10:50 Dünýädäki geñ-tañlyklar | |
ASMANDA TUTULAN TOÝ
Geň-taňsy wakalar
Çehoslowakiýanyň awia ýollarynyň taryhynda ilkinji gezek Pragadan Ispaniýanyň Malorka adasyndaky Palma şäherine barýan samolýotyň bortunda toý tutuldy. Bu ýerde är-aýallyk barada iki jübüt ylalaşyga geldi. Milan Zelinka, Waslaw Modelskiý, Ýana Blajkowa we Renita Dworžakowa dagy «Kristal tur» diýen firmanyň arada durmagy bilen özleriniň zähmet rugsady döwründe Malorka barýarkalar «IL-62» samolýotynyň palubasyna öýlenjek ýigitler we gelinlikler hökmünde aýak basdylar, samolýotdan çykanlarynda bolsa är-aýallar bolup çykdylar. Öýlenýänleriň toýy Monblanyň asmanynyň on müň kilometrlik belentliginde tutulan hem bolsa, edil ýerde bolýan toýlardaky ýaly, ähli däp-dessurlar berjaý edildi. Toý dabaraly bolup, nika ýüzük geýdirmek, ogşaşmak we sowgat gowşurmak ýaly dessurlar berjaý edildi. ÇILIMKEŞLIGIŇ GARŞYSYNA Fransiýanyň «Fabr» derman öndürýän firmasy çilimkeşlere ýaramsyz endiklerden el çekmeklerine mümkinçilik berýän usuly oýlap tapdylar. Çilimkeşligiň garşysyna göreşmek boýunça serişde burç çalnan kagyzy (meýdany 20 kwadrat santimetr we ondanam az bolan) ýadyňa salýar. Oňa nikatin çalnyp, adamyň endamyna ýelmenilýär. Kagyzdaky awy bir gije-gündiziň dowamynda çilim çekýäniň tenine siňýär. Netijede çilimkeşiň ýaramaz endigi – sigaret sormaga bolan höwes ýok edilýär. Eger-de ol muňa çydam edip bilmese we çilim çekse, onda ol özüni edil iki guty ajy sigareti birbada çeken ýaly duýýar. Bejeriş möhleti alty aýa niýetlenendir. Ýelmenýän kagyzlaryň möçberi her gezek öňkä garanyňda kiçi bolmalydyr. Bejerişiň bahasy çilime edilýän harajada deň bolýar. Çünki gündeki ýelmenýän kagyzyň gymmaty bir guty sigaretiň bahasyna deňdir. ÝALANÇYLARYŇ KONKURSY Şeýle konkursy geçirmek özüniň gözbaşyny uzaklar dan alyp gaýdýar. Baryp XVIII asyryň başynda kiçijik Monkrabo diýen obajykda hekaýatçylaryň jemgyýeti döredilipdir. Onuň agzalary bir ýere ýygnanyşyp, gyş aýlarynyň uzak gijelerini gysgaltmak niýeti bilen bir birlerine gyzykly hekaýatlar aýdyp beripdirler. Frans Press agentliginiň degişme bilen belleýşi ýaly, ýalan bütin Monkraboda uly abraýa eýe bolupdyr. Hekaýatçylaryň döreden jemgyýeti soňra akademiýa öwrülýär. Bu ýerde ýalançylar diňe bir Fransiýanyň özünde däl, eýsem beýleki ýerlerde-de meşhurlyk gazanypdyr. Häzirki wagtda bolsa «ýalançylaryň şasy» diýen ady almak üçin bäsdeşlige beýleki ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşýarlar. 1990-njy ýylda bu bäsdeşlikde belgiýaly Marsel Merse ýeňiş gazandy. Žýuriniň agzalarynyň bäsleşýänler üçin ses berşi-de beýlekileriňki ýaly däl. Onuň her bir agzasy ol ýa-da beýleki çykyş edýän üçin ýörite gaba duz taşlaýar. Bäsdeşlikde kimiň ýeňiji bolandygy şol duzuň agramy bilen ölçenilýär. 1991-nji ýylda geçirilen bäsdeşlikde O.Bune üçin 1,4 kilogram duz taşlanypdyr. Ikinji ýere mynasyp bolan üçin bolsa, onuňka seredeniňde 200 gram duz az taşlanypdyr. ÝAGYŞ GEREKMI, BAŞ ÜSTÜNE! Merkezi AfrIkanyŇ Bamberi şäherinde 49 ýaşly Niono Ataşe diýen adam ýaşaýar. Ol ilat arasynda ýagyş ýagdyryjy lakamy bilen tanalýar. Ähli ýerde bolşy ýaly, onuň ýaşaýan ýerinde-de mydama ýagyş ýagyp duranok. Ýöne N.Ataşe zerurlygy çykan wagty ýagyş ýagdyrmagy başarýar. Eger ýagşyň ýagmagy zyýanly wagtynda bolsa ol bulutlary ýagyş ýagdyrman dargadyp goýberýär. Onuň hiç hili dogadyr beýleki zatlary okamaýandygyny aýdýarlar. Ýagyş ýagdyrjak wagtynda N.Ataşe açyk asmana ep-esli wagtlap seredip durýarmyş. Ýöne şol bir wagtyň özünde ol wagtal-wagtal kellesini iki tarapa öwürýän ekeni. Aradan 30-40 minut çemesi wagt geçenden soň ýagyş ýagmaga başlaýan ekeni. OGURLYGYŇ GARŞYSYNA DÖREDILEN ENJAM Braziliýanyň Itabuna diýen şäheriniň täzeje «Honda» maşyny ogurlan ýaşaýjysy Iýeronimus Garsianyň begenji çäksizdi. Sebäbi alyp barýan maşynynyň ýöreýşinde kemi ýokdy, onuň ýangyjy ýeterlikdi. Emma... Ilkinji togtan ýerinde oňa maşyndan çykmak başartmady. Sebäbi onuň gapylary açylmady, gulplary hem pugta ýapylypdy. Onuň aýnasyny döwüp çykmaga eden synanyşygy hem şowsuz tamamlandy, maşynyň berk aýnasy döwüler ýaly däldi. Elinde hiç hili gerekli zadyň bolmanlygy sebäpli ol bialaç maşynyň içinde oturmaly boldy. Awtomaşyndaky habar beriji radio maşynyň ogurlananlygy we nirede ýerleşýändigi barada habar berendigi üçin polisiýa Garsiany tiz tapdy. Oturdylan ol sistema maşyna keseki adam münende gapylaryny berk ýapyp, degişli ýerine signal berýän ekeni. Ogurlygyň öňüni almak maksady bilen maşynlara oturdylan täze sistema şeýle ygtybarly bolup çykdy. ÇALT ÝÖREÝÄN ADAM Norwegiýaly Erens Menseni dünýä boýunça iň çalt ýöreýän adam diýip berk we ynamly aýdyp boljak. Oňa müňkür boljak kişilere bary-ýogy iki maglumaty habar bersek ýeterlikmikä diýýäris. Ine olar: ol on dört günde Parižden Moskwa çenli aralygy pyýada ýöräp geçdi. Stambuldan Kalkutta çenli baryp we ondan yzyna gaýtmak üçin (8856 kilometrlik ýol) oňa bary-ýogy elli dokuz gün gerek boldy. DIŞE DEREKDIŞ Rod Aýlanda diýen şäherde ýaşaýan amerikaly Saýmon Leksington agyrýan dişini gopartmak maksady bilen diş wraçyna ýüz tutdy. Emma diş wraçy onuň agyrýan dişini däl-de, sagdyn dişini goparan bolsa nätjek. S.Leksington diş wraçynyň işine başdansowma çemeleşenligi üçin ony suda berdi. S.Leksington onuň garşysyna 1859-njy ýylda kabul edilen we häzirki wagtda-da hereket edýän kanun esasynda çäre görülmegini talap etdi. Şol kanun esasynda bolsa kesel dişe derek sagdyn dişi goparandygy üçin wraçyň hem dişiniň goparylmaly dygy göz öňüne tutulýar. KITAP OKDAN GORAÝJY Kwebek uniwersitetiniň studenti Iw Loran uniwersitetiň kitaphanasynyň okyjylar zalynda işleýärdi. Ol kitaplara gyzyklanmak bilen daş-töweregindäki bolup geçýän zatlara ünsem bermeýärdi. Onuň özüniň aýtmagy na görä, birdenkä-de ýüregi howlap başlaýar. Ol kitapdan ünsüni sowup, başyny galdyrýar. Şol wagt hem Iw özüne çenelip duran sapançany görýär. Ol aňk-taňk bolýar. Emma Iw çaltlyk bilen özüni ele alýar we kitabyny ýüzüne tutýar. Edil şoňa garaşyp duran ýaly, yzly-yzyna sapançadan ok atylýar. Ýöne Iwiň hudaý diýen ýeri bar ekeni, XX asyrda neşir edilen galyň kitap studenti atylan okdan goraýar. Ok atan näkes bolsa şol ýerde ele salnypdyr. GEPLEÝÄN PITI Ýaponiýanyň firmalarynyň biri «gepleýän» önümleri öndürip başlady. Bu ýerde gürrüň çylşyrymly bolmadyk elektron enjam oturdylan piti we gazanjyk barada barýar. Haçanda pitidäki suw gaýnap başlanda, piti adamyň sesi bilen (elbetde, öndürýänler ýaponlylar bolanlygy sebäpli olar häzirlikçe diňe ýapon dilinde «gürleýärler») «Hanym, suw gaýnady» diýip, ýuwaşjadan habar berýär.Egerde öý bikesi oňa gulak gabartmasa ýa-da eşitmese, onda ol sözler batly ses bilen gaýtalanýar. Eger şonda-da öý bikesi oňa parhsyz bolsa, onda pitidäki suw dökülip başlaýar. Şol bir wagtyň özünde-de sirenanyň batly signaly ýaňlanýar, Täze gaba ilat arasynda uly isleg bildirilýändigini gürrüň berýärler. AÝNA IÝMELIMI ÝA-DA ÇÖREK?! Angliýanyň Solsberi şäheriniň ýaşaýjysy Pol Greýin üýtgeşik adam hökmünde tanalýar. Onuň beýlekilerden tapawudy – seýrek duş gelýän güýmenjesi bar. P.Greýin aýnany we aýnadan edilen önümleri gemirýär we çeýneýär. Ol häzir ýigrimi üç ýaşynda, bu başarnyga eýe bolýança oňa birnäçe ýyllaryň gerek bolandygyny ýatlap geçmegimiz gerek. HAÝWANLARYŇ ŞEKILI PULLARDA Gadymy zamanlardaky pullaryň ýüzünde haýwanlaryň dürli görnüşleri şekillendirilipdir. Olara mysal edip şulary görkezmek mümkin: Karfagen şäheriniň biziň eramyzdan ozalky 410-510-njy ýyllarynda ulanylan puluň ýüzünde ýyndam aziýa atynyň, Frakidäki Enos şäheriniň biziň eramyzdan ozalky 400-450-nji ýyllara degişli pulunda mäkiýanyň şekili çekilipdir. Biziň döwrümizde-de käbir ýurtlaryň pullarynda haýwanlar şekillendirilipdir. Meselem, Awstraliýanyň pulunda kenguriniň, Liberiýanyň pulunda piliň, Merkezi Afrika ýurtlarynyň franklarynda antilopyň, Folklend adalarynyň pullarynda iki sany pingwiniň şekili çekilipdir. Mundan başga-da käbir ýurtlaryň pullarynda bürgüdiň, hat-da iki kelleli bürgüdiň hem şekillendirilen halatlary-da duş gelýär. KIM ÇALT GEPLEÝÄR Lingwistleriň geçiren barlaglaryna görä, orta hasapdan minutda 350 bogun aýdýan fransuzlar hemmelerden çalt gepleýän halkdyr. Olaryň yz ýanyndan ýaponlar bar ýar, olar bolsa her minutda 310 bogun aýdyp bilýärler. Lingwistleriň bu barlagy ýene bir zada göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Iňlis dilinde gepleýän amerikanlaryň we iňlisleriň gepleşik dilinde käbir aýry-aýry sözler ýa-da söz düzümleri bolaýmasa başga tapawut ýok. Ýöne olaryň gepleýişleriniň intensiwligi welin, başga hili bolup çykdy. Iňlisler minutda ortaça 220 bogun aýdýarlar, amerikanlylar bolsa her minutda 175 bogun aýdýarlar. DEŇIZ AŞAGYNDAN ÖTÜK 1968-nji ýylda gurlup başlanan Seýkan ötügi Honsýu we Hokkaýde diýen ýapon adalaryny demir ýoly bilen birleşdirer. Ol 53,85 kilometr aralyga uzalyp gider we häzire çenli gurlan ötükleriň arasynda iň uly ötük bolar. 1980-nji ýylyň tomsunda ýapon gurluşykçylary ötügiň içini timarlamak işine başladylar. Onuň diwarlary polat we beton «lybaslaryny geýerler». Ýönewelin ötügiň ulanylmaga beriljek gutarnykly möhletini spesialistler häzirlikçe aýtmakdan saklanýarlar. UGURTAPYJY «ÝIGIT» Öz ýaşynyň birçene barandygyna seretmezden, Müsüriň paýtagtynyň ýetmiş ýaşly ýaşaýjysy örän hilegärlik edipdir. Ol ikinji gezek öýlenmegi, onda-da özünden elli ýaş kiçi gyza öýlenmegi ýüregine düwüpdir. Toý üçin ediljek çykdajylary hem ilkinji aýalynyň hasabyna tölemegiň pikirini edipdir. Ol öýlenjek zenanyna ikinji gezek toý edýändigini aýtmandyr. Ugurtapyjy garry birinji aýalyna uky dermanyny köp mukdarda bermek bilen onuň zatlaryny ogurlapdyr. Ondan alan altyn gulakhalkalaryny, bileziklerini, gymmat bahaly monjuklaryny, kümüş zatlaryny golaýdaky zergäre satypdyr. Ondan gelen girdejä bolsa uly toý tutupdyr. Ýöne welin «täze çatynjalar» ilkinji aýlaryny şadyhorramlykda geçirmäge ýetişmändirler. Şäheriň renimasion bölüminde özüne gelen zenan zatlarynyň ogurla nandygyny polisiýa habar beripdir. SÖÝGI IŞI ÇALTLANDYRDY Fransiýanyň Passeýn şäherinde XVII asyrda bina edilen owadan we belent gala turistleriň köp gelip gidýänýerleriniň biri. Ony 1576-njy ýylda ýerli ýaşaýjy Arman de Madeýan 35 günüň dowamynda bina edipdir. Onuň bu galany şeýle gysga wagtda bina etmeginiň üýtgeşik sebäbi bar: Armanyň gelinligi oňa haçan köşk gurup berse, şonda durmuşa çykjakdygyny aýdypdyr. Armanam ony uzak eglendirmän gysga wagtda ýerine ýetiripdir. HALASGÄR Kuk aýlagynda gämi heläkçiliginden soňra suwda galan iki zenan tötänden halas boldy. Aýallar brokonerler tarapyndan atylyp öldürilen kitiň üstüne münüp, oňa sanjylan garpundan we onuň ýüpünden ýapyşyp oturypdyrlar. Kitiň üstünde 130 kilometr aralygy ýüzenlerinden soňra deňiz tolkunlary jansyz kiti janly- jandaryň ýaşamaýan adasyna çykaryp taşlapdyr. Ol ýerden bolsa betbagtçylyga uçran aýallary ötegçi gämi bortunda alyp gaýdypdyr. Olar çig, onda-da öz halasgärleri bolan kitiň etini iýip ölmän galypdyrlar. TÄSIN TEBIP Hytaýyň Kubeý welaýatyndan bolan Go Çžuan obada mugallym bolup işleýär. Ýöne ol öz ugrundan, ýagny pedagogikadan däl-de, ýaralary bejermekdäki başarjaňlygy bilen tanalýar. Ýakynda Go Çžuany gijäniň ýarymynda turuzdylar. Bir daýhan adam tüpeňiň okundan ýaralanypdyr. Mugallym ol ýaralynyň ýanyna gelip, onuň bilen oturanlaryň ählisine jaýdan çykmaklygy teklip edipdir. Soňra ýaralynyň ýanyna baryp, ýaralanan ýerine elini goýup, oňa ünsli garap başlapdyr. Aradan takmynan üç sagada golaý wagt geçenden soňra, ýaradan gan akmasy kesilipdir. Alty sagatdan soň bolsa ýara ýuwaşdan bitip ugrapdyr. Aradan on üç sagat geçenden soň ýara dolulygyna bitipdir. Ýarany bitirmek üçin tebibe hasa-da, pamyk-da, ýod-da gerek bolmandyr. ADATY BOLMADYK SIGNALIZASIÝA Malaziýanyň Kota-Baru şäheriniň golaýyndan Malaýziýa – Taýland serhedi geçýär. Bu ýerde iki ugra gatnaýan otlular pugta gözden geçirilýär. Munuň şeýledigine garamazdan her hili ýollar bilen narkotiki jisimler Malaýziýa geçirilýär. Bir gezek gümrükhana işgärleriniň biriniň ünsüni garry adam çekipdir. Ol uzyn günläp gümrükhanadan uzak bolmadyk ýerde oturýan ekeni. Ol şeýdip pallap oturşyna käte sakgalyny sypalaýan ekeni. Hüşgär gümrükhana işgäri onuň sakgalyny mydama bir hili sypalamaýandygyna üns beripdir. Garry sakgalyny käte aşakdan ýokarlygyna, käte ýokardan aşaklygyna sypalaýan eken. Käte bolsa barmaklary bilen iki tarapa darapdyr. Barlanyp görülende, şol hereketler narkotiki jisimleri geçirjilere berilýän signal ekeni. Muny birnäçe gezek synlan gümrükhana işgäri şonuň hereketi boýunça narkotiki jisimleri geçirijileri ele salyp başlapdyr. AÝALBAZ Indoneziýanyň Sumatra adasynyň ýigrimi ýedi ýaşly ýaşaýjysy alty ýylyň içinde 121 gezek öýlendi wegezek ýanýoldaşy bilen aýrylyşdy. Ahyrsoňy bu aýalbaz suduň öňünde sömelmeli boldy. Sebäbi onuň aýrylyşman ýaşaşyp ýörenleri dörtden köp bolup çykdy. Bu bolsa yslam dininiň kanunlarynda ýol berilmesiz ýagdaýdyr. Günäkärlenýän adam özüniň düzeljekdigine ant içip, awy ýalap sudýalary ynandyrypdyr. Emma welin şol berilen wadalardan soň bir ýyl geçip-geçmänkä, ol, ajaýyp jynsyň wekilleriniň ýene-de ýedisi bilen goş birikdiripdir. Ýöne «gyzyl-çyzyl gör se bolmaýan» bu ýigit şondan soň weli jeza çekmekden sypyp bilmedi. Onuň iň soňky alan gelinleriniň biriniň kakasy bu ahwalatyň gylyny gymyldatman sud häkimiýetine ýetirdi. Şondan soň ony soňky alan gelinleriniň sanyna görä ýedi ýyl möhletde gözenegiň aňyrsynda oturmaga mejbur etdiler. PUL KASSETALARY Stokgolmyň «SPK» firmasynyň işgäri şwesiýaly Gunar Perrson pullary banka daşamagyň howpsuz sistemasyny işläp düzdi. Kagyz pullar elelektron shemaly ýörite kassetalarda ýerleşdirilýär. Olary mobiliň tekjelerinde goýulýar. Eger talaňçy kassetalary aljak bolsa, gaz bölünip çykmak bilen kassetalardaky pullar reňke boýalýar. Şondan soňra birnäçe wagtdan bolsa çüýremäge başlaýar. IŇ ULY GOŞAR SAGADY Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda dünýäde iň uly goşar sagady Tokioda peýda boldy. Onuň uzynlygy ýüz metre, siferblatynyň diametri 16 metre, agramy hem 6 tonna barabardyr. Dogry, şol sagatlar reklama üçin ýasalypdyr. Ol, netijesine umytly göz dikýän kommerdiýa üçin, şweýsar firmalarynyň biri tarapyndan Ýaponiýanyň paýtagtynyň ortarasynda ýerleşýän 37 gat jaýyň diwarynda oturdyldy. Şweýsariýanyň sagat öndürijilerişu usul bilen öz önümlerine ünsi çekmek we onuň ýapon bazaryna eksportyny artdyrmak isleýärler. DEŇZIŇ DÜÝBÜNDEN ÇYKARDY Rimden bolan himik Stefano Mariotini özüniň tomusky rugsadyny Kalabriniň kenar ýakalarynda geçirdi. Onuň bir gezek kenardan 300 metr daşlykda we 7-8 metr çuňlukda adamyň elini ýada salýan, haýsydyr bir garalyp giden predmete gözi kaklyşdy. Ol «Aý, bir agajyň köküdir ýa-da daş bölegidir» diýip, pikir etdi-de oňa kän bir ünsem bermedi. Ýöne, haçanda onuň ýanyna gelende daşyna çäge aýlanan ägirt uly statuýadygyny anyklady. Mariotini alňasap golaýdaky oba ugrady we şol ýere baryp hem ur-tut polisiýa jaň etdi. Tiz wagtdan şol ýere suwa çümüjiler we alymlar geldiler. Arheologlar bürünçden ýasalan ägirt uly statuýany suwdan çykardylar. Onuň golaýynda başga-da bir statuýanyň bardygynyň üsti açyldy. Spesialistleriň pikiriçe, munuň özi soňky ýyllarda ýüzeçykarylan iň bir ähmiýetli tapyndylaryň biridir. Ol öz ähmiýeti boýunça Afridisiň Milos adasynda ýüze çykarylan statuýasyna barabardyr. Statuýa gadymy grek eserini şekillendirýär. Ol gämi gark bolanda onuň agramyny ýeňletmek üçin ýa-da garakçylardan gaçylan wagty zyňylyp gidilen bolmaly diýip alymlar çak edýärler. IŇ KÖRPE TALAŇÇY Amerikan metbugaty golaýda «Bank forseýwingsin» «Nýu-Ýorkdaky bölüminde tussag edilen dokuz ýaşly garagoly «iň ýaş bank talaňçysy» diýip atlandyrdy. Sapança bilen ýaraglanan bu oglanjyk gündizlikde beýleki gelýänleriň, arasy bilen bu ýere aralaşypdyr. Banka girenden soňra bolsa sapançasyny çykaryp, kassirden pul talap edipdir. Bank gullukçysy ýaragy görenden zähresi ýarylan ýaly seredip, el ujunda duran 118 dollary talaňçynyň öňüne oklapdyr. Ol bolsa eline düşen oljany garbap alyp bankdan okdurylyp çykmaga synanan wagty polisiýa işgärleriniň eline düşüpdir. Ýaşajyk talaňçynyň pirimi başa barmandyr. HAPA LÄBIK SATYLÝAR Işewür ýapon biznesmenleri Bankgongyň merkezindäki gadymy kanallar arassalanan mahaly daşyna çykarylýan hapa läbikleri satyn alyp başladylar. Olar şunuň ýaly adaty bolmadyk harydyň bir tonnasyna 600 taýland batyny töleýärler. «Bankgonk post» gazetiniň ýazmagyna görä, bu syrly gepleşigiň syry şundan ybarat: Birnäçe aý mundan ozal ýapon firmalarynyň biri şol kanalyň düýbündäki çökündileriň himiki analizini geçirdi we onda altyn tozanynyň köp mukdaryny ýüze çykardy. Soň anyklanyp görülende, ýüz ýyllaryň dowamynda kanalyň kenarynda keramatly buddanyň köp sanly şekillerini bezemek üçin altyn şaý-seplerini ýasaýan ussahanalar işläpdirler. Beýleki ähli işler ýaly olaryň işinde hem senagat galyndylary az bolmandyr. Ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda gymmatly metalyň köp mukdary tozan görnüşinde kanalyň düýbüne çöküp galypdyr. MOTOSIKLETLI PARAŞÝUTDA Iňlis studenti Jimmi Dewis ýerde öz motosikleti bilen ençeme gezek gözüňi-başyňy aýlaýjy böküş etdi. Ýakynda Amerikanyň reklama agentleriniň biri oňa öz motosikleti bilen samolýotdan bökmegi teklip etdi. Elbetde şeýle bökäýmeli däldi, paraşýutly bökmelidi.Bu teklip Dewisi özüne çekdi. Ol 2400 metr belentlige, asman giňişligine galdy. Birnäçe wagtdan soň samolýotdan gaýdan paraşýut açyldy we ol sag-aman ýere düşdi. Bu böküş kinoplýonka düşürildi we reklama hyzmatlary üçin peýdalanylýar. ÜÝTGEŞIK ÝARYŞ Italiýanyň Aosta jülgesinde täsin futbol ýaryşy geçirildi. Şol ýaryşda ruhanylaryň we okrugda ýerleşýän ilatly punktlaryň merleriniň ýygyndy komandalary güýç synanyşdylar. Oýun 2:0 hasabynda ruhanylaryň peýdasyna tamamlandy. SUWUŇ AŞAGYNDAKY TONNEL Gibraltar bogazynyň aşagynda tonnel gurlup, ol Ýewropa bilen Afrikany birleşdirer. Bu üýtgeşik tonneli ýaponiýanyň kompaniýalary proýektleýärler. Kiodo Susin agentligiň habar bermegine görä, 60 kilometrlik suwasty ýol Ispaniýa bilen Marokkonyň kenarlaryny awtomobil we demir ýol bilen birleşdirer. BEJERIJI SAZ Sazyň adam organizmine täsiri uly. Ýöneähli sazlaryň adama bir gyradeň täsir etmeýändigi eýýäm birnäçe neşirlerde ýazyldy. Ýaponiýanyň Hirosimo Hirosaki şäherinde tejribe geçiren medikler muny ýene-de bir gezek tassykladylar. Halk aýdymlarynyň, şonuň ýaly-da Bahyň eserleri ýaly klassyky sazlaryň operasiýa edilmezinden öňürti näsaglary köşeşdirmek üçin oňat serişdedigini olaryň geçiren barlaglary görkezdi. Şonda gorky-ürki näsaglaryň ýatlaryna düşenok, şeýle sazlary eşidenlerinden soňra näsaglaryň gan basyşlary we ýürekleriniň urşy kadalaşypdyr. ÝER TOGALAKMY ÝA-DA TEKIZ? Şeýh Abd al-Aziz ibn-Baz biziň Ýerimiz togalak diýip däl-de, eýsem tekiz diýip çyn ýüreginden ynanýar. Bu ýerde geňläp oturasy zat ýok. Her kimiň öz ynanjy, dünýäde her jüre adamlar azmy diýsene?! Ýöne onuň bu garaýşy şahsy pikiri dälde, gözbaşyny uzaklardan alyp gaýdýar. Sebäbi şeýh ibn-Baz örän sarpaly we täsiri uly adam. Ol Saud Arabystanynda korollygyň wakalary öňünden aýdyjysy bolup işleýär. Ibn-Bazyň takwalyk bilen aýdanlary köpçülikleýin informasiýa serişdeleri tarapyndan çap edilýär, ministrleriň sözleýän sözlerinde mysal getirilýär we hereket etmek üçin gollanma hökmünde kabul edilýär. Şeýh «Ýeretikleriň ýurtlaryna syýahat etmegiň dini ynanja we ahlak kadalaryna ýetirýän zyýanynyň öňüni almak hakynda» diýen sözbaşy bilen öz «takallaryny» okan mahaly köp öýlerde Ýewropa ýurtlaryna turistik gezelenje gitmek üçin taýýarlanyp goýlan çemodanlaryň gulpy açyldy we içindäki zatlar çemodanlaryňiçinden öz-özleri çykdy. Bu täsinligiň awtory hem ýeriň tekizdigine güwä geçýär. Oňa doly ynanmasaňam, şeýhiň garşysyna gitmeli däldigine weli ynanasyň gelýär. GÜLKÜLI ÝAGDAÝ ABŞ-yň birnäçe ştatlarynda, sypaýyçylyk bilen aýdylanda, örän geň kanunlaryň ençemesi ulanylýar. Mysal üçin, Alabama ştatynyň Deketer şäherinde sürüjilere ruly goparylan maşyny sürmek gadagan edilýär. Kaliforniýa ştatynda öý eşiginde maşyn sürüp barýan zenana jerime salynýar. Oklamada kanun ýeňil awtomaşynlaryň yzky oturgyjynda at alyp gitmegi gadagan edýär. Kanun Nýu-Meksika ştatyndaky Albu-kerk şäherinde taksiçileri kyn ýagdaýa salýar, olara ýolagçylary güýç bilen südürläp öz maşynyna mündürmäge rugsat berilmeýär. ERKEK KÖPMI, AÝAL? «Ýer şarynda zenanlar erkeklerden köp» diýip, iňlis spesialistleri subut etdiler. Alymlaryň pikiriçe 2000-nji ýyla çenli planetada aýallaryň sany 3 milliard, erkekler bolsa aýallardan 175 million az bolar. ÝAŞAJYK USSATLAR Meýbi Gompson atly iňlis gyzjagazy iki ýaşyndaka okap hem-de ýazyp bilýär. Ol öz deň-duşlarynyň edişi ýaly, gurjak oýnamagyň deregine algebrany, geometriýany we fizikany öwrenmäge çalyşýar. Alty ýaşly Ker Dos Welikobritaniýanyň iň ýaşajyk motosikletçisi hasaplanýar. Ol motosikletçiler klubunyň hem agzasydyr. Ker Dos motosikletçileriň ýaryşynda dört gezek ýeňiş gazandy. Seul şäherinde Kim Su Son atly oglanjyk ýaşaýar. Ol bary-ýogy dört aýlyk wagtynda geplemäge başlady. Alty aýlyk bolan wagty ýöräp başlady, okamagy, ýazmagy öwrendi. Uly adamlar bilen küşt oýnuny oýnady. Ol bir ýaşynda wagty eýýäm iňlis dilinde arkaýyn gürläp bilýärdi. Şondan bir aý geçenden soňra ýene bir dili öwrendi, ol dil halkara dilleriň biri hasaplanýan nemes dilidi. Oňa hytaý dilini öwrenmek hem kyn düşmedi. Iki ýaş dört aýlyk wagtynda gündelik ýöredip başlady. Häzir ol dört ýaşynda emma eýýäm matematikanyň çylşyrymly meselelerini emgenmän çözmegi başarýar. GEŇ ÝARYŞ Sakgaly çalt syrmak boýunça ýaponiýaly dellek Isao Sutiýanyň görlüp-eşidilmedik üstünligi Ginnessiň täsinliklerden doly rekordlar kitabyna ýazylman galsa gerek. Ol her bir müşderä bary-ýogy on alty sekunt sarp etmek bilen, bir sagadyň dowamynda 223 adamyň sakgalyny syrmagy başardy. Emma başga bir zat weli Isao Sutiýanyň göwnüne ýaramadyk bolmagy mümkin, sebäbi ol ýaryş wagtynda birnäçe studentleri hakyna tutup, «sakgalyny syrany» üçin her birine üç müň iýen töledi. Ýöne ol şonça çykdajy etse-de ondan öňe geçen hem tapyldy. Şol ýaryşda birinjiligi bu ugurdan näçe ýyllar bäri «kül döküp ýören» iňlis dellekçisi Genri Harleýe aldy. Ol bir sagadyň dowamynda 360 müşderiniň sakgalyny syrmagy başardy. Ol mundan ozal ilkinji gezek 1971-nji ýylda 130 adamyň sakgalyny syryp, rekord gazanypdy. GARRY MAMANYŇ ARHIWINDEN Amerikanyň Florida ştatyndaky Tamp şäherinden bolan täze çatynjalaryň bilelikde ýaşamagy iki hepdä hem çekmedi. Toý tutanlaryndan soň bary-ýogy on bir gün geçenden soňra täze gelen gelin «elhenç gizlinligiň» üstüni açdym diýip aýrylyşmak üçin suda arza beripdir. Eýsem onuň tapan elhenç gizlinligi nämekä?! Anyklap görseler, aşyk bolan ýigit öz söýgüli gyzyna ýazan joşgunly hatlarynyň hemmesini öz garry mamasynyň arhiwinde saklanyp galan hatlardan sözme-söz göçürip ýazypdyr. Şol «gizlinligiň» üstüniň açylmagy bolsa, gelniň aýrylyşmak hakynda arza bermegine sebäp bolupdyr. ÝITIREN ZADYŇY BALYKDAN GÖZLEMELIMI? Dneprepetrowskide ýaşaýan ýaş çatynjalar Aleksandr bilen Walentina Taranlar Dneprden tutulan üç kilogram agramly çapak balykdan beýle geň täzelige garaşmaýardylar. Balyk çorbasyny bişirmek üçin ony ýuwup-ardyp bölekläp duran Walentina balygyň içinden işläp duran sagady tapdy. Tapylan sagadyň birwagt ýitiren öz sagadyna çalymdaşdygy Walentinany geň galdyrdy. Ol öz goşar sagadyny birnäçe wagtdan bäri agtaryp ýördi. Balyk tutmagy gowy görýän ýaş çatynjalaryň bir gezek şol ýerde sagadyny suwa gaçyrandygyny olar soň bilip galdylar. Kiçijik balygy iýip ýören çapak balyk sagady balykdyr öýdüp ýuwdan bolmaly. Äpet balyk kiçi zatlary iýip öwrenişen bolmaga çemeli, ýöne bu gezek balykçylaryň çeňňegine ildiren zadyny iýip weli ýalňyşypdyr. ÇEŞME SAGAT BILEN IŞLEÝÄR Ýerden çykýan bu çeşmäniň sagat bilen işleýändigini ýerli ilat gürrüň berýär. Dogrudan-da bu çeşme ýigrimi minutlap özüniň bol suwuny eçilýär. Edil şonça wagtlap hem suw bermesini kesýär. Aradan ýene şonça wagt geçýär welin çeşmeden suw syzylyp çykma bilen bolýar. Emma dilleşilen ýaly ýigrimi minut geçdimi ýene çeşmeden ýekeje gramam suw akanok. Bu hadysa elmydama-da şeýdip gaýtalanyp dur. Bu çeşme ýapgytly dagyň ýapysynda, Baraka şäheriniň (Kubada) golaýynda, deňiz burnunyň sebitinde ýerleş ýär. Soň mälim edilişine görä, onuň özüni şol hili alyp barmagynyň özboluşly sebäbi bar ekeni. Çeşmeden çykan suw tiz wagtdan soňra ýene ýere siňýär, ýer astyndaky daş howdana ýygnanýar. Howdan ýigrimi minutdan soň dolýar-da, suwy ýene ýokaryk gysyp çykarýar. ÇAGALAR HAKYNDA GEŇ-TAŇ ZATLAR Irlandiýaly gyzjagaz Tereza ölümden goralyp saklanylan iň kiçijik bäbekdir. Ol öz dogulmaly möhletinden on dört hepde öň ir dünýä inipdir. Onuň agramy doglan wagtynda 625 gram bolupdyr. Iň uly çaga 1897-nji ýylda Kanadada doglupdyr. Doglan wagtynda onuň boýy 76 santimetre, agramy 19,7 kilograma barabar bolupdyr. Onuň ejesi Anna Batesiň boýy 224 santimetr ekeni. LÄBIKDEN MATA Sisiliýa adasyndaky Etna wulkanynyň eteginde üýtgeşik bir zawod işlemäge başlady. Ol ýerde wulkan läbigini eredip, ondan pamyk alýarlar. Şol hili materiallardan alnan matalar oda ýanmazak hem-de ses geçirmezek bolýar. Şoňa görä-de, ony deňiz gämilerinde ýolagçy kaýutalarynyň ýüzüne çekmek üçin ulan ýarlar diýip, «Orbita» gazeti (BHR) habar berýär. KERLER ÜÇIN TELEFON Şwesiýada kerler üçin telefon apparatlary peýda boldy. Bu barada ýurduň poçtalar we telekommunikasiýalarynyň direksiýasy habar berdi. Ol ýüzünde «gepleşigi» okap bolýan uly bolmadyk ekran we klawişli panel bilen üpjün edilen adaty telefon apparatydyr. Gürrüň klawişleriň kömegi bilen alnyp barylýar. Ol gepleşjek adamyň öňündäki telewizion ekranda gaýtadan berilýär. ÇÜÝŞEDEŞLERI ÖZ OKUWÇYLARY Swazilendäniň okuwçy gyzlary oglanlara seredeniňde içgä ir ýüz urýarlar. Mugallymlaryň 20 prosentiniň öz okuwçylary bilen alkogolly içgileri içýändigini geçirilen sosiologik barlaglar ýüze çykardy. Günorta Afrikan şalygynyň orta mekdeplerinde okaýan gyzlaryň öz mugallymlary bilen alkogolly içgileri içmeginiň sebäbi, soňra olaryň mugallymlar bilen ýaşamaga ýykgyn edýändikleri bilen düşündirilýär. KIM HAÝSY REŇKI GOWY GÖRÝÄR Amerikan ýazyjysy Çarlz Penati «Adaty zatlaryň üýtgeşik gelip çykmasy» atly kitabyny çap etdirdi. Bu kitapda amerikalylaryň 70 prosenti saçlaryny başga reňke boýaýandygy bellenýär. Awtoryň tassyklamagyna görä, bu moda şu günki günüň modasy däl. Onuň gözbaşynyň has öňki asyrlardan başlanýandygyny Ç.Penati aşakdaky faktlar bilen subut edýär: gadymy grek syýasatçylary saçlaryny agymtyl-sary reňke boýamagy gowy görüpdirler, rimliler bolsa hoz gabygyndan gaýnadylan suwy ulanmak bilen saçlaryny gara reňke boýamagy moda edipdirler. Gadymy germanlylar ýaşyl we sary saçly bolmagy, gallylylar bolsa açyk sary saçy halapdyrdar. «Nýusuin» žurnaly häzir amerikalylaryň 8 prosentiniň öz gür saçlaryny çal reňke boýamagy halaýarlar diýip belleýär. ÝYLANLARY BOÝUN EGDIRIJI Hindistanyň Amritsara şäherinde ýaşaýan Lal Bahadur Kaul her hili zäherli ýylanlara öz diýenini etdirip bilýär. Ol köp sanly tomaşaçylaryň öňünde kejigen kepjebaşa öz diýenini etdirip bilýändigini subut etdi. GEP ATDA Arnold Rize german sirkleriniň birinde işleýär. Ol haçanda klounyň eşiginde sahna çykanda, ähli tomaşaçylaryň gülki sesleri ýatanok. Sebäbi Rizeniň özi liliput, a, onuň familiýasy bolsa nemes dilinden terjime edilende pälwan, ägirt uly adam diýen manyny berýär. Rize sahnada on iki ýyllap uly üstünlik gazandy. Günleriň bir güni ol familiýasyny Germaniýada iň köp ýaýran Maýer familiýa bilen çalşyrdy. Geň waka şondan soň başlandy. Şol familiýany alandan soň olaryň topary tizara Awstriýada gostrolda boldular. Ýöne täze familiýa bilen çykyş edende onuň her hili hereketlerine gülen adam az boldy. Bu bolan waka hakynda Awstriýanyň «Folksştimme» gazeti habar berdi. BIR ELDE 114 GEZEK Omskililer özleriniň on dokuz ýaşly ildeşi Ýewgeniý Mussiýakyň adyny «Ginnessiň rekordlar» kitabynda göreris diýip umyt edýärler. Ol geçen ýylda Moskwada bolup geçen şou-festiwalda bir eli bilen turnikde özüni 114 gezek çekmegiň hötde sinden geldi. Ýakynda bu netije iki esse köpeldi. Mundan başga-da, Ýewgeniý iki barmagynda 18 gezek özüni çekdi. Kanadaly Poberta Çisnalla hem hut şeýle netijäni 1989-njy ýylda görkezip, «Ginnessiň rekordlar kitabyna» ýazylypdy diýip, «Sibinform» habar berýär. REZINDEN FUNDAMENT Ýer titremäniň köp bolýan ýeri bolan Ýaponiýada dünýä boýunça ilkinji gezek rezinden fundamentli jaý salyndy. Spesialistleriň aýtmagyna görä, bu fundament bäş-alty ball ýer titremäniň bolandygynam duýmaz. TIKIN TIKÝÄN AWTORUÇKA Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň magazinlerinde täsin awtoruçka satylyp başlandy. Bu ruçkanyň ýokarky böleginde iňňe, sapak we gaýçy goýulýan ýerjagaz bar. Ýazýan we tikýän kombaýn ýolagçylaryň uzak ýola düşende iň gerekli zatlaryň biri bolar. HAÝSY AT KÖP ULANYLÝAR? Dogrudanam, her milletiň köp ulanýan atlary az däl, Meselem azerbaýjanlar Mämmet, ruslar, Iwan, türkmenler Myrat... Eýsem ähli milletiň ulanýan ady haýsyka? Häzirlikçe bu ady Anna diýip belleýärler. Bu ady dünýä boýunça 35 million aýal maşgala göterýär diýip, maglumat berýärler. ÜÝTGEŞIK SYGYRLAR Amerikan fermerleriniň biri kiçijik sygyrlaryň sortuny tapypdyr. Bu sygyrlaryň boýy 90 santimetrden 120 santimetre çenli bolup, her günde 12 litre çenli süýt berýär. Olar beýlekiler ýaly köp iýmit hem talap edip duranoklar. TYGŞYTLY KIŞI Leon de-Brewil holodilnigindäki ýogurtyň (ajan süýt önümi) birnäçe wagtlap durandygyna ünsem bermändir. Ol iki hepdeläp holodilnikde duran ekeni. Elbetde şunça wagtdan soň ony dökmelidi. Emma Leon de-Brewil tygşytly adam bolansoň, ony dökmän, ýogurty agşamlyk içip, ýatmaga gitdi. Onda hiç hili içagyry ýüze çykmady, ýöne ertesi turmady. Öý eýeleriniň dürli sesleri ony oýaryp bilmedi, hatda derrew peýda bolan wraçyňam haýry degmedi. Diňe üç günden soňra ol sagat 10-larda gözüni açdy. Ol iki günläp bolan zatlaryň hiçisinden habarsyz diýip, «Mond» atly fransuz gazeti habar berýär. SYGYRLAR NÄME BILEN IÝMITLENÝÄR? Gollandiýanyň Harlem şäherinde adaty bolmadyk muzeý açyldy. Bu muzeýi açmagyň inisiatory şäheriň gassaphanasynyň eýesi bolupdyr. Muzeýde sygyrlaryň içinden tapylan dürli predmetler goýlupdyr. Olaryňarasynda demir çemçe, dürli açarlar, konserwa gutulary, ýorganyň daşy ýaly predmetler bar. PARIK GEREK ZAT Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda diňe bir ýylyň dowamynda üç milliona golaý aýallara we erkeklere niýetlenilen parikler satylypdyr. Geň ýeri beýleki pariklere seredeniňde belli alymlaryň, professorlaryň saçlaryna meňzeş parikler gowy alynýar. Hatda gür saçlylara höwes bildirilmän diňe ýylçyr kelleli parikler alynýan wagtam az bolmandyr. ERBET ENDIK Landohut obasynyň ýaşaýjysy (Demirgazyk Reýn Westfaliýa ýeri) Ottiliýa Degenhardyň dyrnaklaryny dişlemek endigi bardy. Ol otuz alty ýaşy arka atandan soň bu endigi nädip goýup bolarka diýip oýlanyp başlady. Emma, näçe pikirlense-de, belli bir çykalga tapmady. Ýöne bir tanyş wraçy oňa haçan dyrnagyny dişläsi gelende stoladyr ýa-da diwara barmagyny urupbaşlamagyny maslahat berdi. Ýarym ýyl geçenden soňra Ottiliýa ýene tanyş wraçynyň ýanyna gelipdir. Ýöne indi öňki ýaly dyrnagyny dişlemän, mydama stoladyr diwara, penjirädir mebele barmaklary bilen urýan endiginden saplanyp bilmeýändigini aýdypdyr. Indi nähili çykalga tapyp bolarka diýip ol naýynjar sorapdyr. KITAP GYMMATMY ÝA-DA JAN? Gadymy Müsürde Faraonyň kitaphanasyndaky golýazmalary ýitiren adam dar agajyna çekilipdir. Prus koroly Beýik Fridrih bolsa kitaby ogurlan adama 20 ýyldan köp tussaglykda oturmagy höküm etmändir. Londonda 1752-nji ýylda kitabyň burçlaryny epleýänler gamçylanypdyr we 7 ýyl azatlykdan mahrum edilipdir. Oksfordsk uniwersitetinde kitaplar diňe şalyk edýän monarhlara öýüne äkitmäge rugsat edilipdir. Hatda korol Karl I öz hyzmatkärini kitaphanadan bir kitaby alyp gelmäge iberende, eli boş gelipdir. Şol kitaby almaga korolyň özi gitmekden başga alaç galmandyr. UÇÝAN PYŞBAGA Konstantinos Epopulosynyň ýolbaşçylygyndaky grek sirki Italiýanyň Apuliýa prowinsiýasynyň şäherlerinde we obalarynda gostrolda boldy. Beýlekioýunlaryň arasynda düşündirmesi mümkin bolmadyk oýun görkezildi. Oýunlaryň ahyrynda sirkiň eýesi Tortilla lakamly uly bolmadyk pyşbaga bilen arena çykýar. Epopulos «artistkany» tumbuçkanyň üstünde oturdyp, oňa rahatlanmaga wagt berýär, özi hem gapdalynda durýar. Haçan-da Epopulos Tortillanyň arkasyna birnäçe gezek ýuwaşjadan uranda pyşbaga art aýagyna galýar we oturan ýerinden galýar. Soňra ol howada daýançsyz birnäçe wagtlap durýar. Onuň yz ýanyndan bolsa howada, tumbuçkanyň ýokarsynda, uçup öwrüm edýär. Şondan soň iki-üç minutdan uçuş tamamlanýar. Muny gören köp sanly tomaşaçylaryň hiç biri-de pyşbaga uçmaga kömek edýän zady görmediler. ÄPET IT Zorba lakamly itiň ady Ginnessiň kitabyna özüniň adaty bolmadyk boýunyň barlygy bilen girizildi. Ol itiň boýy iki metr kyrk santimetre barabardyr. Amerikan millioneri Kris Erikmedisiň itiniň 44 kilogram agramy bar. Ýyllyk gazanjy onuň eýesine garanyňda az bolan adamlara şeýle iti saklamaklyk maslahat berilmeýär. Sebäbi ol her günde bäş kilogram et iýýär. KAGYZDAN GEÝIMLER Köýnegi her gün, jinsi jalbarlary hepdede bir gezek täzelemek mümkinmi? Wenesuelde muňa «hawa» diýip jogap berýärler. Ol ýerdäki tikinçilik firmalarynyň biri ýüpek kagyzdan erkek adamlar üçin köýnek öndürmegi ýola goýdy. Açyk reňkli we gelşikli gülli erkek adamlaryň köýnekleri bir gün geýmek üçin niýetlenendir. Jinsiler bolsa ýelmenip (hakykatdan hem tikilmän ýelmenilýär) jinsi materiala meňzeş has galyň kagyzdan taýýarlanylýar. Jinsiler mawy we goňur, ýaşyl we melewşe hem-de gyzyl reňkde öndürilýär. Ýöne weli bu firma özüniň kagyz geýimleri bileň ýagşyň aşagynda galmazlygy duýdurýar. Sebäbi, jinsiler ýagşa çydasa-da köýnekler dagap gidýär. ÝEDI GEZEK «GAHRYMAN ENE» 53 ýaşly Leontina Espiposa Santýaga (Çili şäheriniň ýüz kilometrlik golaýynda ýerleşen) Rengo posýologynda ýaşaýar. 33 gezek çaga dogran bu daýhan zenanyň 73 ogul-gyzy bar. Ol on iki gezek ekiz, on bir gezek hem üçem çaga dogurdy. Häzirki wagtda Leontina we onuň adamsy bilen olaryň iň ýaş çagalarynyň sekizisi ýaşaýar. Espi poslaryň öýlerindäki ähli goşy iki krowatdan, iki düşekçeden, bir stoldan we dört oturgyçdan ybarat. Ýerli häkimiýetlerden hiç hili kömek bolmanlygy sebäpli, maşgalabaşy halkara rehimdarlyk guramalardan kömek sorap ýör. ÜÝTGEŞIK WELOSIPED Awstraliýanyň bir firmasy suwda-da, ýerde-de birmeňzeş hereket edip bilýän üç tigirli welosipedi döredipdir. Bu welosipedde hemme zat ýel berlen yzky tigirlere baglydyr. Olara piljagazlar oturdylan. Şolaryň kömegi bilen bolsa welosiped suwda hereket edýär. Öňki tigirler bolsa welosipediň ugruny üýtgedýär. URGY ÖLÜMDEN HALAS ETDI Awtobus Stokgolmyň köçesinden barýardy. Birdenkä bir garry adam özünden gidip, poluň üstüne ýykyldy. Ýolagçylaryň ählisi, megerem, ýüregi agyrandyr diýip pikir etdiler. Şol awtobusda gidip barýan, agyr agramda çydyş edýän 23 ýaşly boksçy Rožer Anders Son çep eli bilen garrynyň kükregine bat bilen iki gezek urdy. Syrkaw ýüregine edilen özboluşly massaždan soň özüne geldi we oňat ýagdaýda keselhana getirildi diýip, «Noýe saýt» (GDR) gazeti habar berdi. GOMER BILIMSIZMIKÄ? Gomeriň gadymy grek legendar şahyrdygyny, Sokratyň bolsa gadymy grek filosofydygyny biz entek mekdep partasynda okaýarkak öwrenipdik. Olara käte antik döwrüň beýik ýazyjylary-da diýýärler. Beýle diýilýän sözler bilen asla ylalaşmak mümkin däl. Sebäbi olar okamagy-da, ýazmagy-da asla bilmändirler. Muňa taryhçylaram güwä geçýär. Ýöne olar döreden eserlerini ýatdan, dil üsti bilen beýan edipdirler. Şolaram dilden-dile geçip bize gelip ýetipdir. TÄSIN DERÝA Tažura derýasyny käwagtlar «däli derýa» diýip hem atlandyrýarlar. Ol Afrikanyň demirgazyk gündogar böleginde ýerleşýär. Onuň täsinligi öz suwuny deňze guýman, onuň tersine deňizden suw alyp Assal kölüne guýýanlygydyr. Spesialistleriň käbiri ony derýa diýip däl-de, köl diýip atlandyrýar. Tažura derýasy emeli derýa diýýänlerem ýok däl. Ýöne, her näme bolsa-da, ony tassyklaýan hiç hili delil ýok. HOLTUMLY ÝYNDAMLAR Köplere piliň oňşuksyz we arkaýyn hereket edýän haýwan bolup görünmegi mümkin. Aslyýetinde bolsa bu beýle däl. Zimbabwede spesialistler tarapyndan geçirilen barlaglar dört tonna agramdaky pilleriň ençeme kilo metr aralyga özleriniň tizligini haýallatmazdan sagadyna kyrk kilometr çaltlyk bilen ylgamaklyga ukyply dygyny görkezdi. TÜWÜDEN PIRAMIDA Ýaponiýanyň Fukuoka şäherinde geçirilen festiwalda dünýäde iň uly–belentligi 1,85 metre we agramy ýarym tonna barabar bolan tüwüden ýasalan piramidany görkezdiler. Ony gaýnadylan süýji tüwüden üç sagadyň dowamynda taýýarlapdyrlar. Ýöne ol bary-ýogy on minut şol görnüşde durdy we soňra dargap gitdi. Bu ýere gelenleriň müňlerçesi şol piramidanyň «gurluşyk materialyny» dadyp gördüler. 5 HEPDELÄP PALLAN GYZ Adamyň ukusy gelende pallaýandygyndan hemmäniň habary bardyr. A, keýpine pallaýan adamy görüpmidiňiz?! Eger gözüňiz bilen görmedik bolsaňyz, gulagyňyz bilen eşitmekligem artykmaçlyk etmese gerek. 5 hepdeläp pallan on bäş ýaşly gyzyň, gürrüňi Hytaýda birnäçe wagtlap adamlaryň dilinden düşmedi. Ol gyzyň ady Li. HAÝSY MEKDEPDE OKADYŇ! «10 ýyllap gatnan mekdebim, 10 ýyllap bilim beren mekdebim» diýip belli bir mekdebiň adyny tutmaga endik edipdiris. Ýöne mekdepleriň diňe birinde okamadyk bolsaň haýsy mekdebiň ezizdigini, mähremdigini saýgarmagam ýeňil däl. Amerikaly Wilm Uilýams hem okan mekdepleriniň içinde göwnüne ýaranyny bilmän ýörenleriň biri. Sebäbi ol 265 mekdepde bilim alypdyr Onuň kakasy we ejesi şou-biznes bilen meşgul bolýanlygy üçin dünýäniň ähli künjeginde çykyş etmeli bolupdyrlar. 16 ÝAŞLY PÄLWAN 16 ýaşly Wephwia Suluaşwili dişine ýüpi daňyp mekdep partasyny göterýär. Emma tbilisili bu ýaş oglana soňabaka bu partalar has ýeňil göründi. Dişiniň gudratyny görkezmäge bolan höwes ony dura-bara agyr zatlary salgy berdi. Häzirlikçe Wephwia bäş tonnalyk samosowaly göterip rekord goýdy. Belki geljekde ondan agyr zatlaram göterer. Ölmesek, görübereris-dä! KRILLIŇ REKORDY Kim turnikde özüni çekip rekord goýýar, kimse ýokarly gyna böküp. Moskwanyň 59-njy orta mekdebiniň 10-njy klas okuwçysy bolsa üýtgeşik bir zat tapdy oturyberdi. Ol eliniň kömegi bilen 3630 gezek eglip galdy. TAKATLY GYZ «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýilýär. Sabyr- takatyň bolsa köp kişini haýran etse boljak ekeni. Muňa on ýedi ýaşly iňlis gyzy Katrin Uafler hem güwä geçýär. Ol bir uly almanyň 11 sagat 31 minutlap gabygyny ardypdyr. Kesilen gabyklar ölçelip görlende 52,5 metr çykdy. IKI AÝAKDA ÝAZMAGA KIM ÖKDE? «Iki elimde-de hat ýazyp bilýärin» diýip öwünýän kişiler bolýar. Emma iki eli, iki aýagy bilen ýazýan adamlar barmyka?! Bar ekeni. Olar Karolina Uebb (Awstraliýa), Judi Holl (Çesterfild), Robert Greý (Toropto, Kanada). IŇ ÝAŞ STUDENT Häzire çenli in, ýaş student Uilýam Tomdok hasaplanylýar (Lord Kelwin). Ol 10 ýaş 4 aýlykka Glazgo uniwersitetine kabul edildi. IŇ ÝAŞ ÄR-AÝAL Iň ýaş är-aýalyň kimdigini bilmek her kişi üçin hem gyzykly bolsa gerek. Olar argentinaly 11 aýlyk «ýigit» bilen 3 aýlyk «gelinlik». Bu nika «Montekki» we «Kapuletti» atly ýerdäki ilatyň 20 ýyla çeken özara uruşlaryny bes etmek maksady bilen gyýlypdyr. PYÝADA BIR ÄDIM HEM ÄTMELI DÄL Fransiýanyň Nanta şäherinden bedenterbiýe mugallymy Jan-Per Lewi özüniň ýasan täsin rolikli konkilerini iň oňat ulag hasaplaýar. Onuň platformalary adaty konkileriňkä garanyňda 2-5 santimetr belentlikde ýerleşýär. Rolikler islendik ýerde ýöremäge mümkinçilik berýär. GADYMY ÄÝNEK Iň gadymy äýnegiň iki müňden gowrak ýaşy bar eken. Gadymy Assiriýanyň Ninewiýa şäheriniň harabalyklaryndan arheologlar ýylmanan dag hrustalyndan ýasalan lupa tapdylar. Dünýäde ilkinji «monokly» şowakör beg zadalaryň birine degişli bolandyr diýip çaklaýarlar. ÖLÜM HOWPLY MIWE Ispaniýada dördünji asyrda hristianlara apelsin iýmek gadagan eken. «Hytaýalmasy» hasaplanylan bu miwäni iýip otyrka tutulan adam ölüm jezasyna höküm edilipdir. MATEMATIKASYZ ÝAŞAP BOLMAZ Amerikanyň Tueson şäherjiginiň birinde «matematikasyz gün» geçirilipdir. Ol gün mekdebiň mugallymlaryna we okuwçylaryna sanamak, sagatdan we kalendardan peýdalanmak, umuman sanlardan peýdalanmak gadagan edilipdir. Iň bir ýaramaz okuwçylaram matematikasyz ýaşap bolmajakdygyny şol gün boýun alypdyrlar. ZAGS-syz WE SUDSUZ Tailandda är-aýalyň nikasyky bozmagyň şertlerini kesgitlemän gadymy kanun şu günlere çenli hereket edýär. Är-aýal ikisi, şaýatlaryň gatnaşmagynda, iki sany deň ululykdaky şemi ýakýarlar. Olaryň haýsynyň şemi ilki ýanyp gutarsa, öý goşundan hiç zat almazdan gep-gürrüňsiz öýden çykyp gitmeli. ÖÝ WRAÇYNA MIRAS Amerikanyň Montana ştatynyň Şelbi şäheriniň ýaşaýjysy Amaliýa Lefingel öý wraçyna äpet ullakan çemodany miras galdyrdy. Amaliýa ölensoň Eskulap çemodany açyp görse, onuň içinde Amaliýanyň saglygyna sereden kyrk ýylynyň içinde oňa ýazyp beren reseptleri bar eken. OKLUKIRPILERIŇ ZALPY Kanadaly är-aýal Riwold we Kristina Feldfrostlar Orta ýer deňziniň kenar ýakasynda Alžiriň Kollo şeheriniň golaýynda dynç alýardylar. Günleriň birinde olar gezelenç edip ýördüler, olaryň Truffi atly iti öňden ylgap barýardy. Köpek birdenkä öňe okduryldy we birazdan gaty çyňsady. Itiň eýeleri oňa kömege howlukdylar.Truffi oklukirpiler maşgalasyna duşupdyr. Olaryň biri itiň tumşugyna tikenleriniň üçüsini sanjypdyr. Truffi ar almakçy bolanda oklukirpileriň ikinjisi oňa oklarynyň ýene-de altysyny «zalp» bilen sanjypdyr. Ondan soň oklukirpiler gözden ýitdiler, iti bolsa göterip alyp gaýtmaly boldy. Ol üç hepdeden ganymatlaşdy. EMELI TOWUKETI Britan firmalarynyň ikisiniň bilelikdäki tagallalary bilen mikroprotein atlandyrylan azyk iýmiti döredildi. Ol beloklara baý, düzüminde holesterin ýok, özem arzan. Täze azyga towuk etiniň, wetçinanyň ýa-da bifşteksiň tagamyny berip bolýar. ÖLMEZ-ÝITMEZ ÇYBYKLAR Uly we Kiçi Bagam adalarynda ösýän «Dirilik agajy», hakykatdan-da, çakdanaşa durmuşa ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Onuň oturdylan her bir çybygy hökmany suratda gögerýär. Ol agajyň şahasyny iň bir gurak, gün düşmeýän ýere oturtsaňam, ol gögerýär. ÝAŞAJYK MAMA 29 ýaşly italiýaly Konçeta Panuççi dünýäde iň ýaş mama boldy. Ol 13 ýaşynda durmuşa çykdy. Onuň durmuşa ir çykmagy ýaşaýan ýeri bolan Sisiliýa obasynyň däbine laýyk gelýärdi. Bir ýyldan onuň Ida atly gyzy boldy. Geçen ýyl on bäş ýaşly Ida durmuşa çykdy we häzir ýaş mama agtyjagy Roza guwanýar. Indi Konçeta 43 ýaşda çowluk germegi arzuw edýär. POMIDOR AGAJY Günbatar Ýaponiýanyň Sinoýame tejribe stansiýasynda seleksionerler pomidoryň bir düýbüňde 2934 sany gyzyl pomidor miwesini ösdürip ýetişdiripdir. Bu pomidor «agajynyň» beýikligi 3 metr, baldagynyň ýogynlygy bolsa 15 santimetre ýetýär. 250 NOMERLI KÖWÜŞLER Aýakgaplaryň ölçeg nomerlerini bellemek boýunça dünýäde dürli sistemalaryňbirnäçesi bar. Munuň özi aýakgap magazinleriniň klientleri üçin amatsyzlyk döredýär. Standartizasiýalaşdyrmak baradaky halkara komissiýasy Ženewada geçirilen maslahatda bu meseläni bir nusga boýunça çözmegi karar etdi. Şol komissiýanyň kararyna görä, aýakgaplaryň ölçeg nomerlerini bellemek boýunça dünýäniň ähli ýurtlary üçin birmeňzeş bolan sistema girizildi. Muňa adam dabanynyň millimetr hasabyndaky uzynlygy esas edilip alyndy. Şeýlelikde, biz ýakyn wagtlar da magazinlerden 250 ýa-da 260 nomerli köwüş barmy diýip sorap bileris. KALENDARYŇ TARYHYNDAN Biziň tipografiýa usuly bilen çap edilýän kalendarlarymyzy ilkinji neşir ediji Iwan Fýodorow tarapypdan döredilen gadymy «ata-babasy» bar. Konstantin Ostrowskiý diýen bir knýaz öz urugynyň galasynda çaphana edinmegi ýüregine düwüpdir. Ol Iwan Fýodorowy Ostroga galasyna çagyrypdyr. Ol galanyň baýlygy hakynda rowaýatlar aýdylýardy. Emma ol ýerdäki ähli zatdan iň gymmatlysy bütin Ýewropada ýygnanylan kitaplaryň kitaphanasydy. Ol ýerde Wenesiýada, Krakowda, Pragada ilkinji gezek çaphana usulynda neşir edilen slawýan kitaplary-da duş gelýärdi. Iwan Fýodorow olary üns bilen synlaýardy. Ol täze neşirleri çykar mak barada hyjuw bilen joşýardy. Iwan Fýodorow Ostrogada köp işleri bitirmegi başardy. Netijede kitaphanalardaky beýleki neşirleriň arasynda her bir aýa bagyşlanyp ýazylan goşgy listogy peýda boldy. Aýlaryň atlary üç dilde ýazylypdy. Has möhüm hasap edilýän seneler bellenipdi. Munuň özi dört ýüz ýyl mundan ozal 1581-nji ýylyň 5-nji maýynda bolupdy. Biziň ýurdumyzda kalendar çap edilmegi, ine, şol günden başlanýar. IKI ÝÜZLI EKRAN Täze Zelandiýaly oýlap tapyjy M.L.Din üç ýyllap alyp baran gözleglerinden soň özüniň ýasan orginal telewizion priýomnigi üçiň patent aldy. Bu telewizor bir wagtyň özünde iki programmany görkezip bilýär. Bu näme üçin gerek? Munuň maşgala çlenleriniň haýsynyň näme gowy bolsa, bir wagtyň özünde beýlekilere päsgel bermän görüp bilmegi üçin gerek diýip, täzeligiň awtory düşündirýär. Teletomaşaçylar öz gyzyklanýan programmasyny görmegi üçin biri-birinden uzagrakda, ortadan sowa çep we sag tarapda oturmalydyr. Özüniň telewizion priýomniginde hakykatda iki ekran bardygyny, olaryň ikisiniň bir wagtda işlemeginiň tomaşaçylara päsgel bermeýändigini Din aýdýar. Telewizion alyp görkezijilerden iki programmanyň suratlarynyň signallary bir wagtda gelýär we priýomnigiň özünde ikä bölünýär. Şekillere goşulýan ses signallary hem «gatyşyk» gelip, soňra bölünýär. Iki programmanyň bir wagtda kabul edilýän wagtynda ses kanatynyň biri sesi batlandyrýanda, beýlekisi bolsa gulaga geýdirilip diňlenilýär. IŇ GALYŇ BUZ GATLAGY Sowet Soýuzynda iň galyň buz gatlagy Pamir dagyndadyr. Bu ýerde belli rus syýahatçysy we tebigaty barlaýjysy A.P.Fedçenkonyň adyny göterýän daglar sistemasynda iň uly, iň galyň buz gatlagy ýerleşýär, onuň uzynlygy 71,2 kilometr, buzuň galyňlygy bolsa 1000 metrdir. ÖRÄN GADYMY AGAÇ Ýaponiýanyň adalarynyň birinde kedr agajy ösýär. Ol agaçlaryň iň gadymysy bolsa gerek. Onuň 7200 ýaşy bar Agajyň sütüniniň diametri 16 metre ýetýär. KROKODIL BILEN BIR ÝERDE Günorta afrikaly Jek Sil on alty gije-gündizläp gözenegiň içinde uly krokodil bilen bir ýerde boldy! Şeýlelik bilen, ol bu äpet haýwanyň häsiýeti barada ylma täzelik goşdum diýip hasap edýär. «AŽDARHA SAKGALY» Ýaponiýanyň Miýaşima adasynda sosnanyň örän seýrek gabat gelýän görnüşi ösýär. Ol «Aždarha sakgaly» diýlip atlandyrylýar. Agajyň boýunyň uzynlygy bary-ýogy 50 santimetr bolsa-da, onuň ýeriň üsti bilen uzanyp gidýän şahalarynyň uzynlygy 30 metre ýetýär. DÖRT ÝAŞLY SAZANDA Dört ýaşly amerikaly negr Rendi Skott (Pitsburgdan) özüniň saza bolan ukyby bilen hemmeleri haýran galdyrdy. Ol şindi üç ýaşyndaka, pianinoda dürli sazlary çalmagy öwrendi. Golaýda ýaşajyk sazandanyň ilkinji konserti boldy. Şonda ol öz döreden sazlarynyň 16-a golaýyny çalyp berdi. Sazandalar Rendiniň talantyna ýokary baha berip, ony saz sungatynyň ussady diýip atlandyrdylar. GEŇ ÇAGA Eýranyň Pars welaýatynda Damgenat Jünegan obasynda daýhan Mozaffaryň maşgalasynda täsin gyzjagaz dünýä indi. Ol üçülenji gün öz ata-enesini tanap ugrady. Bir aý bolanda oturyp oýnamagy, iki aýlykka hem adaty daýhan iýmitini: çörek, tüwi we et iýip başlady, ýene bir aýdan soň ýöredi. Beýleki çagalar ýaly alty aýlykka, onuň agramy 8 kilogram, boýy 60 santimetr boldy. Ol bökjekläp oýnaýardy, özüni edil dört ýaşly çaga ýaly alyp barýardy. PÖKGI OÝNAMAGA ÖKDE Rumyniýanyň Braşow şäherinde okuwçy Dekebal Kimpianu gaýyş pökgini urup durmak bilen, ony 1 sagat 45 minutlap ýere gaçyrman howada saklapdyr. Ol radiusy 15 metr bolan töwerekde aýlanyp, şol wagtyň içinde pökgini 14,313 gezek urupdyr. 15 ýaşly Dekebal «Sportul» gazeti tarapyndan «Pökgi bilen jonglirlemek» boýunça geçirilen konkursda üstün çykdy. ÜÝTGEŞIK OKUWÇY Eýran mekdepleriniň birinde bir okuwçy gyz owadan hem dürs ýazýar, ýöne welin aýnada ters görünýän haty ýazýar. Wraçlar şeýle üýtgeşik hadysanyň sebäbini entek düşündirip bilmeýärler. ADAM GÜNDE NÄÇE ÄDIM ÄDÝÄR? Adam bir günüň dowamynda ortaça 20 müň ädim ädýär. Bir ýylyň içinde 7 million. 70 ýylyň içinde bolsa, 500 million ädim ädýär. Bu bolsa Ýer bilen Aýyň aralygyndaky (384000 kilometr) ýaly uzaklykdyr. BIR HARPDAN YBARAT ŞÄHER Fransiýanyň demirgazygynda ady ýekeje harpdan ybarat bolan kiçijik şäher bar. Dünýäde ady ýeke harpdan ybarat bolan şäherleriň ýene-de ikisi bar. Olar Günorta Koreýadaky U hem-de Norwegiýadaky A şäherleridir. SYRLY HALYNYŇ SYRY AÝAN BOLÝAR Altaý türki halklaryň gadymy mekanydyr. Arheologlar ol ýerdäki Pazyryk derýasynyň boýunda ýerleşýän depeleriň birini agtaryp gördüler we ol depeden haly hem-de gaýry zatlary tapdylar. Bu tapyndylaryň gadymy gündogar medeniýetine – biziň eramyzdan öňki III-IV asyra degişlidigi kesgitlendi. Aýratyn amatly tebigy şertleriň bolmagy bilen haly we beýleki tapyndylar çüýremän saklanyp galypdyrlar. Bu tapyndylar bada-bat dünýäniň arheologlarynyň, taryhçylarynyň, sungaty öwrenijileriň, haly tehnologlarynyň ünsüni özüne çekdi. Ol tapyndylar türkmen haly sungatynyň taryhyny öwrenmekde aýratyn-da uly ähmiýeteeýedir. Çünki pazyryk halysy diýlip atlandyrylan şol haly özüniň örän gadymydygyna garamazdan, ähli babatda häzirki türkmen halylaryna çalym edýär. Alymlar şol halynyň ýanynda jaýlanan at jesediniň ahal-teke atynyňkydygyny hem kesgitlediler. Türkmen haly sungatynyň taryhy bilen baglylykda pazyryk halysy barada birnäçe işler ýazyldy. Halynyň ýüzünde şekillendirilen täsin zatlaryň biri-de onuň gölleridir. Ol jemi 24 sany bolup, halynyň ortasynda 6 hatar boýunça ýerleşdirilipdir. Her hatarda 4 göl bar. Gölleriň içinde bolsa ýaý şekilli gerbler şekillendirilipdir. Adatça gadymy sungat eserlerine mifleri we rowaýatlary beýan etmek mahsusdyr. Gürrüňi edilýän ýokarky göllerde-de oguzlar baradaky rowaýatlaryň täsirini görmek bolýar. SANKT-PETERBURGYŇ KÖPRÜLERI Sankt-Peterburgda näçe köpri barka diýen sowala köp duş gelinýär. Her gezek hem oňa dürli-dürli jogap berýärler. Has takyk maglumat megerem şu bolsa gerek. 1978-nji ýyla çenli Sankt-Peterburgyň şäher raýonlarynyň çäginde 373 köpri, şäherýaka. (Pawlowsk, Zelenegorsk, Petrodwores, Puşkino, Sestroresk baglaryny hem-de Kalinin we Kronşdaty hasaba alanyňda) bolsa 215 köpri bar. Diýmek, Sankt-Peterburgda jemi 588 köpri bar. Özem bu sana diňe şäher ähmiýetli awtotransport geçip bilýän köprüler girýär. Şolardan 21-si iki ýana açylyp-ýapylyp bilýän köprülerdir. Bular leýtenant Şmidt, Dworsowyý, Kirow, Liteýnyý, Bolşoý Ohtinskiý, Aleksandr Newskiý, Wolodarskiý we kiçiräk derýalardaky birnäçe köprülerdir. KIM KÖP ASGYRÝAR? Hemme adamlaram asgyrýar. Bu bir üýtgeşik zat däl. Ýöne on iki ýaşly Donna Grifitsiň asgyryşy welin adaty däl. Ol beýlekiler ýaly, bir-iki gezek asgyryp goýmandyr. Ol arakesmesiz 978 günläp asgyrypdyr. GUŞLARY GORKUZAN SAZ Londonyň aerodromlarynyň birinde geň waka boldy. Geçegçi guşlaryň ägirt uly sürüleri uçuş meýdanyny we onuň töweregini tutuşlygyna eýeledi. Çagyrylmadyk myhmanlary kowmak üçin aerodromyň işgärleri ellerinde baryny etdiler. Guşlary tüpeň sesi hem, kastrýullaryň şakyrdysy hem gorkuzyp bilmedi. Ahyrsoňy aerodromyň gullukçylarynyň bir topary ylgamakdan ýaňa ýadap, dynç almakçy boldy. Kimdir biri rokk-sazynyň alnyp berlişine gabat getirilen tranzistory açdy. Bu galmagaldan we takyrdydan ýaňa, göz açyp-ýumasy wagtyň içinde geçegçi guşlar zym-zyýat boldy. ZATLARYŇ TARYHYNDAN Ýaňy, XII asyrda hem Ýewropada aýallar-da, erkek kişiler-de jübi ýa-da sumka diýen zadyň nämedigini-de bilmeýärdiler. Haçly ýörişden soň Gündogardan ol ýere getirilen täze zatlaryň arasynda gapjyklar – «sarasin haltajyklary» hem bardy. Olary erkek kişilerem, aýallaram guşagyndan asýardylar. Şeýle «haltajyklary» her dürli ululykda tikýärdiler. Soňra olar öz ähmiýetini ýitirýärler. Erkek kişiniň eşiginde jübi peýda bolýar. Aýallar bolsa, gapjyk ýa-da sumka göterenlerini kem görmeýärler. XIX asyryň başlarynda, ähli ýerde antiki zatlara gyzyklanylan döwürde «ridikýul» – «gülkünç» diýen ada eýe bolan grek wazalaryna–amforlaryna çalymdaş sumkalary tikip başladylar. Tiz wagtdan soň ridikýullar aýal tualetiniň ýan hemrasy boldy. Geçen asyryň ahyrlarynda pyşdyl gapagyndan ýasalan sumkalar moda girdi. Olaryň daşyny kümüş ýa-da altyn çaýyp bezeýärdiler. Sumkalar zergärçilik sungatynyň önümi bolup galdy. MONBLANYŇ DEPESINE... Günbatar Ýewropanyň iň belent gerşi Monblanyňdepesine bir gije-gündize ýetirmän ylgap çykmak, ilkinji gezek iki sportsmene başartdy. Sagat ussasy 28 ýaşly fransuz Žak Berli we Şweýsariýada ýaşaýan 31 ýaşly matematika mugallymy Kristinan Russel 21 sagat 48 minutyň içinde alty kilometri kert daglyga ulaşýan 160 kilometr aralygy ylgap geçip bildiler. Ozalky «dünýä üstünligi» 25 sagat 50 minuta barabardy. AGAÇLARÜÇIN GRADUSNIK Agaçlaryň sagdyn ýapraklaryna garanda, onuň keselli ýapraklarynyň gyzgyny bir-üç gradus artyk bolýar. Şu hili netijäni amerikan barlagçylary çykardylar. Birentek keseller agaçlaryň köklerine zyýan ýetir ýär. Netijede, olaryň suw içmeleri kynlaşýar, bu bolsa ýapraklaryň temperaturasynyň ýokarlanmagyna eltýär. Bu ýagdaýyň özi aerofoto ýa-da infragyzyl şöhlelerde kosmiki surata düşürmeler arkaly keselli tokaýlaryň giň meýdanlaryny ýüze çykarmak üçin peýdalanylyp bilner. RYSARYŇ ÝANYNA–SEŽDE ETMÄGE Öz häsiýetleriniň romantiki baýlygy bilen tapawutlanýan italýan gyz-gelinleriniň müňlerçesi her ýyl Paduýe şäherindäki Gwidarello Gwidareli diýen adamyň mazaryna zyýarat edýärler. Batyr rysar 1501-nji ýylda ajaýyp bir gözel zenanyň mährine hem-de ýaglygyna eýe bolmak üçin ýaryşda söweşip wepat bolupdyr. Şol wagtlar zenanlar özleriniň halan ýigitlerine ýaglyk berýän ekenler. Häzirki zaman gyzlary rysaryň mermerden edilen býustyny öpýärler. Bu olaryň pikiriçe, gyzlara özlerini söýýän hem wepaly äri tapmaga kömek eder. ŞOWHUNDAN GAÇYBATALGA Fransuz inženerleri şowhundan goranmak üçin portatiw ýygnalýan otagy işläp düzdüler hem-de taýýarladylar. Bu kiçijik otagy ýöriteleşdirilen ses geçirmeýän panellerden örän çalt gurup bolýar. Onda stol, ýellenip bişirilýän kürsi we kitap goýulýan tekjeler bar. Şowhundan gaçybatalga uly kärhanalaryň sehlerinde, konstruktor býurolarynda oturtmak üçin niýetlenilendir. DÜRLI DÖWRÜŇ ÄÝNEKLERI Lýuksemburgyň Grewenmaher şäherinden Peter Paul Plýukfelder äýnekleriň uly kolleksiýasyny toplamagy başardy. Onda eksponatlaryň 479-sy bar. Biziň gündelik görüp ýören äýneklerimizden başga-da, onda monokllar we lornetler bar. Diňe pensneleriň on bir görnüşi kolleksiýa bezeg berýär. Ýöne Peteriň özüniň aýratyn guwanýan zady XVI asyrda tikilen başgaplara berkidilen äýnekleridir. Ýeri gelende, şeýle äýnekleriň öz döwründe örän ähmiýetli bolandygyny bellemek gerek. Sebäbi ol wagtlar şäherleriň we uniwersitetleriň kitaphanalary ýyladylmaýar eken. Şunuň ýaly äýnekleri döretmegi durmuş talap edipdir. Öz kolleksiýasyndaky ekzemplýarlary Peter taryhy temadan filmleri döredýän kino firmalara wagtlaýynça ulanmaga berýär. TALAMAKLYGA BERILDI Gemrijileriň näderejede zyýan ýetirýändigini kesgitlemek üçin amerikan uniwersamlarynyň biriniň administrasiýasy adaty bolmadyk synag geçirip görüpdir. Magazin tutuş iki ýylyň dowamynda alakalardan bile-görä goralmady. Tersine magazin olaryň talamagy üçin berildi. Şu döwrüň içinde gemriji ýyrtyjylar kofäniň 1742 gutusyny, dänäniň 14 tonnasyny, gandyň 200 tonnasyny, kakaonyň 15 tonnasyny ýok etmegi ýa-da iýmäge ýaramsyz ýagdaýa getirmegi başarypdyrlar. Munuň üstesine-de doýmaz-dolmaz ýyrtyjylar makaronyň, tüwiniň, konserwalaşdyrylan çorbanyň, ýarmanyň we kiseliň ähli zapasyny doly ýok edipdirler. HAÝALLYGYŇ REKORDY 1991-nji ýylda Germaniýanyň aragatnaşyk işgärleri hatlary adresata giç gowşurmagyň ähli rekordyny döwmegi başarypdyr. Berlinden maliýe organlarynyň salgyt tölemek hakda iberen habary Marsan posýologyndaky Şillerleriň maşgalasyna 11 aý 8 gün diýlende gowşupdyr. Bu hakda «Berliner saýtung» gazeti habar berdi. Şiller «Aragatnaşyk bölümine şu habary asla gowşurmadyk bolsa-da närazy bolmajakdygyny» aýdypdyr. Marsan posýology Berlinden onçakly uzak hem däl ahyryn. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |