgel berer. Ýöne men saňa sadaka bereniňde birneme seresap bolup, janyňy onçakly ynanmazlygy maslahat bermekçi. Özüm-ä muny hiç haçan öwrenip bilmän geçdim, şol zerarly hem görer göze elpe-şelpelik telim gezek haýyr işe däl-de, bet işlere kömek etdi. Eger beýle ýagdaý saňa-da duş gelse, sen ýagşylyk bilmeýäne kömek etseňem, barybir ýagşylyk etmek matlabyňy taşlamagyn we görgüsi ýaman adama kömek bermekden ýüz döndermegin. Sen sadakaň üçin sylagy kömek edenleriň taňry ýalkasyndan-da ozal, öz ýüregiňden we borjuňy berjaý edýänligiňe bolan ynamyňdan gözlemelisiň. Indi bir bolşuňy saklamak barada aýdaýyn. Bu gylyk adamda seýrek bolýandyr: ol kä bu tarapa, kä ol tarapa yranyp duran çeýeje gamyşa çalym edýändir. Şonuň üçinem bu agyp-dönmelik tas ähli kişiň diýen ýaly kemçiligidir. Şu gün hyjuw bilen ýapyşan zadyň ertir ähmiýetsiz görüner-de, sen ondan sowaşarsyň; etsem diýip uly höwes eden zadyňy iki sagat geçip-geçmänkä ýadyňdan çykararsyň. Diýseň aýgytlylyk bilen başlan işiň gutarmagyna ep-esli galandyrwelin, eýýäm oňa höwesiň gaçyp ugrandyr... Birtaplyk bolmasa, sen sahawatly hem, söýüp-söýdürýänem, alymam bolup bilmersiň. Adam birsyhly meşgullanyp durmasa, iň peýdaly diýen işiň hem oňa peýan bermez. Ol dostlary bilen hemişe bir bolşuny saklamasa, basym olary ýanyndan gaçyrar. Ol birsyhly zähmet çekmese, bilimli, mal-garaly hem bolup bilmez. Biziň jynsymyz babatda: göwün islegi hem, etsem-goýsamy hem, hatda duýgusy hem birsyhly üýtgäp dur diýip aýdýarlar, şonuň üçinem, Lizam jan, sen öz etsem-goýsamlaryňda birsyhly üýtgäp durmaklykdan seresap boljak bolgun. Eger sende bir kemçilikden halas bolmak ýa-da bir gowy gylygy öwrenmek meýli dörese, bu niýetiňe ýetmek üçin tutanýerli bolgun; eger kimedir birine ýüregiň bilen göwün berseň, şol wepalylygyňdan el çekmegin; eger-de bir işiň başyny başlaýan bolsaň, ony ýadaman-ýaltanman alyp çykgyn, şeýtseň, sen iň kyn işiň hem hiç hili müşgiliniň ýokdugyna birebir göz ýetirersiň. Terjime eden:Daňatar Berdiýew "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |