00:49 Mätäç men... | |
MÄTÄÇ MEN...
Goşgular
“Hiç kişiden kömek hantama bolma...” Diyip ýazan şahyr bar bir sowalym. Belki-de, dogrudyr aýdanyň, ýöne, Ýeňip bormy onsuz durmuş zowalyn? Agysyny aglamasaň ýetimiň, Ejize ganyma bolmasaň böwet. Ýekelik derdini çeken biriniň Hupbatyn ýeňledip, bolmasaň şöwket. Bir-birege hemaýatyň gerekdir, Bilýän pili süýräp bilmez şagalllar. Ýöne pilem hemaýata mätäçdir, Daşyn alsa gurrumsaklar, gagallar. Pudagyndan ýere gaçan ýapragyň, Haly teňdir, bolmaz oňa alajyň. Ýöne weli hemaýatyň ne ýagşy, Seň ýanyňda ne işi bar ajalyň? Özüňem, ataňam, eneňem mätäç, Ýakyn-ýada, dosty-ýara kömegiň. Eý, sen, öz-özünden göwnühoş adam, Nirä barýaň göge tutup temegiň?.. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Söý meni / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |