MALTA OSMANLYLARDAN HALAS BOLAN GÜNÜNI HÄZIREM BAÝRAM EDIP BELLEÝÄR
Maltanyñ geçisi, göterme ojagy, erigi, daşy, brýusselýoz keseli, Malta sürgünleri, Malta rysarlary...
Biziñ medeniýetimizde Malta degişli köp ýatlamalar bar. Maltanyñ özem türkleri undanok...
Malta barýañ welin, bir görseñ-ä özüñi Ýewropada ýaly, bir görseñem Orta Gündogarda ýaly duýýarsyñ. Maltanyñ topragy we ösümlik dünýäsi Palestina çalym edýär.
Malta ýedi adadan ybarat kiçijik bir döwlet. Ol 1964-nji ýyla çenli iñlis dominionydy. Üç adada ýaşaýyş bar. Birinde diñe üç adam ýaşaýar: ruhany, garawul, polisiýa.
Adanyñ maltiz diýip atlandyrylýan ilaty arap diliniñ bir dialektinde gürleýär. Heniz howa menziline baryp düşeniñizde duş gelinjek “Stenna wara linea safra” ("Sary çyzygyñ yzynda garaşyñ") diýen jümläniñ özünde üç sany arap sözi bar. Maltanyñ ilaty 400 müñ adamdyr. Dini ynançlary katolik akymyna degişli. Maltalylaryñ Ýewropa boýunça dinine iñ bagly halkdygy aýdylýar. Kiçijik adada 365 sany buthana bar. Ýagny bu bir ýylyñ dowamynda her gün bir buthana gatnaýan diýmekdir.
Adada derýa we köl ýok. Kenarlarynyñam deñiz bilen ýanaşýan ýerleri o diýen ýaramly däl. Emma tebigat juda ekzantrik.
Maltany 870-nji ýyldan soñra iki ýarym asyrlap elinde saklan musulman araplaryñ ymaratlardan başlap gepleşik dillerine çenli galdyran yzlaryny häli-häzirlerem saklap gelýär.
Uzak wagtlap Napoli korollygynyñ golastynda ýaşan Malta adalaryna Osmanlylar tarapyndan eýelenen Rodosdan gaçan St.Jean rysarlary gelip ýerleşdiler. Palestinada düýbi tutulan rysarlaryñ tarykaty mamlýuklar ol ýeri eýeläninde, Rodosa gaçypdylar, Izmir bilen Bodrum hem rysarlaryñ golastyndady. Gelip çykyşy boýunça Ýewropanyñ aýyplanan jenaýatkärleriniñ çagalary bolan rysarlar ölýänçäler ýarag taşlamazdylar.
Gozo adasyny tabynlygyna alan Osmanlylar 1565-nji ýylda Maltany gabaw astyna alýarlar. Olar Sen Elmo galasyny eýeleýärler, emma Maltany eýeläp bilmeýärler. Turgut Reýis bu ýörişde şehit bolýar. Ol ýere häzir Dragut burny diýilýär. Turgut Reýisiñ wepat bolan ýerinde ýazgy edilen we ol ýaş ýigidiñ keşbinde ýörite bellik bar. Emma Turgut Reýis ol wagtlar 80 ýaşyndady. Megerem maltalylar "Ynha, şunuñ ýaly garry birini ýeñipdik" diýesleri gelmedik bolara çemeli.
Rysarlaryñ bu üstünligi Rim papasy we Ýewropa korollary tarapyndan ýörite hatlar bilen gyzgyn gutlanypdyr. Malta rysarlary taryhyñ "topraksyz döwleti" hökmünde tanalýarlar.
Rysarlaryñ baş halypasynyñ köşgünde gabawy janlandyrýan muzeýi gezip ýörkäk, öñümize düşüp ýören muzeýi tanyşdyryjy ýapon turistlere gabawy obýektiw görnüşde beýan edýärdi. Osmanly esgerleriniñ mankenleriniñ deñine ýeteninde olara haýran galmak bilen synlap duran ýaponlara ýanyçarlaryñ aslynda ýewropalylaryñ çagalaryndan ýetişdirilen esgerlerdigini aýdyp, Osmanlylaryñ gahrymançylygyny peseldip görkezmäge synanyşanda, ýapon turist oña: "Bolanda näme? Duşmanyñ çagalaryndan bular ýaly merdana söweşijileri ýetişdirmek Osmanlylaryñ aýratyn üstünligi dälmi eýsem!" diýeninde muzeý bilen tanyşdyryjy gepiniñ ugruny üýtgetmäge mejbur bolupdy.
Maltanyñ paýtagty La Waletta Osmanlylara garşy ýeñiş gazanan rysarlaryñ baş halypasynyñ adyny göterýär. Bir wagt gorag maksatly gurulan garnizon indi adanyñ merkezi. Bu garnizon ençeme asyr geçensoñam nasistleriñ howa hüjümine-de sarsmady. Walettanyñ deñize uzalan üç burny bilen birlikde biri-birine bakyp duran üç sany esasy ilatly punkty bar. Şäheriñ hemme ýerine ýöräp gitmek mümkin. Sebäbi adanyñ özü-de kiçijik, ýagny boýy 28, ini 14 km. Şäheriñ iki tarapy-da gözel peýzaž bilen gurşalan. Aýratynam deñiz portunyñ peýzažy has owadan we ýatda galyjy.
Häzir premýer-ministrligiñ ýerleşýän Pinto kompleksi Soltan Wahdeddiniñ sürgün edilenden soñra belli bir wagt ýaşan ýeridir.
Maltanyñ her köçesinde, her binasynda taryh bark urýar. Biz köne köçeleriñ birinde Osmanly baýdaklaryny görüp añk bolup galdyk. Görüp otursak, olar kinofilm surata düşürýärlermişin. Köçäni, köne çaýhanalary, dükanlary kinofilm düşürilýän meýdana öwrüpdirler.
"Game of Thrones" çeler filminiñ käbir epizodlary bu ýerde düşürilipdir.
Azura penjiresi atly iniñi tisgindiriji gaýalyklar Maltanyñ günorta-gündogarynda ýerleşýän Gozo adasynda ýerleşýär. Şeýle-de Maltada musulman araplaryñ döwründe esasy şäher bolan Medina atly taryhy şäher hem bar. Rabatda Rimlilerden galan täsin ýer asty mazarlary bar. Rabatyñ towşan kebaby meşhurlyk gazanandyr, zakaz edýäñ welin, dessine bişirip berýärler. "Kini" atly içgileri lakrisa şerbetine meñzeýär.
Mersada Osmanly esgerleriniñ gonamçylygy we metjit bar. Metjit ada iñlisleriñ tabynlygyndaka Soltan Abdyleziz tarapyndan Turgut Reýisiñ we şehit düşen Osmanly esgerleriniñ hatyrasyna Maltanyñ iñ abraýly binagärine gurdurylypdyr. Bosagasynda Osmanly tugrasy şekillendiripdir. Bu ýer gabaw döwründe Osmanlylaryñ karargähi bolupdy. Adyna-da "Osmanly duralgasy" diýipdirler. Gonamçylykda türk(men) bolmadyk musulmanlaram jaýlanypdyr.
Kalkalada metjit, mekdep we medeniýet merkezi bar. Ol ýerde 10-15 müñ musulman ýaşaýar. Olaryñ köpüsi gelip çykyşy boýunça magryply (Günbatardan gelen). Emma aralarynda maltizlilerem bar.
Keramatly "St.Jean" katedraly dünýäniñ iñ baý bezegleri bilen gurşalan buthanadyr. Rysarlar özleriniñ toplan bar baýlyklaryny bu buthana siñdiripdirler.
"Ittihadçylaryñ" hereketi çökenden soñ olaryñ öńbaşçylaryny iñlisler Malta sürgün edipdiler we belli bir wagtdan soñ boşadypdylar.
Malta sürgün edilenleriñ arasynda Rauf Orbaý, Fethi Okýar, Zyýa Gökalp, Fahreddin Paşa, Said we Abbas Halim Paşa, Hüseýin Jahid dagylar bilen birlikde 115 kişi bardy.
Ekrem Bugra EKINJI
Taryhy makalalar