11:30 Koreý hekaýatlary | |
KOREÝ HEKAÝATLARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
■ SAL-SAL EŞIKLI KIŞI Ençeme asyr mundan ozal Kenju şäherinde bir pespäl, päk niýetli adam ýaşapdyr. Bu pukara kişi mydama ýamaly, sal-sal eşik geýipdir. Şonuň üçin oňa çagalar-da: «Sal-sal eşikli kişi» diýipdirler. Ýöne ol özüniň pukaralygyndan, ýamaly eşikli gezýänliginden asla nalamandyr. Ol nirä gitse-de, komungosyny — alty tarly saz guralyny ýanyndan goýmandyr we baran ýerinde şol saz guraly bilen saz çalyp berip, köpçüligiň göwnüni awlapdyr. Onuň özi-de saz çalan wagty ähli gaýgy-gussasyny, aladasyny ýadyndan çykaryp, sazdan lezzet alypdyr. Täze ýylyň öňüsyrasynda hemmeler baýramçylyga taýýarlanyp başlapdyrlar. Her hojalykda tüwüden dürli tagamlar bişirilip başlanypdyr. Ol kişiniň aýaly bolsa öz öýlerinde baýramçylyk tagamyny taýýarlamaga zadyň ýokdugyndan nalapdyr. — Il-ä baýramçylyk bellejek bolup başagaý, kimler tüwi gaýnadýarlar, kimler tüwüden gutap bişirýärler, bizde bolsa tüwi-de ýok, başga nahar taýýarlara önümem. Biz nädip baýramçylyk belläris? Pukara kişi bolsa aýalynyň sowalyna göwnübir halda jogap gaýtarypdyr: — Giň bol, ýüregiňi eliňe alyberme, hemme zat gowulyk bolar. Gel, gowusy men saňa ajaýyp bir saz çalyp bereýin — diýipdir-de, komungosyny alyp, saz çalmaga başlapdyr. Yzly-yzyna çalynýan şirinden-şirin sazlar eşidenleri özüne kökeripdir. Onuň çalýan sazynda yzygiderli hereket edýän harazyň sesi ýaňlanypdyr. Sähel salymyň içinde onuň daş-töweregi adamdan dolupdyr. Saza teşne adamlar bolsa elleri boş gelmändirler, her haýsy taýýarlan dürli baýramçylyk naharyndan getiripdir. Şol kişiniň çalan sazy soň-soňlar «Panga Tareng», ýagny «Harazyň aýdymy» diýen at bilen halkyň arasyna ýaýrapdyr. Bu saz häli-häzirlerem ýerine ýetirilip gelinýär. ■ ÜÇ ÝYL DAGY WE GOJA Gadym döwürde dag etegindäki kiçijik obada Soý atly bir pukara goja ýaşapdyr. Bir gün ol daga odun ýygmaga gidipdir. Ol dagyň ady Üç ýyl diýlip atlandyrylypdyr. Ýerli ilatyň arasynda bu dagda ýykylan adam üç ýyldan uzak ýaşamaýarmyş diýen ynanç bar ekeni. Şol ynanç bilenem onuň ady Üç ýyl diýlip tutulypdyr. Şonuň üçin-de bu daga baranlar ýykylmajak bolup, örän seresap bolupdyrlar. Ýöne mydama ähli zat göwnüňdäki ýaly bolup durmy?! Soý hem odun ýygyp ýörkä, birden aýagy typyp ýykylypdyr. «Wah, şeýle bolaýmalymy?! Indi meniň ajalym golaýlaýdymyka?» diýip, agyr gussa batyp, zordan öýüne aşypdyr. Ýüzünde gan-pet galmadyk goja gözi düşen aýaly ondan näme bolandygyny sorapdyr. — Keýwany, men-ä Üç ýyl dagynda ýykyldym, indi ömrümiň soňky günlerini sanaýmaly bolaýdyk öýdýän. Eger göwnüňe degip ynjydan bolsam, günämi geçeweri! — Wah, men sensiz nädip ýaşarkam? — diýip, aýaly-da gözüni ýaşlapdyr. Soý aýalyna hiç zat diýmän, öz otagyna barypdyr-da, ýorgana girip, ýatmak bilen bolupdyr. Aýaly görgüli oňa nahar getirip berse-de, suw hödürlese-de, goja oňa tarap ýüzünem öwürmändir. — Meniň sanaýmaly wagtym galan bolsa, iýip-içip oturjak däl, gowusy seniň özüň gowy naharlan! — diýip, ol aýalyna ýüzlenipdir. Aýaly näme etjegini bilmän aljyrap, goňşularyna baryp, gojanyň ýagdaýyny mälim edipdir. Goňşulary-da onuň halyna gynanyp, näme kömek etjekdiklerini bilmändirler. Şol wagt öz işi bilen gümra bolup oturan Üşükli lakamly ýetginjek Tol To Pi oňa ýüzlenipdir. — Aý, ene, men Soý daýynyň ýanyna barsam bolarmy? Kimden dalda tapjagyny bilmän duran gojanyň aýaly gark bolup barýanyň ýapyşalga tapyşy ýaly bolup, göwünjeňlik bilen jogap beripdir: — Bolar, oglum, bolar. Ýör, ýanyna elteýin. Tol To Pi salam berip gapydan giripdir-de, gojanyň ýanynda dyzyny epipdir. — Soý daýy, siz Üç ýyl dagynda ýykylypsyňyz diýip eşitdim. — Hawa, ogul, men dagda, onda-da Üç ýyl dagynda ýykyldym — diýip, goja sussupes halda dillenipdir. — Men size nädip ajaldan sypyp bolýandygyny öwredeýinmi? Goja göýä el bilen galdyrylan ýaly, ýerinden laňňa galyp, oňa ýüzlenipdir: — Nädip? — Onuň çözgüdi örän ýönekeý. Siz ýene şol daga gitmeli. Onuň beren jogaby gojany gaharlandyrypdyr. — Sen näme meniň üstümden gülmek isleýäňmi?! Saňa utanç dälmi beýtmek?! — Soý daýy, gaharlanmaň! Ýöne meniň diýjeklerime gulak asyň! Il içinde: «Üç ýyl dagynda ýykylan kişi üç ýyldan uzak ýaşamaýar» diýen ynanç bar. Siz şol daga gidip, ýene bir gezek ýykylyň, alty ýyl bolar, soň ýene ýykylyň, dokuz ýyl bolar. Isleseňiz, on gezek ýykylyň, otuz ýyl bolar. Soňunam görüberersiňiz-dä! Üşükli lakamly ýetginjek şeý diýipdir-de, hoşlaşyp çykyp gaýdypdyr. Ol gidenden soň, göwnüçökgün goja içinden pikir edipdir: «Üşükliniň diýeni biçemem-ä däl. Şu bir zat tapaýýar-ow. Gel, onuň diýenini edip göreýin, şeýdenim bilen ýitirýän zadym-a ýok». Öz pikirine göwni galkynan goja daga tarap ýola düşüpdir. Dagyň belent gaýasyna galyp barýarka-da, büdräp ýykylypdyr. Ol aýagyndaky sähelçe yzany hem duýmandyr. Şol wagtam onuň gulagyna ses eşidilipdir. — Hak edýäň, goja. Bir gezek ýykylsaň, üç ýyl ýaşarsyň, on gezek ýykylsaň, otuz ýyl ýaşarsyň, ýüz gezek ýykylsaň, üç ýüz ýyl ýaşarsyň. Bu sese göwni göterilen goja ýene ýykylypdyr, soň ýene ýykylypdyr. Garaz, näçe gezek ýykylanynyň sanyny hem bilmän, ahyrsoňy öýüne tarap ýola düşüpdir. Ýolda gelýärkä-de, üç ýüz ýyl dagy ýaşamagym mümkin diýip, göwnühoş halda öýüne dolanypdyr. Aýdyşlaryna görä, şol goja uzak ömür sürüpdir. ■ ÇÖZGÜT Tokaýda ýaşaýan tilki bilen it bir bölek et tapypdyr. Tapanlar-a tapanlary, esasy zat şondan soň ýüze çykypdyr. Olar şol eti nädip paýlaşjagyny bilmändirler. Öz aralarynda dawalaşyp, bellibir karara gelip bilmänlerinden soň, olar möjege ýüz tutmagy makul bilipdirler. Ýanyna baryp, arzlaryny aýdanlarynda, möjek olary ünsli diňläpdir-de: — Muny siziň ikiňiz bilelikde tapanyňyz üçin, ikiňize-de deň-derman paýlamaly bolýarys — diýipdir. Ol göz çaky bilen eti iki bölege bölüp, hersini tereziniň bir tarapynda goýupdyr. Tereziniň bir tarapyndaky etiň beýlekisinden agyr gelendigini gören möjek ondan biraz dişläp alypdyr-da, täzeden terezä goýupdyr. Bu gezek beýleki tarapdaky et biraz agyr gelipdir. Möjek indi ol tarapdaky etden birazyny dişläp alypdyr-da, ýene terezä goýupdyr. Ondan soň tereziniň beýleki tarapyndaky et agyr gelipdir. Şeýdip, gezekli-gezegine birnäçe gezek dişläp alan möjek bar eti iýip gutarypdyr. It bilen tilki bolsa hiç zatsyz yzyna dolanmaly bolupdyrlar. Terjime eden Soltanýaz ŞAÝYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |