10:16 Şahyr Mihail Isakowskiý aradan çykdy... | |
• 1973-nji ýylyñ 20-nji iýulynda
Taryhda şu gün
MIHAIL WASILÝEWIÇ ISAKOWSKIÝ Sowet edebiýaty we sungaty agyr ýitgä duçar boldy – görnükli sowet şahyry, Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasynyň 1918-nji ýyldan bäri çleni Mihail Wasilýewiç Isdakowskiý dünýäden ötdi. Mihail Wasilýewiç Isakowskiý 1900-njy ýylda Smolensk oblastynyň Glotowka obasynda garyp daýhanyň maşgalasynda dünýä indi. Ilkinji goşgularyny M.W.Isakowskiý on dört ýaşyndaka çap etdirdi, 1927-nji ýylda Moskwada M.W.Isakowskiniň “Sypaldaky simler” atly goşgular kitaby çap edildi. Şol kitp M.Gorkiniň göwnünden turupdy. M.W.Isakowskiniň, “Topragyň ussatlary”, “Watan hakynda aýdym”, “Ogluma sargyt” atly soňky kitaplary we başga-da, köp-köp eserleri Oktýabryň ýeňşinden soň, şäherde hem obada bolup geçen taryhy özügerişliklere bagyşlanyldy. Halky iň bir jümmüşinden çykan, halkyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Mihail Isakowskiý kommunizm gurýan sowet adamlarynyň pikirlerini, duýgularyny, öňe ümzük atyşyny öz döredijiliginde wasp etmegiň hötdesinden geldi. M.W.Isakowskiniň mazmuny taýyndan halky hem çuňňur partiýalaýyn bolan şahyrana eserleri sowet adamlarynyň Zähmetiniň, göreşiniň hakyky hem tolgundyryjy sene ýazgysydyr. Ol öz goşgularynda sowet adamlarynyň ýaşaýyş obrazyny seýrek gabat gelýän hyjuw bilen, aýdyňlyk bilen wasp etdi. M.W.Isakowskiniň goşgulary köp milletli sowet edebiýatynyň genji-hazynasyna girdi. şahyr sowet aýdym-saz medeniýetine bahasyna ýetilmez goşant goşdy. Onuň “Katýuşa”, “Geler-gider myhman guşlar”, “Front ýakasyndaky tokaýda”, “Kim bilýär ony, bar ne hyýaly?”, “Ugradyş”, “Eý, meniň dumanlarym...”, “Ýene daňa çenli bar zat sem boldy” atly çuňňur lirizme, röwşen halk ýumoryna ýugrulan ajaýyp aýdymlaryny, şunuň ýaly başga-da köp aýdymlaryny millionlarça adamlar aýdar. Partiýa we halk kommunist ýazyjynyň zähmetine ýokary baha berdi. Sowet edebiýatyny ösdürmekdäki görnükli hyzmatlary üçin, M.W.Isakowskä Sosilaistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at dakyldy, ol Lenin ördeniniň dördüs, Zähmet Gyzyl Baýdak ordeniniň ikisi, “Hormat nyşany”, medallar bilen sylaglanyldy. M.W.Isakowskiý SSSRiň Döwlet baýragynyň laureatlygyna ik apar mynasyp boldy. Kitaplarynyň million-million ekzemplýar tiraž bilen çykarylmagy M.W.Isakowskiniň döredijiligine okyjylaryň ullakan söýgüsiniň bardygyna şaýatlyk edýär. M.W.Isakowskiniň poeziýasynyň ömri entreklerem uzalar gider. Görnükli sowet şahyry, ýalkymly kommunist, öz sosialistik Watanynyň watançysy M.W.Isakowskiniň röwşen ýadygärligi biziň ýüreklerimizde elmydama saklanar. L.I.Brežnew, W.W.Grişin, A.N.Kirilenko, A.N.Kosygin, F.D.Kulakow, N.W.Podgornyý, M.A.Suslow, P.I.Demiçew, M.S.Solomensew, Ý.A.Fursewa, W.F.Şauro, A.A.Ýepişew, Ý.M.Týaželnikow, W.N.Ýagodkin, K.A.Fedin, G.M.Markow, G.G.Abaşidze, N.P.Bažan, S.A.Baruzdin, P.P.Bosu, P.U.Browka, Ý.N.Werçenko, N.M.Gribaçýew, A.P.Keşokow, W.P.Kozaçenko, L.M.Leonow, M.K.Lukonin, S.W.Mihalkow, S.S.Narowçatow, Nury Zaki, W.M.Ozerow, R.I.Roždestwenskiý, S.W.Sartakow, K.M.Simonow, Ý.K.Smoliç, A.A.Surkow, M.Tank, N.S.Tihonow, M.Tursun-zade, A.B.Çakowskiý, O.N.Şestinskiý, M.A.Şolohow, B.M.Kerbabaýew, R.G.Gamzatow, E.B.Meželaýtis, M.A.Stelmah, S.P.Şipaçýew, A.A.Belýaýew, B.I.Stukalin, T.I.Hrennikow. “Edebiýat we sungat” gazeti, 25.07.1973 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |