11:15 Miras ummanynyñ dürdäneleri | |
MIRAS UMMANYNYŇ DÜRDÄNELERI
Edebi makalalar
(DAŞOGUZ WELAÝATYNA DÖREDIJILIK SAPARYNDAN SOŇ SERE GELEN SETIRLER) Milli miras çäksiz umman. Hormatly Prezidentimiziň jaýdar belleýşi ýaly, «Biziň milli mirasymyza halkymyzyň milli buýsançlary, milli häsiýetleri, milli ynanç-ygtykatlary, mahlasy, türkmenleriň ruhy älemi siňipdir. Bu milli mirasyň gözbaşy dünýäniň dörän ilkinji gününden gözbaş alyp, XXI asyrda — türkmen halkynyň bagtyýarlyk eýýamynda öz ösüşiniň ýokary belentliklere ýetdi». Bu günki gün döwlet Baştutanymyzyň tagal- lasy netijesinde ýurdumyzda ata-babalarymyzdan gözbaş alyp aýdýan milli mirasymyzy, edebi gymmatlyklarymyzy öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Golaýda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden düzülen toparyň düzüminde milli mirasy, medeni gymmatlyklary öwrenmek maksady bilen Daşoguz welaýatynda saparda bolmak bize-de miýesser etdi. Şol saparyň dowamynda bu welaýatdaky senetkärleriň, mirasgärleriň birnä- çesine duşuşyp, söhbetdeş bolduk. Olar bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylara-da ýetirmegi makul bildik. ■ SARPALY SENEDIŇ EÝESI Daşoguz welaýaty diýlende ilki bilen 360 pire gujagyndan orun beren Köneürgenç hakydaňa dolýar. Bu welaýat agzalsa Aşyk Aýdyň pir ýadyňa düşýär. Elbetde, bu welaýatyň sungaty hakynda gürrüň edilse, ilki bilen dessançylar agzalýar. Elbetde, bu sanawy ýene-de uzaldyp bilerdik. «Welaýatymyza gelip, juwazda nädip ýag alynýandygyny görmän gitseňiz-ä bärden gaýtdygyňyz bolardy» diýip, mirasgär Şöhrat Abdyýew tekrarlady. «Başga welaýatlarda şeýle hünäriň eýeleri bar bolsa-da seýrekdir» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi. Şondan soň bu mirasgäriň teklibi bilen biz kö- neürgençli juwazçy Zafar Şamyradowlara sary ýola düşdük. Zafar juwazçylaryň neberesinden ekeni. Onuň kakasy Orazbaý-da, atasy Şamyrat hem bu seýrek hem sarpaly hünäriň eýesi bolupdyr. Zafar hem çagalygyndan bäri atasydyr kakasynyň juwazda ýag çykaryşyny görüp ulalan- soň onuň inçe tär-tilsimlerini gowy ele alypdyr. «Her işe, hünäre höwesiň bolmaly, oňa ýüregiň bilen ýapyşmaly. Menem bu käre çagalygymdan baş goşdum. Atam, kakam bu käri dowam etdirip, rysgal-bereket tapdylar. Olaryň yzyny dowam etdirmegi menem özüme borç hasapladym» diýip, Zafar ýüreginden syzdyryp aýtdy. «Juwazyň ýagyna isleg nähili?» diýip, biz gyzyklanyp soradyk. «Çykaryp bilseň bolany. Hyrydary ýeterlik» diýip, Zafar göwnühoş ýylgyrdy. Juwazdaky köpürjekläp duran ýaga gyzyklanma bilen äňedip durşumyza gözi düşen Zafar sözüni dowam etdirdi: — Bu ýaglary esasan künjüden alýarys. Künjiniň ýagy ýokumlylygy boýunça tapawutlanýar. Äwmezek bilen birsydyrgyn aýlanýan düýäniň herekete getirýän juwazynyň sesi enelerimiziň hüwdüsindäki şu setirleri hakydama doldurdy: Babajana-a bir kişi, Elinde demir çişi, Juwaz aýlap ýag alsa, Bolar jahyllar başy. Daşyndan seretseň ýönekeý abzal ýaly görünse-de, juwazlar öz döwrüniň kämil enjamy bolmak bilen dänesi ýagly ekinleri gaýtadan işlemekde uzak ýyllaryň dowamynda ulanyp gelnipdir. Kämil tehnologiýanyň ýüze çykmadyk wagtynda döredilen şeýle enjama haýran galýarsyň. — Juwazlar birnäçe ýyl ýaşan saraman, güjüm, çynar agaçlaryndan ýasalypdyr —diýip, mirasgär Şöhrat Abdyýew bize içgin düşündirmäge durdy — Juwaz ýasamak üçin bu agaçlaryň ýogynlygy pesinden tamdyr ýaly, köplenç ondan-da uluragy saýlanyp alnypdyr. Soňra şol agaçlaryň içi köwlüp, ondan juwazyň sokusy ýasalypdyr. Ondan hem başga, juwaz köp sanly enjamlardan ybarat bolupdyr. Ulanýan şol enjamlaryň köpüsi biziň dilimiziň milli baýlygy bolmak bilen soňky wagtda dilde ulanmak işjeňligini ýitireňkirledi. Şonuň üçin-de ýurdumyzyň çäginde işläp duran birlän-ikilän juwazlaryň enjamlaryny mirasgärler içgin öwrenýärýärler. Şu ýerde juwazlaryň şol enjamlary barada giňişleýin durup geçeýin. Juwazyň sokusy hakynda ýokarda aýdyp geçipdik. Juwazyň sokusynyň içinde aýlanyp duran agaç bölegi dagdan, tut, erik ýaly gaty agaçlardan ýasa-lyp, ol ok, juwazyň oky diýlip atlandyrylypdyr. Sokusynyň içinde okuň aýlanyp duran ýeriniň daşyna gaty agaçlardan tagta ýasalyp kakylypdyr. Şol tagta biçge diýlip atlandyrylypdyr. Juwazyň sokusyndan basyp durmak üçin ýaý şekilli agaç goýlup, onuň aşak bölegin- den baslyk diýilýän agyrlyk enjamy goý- lupdyr. Okuň ujundan basyp duran ýaý şekilli agaç bölegine kemança diýlipdir. Düýäniň boýnuna goýulýan enjamy ha- myt diýlip atlandyrylypdyr. Düýe bilen juwazyň başlaryny birleşdirýän agaja bolsa pälwan agaç diýlipdir. Juwazyň okuny aýlamak üçin düýä dakylýan agaç bar, ol arş diýlip atlandyrylypdyr. Juwazyň sokusynyň düýbünde ýygnalýan ýag bölegi aýlanyp duran juwazyň okunyň gyzgynyna bişýär. Şol ýaga tahýa ýagy diýlipdir. Onuň şeýle atlandyrylmagynyň sebäbi ýagyň juwazyň düýbündäki tahýa şekilli çukurjagynda emele gelýändigi bilen baglanyşyklydyr. Ýag taýýar bolandan soňra ony almak üçin juwazyň okuny juwazyň sokusyndan çykarmaly bolar. Ony çykarmak üçin ýörite ulanylýan enjam haçja diýlip atlandyrylypdyr. Düýe yzygiderli aýlanyp dursa başy aýlanjak. Şonuň üçin-de adatça düýäniň gözi daňlypdyr. Daňmak üçin ulanylan gaýyşdan, matadan ýa-da deriden taýýarlanýan zada tomaga ýa-da gözlük diýlipdir. Bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz künji, zygyr, zeýtun ýaglaryny berhizlik hem-de dermanlyk hökmünde hem giňden ulanypdyrlar. Mirasgär Şöhrat Abdyýewiň gürrüňi bize juwaz hakynda takyk, anyk we giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik döretdi. Juwazlar geçmişiň gymmatly mirasydyr. Olar häzirki döwrümizde seýregräk ulanylýan-da bolsalar, juwazyň düzüm birlikleriniň atlarynyň işjeňligi peselen-de bolsa ol sözler milli dilimiziň geçmişdäki gorunyň düzüm bölegidir. Şonuň üçin- de olary geljek nesliň hem bilmegi üçin biziň aladalanmagymyz zerur. ■ AK JÖWENIŇ EŞRETI Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Meret ÝAGŞYÝEWIŇ jöwenler hakyndaky beren gürrüňi bizi özüne kökerdi. Ol: «Nusgawy şahyrymyz Mahmyt Gaýybynyň ХVIII asyrda «başynda selleýi sopynema men» diýip tarypyny ýetiren ak jöweni biziň döwrümiziňem arzyly ekinleriniň biri» diýip, göýä okuwça düşündirýän kimin jöwenler hakynda giňişleýin gürrüň bermäge durdy. — Bu birýyllyk däneli ösümligiň boýy 1,5 -2 metr töwereklerine çenli ýetýär. Jöweniň ujy çowlanyp, ýokarlygyna tarap ösýän inli ýapraklary bardyr. Jöweniň ak togalajyk däneleri bolup, ol onuň uç tarapynda topbak bolup kemala gelýär. Ýapraklary bilen baldaklary gara mal üçin ýokumly ot bolup hyzmat edýär. Mal semretmek, öý guşlaryny bakmak üçin dänesiniň ýokumy juda ýokarydyr. Jöweniň gaty baş, mäthaýyr, ýasmyk, garajöwen, gyzyljöwen diýen görnüşleri bar. Gatybaş bilen mäthaýyr baş çykaranda gaňrak şekilli baş emele getirýärler. Ýasmyk dänäni-de, başy-da ýasyrak görnüşde emele getirýär. Gara-jöwen bilen gyzyljöwen dikligine ösüp baş ýa- saýarlar, olaryň dänesi diňe iri şahly we maýda mallara iým üçin ulanylýar. Gaty- baş bilen mäthäýyryň çöregi, ýasmygyň kürtügi tagamly bolýar. Ak jöwenden biziň sebitimizde dürli lezzetli tagamlar taýýarlanylýar. Meret aganyň şol lezzetli tagamlaryň taýýarlanyşy baradaky jikme-jik gürrüňini diňleýärkäk, göýä özümiz-de oňa gatnaşýan ýaly duýgyny başdan geçirdik. Şonuň üçin-de ony size-de ýetirmegi makul bildik. ■ ETLI KÖJE Ilki köjä salynjak jöwen arassalanar ýaly hemem gabygy çalt artylar ýaly suw bilen ýuwulýar. Soňra sokuda döwlüp, ýele sowrup arassalanýar. Sogany, käşiri, eti bölek-bölek edip dograp, gazana salyp gowurmyşlamaly. Etiň bişer möhleti golaýlansoň suw guýup, jöweni gazana atyp, kadaly ýanýan otda bişirmeli. Nahara duz jöwen börtensoň atylýar. Kähalatlarda et kemsiz bişensoň, çykaryp sowadyp goýup, jöweni çorbada bişirilip alynýan pursatlary hem bolýar. Tagam taýýar bolansoň et bilen jöwen garylan görnüşde saçaga äberilýär. Jöwenden ýarma hem bişirilýär. Munuň üçin jöweni ýargyjakdan geçirip ýarmaly. Soňra iýmäge taýýar bolýança kada laýyk bişirmeli. Bu nahar jöwen köjesi däl-de, jöwen ýarmasy bolýar. Bu babatda halk arasynda dörän: «Parh bilmeze ýarma-da bir, köje-de» diýen nakyl hem şaýatlyk edýär. ■ ÇALLY KÖJE Edil etli köjede bolşy ýaly, ýuwlup, döwlüp gabykdan arassalanan jöweni suwda kadaly ýanýan otda bişirmeli. Nahara duz jöwen börtensoň atylýar. Nahar taýýar bolansoň sowadyp goýmaly. Soňra ony çaldyr çekize, gatyk goşup içibermeli. Çally köje howanyň aşa yssy günlerinde gün urmakdan, suwsamakdan, ajykmakdan goraýar. Şonuň üçin bu tagamy sowadyjyda saklap güne çykyljak pursatynda peýdalanmak maksada laýykdyr. ■ ZAGARA Ilki jöwen ununy elemeli. Elenen uny gaýnan suwa garyp az-kem bugdaý un goşup ýugurmaly. Muňa hamyrturşy hem goşulýar. Hamyra bişen käşir, kädi, süýt, mesge ýaly önümleri goşsaň has hem tagamly bolýar. Taýýar hamyry aldyrmak üçin basyryp goýmaly. Ha- myr kemsiz alansoň kiçeňräk böleklere bölüp, tamdyra çörek ýapylyşy ýaly edip ýapmaly. Her zagaranyň ululygy kiçeňräk köke ýaly bolmalydyr. Bu söz demirgazyk ýomut, ata, saryk ärsary, gepleşiklerinde «Zagara» görnüşinde aýdylýar. Zagara häzirki günlerde hem hormatly myhmanlara hödürlenýän milli tagamlaryň biri hasaplanýar. Zagaranyň käbir şiwelerde «Tötek» görnüşinde aýdylyşyna hem duş gel- mek bolýar. Tötek tamdyrda bişirilmän, gazanyň düýbüne gyzzyrmaç şekilinde ýapylyp bişirilýär. Tötegiň iki tarapy hem gazanda daglanylýar. Tötegiň ýene bir aýratynlygy, oňa bugdaý ununyň goşulmaýanlygydyr. Ony mekgejöwen unundan hem bişirýärler. ■ ÝEGESI Jöwen unundan el bilen garyp suwugrak garyndy taýýarlap gyzan gazana guýmaly. Gazandaky hamyryň üsti ýetirilip un sepilip, susak bilen yzygiderli bulanylyp durulýar. Aram-aram az-kem suw guýup, tä bişýänçä bulamaly.Tagam bişende goýalýar. Bişip tabaga äbermeli bolanda saryýag, toşap bilen hödürlense onuň lezzeti şonça artar. Ýegesi ajykdyrmaýanlygy, ýüregiňde durumlylygy bilen hem tapawutlanýar. Bu tagamy gatykdyr çal bilen iýseň has-da lezzetli bolýar. Yzygiderli bulanylyp bişirilýänligi üçin oňa demirgazyk ýomut gepleşiginde «Gatybulamak» hem diýilýär. ■ JÖWEN KÜRTÜK Gerek bolan möçbere görä, eti bö- leklere bölüp, gazanda gaýnadyp bişirmeli. Jöwen ununy gaýnan suw bilen kersende garyşdyrmaly. Oňa tutnukly bolar ýaly az-kem bugdaý ununy go- şup ýugurmaly. Taýýar bolan hamyry el bilen ýukaldyp, ýaýratmaly. Bişen eti gazandan çykaryp almaly-da, hamyry el bilen tegelek böleklere bölüp, çorba atyp, nahar taýýar bolýança gaýnatmaly. Sogany, duzy, gök ot-çöpi ýerli-ýerinde ulanylanda jöwen kürtügiň, onuň çorba- synyň jana lezzeti başgaça bolýar. ■ ÇARWALARYŇ GYRKYMÇYLYK DÄPLERI Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 59-njy orta mekdebiniň mugallymy Täçdurdy Kerimow hem nesilden-nesle geçip gelýän mirasymyzy, milli senetkärligi öwrenmäge, aýdylyşy ýaly, ilden alyp, ýene ile hödürlemäge höwesekleriň biri. Onuň çarwalaryň däp-dessury, goýunlary gyrkmagyň inçe tär-tilsimleri hakyndaky gürrüňi islendik kişiniň-de ünsüni özüne çekýär. Şonuň üçin-de onuň hem gyzykly, hem täsirli gürrüňini okyjylara ýetirmegi makul bildik. «Goýun maly tutuş ýylyň dowamynda iki gezek gyrkylýar. Olar ýazky we güýzki gyrkymlardyr» diýip, Täçdurdy göýä agyr sürüdäki goýunlary birme-bir gyrkyma taýýarlaýan ýaly söze başlady. — «Ýazyna ýala, güýzüne çala» diýen pähime gulluk eden çarwalar ýaz gyrkymyny gyrkanlarynda örän arassalap, goýnuň garnynyň aşagyndaky ýüňüne hem gyrkýarlar. Sebäbi ýazyna sakyrtga we beýleki zyýanly mör-möjekler köp bolansoň goýunlaryň endamyna gurt düşmek ähtimallygy az bolmaýar. Örän eserdeňlik bilen gyrkylan dowarlaryň süňňi ýeňleýär, işdäsi açylýar. Şonuň üçin çopanlar «Goýun ýaz gyr- kymyndan soň semrär» diýip, ýönelige aýtmandyrlar. Ildeşlerimiziň her bir zada ýagşy niýet bilen başlaýyşlary ýaly, çopanlar-da: «Gyrkym gyrkjak» diýmän, «Gyrkym saljak» diýip, sähetli günde gyrkyma başlapdyrlar. Goýun gyrkymynyň üstüne gelen adam «Gyrkym köpelsin!» diýip, howlukmajam bolsa, güýlengi duran goýunlardan bir-de ýarymyny gyrkyp gidýär. Oturanlar hem gelen adama: «Aýdanyň gelsin» diýip jogap berýärler. Güýz gyrkymynda bolsa gyşyň uzakda däldigi nazarda tutulyp, goýnuň aşagyndan sowuk geçmesin diýen niýet bilen onuň garnynyň aşagyndaky ýüňi alynmaýar. Çopanlar goýunlary gowşak daňsaň halamaýarlar. «Gowşak daňlan goýun ýanbaşyndan kem tapar» diýip ýönelige aýdylmaýar. Şeýle-de: «Goýny güýleg ýüp bilen ursaň sürüniň bitewüligine zyýan ýeter» diýen ynanja uýýan çarwalar bu hereketi örän erbet görýärler. Pederlerimiziň her bir işe örän jogapkärli we eserdeň çemeleşişleri ýaly, çopanlar-da goýun gyrkylanda onuň ýokary hilliligi bilen birlikde gelşikli bolmagyny-da ünsden düşürmändirler. Bötendagly Abdy aga: «Gyrkymda goýun malynyň boýny bilen guýruk tarapyny arassa gyrksaňyz owadan hem gelşikli görkezer» diýip, gyrkymçylara maslahat berýär. Sürüdäki goýunlar gyrkylyp bolnansoň «baýady» diýilýär, çünki ata-babalarymyz hiç haçan ýokluk sözi ulanmagy unamandyrlar. Gyrkyma kömege çagyrylsa adatça oňa boş barylmaýar. Kömege baran kişiniň tamdyrda bişirilen gyzgynja çörek ýa-da ýüzüne şeker sepilen gat- lama eltmegi asylly däp hasap edilýär. Saçak yzyna gaýtarylanda ýany bilen ýüň berlipdir. Gyrkymdan baýadylan sürüni agyldan çykarmaly bolanda bir okara şere- be edilip, ilki oňa eller ýuwulýar. Soňra bolsa bu suw ýaralara tenekar, dertlerine derman bolsun diýen yrym-ynanç bilen dowarlaryň üstüne sepilýär. Çarwalaryň bu gyrkymçylyk däpleri şu günlerde hem dowam etdirilýär. Ata-babalarymyz «Barylmadyk ilde eşidilmedik gep bar» diýip hak aýdypdyrlar. Halkyň arasyna çyk- saň entek eşidilmedik hekaýatlardyr rowaýatlary, senetkärligiň dürli däp- dessurlary, yrym-ynançlary baradaky täsirli we gyzykly gürrüňleri eşitmek bolýar. Medeniýetiň hak Howandary hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle parasatly jümleler bar: «Eger bakylygyň göwher gaşyny, müňýyllyklara barýan ýoly sorasalar, men onuň MEDENIÝETDIGINI hiç hili oýlanman aýdardym. Diňe medeniýetiň emri bilen daş düre, ruh bakylyga öwrülýändir». Hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen nygtaýan daşy düre, ruhy bakylyga öwürýän medeniýetiň bir ülşi bolan milli mirasymyz tutuş milletimiziň mertebesi, dürdäneler ummanydyr. Soltanýaz ŞAÝYMOW, «Garagum» žurnalynyñ baş redaktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |