Jemgyýetçilik gurluşynda maşgalanyň we
mentalitetiň özara gatnaşygy
Türkmen halkynyň maşgala mentaliteti barada söz açylanda, ilkinji nobatda „maşgala“ we „mentalitet“ diýen düşünjeleriň biri-biri bilen arabaglanyşygyna anyk düşünmek zerurdyr. Mälim bolşy ýaly, islendik halkyň özboluşly medeniýeti, däp-dessurlary, ýörelgeleri hem gymmatlyklar ulgamy bolýar we wagtyň geçmegi bilen ol ulgamlar jemgyýetiň içinde bolup geçýän üýtgeşmeleriň, şeýle-de daşarky hadysalaryň täsiriniň astynda özgerip, üýtgäp durýarlar. Jemgyýetde bolup geçýän kämilleşmek prosessiniň netijesinde halkyň mentaliteti hem özgerýär. Ýöne islendik halkyň ruhy-medeni ýaşaýşynda-da özgermegi örän haýal geçýän baş gymmatlyklar bolýar. Şeýle gymmatlyklaryň esasylarynyň biri-de maşgala bolup durýar.
Bellenip geçilişi ýaly, her bir adamyň mäkäm we agzybir maşgalasynyň bolmagy onuň özüni kadaly hem bagtly şahsyýet – jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde duýmagynyň iň zerur we derwaýys şertleriniň biridir. Şonuň bilen birlikde-de, jemgyýetçilik durmuşynda maşgalanyň ähmiýeti, edil jemgyýetçilik aňynyň esasy görnüşleriniň biri bolan mentalitet ýaly wajypdyr. Şu nukdaýnazardan maşgala hem mentalitet biri-biri bilen berk arabaglanyşykda durýan we jemgyýetçilik aňyna düýpli derejede täsir edýän düzüm bölekleri hökmünde çykyş edýärler diýip nygtamak bolar. Mysal üçin: maşgala adamy şahsyýet hökmünde terbiýelemegiň ilkinji durmuşy instituty we jemgyýetçilik serişdesi bolup durýar, mentalitet bolsa, şahsyýetiň ýaşaýan maşgalasynyň we jemgyýetiniň dürli garaýyşlaryny, gymmatlyklar baradaky düşünjelerini, şol gymmatlyklara garamagyň hem baha bermegiň usullaryny özünde jemlemek bilen, şahsyýetiň maşgala gatnaşyklarynyň çygrynda hem-de onuň daşynda kämilleşmegini üpjün edýär.
Şu ýerde, aýdylanlaryň has anyk hem düşnükli bolmagyny gazanmak üçin, bir deňeşdirmäni ulanmak ýerlikli bolar. Jemgyýet – bu äpet deňiz, maşgala – şol deňizde ýüzüp barýan gämi, mentalitet bolsa – şol gämä we gämidäki deňizçä (şahsyýete) ýanyp duran yşygy bilen ýol görkezýän minara, gäminiň we minaranyň esasy maksady hem şahsyýetiň deňizdäki ähli suwasty gaýalardan, gaý-tupanlardan we beýleki görüner-görünmez howp-hatarlardan sowulyp, öz barjak nokadyna aman-esen baryp gowuşmagyna ýardam bermek bolup durýar.
Ylymda maşgalanyň we mentalitetiň biri-birine edýän täsiriniň derejesi barada dürli garaýyşlar bar. Alymlaryň käbirleri maşgala gatnaşyklarynyň jemgyýetçilik gurluşynda has wajyp ähmiýete eýedigini hem-de olaryň mentalitetiň emele gelmegine we üýtgemegine düýpli täsir edýändigini nygtasalar, beýlekileri mentaliteti jemgyýetçilik gurluşynyň maşgala garanyňda esasy we ilkinji düzüm bölegi hökmünde ykrar edýärler. Mysal üçin: L.P.Kriwşenko maşgala we onuň däp-dessurlary mentaliteti emele getirýärler diýip hasaplaýar. Onuň pikirine görä, maşgala adama durmuşy maksatlar we gymmatlyklar barada düşünje berýär, oňa bilmeli zatlaryny we jemgyýetde özüni nähili alyp barmalydygyny öwredýär. Maşgalada döwletiň ýaş raýaty, görkezilen bilimleri beýleki adamlar bilen özara gatnaşyklarynda ulanmak boýunça ilkinji tejribäni edinýär, öz şahsy „Menini“ daş-töweregini gurşaýan beýleki adamlaryň şahsy „Menleri“ bilen utgaşdyrýar, adamlaryň arasynda gündelik ýüze çykýan dürli ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünlerini özleşdirýär. Şu ýagdaýlar hem, alymyň pikirine görä, şahsyýetiň mentallygynyň, olaryň jeminden bolsa jemgyýetiň mentalitetiniň emele gelmegine we özgermegine getirýär.
Maşgalanyň we mentalitetiň özara gatnaşygy babatda ylmy garaýyşlaryň beýleki toparynyň mysaly hökmünde bolsa, A.P. Ogursowyň pikirlerini görkezmek bolar. Ol mentallygyň durmuşy tejribe, durmuşy-ykdysady gatnaşyklar (şol sanda maşgala gatnaşyklary hem) we şahsyýetiň özüni alyp barşynyň görnüşleri babatda ilkinji gözbaşlaryň biri hökmünde çykyş edýändigini, mentallygyň düzüm gurluşyna girýän bölekleriň jemgyýetçilik-syýasy gurluşyna we onuň üýtgeşmelerine garanyňda, taryhy nukdaýnazardan has „uzak ýaşlydygy“ hem-de has durnuklydygy bilen delillendirýär. Alymyň pikirine görä, hut şol sebäpli-de, mentalitet şahsyýetiň we dürli jemgyýetçilik (sosial) toparlarynyň durmuşy tejribesini hem-de özlerini alyp baryşlarynyň dürli görnüşlerini kesgitleýär.
Elbetde seljerijileriň nukdaýnazaryndan, bu garaýyşlaryň iki topary-da belli bir derejede dogry diýip aýtmak bolar. Emma, maşgala bilen mentalitetiň özara gatnaşygynyň belläp geçmeli has wajyp tarapy hem bar. Maşgala – bu sosial institut we ol adamlaryň (şahsyýetleriň) arasyndaky dürli röwüşli (maddy, ruhy-emosional, medeni we ş.m.) aragatnaşyklaryň maddylaşan görnüşleriniň biri bolup durýar. Mentalitet bolsa, ilkinji nobatda bir şahsyýet babatda aýratynlykda alnanda, onuň dünýägaraýşynyň özenini düzýän pikirlenmeginiň usuly, topar ýa-da umumylykda alnanda bolsa, şol toparyň ýa-da umumylygyň ynançlarynyň hem durmuşyň dürli ugurlary we hadysalary barada şahsyýetleriň pikirlenmekleriniň usullarynyň jemi bolup durýar. Şeýlelikde, bu iki düşünjäniň her haýsy jemgyýetçilik gurluşynyň dürli-dürli giňişliklerinde durýarlar. Başgaça aýdylanda, maşgala – bu, ilkinji nobatda maddy düşünje, mentalitet bolsa – ruhy-emosional düşünje. Elbetde, muňa garamazdan, bu düşünjeleriň jemgyýetçilik gurluşynda ýerine ýetirýän wezipeleriniň hem-de eýeleýän orunlarynyň düýpli meňzeşliginden ugur alyp, olary deňeşdirmek we olaryň haýsy biriniň beýlekisi babatda ilkinji çeşme – başlangyç hökmünde çykyş edýändigini seljermek bolar. Ýöne, bu iki wajyp düşünjä munuň ýaly çemeleşmek, geçiriljek seljerişleriň anyk netijeleri getirmegi nukdaýnazaryndan belli bir derejede dürs bolup bilmez.
Şeýle hem, maşgala bilen mentalitetiň özara gatnaşygyny öwrenmekde, olaryň haýsy biriniň beýlekisi üçin başlangyç hökmünde çykyş edýändigini kesgitlemek wajyp däl-de, olaryň ikisiniň bilelikde we her biriniň aýratynlykda jemgyýetçilik gurluşyna, durmuşy ösüşe hem-de biri-biriniň ösüşine ýetirýän täsirini düýpli öwrenmek, şonuň esasynda-da, olaryň her bir şahsyýetiň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bütewilikde kämilleşmegine ýetirýän oňyn täsiriniň peýdaly özgerdiji häsiýetlerini artdyrmak babatda nazary we amaly ylmy taýdan düýpli esaslandyrylan anyk teklipleri işläp düzmek has möhüm ähmiýete eýedir.
3.2. Türkmen halkynyň maşgala mentaliteti
Gadym zamanlardan bäri, maşgala ojagy türkmen halky üçin mukaddesligiň we milli ahlak, medeni, ruhy gymmatlyklaryň saklanỳan, sünnälenip kämilleşdirilỳän iň möhüm serişdesi bolmagynda galypdyr. Maşgalada türkmen halkyny dünỳä tanadan watansöỳerlik, namysjaňlyk, lebzi halallyk, ỳeke sözlülik, rehimdarlyk, ejize howandarlyk ỳaly ỳokary adamkärçilikli ahlak sypatlary ösüp gelỳän ỳaş nesilleriň kalbyna guỳlupdyr. Şonuň netijesinde-de tutuş jemgyỳetde ahlak arassalygy höküm sürüpdir. Muňa ata-balalarymyzyň: “Adam balasy – iliň lälesi”, “Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz keýwany bolar”, “Atany söýen, Watany söýer” diýen nakyllary ýaly dana sözlerinde beýan edilýän, asyrlaryň we ençeme taryhy sarsgynlaryň synagyndan geçen, maşgala düşünjesini jemgyýet, ýurt, il-gün, halk, watan diýen düşünjeler bilen aýrylmaz berk baglanyşdyrýan pikirler hem şaýatlyk edýärler.
Mälim bolşy ýaly, maşgala mentaliteti her bir halkyň umumymilli mentalitetiniň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar we her bir halkyň maşgala mentalitetiniň diňe özüne mahsus häsiýetli alamatlary bardyr. Türkmen halkynyň maşgala mentalitetiniň häsiýetli aýratynlyklaryny onuň özenini düzýän binýatlaýyn başlangyçlarda görmek bolýar. Belli bolşy ýaly, islendik halkyň, hakyky (real) durmuşyň ol ýa-da beýleki ugurlary babatdaky dünýägaraýşynyň özboluşly aýratynlyklary, onuň ruhy-medeni ýaşaýşynyň, halk döredijiligi (nakyllar, läleler, hüwdüler, dessanlar we ş.m.), edebiýat, sungat ýaly wajyp hem esasy düzüm böleklerinde has aýdyň ýüze çykýar. Esasan hem, halk döredijiligi we edebiýat halkyň mentalitetiniň şekilini has anyk hem dury görkezýän „aýna“ hökmünde çykyş edýärler. Şu nukdaýnazardan hem, türkmen halkynyň maşgala mentalitetiniň häsiýetli aýratynlyklaryny emele getirýän esasy başlangyçlary, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň öz-özüne berýän bahasy, öwüt-ündewi, öz-özüniň öňünde goýan belent we mukaddes borjy hökmünde, onuň gursagyndan gaýnap çykan nakyllaryň kömegi bilen beýan etmek maksadalaýyk bolar.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň maşgala mentalitetiniň özenini düzýän başlangyçlaryň esasylary şulardyr:
„Ilim-günüm bolmasa aýym-günüm dogmasyn“ ýörelgesi
Türkmen halkynyň maşgala mentaliteti, ilkinji nobatda, watan mukaddesligi düşünjesiniň ähli zatdan belentde goýulmagyna, her bir adamyň özüni diňe öz watany – ili bilen bütewilikde duýan halatynda şahsyýet – jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolup bilýändigine esaslanýar. Belli bolşy ýaly, maşgalanyň agzalary är-aýal, eje-kaka, çagalar, süýtdeş (ganybir) doganlar hem uýalar, ata-ene, mama-baba, agtyklar, perzentlige alanlar we perzentlige alnanlar bolup bilýärler. Ýöne türkmençilikde maşgala gatnaşyklarynyň esasy hem iň abraýly agzalary ata-ene, ýagny kaka hem eje hasaplanýar. Jemgyýetiň her bir agzasy öz ýaşaýşy (jany), ömrüniň birinji tapgyryndaky mynasyp (ähli zerur zatlar bilen üpjün edilen) durmuşy, edep-terbiýesi üçin ata-enä borçly. Maşgala türkmen halkynyň gymmatlyklarynyň naýbaşysy, ata-ene bolsa şol naýbaşy gymmatlygyň şamçyragy, ata-ene maşgalanyň mukaddesligi. Türkmen halky watansöýerlik garaýşynyň hem näderejede mukaddesdigini beýan etmek üçin „ata watan, ene toprak“ diýýär. Şeýle diýmek bilenem, watan düşünjesini maşgala düşünjesi bilen berk baglanyşdyrýar.
Maşgala jemgyýetde watansöýerlik düşünjesiniň elýetmez belende galdyrylmagyny, jemgyýetiň ähli agzalarynyň ikinji zannyna öwrülmegini üpjün edýän ilkinji jemgyýetçilik serişdesidir. Adam heniz mana düşmez bäbek bolup gundagda ýatyrka, watansöýerlik duýgusy-düşünjesi enesiniň hüwdüsi bilen onuň gulagyna-gursagyna guýulýar. Şeýle hüwdüleriň mysaly hökmünde şulary görkezmek bolar:
“Allan-allan aldyrar,
Atyna begres saldyrar,
Il-güne hyzmat edip,
Kimdigini bildirer”
“Ballymyň gara gözi,
Şirinden şeker sözi,
Watanyn goramaga,
Elmydam taýýar özi”
Halkymyzyň maşgala mentalitetinde watana bolan söýgüni çagalarda terbiýelemekde hüwdülere nähili ähmiýet berilýändigini şahyrlarymyzyň döredijiliginde-de görmek bolýar:
„Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men götereýin,
Sen göter il derdini”
Adam bäbeklikden saýlanyp, aga-gara düşünip ugranyndan soň bolsa, ejesi-kakasyndan, ata-enesinden, baba-mamasyndan eşidýän ertekileridir-rowaýatlary bilen watana bolan söýgi, wepadarlyk çaganyň aňyna ornaýar, ýüregine siňýär. Ondan soňra Magtymguly Pyragynyň „Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni”, „Eşit adam, dogan ilden, gaýry mähriban ýurt bolmaz”, „Ursa-da, sökse-de il ýagşy” diýen ýaly setirleri, Andalyp, Azady, Zelili, Seýdi, Kemine, Gaýyby, Şabende, Mollanepes, Misgingylyç, Kerim Gurbannepesow, Mämmet Seýidow, Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Nurmyrat Saryhanow ýaly şahyrlarymyzyň we ýazyjylarymyzyň eserleri bilen çagalarda hem ulularda watansöýerlik duýgusy has mäkämleşýär we kämilleşýär.
Şol bir wagtda-da halkyň ýürek sesini beýan edýän halk döredijiligi hem-de edebiýat we sungat eserleri türkmen halkynyň mentalitetiniň häsiýetli aýratynlyklaryny özlerinde jemläp, olary has sünnäläp, olaryň ýene-de halkyň özüne gaýtarylyp berilmegini, jemgyýetiň ruhy dünýäsine gatyşyp-garyşyp gitmegini üpjün edýärler. Şeýlelik bilenem, jemgyýetde garaýyşlaryň dolanyşygy (mentallygyň, mentalitetiň dolanyşygy) kadaly amala aşýar. Şahsyýeti şahsyýet hökmünde emele getirýän ahlak gymmatlyklaryny maşgala, öz agzalarynyň üsti bilen jemgyýete, jemgyýet halk döredijiligine, edebiýata, sungata, hukuga, ahlaga we ş.m. siňdirýär. Jemgyýetçilik aňynyň edebiýat, sungat, ahlak, hukuk we ş.m. görnüşleri bolsa, ylym-bilimiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, kanunlaryň we ş.m. üsti bilen ol gymmatlyklary has sünnäläp, kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp ýene-de maşgala gatnaşyklary çygryna gaýtaryp berýär.
„Maşgala – baş gala“ ýörelgesi
Bellenip geçilişi ýaly, maşgala biziň jemgyýetimizde baş gymmatlyklaryň hem-de iň mukaddes zatlaryň biri hasaplanýar. Türkmen halky maşgalany jemgyýeti emele getiriji binýat hökmünde ykrar etmek bilen, ony „watan“, „halk“, „il-gün“ düşünjeleri bilen bir hatarda goýýar. Türkmen halkynyň maşgala gatnaşyklaryna näderejede wajyp ähmiýet berendigini halkymyzyň täze maşgalany döretmeklige çemeleşişinden hem görmek bolýar. Biziň halkymyz täze maşgala döretmekligi amala aşyrmak üçin ýalňyşlyk goýbermek mümkinçiligini juda ujypsyz derejä çenli azaldýan, asyrlaryň synagyndan geçen, kämil tertibi (prosedurany) işläp düzüpdir we olary däp-dessurlar görnüşinde adamlaryň aňyna ornaşdyrypdyr.
Edebiýatlarda bellenilişi ýaly: „Türkmeniň maşgala gurmak däp-dessury, adaty müňýyllyklaryň dowamynda ösüp kemala gelendir. Bu däp-dessurlaryň esasynda gurlan maşgala agzybir, abadan, durnukly, parahat maşgala bolýar“.
Halkymyzda täze maşgala gurmak işi, dünýäniň aglaba köp jemgyýetlerindäki ýaly, heniz beýnisi bekemedik, durmuşy tejribesi ýeterlik derejede bolmadyk, her bir adamyň jemgyýetçilik wezipelerine garaýyşlary gutarnykly emele gelmedik hem-de öz hereketlerinde aglaba köp ýagdaýlarda az pursatlyk duýgulardan we hyjuwly ymtylyşlardan ugur alýan ýaşlaryň özleriniň garamagyna goýulmaýar-da, durmuşy tejribesi ýeterlik bolan, her bir ädimini ölçerip-dökmäge endik edinen uly ýaşly adamlar tarapyndan örän paýhasly esaslarda amala aşyrylýar.
Şonuň bilen birlikde-de, biziň halkymyzyň maşgala gurmak bilen bagly dessurlarynda, täze maşgala döretmek isleýän ýaşlaryň erkine garşy hereket etmek çürt-kesik oňlanylmaýar. Biziň jemgyýetimizde, her bir maşgala, hereket edýän kanunçylykda berkidilen esaslardan we halkymyzyň ganyna siňen mahsuslyklardan ugur alyp, ynsan mertebesine ägirt uly sarpa goýmak, her bir ynsanyň hukuklaryny hem azatlyklaryny hormatlamak we üpjün etmek ýörelgeleriniň esasynda, ikitaraplaýyn meýletinligiň, birek-birege bolan sylag-hormatyň we söýginiň netijesi hökmünde döredilýär.
Türkmen halkynyň gudaçylyk we sawçylyk dessury asyrlaryň dowamynda hemmetaraplaýyn ölçerip-dökülen we inçeden sünnälenip düzülen birnäçe tapgyrlardan ybaratdyr. Olaryň esasylary şulardyr:
1. Sawçylyga baryljak maşgalany (gelinligi) saýlamak. Bu tapgyr halkymyzda örän inçelik bilen amala aşyrylýar. Ogul öýermek isleýän ata-ene öz ýakyn garyndaşlary bilen geňeşip, assyrynlyk bilen, iň ýakyn adamlardan başga hiç kese bildirmän özlerine mynasyp gelinligi saýlaýarlar. Gizlinligiň şeýle berk saklanmagynyň esasy sebäbi-de diňe bir ogul öýermek isleýän maşgalanyň (ýigit tarapyň) wagtyndan öň ile gep-gürrüň ýaýramagyndan çekinmegi hem däl-de, eýsem, „pylan maşgalanyň pylanylaryň gyzyna göwni ýetmänmiş“ diýen ýaly, gyzyň abraýyna sähelçe-de çirk ýetirjek gepiň döremeginiň öňüňi almakdan ybaratdyr. Gelinlik saýlamak meselesinde halkymyzda esasan: „öz deňiňi gaşamak“ ýörelgesinden ugur alynýar. Bu ýörelgäniň mazmuny garyndaşlyk açmak isleýän maşgalalaryň maddy ýagdaýynyň, il içindäki at-abraýynyň, gelip çykyşynyň, aslynyň we ş.m. deň bolmagyndan, galyberse-de gelinligiň we ýigdiň hüý-häsiýetiniň, görk-görmeginiň, başarnygynyň, jemgyýetdäki at-abraýynyň biri-birine laýyk hem mynasyp bolmagyndan ybaratdyr. Durmuş tejribesinden görnüşi ýaly, adatça, bu ýörelgeden ugur alnyp gurlan maşgalanyň binýady mäkäm, durmuşy abadan bolýar.
2. Ýigdiň gelinlik barada pikirini bilmek. Maşgala gurmagyň bu tapgyry amala aşyrylanda, ýigdiň pikiriniň meýletinligini we erkinligini üpjün etmeklige halkymyzda aýratyn uly ähmiýet berilýär. Çünki, ýaşlaryň özara islegi hem meýletinligi bolman, diňe ata-enäniň göwnüniň hatyrasyna ýa-da olaryň talabyna tabyn bolnup maşgala gurmak halkymyzyň düýbünden oňlamaýan ýagdaýy bolup durýar we meýletinlik hereket edýän kanunçylykda nika baglaşmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde berkidilýär. Ýigit ata-enesiniň oňlan gyzyny makullanyndan soňra maşgala gurmagyň üçünji tapgyryny amala aşyrmaklyga girişilýär.
3. Sawçylyk. Maşgala gurmagyň bu tapgyry esasy tapgyr bolup, ol gadymdan dowam edip gelýän birnäçe hereketleriň jeminden ybaratdyr. Ol hereketler şu aşakdakylardan ybaratdyr:
• Sawçylyk amala aşyrylanda ilki bilen sawçylygy amala aşyrmaklyga ýardam beriji hereket bolan osmakçylyk ýerine ýetirilýär. Osmakçy hökmünde çykyş edýän adam, adatça, ýigit tarapyň hem, gyz tarapyň hem sylaýan, il içinde abraýly adam bolup, ol ilkinji nobatda, assyrynlyk bilen gyz tarapa sawçylyga kimleriň gelmekçi bolýandygyny ýaňzydýar, olaryň bu ýagdaý barada pikirini bilýär, eger-de gyz tarapyň ýigit tarap babatda oňyn pikiri bolmasa, olaryň sylaýan adamlarynyň üsti bilen olaryň garaýyşlaryny zerur ugra gönükdirmek üçin belli bir hereketleri berjaý edýär. Eger-de onuň synanyşygy şowsuz gutarsa, adatça, ýigit tarap sawçylyga barmak niýetinden el çekýär.
• Osmakçy oňyn netijäni gazanan halatynda sawçylygy amala aşyrmagyň ikinji hereketi (tapgyrçasy) bolan, sözaýdyjylygy amala aşyrmaklyga girişilýär. Sözaýdyjylyk osmakçylykdan tapawutlylykda ýaşyryn däl-de, aç-açan amala aşyrylýar we sözaýdyjy, adatça, gyzyň ata-enesiniň ýa-da ýakyn hossarlarynyň göni özlerine ýüzlenýär. Olar sözaýdyjynyň ýüzlenmesini oňyn kabul eden halatlarynda, ol sawçylaryň gelmeli gününi, toparyny we ş.m. soraglary gyz tarap bilen ylalaşýar.
• Sözaýdyjy oňyn netijäni gazanan halatynda sawçylar topary gadymdan dowam edip gelýän däp-dessurlaryň esasynda sawçylygy amala aşyrýarlar. Sawçylygy kabul etmegiň esasy şertleriniň biri-de ýigit barada gyzyň pikirini bilmek bolup durýar.
4. Gyzyň ýigit barada pikirini bilmek. Bu tapgyr hem edil maşgala gurmagyň ikinji tapgyry ýaly amala aşyrylýar we halkymyzyň ynsan mertebesine goýýan sarpasynyň, aýallaryň we erkekleriň arasyndaky deňhukuklygyň üpjün edilmegine berýän wajyp ähmiýetiniň esasy subutnamalarynyň biri hökmünde çykyş edýär.
5. Sawçylygyň kabul edilmegi. Bu tapgyrda geljekki ýaş maşgalanyň maddy binýadynyň berkden tutulmagyny üpjün etmegiň serişdeleriniň biri hökmünde ýaşlara beriljek sowgatlar, goş-golamlar kesgitlenýär, toý sähedi, ýagny durmuş toýunyň geçiriljek senesi we beýleki guramaçylyk soraglary çözülýär.
Şeýlelik bilen hem, halkymyz, maşgala gurmak meselesini çözmeklige şunuň ýaly derejede çynlakaý çemeleşip, bu möhüm jemgyýetçilik ähmiýetli işi howul-haralykdan saplap, oýlanyşykly ýerine ýetirýär. Şonuň bilen birlikde-de, täze maşgala gurmakda görkezilenler ýaly birnäçe tapgyrlaryň yzygiderlilikde amala aşyrylmagy, ýalňyşmak mümkinçiligini düýpli derejede azaldýar we halkymyzda maşgalanyň jemgyýeti emele getiriji ýokary gymmatlyklaryň biri hasaplanýandygyny aýdyň görkezýär. Bellenilişi ýaly: „...mantyk (logika) we düşünjäni esas edinip, ilkinji kerpiji goýlan maşgala şeýle bir mübärek öýdür, ol ömürboýy mekdep ýaly işlär we ýetişdiren nesilleri bilen halkynyň edepliliginiň hem dowamlylygynyň girewi bolar“.
„Döwletlilik – agzybirlik, bidöwletlik – agzalalyk” ýörelgesi
Halkymyzyň maşgala mentalitetiniň esasy başlangyçlarynyň ýene-de biri agzybirlik ýörelgesi bolup durýar. Asyrlaryň dowamynda halkymyz tarapyndan agzybirlik her bir maşgalanyň iň esasy gymmatlygy hasaplanypdyr. Munuň şeýledigini: „Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl“, „Nesip, nireden gelýäň? Agzaladan. Nesip, nirä barýaň? Agzybire” ýaly atalar sözleri, Magtymguly Pyragynyň: “Agzy ala bolan iliň döwleti gaçan ýalydyr”, “Bir sufrada eda bolsun aşymyz”, “Türkmenler baglasak bir ýere bili, gurudarys Gulzumy, derýaýy-Nili” şygyrlary, agzybirligiň jemgyýetiň we döwletiň berkararlygy üçin aýratyn wajyp ähmiýetiniň bardygyny tekrarlaýan beýleki eserler ýaly halkymyzyň pähim-parasat hazynasynyň dürdäneleri hem aýdyň subut edýärler.
Aslyýetinde, myhmansöýerligi, saçaga-duza hormat goýmagy ikinji zannyna öwren halkymyzda, jemgyýet üçin wajyp bolan her bir hereketi agzybirlikde tagam iýmek, şonuň netijesinde-de ýüze çykan gatnaşygy duz-çörek mukaddesligi bilen berkitmek edäheti bar. Türkmen halky begenen güni-de, gynanan güni-de, özüniň şatlygyny-gaýgysyny paýlaşýan her bir duýgudaşyna tagam bermegi özüne borç diýip bilýär. Toý güni-de, ýas güni-de mukaddes duz-çöregini, desterhanyny orta goýup, özüniň hem il biridigine, iliň bir bölegidigine buýsanjyny hem il-güne bolan hormatyny beýan edýär. Galyberse-de, diňe bir durmuşynyň şanly senelerinde-de däl, eýsem, adaty günlerde-de türkmen halky jemgyýetimiziň her bir agzasynyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, bir bütewilikdigini, agzybirdigini subut etmegiň hötdesinden gelýär. Mysal üçin: Goňşokara baýramçylygy.
Edebiýat:
1. Статья «Семья». Большая электронная энциклопедия «Кирилл и Мефодий». Москва, 2011. Раздел статьи.
2. Döwletiň döremegi hakynda patriarhal taglymat. Nuryýew Ý., Ataýew S., Çaryýew A. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti. Okuw gollanmasy. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011. 43s.
3. Аль-Фараби. Историко-философские трактаты. Алма-Ата, 1985. 303 s.
4. Руссо Ж. Ж. Трактаты. М.: Наука, 1969. 147 s.
5. И. Кант. Критика практического разума. Большая электронная энциклопедия «Кирилл и Мефодий». Москва, 2011. Раздел «Библиотека КМ». 43 s.
6. Гегель Г.В.Ф. Философия права. 1990. 57-58s.
7. S. Atanyýazow. Türkmen diliniň sözköki (etimologik) sözlügi. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet „Miras” merkezi, 2004.—242 s.
8. Педагогика: учеб. / Л.П. Крившенко [и др.]. - Москва: ТК Велби, Проспект, 2006. 215 s.
9. Культурная картина мира: [сайт]. URL: http://revolution.allbest.ru/culture/00012202%200.html). 21.02.2013.
10. Türkmen halk nakyllary. Dil-edebiýаt ylymlarynyň kandidaty, G. Ylýasowanyň redaksiýasynda. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 110 s.
11. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. B. Baýmyradowyň redaktirlemeginde. Aşgabat: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005. 36-37 s.
12. Gurbannazar Ezizow. Saýlanan eserler. Aşgabat: Bereket-Bina, 1995. 65 s. „Uzak ýaýlada enäniň hüwdüsi”.
13. Magtymguly. Çapa taýýarlan B.A. Garryýew. Aşgabat: „Türkmendöwletneşir”, 1959. 85 s.
14. Türkmeniň gadymdan gelýän milli dini adatlary. Türkmenistanyň müftüsiniň müdirýeti. – A.: TDNG, 2006. 108 s.
15. Türkmenistanyň Maşgala kodeksi. – A.: Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012. - №1. 9-njy madda. 16-njy maddanyň 1-nji bölegi. „Nika, nika ýaşyna ýetenlerinde nika baglaşmak isleýän adamlaryň diňe erkin we özara razylygy boýunça baglaşylyp bilner”.
Düşündirişler:
1. Ýewropa medeniýetinde sungatyň, ylmyň we edebiýatyň çalt depginlerde ösüşiniň başlanan, XIII-XVI asyrlary öz içine alýan täze döwri.
2. Bu ýerde çagalaryň döwlet tarapyndan terbiýelenýän ýagdaýlaryndan başga halatlar göz öňünde tutulýar.
3. Lat. Communicabilis-birleşdirilen, baglaşylan.
4. Fransuz dilinde “mentalite” diýen söz pikirleriň ugruny, içki ruhy ýagdaýy, akyl-paýhasyň gönükdirilen ugruny, akyl-paýhasyň gurluşyny aňladýar. Iňlis dilinde “mentality” – bu akyl taýdan ösüş, akylyň gurluşy, akylyň ýagdaýy. Nemes dilinde “die Mentalitat” – bu akylyň gurluşy, pikirleniş usuly, akylyň ýagdaýy. Iňlis ylmy dilinde “mentalitet” adalgasy XIX asyryň ortalaryndan bäri, nemes ylmy adalgaýetinde (terminologiýasynda) XIX asyryň ikinji ýarymyndan bäri, fransuz ylmynda bolsa ondan has öň ulanylyp başlanypdyr. Пушкарев Л.Н. Что такое менталитет? Историографические заметки. Москва: Отечественная история, 1995. №3. – 158 s.
5. “Minara – “Diň” manysyndaky bu arap sözü¬niň köki «nur» ýa-da «ot, alaw» manysyndaky na:ra, na:r sözündendir, sözüň öňündäki mi- bolsa arap söz ýasalyş galypynda wagt ýa-da orun bil¬dirýän goşulmadyr: mi-nara – “nur saçýan, uzaga yşyk berýän desga”. Araplar deňziň kenarla¬rynda dikilýän maýaklara-da minara diýýärler. Metjit minaralarynda belli-belli günlerde, ma-ýak¬da bolsa gijesine çyra ýakylýandygy üçin, olara şeýle at dakylypdyr“.
6. Halk arasynda ýaşlara maddy goldaw hökmünde olaryň ata-eneleri, ýakyn hossarlary tarapyndan berilýän sowgatlar, goş-golamlar „galyň“ diýlip atlandyrylýar.
Publisistika