Jemgyýetiň, döwletiň we maşgalanyň özara gatnaşygy
Mälim bolşy ýaly, maşgala jemgyýetiň esasy hem iň köp sanly bölegi bolup durýar we jemgyýetiň başga haýsy düzüm bölegi bilen deňeşdirilende-de onuň has wajyp ähmiýetiniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Umumyadamzat ösüşiniň ähli tapgyrlarynda diýen ýaly-da, hiç bir millet, belli bir derejede, azda-kände medeniýeti bolan hiç bir jemgyýet hem maşgalasyz emele gelip we hereket edip bilmändir. Häzirki döwürde-de, ynsanyýet ösüşiniň şu tapgyrynda, islendik jemgyýetiň, şol sanda jemgyýetiň esasy düzüm gurluş birlikleriniň biri bolan döwletiň hem geljegini maşgalasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Jemgyýetem, döwletem, maşgalanam adamlar emele getirýärler. Özbaşdak şahsyýet hökmünde her bir adam üçin bolsa maşgala onuň durmuşynyň ähli başlangyçlarynyň başlangyjy, gözbaşlarynyň gözbaşy bolup durýar. Adamlaryň aglaba köpüsi diýen ýaly-da bagt, rowaçlyk diýen düşünjeleri maşgalasy bilen baglanyşdyrýarlar. Adamzat paýhasynyň dürdäneleriniň birinde aýdylyşy ýaly: “Kim öz öýünde bagtly bolsa, şol hakykatdan hem bagtlydyr”.
Maşgalanyň nusgawy kesgitlemesine laýyklykda, maşgala – bu agzalary nika, ata-enelik we garyndaşlyk gatnaşyklary, umumy hojalyk, serişdeleriň umumylygy (umumy býujet) we özara ahlak jogapkärçiligi bilen biri-birine bagly bolan kiçi jemgyýetçilik toparydyr.
Kiçi jemgyýetçilik topary we jemgyýetçilik gurluşynyň ownuk, ýöne esasy düzüm bölegi hökmünde maşgala, bilelikde ýaşaýan we bir bütewi maşgala gaznasynyň (býujetiniň) esasynda umumy hojalyk ýöredýän, baglaşylan nika we garyndaşlyk arabaglanyşygyna, ýagny är-aýalyň, ata-enäniň we çagalaryň, doganlaryň hem uýalaryň we beýleki garyndaşlaryň arasyndaky gatnaşyklara esaslanýan, şahsy durmuşy guramagyň iň esasy hem wajyp görnüşi (formasy) bolup durýar. Maşgalanyň durmuşy maddy we ruhy hadysalar hem prosessler bilen häsiýetlendirilýär. Öňem, häzirem maşgalanyň üsti bilen adamlaryň nesil çalşygy amala aşýar. Adatça, her bir adam diýen ýaly maşgalada dünýä inýär, kemala gelýär, neslini dowam etdirýär, şonuň üsti bilenem tutuş ynsanyýetiň nesil çalşygy kadaly hereket edýär. Her bir maşgala öz gezeginde jemgyýetçilik gurluşyna täsir edýär, edil şonuň ýaly, jemgyýetçilik gurluşy hem öz gezeginde maşgala täsir edýär.
Maşgalanyň özi, onuň görnüşleri hem wezipeleri gönüden-göni jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň häsiýetli aýratynlyklaryna, şonuň ýaly-da tutuş jemgyýetiň medeni ösüşiniň derejesine bagly bolup durýar. Tutuş jemgyýetde medeniýetiň derejesi näçe ýokary bolsa maşgalanyň medeniýetiniň hem şonça ýokary boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Mysal üçin: Gadymy Rimiň gul eýeçilik jemgyýetinde medeni ösüşiň derejesi bir adamyň beýleki bir adamyň emlägi hökmünde garalmagynyň adaty bir zat hökmünde hasaplanylmagyna ýol berşi ýaly, Gadymy Rimiň patriarhal familiýalarynda-da (maşgalalarynda) maşgala agzalarynyň ählisi patronyň (maşgalabaşynyň) emlägi diýlip hasaplanypdyr. Häzirki zamanyň demokratik jemgyýetlerinde bolsa maşgalada hem deňhukuklylyk kanun esasynda ykrar edilýär, kepillendirilýär we üpjün edilýär.
Jemgyýetçilik gurluşynda maşgalanyň esasy wezipesi öz agzalarynyň jemgyýetçilik, toparlaýyn we şahsy (indiwidual) zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bolup durýar. Jemgyýetiň esasy durmuşy düzüm bölegi bolmak bilen maşgala öz agzasy bolan her bir şahsyýetiň aýratynlykda, maşgalanyň umumylykda we tutuş jemgyýetiň bütewilikde wajyp zerurlyklarynyň ençemesini, şol sanda ilatyň köpelmegi bilen bagly zerurlyklary hem kanagatlandyrýar.
Taryhdan belli bolşy ýaly, maşgala iň gadymy jemgyýetçilik institutlarynyň biridir. Ol din, ylym-bilim, döwlet, bazar, ykdysadyýet, eýeçilik ýaly jemgyýetçilik ýaşaýşynyň dürli ugurlaryndan has öň emele gelipdir. Adamzat ösüşiniň dürli tapgyrlarynda, maşgala, onuň jemgyýetçilik we döwlet gurluşyndaky ähmiýeti alymlaryň ünsüni çekip gelipdir. Dürli döwürlerde-de, maşgalanyň tebigatyny we mazmunyny kesgitlemeklige, oňa akyl ýetirmeklige akyldarlar dürli-dürli çemeleşipdirler.
Beýleki jemgyýetçilik gatnaşyklaryna garanyňda nika-maşgala gatnaşyklarynyň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitlemeklige edilen ilkinji ylmy synanyşyk barada gadymy gerk filosofy Platonyň işlerinden bilmek bolýar. Ol patriarhal maşgalany jemgyýetiň iň esasy, üýtgewsiz we başlangyç düzüm bölegi diýip hasaplapdyr. Çünki onuň pikiriçe, döwletler maşgalalaryň birleşmeginiň netijesinde döräpdirler. Soňra Aristotel Platonyň bu pikirleri beýan edilen “Nusgawy döwlet” diýen eserini tankyt edende, onuň pikirlerini ösdürip, patriarhal maşgalany jemgyýetiň ilkinji, esasy we başlangyç düzüm bölegi hökmünde häsiýetlendiripdir hem-de maşgalalaryň birleşmeginden obalar, obalaryň birleşmeginden bolsa döwlet emele gelýär diýip nygtapdyr. Soňra Platonyň we Aristoteliň maşgala, onuň jemgyýetdäki we döwletiň gurluşyndaky hem kadaly hereket etmegindäki ähmiýeti baradaky garaýyşlaryny IX-X asyrda ýaşap geçen meşhur alym Abu Nasyr ibn Muhammet al-Farabi has hem ösdüripdir we maşgalanyň päk ahlaklylygynyň tutuş jemgyýetiň ahlagynyň kämil bolmagyna, şonuň netijesinde-de, döwletiň hem berkararlygyna we kadaly hereket etmegine ägirt uly täsir edýändigini belläp geçipdir.
Wagtyň geçmegi bilen, akyldarlaryň maşgala, jemgyýet we döwlet, olaryň arasyndaky baglanyşyk baradaky garaýyşlary hem kämilleşipdir. XVIII asyrda ýaşan fransuz pelsepeçisi Žan-Žak Russo: “Jemgyýetleriň ählisiniň içinde iň gadymysy we ýeke-täk tebigysy – bu maşgaladyr. Şeýlelikde, maşgala – bu, eger isleseňiz, syýasy jemgyýetleriň ilkinji nusgasydyr…” diýip belläp geçipdir.
Mälim bolşy ýaly, gadymy döwrüň, orta asyrlaryň pelsepeçileri, şeýle hem, hatda, Täzeden döreýiş (Renessans) eýýamynyň akyldarlarynyň ençemesi-de, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň aglaba köpüsiniň maşgala gatnaşyklaryndan gelip çykýandygyny nygtaýarlar we maşgalany öwrenenlerinde, oňa özbaşdak jemgyýetçilik instituty hökmünde garaman, esasan, maşgalanyň, jemgyýetiň hem-de döwletiň arasyndaky özara baglanyşyklylyklara aýratyn üns berýärler. Belli bir derejede bu garaýyşlara häzirki zamanyň ýörgünli we umumy ykrar edilen döwlet-hukuk taglymatlary bolan, hukuk döwleti hem-de raýat jemgyýeti hakynda taglymatlaryň döredijileri bolan Immanuil Kant bilen Georg Wilgelm Fridrif Gegel hem ýykgyn edipdirler. I. Kant maşgalanyň binýatlaýyn esasy hökmünde hukuk tertibini görkezipdir, G. Gegel bolsa absolýut baş pikir (ideýa) maşgalanyň binýady diýip nygtapdyr.
Umuman, jemgyýetçilik (durmuşy, sosial) institutlaryň ählisinde bolşy ýaly, maşgalanyň bolmagy hem her bir şahsyýetiň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bütewilikde, zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy bilen şertlendirilýär. Başgaça aýdylanda, jemgyýetçilik institutlarynyň ählisi ýaly, maşgala hem jemgyýetiň bar bolmagy, hereket etmegi we ösmegi üçin zerur bolan hereketleriň hem gatnaşyklaryň ulgamy bolup durýar. Çünki maşgalanyň üsti bilen adamda jemgyýetçilik we tebigy başlangyçlaryň birleşmegi has doly hem aýdyň ýüze çykýar, ýagny adam, dünýä inende edil beýleki biologiki organizmler ýaly, adaty tebigy jandar bolup dünýä inýän-de bolsa, maşgalanyň, ýagny maşgalada özüne berilýän edep-terbiýäniň, görkezilýän görüm-göreldäniň üsti bilen, jemgyýete uýgunlaşýar, jemgyýetiň agzasyna öwrülýär.
Şeýlelikde maşgala, jemgyýetiň (şol sanda döwletiň hem) bar bolmagynyň we hereket etmeginiň ilkinji hem iň esasy gözbaşy bolup durýar. Sebäbi, jemgyýet adamlardan we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklardan emele gelýär, döwlet jemgyýetiň öz-özüni edara etmegi (dolandyrmagy) üçin döredilen, iň uly we wajyp jemgyýetçilik institutlarynyň biri bolup durýar. Maşgala bolsa, ilkinji nobatda, jemgyýeti emele getirýän adamlary (şahsyýetleri, indiwidleri) ýetişdirýär, ýagny, adama (şahsyýete) jemgyýetiň agzasy bolmagy, jemgyýeti emele getirýän gatnaşyklara girmegiň tertibini öwredýär, şeýlelik bilen hem onuň sosializasiýasynyň (sosial taýdan uýgunlaşmagynyň) birinji, iň esasy tapgyryny amala aşyrýar. Aglaba köp ýagdaýlarda, diňe maşgaladan soň, çagalar bagy, mekdep, daşyny gurşaýan jemgyýetçilik gurşawy (daşgyn garyndaşlary, goňşulary, ýoldaşlary, dostlary we ş.m.), köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, ýokary okuw mekdebi, zähmet çekýän kärhanasy (edarasy, guramasy) ýaly jemgyýetçilik täsir edijileriniň her haýsy öz nobatynda we ýerinde, onuň durmuşy taýdan uýgunlaşmagynyň indiki tapgyrlaryny amala aşyrmaga girişýärler. Şu nukdaýnazardan: “maşgala, tebigat bilen jemgyýetiň, adamlaryň işjeňliginiň maddy we ruhy çygyrlarynyň arasyndaky ilkinji baglanyşdyryjy halka hökmünde çykyş edýär” diýip nygtamak bolar.
Maşgalanyň jemgyýetdäki ähmiýetine baglylykda, onuň jemgyýetçilik wezipeleriniň esasy iki görnüşi bardyr:
• jemgyýetçilik zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy nukdaýnazaryndan gelip çykýan wezipeler;
• maşgalanyň öz (hususy) zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagy nukdaýnazaryndan gelip çykýan wezipeler.
Jemgyýetçilik ösüşine, şonuň ýaly-da maşgalanyň öz häsiýetli aýratynlyklaryna baglylykda, ol wezipeler maşgalanyň ösüşiniň dürli tapgyrlarynda üytgäp durýarlar. Mysal üçin: täze maşgala ýaňy döredilen badyna (aýal bilen erkek kanunda bellenen tertipde resmi nika baglaşandan soň), ýanýoldaşlaryň öňünde maşgalanyň hususy wezipesi hökmünde çaga dünýä indermek wezipesi duran bolsa, çaga dünýä ineninden soň ony terbiýelemek wezipesi ýüze çykýar we ol wezipe şol bir wagtyň özünde maşgalanyň hususy hem jemgyýetçilik wezipesi hökmünde çykyş edýär, ýagny ýanýoldaşlaryň çagany terbiýelemeklige bolan olaryň hususy isleg-arzuwlaryny (zerurlyklaryny) kanagatlandyrmak hem-de jemgyýetiň agzalarynyň nesil çalşygynyň kadaly amala aşyrylmagyna bolan jemgyýetçilik zerurlygyny kanagatlandyrmak.
