MÄHREM ENÄNIÑ ÝAZGYLARY
Ikinji bölüm
II bap
Ata-enäni, maşgalany, dogan-garyndaşlary, Patyşany, watany söýmek we olara minnetdarlyk hakynda
Eger takwalyk ynsan ähliniň ilkinji sahawaty bolsa, onda ata-enä bolan söýgini onuň yz ýanyndan ikirjiňlenmän goýsa bolar. Tebigat, minnetdarlyk, söýgi bizi diňe bir özümize ýaşaýyş däl, eýsem terbiýe hem beren adamlar bilen aýrylmaz baglanyşdyrýar. Zenan jynsy hakyndaky bapda men saňa ene hamraklygynyň gysgaça ýazgylaryny beýan edipdim, ýöne sen özüň ene bolýançaň perzentleriň ata-eneden çekmeli minnetlerine onçakly düşünmersiňem, bilmersiňem. Ýogsa-da, eziz Lizam, biziň ýürek tesellimiz bolmak bilen, sen ol mukaddes borjy eýýäm ýerine ýetirip ýörsüň. Sargaryp-solup barýan ene saňa diňe häzir däl, eýsem, mährem hem näzenin gyzkaň bolşuň ýaly, bagtyýar ene bolan wagtyň hem kepilnamaň boljak bu tarypy batyrgaýlyk bilen aýdyp biler. Doňýürek hem gadyr bilmezek çagalar öz perzentlerinden hem bagt tapmaýarlar.
Biziň ýüregimiziň ilkinji hem iň tebigy duýgusy çagalaryň ata-enelerine mähremliligidir: çaga ýaňy bir gözi açylyp ugraýar welin, ejesine eljagazlaryny uzadyp başlaýar. Entek ýeke söze hem dili aýlanýan däldir welin, eýýäm «eçje» diýip bilýändir, entek hiç kimi tanaýan däldir welin, ejesini göreninde, ýylgyrjaklaýandyr we onuň gujagynda gözýaşyny diňdirýändir. Bu söýgini iň bir biperwaý adam hem duýmalydyr; ony iň gadymy, iň wagşyýana halklarda-da görse bolar. Afrikanyň onçakly tanalmaýan taýpalarynyň biriniň nakylynda «Meni öldür, ejeme rehim eýlegil!» diýlip aýdylýar. Hytaýda çagalar ata- eneleriniň ýasyny üç ýyllap tutýarlar. Bu adat bäbekligiň iň aladaly hossarlygy talap edýän ilkinji üç ýylynyň hatyrasyna döräpdir. Ýöne welin tutulýan ýasyň wagtyny ata-enäniň çagalary barada alada eden ýyllary bilen ölçejek bolsaň, onda olaryň birenteg-ä tä ölýänçäler ýas tutup ýörmeli bolardylar. Men kemtersinden ata-enäni nädip söýmän boljakdygyna hem düşünýän däldirin. Hudaýdan soň biz kime has minnetdar bolmaly? Bizi olardan güýçli, olardan päk söýýän barmyka? Ýöne muny olara diňe sadyklyk, mylaýymlyk we tüýs ýürekden yhlaslylyk bilen subut etse bolar. Ata-eneň maslahatyna eýermek bilen, sen hemişe ýagşylyk ýoly bilen gitgin. Bizi hemişe häzirki gowy görüşiň ýaly gowy görgün. Şu çaka çenli edişiň ýaly, biziň imisalalygymyz, bagtyýarlygymyz barada alada etgin, şeýtseň, ýagşylygyň telim esse bolup özüňe gaýdyp barar. Ýöne meniň aýdyp duran zadym nämedir?.. Sen bu setirleri okanyňda topragyň eýýäm meniň buz ýaly jesedimi örtjekdigini men ýatdan çykarýaryn. Seniň mähremligiň hakynda söz açanymda, men kalbymda şeýle bir şatlygyň peýda bolanlygyny duýdum welin, golaý gelen ajal hem huşumdan uçup gitse nätjek! Elbetde, ol wagt men bolmaryn, emma alçak ataň ýanyňda galar, onsoň jigiň ikiňiz onuň galan ömrüne teselli berersiňiz.
