11:17 Mirdadyň kitaby | |
MIRDADYÑ KITABY
Edebi makalalar
Nuh pygamberiň gämisinde 8 sany adam halas bolupdyr. Ol adamlar Nuhyň özi we oň aýaly, Nuhuň 3 sany ogly we olaryň aýallary. Ana, şol Nuhuň 3 sany oglundan şu wagtky ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň bary ýaýranmyşyn. Ýöne "Mirdadyň kitaby" atly kitapda berilýän maglumada görä, Nuhyň gämisinde ýene-de bir adam halas bolupdyr. Dogrysy ol adamyň çyndanam adamdygy bir tüýsli şübheli. Nuh pygamber ölmezinden öň öz ogullarynyň birine wesýet edýär we "Kowçegiň" 9-njy ýolagçysy barada habar berýär: — Ol adam diňe meň gözüme görünýärdi we suwyň içinde maňa ýol görkezýärdi, — diýýär Nuh. Soň Nuh pygamber daglaryň biriniň çür depesinde "kowçegiň" kiçeldilen şekilni ýasamagy tabşyrýar we şol ýerde baky ody ýakmagy buýurýar. Adamlaryň bir mahallar ahyrzamandan gämä münip halas bolandyklaryny ýatladyp durar ýaly. Wagtyň geçmegi bilen Nuh pygamberiň neberesi ýer ýüzüne täzeden ýaýraýar. Nuhyň ölüminden soň bir näçe asyr geçýär. Nuhyň nebereleri aýdylany edip daglaryň birinde baky ody ýakýarlar we "kowçegiň" kiçeldilen görnüşini dikýärler. Şol kowçega seredäýän adamlaryň sany laýyk bellenen bolýar, olar 8 sany adam. Wagtyň geçmegi bilen şol adamlardan biri ýogalaýsa, oň ýerine şol gün hökman başga bir adam gelýän eken. Şeýdip dagyň depesindäki kowçekdaky adamlaryň sany mydama 8-ligine galýan eken. Ýöne günleriň bir güni bar zat üýtgeýär. Kowçegiň ýaşaýjylarynyň biri ýogalýar. Ony ýaranlary jaýlap-jaýlamakalar olaryň gapysynda bir gedaý peýda bolýar. Ol gedaýyň ady Mirdad. Gedaý kowçegiň baştutanynyň göwnüne şol bada ýaranok. Ýöne ony barybir 8-nji edip kabul etmeli bolýarlar. Has dogrysy ony hyzmatkär hökmünde kabul edýärler. Hyzmatkär bolsa kawçega aýagyny äden güninden başlap 7 ýyllap ýeke agyz söz gürlänok. Diňe ýedilenji ýyldan soň Mirdan agzyny açýar we diňleýänleri aňk edýär. "Mirdadyň kitaby" atly kitap şol kowçekda bolup geçen wakalar barada we Mirdad atly näbelli adamyň okuwlary barada gürrüň berýär. Mirdadyň sapaklary şeýle sözler bilen tamamlanýar: — Men Nuhy şeýle okadypdym, men sizi hem şeýle okadýan. Mirdadyň sapaklaryny oň iň ýaş okuwçysy ýazyp alypdyr we adamlara ýetiripdir. Awtoryň bellemegine görä Mirdad entek öziniň kimdigini adamzada tanadar. Mirdadyň özi bolsa adam sypatdaky Perişdäni ýadyňa salýar. Kitapda agzalýan pikirler hem adamzadyň aklyna gelip biljek pikirler däl. Şeýle pikirler diňe arşda bir ýerde döräp biler. Mukaddes kitaplar bilen çeper edebiýaty köp okaberseň, adamzat zehininiň çäklerine düşünip başlaýaň. Mysal üçin Kerimi Kurany okaňda, ol kitaby adamlaryň hiç wagt ýazyp bilmejegi görnip dur. "Mirdadyň kitaby" hem şoňa meňzeş bir zat. Mirdadyň agzan geçen pikirleri zeminde dörejek pikirler däl. Dogrymy aýtsam şol kitap bilen Kerimi Kuranyň arasynda meňzeşlik bar. Elbetde bu meň şahsy pikirim. Mirdadyň kitaby 35 sany bölümden durýar we her bir bölümde Mirdad belli bir sorag boýynça öz dünýä garaýşy bilen paýlaşýar. Oň aýdyp geçen zatlarynyň bary dogrymy aýtsam şu wagt meň ýadyma ýok, ýöne ýadyma düşenjelerini agzap geçjek bolaýyn: —Eger iki sany ýoluň başynda şübhelenip duran bolsaň. Ýollaryň haýsynyny saýlajagyňy bilmeseň. Islän ýolyňy ikirjeňlenmän saýlaber. Sebäbi Allany gözleýän ýürek üçin ýollaryň bary dogry. Haýsy ýolla öwrülseňem Allah seni dogry ugra çykarar. — Ýer ýüzündäki aýallaryň baryny söýmegi başarmasaň, sen söýgi barada hiç zat bileňok. — Ýekeje adamy duşman hasap edýän wagtyň, sende ýekejede dost bolup bilmez. — Ýola çykaňda ýanyň bilen hiç zat alma, sebäbi ýolagçyny ekläp bilmeýän ýoldan ýol bolmaz. — "Adamlaryň dogalaryndan Asmanlar ker açdy". Allahy öz dilegiň bilen howlukdyrma, Allah saňa nämäni haçan bermeldigini senden gowy bilýär. Sen ýatlatmasaňam Allah pasyllary öz wagtyndan çalşýar ahyryn? Seň nesibäňdäki zady hem saňa öz wagtynda berer. Eger Allahdan bir zat dilejek bolsaňyz diňe düşünje diläň. — Saňa tarap ymtylmaýan zady öz erkine goý, ony göýber. Goý ol zadyň özi geljegi gitsin we size özi garaşsyn. — Siziň emlägiňiziň bary siziňki däl. Size Allah emlägi wagytlaýynça aýawly saklamaga berdi. Emlägiň çyn eýesi gelende ony oňa gowşyryň. Öz nesibäňizdäki zady bolsa näçe isleseňizem hiç kime berip bilmersiňiz. — Bir adam gölejige seredip ony oglumyň toýunda soýup iýeris diýýär. Ikinji adam bilsa gölejige seredip onda süýtdeş doganlyk nyşanyny görýär. Säbäbi göle bilen adam şol bir sygryň süýdini içýärler. Netijede göläň etini ikinji adam dadýar. Birinji adam üçin bolsa göläniň eti zäher ýaly bolýar. — Eger durmyşyňda şu wagt paragatlyk bolsa, diýmek geçmişde bir ýerde gowy iş edip, parahatlyga mynasyp bolansyň. — Ölümden soň siz asmana göterlersiňiz. Asmanda sizden başga-da adam kän. Siziň Zemin planetaňyz öz maşgalasynda iň ýaş planeta. Ol entek adamzadyň örän köp neslini ýetişdirer. Meň agzap geçenlerim diňe meň ýadyma düşenjeleri. Ol kitapda bolsa başga-da gowy pikirler örän kän. Meň şahsy pikirime görä "Mirdadyň kitaby" diýip atlandyrylýan kitap Mukaddes kitaplaryň biriniň bir bölegimikä diýýän. Sebäbi Kerimi Kuranda Injil we Töwrat kitaplar barada şeýle diýilýär: — Biz size keramatly kitaplary ugratdyk, siz bolsa olaryň bir bölegini halka görkezdiňiz, başga bir bölegini bolsa gizlediňiz. Dogrudanam şu wagtky Injilde we Töwratda diňe taryha degişli bölümler bar. Adamlaryň ahlak we ruhy ýagdaýyna täsir etjek bölümler ol ýerde ýok. Olar ol ýerden bir mahal aýrylan. Ýene-de meň şahsy pikirime görä şol iki sany mukaddes kitapdan aýrylan bölekler hiç ýerik ýitip gitmedi. Ol bölekler öz başyna aýratyn kitap hökmünde ýaşap ýörler. Mysal üçin "Eklaziýast" diýen kitaby alalyň. Şol kitap Injiliň iň soňky bölegi diýip atlandyrylýar we Magtymguly Pyragynyň filosofiýasyny ýatladýar. "Mirdadyñ kitabyndaky" pikirler hem, Injil ýa-da Töwradyň adamlara görkezilmedik bölümlerinden ýygnalan kitap bolmagy ahtymal. Nähili bolanda-da "Mirdadyň kitaby" atly kitabyň zeminde döremedigine men-ä ynanýan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||