Umuman, maşgala wajyp jemgyýetçilik instituty hökmünde jemgyýetde we döwletde şu aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:
• maşgalanyň reproduktiw wezipesi (funksiýasy). Maşgala jemgyýetde we döwletde ilatyň nesil çalşygyny amala aşyrýar. Maşgalanyň reproduktiw wezipesine iki röwüşde (aspektde) garalýar:
jemgyýetçilik wezipesi hökmünde, maşgala ilatyň (jemgyýetiň agzalarynyň) biologik taýdan nesil çalşygyny üpjün edýär;
hususy wezipe hökmünde, maşgala adamlaryň çaga bolan küýsegini (zerurlygyny, hukugyny, islegini) kanagatlandyrýar.;
• maşgalanyň terbiýeleýiş wezipesi. Maşgalada diňe bir çagalar däl, eýsem ulular hem terbiýelenýärler. Esasan hem maşgalanyň ýaş nesle ýetirýän oňyn täsiriniň jemgyýet we döwlet üçin örän wajyp ähmiýeti bardyr. Maşgalanyň bu wezipesine üç röwüşde garalýar:
maşgala çaganyň şahsyýetini terbiýeläp ýetişdirýär, maşgalanyň uly ýaşly agzalary onuň kiçi ýaşly agzalaryna tutuş jemgyýet tarapyndan toplanan durmuşy (sosial) tejribäni geçirýärler, çagalaryň aňynyň baýlaşmagyny, ahlak we gözellik düşünjeleriniň ösmegini, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagyny, arassaçylyga we ş.m. ýykgyn etmeklerini üpjün edýärler;
maşgala diňe bir çagalaryň däl-de, eýsem, ähli agzalarynyň hem tutuş ömrüniň dowamynda şahsyýet hökmünde kämilleşmegini üpjün edýär. Mysal üçin: adam ilki perzent hökmünde özi maşgalanyň uly agzalaryndan terbiýe alýar, soňra kaka (eje) hökmünde öz çagalaryna terbiýe bermek, görüm-görelde görkezmek üçin özüni terbiýeleýär, soňra ata (ene) hökmünde ogullaryna, gelinlerine, agtyklaryna durmuş tejribesi has köp bolan, paýhasly maşgalabaşy (kethuda) hökmünde görelde berýär, öwüt-nesihat berýär, maşgalanyň beýleki agzalaryna oňyn nusga bolmak üçin öz şahsyýetini kämilleşdirmegini dowam edýär;
maşgala diňe bir öz agzalaryny däl-de, eýsem, jemgyýetiň beýleki agzalaryny hem terbiýelemeklige ýardam berýär, ýagny, maşgala, öz agzalarynyň oňat ahlaklylygynyň jemgyýetiň beýleki düzüm birlikleri (maşgalalary) üçin nusga bolmagyny, beýleki maşgalalaryň hem özünden oňyn görelde almagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde-de tutuş jemgyýetde üznüksiz dowam edýän terbiýeleýiş we terbiýeleniş prosessine ägirt uly goşant goşýar;
• maşgalanyň hojalyk-ykdysady wezipesi. Bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, maşgala ilkinji nobatda, öz agzalarynyň her biriniň jemgyýete peýdaly zähmet bilen meşgullanmagyna itergi berýär, olaryň maddy zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň ilkinji we esasy kanuny usuly hem serişdesi bolup durýar. Şonuň bilen birlikde-de öz agzalarynyň arasynda mäkäm ykdysady baglanyşygy üpjün etmek bilen jemgyýetiň kämillik ýaşyna ýetmedik hem-de zähmete ukypsyz agzalarynyň maddy taýdan goldanylmagyny amala aşyrýar, döwletiň durmuş üpjünçilik wezipesiniň durmuşa geçirilmegine agramly goşant goşýar, has takygy, jemgyýetiň we döwletiň şu çygyrdaky wezipeleriniň agramly bölegini ýerine ýetirýär;
• maşgalanyň dikeldiş wezipesi. Maşgala şahsyýetiň beden we ruhy ýagdaýyny dikeldýär, sazlaýar hem berkidýär, şonuň netijesinde-de jemgyýetde we döwletde agzybirligiň, asudalygyň hem tertip-düzgüniň üpjün edilmegine, adamlaryň iş öndürijiliginiň artmagyna, döwletiň ykdysady kuwwatynyň berkemegine düýpli goşant goşýar;
• maşgalanyň düzgünleşdiriş wezipesi. Mälim bolşy ýaly, maşgala hukugy maşgala gatnaşyklarynyň esasylaryny düzgünleşdirýär. Maşgalada bolsa hukuk kadalary bilen düzgünleşdirilmeýän jemgyýetçilik gatnaşyklary hem juda köp. Mysal üçin: öýde kimiň nahar bişirmelidigi, kimiň bazardan, dükandan zerur harytlary satyn almalydygy, kimiň öý işleri bilen meşgul bolmalydygy, kimiň çagalara idi-yssywat etmelidigi we ş.m.. Maşgala aýallaryň hem erkekleriň arasyndaky gatnaşyklaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmedikleriniň kadaly hereket etmegini üpjün edýär;
• maşgalanyň baglanyşdyryş (sosial taýdan uýgunlaşdyryş) wezipesi. Maşgala jemgyýetçilik umumylygy hökmünde, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün ediji ilkinji hem esasy düzüm bölegi bolup durýar. Ol şahsyýeti jemgyýetiň agzasy we döwletiň raýaty hökmünde terbiýeläp başlaýan (terbiýeleýän) ilkinji hem iň esasy jemgyýetçilik instituty bolup durýar;
• maşgalanyň aragatnaşygy ýola goýuş (kommunikatiwlik) wezipesi. Maşgala jemgyýetiň agzalarynyň we döwletiň raýatlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmagyň, olaryň biri-biri bilen gatnaşyk açmaklarynyň, gatnaşyk saklamaklarynyň ilkinji serişdesi hem iterijisi bolup durýar. Şahsyýet ilkinji nobatda başga şahsyýet (jemgyýetiň beýleki agzasy, döwletiň beýleki raýaty) hökmünde özüniň ene-atasy, soňra dogan-garyndaşlary bilen gatnaşyga girýär. Şol gatnaşyklara girmek bilenem bir bütewi jemgyýetçilik aragatnaşyklary ulgamyna (sosial kommunikasiýa ulgamyna) goşulýar;
• maşgalanyň işden boş wagtyň amatly we peýdaly şertleriniň bolmagyny üpjün ediş wezipesi. Maşgala her şahsyýetiň işden boş wagtynyň amatly hem peýdaly şertleriniň bolmagyny üpjün etmegiň ilkinji we esasy serişdeleriniň biri bolup durýar, onuň işden boş wagtyny öz isleýşiçe we hukuga laýyklykda geçirmäge bolsan islegini hem hukugyny kanagatlandyrýar;
• maşgalanyň durmuşy-hukuk ýagdaýy (sosial-statuslaýyn) üpjün ediş wezipesi. Maşgala bu wezipäni ýerine ýetirmek bilen, jemgyýetiň durmuşy düzüm gurluşynyň yzygiderli çalşygyny üpjün edýär. Sebäbi ol öz agzalarynyň her birine belli jemgyýetçilik hukuk ýagdaýyny (sosial statusy), ýagny gelip çykyşyny, emläk ýagdaýyny, kesp-kär, hünär mümkinçiliklerini we ş.m. döredip berýär. Mysal üçin: kakasy ussa bolan çaga kakasynyň hünärini ýaşlykdan özleşdirip bilýär;
• maşgalanyň duýgy kadalylygyny üpjün ediş (emosional) wezipesi. Maşgala öz agzalarynyň emosional (duýgy) ýagdaýynyň kadaly bolmagyny üpjün edýär, durmuşyň dürli pursatlarynda olaryň ruhy-emosional goldaw almagyna ýardam berýär;
• maşgalanyň öz agzalarynyň tebigy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak wezipesi. Maşgala öz agzalarynyň hereket edýän kanunçylyga, jemgyýetde ykrar edilen ahlak we özüňi alyp baryş kadalaryna laýyklykda tebigy zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.
Publisistika