Liza, sen mynasyp ataňy sylagyn, onuň sarpasyny tutgun, oňa eliňden gelen goldawyňy bergin, oňa çäksiz ynam bildirgin. Ýaş juwanlar özlerine ömür beren adamlara hemişe pynhan pikirlerini aýan edip dursalar, olar gör, näçe ýalňyşlyklardan halas bolardylar. Ata-enäniň tejribesi her bir halatda zerur serişdeleri tapýar, olaryň çagalara söýgüleri bolsa örän danalyk döredýär, diýmek, saňa ataňça hiç kim peýdaly maslahat berip bilmez. Sen ondan hiç bir syryňy gizlemegin. Duýgudyr etmişiňi ataňdan çalaja gizlemek hem günädir, sebäbi ýalňyşan günüň seni dogry ýola atarjak kimdir? Seni jan-dil bilen söýýän, öz şan- şöhratyny, öz bagtyny diňe sende we seniň jigiňde görýän adamdan öňürti günäňi ötjek barmydyr? Bardy-geldi, durmuşa çykaýsaň hem hemişe ataň bilen maslahatlaşyp durgun we onuň diýenlerine gulak goýgun: birentek ýaşlaryň edişi ýaly, «ata-enäň garamagyndan çykan adam olara boýun synmasa-da bolar, olaryň sarpasyny saklap durmak ýeterlikdir» diýip oýlanmagyn. Bu il ýüzüne ýeterlik bolsada, ýürek üçin ýeterlik däldir. Ata-enäniň eden ýagşylyklaryny, bizi söýüp biz barada eden aladalaryny, çeken pidalaryny ýerine salmak, olara hoşallyk bildirmek üçin bütin ömrüňiz zordan ýeter... Goý, seniň kakaň ömrüň ötýänçä seniň maslahatçyň bolup galsyn. Oslanmadyk bir zat bolup, ol garyp düşäýse, ony taşlap gitmezligi, näsaglanda we garran çaglary oňa göz-gulak bolup durmagy ýatlatmagy özüme artykmaçlyk hasap edýärin, çünki, Hudaýa şükür, beýle öwütler meniň Lizama gerek zatlar däldir. Seniň näzik ýüregiň ýer ýüzünde ata-enesini mätäçlikde taşlap gidýän, olaryň garyplygyndan utanýan mahluklaryň hem bardygyny düşünerden ejizdir, nämemiş, bagt olary doglan wagtlaryndaky boluşlaryndan has ýokary derejä göteripmiş. Gyzym, seniň göwnüňe beýle adamlaryň bolmagy mümkin däl ýaly bolup görner, sen hemişe ýagşylygyňy gaýgyrman, tanyşlyklaryňda we jemagat bilen gatnaşyklaryňda mydam bagtyýar bolgun.
Kakaň barada ýene-de bir zady aýdyp geçeýin: sen onuň birentek göreldesine eýermegin we onuň bilen juda ýuwnuksyz bolmagyn; beýle ýagdaýlarda öňki nesilleriň gyzlaryna öýküngin. Sen ony tüýs ýürekden gowy görýärsiň, oňa bolan ynamyň çeni-çägi ýok, şonuň üçinem onuň bilen çylkasyz bolmakdan gaça durgun. Bu ýagdaý ýaş-ýeleňlerde juda gözçykgynç bolýandyr we her kimiň dünýä inmegine sebäpkäri bolan adama goýmaly hormat-sylagyna juda çapraz gelýändir.
Özüm barada aýdanymda bolsa, mährem gyzym, basym ähli borçlaryň tamamlanar. Sen bu sahypalary okap ugranyňda, meniň jesedim çüýräp başlar... Emma ruhum bolsa seniň ähli edim-gylymlaryňy birsyhly synlar; ony gynandyrmak ýa-da begendirmek saňa bagly bolýar. Lizam, sen muny ömrüň ötýänçä ýatda saklagyn. Ýagşylyk ýoluny dowam etdirgin, meniň ölümim barada aglap-enräp ýörmegin, bu maslahatlary üns berip okagyn. Setanda-seýranda hem mazaryma zyýarata gelip-gitgin. Ýöne welin, tiz solýan güllerden boglan çemeniň ýerine sen meniň iň soňky mekanyma päkize, ýüregiňi we hemişe täze-täze ajaýyp sypatlar bilen bezelen kalbyňy alyp gelgin, şonda men mazaryň içinde ýatan ýerimde hem monça bolaryn.
Men seniň maşgalaňa bolan söýgiň bara- da-da gürrüň etmekçidirin. Bu duýgy diýseň ýakymlydyr, sebäbi ol biz bilen önüp-ösýändir we sallançakdan başlap, bizi mähremlige imrikdirýändir. Biz iň gowy dostlary bir ady, bir emlägi, bir gatnaşyklary, iň esasysy-da bir terbiýäni deň paýlaşýan adamlaryň arasyndan gözlemesek, dagy nireden gözläli? Özümiz bilen bile pikir etmäni öwrenen adamlaryňkydan has düşnükli pikir etmäni biz nireden gözlemelimişik? Maşgala agzalarynyň arasyndaky söýgi her näçe tebigy bolsa-da, oňa garşy gelýän hasratly mysallar hem tapylaýýar. Uýalaryň arasynda hemişe diýen ýaly hamraklyk, birek-birege ynam we birek-birege düşünişmeklik agalyk edýär; adatça erkek doganlar olar bile onçakly agzybir ýaşanoklar. Oglanlar çagalykdan başlap, buýruk bermäni gowy görýärler, gyzlar bolsa muňa garşy çykýarlar. Hudaýtagalanyň iň näzik hamraklyk üçin ýaradan adamlarynyň arasyndaky şeýle sene-meneler, ýakymsyz zatlar, ine, şunuň üçin döreýär. Eziz Lizam, jigiň ikiňiz her bir maşgala üçin janly görelde boljak boluň. Onuň ynamyna girjek bolgun, käte-käte onuň ugruna sürgün, erkek häsiýetini ýumşatmaga çalyşgyn, öz jynsyň babatda onuň seniň bilen edepli hem sarpaly bolmagyny öwretgin. Akylly-başly aýal doganyň ujypsyzja, ýöne şowly maslahaty hem ýaş ýigidiň menikli bolup ýetişmegine uly kömek edip biler. Kakaň jigiň üçin ähli ajaýyp sypatlar babatda görelde bolar, mugallymlar, kitaplar we syýahatlar ony bilimler bilen tanyşdyrar. Ýöne sen onuň akyl-paýhasyna we kalbyna diňe zenan maşgalanyň çaýyp biljek altynyny çaýgyn. Muny meniň özümem edip bilerdim welin, bu ýagty jahanda bolmaly mütdetim azalyp barýar, şonuň üçin, gyzym, meniň ornumy sen eýelemelisiň. Goý, jigiň saňa seredip, biziň barjamyzyň jynsymyz barada gowy pikirde bolsun we sahawatly zenany irgözinden synlamany öwrensin. Şeýtseň, sen onuň bagtly bolmagyna ýardam edersiň, çünki soň-soňlar ol alçak hem mylaýym är bolup ýetişer.
Ajal seniň eliňden aýal doganyňy ogurlamak bilen, seni iň wepaly joraňdan jyda etdi. Beýle jora bolsa bu dünýäde seýrek tapdyrýar. Şonuň üçin sen göwünhoşlugy, tesellini galanja zatlardan gözlegin. Maşgala gatnaşyklarynyň nähili ýakymlydygyna, doganlyk söýginiň ynsan durmuşyny nähili bezeýändigine sen kem-kemden göz ýetirersiň. Ýöne kakaň bilen bolşuň ýaly, jigiň bilenem ýuwnuksyz bolmakdan gaça durgun. Jigiň hernäçe ýakynam bolsa, goý, ejap etmek, kiçigöwünli bolmak kadalary saňa onuň erkek kişidigini unutdyrmasyn.
Ata-eneden we maşgaladan soň, bize iň ýakyn adamlar dogan-garyndaşlardyr. Olaryň hemmesini, mümkin boldugyça, gowy görmek we sylamak gerekdir. Liza, sen olary hemmelerden ileri tutmalysyň. Seniň olara, olaryňam saňa düýpden keseki adamlardan gymmatlydygy tebigy zatdyr. Şonuň üçin ähli kowum- garyndaşlaryň bilen süýjülikde gatnaşgyn. Hudaýtagala hamçam hem agzybir maşgalany göze görünmezden, penalap ýörendir. Eger kowum-garyndaşlaryň arasynda ykbaldyr sowatlary deň çüwmedikleri bar bolsa, özüňi olardan has bagtly saýyp, olary äsgermezçilik etmegin, gaýtam, eliňden geldigiçe olaryň ýagdaýlaryny ýeňilleşdirjek bolgun, ýuwaşlyk bilen olara kömek etgin, haýyr-sahawatyňy şolardan başlagyn; bu zatlary etmezden ozal, sen sadalygyň we garyndaşlyk dostlugyň bilen olaryň göwnünden turmaga ymtylgyn. Barly garyndaşyňy pukara garyndaşyňdan ileri tutmagyn, sen olaryň ikisini hem deň tutgun. Sen olaryň özüňki ýaly bilim almadyklaryna äsgermezçilik etmegin. Ähli dogan-garyndaşlaryň bilen imisala ýaşamaga jan etgin, eger durmuşa çykyp, täze kowum-garyndaşly bolsaň, sen olar bilenem agzybir bolgun.
Indi Patyşa we Watana bolan söýgi hakynda. Saňa olary miras goýjak diýsem, öte geçdigim bolarmyka diýýärin, hakyky adamyň gyzy hökmünde sen öz Watanyň Atasyny-da, dogduk mekanyňy-da söýmegi başarýarsyň. Şeýle bolsa, gel, Patyşamyzyň uzak wagtlap, bagtyýar edara etmegi barada gün yrman doga okaly, goý, Hökümi güýçliniň özi ony ähli bela-beterlerden, hatda Tagtda-da gaçyp gutulyp bolmaýan gaýgy-gamlardan halas etsin! Sen Onuň Hudaýyň nury düşen adamsydygyny, en- çeme million kişiniň atasydygyny hergiz-hergiz unutmagyn.
Liza, eger sen Patyşa we Watana bolan söýgiňi subut etmek isleýän bolsaň, sen muny bütin ömrüňe eliňde baryny edip berjaý etgin, içiň-daşyňdaky parahatlykdyr imi-salalygy goldap durgun. Eger köpçülik üçin peýdaly bolsa, hiç haçan girizilýän täzelikleri ret etmegin. Keseki ýurtlulara garanyňda, özüňkilere has ýakyndan kömek bergin, olaryň işlerini makullap durgun. Patyşa üçin we halkyň eşreti üçin jan çekýänleriň sarpasyny saklagyn: zähmet çekýän her bir adam hormat-sylaga mynasypdyr. Ol galamy bilen işleýärmi, gylyjy ýa azaly bilen işleýärmi, parhy ýokdur, diňe peýdaly we işeňňir bolsa ýeterlikdir. Liza, eger Hudaý jan ýol berip, sen ene bolsaň, çagalary del ýurtlaryň bolgusyz täsirlerinden goragyn. Öz çagalaryňa — Adalata, Watana we Patyşa gulluk etmäge döwtalap we ukyply bolar ýaly, olaryň etmişleri üçin hiç haçan ýüzüň gyzarmaz ýaly akyl-paýhas, ýürek bergin. Goý, olar seniň göz öňüňde gymmatbahaly hazyna bolsunlar, goý, olaryň edýän ýagşylyklary we bitirýän hyzmatlary seni göwher bezeglerini mazamlap öwünen aýala çagalaryny görkezip: «Ynha, meniň bezeglerim» diýip jogap beren bir aýalyň derejesine ýetirsin. Bäh, şonda sen juda köp adamyň jemgyýetiň eşreti üçin zähmet çekmegine ýardam ederdiň-ä we öleňde uly iliň hormatyna mynasyp bolup, bütin maşgalaňy zar-zar agladyp, bagtyýar ölerdiň-ä.
Men bu baby minnetdarlyk barada birnäçe söz bilen tamamlamakçy. Her bir duýgur ýüregiň eserdeňligi diýseň gowy gylykdyr, özem bu şeýle bir tebigydyr welin, ol göwnüňe bolmasa, haýwanlara-da mahsusdyr. «Minnetdarlyk ýürek hakydasydyr» diýlip, juda göwnejaý aýdylypdyr. Eger-de dünýäde gadyr bilmezek adamlar duşýan bolsa, bu gynançly aýbyň sebäbi birentek okuwçylaryň öz meşhur mugallymlaryndan hiç zat öwrenmändikleridir; bir tapawutly ýeri: olam bolsa olaryň mugallymlarynyň-a akyllarynyň, okuwçylarynyňam ýürekleriniň hakydasynyň bolmazlygydyr. Ýöne welin, meniň göwnüme bolmasa, ýürek ähli babatlarda akyldan rüstemdir, sebäbi dünýäde gadyr bilmezlere garanyňda nadanlar köpdür.
Eziz Lizam, sen irgözinden ýagşylyk bilýän adam bolmany öwrengin; sen hiç haçan bu asylly sahawatdan uýalmagyn. Özüňiň Hudaýdan hem ata-eneden çekmeli minnetiň nämedigini sen eýýäm bilýänsiň. Elbetde, olaryň ýagşylyklaryny hiç haçan göwün diýerlik derejede ýerine salmak mümkin däldir, ýöne beýleki zatlar ep-esli aňsatdyr. Mugallymlaryňa we özüňe azda-köpde ýagşylyk eden adamlara, mümkin boldugyça, köpräk minnetdar bolgun. Ýöne bu minnetdarlyk gury sözde bolmaly däldir: käte ony iş bilen subut etmelidir; seniň göwnüňe, hemişe tölemeli bergiňi entek doly tölemedik ýaly bolup görünsin.
Terjime eden: DAÑATAR
"Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011
Edebi makalalar