12:43 Maslahat / hekaýa | |
MASLAHAT
Satiriki hekaýalar
- Ýoldaşlar, prawleniýe maslahatyny çagyrmagymyzyň maksady, ynha, ýagy ýaly gyş ýetip gelýär. Mallary dok we ýyly gyşlatmaly. Uly il şeýdýär, bizem şeýdeliň. Şol ýagdaýy göz öňünde tutup - diýdi-de, ýygnagy alyp baryjy öňündäki kagyzy alyp, hiç zada pikir bermän, çalt-çaltdan okamaga başlady: - Düýeler üçin ýüz halta, goýunlar üçin iki ýüz halta saman taýýarlamaly. Sebäbi goýunlar düýelerden köpräkdir. Sygyrlar üçin bolsa dört ýüz kip ýorunja bedesini taýýar etsek, depesindenem düşer. Ýygnagy alyp baryjy: "Hany, ýuwaşrak ýoldaşlar!" diýdi-de, öňki kaddyny üýtgetmän, okamaga durdy: - Ýene-de bir zat bar, ýoldaşlar, "Gylýalçylygy ösdürmeli" diýip hiç ynjalyk berenoklar. Bizem kolhozymyza on sany gylýal almaklygy göz öňünde tutduk. Häzir, wagtymyz barka, iki ýüz petde ýandak getirip, agyl etmeli. Sebäbi ýandak agyl hem-ä ýyly bolar, hemem gylýallar gije-gündiz iýer duararlar. Şeýtsek, bizem beýleki kolhozlar ýaly at ýetişdirip, çapyşyga gatnaşyp, abraý gazanyp bileris - diýip, garny pökgüje, togalajyk orunbasar war-war edip, birinji meseläni boldum etdi. - Ikinji mesele bolsa, ýoldaşlar, saglygynyň ýaramazlygy hem-de mal-garalara ýeterlik garaşyk etmeýänligi sebäpli - diýip, sözüni ahyrlap ýetişmänkä onuň öňüne kurorta giden başlygyň "Tizräk öňümden çykmaly" diýen telegrammasyny getirip berdiler. Orunbasaryň dili damagyna gidene döndi. Ol sagadyna seretdi-de, birazgy: "Ýygnagyň yzyny başlyk geçirer!" diýdi-de, gapa tarap ylgaşlap gitdi. Pirmuhammet SERDAROW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.10.1982 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |