23:07 Miras / hekaýa | |
MIRAS
Hekaýalar
Hangeldi aga ömrüni bedewler bilen berk baglapdy. Onuň çagalygy-da, ýetginjekligi-de at üstünde geçipdi. Bu ýöne bir söz oýnatma däl, ol, hakykatdan-da, «Ýörjen-ýörjen bilen bir wagtda at münmäni öwrenen» diýilýänlerdendi. Sebäbi daýysy Işanguly seýis onuň Beýik Watançylyk urşuna gidip, dolanyp gelmedik kakasynyň ornunda durup, tälim-terbiýe beripdi. Kyn günde hossarlyk edipdi. Şeýdip, ol hem edil daýysy ýaly, ykbalyny bedewler bilen baglapdy. Ol durmuşynyň islendik menzilinde-de, başga bir kär barada pikirem etmändi. Iň esasy zat bolsa, onuň bedewlere bolan söýgüsi ýyl geldikçe güýjeýärdi. Şeýdip, ol daýysynyň yzyny eýerip, soň-soň uly bir athananyň baş seýsi boldy. Şägirtleriň giden bir toparyny ýetişdirdi. Indi ol öz ýetişdiren şägirtleriniň ýeten derejelerine, gazanýan üstünliklerine guwanyp ýör. Ýaşuly seýsiň bir üýtgeşik häsiýeti bardy — ol milli gymmatlyklarymyza degişli islendik zat bolaýsyn, üýtgeşik, gymmatbaha zat tapan ýaly, ony görenden işdämenlik bilen topulardy. Esasanam, haly önümleri ony öz erkine goýmazdy. Onuň üçin ullakan haly bolsun, kiçijek horjun bolsun, tapawudy ýok, esasy zat, köneden gürrüň berýän zat bolsa ýeterlikdi. Biriniň elinde görse, hökman onuň gelip çykyşy barada gyzyklanardy. Onuň öýi-de ululy-kiçili haly önümlerinden doludy. Olar barada sorasaň, Hangeldi aga heziller edinip, gyzykly wakalardan doly gürrüňine başlar. Olaryň köpüsini kimiň, haçan, nähili ýagdaýda dokandygyna çenli aýdyp bererdi. – Hangeldi, sen-ä seýis däl-de, halyçy bolmaly ekeniň – diýip, athananyň garawuly Şiri aga onuň gürrüňlerini diňläp, degişmä salyp aýdardy. Hangeldi aga-da sakgaldaşynyň aýdanlaryna göwün etjegem bolmaz. – Wah, bular ýaly gudraty öndürip biljegime göwnüm ýetse, şu wagtam ikirjiňlenmän, aljak elime keseri – diýip, garaçyny bilen janygar. – Hana, uly-uly suratkeşlerem haly dokaşyp ýörler-ä. Sungatyň ulus-a bi. Horjunmy – horjun, egnine atyp gidiberipdirler. Sered-ä şuňa, ýöne «horjun» diýip oňaýasyň gelýärmi?! Şuny göteren adam, telim wagtlap egninde ullakan bir sungaty göterendirinem öýden däldir. Umuman-a, Hangeldi aga gaty giň göwrümli adamdy. Seýislerem onuň halypaçylygy barada gürrüň edenlerinde, kän bir gaharlanyp ýa gatyrganyp ýörenini ýatlap bilmezler. Ata gezek gelende-hä, onuň dili hasam süýjärdi. Şonda onuň dilewarlyk ukyby öňe çykardy-da, bedewiň owadanlygy, häsiýetleri barada süýjüden-süýji sözleri, edil, şygyr düzen ýaly, yzly-yzyna setirläp ugrar. Bedewlerem, onuň aýdýanlaryna düşünýän ýaly, Hangeldi aga söze başladygy, edil çaga ýaly özlerini alyp baryşlaryny düýbünden üýtgederler. Muňa, dogrusy, seýislerem, çapyksuwarlaram geň galmazdylar. Iýminden ýüz öwrüp, hötjetlik edip duran bolaýsyn, aňyrdan Hangeldi aganyň gelýänine gözi düşen islendik ýaş oglan ondan hökman kömek sorar. Hangeldi aga ara düşensoňam, seýis bilen bedewiň arasynda sähelçe-de düşünişmezlik galmaz. Atam, hamana, ýaşulynyň gelerine garaşyp duran ýaly, edähedini üýtgeder goýberer. Bir gezek garaşylmadyk ýagdaý boldy. Oglanlaryň biri, tötänleýin bir gürrüňçilik sebäp boldy-da, öýlerinde köneden saklanyp gelýän attorba barada gürrüň etdi. Ýaňky oglanyň aýdanlary, Hangeldi agany düýbünden başga adama öwürdi oturyberdi. Ol ir döwürler ýurda belli seýisleriň neslindendi. Onuň gürrüňi hem şol döwürlerden galan attorba baradady. – Onsoň, näme etdiňiz siz ol attorbany? – diýip, Hangeldi aga ýaňky oglandan sorady. Şonda onuň sesi sandyrap giden ýaly boldy. – Aý, anyg-a bilemok welin, bir ýerlerde ýatyr öýdýän. Hangeldi aganyň gözleri tegelendi. – Öýdýäňmi ýa çynmy şol? Gulman seýisden galan attorbanyň sizde bolmalydygyndan habarym bar. Şony soraýynam diýip ýördüm-de, iliň gadyr edip saklap ýören zadyna nazar aýlamagy birhili gördüm-dä. Çarygeldi gürrüňiň duýdansyz öwrüm almagyna geň galyp, özüni aklajak boldy. – Aý, Hangeldi aga, şu gün öýe baramda, gönüläp sorap göräýmesem, şo barada pylan diýsem ýalançy men. Anyk bir zat aýtmaýyn-la. Köpden bäri görmämsoň aýdaýdym. Köne bolsa-da, halynyň gaty sünnälenip dokalany, bir wagtlar gözüň ýagyny iýip barýan zat bolany bildirýärdi. Ýöne, dogrudanam, gaty könelendi-laý ol. Hangeldi aganyň gözüni bir nokada dikip oturyşyny görüp, Çarygeldi oňa sowal berdi. – Sizem görensiňiz-ä ony, hä? Hangeldi aga ahmyr bilen başyny ýaýkady. – Wa-ah, belet-le men oňa. Gulman seýisden ýadygärlik hökmünde ony garry ataňam gaty arzylardy. Garry ataň Pälwan seýis urşa gidende, bolaýsa otuz-otuz bäş ýaşlaryndadyr-da. Onuň atyň üstünde başyny belent tutup barşy şu wagtam göz öňümde. Çagyryş haty gelenden, gyssagarada dokandyr-da, ol gidip barýarka, gelni, seň garry eneň Şajahan Gulman seýsiň attorbasyny aýryp, ýerine täzesini geýdiripdi. Elbetde, Pälwan seýsiň özi şeýtmegi tabşyrandyr-da. Ony şonda iň soňky gezek görşümiz bolan ekeni. Şol attorbany şondan soň diňe bir ýola – Şajahan eje hassa ýatyrka soramaga baranymda görüpdim. Attorba onuň gapdaljygynda ýatyrdy. Tä, sagbollaşyp gaýdýançamam, ol attorbany sypalady ýatdy. Şondan soň Hangeldi aga esli wagtlap sesini çykarman, oýa batyp oturdy. Diňläp oturanlaryňam ses ýarany bolmady. Hangeldi aga, ahyrsoňy uludan demini alyp, sözüni dowam etdirdi. – Ýaňky, meň gaharlananymy gaty görme, oglum. Ol attorba diňe bir Gulman seýisden däl, Pälwan seýisden ýadygärlik hökmünde-de bu obanyň adamlary üçin gymmatly. Özüme-de şeýle. Şonuň üçinem, ol barada ýakymsyz zat eşitmegim maňa gaty agyr degdi. Ýaşulynyň gürrüňiniň täsirinden çykyp bilmän oturan Çarygeldi ýene-de ýaňky aýdanlaryny gaýtalady. – Aý, Hangeldi aga, häzir baryp sorasam, bardyram-laý. Ýöne köpden bäri görmämsoň aýdaýdym men ony. – Ol bir pursat säginip, sözüni dowam etdi. – Wah, çykaýsa bolýa, men ony indi gözümiň göreji ýaly saklaryn. Hangeldi aga şol günüň ertesi, hemişekileri ýaly, athana ilden öň geldi. Gelendenem Çarygeldä garaşyp ugrady. Soň görüp otursa, Çarygeldä garaşýan diňe bir ol hem däl ekeni. Hangeldi aga bilen gelip salamlaşýanlaryň barysynyň ilkinji sowaly şol, Gulman seýsiň attorbasynyň tapylandygy-tapylmandygy barada boldy. Çarygeldiniň entek gelmändigini eşidibem, Hangeldi aga goşulyşyp, garaşmaklaryny dowam etdirdiler. Kimdir biriniň: «Bäh, ahyryn gelýär-ow» diýen sözleri hemmeleriň gözüni athananyň girelge tarapyna gönükdirdi. Aňyrdan ýylgyryp gelýän Çarygeldiniň elindäki zadyň nämedigini anyk saýgarmasalaram, şu obanyň uludan-kiçä ählisi üçin gymmatly baýlyk bolan köneje attorbanyň tapylandygyna athanadakylaryň ählisi göz ýetiripdi. Ogulbibi TUWAKBAÝEWA, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |