08:07 Mizan kyssasy | |
MIZAN KYSSASY
Edebi makalalar
Ýaşy sekizinji onluga ser uran Bazar Şalyýewiň öňden-de şineläp duran şahyrana kalby şanly Garaşsyzlygyň gazanylmagy bilen döredijilik galkynyşlaryna eýe boldy. Onuň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryna kalby joşup, uly ruhubelentlige ýeten agzybir halkymyzyň her günki gazanýan zähmet ýeňişlerini, baky Bitarap Diýarymyzyň ähli ulgamlarda eýeleýän belent derejelerini, dostluk-doganlygy, ertirki ýeňişlerimiziň hamyrmaýasy bolan medeni mirasymyzy wasp edýän şygyrlary döwürleýin neşirlerde – gazet-žurnallaryň sahypalarynda hasylly güýz kibi, goýalyşan aň-paýhasyň önümi – mizan kyssasy hökmünde yzygiderli çap edilýär. Jadyly poeziýanyň täsinliklerine içgin aralaşmagy, saýlanyp alnan temanyň onuň mazmuny bilen bap gelmegine, çeperçilik serişdeleriniň ýerlikli ulanylmagyna, sazlaşykly beýan edilmegine üns berýän Bazar Şalyýewiň şygyr düzülişiniň rubagy görnüşi bilen ýakyndan gyzyklanmagyna getirdi. Elbetde, bary-ýogy dört setirde oý-pikiriňi jemläp, maksadyňy aýan etmek çeper döredijilikde ussatlygy talap edýär. Şahyryň ýazýan rubagylarynda köp okamak bilen bu meselä jogapkärli çemeleşýändigini duýmak bolýar. Onuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden jenneti Diýarymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň waspyny ýetirýän buýsançly rubagylaryny okanymyzda-da göz ýetirýäris: Pyragy arzuwlan ajap çagym bar, Berkarar döwletim – barly bagym bar. Adyllykda özün dünýä tanadan, Gahryman, Mähriban Arkadagym bar. ýa-da: Ylym, bilim ösüp Watan özgerdi, Onuň çawy giň jahana ýaň berdi. “Türkmen Älem-52 E” hemramyz, Milli ruhum has belende göterdi. Dogrudan-da, bu rubagylarda Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletiniň binýadyny berkden tutmak bilen, ony Dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetiren Adyl Arkadagymyzyň pähim-paýhasy netijesinde gazanylýan belent sepgitlere bolan buýsanç duýgularyny görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň daşyna barha jebisleşýän merdana halkymyzyň ruhy göterilişi başdan geçirmek bilen nurana geljegimizi nazarlaýan ösüşli menzilleriniň rowaçlyklara beslenjekdigine bolan ynam duýulýar. Rubagylarda anyk delilnamalaryň ýerlikli getirilmegi bolsa diýýänlerimiziň şahyrana beýanydyr. Şahyryň dürli temada duş gelýän durmuş synaglary hakynda ýazylan çeper rubagylarynda ýaşlary kämillik ýolunda terbiýelemekde, olary maksada gönükdirmekde gojalaryň halallyk, arassa ahlak, belent adamkärçilik babatda paýhaseleginden geçen öwüt-ündewleriň, ýerlikli maslahatlaryň oňyn netijelerini görmek bolýar. Şu ýerde bu rubagylaryň şahyryň tebigata, adam häsiýetlerine, umuman, durmuşyň ähli ugurlaryna synçylygyndan döreýändigini-de bellemelidiris. Pederlere hormat başy edebiň, Işi şowlamaz hiç, özi gedemiň. Mydama ýoluňda bentdir, böwetdir, Ataňdan, eneňden gizlin edeniň. Ine, bu rubagyda perzendiň ata-enä uly hormat goýmalydygyny, islendik meselede maslahatsyz iş etmeli däldigi, olary nägile etmegiň öz durmuş ýoluňa böwet boljakdygy gönümel beýan edilse, aşakdaky rubagyda zähmet çekmegiň, der dökülip ýetilen gazanjyň hümmetlidigi nygtalýar: Zähmet çeken hözirini duýýandyr, Döken derne, herne hormat goýýandyr. Özi gazanmadyk gymmatyn bilmez, Gazananlar söýüp, aýap geýýändir. Bazar Şalyýewi Watan mukaddesligi, milletiň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň baş bolmagynda ýetilýän il bähbitli ajaýyp üstünlikler yzygiderli gyzyklandyrýar. Ol Diýarymyzyň nusgalyk durmuşyna: ylymda, bilimde, medeniýetde we sungatda, dünýäde iň bagtly ynsanlaryň ýaşaýan ýurdunyň raýatydygyna buýsanýar, olary öz rubagy bentlerinde beýan edýär. Döwrüň sesine ses goşmagy başarýan, Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň beren bagtyny kalp joşgunybilen ile ýetirýän, göreldeli zähmeti üçin Hormatly Arkadagymyzyň Şa serpaýyna – Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” atly medalyna mynasyp bolan şahyr Bazar Şalyýewiň bu rubagysy bolsa onuň okyjylarynyň öňünde özboluşly kasamy bolup ýaňlanýar: Durmuşda öz ornum, bolaýyn özüm, Her işde ygrarly, bir bolsun sözüm. Halallyk ömrüme ýaranym bolsun, Goý, bakyýetde-de gyzmasyn ýüzüm. Şahyryň rubagylary hakyndaky söhbetimizi dowam etdirmekden ötri, onuň döredijilik ussatlygyny tanadan “Ynam”, “Hasyl” ýygyndylarynyň dowamy bolan eliňizdäki rubagylar çemeniniň hem datly lezzetini datmagy talapkär okyjylaryň özüne goýýarys. Soltanýaz ŞAÝYMOW, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |