02:01 Millilik, teatr, tomaşaçy | |
MILLILIK, TEATR, TOMAŞAÇY
Teatr we kino sungaty
Milli teatr sungaty hakda söhbet açanyňda hormatly Prezidentimiziň «Türkmen medeniýeti» atly kitabyndaky şeýle ajaýyp jümleler kalbyňa dolýar: «Ruhy medeniýet — halk aňyýetiniň ahlak bossanynda güllän köňül arzuw-hyýallaryny wysala ýetirýän egsilmez güýç». Gadymy halkymyzyň müdimi ruhy-edebi hazynasyndan süzülip alnan teatr eserleri teatr sahnasynda herekete geleninden soň, ol tomaşaçylaryň kalbynda öçmejek yz goýýar. Milli ruhy ahwallar bolsa täze, tämiz duýgulary oýarýar we her bir ynsanyň bu ugurdaky düşünjesini bir gez beýgeldýär. Arkadag Prezidentimiziň milli ýörelgelerden ugur alyp ýazan «Türkmen medeniýeti» atly kitabyny okanymyzda, milli teatr sungatymyzyň kökleri barada çuňňur pikir-oýlara çümýäris. Oguz-türkmenlerinde «Oguznamalaryň» döremegi bilen, diňe bir edebi-ýazuw mirasy däl-de, eýsem, teatr sungatynyň hem ilkibaşky görnüşleri peýda bolupdyr. Milli Liderimiz «Oguznamalara» ýokary baha berip, şeýle gymmatly paýhasy öňe sürýär: «Oguznama ýordumy — gadymy medeniýetleriň dörän sallançak ojagy bolan Türkmenistanyň hem-de dünýäniň taryhynyň bize nämälim bolan sahypalaryny açmakda, halkymyzyň gelip çykyşyny, etniki we taryhy bitewüligini, däp-dessurlaryny, medeni özboluşlyklaryny, türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan gymmatlyklaryny öwrenmekde, giň we çuň mazmunly edebi, ylmy, köpçülik, okuw-usuly neşirleri döretmekde gymmatly we ygtybarly çeşmedir». Şeýle dürdäne paýhasa eýerip, «Oguznamalaryň» sungatlyk güýjüni tapmaga çemeleşmeleriň özi seriňde teatr sungatynyň şol eserler esasynda ýüze çykanlygyna we il içine ýaýranlygyna bolan ynamy döredýär. Türkmen milli teatr sungatynyň gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan kökleri özüniň drama-hereket ediş usulyny we häsiýetini ýitirmän saklap, asyrlarboýy döredilen eserleriň süňňünde ýaşap geldi. Muny hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli opera sungatymyzda gaýtadan sahnalaşdyrylan «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra», «Ýusup-Züleýha», «Görogly» ýaly halk dessanlarymyzdyr şadessanlarymyz esasynda goýlan opera eserleri-de aýdyň subut edýär. Kökleri örän giň hem ýaýrawly bolan milli teatr sungatymyz hakynda gürrüň edere juda zat köp. Milli köklere daýanmak halkymyz üçin, ylaýta-da, ýaş nesiller üçin şu güni we geljegi seljermäge, buýsançly ýaşamaga uly ruhy hemaýat berýär. Şeýle belent buýsanjyň eýesi bolan bagtyýarlyk döwrümiziň ýaşlary diňe bir özboluşly milli ýörelgelerimizi öz häsiýetlerine siňdirmän, eýsem, olary beýik sungat derejesine götermäge-de jan-dilden ähmiýet berýärler. Biz munuň şeýledigini Türkmen döwlet medeniýet institutynda okap, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda öz zehinlerini synap görýän talyplaryň döredijilik ýolundan hem anyk bilýäris. Bu teatryň 2019-njy ýylyň 19-23-nji noýabry aralygynda Aşgabatda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly halkara festiwalynda «Leýli we Mejnun» dessany esasynda sahnalaşdyrylan pýesada görkezen täsin röwüşli keşpleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çünki millilige ýugrulan spektakl içki oýlanmalara, ynsanperwer duýgulara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Türkmen teatr sungatynda milli ýörelgelerimiz uzak ýyllaryň dowamynda toplanylan tejribeler esasynda bagtyýarlyk döwrümizde-de, döwrebap dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby ýurdumyzyň teatrlary üçin ugur alyş pähim ummany boldy. Kitabyň «Zeminiň abatlygy — ýaşaýşyň ebediligi» bölüminde pederlerimiziň tebigata bolan hoşgylaw gatnaşygy rowaýatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Şeýle rowaýatlara salgylanyp, ynsan hem tebigat sazlaşygy esasynda sahna eserini döredip bolar. Hormatly Prezidentimiziň öz kitabynda şöhlelendiren ýene bir milli ýörelgeleriniň biri ynsaplylykdyr. Bu hakdaky rowaýatlardyr tymsallar esasynda, olara döwrebaplyk çaýyp, bu temadan pýesa döredilse, nähili gowy bolardy. Çünki türkmençilikde ynsaby ýitirmek ynsanlygy ýitirmek bilen barabar hasaplanýar. Häzirki zaman dünýäsinde ynsaply bolmak iň uly baýlyk bolmak bilen, ol ruhy-ahlak taýdan iň möhüm çözgüt bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň kitabyndaky «Durmuş kadasy — paýhas pendi» atly bölümi-de özüniň möhümligi bilen teatr sahnasyna çykmaga mynasypdyr. Akyl-paýhasy öz wagtynda başarnykly ulanyp bilen adamyň işi şowlaýar we uly hormata eýe bolýar. Şeýle pendi-nesihatlary özünde jemleýän rowaýatlar hem tymsallar biziň durmuşdaky ruhy çelgimizdir. Şolar bilen aň tejribesini edinmek türkmen teatrynyň sahnasyndan paýhas-pähimiň sahylyk bilen eçilmegi durmuşda ugurtapyjylyk bilen birlikde, akylly-başly ýaşamaklygyň düzgün-kadasyny hem tomaşaçynyň süňňüne guýýar. Şeýle pähim-paýhasa eýerilip döredilen sahna eseri özüniň täzeçiligi bilen tapawutlanýar. Biz döredilýän keşbi Ýer ýüzünde ýaşaýan islendik adamyň ykrar etmek garaýşynda öwretmekligi esasy wezipe edip goýduk. Munuň özi türkmen ýörelgesiniň dünýäde ebedi ýaýrawynyň her bir öýe, her bir ýürege siňmek bilen, onuň milli teatr sahnamyzda jemlenen iň bir kämil ýaşaýyş-durmuş serişdesidiginiň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň teatr sungatymyza bagyş eden gadymy we müdimi milli ýörelgelerimiziň belent ruhy-çeper beýanyny döretmek wezipesi eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza dünýä hem adamzat rowaçlyklaryny getirmek ýolunda uly goşant bolar. Milli medeniýetimizi ösdürip, dünýä ýaýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Anna MELÄÝEW, Türkmenistanyň halk artisti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |