23:33 Maksadyna ýeten Şemşat / erteki | |
MAKSADYNA ÝETEN ŞEMŞAT
Ertekiler
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadymy zamanlarda bir garyp adamyň Şemşat atly ýalňyz gyzy bar eken. Ol çagasyny horzar etmejek bolup, onuňmunuň gapysynda güýjüniň ýetdiginden işläp, bir döwüm çörek gazanar eken. Körpeje Şemşat bolsa gününi sanap ösüpdir, owadan gyz bolup ýetişipdir. Şondan soň gyzyna sawçylyga gelenler köp bolupdyr. Ýöne Şemşat olara heniz özüniň durmuşa çykjak däldigini aýdyp, gelen sawçylary yzyna gaýtardypdyr. Bir günem ol atasyna garap: «Ata jan, men öz bagtymy özüm tapmak isleýän. Sen meniň ösüp kemala gelmegim üçin kän azap çekdiň, görgüler gördüň. Men seni goýup hiç bir ýana gitmen. Indi men işlärin. Mundan beýläk seni hor etmen, asyl bu ýaşdan soň işlemelem bolmarsyň!» diýipdir. Ýöne birbada oňa ýüregindäkisini aýtmaga çekinipdir. Goja oýa batypdyr. Gyzynyň ýüregine näme düwenini aňlamandyr. Ýeke didarynyň ýalňyş bir ýoly saýlap almagyndan gorkupdyr. — Bolýa, gyzym, hany, ilki sen etjek bolýan işiňi aýt, eşideli. Dogrumy, ýalňyşmy? — Ata jan, meniň öz bagtymy özüm tapmagym saňa bagly. Munuň üçin maňa kerwen bilen goşulyp, alys ýurtlara gitmäge rugsat bermeli borsuň! — Jan balam, kerwene goşulyp, argyşa gitmek erkekleriň işidir! — Ony bilýän, ýöne men onuň bir çäresini taparyn. — Naçar halyňa näme edersiň, balam? — Erkek lybasynda ýigit bolup giderin. Özümiň gyz maşgaladygymy hiç kese duýdurmaryn. — Bu çykalga däl, gyzym. Ýol howpludyr, oňa tejribeli, taýýarlykly adamlar gerek. Ýigit bolsaň, kerwene howp abananda, eliňe ýarag alyp goranmaly bolar. Sen bolsaň, şu çaka çenli öýden çykyp gören adam däl. — Onda sen meniň diýýänlerim bilen ylalaşaňokda, ata! — Seniň aýdyp duran zadyň asyl ylalaşar ýaly dälä, balam! Gowusy, sen bular ýaly pikiri kelläňden çykaryp taşla, öňküleriň ýaly bişdüş bilen boluber. Ynha, elim uzar welin, saňada goňşularyňky ýaly dokmaň senedini, guralyny, ýüplügini satyn alyp bererin. Aýal maşgalaňky tikinçatyndyr, dokmahalydyr, öý işleridir. Şemşat şondan soň bu gürrüňe gaýdyp gelmändir. Aradan aý aýlanyp, tutuş ýyl geçipdir. Ýöne Şemşat şu döwürde wagtyny birjigem boş geçirmändir. Aram aram erkek eşiklerini geýip ata atlanypdyr, il gözüne görünmän, ogryn awaşikara çykypdyr, atasyny sülgündir käkilik etinden hor etmändir. Şeýdibem güngünden bedeni bekäpdir, güýç toplapdyr. Ahyry bir günem atasynyň razylygy bilen onuň patasyny alyp, uzak ýola düşermen bolupdyr. Kerwene baştutanlyk edýän ýigide Nursaçan diýer ekenler. Nursaçanyň atasy kerwenbaşy eken, ol indi halys garrapdyr. Şonuň üçinem kerwene baş bolup gitmegi ogly Nursaçana tabşyrypdyr. Ol ýaşlygyna garamazdan, bütin ömrüni at üstünde geçiripdir. Atasy ony telim öwre kerwen bilen alys ýurtlarada aýlapdyr. Nursaçanda batyrlykda, gaýduwsyzlykda öz deňduşlaryndan tapawutlanypdyr. Diňe bir at çapmakda däl, eýsem, okýaý atmakdada, göreş tutmakdada, hasap-hesip işlerindede öňüne çykjak tapylmandyr. Kakasynyň ogluna göwni ýetipdir. Şonuň üçinem kerwenbaşylygy oňa ynanypdyr. Kerwen uzakly günläp ýol ýöräpdir. Bir günem kerwençileriň huruşlyk eti gutarypdyr. Olar süýji suwly guýynyň başynda ýük ýazdyrypdylar. Kerwenbaşy ýigitlere hersiniň bir tarapa gidip huruşlyk awuň ugruna çykmaklaryny tabşyrypdyr. Haýp, uzaga gitmedik ýigitler ýarym sagat çemesi wagtdan elleri boş gelipdirler. Şemşat bolsa uzaklara gidensoň ýoldaşlaryndan birneme eglenip gelipdir, görseler, onuň elinde dörtbäş sany sülgüniň läşi bar eken. Ony görüp haýran galypdyrlar. Hasam kerweniň ýolbeledi onuň öwgüsini ýetiripdir: — Tüweleme, tüweleme, ine, awçy diýip, saňa aýdaýsaň. Ýogsada, han ogul, «Ýigide ýüz hünär hem azdyr» diýlen öňden gelýän bir sözem bardyr, seniň nahar-şordan başyň çykýan däldirdä?! — Naharşordanmy? Ol işler meniň çep elimden gelýär. Häzir yigitlerimiz sül günleri arassalap bolsunlar bakaly, ondanam bir palaw bişireýin. — Berekella, inim, hernä bagtyňdan gowy maşgala çykaýadyda! Kerwen Hywa baransoň üç günden yzyna dolanypdyr. Şemşat hem getirenje önümlerini gymmat bahaly harytlara çalşypdyr. Kerwen ýüküni mazaly tutup ýola düşüpdir. Olar az ýöräp, köp ýöräp, ýoluň aglabasyny geçipdirler. Bir gün welin kerwende uly başagaýlyk döräpdir. Kerwenbaşy Nursaçan gürüm jürüm bolup, asla onuň nirä gideni belli bolmandyr. Ylla, ýer ýarylyp, ýere giren ýaly, tapylmandyr. Ol ilkagşam kerweniň garawulyna töwerege aýlaňçaýlaň edip gaýtjak diýen eken. Haýran galaýmaly, şodurşodur, yzyna dolanmandyr, atam ýok, özem. Çar ýana ýaýran nökerlerem lapykeç halda yzlaryna dolanyp gelipdirler. Kerweniň ýolbeledi kerwençileri bir ýerik toplapdyr. — Uzak gitmäliň, şu ýerde düşläp, ertire çenli garaşalyň. Belki, kerwenbaşynyñ özi bir ýerden çykar. Hemmeler ýolbelediň diýeni bilen ylalaşyp, düýeli düýesini çökermek, ýükliýüküni düşürmek bilen bolupdyr. Ertesem Nursaçandan yztoz tapylmandyr. — Adamlar! Kerwenbaşymyz tapylýança biziň kerwene baştutan bellemegimiz, ýoly dowam etdirmegimiz gerek. Ýogsam her kim başbaşdaklyk etse, bize kerweni soňuna çenli alyp çykmak başartmaz. Ýolbelediň bu sözlerinden soň hiç kimden ses çykmandyr. Bu dymyşlygy ýenede ýolbelediň özi bozupdyr. — Maňaha bil baglamaň! Ýolbeletlik bir başga, agyr kerwene baştutanlyk edip, onuň ähli ýüküni boýnuňa almak düýbünden başga zat. Şonuň üçin, adamlar, aýdyň, siziň pikiriňizçe, kimi bellesek, bizi ýüňsakal etmez. Araňyzda meýletiniňiz barmy? — Hudaýgulyny (Şemşat öz adyny şeyle diyip tanadypdyr) bellesek bolmazmy? — diýip, aralaryndaky ýaşulurak kişi seslenipdir. — Ol oňarsada oňarar welin, onda kerweniň naharşoruna kim sereder? — diýip, oturanlardan başga biri dillenipdir. — Kerwene baş bolmak diýmek, naharşor bişiren ýalyha däldir. — Şundan başga teklip ýokmy? — Ýok. — Ýok bolsa, onda, geliň, Hudaýgulynyň özüni diňläliň! Şemşat birbada näme diýjegini bilmändir. — Adamlar! Kerwenimizä sagsalamat dogduk mekanymyza barýan göni ýola düşdi. Ony alada etmäň! Mundan beýläk ýol asudadyr. Ýöne, Nursaçana näme boldy? Onuň başyna ne işler düşdi? Muny bilýän ýok. Belki, ol biziň kö megimize mätäçdir. Egerde garşy bolmasaňyz, kerwenbaşy edip başga birini belläň! Men bolsa kerwenden galyp, Nursaçanyň ugruna çykaýyn! — Bir özüň näme edip bilersiň?! Ýanyňa nökerlerden al, ýeke ýola çykmak hatarlydyr. Töwerekde her tüýsli wagşy haýwanlaryňam gabat gelmegi mümkin. — Ýok, men ýeke özüm gitjek. Meni gaýgy etmäň! Egerde Nursaçan diri bolsa, men ony hökman taparyn. Şondan soň kerwençiler bu pikir bilen ylalaşypdyrlar. Şemşat bolsa dor atyna atlanyp giň sähralyga bakan siňip gidiberipdir. Haýp, kerwen ýolundan gaty bir arany açypaçmanka, Şemşat münüp barýan aty bilen üsti basyrylgy, aňyrsybärisi görünmeýän çukura gaçypdyr. Tottozandan ýaňa göz açar ýaly bolmandyr. Şemşat bu ýerde näçe wagtlap özünden gidip ýatanyny bilmändir. Ol özüne gelip, üstbaşyny kakyşdyryp, bu çukurdan çykmagyň alajyny edipdir. Emma çukurdan çykar ýaly däl eken. Bir görse, çukuryň düýbünde yşyk düşen ýer bar eken. Ol şol yşyga tarap bagry bilen süýşüpdir. Görse, bu ýer döwleriň mekany eken. Ol baranda döwler hakyt gyş ukusynda uklan ýaly myrlap ýatyrlarmyşyn. Şemşat töweregi aýlanyp çykypdyr. Ynha, bir seretse, Nursaçan gowagyň töründe elaýagy bagly ýatan eken. Şemşat onuň diriligini görüp begenipdir: — Nursaçan, Nursaçan, sen meni eşidýäňmi? — diýip pyşyrdapdyr. Nursaçan töwerekdaşyna seredipdir, ýöne garaňkyda hiç kime gözi düşmändir. — Siz kim borsuňyz? Meni nireden tanaýaňyz? Men sizi göremok! — Nursaçan, men kerwenden Hudaýguly, seni gözläp geldim! — Hudaýguly! Olaryň sesine kiçi döw ymyzganyp, gozganjyrapdyr. Basym ýenede uka gidipdir. — Hudaýguly, janyňa haýpyň gelsin, sen bu ýerden git, olar ajygyp turdugy seni hem ýuwdarlar, menem. Menden öň epesli mallary iýdiler. Meniň atymam şulara şam boldy. — Nursaçan, men seni goýup hiç ýana gitmerin. Häzir men döwleriň janyny jahenneme ibereýin. — Ýok beýtme, kellesini alanyň bilen ölmezler, olaryň jany haýsydyr bir ýerde saklanýan bolmaly. Sen ony diňe döwüň çagasynyň dilinden eşidip bilersiň. Belki, ýalbarýakar etseň, saňa aýdar. Sen ony ele saldygyň, diňe şondan soň olardan üstün çykyp bilersiň. Ol heniz oňly ýatanam däldir. Şemşat Nursaçanyň diýeni bilen bolupdyr. Öňi bilen Nursaçanyň eliniaýagyny çözüpdir, şonda onuň bir aýagyna agyr şikes ýetenini bilipdir. Şondan soň Şemşat assyrynlyk bilen uly döwleriň deňinden geçip, olaryň gowagyň töründe ýatan ça gasynyň ýanyna barypdyr. Şemşat gyz sesi bilen: — Döwjagaz, aý, döwjagaz. Seniň janyň nirede?— diýip sorapdyr. Ol bu sözi bir däl, birnäçe gezek gaýtalapdyr. Kiçi döw oýalyukuly ýatan ýerinden: — Senem jan, bu senmi? — diýip sorapdyr. — Hawa, men. — Onda men turýançam, sen hiç ýaňa gitme. Janyma esewan bolaweri, şol ozalky ýerinde, gaýa daşynyň astyndadyr. Ataenemiň janlary welin altyn sandyk daky çüýşededir. Onuň açaryny atam hemişe öz boýnundan aýyrman gezýändir. Şemşat öňi bilen döwüň çagasynyň salgy beren gaýa daşynyň ýanyna barypdyr. Ýöne ony ýerinden gozgap bilmändir. Oňa Nursaçanam kömekle şipdir. Iki bolup zordan diýen ýaly daşy ýerinden süýşüripdirler. Şeýdibem, kiçi döwüň janyny ele salypdyrlar. Soň Şemşat usullyk bilen döwleriň ulusy nyň ýanyna barypdyr, ata döwüň boýnundaky açary şunça almaga çalşypdyr welin, başarmandyr. Her gezek oňa el uzadanda, döw ýerinden gozganýar eken. Ahyry Şemşada açary almak başardypdyr. Soňam döwleriň sandykdaky janly çüýşesini daşa urup, küluşak edipdir. Dag ýaly bolup ýatan iki uly döw uludan bir ah çekipdirlerde, şol ýeriň özünde jan beripdirler. Ataenesiniň sesine kiçi döw hem oýanypdyr. Oglanyň elindäki öz janyny görüp, çöküne düşüp ýalbarmaga durupdyr. — Eý, adamzat. Meni öldürme, men siziň islän buýrugyňyzy ýerine ýetirmäge taýyn. Meni öldürmäň, size ýalbarýan. Nursaçan: — Hudaýguly, sen ony öldürmäge howlukma. Biz bu ýerden amansag çykmagyň alajyny etmeli. — Ýagşy, döwjagaz, gel, onda seniň bilen şeýle gürleşeli. Sen bu ýerdäki altyn kümüşli hazynaňdan ýüklende, bizi kerweniň yzyndan ýetir. — Aýdanyňyz ýaly ederin. Döw sähel salymda olary üstüne mündürip, ýanynyň ummasyz altynkümüşleri bilen kerweniň yzyndan ýetiripdir. — Döwjagaz, indi biziňem seniň bilen hoşlaşmaly wagtymyz geldi. Biz seniň janyňy özüňe bagyşlaýas.Ýöne bir zady bek bellegin. Sen bize kömek etdiň. Bizem saňa geçirimlilik edýäris. Päliňiniýetiňi üýtgetseň welin, bizden oňňully ga garaşma. Şol wagtyň özünde janyňy jähenneme ibereris. Gaýdyp adamlara, janlyjandara degmän ýörseňä uzak ýaşarsyň. Bar, indi ötägit. Janyňy welin gaýgy etme, men ony ömürboýy el degrilmesiz ýerde gözümiň göreji ýaly gorap saklaryn! — diýipdir. — Bolýa, adamzat, men size ynanýan! Özümem Süleýmandan ant icýän. Şondan soň Hudaýguly Nursaçan bilen hazynany deň paýlaşypdyrlarda, sagbollaşyp, hersi öz obasyna bakan ýola düşüpdir. Aradan birnäçe aý geçipdir. Nursaçanyň şikes ýeten aýagy hem gutulypdyr. Onuň halasgär dosty Hudaýgulyny göresi gelipdir. Ol dostuny gözläp, onuň salgysyny beren obasyna barypdyr. Täçdurdy çopanyň öýüni gözläpdir. Emma ony hiç ýerden tapmandyr. Ilgün Täçdurdy çopanam, onuň ogly Hudaýgulynam tanamaýandyklaryny aýdypdyrlar. Ahyry köşklieýwanly bir öýüň gapysyndan öýüň hojaýynyna salam berip barypdyr. — Salawmaleýkim, atam! — Waleýkimessalam. Geliňgeçiň, ýaş ýigit, myhmanymyz borsuňyz! — Sag boluň, atam! Men Täçdurdy çopanyň öýüni agtarýan, onuň Hudaýguly atly ogly bolmaly. Oňa obada Hutdy mergenem diýýämişinler. Biz onuň bilen ker wene gitdik. Ol meni ölümden halas etdi. Goja gyzynyň başdan geçirmelerinden habarly eken. Bu onuň gürrüňini beren ýigidi, kerwenbaşy Nursaçan bolmalydygyny bilipdir. — Gyzym, Şemşat jan, hany, bize bir käse çaý getir. Myhman geldi — diýip, gygyrypdyr. Içerden bolsa gyzynyň: — Häzir, kaka! — diýen sesi eşidilipdir. — Be, walla, inibatyr, seniň diýýän Täçdurdy çopanyň, Hutdy mergeniň bu obaly däl bolaýmasyn?! — Wah, ol bize gaýraky obaly diýip, şu obany salgy beripdi — diýip, Nursaçan gözlerini töwerekden aýyrmandyr. — Agam, siziň tohum atyňyz hem bar ekenä! Ony kim münýä? Ogluňyz münýämi? Nursaçan syçrap ýerinden turupdyrda, ýatakdaky aty synlamaga gidipdir. Ine, şol ýerdede çetki jaýyň açyk penjiresinden gülüň hoşroý ysy burnuna urupdyr. Ellerini gözlerine kölegeledip, tutynyň arkasyndan içerini synlapdyr. Bu mahal içerde Şemşat üstündäki erkek lybasyny aýryp, özüniň iň gowy görýän eşiklerini, gyrmyzy daraýyny geýmekçi bolup duran eken. Nursaçan gözlerini ondan aýyrmandyr. Gyz saçyny birkemsiz darap, ony uzaboýuna goýberipdirde, boýy bilen deň bolup duran aýnanyň öňünde özüne timar bermäge durupdyr. Nursaçanyň gyzyň boýsyratyna, kaddykamatyna, gör megeýligine aşyk bolupdyr. Aşyk bolan gyzynyň birmahalky halasgär dosty bolup çykanyna akyly haýran bolupdyr. Öýüne baryp, Şemşatlara sawçy iberipdir. Soňam guda bolup, ýedi gijegündizläp toý beripdir. Maksatmyratlaryna ýeten ýaşlar ömürleriniň ahyryna çenli sapaly döwran sürüp ýaşaberipdirler. Gojalan atasy hem ýaşaran ýaly bolupdyr. Özüniň akylly hem batyr gyzynyň barlygyna guwanyp gezipdir. Şeýle hem, bu bagtly maşgalanyň soňsoňlaram döwüň çagasy bilen ýakyn gatnaşykda bolup, onuň ýardamy bilen ilgünüň hem alkyşyny alyp ýörüpdirler diýen myşmyşlar hem dumly-duşa ýaýrapdyr. Goçy ANNASÄHEDOW. Surat: "Jadyly hünji" kinofilminden / "Türkmenfilm", 1988 ý. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |