08:59 Mañgyşlagyñ ýerasty metjitleri | |
MAÑGYŞLAGYÑ ÝERASTY METJITLERI
Taryhy ýerler
Häzirki Gazagystanyñ çäklerinde galan we türkmenleriñ ata-baba ýurdy bolan Mañgyşlak oblastynyñ Aktaw şäherinde Çopan ata we Beket ata adyndaky ýerasty metjitleri görenleri haýrana goýýar. Hazar ýakasynyñ iñ baý nebit ýataklaryna eýe Aktawyñ şäher merkezine 250 km çemesi uzaklykdaky metjitler her ýyl Oraza aýynda zyýaratçylary kabul edýär. VIII asyryñ başynda yslamy wagyz etmek üçin Türkmenistana gelen arap hojalary Çopan we Beket ata dagylar Hoja Ahmet Ýasawynyñ ýörelgelerine eýerip, yslamyñ ýaýramagyna öñaýak bolupdyrlar. Ymam Agzam mezhebine we maturidi akydasyna bagly weliullalar ömürleri sopy bolup geçiripdirler. Aýtmaklaryna görä, "Öwlüýäler mekany" diýip at berilen Mañgyşlakda 362 sany pir ýaşap geçipdir. SSSR dargandan soñ 1992-nji ýylda Çopan ata ýerasty metjidiniñ restawrasiýasyna gatnaşan Bazarbaý Abdyrahmanow Çopan ata ady bilen tanalan şahsyýetiñ aslynda Hoja Ahmet Ýasawynyñ şägirtlerinden we onuñ üçünji oruntutary Hekim Süleýman atadygyny aýdýar. Halk arasynda Çopan ata (Şopan Ata) diýip tanalýan Süleýman Bakyrganynyñ halypasy Hoja Ahmet Ýasawynyñ pendine eýerip, Horezm welaýatyna irşad etmäge gidendigini aýdýan B.Abdyrahmanow Gul Süleýman, Hekim Süleýman, Hekim Hoja Süleýman, Hekim Ata ýaly atlar bilen tanalan Çopan atanyñ Hoja Ahmet Ýasawynyñ stilinde şygyr ýazandygyny, onuñ"Ahyrzaman" we "Merýem" ýaly kitaplarynyñ bardygyny aýratyn nygtaýar. Çopan ata ýerasty metjidiniñ ýakynyndaky gonamçylykda Hoja Ahmet Ýasawynyñ şägirtleriniñ ýatandygyny ýañzydan B.Abdyrahmanow şol ýerde iññän gadymy döwürlere degişli guburlaryñ hem bardygyny habar berýär. Dag gerşiniñ içi köwülip gurlan metjitde on iki otag bar we jumga namazy olaryñ iñ ulusynda okalypdyr. Otagdan oraga iki gapy bilen geçilýär, halypasynyñ huzuryna gelen şägirdiñ duşuşykdan soñ Hudaýa bolan muhabbetiniñ we imanynyñ artandygyny, şonuñ üçinem ikinji gapydan çykandygyny aýdýan B.Abdyrahmanow münberiñ gapdalynda Hoja Ahmet Ýasawydan galan hasanyñ bardygyny habar berýär. Metjide esewan edýän we gelen myhmanlary garşylaýan Merýem apa bolsa ata-baba dowam edip gelýän adatlary ýitirmän saklamaga çalyşýandygyny we metjide ýanaşyk gurlan dynç alyş meýdançasynda zyýaratcylara hyzmat edýändigini tolgunmak bilen gürrüñ berýär. Ýerasty metjidiñ ýanynda müritleriñ galýan ýerasty zikirhanalary hem bar. Zyýaratçylar gadym zamanlaedan galan gonamçylykda ýagşy niýet-arzuwlarynyñ kabul bolmagy üçin Hudaýa dileg-doga edip, sadaka berýärler. Gonamçylykda üç dürli gubur bar. Döwrüñ baýlarynyñ ýatan mazarlary köplenç howalaly we haşamly ýadygärlige meñzäp dur. Müritleriñ mazarlary bil uzynlygynda dört gyrañly we ýönekeý. Şeýle-de, gonamçylykda Osmanly türkmen döwrüniñ mazar daşlaryna meñzeş ýönekeý we ýüzünde arap hatynda ýazylan guburlara-da duş gelmek mümkin. Zyýaratçylar däp bolan düzgüne eýerip, ilki Çopan ata metjidinde doga-dileg edýär, soñra Beket ata metjidine gidýär. Iki metjidiñ arasy 60 kilometre golaý, ýol ugrunda otlap ýören düýeler we geçiler kän duş gelýär. Kanoniki köwegiñ içinde ýerleşen Beket ata ýerasty metjidine ýaý şekilli ýoldan iki kilometr dagy ýöränsoñ ýetip bolýar. Alyslardan gelýän zyýaratçylaryñ namaz okaýan, doga-dileg edýän metjidi belent dag gerşiniñ içi köwlüp gurlupdyr. Metjide köplenç hassasy bolanlar şypa tapmak maksady bilen zyýarat edýär, doga-dilegde bolýar. Çopan ata we Beket ata metjitleriniñ ýerleşýän ýerinde zyýaratçylar üçin gurlan ýatakhanalarda nesilme-nesil hyzmat edip ýören maşgalalar bar. Oraza aýynda gelim-gidimi has-da artýan bu metjitlerde zyýaratçylar isledigiçe myhman galyp bilýär. Gazak hünärmenleri türkmen we yslam taryhynyñ yzlarynyñ iñ köp saklanyp galan welaýatyndaky taryhy ýadygärlikleriñ YUNESKO tarapyndan gorag astyna alynmagynyñ zerurdygyny aýdýarlar. Eger şeýdilmese, tebigy hadysalar sebäpli bu taryhy gymmatlyklaryñ ýitip ýok bolup gitjegi köre hasa. Gelejekde gazak we türkmen hökümetleriniñ bu barada alada edip, bilelikde degerli çäreleri geçirjekdigine tüýs ýüregimizden ynanýarys. ■ Çopan ata Süleýman ata, Hekim ata atlary bilenem tanalan Çopan ata Türküstanda dünýä inen türkmen welisidir. Ol Hoja Ahmet Ýasawy hezretleriniñ öñ hatardaky şägirtlerinden bolupdyr. Süleýman Bakyrgany ady bilenem tanalypdyr. Rowaýata görä Hoja Ahmet Ýasawy ýetişdiren şägirtlerini toplapdyr we olardan çadyryñ depesindäki tüýnükden oklaryny atmagy talap edipdir. Soñra beýik pir müritlerini atan oklaryny tapmaga ugraypdyr we tapan ýerlerinde yslamy wagyz etmegi boýunlaryna goýupdyr. Çopan ata okuny Baýan atly baý sygyr çopanynyñ obasyndan tapypdyr. Okuñ düşen ýeri bolan dagyñ etegjnde bir metjit bina edipdir we töwerekdäki obalarda dini irşat etmäge başlapdyr. 1186-njy ýylda aradan çykan Çopan atanyñ (Süleýman ata) Horezmiñ Bakyrgan (Akkurgan) diýen ýerinde jaýlanýar. ■ Beket ata XVIII asyrda ýaşan Beket Mürzegulogly 1750-nji ýylda Atyraw welaýatynyñ Kulsary sebitiniñ golaýyndaky Akmesjitde dünýä inipdir. Dört ýaşynda hadyslary we Gurhany okamaga başlan Beket ata din bilimini kämilleşdirmek üçin Hywada okamak isleýändigini kakasyna aýdypdyr. Kakasy oña ýola çykmazdan öñ Çopan ata zyýarat etmegi sargapdyr. Rowaýata görä, Çopan ata metjidinde üç gije-gündizläp galan Beket ata Çopan atanyñ öñden taýýarlap goýan ulagy bilen 14 ýaşynda Hywa gelip, Beýik Magtymgulynyñ okan Şirgazy medresesinde Fahreddin Pakyrjan Hajydan tälim alypdyr. 21 ýaşynda iline dolanyp baran Beket ata halka yslamy dogry wagyz edipdir we birnäçe şägirt ýetişdiripdir. Ýaşan döwründe ýedi metjit saldyrypdyr. Olardan bäşi biziñ günlerimize gelip ýetipdir. # Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |