MERTLER MEÝDAN IÇINDE
■ Türkmenistanda sowet hökümetine garşy turan 1931-nji ýylyň gozgalaňy barada
Milletiň ykbalynda baknalykdan ýaman dert ýok. Baknalyk milletiň aslyny ýok edýär, onuň müň ýyllyk taryhy köküne palta urýar. Bu hakykata halkymyz bir asyrdan–da gowrak wagt dowam eden baknalyk döwründe magat göz ýetirdi. Sowet döwründe neşir edilen taryhy edebiýatda Gökdepe urşundan soň türkmen topragyna uzak garaşdyran asudalyk geldi, öňki asyrlaryň talaňçylykly ýörişleri tamamlandy, türkmenler parahatçylykly durmuşda ýaşap başladylar diýlip aýdylýardy. Onuň müň mertebe galatdygyny XX asyryň galagoply wakalary doly görkezdi.
Asyrlaryň dowamynda türkmen topragy kän-kän ýurtbasarlary gördi. Ýöne, bolşewik ýaly türkmene ynamsyz garan basybalyjy bolmandy. Hatda türkmen topragyny gara güýç bilen basyp alan Ak Patyşa-da, onuň generallary-da türkmenleriň ýanbermezligine we mertligine haýran galypdylar, olary özleriniň şahsy goragyna göwünjeňlik bilen alýardylar. 70 ýyldan gowrak dowam eden sowet döwründe zanny esger türkmenden özüni tanadyp bilen ýekeje-de söweşjeň general çykmandyr. Onuň sebäbini hem şol ynamsyzlykdan gözlemeli.
80-nji ýyllaryň başlarynda bir ýaşuly Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda öň hökümete garşy urşup, lagere düşen, ol ýerden hem fronta iberilen bir türkmen ýigidiniň Türkmenistandaky halk çykyşlaryny basyp ýatyrmaga gatnaşan sowet harbysynyň tötänleýin duşuşygy barada gürrüň beripdi. Şonda şol harby türkmen ýigidini ýanyndakylara görkezip: «Biz bulara «basmaçy» diýäýýäs, hakykat ýüzünde, türkmenler çyn esgerler ahyryn» diýenmiş.
Hökmirowan sowet döwründe halkymyz köp külpetleri başdan geçirdi. Zorluk bilen amala aşyrylýan çärelere halk köpçüligi ýangynly garşylyk görkezýärdi.Şonuň üçin hem Türkmenistanda 1924-nji, 1927-1928-nji we 1931-nji ýyllarda uly halk gozgalaňlary bolup geçdi. Bu aýylganç wakalarda türkmen halky ummasyz köp ýitgilere sezewar boldy. Biziň gürrüňimiz XX asyryň 30-njy ýyllarynyň başlarynda Garagumda bolup geçen gazaply wakalar hakynda.
Öňki ýyllarda bolşy ýaly, 1930-njy ýylyň ahyrynda 1931-mji ýylyň başlarynda Türkmenistanda ýene-de howsalaly ýagdaý ýüze çykdy. Sowet hökümýetiniň geçirýän syýasy-ykdysady çärelerine garşy çarwalar gozgalaň turzup ugradylar. Gozgalaňyň esasy ýerleri türkmen çarwalarynyň köpçülikleýin ýaşaýan ýerleri bolan Demirgazyk-Günbatar we Merkezi Garagymdy.
Resmi maglumatlara görä çarwa etraplarynda 110-150 müňden-de gowrak ilat ýaşap, olar sowet düzgünine, kolhoz gurluşyna kes-kelläm garşydylar.Sebäbi sowet hökümýeti çarwalara yzy üzülmeýän agyr salgytlary salýardy, olary karz kagyz pullaryna (zaýomlara) ýazylmaga mejbur edýärdi. Çarwalar bilen baglaşylýan hojalyk şertnamalary, hökümetiň günäsi bilen yzygider ýerine ýetirilmändir. Şertnama boýunça çarwalar döwlete et-ýag, ýüň, garaköli bagana, deri tabşyrmalydy, hökümýet bolsa olary däne we senagat harytlary bilen üpjün etmelidi. Emma çarwadan maldarçylyk önümlerini alan hökümet, olaryň ornuna gum içinde düýbünden zerurlygy bolmadyk hümmetsiz sowet pullaryny berýärdi. Has beteri-de, hökmirowan düzgün baý maldarlary, il-günüň sylaýan-hormatlaýan aksakallaryny, kethudalaryny we işan-mollalaryny yzarlaýardy,olary dürli bahanalar bilen häli-şindi tussag etmelere sezewar edip durýardy.
«Patyşa döwründe bizden bir gezek salgyt alýardylar. Bolžewikleriň salgytlarynyň bolsa yzy üzülenok. Biziň açlykdan horlanýandygymyza garamazdan olar bize däne bermeýärler. Bolşewikler basym hemmeleri ýaraga ýapyşmaga mejbur ederler» – diýip garyp çarwalar gahar-gazaba münýärdiler.
Şol döwürler Türkmenistanyň köp ýerlerinde sowet häkimýetiniň Daşkentde, Bakuda ýykylyndygy hakynda myş-myşlar hem ýaýrapdyr. Şonda çarwalar «şu gün bolmasa ertir sowet hökümýeti ýykylar, aýtmyşlaryna görä, käbir ýerlerde ol eýýäm ýykylypdyram. Orsýetde Ak patyşa tagta çykar, Türkmeistanda häkimiýeti özümiz eýeläris, sowet hökümýetini goldanlara berk çäre göreris» diýişipdirler.
Türkmen çarwalaryna edilýän bu sütem-zulumlaryň üstesine-de, 1931-nji ýylyň fewral aýynda sowet hökümýeti baý çarwalaryň ellerinden mallaryny almak, guýylary we öri meýdanlary millileşdirmek barada karar çykarýar. Bu ýagdaý çarwa ilatyny has hem öjükdirdi. Şeýlelikde, zulum-sütem etinden ötüp süňňüne ornan halk aýaga galdy – ýaraga ýapyşdy.Gum içinde ulyly-kiçili gozgalaňçy toparlar döredi. Şol wagtlar Gazagystandan kolhoz gurluşygyndan, sowetleşdiriş syýasyndan we bolşwikleriň terroryndan gaçyp gelýän 4500 sany gazak maşgalalary hem türkmen gozgalaňçylaryna goşuldylar.Şonuň üçin 1931-nji ýylyň gazaply wakalary türkmen-gazak gozgalaňy diýlip hem atlandyrylýar.
1931-nji ýylyň gozgalaňy birnäçe toparlanyşyklardan ybarat bolup, onuň iň ulysy Günbatar Türkmenistanda ýerleşýän Goýmat guýusyndaky toparlanyşykdy. Goýmat toparlanyşygyna türkmenlerden Illi ahun, gazaklardan bolsa Bekeş Dermentaý ýolbaşçylyk edýärdiler. Şu toparlanşygyň gozagalaňçy goşunlaryna türkmenlerden Atagylyç Mämmedow, Mämmetdurdy Diwan, Dawut Poladow, Tagan Berdiýew, Arbat Nazarow, Hojanepes Atajanow, Begenç Garamanow, Garahan Çagylow, Babyl Garagulow we beýlekiler, gazaklardan bolsa Omar Tölebergenow, Ümet Toşnabaýew we B. Dermentaýyň iki ogly Enes bilen Bektemir serkerdelik edipdirler. Toparlanyşykda 1500 çenli atly we pyýada goşun bolupdyr.
Ikinji bir toparlanyşyk Bäherden-Gökdepe etraplarynyň çarwa ýerlerinde ýerleşip, oňa Myradaly han, Kakabaý, Baýramdurdy işan, Begnazar Gyzyl baý hem-de Lullyk baý ýolbaşçylyk edýärdiler. Umumy ýolbaşçy Myradaly han bolup, bu ýerde 800-e çendi gozagalaňçy bardy.
Gozgalaňyň üçünji merkezi Tejeniň-Marynyň demirgazygyndaky gumda ýerleşip, bu toparlanyşyga Orazgeldi han, Ýüzbaý, Hudaýberdi han, Annaguly han, Garry Molla we beýlekiler ýolbaşçylyk edýärdiler. By eriniň umumy ýolbaşçysy Orazgeldi handy.
Dördünji toparlanyşyk Daşoguz welaýatynyň gum bilen serhetleşýän ýerlerinde bolup, oňa welaýatyň çarwalaram, çomurlaram gatnaşýardylar. Daşoguzly gozgalaňçylara Ahmet Beg, Durdy Murt, Garaja Aksakal, Atajan baý, Dady baý, Ýazan Öküz serkerdelik edýärdiler. Bu ýeriň gozgalaňçylarynyň umumy sany 1000 atlydan hem geçýärdi.
Ýokarda agzalan her bir toparlanyşygyň özboluşdy «hökümýeti» hem bardy. Ýöne toparlanyşyklaryň hemmesi diýen ýaly Goýmat toparlanyşygyna tabyn bolupdyr. Goýmat toparlanşygy dargytmak we gozgalaňçylardan öç almak üçin bu ýere GPU (sowet hökümetiniň jeza beriji gizlin gullugy) goşunlarynyň Seýtlin tarapyndan serkerdelik edilýän 85-nji birikmesi iberilýär. Seýtlin 1931-nji ýylyň 15-nji apreline çenli toparlanşygyň ýolbaşçylaryndan 50 adamy tussag edýär. Şol sebäpden hem birikme dolulygyna ýok edilýär. Şundan soň gozgalaňçylaryň garşysyna A.Melkumowyň serkerdeliginde gowy ýaraglandyrylan jezalandyryjy goşunlar iberilýär. Ol gozgalaňçylar bilen birnäçe gezek çaknyşýar, ýöne oňa toparlanyşygygy ýok etmek başartmaýar. Bu goşun bölümleri yzyna dolanyp gelýän wagtlary maý aýynda Myradaly hanyň toparlanyşygy bilen hem çaknyşýar.
Tomsuň gelmegi bilen gozgalaňçy hereket has hem güýjeýär. 1931-nji ýylyň 11-nji iýunynda Könürgençde hem gozgalaň turýar. Gozgalaňa ýerli partiýa-sowet edaralarynyň eden-etdiligi, adamlaryň köpçülikleýin tussag edilmegi sebäp bolupdyr. Könürgençdäki gozgalaňa aşaky sowet guralamalarynyň işgärleri bolan Mämmettuwak baga, Meretgylyç Gurbanow, Ybraýym Köwli, Ata Çakan we beýlekiler serkerdelik edipdirler. Bularyň ýolbaşçylygyndaky 450-den gowrak atly goşunlar 1931-nji ýylyň 24-nji iýunynda säher bilen Könürgenje çozýarlar. Şunda gozgalaňçylar tarapyndan şäher keselhanasy, degirmen, ýerli dolandyryş edarasy eýelenýär. Köneürgençdäki esasy söweşler, türmäniň we GPU-nyň jaýynyň töwereklerinde bolýar. Sebäbi bu ýerde köpsanly tussag edilen adamlar saklanylýardy. GPU-nyň jaýyny eýelemek gozgalaňçylara başardypdyr emma «çekistler» jaýdan gitmezden öň tussaglaryň ählisini atypdyrlar, etrabyň ilaty barada toplanan gizlin resminamalary bolsa otlapdyrlar.
Gozgalaňçylar däne saklanylýan ammarlary, şereketleri we dükanlary eýeleýärler. Ele salnan azyk önümleri horluk çekýän ilatyň arasynda paýlanylýar. 1931-nji ýylyň 25-nji iýunynda Könürgençdäki gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Daşoguzdan, Porsydan (Boldumsaz) we Özbegistanyň Hojaili şäherinden sowet goşunlary gelenden soň gozgalaňçylar şäheri taşlap gidýärler.
1931-nji ýylyň 27-nji iýunyndan 28-ne geçilýän gije T. Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçy goşuny Berekede (Gazanjyga) çozuş edýär. Bir günläp diýen ýaly şäher gozgalaňçylaryň elinde bolýar. Şol gije Uzynsuw demir ýol menziliniň töwereginde gozgalaňçylar sowet otlusyny hem agdarýarlar.Ýöne bu ýerde gabawda ýatan bolşewiklere kömek gelenden soň, gozgalaňçylar şäheri taşlap gidýärler.
1931-nji ýylyň tomsynda Ýerbent taraplarda-da gozgalaňçy hereket güýjeýär.Bu ýerdäki herekete TSSR MIK-niň agzasy, Ýerbent oba şurasynyň başlygy Kakabaý ýolbaşçylyk edipdir. Bu toparlanşygy ýok etmek üçin Turçinskiniň serkerdeliginde atly polk we bombalaýjy uçarlaryň topary ugradylýar. Söweşler netijesinde Ýerbentdäki gozgalaňçy merkez ýok edilýär. Kakabaý bolsa ýesir alynýar.
1931-nji ýylyň awgust aýynda Tejen-Mary taraplarynyň gumunda ýerleşýän gozgalaňçy toparlaryň garşysyna hem jezalandyryjy ýörişler geçirilýär. Iýul-awgust aýlarynda bolan söweşlerde gozgalaňçylar uly ýitgiler çekýärler. 1931-nji ýylyň 28-nji awgustynda bolan söweşde Orazgeldi han bilen Ýüzbaý wepat bolýalar. Ýöne bu toparlanşygy derdi-dagyn etmeklik sowet goşunlaryna birbada başartmaýar.
Edil şol döwürler Jebel taraplarda-da ýagdaý çylşyrymlaşýar. Şonuň üçin hem bu ýere Orta Aziýa Harby birikmesiniň baş serkerdesi Dybenkonyň ýýolbaşçylygynda uly harby delegasiýa gelýär. Jebelde bolan uly ýygnakda Dybenko: «Eger-de ol ýyrtyjylar 15-nji awgusta çenli ýaraglaryny tabşyrmasalar, 15 güniň içinde derbi-degyn ediler» diýip haýbat atýar. Dybenkonyň «ol ýyrtyjylar» («эти звери») diýen masgaralaýjy sözüni hatda onuň ýanynda duran türkmen bolşewikleri hem halamandyrlar.
Dybenkonyň haýbatyna jogap edip, 26-njy awgustda gozgalaňçylar Hakmyrat hanyň ýolbaşçylygynda Jebeli dört tarapdan gabaýarlar, demir ýol günortadan we demirgazykdan kesilýär, ýük otlusy agdaryylýar, telegraf sütünleri ýykylýar. Jebel urgundaky söweşler üç günläp dowam edýýär. Emma Jebeli ayp bilmän, köp ýitgileri çekip gozgalaňçyylar «Çagyl» guýüsyna çekilýärler. Jebel ugrundaky söweşlerde sowet goşunlary hem köp adam güýjüni ýitirýär.
Ýazky we tomusky söweş hereketleriniň netijesinde hökümýet goşunlary käbir üstünlikler gazanan-da bolsalar, gozgalaňy basyp ýatyrmak olara başartmaýar. Sebäbi 1931-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli Türkmenistanda henizem 3 müňe golaý ýaragly gozgalaňçy bardy, şolardan 2 müňisi «Goýmat» toparlanyşygyna degişlidi. Aslyýetinde «Goýmat» toparlanyşygynda 10 müňe golaý eli ýarag tutup biljek adam bolupdyr. Ýöne ýaraglaryň ýiti etmezçilik etmegi olaryň hemmesini ýaraglandyrmaga mümkinçilik bermändir. Şol sebäpdenem bir tüpeňiň daşynda 4-5 adam gezipdir, wepat bolan gozgalňçylaryň ýaragyna eli ýaragsyz eýe bolupdyr.
Orta Aziýa harby birikmesiniň baş ştaby gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin takyk söweş meýilnamasyny işläp düzýär. Gozgalaňçylara garşy söweş hereketlerini 1931-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda başlamak karar edilýär. Ýöne gozgalaňçylaryň harby hereketleri güýçlendirendikleri sebäpli ol kä ýerde 5-nji sentýabra geçirilýär.
Söweş hereketleriniň umumy ýolbaşçylygyna we gozgalaňçylara jeza bermek işlerine Orta Aziýa harby birikmesiniň (okrug) goşunlarynyň baş serkerdesi Dybenko, harby-meýdan ştabynyň başlygy Poznýaga, harby geňeşiň agzasy Ýastrebowa, şeýle hem SSSR OGPU-nyň Moskwadan gelen wekilleri Ýewdokimowa we Sobolewe tabşyrylýar. Dybenkonyň ştaby Serdarda ýerleşipdir.
Gowy taýýarlyk işleri geçirilenden soň 9-njy sentýabrda Malyşewiň serkerdeligindäki Daşkendiň harby mekdebiniň (OSAWŞ) talyplaryy gämi bilen Garabogaza getirilýär we olar şol ýerden Söýli-Tüwer ugry boýunça gozgalaňçylarýn esasy ýerleşen ýerleriniň biri bolan Çagyl guýusyna tarap şüýşüp başlaýarlar. Günbatar Türkmenistandaky jezalandyryjy goşunlaryň ýolbaşçy Lamanowyň serkerdeliginde täze döredilen moto-mehanizimleşdirilen goşunlar hem şol gün 44 sany daşary ýurt maşynlary bolan «marelandlara», «zaurerlere», «fordlara» we «fiatlara» ýüklenilip, bular hem Türkmenbaşy şäherinden demirgazyk-gündogarlygyna Söýli-Tüwer-Çagyl ugry boýunça ygradylýar. Lamanowyň goşunynda 165 esger bolup, olar 3 bronemaşyn, 5 tank, 10 top we 12 tizokatar (pulemýot) bilen ýaraglandyrylypdyr.
Jebelden Türçinskiniň (ony bu ýere Ýerbentdäki gozgalaň basylyp ýatyrylandan soň täzelikde getiripdiler) 2-nji atly polky, Bereketden Antonowyň 1-nji atly polky, Bäherdenden Bekjanowyň özbek atly polky, Serdardan Mirkamil Mirşaripowyň beýleki bir özbek polky, Aşgabatdan T.Gaýkozýanyň 1-nji kommunistik rotasy, Artykdan Serhet goşunlarynyň çalt hereket edýän goşuny, Tejenden Baskalewiçiň 3 gezek Gyzyl Baýdakly 82-nji Aktýubinsk atly polky, Marydan Samakrutowyň 83-nji Begalinsk atly polky, Hywadan Hrýukiniň Gyzyl Baýdakly 84-nji atly polky, Daşoguzdan bolsa Konstantinowyň serkerdeligindäki OGPU-nyň atly polky, şeýle hem ýerli etrap we welaýat milisiýa goşunlary ýolugra guýulary gozgalaňçylaryň ownuk toparlaryndan arassalap, Gargumyň jümmüşine – çarwalaryň mekanyna tarap süýşüp ugradylar. Bu goşunlaryň agramly bölegi Russiýadaky 1918-1922-nji ýyllaryň raýatlyk urşunda, Türkmenistanda, Özbegistanda, Täjigistanda bütin 20-nji ýyllaryň dowamynda ençeme halk çykyşlaryny basyp ýatyrmaga we nähak gan dökmäge gatnaşan rehimsiz serkerdeli we esgerli «söweşjeň» goşunlardy. Jezalandyryjy goşunlaryň ýerleşişi Garagumdaky gozgalaňçylaryň doly gabawa düşenliginden habar berýärdi.Sunça mukdardaky goşunlardan başga-da, demir ýoluň Türkmenbaşy-Türkmenabat aralygyny birnäçe broneotly gije-gündiziň dowamynda gozgalaňçylary daşary ýurtlara gaçyrmazlyk üçin goraýardy, her demir ýol menzilinde Orta Aziýa harby birikmesiniň goşun bölümleri ýerleşdirilipdi.
1931-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Çagyl söweşi başlady. Bu ýerdäki gozgalaňçy goşuna Hakmyrat han, H.Atajanow, Garaman Çagylow, B.Garamanow, B.Garagulow, T.Berdiýew we beýlikiler ýolbaşçylyk edipdirler.. Bu söweş üç günläp dynuwsyz dowam edýär. Gozgalaňçylaryň goranyş ulgamy Gyzyl Goşun tarapyndan pulemýotlardan, toplardan, bronemaşynlardan we tanklardan dynman oka tutulypdyr. Bulardan başga-da 37-nji howa goşunlarynyň Germaniýadan satyn alnan «Ýunkers» uçarlary iki günüň dowamynda gozgalaňçylaryň depesinden 15 kilogramlyk bombalaryň 280-nisini taşlapdyrlar. Ýöne gozgalaňçylar erjellik bilen goranypdyrlar. Hatda olar bir tanky otlamagy-da başarýarlar. Emma gozgalaňçylar aýylganç ýeňlişe sezewar bolýarlar. Çagylyň golaýjygyndaky Doňra guýusynda gizlenip ýatan aýal, oglan-uşak bolsa paýhyn edilýär.
1931-nji ýylyň 14-nji sentýabryndan 15-ne geçilýän gije çarwa serdarlary aman galan ilaty gijäniň tümlüginden peýdalanyp Dähli guýa äkitmegi karar edýärler. Emma sowetleriň yzly-yzyna asmana atýan ýagtylandyryjy raketalary sentýabr aýynyň garaňky gijelerini edil gündüzlik ýaly edipdir.Çarwalar topdanam, tankdanam hatda bombalaýjy uçarlardanam gorkmandyrlar. Ýöne, olar beýle zady şindi görmändiler. Ähli goşlaryny,bala-çagalaryny düýä ýüklän çarwalaryň huşy başyndan uçupdyr, görülmedik aljyraňňylyk – basabaslyk bolupdyr, ýüzlerçe ynsanlar çagba ýaly ýagýan gülleleriň, top oklarynyň pidasy bolupdyr. XX asyryň 60-njy ýyllarynda öz «edermenligi» barada ýatlama ýazan sowet harbylarynyň biri «bu söweş tilsimini men oýlap tapdym» diýip öwünipdir.
XX asyryň gazaply 30-njy ýyllarynda bolşewik süteminiň pidasy bolan türkmen şahyrlarynyň biri bu elhenç wakany goşgy setirleri bilen şeýle beýan edipdir:
- Ol Çagyl atly guýy doldy şehitler ganyna,
Külli ynsan eňreşip ýygnaldy Doňra ýanyna,
Atylan gülleleriň hiç kim ýetişmez sanyna,
Balasyndan aýrylanlar, bolsun Alla ýaryňyz.
Bomba partlap, çaň turup, gopdy beýik bir zenzele,
Maýa-köşek bozlaşyp, asmana çykdy welwele,
Mäleşip owlak-guzy arşa ýetendir gulgula,
Toplara göwsün gerenler, bolsun Alla ýaryňyz.
Ol aýal, oglan-uşak duşmany suwsap bardylar,
Aglaşyp jebr-u sütem kapyr golundan gördüler,
Toplanyp goýun kimin gyzgyn howada sürdüler,
Delmirip suwsap ölenler, bolsun Alla ýaryňyz.
Gozgalaňçylaryň aman galan bölekleri Dähli guýusynda berkleşýärler. Emma 17-nji sentýabrda bolan söweşde bu toparlanşyk hem derbi-dagyn edilýar. Goýmatdaky toparlanşykdan öç alnandan soň çarwa ýigitlerini gum içinde topar-topar edip tussag edýärdiler. Merkeze iberilen maglumatnamalaryň birinde «meşhur türkmen mergeniniň ele salnandygyny» begenip habar berilýärdi («Пойман легендарный туркменский стрелок»). Orta Aziýa harby birikmesiniň harby-meýdan sudunyň karary bilen ýolbaşçydyr diýlip güman edilen ýigitleriň ýüzlerçesi atylýar, müňlerçesi bolsa zyndanlara atylýar. Şeýlelikde, Hezreti Magtymgulynyň aýdyşy ýaly:
«Ata çykan biziň mertler zyndanda biçärä döndi».
Netijede, 20-nji sentýabra çenli diňe gozgalaňçy ýigitleriň 711-si öldürilýär. Gožgalaňçy hereketiň basylyp ýatyrylan döwri bolan sentýabr-oktýabr aýlarynda Türkmenistan boýunça jemi 74-sany atlybaşy we 3217 ýigit öldürilýär. Bu sanlar sowet döwrüniň maglumatlary. Hakykat ýüzünde bu gandöküşikli söweşlerde näçe ýigidiň, näçe parahat ilatyň pida bolandygy belli däl. Gozgalaňçylaryň ellerinden 10 müňden gowrak ýarag alynýar. Şu söweşlerde Gyzyl Goşun hem ep-esli adam güýjüni ýitirýär. Resmi maglumatlara görä 1931-nji ýylyň güýzünde Gyzyl Goşun öz serkerdeleriniň 17-sine we esgerleriň 100-e golaýyny ýitiýär.
1931-nji ýylyň ahyrlaryna çenli gyzyl goşun söweşler bilen Daşoguz okrugyna çykarýarlar we okrugyň demirgazykdan günortasyna tarap «arassalaşyk» işlerini geçirip başlaýar. 1931-nji ýylyň 8-nji oktýabryna çenli gozgalaňçy herekete ýardam edenligi üçin welaýatda 550-den gowrak adam tussag edilýär. Türkmenistan boýunça bolsa 15-nji noýabra çenli 5000-den gowrak adam tussag edilipdir. Şeýlelik bilen, 1931-nji ýylyň gozgalaňy rehimsizlik bilen basylyp ýatyrylýar.
Gozgalaňyň ýeňilmeginiň esasy sebäpleri barada aýdylanda, onda belli bir guramaçylygyň bolandygyna garamazdan, ol dagynyk häsiýetde boldy. Gozgalaňçy toparlanyşyklaryň arasy biri-birinden gaty uzakdy, ok-ýaraglaryň ýiti ýetmezçiligi duýulýardy. Çarwalaryň gozgalaňyny oyurymly ilat godap bilmedi. Sebäbi gozgalaň giň gerime eýe bolmanka oturymly ilatyň ýerleşýän ýerleri sowet goşunlary tarapyndan eýelendi. Oturymly ilata bolsa gumlylar aýratyn bil baglapdylar. Gozgalaňçylar gumda ýerleşsek, bolžewik goşunlary gelip bilmezler öýdüpdirler. Emma güýçli tehnika, uçarlar we ýaraglar bilen sowet goşunlary gozgalaňçy merkezlere aralaşmak däl, eýsem Garagumy eýläk-beýläk kesibem geçipdirler. Üstesine-de gün-günden güýçlenýän ägirt uly Sowet döwletiniň öňünde Türkmenistandaky gozgalaňçýlar hiç zatdy. Sowet serkerdeleriniň biri «türkmenler bolşewikler hiç haçan Garagumyň içinden uly goşun bilen geçip bilmezler diýýärdiler. Biz ony «garagumly ýyrtyjylary» amana getirýän döwürlerimiz birnäçe gezek geçdik» diýip öwünipdir. 1931-nji ýylyň gozgalaňy ýeňilse-de, gozgalaňçy hereketini basyp ýatyrmak sowet hökümýetine başartmady, Türkmenistanada entekler gozgalaňçy toparlar köpdi.
1931-nji ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň hem Türkmenistanda hökümede garşy hereket köşeşmedi, ýogsam oňa uly zarba-da urulypdy. Garagumyň içi, Daşoguz we Lebap welaýatlary, Tejen taraplary henizem asyda däldi. Sowet hökümýeti üçin iň bir howply toparlanşyk Demirgazyk Garagumdaky Ahmet begiň we Durdy Murtuň toparlarydy. Bular kähalatlar Demirgazyk-Günbatar Garagumdaky we tejenli gozgalaňçy toparlar bilen hem häli-şindi bileleşip hereket edýärdiler. Şol sebäpden hem 1931-nji ýylyň gozgalaňy basylyp ýatyrylan badyna içeri işler, GPU we hemişelik goşun bölümleri Ahmet beg bilen Durdy Murtuň garşysyna iberildi.
1932-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda sowet goşunlary Orta guýunyň töwereklerinde Ahmet begiň topary bilen söweşe girdi. Şu şöweşde we 19-njy ýanwarda bolan ikinji söweşiň netijesinde Ahmet beg 150-ä golaý ýigidini, ýitirdi, 500-e golaý üsti ýükli kerweni 100 golaý aýal, oglan-uşak sowet goşunlary tarapyndan olja alyndy. Ýöne bu gezegem agyr ýaralanandygyna garamazdan Ahmet bege ýigitleriň abat galanlaryny bir ýere jemlemek başardýar.
Gozgalaňyň basyrylyp ýatyrylandygyna garamazdan, Türkmenistanda 1932-nji ýylyň 5-nji fewralyna çenli 11 sany gozgalaňçy topar bolup, olarda 460 sany ýaragly ýigit bolupdyr. Bütin orta Aziýa boýunça bolsa 28 sany gozgalaňçy topar bolup, olarda 680 sany ýigit bolupdyr. Bu sanlar Türkmenistanyň Orta Aziýada gozgalaňçy hereketiň merkezi bolandygyna güwä geçýär. Gozgalaňçylara garşy söweş hereketleri 1933-nji ýylda-da alnyp barylypdyr. Ahmet beg bilen Durdy Murtuň toparlary henizem güýçli toparlanşyk hasap edilýärdi. Bu ikisiniň ygtyýarynda 300-den gowrak ýargly gozgalaňçy bolupdyr. Emma 1933-nji ýylyň 17-nji maýynda Bakgalguýyda bolan söweşde Ahmet begem, Durdy Murtam wepat bolýar. Şundan soň Türkmenistandaky gozgalaňçy hereket kem-kemden peselip ugraýar. Ýöne, şonda-da gozgalaňçy hereket Türkmenistanda aýry-aýry ýerlerde tä 1935-nji ýyla çenli dowam etdi. Şeýlelikde sowet hökümetine garşy 15 ýyl töweregi dowam eden hereket tamamlandy.
Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty.
Taryhy makalalar