20:19 Mirasyñ muşdagy | |
MIRASYÑ MUŞDAGY
Edebi makalalar
Ykbalyny topraga baglan daýhan ekin-dikine ideg etmegiň tilsimlerini öwrenmegiň yşkyndadyr. Eline taýak alyp, mal yzyna düşen çopan-da mallaryň hüý-häsiýetini gowy bilip, olaryň sagdyn, sökelsizligini gazanmagyň aladasyndadyr. Agaçdyr demir ussalarynyň işine esewan etseň, dürli iş gurallary bilen ýokary hilli önüm ýasamagyň tärini ele almak üçin tejribe toplap ýörendir. Garaz, islendik kärdäkiler hem öz käriniň ussady bolmagyň aladasynda. Emma mirasgär welin, göýä guwwaslaryň suwuň jümmüşinden dür gözleýşi kimin, ähli käriň tär-tislimlerini-de, olarda ulanylýan iş gurallarynyň atlaryny hem bilmegiň aladasy bilen ýaşaýar. Bizem Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanymyzda dörän ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp, mirasgär, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şöhrat Abdyýew bilen duşuşdyk. Hal- ahwal soraşanymyzdan soň meniň oňa ilkinji sowalymam miras hakda boldy. — Her halkyňam milli mirasy, edebi gymmatlyklary bar, ýöne türkmeniňki biz üçin has gymmatly, şonuň üçin-de ol gyzykly hem özboluşly — diýip, ol söze başlady. — Aslynda, gaýry ýurtlular ata-babalarymyzyň ýaşaýşy-durmuşy, gylyk-häsiýeti bilen içgin gyzyklananda türkmeniň käbir özboluşly häsiýeti barada täsin galmak bilen ýazgy galdyrypdyrlar. Men size halkyň hakydasyndaky bir wakany gürrüň bereýin. Ir zamanlarda bir takwa täjir Bagdada baranda şol ýerdäki tanyşlarynyň biri özüniň Ürgençdäki tanyşlarynyň birine şol täjirden salam ýollapdyr. Täjir onuň salamyny aýdan adamyna gowşurmaga boýun bolup Ürgenje gaýdypdyr. Näçe gün ýol söküp, ençe obadyr şäherleri aşyp Ürgenje gelipdir. Täjir boýun alan salamyny gowşuraýyn diýip, salam iberilen adamyň öýüne barsa, ol kişi eýýäm amanadyny tabşyryp, bakyýete göç eden ekeni. Sermisal bolan täjir öýüne gelip, ýene-de gyssagly ýol şaýyny tutmaga başlapdyr. — Geleniň ýaňy ahyryn. Harytlaryňy doly ýerläp ýetişmänkäň indi nirä ýola şaýlanjak bolýaň? – diýip, ondan sorapdyrlar. Onuň jogaby nagt bolupdyr: — Boýnumda karz salam bardy. Gelsem, salam iberilen kişi ýogalan ekeni. Indem boýnumda karz galmaz ýaly, iberen kişä salamyny yzyna gowşurmasam bolmaz. Ine, türkmeniň beren sözüne jogapkärli çemeleşişine, sözüne ygrarlylygyna güwä geçýän ýekeje mysal. Türkmen halkynyň gadymylygy kimin onuň dili-de gadymy hem sözleriň many öwüşginine baý. Beýleki dillerde bir söz bilen aňladylýan düşünje türkmen dilinde sähel tapawudyna laýyklykda dürlüçe atlandyrylýandygyna ençeme mysallar bar. Ine, bir mysaly aýdaýyn: haýwanlaryň arkasynda goýulýan enjam bar-a, ana şonuň her haýwana niýetleneni bir hili atlandyrylýar. Meselem, aty münmek üçin arkasyna goýulýana eýer, düýäniňkä hatap, eşegiňkä gaňňa, araba goşulýan malyňka araba eýer diýilýär. Söz bujagyny çözlän mirasgäriň gürrüňlerini gulaga öwrülip diňläp durşuma Kerim şahyryň belli «Taýmaz baba» poemasyndaky: Aýlansaň-da oba, oba Taýmaz ýaly bälçik baba, Tapaýmarsyň, tapaýmarsyň. Bir otursaň gapdalyňda Aňsat-aňsat gopaýmarsyň — diýen setirleriň mende hut şu mirasgäre aýdylan ýaly pikiri döretdi. Islendik zat sakadan gözbaş alýar. Şöhrat Abdyýewiň hem mirasgärlige imrikmegine sebäp bolan zat Köneürgençdäki taryhy ýadygärliklere barandaky waka bolupdyr. Ol etrap gazetinde işe başlan ilkinji günlerinde Köneürgençdäki taryhy ýadygärliklere zyýarata barypdyr. Şonda bir goja daşyndakylara Köneürgençdäki ýadygärlikler baradaky rowaýatlardan bilýänlerini gürrüň berip duran ekeni. Şonda Şöhrat Abdyýew-de hem öz babasynyň Minara, Törebeg hanym, Tekeş barada aýdyp beren rowaýatlaryny toplap, çap etdirmek pikiri döräpdir. Şeýdibem Köneürgenç baradaky rowaýatlary toplap başlapdyr. Şol jemlenen rowaýatlary hem «Köneürgenç rowaýatlary» ady bilen özbaşyna kitap edip çykardypdyr. Kitap okyjylarda gyzgyn seslenme döredip, ýurdumyzyň dürli künjeginden hatlar gelip başlapdyr. Olaryň arasynda belli mirasgär Ümür Eseniň iberen haty-da bar ekeni. Ümür aga hatynda: «Sogap iş edipsiň, dowam ediber» diýip, onuň berekellasyny ýetiripdir. Şeýdibem mirasgärligiň ummanyna aralaşyp başlapdyr. Okyjylar Şöhrat Abdyýewiň soňky wagtda türkmen dilinde seýrek ulanylýan, manysy ýatdan çykyberen sözler dogrusynda köp çykyş edýändiginden habarlydyrlar, çünki ol gazet-žurnallarda yzygiderli çykyş edýär. Şöhrat Abdyýew göýä Taýmaz baba meňzäp, gulaga öwrülip diňleýänimize göz ýetirip, sözüni dowam etdirdi: — Milli mirasymyzyň ähli ugurlary bilen gyzyklanýan. Meni takyrlarda gazylýan ýertamdyram, garpyzyň ýandaga sapylyşam, düme ekilýän şalam, şaly üwelýän depme-de gyzyklandyrýar. Se- bäbi olaryň hemmesem toplanylmaly, öwrenilmeli, ýurdumyzyň geljekki eýe- leri bolmaly ýaşlara-da ýetirilmeli miras. Irkiräk döwürlerde Ümür aga gazetde gawun atlarynyň uzyn sanawyny beripdir. Şonda Ümür aganyň sanawyna şekerpara hem-de igdeýaprak diýen gawunlaryň atlary alynman galypdyr. Men Ümür aga şolary aýdyp hat ýazdym. Gawunyň ýagşysy şekerparadyr Ýigidiň ýagşysy aşykaradyr — diýen halk döredijilik setirleriniň hem bardygyny ýatlatdym. Soň Ümür aga käbir sözleriň ýerli şiwelerde atlandyrylyşy bilen gyzyklanyp, olary anyklap bermegi haýyş etdi. Şeýdibem türkmen dilindäki söz manylaryny öwrenmek hem hemişelik pişäme öwrüldi. Ýokary okuw mekdebinde iňlis, fransuz, arap, pars dilleri boýunça başlangyç düşünje almagym öz ene dilimiziň aýratynlyklaryna has içgin göz ýetirmegime sebäp boldy. Türkmen dilini ortahal öwrenip, onuň many çuňluklaryna aralaşmak mümkin däl. Sebäbi biziň dilimiz köki uzak asyrlara uzap gidýän gadymy dil bolmak bilen sözlük gory juda baý. Türkmen diliniň beýleki dillerden tapawutlanýan aýratynlyklary hem juda köp. Men mirasgäriň sözüni bölüp, öňräk onuň metbugatda ýagal ýüň hakynda düşündirişli çykyşyny okanymy ýatlatdym. Mallaryň ýüňleriniň arasynda baýzy, ýolma, ütme ýüňleriň bolýandygyny eşitsemem, ýagal ýüň hakynda şol çykyş arkaly düşündiriş alandygymy aýtdym. — Hawa, menem ýagal ýüňüň diňe düýelerde bolýandygyny, ak öýleriň gamşynyň daşyndan tutulýan golaňlaryň Güne, ýele çydamly bolmagy üçin onuň geçi çöpüri bilen ýagal ýüň goşulyp dokalýandygyny bu ugurdan iş salyşýanlardan sorap anykladym. Ýagal ýüň diňe düýäniň iki gerşinde, örküjinde bitýän gataňsy ýüň bolansoň, ol köplenç ak öýlere golaň dokalanda hem-de ýüp işilende ulanylypdyr. Bu ýüňi çäkmen dokaýanlar hem ulanypdyrlar. Çäkmen dokaljak ýüň ilki gyldalyp, gara reňkli gataňsy ýaňal ýüňler ýekänmi-ýekän aýrylypdyr we ýagal ýüňler-ä golaňdyr ýüp üçin alnypdyr, ýumşak ýüňler hem çäkmen dokamak üçin saýlanyp alnypdyr. Mirasgäriň äkiden söz mülküne gaýybana syýahat edip ýörşüme onuň biziň dilimiziň sözlük gorunyň juda baýdygyny, beýleki dillerden tapawutlanýan aýratynlyklarynyň hem juda köpdügini belländigini ýatlatdym. Mirasa, ulanyşdan galan sözlere degişli sowallara häli-şindi jogap bermeli bolýan mirasgär meniň göwnümdäkini gözümden okaýdy öýdýän. Ol myssa ýylymsyrady-da, özüme ýüzlendi: — Dilimiziň baý gorunyň bardygyna-da, beýleki dillerden tapawutlanýan aýratynlyklaryna-da näçe diýseň mysal ýeterlik. Ine, at münende ulanylýan gamçyny-ha bilýänsiňiz. Ýöne eşege, düýä gamçy ulanylanok. Eşek münülende ulanylýan şallak, düýe üçin ulanylýanyna toýry diýilýär. Sebäbi hatabyň üstünde oturyp, gamçy bilen düýäni gamçylamak kyn, şonuň üçinem düýe üçin has uzyn gamçy — toýry ulanylýar. «Halwany hekim iýer, şallagy ýetim» diýip, eşek sürülýän şallak dogrusynda nakylda hem ýatlanylýar. Ýa-da bizde her bir haýwany kowmak, suwa, iýme, ota çagyrmak üçin ulanylýan aýratyn söz bar. Mysal üçin ite «jit» diýsek, pişige «piş», towuga «tok» diýýäris. Şeýle mysallary näçe artdyrsaň artdyrybermeli. Türkmen diliniň ýene bir aýratynlygyny ýörite belläp geçmek gerek. Türkmen dilinde iki gürleşip oturan adamdan başga kişi düşünmez ýaly, aýlawly, göçme manyda gürleşilýän ýagdaýlar hem bar. Bu usula käte guş dili hem diýilýär. Muňa Keýmir kör bilen Nedir şanyň gürleşişi mysal bolup biler. Ol: «Obaň nirededir?» diýip soranda: «Hatap galada» diýip jogap berýär. «Hatap gala diýeniň nirede bolýar?» diýen soraga bolsa: «Şeýtan galanyň guk ýanynda» diýip jogap berýär. Dilimize mahsus şeýle aýratynlyga mysallary başga-da näçe diýseň mysallary getirmek mümkin. Guş dilinde gürleşmek adatça patyşalara, alymlara, parasatly kişilere mahsus bolupdyr. Bu dilde her bir ýönekeý adam düşünişip bilmändir. Guş diliniň alamatlary biziň döwrümizde hem saklanyp galypdyr. Bir ýumşa iberilen adam gaýdyp gelen- de: «Nätdiň, bitirip bildiňmi?» diýmän «Gurtmysyň, tilki?» diýilýändir. Diliň çuňluklaryna aralaşdygyňsaýy dilimiziň gözellikleri, many ulgamyndaky öwüşginler şonça-da haýran galdyrýar. Magtymguluda: «Özi gaýyp zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam» diýen setir bar. Goşgudaky ýelda sözüniň manysy ünsümi çekdi. Görüp otursak, ýelda sözi her ýylyň 21-nji dekabryndan 22-nji dekabra geçilýän gijäni, ýagny iň uzyn gijäni aňladýan ekeni. Şoňa düşünenimden soňra akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň meňzetmesine ýene-de bir gezek haýran galdym. Akyldar şahyr magşugyň zülpüniň uzynlygyny ýelda gijesine meňzedýär. Ýeldadan başga-da, mizan gijesi sentýabr aýynyň 22-sine geçilýän gije bolup, şol günde gije bilen gündiziň güýzdäki deňleşmesiniň bolýandygyny köpler bilýändir. Garrawja gije bolsa her ýylyň 17-nji sentýabryna gabat gelip, şol gije köplenç howa bulaşyp başlaýar, kä ýyllarda ekinleri sowuk urýar. Şular ýaly hüýt, ülker diýlip atlandyrylan günleriň, gijeleriň bardygyny okyjylarymyz bilýändir. Miras toplamagy pişe edinseň, diňe bir söz manylary däl, başga-da ençeme gyzykly zatlaryň üstünden barýan eke- niň. Bir gezek şähere gatnap işleýän dostumyň öýüne bardym. Ol öýünde ekeni. — Näme bu gün işe gitmedinmi? — diýip soradym. — Gitjekdim-le. Ýöne lebzime daňylyp otyryn. Sen lebziňe daňylmak baradaky hekaýaty eşidensiň?! — diýip sorady. Şeýdibem «Lebzime daňylyp otyryn» atly hekaýany tapdym. Mary welaýatynda saparda bolanymda myhmançylykda wagtymyz orta bir çäýnek çaý getirildi. Oturanlaryň biri: — Çaýy ýedi şertinem berjaý edip demlänsiň-dä? – diýdi. Şol gezek Körmollanyň ady bilen aýdylýan gök çaýy demlemegiň ýedi şertini ýazyp aldym. Umuman, şunuň ýaly halk mirasy il içinde kän. Mirasyň muşdagynda gürrüň kän. Gürrüňlerini diňläp oturyşyma özümde dörän pikir bilen oňa ýüzlendim. «Nakyllaram toplaýanyňyzdan habarymyz bar. Olarda-da gadymy sözler köp saklanyp galypdyr». Şöhrat Abdyýew näme diýjek bolýanyma bada-bat düşündi. Ol dilde işjeňligini ýitirip, ulanyşdan galan sözleriň nakyllarda, halk döredijilik eserlerinde, çeper edebiýatda, alkyşlarda, dileglerde, meňzetmelerde saklanyp galandygyny tekrarlady. Diliň taryhyny öwrenmek- de olaryň bahasyz çeşmedigini nygtap, «Kündük bahasyny ybryk biler», «Il aglak bolsa doňuz depä çykar», «Parhyny bilmeze zagara-da bir, tötegem» ýaly nakyllardaky ybryk, aglak, tötek sözleriň häzirki ýaşlar üçin düşnüksiz bolmagynyň mümkindigini belledi. Soňam: Kejebäniň ýelesin, Ýel göterer ýar ýar. Atan ölüp bi ýatyr, Atam ölüp bi ýatyr — diýen halk döredijilik eserindäki ýele, atan sözleri hem şeýle sözlerdigini mysal getirdi-de sözüni dowam etdirdi: — Dilimizde ulanyşdan galan toýnuk, hatap sözleri «Toýnuk gurap durna geçdi», «Agzyny hatap ýaly açdy» kimin meňzetmelerde ulanylýar. «At arkasy gutly bolsun!», «Gazygynda garrasyn» kimin jümlelerem şeýle. Nakyllar hakynda gürrüň edenimize görä, olar bilen bagly dilimiziň ýene-de bir aýratynlygy öz ýüzüni görkezýär. Biziň nakyllarymyz şeýle bir gysby aýdylan welin türkmen dilini suwara bilýän adam hem türkmen durmuşynyň çuňluklaryna belet bolmasa, ol nakyllaryň manysyna düşünip bilmän galýar. Mysal üçin «Ýazy ýala, güýzi çala», «Ýa kömründen, ýa demrinden» nakyllarda gürrüňiniň näme hakynda barýanyna düşünmeseň, birbada manysyny tirmek kyn. Şonuň üçinem manysy içinde gizlenip ýatan nakyllara käte düşündiriş bermek zerurlygy ýüze çykýar. Ýa-da käbir aýtgylaryň aňyrsynda haýsydyr bir hekaýat ýa-da rowaýat ýatyr. Muňa «Buz üstünde tozan arama», «Geçme namart köprüsinden», «Aýy dostlugy» ýaly aýtgylary mysal getirmek bolar. «Gazygynda garrasyn!», «Çöregiň bitin bolsun!», «Aýagyňa ýörmek çolaşsyn!» ýaly alkyşlaryň aňyrsynda bolsa türkmen edim-gylymlary ýatyr. Täze gelin öýe gelende: «Gazygynda garrasyn!» diýlip dileg edilýär. Bu dileg halk arasyndaky gadymy yrym bilen bagly. Ýagny öňler ýurdumyzyň käbir ýerlerinde gelinalyjylar gyz çykýan öýden yrym edip taýak alyp gaýdyp, ony gelniň düş- ýän işiginde: «Gelnimiziň agasy gelende atyny daňar» diýip kakar ekenler. Şu yrymdan habarsyz bolsaň «Gazygynda garrasyn!» dilegi manysyz ýa gödeklenç eşidilýär. Mirasgär Şöhrat Abdyýew bilen gürrüňdeşligimiz uzaga çekdi. Ýöne näçe uzaga çekse-de ol ýadatman, mirasyň ummanyna has çuňňur aralaşdyk. Mirasgäriň gürrüňini diňledigiňçe ol seni özüne örkleýärdi. Men şeýle mirasgärleriň bardygyna çyn ýüregimden buýsandym. Onuň özüne-de halk mirasyny toplamak ýaly sogaply işinde üstünlik arzuw edip hoşlaşdyk. Eger siziňem ýoluňyz gadymy Daşoguz iline düşse, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýaşaýan mirasgär Şöhrat Abdyýewe duşuşmaga wagt tapyň! Şonda sizem kän-kän gyzykly hem täsirli gürrüňleri diňläp bilersiňiz! Soltanýaz ŞAÝYMOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |