13:06 Merw, Merw-Şahyjahan, Merwani... | |
MERW, MERW ŞAHYJAN, MERWANI...
Taryhy makalalar
Ýakut Ibn Abdallah ar-Rumi al-Hamawi 575-njy (milady 1179) ýylda grek maşgalasynda Wizantiýa topragynda doglupdyr. Şonuň üçinem onuň rumludygyny aňlatmak üçin ar-Rumi sözi goşulypdyr. Ol çaga wagty ýesir alynýar. Gul hökmünde Hama şäherinden siriýaly bir täjir ony satyn alypdyr. Şonuň üçinem oňa al-Hamawi diýen söz hem goşulypdyr. Onuň hojaýyny hyzmatkärine gowy terbiýe berýär. Özi diri wagty ony söwda-satyg işleri bilen uzak ülkelere iberipdir. Hojaýyny ölensoň bolsa, ol kitap söwdasy bilen meşgul bolupdyr. 610 (1213)-nji ýylda ol Azerbaýjana we demirgazyk Mesopotamiýa sapar edipdir. Şo ýerdenem Siriýa hem-de Ýegipde ugrapdyr. 612 (1215)-nji ýylda Gündogara tarap ýola düşüpdir. Soňky ýyly Nişapura gelýär. Soň Merwe gelipdir. Ol bu ýerde iki ýyl töweregi ýaşap, onuň baý kitaphanalaryndan peýdalanypdyr. 615 (1218)-nji ýylda Merwde peýdalanan kitaplarynyň täsiri bilen ol geografik sözlük düzmäge girişýär. Bu Ýakutdan öň düzülen sözlüklerden özüniň täzeçe gurlanlygy we dolulygy bilen tapawutlanýar. Ýakut sözlügiň üstünde alty ýyl işleýär. Merwden soň ol Balhda bolýar, iki gezek Horezme gidýär. Ikinji gezek Horezm baranda, mongollaryň Buharany we Samarkandy eýeländigini eşidip, ele düşmezlik üçin 617 (1220)-nji Horasana, soňam has uzaga – günbatara tarap gaçmaga mejbur bolýar. 1939-njy ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň Gündogar öwreniş instituty «Türkmenistanyň we türkmenleriň taryhy boýunça materiallar» atly iki tomluk kitaby neşir edýär. Kitapda bu babatda arap we pars alymlarynyň materiallaryndan bölekler ýerleşdirilipdir. Ýeri gelende aýtsak, TSSR Ylymlar akademiýasynyň «Ylym» neşirýaty bu iki tomlugy türkmen diline terjime edip, okyjylara elýeterli etse, bahasyna ýetip bolmajak iş bitirerdi. Şo kitabyň birinji tomunda Ýakudyň «Sözlüginden» hem bir bölek çap edilipdir. Şu mynasybetli hem «Sözlükdäki» Mara degişli maglumatlaryň birnäçesini okyjylara niýetlemegi makul bildik. Aluzan – Saragtda bir oba. Arzankabat – Merw Şahyjanda bir oba. Arsanbend – Merwden 2 farsahlykda ýerleşýän oba. Arwa – Merwden 2 farsahlykda ýerleşýän oba. Azjah – Habaranda bir oba. Saragt welaýatyna degişli. Aştahaust – Merwden 3 farsahlykda ýerleşýän oba. Aşfurkan – Meniň pikirimçe, Merwerud bilen Talkanda bir oba. Ifşirakan – Merwden 5 farsahlykdaky bir oba. Baban – Merwiň aşak bölegindäki kwartal. Bab Şuristan – Merwde bir kwartal. Babşir – Merwden bir farsahlykda ýerleşýän oba. Babkaran – Merwde bir oba. Bajahust – Merwden 2 farsahlykda ýerleşýän uly oba. Bazan – Habarapda bir oba. Saragt welaýatynda. Barnabady – Merwde bir kwartal. Bab-Şaristanyň ýanynda. Bag – Merwden 2 farsahlykda bir oba; şeýle hem ony Bag we Barsan diýip hem atlandyrýarlar. Bagnabat – Merwde bir obadyr diýip hasaplaýan. Balakan – Merwde bir oba, häzir weýran edilen. Diňe onuň ýanynda kanal galypdyr. Oňa-da Balkan kanaly diýilýär. Bahirabat – Merwde bir oba. Buzmakan – Merwde bir oba. Buznan – Merwde bir oba. Özem şähere şeýle bir golaý, hamana onuň bir kwartaly ýaly bolup dur. Häzir ol weýran edilen. Balkian – Merwden bir farsahlykdaky oba. Bunan – Merw Şahyjanda bir oba. Bundukan – Merwden 5 farsahlykda bir oba. Bansarakan – Merwden farsahlykdaky oba. Ilat ony Kusarakan diýip atlandyrýar. Beýsan – Merw Şahyjanda bir oba. Biman – Merwde bir oba. Biwakan – Saragtda bir oba. Tuwik – Merwde ýeriň ady. Tirkan – Merwde bir oba. Jiramazdan – Merwde bir oba. Jirnahjir – Merwde bir oba. Gadymy döwürlerde weýran edilen. (Ol meniň pikirimçe Şirnahşir bolmaly...) Jijabur – Merwde bir oba. Dine – Merwde bir oba. Rikanyň, Abadanyň golaýynda. Ramaşah – Merw Şahyjanda bir oba. Raja – Saragtda bir oba. Ruhhan – Merwden 6 farsahlykdaky oba. Zarjin – Merwde bir oba. Al-Imranyň sözi. Şawaşabat – Merwde bir oba. Şawaşkan – Merwden 4 farsahlykdaky oba... Ol diýseň gözel, ilaty gür. Bu ýerde ýokary hilli ýüpek öndürilýär. Ony men öz gözüm bilen gördüm. Şiraz – Saragtda bir oba, şähere çalymdaş. Ikisiniň arasy düýeli gitseň, 2 günlük ýol. Ol hyrat ýoly tarapda ýerleşýär. Bazary şüweleňli, ilaty köp, metjidi bar. Ýöne onuň ilaty guýy suwuny içýär. Men bu obany gördüm. Bu ýerden dürli adamlar ýetişipdir. Şolaryň birem Muhammet ibn Omar aş-Şirazy Abu-l- fath as-Serahsy... Ol 489-Njy Ýylyň Zü-L-Ka De Aýynda (-x – XI, 1096 Ý.) Merwde doglupdyr. Şo ýerde-de 548-nji ýylyň (-6 x 1153 ý.) Rejep aýynyň 15-inde guzlar tarapyndan daňlyp öldürilipdir. Talkan – iki şäher. Olaryň biri Horasanda, Merwertud bilen Balhyň aralygynda ýerleşýär. Merwertud bilen onuň arasy 3 günlük ýol. Taharan – Meniň pikirimçe, Merwde bir kwartal. Faganan – Merwde bir oba. Kalhabakan – Merwde bir oba. Maşan – Merw şäheriniň içinden akýan kanal hem-de kwartal. Merwli ilat ony Majan hem diýip atlandyrýarlar. Razik – Merwde bir kanal. Merwerud – «Merw» – «ak daş», o daşdan ot alynýar. Ol gara-da däl, gyzylam. Gyzyl daşdan ot alanoklar, şoň üçinem oňa merw diýenoklar. Parsça «rud» derýa diýmegi aňladýar. Diýmek, ol derýanyň boýundaky merwdir. Bu şäher Merw Şahyjandan uzakda däl. Ikisiniň arasy 5 günlük ýol. Ol uly derýanyň boýunda ýerleşenligi üçin şeýle atlandyrylýar. Ilatyň sany beýleki Merwiňkiden az. Ýöne muňa garamazdan, kämil adamlar ýetişipdir... Merw Şahyjan – Horasanda belli şäher, onuň paýtagtydyr. Hekim Abu-Abdallah Nişapuryň taryhy hakynda ýazýan işinde oňa salgylanýar. Ol Nişapur hakynda ýazanam bolsa, öz kitabynda bu şäheriň gözelligi hakynda agzaman geçmändir... Merw bilen Nişapuryň aralygy 70 farsahdyr. Ondan (Merwden) Sragta çenli 30 farsah, Balha çenli 122 farsah, (ýa‑da) 12 stansiýalyk ýoldur. «Merw» adynyň näme aňladýanlygy hakda biz ýokarda agzap geçdik. Arap dilinde ol «ak daş» diýmekdir. Ýagny ondan ot alynýar. Bu arapça şeýledir. Ýöne Merw hemişe emele gelşi babatda parslara dahyllydyr. Galyberse-de, men o ýerde şo reňkdäki daşa gabat gelmedim. Şahyjan babatda aýdylanda bolsa, ol parsça «şanyň jany» diýmekdir, çünki şa patyşa diýmek, janam-jandyr... Soltan Sanjar ibn Mälik şa as-Seljuki öz raýatynda welaýatlaryň köpdügine garamazdan, Merwi ähli şäherleriň täji hasaplapdyr. Tä ölýänçä şo şäherde ýaşapdyr. Onuň mazary şo ýerde, uly mawzoleýde ýerleşýär. Onuň äpişgesi metjide garaýar. Onuň gümmeziniň reňki gök, özem bir günlük ýoldan görünýär. Meniň eşidişime görä, Sanjar ölenden soň, onuň hyzmatkärleriniň biri şo mawzoleýi saldyrypmyşyn. Ol Gurhan okap, bu ýeri gorajaklar üçin wakf goýup gidipdir. Men Merwden 616 (1219)-njy ýylda, onuň men diýen wagty çykyp gaýtdym. Merwde hanifitlere we şafintlere degişli iki metjit bar. Medisina gurçugy diýäýmeseň men o şähere dil ýetirip biljek däl. Şo gurçuk zerarly şäher ilaty ezýet çekýär. Ýylyň-ýylyna ondan ezýet çekmedik adam ýok. Eger-de tatarlar gelip, bu ýurdy weýran etmedik bolsady, onda men bu şäherde ömrüm ötinçä ýaşardym. Çünki şäher ilatynyň ýumşaklygy, mylakatlylygy, göwne degmezligi hem-de onuň esasy ylymlara degişli ummasyz kitaby meni özüne bendi etdi. Men dünýäniň hiç ýerinde kitabynyň sany boýunça-da, artykmaçlygy babatda-da oňa taý tapmadym... ______________________________________ * Ýa-da Afraba. Ol häzirki Gyzylarbat şäheriniň ýerleşen ýeri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |