07:00 Mährem enäniň ýazgylary-5/dowamy | |
V bap
Edebi makalalar
Hojalyk aladalary we zenan maşgalanyň etmeli işleri hakynda Kimde-kim arkaýyn, şadyýan hem bagtyýar bolaýyn diýse, kimde-kim ýüregim gysmasyn diýse we özüne sarpaly hem ederini bilýän adam diýdiresi gelse, ol hemişe galdaw bolmalydyr. Ýaradan bizi üznüksiz işlemek üçin döredipdir, diýmek, biz dirikäk güýjümiziň ýetdiginden zähmet çekmelidiris. Bu borjy berjaý etmeýän adamlar öz ömürlerini bihuda geçirýändirler we diňe uly ile musallat bolýandyrlar. Ezizim, Liza, sen hiç haçan beýle şumbagt mahluklardan bolmajak bolup jan etgin. Hudaýa şükür, «işlemek diňe aşaky gatlaklaryň pişesidir, ol onsuz hem oňup bilýän adamlaryň namysyny basgylaýandyr» diýen zyýanly yrymlar ýok bolup başlaýar. Öňler patyşa aýallary hem hojalyk işlerinden, öýüň dürli hysyrdylaryndan gaça durmandyrlar; häzirem ýokarky gatlakdan bolan zenanlar bu ajap adaty täzeden ulanyp ugradylar, şonuň üçin onuň basym obalara we şäherlere hem ýaýramagyna umyt bar. Hemişe işe gümra bolup, içersini gül-pürçük edip saklaýan ýaş keýwany ýaly täsin zat barmy, eýsem? Ähli kişi oňa sylag-sarpa goýýar. Onuň nazaryndan ýeke zat hem sypyp galanok; ol tutuş öýüň dikrary, goňşy-golamlaryň, öýdäkileriň görüm-göreldesi, adamsynyň guwanjy, maşgalanyň bezegi, Hudaýyň halany, uly iliň begenji. Liza jan, sen hemişe nämedir bir zat bilen gümra bolgun. Işjanlylyk ynsanyň durmuşydyr, bagtynyň gözbaşydyr. Çala ýaltalyga ýa bikärlige ýan berdigiň, şol bada seni tukatlyk gurşap alar, bu bolsa kalbyňdyr bedeniňi gysyp-gowrup barýan aýylganç dertdir. Eger keýpsizlik aralaşyp, durmuşda duşmagy hökman bolan gaýgydyr gama ulaşaýsaň, yhlas bilen birzada gümra bolgun, şeýtseň, hemmesi bilmän durkaň geçip gider. Hemişe sagdyn hem şähdaçyk bolaýyn diýseň, yhlasdyr jan edip zähmet çekgin. Ömrüňi imi-salalykda, arkaýyn tamamlaýyn diýseň, durmuşyňy peýdaly işe bagyş etgin. Ölümiň öň ýanynda: «Ömrüm biderek geçmedi, güýjümde baryny edip işledim, bir günümem, bir sagadymam bihepbelik bilen geçmedi» diýmek ýaly teselli berýän zat ýokdur. Eger sen bu elpe-şelpelige ýeteýin diýseň, onda uzynly günki etjek işleriňi ir ertirden belleşdirgin; nämeleri edip-goýjakdygyňy oýlanyp, olaryň hasabyny ýöretgin, agşam bolsa hemme zady etmelisi ýaly edeniňi-etmäniňi barlap görgün. Eger edilmän galan işleriň bolsa onuň özüň zerarlymy, ýa başga bir ýagdaý zerarly — näme üçin edilmänliginiň sebäbini biljek bolgun. Seniň şeýdip, günüň-gününe gaýtalanyp durjak aladaçyllygyň netijesinde ömrüň köpleriňki ýaly biweç geçmez; ölüm ýassygynda ýatyrkaň hem sen maňlaýyňa biwagt aradan çykmak ýazylanlygyna garamazdan, adam şekilli ýaşanlygyňa göz ýetirersiň. Ýaş-ýeleňleriň birenteginiň gündelik ýöretmek edähedi bar, ol gylyk ýazgaranyňa degmeýänem bolsa, onuň peýdaly, hatda berýän lezzeti hem seýrek bolýar. Adatça, beýle ýazgylarda öz edýän-goýýan işleriň hakda gürrüň edilmeýär, duýgularyň barada idili zat aýdylmaýar. Olarda köplenç bolup geçýän wakalar beýan edilýär. Menem ýaşlygymyň irki döwürlerinde gündelik ýöreden bolýardym, ýöne agaýana durmuşda üýtgeşik bir zat bolup duranok, günleriň bary diýen ýaly birmeňzeş. Telim ýyl geçeninden soň men şol gündeligiň bir kagyzyny okasaň, beýlekileriniň hem nähilidigine düşünse bolýandygyna göz ýetirdim. Şunuň netijesinde men başga bir usul oýlap tapdym, olam öz-özüň bilen iç gepledip gürleşmek usuly, men bu usuly, Lizam, saňa-da maslahat berýärin. Meniň «Ýaz- gylar» diýlip atlandyrylýan bir kitabym bar, men oňa on ýyl gowrakdan bäri öz durmuşymyň iň möhüm wakalaryny belläp alýaryn. Ony onçakly doly diýip boljak däl. Ýöne indi ol şol durşuna-da galarmyka diýýärin... Men wagtym näçe şatlykly geçen bolsa, kitabyň baplarynyň hem şonça gysga çykanlygyna göz ýetirdim. Meniň hepdelik atlandyrylýan başga bir uly depderim bar; onda men her ýekşenbe güni bütin hepdäniň dowamynda eden işlerimi birin-birin beýan etdim: okaýan, ýazýan zatlarymy, eden işlerimi jikme-jik belledim, şol depderiň has gyzykly çykmagy üçin men onda okan kitaplarym barada öz pikirimi ýerleşdirdim. Men bu işden ençeme gezek peýda gördüm. Hepdäniň soňky günleri depdere ýazyp almak üçin men başlan işimi tamamlamaga howlugdym, pikir ýöredeniňe deger ýaly, iň gyzykly kitaplary saýlap aldym... Ine, indem şol sahypalary agdaryşdyryp ugraýan welin, ömrümiň ýekeje hepdesiniň hem hepbesiz geçmänligine hezil edip göz ýetirýärin. Ýöne durmuşyňy netijeli, peýdaly geçirmek üçin zähmete irgözin endik edip ugramak gerek, oňa birsyhly täzelik lezzetini berip durmaly. Kimde-kim edýän işiniň köpdürlüligini bilmeýän bolsa, ol adamyň basym ýüregi gysyp ugraýar, şonuň üçinem, Liza jan, men saňa eýýäm bilýän, hötde gelýän işleriňden daşary täze-täze işleri öwrenmäge jan etmegiňi, öz hojalyk işleri barada bilýän zatlaryňy artdyrmagyň aladasyny etmegiňi maslahat berýärin. Iňňedir öýüň beýleki işleri bilen iş salyşmaýan zenan hernäçe atly, baý bolsa-da, özünden edilýän talaby ödäp bilýän däldir. Şonuň üçinem köplenç özüne-de, beýlekilere-de ýük bolup ugraýandyr. Kimiň bu babatda bilýän zatlary näçe köp bolsa, ol şonça-da bagtyýardyr we hormata mynasypdyr. Erkek kişiniň etmeli işleri zenan maşgalanyň etmeli işlerinden başgarakdyr, şonuň üçin hem bu jynslar bar zat babatda bir-birinden üýtgeşikdir. Ähli zada has çuň çemeleşýän erkek kişi hemişe jemgyýetdäki häzirki wakalar hakdaky gürrüňler bilen gümradyr; hatda nähoşlan çaglary hem olar kitapdan şepagat gözleýändirler. Zenan maşgala beýle ederden ejizdir. Öz etmeli işinden sowa düşýän umumy meselelerden çen tutmak ýa ony ara alyp maslahatlaşmak onuň üçin çetindir; nähoş wagty öz ýagdaýyndan başga bir zat barada oýlanmak we pähim etmek üçin onuň paýhasynyň ýüregine erk ederlik uly güýji ýokdur. Eger iş bilen gümra bolmagy halamaýan bolsa, ol dagy näme etsin. Ynha, ol şeýdýär: birsyhly märekä çykyp başlaýar we juda köp gepläp, öz kowum-garyndaşlaryna dil ýetirip ugraýar. Eger birden nähoşlaýsa ýa durmuşda bir çorşuga çolaşaýsa, göwnüçökgünlige düşüp, azar çekip başlaýar we romanlary okamaga ýatýar. Başga bir ýerde men ylymlar hakynda we, meniň pikirimçe, zenan maşgalalar üçin gerek bolan sungatlar hakynda gürrüň ederin, ýöne häzirlikçe ilki bilen özümize degişli we biziň terbiýämizde ilkinji orny tutmaly işler we pişeler barada aýtmalydyryn. Her bir zenan maşgala ähli zadyň dogry hasabatyny ýöretmelidir. Aşhana hem hojalyk hajatlaryny bilmelidir, tikin tikmäni, egin-eşik biçmäni, ony-muny örmäni başarmalydyr, bir söz bilen aýdanyňda öý durmuşynda duş geläýjek hiç hili işde asgynjaňlyk çekmeli däldir. Bu zatlara türgenlik her hili ýagdaýda-da artykmaçlyk däldir, gaýtam ýylyň ahyrynda görersiň welin, olar uly peýda we çäksiz eşret getirer, dilleri bilşiňe, tans edişiňe, aýdym aýdyşyňa, surat çekişiňe we beýlekilere garanyňda adamyňy köp begendirer. Beýleki aýallaryň ýaltalyklary ýa emelsizlikleri zerarly başga birine ynanýan işlerini özüň üçin özüň etmekligiň nähili ýakymly bolýandygyny özüň görersiň. Öz eliň bilen biçilip, öz eliň bilen tikilen köýnek ýa taýýarlan başga bir geýimiň dükanda tikdiren eşikleriňe garanyňda saňa has köp lezzet berer, üstesine-de, ol iki esse arzan düşer. Belki, köpler üçin bu iş, aýratynam ol wagty (olaryň pikiriçe) has möhüm zatlara peýdalanyp boljak bolsa, onçakly pähimli güýmenje bolup görünmezdi. Ýöne beýle pikir edýän adamlar ýalňyşýarlar. Zenan maşgalanyň esasy borjy maşgala ojagydyr; onuň höwes edip ýetmeli ýeke-täk maksady asuda maşgala bagtydyr. Ol durky bilen dünýewi zatlara, ylymlara ten beräýmeli däldir; her bir zenan syýa galamdan iňňäni, ýazuw depderçesini bolsa saz notalarydyr ylmy ýazgylardan ileri tutmalydyr. Irginsiz kitap okap oturmak ýa-da nepis sungatlara gümra bolmak zenan maşgalanyň borjuna we wezipesine ters gelýändir. Zenan maşgalalaryň diňe hojalyk aladalary, el işleri bilen dabaralary dag aşan wagtlary hem bolupdy. Biziň mamalarymyz- enelerimiz okamany onçakly bilmändirler, olar diňe öý işleri bilen gümra bolupdyr, emma gowy-gowy ogullar terbiýeläp ýetişdiripdirler hem-de öz men diýen ärleriniň göwünlerinden turupdyrlar. Biziň asyrymyz ýaly hatly-sowatly asyrda ençeme basgançak pese düşüp, belki, bagtly, ýöne möwritini geçiren nadanlyga baş goşmaklygyň gynançly boljakdygy şübhesizdir. Emma, mährem gyzym, diňe birnäçe dili bilýäniň, aýdym aýtmany, surat çekmäni, tans etmäni başarýanlygyň üçin öz jynsyňa mahsus bolan işlerden gaça durýandygyňy we öz ömrüňi zehinlere bagyş etjek bolýandygyňy bilsem, häzirem men seniň ol zatlary unudyp, hojalyk bilen, zenan maşgalanyň etmeli işleri bilen gümra bolmagyňy, oýlanyp durmazdan, arzuw ederdim. Ýöne welin, akyl-paýhas ähli zatda ortalyk bir zat tapmany oňarýar. Ir bilen oýanyp, üsti-başyna serenjam bermäge bir sagatdan artyk wagt sarp etmeýän, ähli kiltini çakylyklara dikmeýän, biderek romanlara dümtünip we keýpi- sapalara kowalaşmaýan zenan bu zatlaryň bary üçin wagt tapyp biler. Sen ataň öýüňe, soňra öz öýüňe yhlas bilen seredersiňem welin, Liza, seniň žiwopisi-de, sazy-da, ylmy-da ýadyňdan çykarmajakdygyňa meniň gözüm ýetik, seniň ähli zada wagt tapjakdygyňa-da gözüm ýetik, sebäbi men saňa bihepbeligi ýigrenmekligi öwredipdim. Bularyň üstesine-de, el işi we öý hysyrdylary zenan maşgalanyň bezegi bolup hyzmat edýär, şol işleriň irde-giçde gerek bolmajagyna kim güwä geçip biler? Hiç kim özüniň aňyrdan gelýän derejesine-de, baýlygyna-da doly bil baglap bilmez; zenan maşgalanyň ylymdan we sungatdan az-owlak baş çykarmagynyň hem zerur halatlarda idili haraýy ýetmez. Gepini gögertmegi halaýan adam boýun synmagy unaýan däldir. Öz elleriň hünäri arkaly arassa ýaşap bolar; hemme ýerde, aýratyn-da bizde çig-çarsy taslanan suratlara ýa-da gowşak romanlara garanyňda, göwnejaý çekilen keşdäni höwes bilen satyn alýarlar. Liza, sen goňşulykda ýaşaýan, adamkärçilikli myhmansöýerlikleri we asylly terbiýeleri bilen uly ile belli hanym W. bilen hanym M.-y tanaýarsyň ahyry, şeýle-de bolsa, olaryň ikisem uly mätäçlik çeken adamlardyr. Olar öz wagtynda gowy terbiýe alypdyrlar, kakalary uly wezipelerde işläp, mülklerinden alýan girdejileriniň daşyndan gowy aýlyk-hak hem alýardylar, pähim-paýhasly ejeleri bolsa gyzlaryna ýaşlykdan başlap, el işini we hojalyk işlerini öwredipdi. Gyzlar günortana çenli ylymdyr nepis sungatlar bilen meşgullanýan bolsalar, galan wagty tikin tikmäge, keşde çekmäge, hasabat ýöretmäge we öý işlerine göz-gulak bolmaga sarp edýärdiler. Uýalaryň ulusy on alty ýaşa ýeteninde, bir bolmasy iş bolupdy. Kakalary birden garyp düşüp oturyberdi, üstesine-de, bu zatlara jany ýanyp, aýalydyr çagalaryny azyk-owkatsyz goýup jan berdi. Şondan soň olaryň düşen haýhatly gününi ýazyp beýan eder ýaly däl; olar sanlyja sagadyň içinde kakalaryndan hem, emläkdir atlaryndan hem mahrum boldular oturyberdiler. Emma olar uzak wagtlap lapykeç bolmadylar. Özlerine bolan ynamlary, alan asylly terbiýeleri, öwrenen el işleri olary bu çykgynsyz günden alyp çykdy. Olar biri-birlerinden aýra düşmejek bolup, hödür edilen ençeme işden boýun towladylar, öz peýwagtlaryna işe gümra bolup, özlerini-de, ejelerini-de ekläp biler ýaly mazaly gazanç etdiler. Beýle ýagdaý öňki adamkärçilikli goňşularyna mälim boldy. Olaryň biri alçak, mährem ýürek bilen işe werzişligiň gyz maşgala üçin barypýatan şaý-sepdigini bilip, uýalaryň ulusyna söz aýtdy. Özara ylalaşanlaryndan soň hem oňa öýlendi, gaýynenesi bilen aýalynyň jigisine öz ýaşaýan obasyna göçüp barmagy teklip etdi. Öýi akylly-başly dolandyrmagyň (bu bolsa hojalygy alyp barýan aýala bagly) küýi- köçesi bezemen geýinmek bilen dürli dünýewi eşretlere kowalaşýan aýalyň atasy öýünden getiren onlarça müň manatlyk şaý-sepinden düşýän göterimden has köp baýlyk eçiljekdigi barada ol ýigit adalatly pikir edýärdi. Basym uýalaryň kiçisi hem goňşy ýaşaýan abraýly pomeşşige durmuşa çykdy. Onda olaryň ikisiniň hem diýseň bagtly durmuşlary bar; ol gyzy bilen bu gyzynyň ýanynda gezekli-gezegine ýaşaýan ejeleri olaryň bagtly ýaşaýyşlaryna begenip, gitdigiçe juwanlaşýar we çagalary şeýle terbiýelemegi ähli enelere maslahat berýär. Görer gözüm, Liza jan, men saňa ýene bir gezek tabşyrýaryn: hojalyk aladalaryna, öý işlerine siňdirip bilen yhlasyňy siňdirgin. Eger özüň tikseň, seniň owadan hem bezemen eginbaşyň gymmat düşmez; eger el işine imrigäýseň welin, ömrülla ýüregiň gysmaz we hiç kime ýük bolmarsyň. Eger haçan-da sen ataň öýüň ýa-da öz öýüň bikesi bolup başlasaň, tä özüň görelde görkezäýýänçäň we maýdaja zatlara çenli öz gözüňden geçiräýýänçäň, tertip- düzgüne, zähmetsöýerlige gözüň düşmez. Hiç haçan hyzmatkärleriňe bil baglamagyn, olaryň arasynda oňatlary bolaýanynda hem şeýtmegin. Üst-başyňa serenjam bereniňde, aşhanany hem ýatdan çykarmagyn: hojalyk işleriniň hiç biri zenan maşgalany kemsidýän däldir, gaýtam ony bezeýändir; öz borçlaryny yhlas bilen berjaý edýän, gowy terbiýe alan we zehine ýugrulan zenan bolsa özüni uly iliň hormatlajakdygyna bil baglap biler. Terjime eden: Daňatar BERDIÝEW "Dünýä edebiýaty" žurnaly 1/2011 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |