11:56 Dünýädäki geñ-tañlyklar / Ginnesiñ rekordlar kitabyndan | |
GINNESSIŇ REKORDLAR KITABYNDAN PARÇALAR
Geň-taňsy wakalar
Ginnessiň rekordlar kitabynyň ilkinji sany 1955-nji ýylyň başynda Ginnesiň neşirýatynyň direktory Hýu Biweriň (1890-1967-nji ýyllar) inisiatiwasy bilen çapdan çykarylýar. Okyjylara ýaýrandan soň, bu kitap olaryň iň bir gyzyklanyp okalýan kitabyna öwrülýär. Haýran galdyryjy maglumatlara gaýry döwletdäki okyjylar hem biperwaý garap bilmeýär. Birnäçe ne şirler ondan göçürip özlerinde çap edýärler. Bu kitap häzir dünýä dilleriniň otuz altysynda çap edilýär. Şolaryň hatarynda, rus dilinde-de okyjylara ýetirildi. Her bir okyjy ýaşyna, kärine, bilimine seretmezden bu kitapdan özüni gyzyklandyrypbiläýjek zady tapyp bilýär. Bizem bu kitapdan birnäçe parçalary siziň dykgatyňyza hödürlemegi makul bildik. IŇ UZYN ADAM Iň uzyn adam 1918-1940-njy ýyllarda ýaşap geçen amerikaly Robert Uodlou hasaplanylýar. Onuň boýunyň uzynlygy 272,034 santimetre, agramy 222,7 kilograma, geýýän aýakgabynyň uzynlygy 46,99 santimetre barabar bolupdyr. IŇ AGYR ADAM Iň agyr adam bolan Robert Erl Hýuz (1926-1958-nji ýyllar) Illinoýs ştatda dünýä inýär. Ol semrän wagtynda agramy 484,89 kilograma ýetipdir. Boýunyňuzynlygy 184 75 santimetr ekeni. IŇ INÇE BILLI Fransuz aktrisasy mademuazel Poler bilen iňlis Etel Grenderiň goýan rekordy hem ýakyn wagtlarda üýtgemese gerek. Olar billerine 33,02 santimetr uzynlygyndaky kemeri dakynypdyrlar. HER SÖZE 15 DOLLAR Zähmetine iň köp möçberde pul tölenilýän ýazyjy E.Hemingueý hasaplanylýar. «Sports Illýustreýted» žurnaly onuň öküzleriň söweşi baradaky makalasynyň her bir sözüne 15 dollar töläpdir. BARY-ÝOGY 50 SENT Iň az gazançly ýazyjy bolsa Uilýam Gold hasaplanylýar. 18 ýyllap işlän döwründe oňa bary-ýogy 50 sent möçberinde pul töläpdirler. IŇ UZYN POEMA Dünýäde iň uzyn poema hindileriň «Mahabharatasydyr». Ol biziň eramyzdan öňki 500-nji ýyldan tä biziň eramyzyň 150-nji ýylyna çenli döwürde ýazylan 220000 setiri (üç million söz) öz içine alýar. IŇ GADYMY GIMN Iň gadymy milli gimn ýaponlaryň «Kamigeýo» gimni hasaplanylýar. Ol şol bir wagtyň özünde iň gysga gimnleriň hatarynda-da tanalýar – onda bary-ýogy 4 setir bar... Bahreýniň gimninde hiç hili söz ýokdugyny belläp geçsek artykmaçlyk etmese gerek. IŇ GADYMY MUZEÝ Dünýäde iň gadymy muzeý Angliýanyň Oksford şäherindäki Aşmola muzeýidir. Bu muzeý 1679-njy ýylda gurlupdyr. IŇ ULY KARTINA Dünýäde iň uly kartina galereýasy Sankt-Peterburgyň Gyş köşgünde ýerleşýär. Onda 3000000-e golaý sungat we arheologik eserleri görkezilipdir. 904 ROMAN Roman ýazmakda ýazyjylaryň arasynda Günorta afrikaly Katlin Lindseýden (Meri Folkner, 1903-1973) öňe geçen ýokdur. Onuň 904 romany alty lakam bilen çap edilipdir. IŇ TIZ IŞLEÝÄN Erl Stenli Gardner (1889-1970) belli ýazyjylaryň arasynda iň tiz işleýäni hasaplanylýar. Ol bir günde 10 müň sözi diktowka edip, bir wagtyň özünde ýedi romanyň üstünde işlemegi başarypdyr. IŇ ÝAŞ ÝAZYJY Dört ýaşly Doroti Steýt ýaşy boýunça iň ýaş ýazyjy hasaplanylýar. Onuň «Parahatçylyk nähili başlandy?» atly romany 1962-nji ýylda Nýu-Ýorkyň «Panteon-Buks» neşirýatynda çapdan çykaryldy. KÖP ÇAGALY AÝAL Iň köp çaga dogurmak boýunça rekord Moskwa guberniýasynda ýaşap geçen daýhan aýaly Fedora Wasileta degişli. Ol XIX asyryň ortalarynda 69 çagany dünýä inderipdir. Olaryň 4 sanysy dördem, 7-si üçem, 16-sy ekiz bolupdyr. Bu hormatly hyzmaty üçin ony Aleksandr II ýörite öz kabulhanasynda kabul edipdir. KAKALARYŇ ŞASY Kakalaryň arasyndaky rekord Marokkonyň imperatory Ganojak ady bilen tanalýan Mulaý Ismaila (1672-27) degişli onuň çagalarynyň sany 888-e ýetipdir:548 oglan, 340 gyz. Ýöne olary näçe aýalyň dograndygy barada maglumat berilmändir. IŇ AGYR BEÝNI KIMIŇKIKÄ? Iň agyr beýni I.S.Turgenewiň beýnisi hasaplanýar. Adaty uly adamlaryň beýnisiniň agramy 1470 grama barabar bolýan bolsa, onuň beýnisiniň agramy 2011,676 grama deň ekeni. KIMIŇ SAÇY UZYN Saç ösdürmek boýunça hindi monastyrynyň ruhanysy Suamy Paizarasanadhinden öňe düşen tapylmasa gerek. Onuň saçynyň uzynlygy 792,48 santimetr ekeni. IŇ ÖNDÜMLI IŞLEÝÄN HUDOŽNIK Iň öndümli işleýän hudožnik Pablo Pikasso hasaplanylýar. Ol 78 ýylyň içinde 13500 kartinany we eskizi, 1000000 estampy we grawýurany, 340000 kitabyň suratyny, 300 skulptura we keramiki önümleri döredipdir. Onuň işleri 690000000 dollar möçberinde bahalanypdyr. 13 MINUTLAP SUWUŇ AŞAGYNDA Otuz iki ýaşly amerikaly Robert Foster özboluşly rekord goýmagyň hötdesinden geldi. Ol suwuň aşagynda 13 minut 42,5 sekuntlap dem alman durmagy başardy. Ýöne ol suwa girmezinden ozal 30 minutlap arassa howadan gowy dem almagy ýadyndan çykarmandyr. GYMMAT BAHALY IT Iti näçä satyn alyp alyp bolarka? It saklamak bilen meşgul bolýanlar gowy iti 300-400 (elbetde, öňki baha bilen) manada satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar. Ýöne 1972-nji ýylda bir iti 33 000 dollara sorapdyrlar. Ýöne, iki ýaşly itini onuň eýesi, welikobritaniýaly Ýudit Terlou ony satmakdan düýpgöter ýüz öwrüpdir. BIR ÇÜÝŞE ÇAKYRYŇ BAHASY NÄÇE? Çakyrlaryň dürli sortunyň bardygy belli. Ýöne iň gymmatbahaly çakyr diýlip «Şato Oson» hasaplanylýar.1900-nji ýylda Sent Emilson auksionda bu çakyryň bir çüýşesini satyn almakçy bolanda, ol 7920 dollara düşüpdir. «MEN KEÝPINE ÝAZMAGY GOWY GÖRÝÄN» Maşinkada ýazmagyň ýeňil iş däldigini köpler bilýän bolsa gerek. Eýsem, bu hemmeler üçin şeýlemikä?! Bu pikir bilen ABŞ-ly Marwa Drýu asla ylalaşmaz. Sebäbi ol 1968-nji ýyldan 1974-nji ýyla çenli, özüniň ýönekeý ýazuw maşinkasynda birden bir milliona çenli ähli sanlary ýazypdyr. Olary ýazmak üçin Marwa 2473 sahypa gerek bolupdyr. Näme üçin azap edip ony ýazandygyny soranlarynda ol, «Men maşinkada keýpine ýazmagy gowy görýärin» diýip jogap beripdir. OGŞAMAGYŇ ŞASY Amerikanyň Koliforniýa ştatynda ýaşaýan Rožer Gaý Ingliş «ogşamagyň şasy» hasaplanylýar. Ol sekiz sagadyň dowamynda 3000 gyzy ogşapdyr. Eýsem ol şunça ogşasy isläp ogşadymyka ýa-da halky haýran galdyrmak üçin. Ine, şu weli belli däl. SPORTUŇ TÄZE GÖRNÜŞI Iňlis Aleko Žier sportuň täze görnüşiniň başyny başlady. Ol 24 sagadyň dowamynda 93 kilometr aralygy yzlyn ýöräp geçdi. Bu waka 1974-nji ýylda bolup geçsede, onuň yzyny alyp göterenler bolmady. IŇ BOÝY KELTE ADAM Iň boýy kelte adam Polik Masters hasaplanylýar. Gollandiýaly bu gyz 1876-njy ýylyň 26-njy fewralynda dünýä inipdir. Onuň boýunyň uzynlygy doglan wagty 30 santimetr bolan bolsa 9 ýaşynda 55 santimetre, agramy bolsa bir ýarym kilograma ýetipdir. Ol 1895-nji ýylyň 1-nji martynda Nýu-ýorkda 19 ýaşynda öýken sowuklama we spirtli içgileri köp ulanandygy sebäpli ýüregi durup aradan çykanda, boýunyň uzynlygy 59 santimetre deň bolupdyr. Onuň agramy 3,4 kilogramdan 4 kilograma 74 çenli bolup döşüniň we biliniň göwrümi 47 bilen 48 santimetre barabar bolupdyr. UZYN BOÝLY ÄR-AÝAL Iň uzyn boýly är-aýalyň kimdigini bilmeklik hem gyzykly. Olar Kingstonana Gallaly Naýdžel Uilks (200,6 santimetr) we Bewerli Rassel (219,3 santimetr) hasaplanylýar. 1984-nji ýylyň 30-njy iýunynda durmuş toýlaryny tutanlarynda olaryň ikisi hem 21 ýaşynda ekeni. Olaryň ogly Daniel 1986-njy ýylyň 22-nji martynda dünýä inende, agramy 4,22 kilograma barabar bolupdyr. GYSGANÇLYK GOWULYGYŇ ALAMATY DÄL Gysgançlyk boýunça goýlan rekord hem köpler üçin gyzykly bolsa gerek. 95 million dollary bolan Genriýet ta Haulend Grin öz oglunyň aýagyny bejertmek üçin pul tölemäge «dözmän» mugtuna bejerilýän keselhanalary bir näçe wagtlap gözläp, azara galypdyr. Keselhana tapyp ýerleşdirýänçäler oglunyň aýagynyň ýarasy beterleşip, aýagyndan jyda düşmeli bolupdyr. 47:0 Sport söýüjileriň hokkeýde iň köp gol geçirmek boýunça haýsy komandanyň rekord goýandygyny bilmek höwesi bar bolsa gerek. Bu oýun boýunça rekord kanadalylara degişli. Olar 1947-nji ýylda Daniýanyň komandasy bilen bolan oýunda 47:0 hasapda utuş gazanypdyrlar. UZYN WE KELTE ADAM 1899-njy ýylda Awstriýada doglan Adam Raýneriň 21 ýaşy dolanda boýy 1 metr 18 santimetre barabar bolupdyr. Ol birdenkä şeýle bir ösmäge başlapdyr we 1931-nji ýyla çenli onuň boýunyň uzynlygy 218 santimetre ýetipdir. Ýöne şeýle tizlikde boýunyň ösmegi, ony galan ömrüni krowatda ýatyp geçirmäge mejbur edipdir. 1950-nji ýylyň 4-nji martynda ol bu dünýä bilen hoşlaşan wagty boýunyň uzynlygy 2 metr 34 santimetre ýeteneken. Bu adam iň uzynlaryň we iň gysgalaryň hataryna giren ýeke-täk adamdyr. ÝUMRUJYLAR Fil Milneriň ýolbaşçylygynda dzýudoçylaryň Halkara assosiasynyň on bäş- çleni Angliýanyň Ýorkşir şäherinde wiktorian döwründe salnan alty otagly jaýy kelleleri, aýaklary we ýalaňaç elleri bilen alty sagadyň dowamynda ýykypdyrlar. IŞSIZ REKORDSMEN Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda ýaşaýan Maýkl Zelens rekordlar kitabyna düşmek maksady bilen 1974-nji ýylyň 22-nji aprelinden tä 19-njy iýunyna çenli (57 gün, 20 sagat 53 minut) bagrýannik agajynyň üstünde oturypdy. ÖZBOLUŞLY REKORD Amerikaly Ronald Laýt hem özboluşly rekord goýupdyr. Ol 12 minudyň içinde 3 kilogram 629 gram morožnoýe iýipdir. ÝEDI MINUTDA 61 BLINÇIK Iýmek boýunça rekordlaryň ýene biri angliýaly Mark Mişoma degişli. Ol diametri 15,24 santimetr bolan 61 sany blinçigi ýag we sirop bilen ýedi minudyň içinde iýmegiň hötdesinden gelipdir. BAÝ AKTÝOR Aktýorlyk işi üçin iň köp möçberdäki pul Marlen Brando berlipdir. Ol «Krestnyý otes» filminde baş roly ýerine ýetirenligi üçin (tölän salgydyny hasaba almasaň) tegelek on million dollary alypdyr. IŇ KÖP HARPLY ELIPBIÝ Iň köp harply elipbiý Kambožanyň elipbiýi hasaplanylýar. Olaryň elipbiýinde jemi 72 harp bar. Iň az harply elipbiýi bolsa Ýuwaş okeanyňgünortasynda ýerleşýän Bugenwil adalarynyň merkezindäki halk ulanýar. Onda bary-ýogy 11 harp bar. ÖÝLENMEK BOÝUNÇA REKORDSMEN Öýlenmek boýunça rekord goýan Džeýms Greýdiniň rekordyny täzelejek adam ýakyn wagtlarda tapylmasa gerek. Ol öz aýaly Meri Greýd bilen 27 gezek aýrylyşyp durmuş toýuny tutupdyr. RUZWELD – REKORDSMEN Bir günüň dowamynda elleşip görüşmek boýunça rekord Amerikanyň prezidenti Teodor Ruzwelde degişli. Ol 1907-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Ak tamyň kabulhanasynda täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly gurnalan dabarada 8513 adam bilen elleşip salamlaşypdyr. Taýýarlan: Soltanýaz ŞAÝYMOW. # "Dünýädäki geñ-tañlyklar", 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |