09:21 Meniñ öýüm | |
MENIÑ ÖÝÜM
Goşgular
Atammy ýa atamyñam atasy, Bu öýi gurupdyr şolaryñ biri. Ynha indi maña miras galdy ol, Bir teññelik öýüm bar, Müñ teññelik höziri! Töwerekde bezemen jaý köpelýär, Birisi mermerden, ak daşdan biri. Ýöne özümiñki gözüme yssy, Bir teññelik öýüm bar, Müñ teññelik höziri! "Öýüñ horaşaja ekeni" diýip, Kemsitmekçi bolsa eger-de biri. Diýerin: "Horaşa bolsa-da, halal, Bir teññelik öýüm bar, Müñ teññelik höziri!" Tomus yssylamda, gyşda üşämde, Eýe çykmaz özge öýleriñ biri. Özümiñki welin bagryna basýar, Bir teññelik öýüm bar, Müñ teññelik höziri! Maşgalam şu öýde kökün ýaýradyp, Özüm gezip ýörsem jahanda diri, Heran-haçan meniñ diýjegim hakdyr: "Bir teññelik öýüm bar, Müñ teññelik höziri!" ■ HOŞ SÖZ "Mylaýym sen bolsañ, guluñ bolaýyn". Magtymguly. Hoş söz gyzyldan-da gymmatdyr belki, Mylaýym, hoş sözli bolalyñ, geliñ! Geçmişde hoş sözli hany bar halky Uruşlar sowulup geçipdir telim! Dil bir misli baş bermeýän sarç bedew, Käte alyp gaçar, käte-de ýykar. Münüş öwretmeseñ, bermeseñ edep, Ähli at-abraýyñ soñuna çykar! Dil gulp kimin saklap başarar syry, Açyp bolmaz hiç bir açar bilen-de. Kän bolupdyr diliñ kesilen ýeri, Syr saklaýşy ýabygorly bolanda, Dil äşgär eýleýär añyñ güýjüni - Biziñ neneñ-niçik adamdygmyzy. Zäherden ajyjy, baldan süýjimi Unutmalyñ dilden dadandygmyzy. Ömri kertýän ýaman sözi goýalyñ, Mylaýymlyk gödeklikden oñatdyr. Geliñ bir-birege hoş söz diýeliñ, Ýerin bilip diýlen hoş söz sowgatdyr! Hemra ŞIROW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |