04:18 Menziller hem pursatlar | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
Goşgular
▶ MENZILLER HEM-DE PURSATLAR Uzaklarda galan ýaşlyga garap Esli wagty ötürýärin kämahal. Ýetmiş ýyllyk ömri ýedi minutda Göz öňüne getirýärin kämahal. Ýüzün ýatdym ak çägäni bagyrtlap, Ýer açdym Lebabyň hyşasyn otlap, Kän-kän deň-duşlaryň ýokdugyn ýatlap Urunýaryn - itinýärin kämahal. Garagumda galdy basylan yzlar, Ýüregimde galdy owadan gyzlar. Nirelerde galdy şo-ol ýaşyl ýazlar Diýip daňy atyrýaryn kämahal. Ejizlemän çekdim berlen emgegi, Pyýadalap kowdum atly çöregi. Bu ýollarda ezet çeken ýüregi Gam laýyna batyrýaryn kämahal. Ýakynlara garap, daşlara garap, Säherde saýraýan guşlara garap, Un sepilen ýaly saçlara garap Köp zada göz ýetirýärin kämahal. Dowzahy, behişdi gördük biz ölmän, Bu dünýäni nädip ýaratdyň allam?! Ine şuňa welin düşünip bilmän Oturýaryn, oturýaryn kämahal. ▶ MUŇA DURMUŞ DIÝeRLER.. Işiň rowaçlananda Kä kişiler begener. Kän kişiler gynanar. Görmedik bol - geçiber Diýer eken köneler. * * * Bedew atlar kişňände Eşek ony geňlärmiş. Sebäbi eşek diňe Eşek sesin oňlarmyş. Gülkä meňzeş kişňemek. Aga meňzeş aňňyrmak. Her kimde bir owaz bar, Nämä gerek geň görmek. * * * Guş bar et iýdirerler, Guş bar etin iýerler. Her kimiň öz paýy bar, Muňa durmuş diýerler. * * * Ýeriň diriligi yzgar diýerler. Bizi adam edýän ygrar diýerler. Ynsan bolsun, haýwan bolsun - ikisem Rysgalyň yzynda ylgar diýerler. Ylgamak üçinem kime-hä gündiz, Kime-de garaňky gije berlipdir. Ynsan üçin rysgal aňa-düşünjä, Haýwan üçin gara güýje berlipdir. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |