11:36 Dünýädäki geñ tañlyklar / dowamy | |
SYGRA BÖKMEGI NÄDIP ÖWRETDILERKÄ?
Geň-taňsy wakalar
Sygryň üstüne münmeklik baradaky pikir ilkinji gezek awstraliýaly fermeriň gyzy Ýozefa Mýoslýanyň kellesine gelipdir. Ol sport atlarynyň ýoklugy sebäpli öz sygyrlary Mari we Lillini türgenleşdirip başlapdyr. Olary münüp, iki ýyl türgenleşik geçipdir. Şondan soň Lilli 80 sm. Mari bolsa 110 sm. beýiklikden böküp geçipdir. DÜNÝÄDE IŇ KIÇIJIK AT ABŞ-yň Rodelfilde şäherinde ýaşaýan S.Mokkoý diýen adam dünýäde iň kiçi atlary döretmek ugrunda işleýär. Onuň häzirki wagtdaky döreden atynyň boýy 90 santimetre deň. Şeýle kiçijik at hem karlyk diýip hasap edilmeýär. ULUDAN ULUSY BAR Kanadada köp ýük göterýän samoswal döredildi. Onuň beýikligi 4,9 metr, dizeliniň kuwwaty 1600 at güýji, kuwwatly samoswalyň uzynlygy 12,7 metr, ini 6,3 metr. Onuň öz agramy 105 tonna barabardyr. Bu samoswal 150 tonna ýük göterip bilýär. GÜN PEJI Polşanyň oýlap tapyjylary elde göterilýän ýeňiljek gün pejini oýlap tapdylar. Ol gün şöhlesini bir ýere ýygnaýan linzalar toplumyndan ybaratdyr. Onuň kömegi bilen çişlik bişirmek üçin gerek bolan gury agajy ýakyp kömür almak, demir gutudaky nahary gyzdyrmak we ot ýakmak bolýar. GÖK ÇAÝ AGZYŇY ARASSALAÝAR Ýaponlaryň «Gök çaý agzyňy arassalaýar» diýen bir nakyly bar. Ýapon biohimikleri gök çaýyň dişiň syrçasyny iýip ýok edýän mikroorganizmleriň ösüşini bökdeýändigine we olaryň köpelmeginiň öňüni alýandygyna göz ýetirdiler. Diýmek, aýdylýan zadyň jany bar eken-dä. Bu zatlary barlagdan geçirip gören alymlar polifenol birleşmeleriň, olaryň içindenem gallokatehiniň goraýyş roluny oýnaýandygyny anykladylar. Dişleriňi zaýalanmakdan gorapsaklamak üçin her gezek nahar iýip bolanyndan soň bir käse çaý içmek ýeterlikdir. GANT –DERMAN Munuň şeýledigini fransuz wraçlary anykladylar. Olar döş kapasasyndaky operasiýadan soňky infisirlenen açyk ýarany gant bilen bejerýärler. Bejeriji wraçlar adaty külke gandy ýara daňýarlar, özem daňyny günüň dowamynda birnäçe gezek çalşyryp durýarlar. Näsaglar 54 günden soň keselhanadan çykyp gidýärler, olar antibiotikler ulanylyp bejerilende keselhanada 85 günläp ýatmaly bolýardylar. KAGYZ FOTOAPPARATLAR Kagyz fotoapparatlaram bolýar. Olary ýapon bazarlarynda satyp ugradylar. Gaty arzan kagyz fotoapparatlar gapyrjaga meňzeşdir. Onuň içinde kassetasy, şeýle hem obektiwi bar. Kassetada 24 kadr bar. Bu fotoapparat bilen 1 metr aralykdan surata düşürmek bolýar. Onuň agramy 100 gramdyr. Plýonka dolansoň, ony laboratoriýa tabşyrýarlar. Şol ýerde plýonkanyň üstünde işläp, ondan surat çykarýarlar. Kagyz fotoapparatyň bahasy kassetadan az-owlak gymmadrakdyr. KIÇIJIK PIL Pilleriň dünýäde iň uly jandardygy hemme kişä belli. Ýöne awçylar Afrikanyň tropiki tokaýlyklarynda karlyk (kiçijik) pilleri tapdylar. Şol piller sygyrdan uly däldirler. IÝILÝÄN ÝYLANLAR Aziýanyň, Afrikanyň, Amerikanyň käbir ýurtlarynda ýylanlary zäherini almak üçin däl-de, iýmek üçin tut ýarlar. Mysal üçin Floridada konserwa gaplanan ýylan iň süýji iýmit hasaplanýar. Ýaponiýanyň restoranlarynda ýylandan taýýarlanan naharlar berilýär. Ynha, Günorta Rodeziýada bolsa ak pitonlary metrläp satýarlar. Alyjylaryň: «Pitonyň 1 metri näçeden?» diýip soramagy turistler üçin gaty geň zatdyr. MADAM BOSSENIŇ UKYBY Fransiýanyň Din şäherinde ýaşaýan otuz ýaşly Margari ta Bosseni hemmeler tanaýar we gowy görýär. Sebäbi Bossende aýratyn bir geň ukyp bar. Ol aglaýan çagany diňdirmegi başarýar. Köp çagalar dynuwsyz aglaýarlar, özem onuň üçin alyp ýatan sebäbem ýok. Şeýle ýagdaýlarda Bosseni çagyrýarlar. Ol aglaýan çagany eline alýar-da, onuň gözüne dykgat bilen seredýär. Salym geçmänem çaga rahatlanýar-da, aglamasyny bes edýär. Ýöne Bosseniň çaga edýän täsiri bary-ýogy 10-12 güne ýetýär. Soň ony ýene çagyrmaly bolýar. Bu täsin ukyply zenan barada Fransiýanyň «Mond» gazeti ýazýar. JENAÝATÇA AÝ KÖMEK ETDI Wiktorian döwürlerinde iňlis kalendarlarynda Aýyň dogýan hem ýaşýan wagtlary görkezilýän eken. Bir jenaýatçy bolsa bu ýagdaýdan peýdalanypdyr. Sud bolanda şaýat Aýyň ýagtysyna jenaýatçyny görendigini, tanandygyny aýdýar. Ýöne jenaýatçy onuň garşysyna çykyş edip, şol gije Aýyň dogmandygyny nygtap, öz sözlerini tassyklamak üçin hälki kalendary görkezýär. Sud ony jenaýat jogapkärçiliginden boşadýar. Birnäçe wagtdan soň mekir jenaýatçynyň bu ogurlyga öňünden taýýarlyk görendigi aýan bolýar. Ol para berip, ýörite şeýle galp kalendary ýasadypdyr. Bu galplygy hakyky kalendar bilen deňeşdirip görmek bolsa, şol wagt hiç kimiň kellesine gelmändir. NÄMÄNIŇ ÜSTÜNDE ÝATSAŇ GOWY? Ýumşak ýelek düşekçede ýa-da maýyşgak krowatda ýatan adamyň göwresi bükülýär. Bu bolsa oňurga ýiligi we beý leki gysylan içki organlarynyň gan aýlanyşygynyň bozulmagyna getirýär. Mundan başga-da, şonda emele gelýän fiziologiýa däl (adatça oňurganyň duşmaýan) egrelmelerinde nerw damarlary gysylyp bedeniň degişli ýerlerinde nerw üpjünçiligini kadadan çykarýar. Ýöne gaty tekiz üstde ýatmaklyk bularyň hötdesinden gelýär. Ýöne ýerden lukmanlar oňurgasyna şikes ýeten ýa-da radikulit bilen kesellän adamlara gaty, tekiz düşekde ýatmaklygy maslahat bermeýärler ahyryn! ÝASSYKLYMY ÝA-DA ÝASSYKSYZ?! Sagdyn adama ýassyksyz uklamak maslahat berilýär. Munuň özi boýun oňurgasynyň normal ýagdaýyny üpjün edip, beýniniň gan aýlanyşyny oňatlaşdyrýar, kelle süňküniň içki basyşyny kadalaşdyrýar, ýüz we boýun hamlarynyň ýygyrtlarynyň emele gelmeginiň ýa-da köpelmeginiň öňüni alýar. Ýöne ýürek gan damarlarynyň ýetmezçiligi we bronhial astma (demgysma) bilen kesellänlere keseliň geçýän ýa-da gaýtalaýan wagty wagtlaýynça ýokardaky aýdylanlardan gaça durmak maslahat berilýär. HAPADAN – ELEKTRIK TOGY Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lampurda her gün ýygnalýan üç müň tonna hapa şäheriň ilaty üçin elektrik togunyň çeşmesi bolar we munisipalitete goşmaça girdeji girizer diýip, «Star» gazeti ýazýar. Kuala-Lumpuryň meri Omar Eliasyň aýtmagyna görä, şäher häkimiýetleri gaýtadan işleýän kärhanalaryň ikisini gurmak hakynda karar kabul etdiler. Ol kärhanalar eltilýän hapany diňe ýakmak bilen çäklenmän, ony köçeleri ýagtyltmak üçin ulanyljak elektrik toguna öwrerler. Umumy kuwwatlylygy 35 megawatt bolan obektleriň ikisi ýene iki ýyldan ulanylmaga berler. Ol hapalaryň içinden organiki dökün üçin ýarajagy we metal bölekleri saýlanylyp alnar. HATARLY ÇAÝ IÇIŞLIK Britaniýanyň «Aý-ti-wi» telekompaniýasynyň geçiren «Teleton-90» telemarafonynyň gidişinde 24 million funtsterlingden gowrak pul toplanyldy. Arasynda syýasy işgärler, meşhur artistler we sazandalar, estrada aýdymçylary, ýagny on müňlerçe adam umumy girdejili 40haýyr-sahawat çärelerine gatnaşdylar. «Teletony» mahabatlandyrmak we täze-täze serişdeleri çekmek maksady bilen örän täsin rekordlary goýan batyrlar tapyldy. Meselem: aýallaryň birnäçesi içi akulalardan doly çuň howdanda çaý içdi. DYRNAK SATYLÝAR Nýu-Ýorkda köçä çykylanda dakynmak maslahat berilýän dyrnaklaryň sergisi bolup geçdi. Plasmassadan ýasalan arzan dyrnaklaram we platinadan ýasalan gymmat dyrnaklaram bar. Gymmat dyrnaklaryň arasynda elde ýasalyp, nagyşlanylan we gymmat baha daşlar bilen bezelen dyrnaklar-da bar. Olaryň arasynda aýal-gyzlar üçin niýetlenilen ýedi santimetr uzynlykdaky dyrnaklar hem bar. TANSDAN SOŇKY ÝAGYŞ Tomsuň yssysy artyp ekinlere gyssagly suw gerek bolan halatlarynda afrika taýpalarynyň köpüsinde «ýagyş tansy» başlanýar. Olaryň oduň töwereginde tans etmegi ýewropalylara gülkünç görnerdi. Ýöne gadymy yrymlaryň berýän netijelerini derňäp gören spesialistler ol adamlaryň netijeleriniň ähtimallyk teoriýasyna seredeniňdäkiden köpräkdigini bildiler. Spesialistleriň anyklamagyna görä, olaryň ýakýan agaçlarynyň küli ýagyş ýagdyrmak üçin samolýotdan sepilýän kümüşli azot ýaly howa aralaşyp, ýagyş ýagmasyny emele getirýän eken. ŞEÝLE KANUN BAR Malaýzida är-aýal wepalylygyny düzgünini bozanlar üçin ýörite jeza bellenýär. Birinji dönüklikde aýalyň oýnaşy jezalandyrylýar. Ikinjide–aýalyň özi. Diňe üçünji ýagdaýda şol aýalyň äri jezalandyrylýar. JEZALARYNY ÇEKERLER Sýurihde (Şwesariýa) sapaklaryndan birugsat, yzygiderli galandyklary sebäpli orta mekdebiň ýedi okuwçysyna pul jerimesi bellendi. «Sapakdan galmak, döwlet tarapyndan esaslandyrylan düzgüniň bozulmagydyr, günäkärler öz degişli jezalaryny çekmelidirler» diýip, sud bu işi şeýle çözdi. GIMNI ÝOÝSA Filippinlerde ýurduň Gimni ýerine ýetirilýän wagty, ony ýoýan her bir adam aý möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edilýär, munuň üstesine şol adam 50 dollar jerime-de tölemeli. ONUŇ NÄME GÜNÄSI BARKA? Bir parkyň direktory, Marko Dzordzi bir ýarym million mir jerime töleýär we türmä düşýär. Onuň näme günäsi barka? Marko Dzordziniň özüni ýuwaş. ylalaşykly alyp barmagy netijesinde, şol parkyň ne gözel ýodasy maşynlaryň gatnaw ýoluna öwrülip gidipdir. Günäkär hökmünde şäheriň merem suduň öňünde kellesini ýalaňaçlamaly edildi. «SYRKAWYŇ ÝAGDAÝY ÝEŇILLEŞDI» Sankt-Peterburgyň 17-nji keselhanasynyň hirurgiýa bölüminde operasiýa edilen syrkawa asma ukol arkaly towuk çorbasy berildi. Bölümde praktika geçýän gyz (meduçilişäniň okuwçysy) syrkawyň aýalynyň «oňa çorba dadyrmagyň» gerekdigi hakynda aýdanlaryna gös-göni düşünipdir. Syrkawyň dem almasy kesildi. Her näme-de bolsa, onuň ömür tanapynyň üzülmeginiň öňi alyndy. ALYŞ-ÇALYŞ SÖWDASY Primorskiniň ýaşaýjysy Alena Frolowa özüniň bir aýlyk çagasyny jinsiden edilen ýuka hem-de kosmetiki zatlara çalyşdy. Ýöne ony munuň üçin sud edip bolmaz. Sebäbi Russiýa Federasiýasynyň Jenaýat kodeksinde şu ugurdan hiç hili madda ýok. ÝEŇILMEZEK ABEBE BIKILA Dünýä sportunda ady rowaýata öwrülen adamlar bar. Efiopiýaly marofonçy Rimde hem-de Tokioda geçen Olimpiadalaryňgahrymany Abebe Bikilanyň ady kyrk ýyl bäri dünýäniň dürli künjeklerinde sport muşdaklaryny haýrana galdyrýar. Golaýda onuň hormatyna Efiopiýada markalaryň giden bir tapgyry çykaryldy. Efiopiýanyň ýaragly güýçleriniň kapitany Abebe Bikila «Şoa» welaýatynyň çet demirgazygyndaky obajykda 1933-nji ýylda dünýä indi, çagalykdan öz halkynyň sport oýunlary bilen gyzyklandy. 1953-nji ýylda ratoryň gwardiýasynyň gullugyna çagyrylandan soň, ylgamak bilen çynlakaý meşgullanyp başlady. Milli ýaryşlaryň köpüsinde üstün çykansoň, ony Efiopiýanyň olimpiýa komandasynyň hataryna kabul etdiler. Rimde 1960-njy ýylda geçirilen olimpiýadada Abebe Bikila ajaýyp netije görkezdi. Indi ony kimdir biriniň gaýtalamagy nägümana. Marafon üçin uzak aralygy piýaly sportsmen aýakýalaňaç ylgap geçdi. Özem meşhur Emil Zatokekonyň dünýä rekordyny gös-göni ýedi minutda täzeledi. 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýada-da hem Bikila birinjiligi eýeledi. Öz durmuşynda Abebe Bikila Marafon ýaryşlarynyň 22-sine gatnaşdy. Şolaryň on bäşisinde ýeňiş gazandy. 1969-njy ýylda ol awtomobil heläkçilige uçrady. Onuň aýaklary ysmaz boldy. Ýöne Abebe Bikila ejizlemedi. Sporty taşlamady. Ol inwalidler üçin guralýan Halkara ýaryşlara gatnaşdy. Deňi-taýy bolmadyk sportsmen 1974-nji ýylda aradan çykdy. TÄZE SALGYT Ekwatorial Gwineýa Respublikasynda «Parahatçylygyň hatyrasyna salgyt» diýlen täze salgyt girizildi. Täze salgydyň ekwatorial Gwineýanyň Demokratik partiýasyna degişlidigine seretmezden, ony ähli graždanlar tölemeli. Onuň möçberi bir ýylda alty müň afrikan frankyna (120 fransuz frankyna) barabar. Partiýanyň ýolbaşçylary täze salgydyň ýurtda parahçylygy berkitmäge hem-de saklamaga respublikanyň graždanlarynyň ählisiniň bähbitlerine hyzmat etjekdiklerine ynanýarlar. Şol bir wagtyň özünde partiýa halkyköpräk öz ýurtlarynda öndürilýän harytlary satyn alyp, daşary ýurt önümlerini almagy köpeltmäge çagyrdy. KÖNE KÜÝZEDÄKI HAZYNA Kairdäki jaýlaryň birinde remont işleri gidýärkä, hazyna tapyldy. Onuň agramy sekiz kilograma barabar. Jaýyň diwaryna goýlan küýzäniň daşy suwalypdyr. Köne küýzäniň içinde orta asyrda çykarylan altyn dinarlaryň iki ýarym müňüsi bar eken. Müsür häkimiýeti bu hazynany öwrenmek üçin ýörite komissiýa döretdi. Sebäbi, onuň taryhy ähmiýetem bar, baýlygyň özem az zat däl ahyryn!.. MILLIONER BOLMAK HEZIL-OW... Günorta afrikaly millioner Ul Henning Aswihens atly adama äre çykmaga isleg bildiren gyzlaryň sany gysga wagtda otuz ikä ýetäýipdir. Angliýaly, günorta Afrikaly, täze Zelandiýaly, Saud Arabystanly gyzlaryň Aswihensiň ýaşy bilen gyzyklanmazlygy birneme geň görerlikdir. Ol 88 ýaşynda. Özüne ýurt eýesini dogrup berjek aýal bilen nikalaşmak niýetiniň bardygy hakynda bildirişi ol dürli ýurtlaryň metbugatynda çap etdiripdi. Özüniň geljekki aýalyna ol gowy durmuşdan başga-da, boljak her bir çaga üçin baýrak berjekdigini habar berdi. Eger aýaly ogul dogursa bir million, gyz dogursa bolsa ýarym million rend (rend–Günorta Afrika Respublikasynda pul birli gi) baýrak berler. U.H.Aswihens aýal bolmaga dalaş edýänleriň her biri bilen aýratyn duşuşmakçy. Şondan soň olaryň birden birini saýlar. Munuň üçin millionerleriň öz hasaplamalaryna görä üç-dört aý wagt gerek bolsa gerek. ÝYLAN ZÄHERI RAK KESELINE GARŞY Kipr uniwersitetiniň alymlary kepjebaşyň zäherinden rakyň öýjüklerini dargadyp ýok edýän madda almagy başardylar. «Al-Ahram Uikli» bu hakda habar berdi. Şol habarda aýdylyşyna görä, alymlar ýylanyň zäherini özüniň belok sostawy hem-de raky dargadyp ýok edip biljek mümkinçiliklerine äňedip, dört sany esasy komponentlere böldüler. Oňa has güýçli täsir edýäni üçünji bölek boldy. Biohimiýaçy professor Fawzi Fahminiňgazetiň habarçysyna beren gürrüňine laýyklykda laboratoriýalarda synag geçirilende haýwanlaryň bir bölegine zäheriň üçünji komponenti goýberilipdir. Hiç hili üýtgedilmedik zäher bilen haýwanlaryň ömrüniň dowamlylygy 70 prosent, üçünji komponent zäher berlenleriniňki bolsa 90 prosent azalypdyr. Mikroskoplaryň kömegi bilen zäheriň täsir etmegi netijesinde, rak öýjükleriniň «köküniň» düýbünden kesilýäni belli boldy. ÇILIM ÇEKÝÄNIŇ DAT GÜNÜNE! Marokkonyň parlamenti jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi, temmäki önümleriniň telewideniýäniň hem-de radionyň üsti bilen reklama edilmegini gadagan edýän kanuny kabul etdi. MAP agentliginiň habar bermegine görä, bu gezek dürli partiýalaryň wekilleri bolan deputatlar haýran galarlykly kanuny biragyzdan kabul etdiler. Şu kanuny bozýanlar üçin berk temmi berilmegi göz öňünde tutuldy. HASALAR WE HASAJYKLAR Londonda hasalaryň her hili görnüşleriniň sergisi guraldy. Olaryň arasynda şular ýalyhasalar bar: hasa-gylyç, hasa-dürbi, kompasly hasa (bular öz wagtynda deňizçiler üçin ýasalypdyr), içine temmäki salynýan hasa-mytaraly we jürlewükli hasalar. Hasa berkidilýän mytaralar iki bölekden ybarat bolup, olaryň birine spirtli içgileriň we beýlekisine agyz suwunyň guýlandygy gaty gyzyklydyr. Munuň şeýledigine hasanyň ýüzündäki ýazgylar şaýatlyk edýär. EGER MERIDIAN BOÝUNÇA ÝATSAŇ... Meridian boýunça uklamak örän oňat hasaplanýar. Kelläňi demirgazyga, aýaklaryňy günorta tarap uzadyp ýatmaklyk adamyň biopolýasyny Ýeriň magnit meýdany bilen sazlaşdyrýar. ADATY BOLMADYK AWTOMOBIL Amerikanyň «Ultra limuzin» firmasy adaty bolmadyk awtomobili ýasady. Onuň uzynlygy 28 metr. Maşynyň içinde ullakan ekranly telewizor, balyk üçin 249 litrlik akwarium, uly bolmadyk ýüzüş basseýni, hatda kriket oýny üçin 6 metrlik ýodajyk hem bar. Awtomobile 35 adam ýerleşýär, bahasy 35 million dollar. Şunça puluňyz ýok bolsa, gynanyp oturmaň. Bu awtomobili her gününe «bary-ýogy» 10 müň dollar töleseň, prokata alyp bilersiň. ÝAÝ HÄZIRKI ZAMAN ÝARAGYDYR Britaniýanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri adamlara ýaý satmagy gadagan etmek hakyndaky meseläni orta atýarlar. Beýle edilmegine iňlis aýallarynyň biriniň öz bäsdeşini ýaý bilen atyp öldürmegi sebäp boldy. Häzirki zaman ýaýlary we arbaletleri teleskop nyşanly, olar 100 metr aralykdan nyşanany urýarlar, özüniňem hiç hili sesi ýok. Ýaýlar hususan-da Folklend adalarynda bolan çaknyşykda ulanyldy. TAPLANAN DAGLYLAR Nepalyň belent daglyk raýonlarynda we Hindistanyň käýerlerinde ýaşaýan şerpler halkyýeti özüniň sowuga çydamlylygy bilen tanalýar. Şerpler 40 graduslyk sowukda bütin bir gijäni ýalaňaç ýerde saglygyna hiç hili zelel ýetirmezden geçirmäge ukyplydyr. Şonuň üçin Hindistanda «şerp ýaly jany berk» diýýärler. Önki wagtda şerpleri Hindistandaky britan kolonial goşunyna göwünjeň alardylar. Häzir olar dünýäniň belent daglaryny boýun egdirýän alpinistleriň köp sanly ekspedisiýalarynda belet hökmünde üstünlikli çykyş edýärler. «SAKÇY UÇASTOKLAR» NÄMÄ GEREK? Uklaýan beýnide «sakçy uçastoklar» ýa-da «sakçy penjireler» bar. Meselem, gaty galmagallar, sesler enäniň süýji ukusyny bozmasa-da, ol çaganyň çalaja agysyna oýanýar. Esgerler uruş wagtynda, köplenç, topuň gümmürdisinde-de uklap bilselerem, komandiriň komandasy ýaňlanan dessine laňňa galaýýarlar. AZERBAÝJANDAKY ÝEKE GÖZLI DÖW Bakuwyň geň hadysalar klubunyň başlygy Ali Ahberdiýewiň «ASSA–IRADA» agentliginiň habarçysyna gürrüň bermegine görä soňky döwürde adamlar geň jandarlara gabat gelip ugrapdyrlar. Kaspiniň ýokary harby uçilişesiniň kursantlarynyň bir topary Baku zeýtunlyk jülgesinde durşuna garamtyl-goňur tüý bolup duran, nar pisint, ýeke gyzyl gözli mähnet jandara gabat gelipdir. Görlüp oturylsa, adamlar şeýle jandarlara Apşeronda öňem duş gelen ekenler. Apşeron ýarym adasyndaky Kýurdahan obasynda ýaşaýan adamlar 1989-njy ýylyň gyşynda ädimi adamyňkydan dört esse uly, özem ylgap ýören bir zady görüpdirler. Bakuwyň metropoliteniniň awtomehanigi Şamil Aliýew ýeke gözli döwe baryp 1989-njy ýylyň fewralynda metronyň «Depo» stansiýasynyň ýanynda gabat gelipdir. Bakuwyň geň hadysalar klubunyň işgärleri şeýle geň zatlar hakda habar bermeklerini ýarym adanyň ilatyndan haýyş etdiler. OPERANYŇ AWTORY ALTY ÝAŞYNDA Olýa Zarankina Moskwanyň etegindäki Žukowskiý şäherinde ýaşaýar. Ol eýýäm 100-den gowrak aýdymyň awtory boldy. Ol bu aýdymlary ýaňy dört ýaşlarynda ýazypdy. Indi ýaş kompozitor alty ýaşynda. Şol döwrüň içinde Olýajyk «Kistoçkaly Belkajyk» atly üç aktly opera ýazdy. Diňe munuň bilen çäklenmän, Olýa onuň goşgularyny-da liberettosyny hem özi ýazdy, özi düzdi. GALYPA GELMEÝÄN OGLAN Serýoža Ýeliseýewiň ejesi Alla Borisowna üçin ogluna mekdep formasyny tapmak çykgynsyz ýagdaýa öwrüldi. Moskwanyň 496-njy mekdebiniň dokuzynjy klasyny tamamlan Sergeýiň boýy 190 santimetr, agramy 140 kilogram. Diýmek, Sergeý üçin 60-njy razmer mekdep formasy, 47-nji razmerem aýakgap gerek. 73 ÝYL BÄRI... UKUDA Bu waka barada uly gürrüňleriň başlanmagyna 73 ýyl mundan ozal aradan çykan Rozaliýa atly 2 ýaşly gyzjagazyň beýnisiniň işjeňlik görkezip başlamagy sebäp boldy. Kellesi sary bantly, goňur kepene çolanyp, aradan çykaly bäri esli wagt geçen-de bolsa oňat saklanyp ýatan kiçijik Rozaliýa medisina dünýäsine sarsgyn saldy. Ol 1918-nji ýylda, 2 ýaşyndaka öýken sowuklamasyndan aradan çykdy. Bu betbagtçylyga, gyzjagazlaryndan aýra düşmäge ýürekleri çydam etmedik ata-ene gyzlaryna adamyň bedenini garratmaýan iňňe sançdyrýarlar. Soňra gyzjagazyň jesedini, özleri islän wagty görüp bilerler ýaly, aýna gapakly tabyda salyp, Sisiliýadaky Palermo şäherinde ýerleşýän kiçijik ybadathanada saklaýarlar. Çaganyň bedeniniň şeýle gowy saklanyşyna alymlaryň özleri-de haýran galýar. Rozaliýanyň saçlary hem 73 ýyl mundan öňki durkuny ýitirmändir. Palermo şäherindäki bu ybadathanajyga gelýänler 30 ýyl mundan öň kiçijik gyzjagazyň bedeninden lawandanyň ysynyň gelýändigi hakda gürrüň edip başlapdyrlar. Bir gezek, ybadathana gelen orta ýaşlaryndaky erkek kişi tabytda ýatan gyzjagazyň sähel wagtlyk gözlerini açyp-ýumandygyny aýdandan soň, jaý süpürijiler bu ýeri syryp-süpürmekden boýun gaçyrypdyrlar. Hudaýa çokunmak üçin bu ýere gelýänleriň käbiri bolsa «gyzjagaz taňrynyň emri bilen dem alýar» diýip, gürrüň ýaýradypdyrlar. Gyzjagazda dirilik alamatlarynyň bardygy baradaky habar kiçijik ybadathanajyga köp sanly zyýaratçylaryň çozup gelmegine sebäp bolupdyr. Bu ýere gelen alymlar topary üýtgeşik netijä garaşmandylar. Ýöne... kompýuterli barlag apparaty Rozaliýanyň beýnisinde örän gowşak elektron impulslaryň bardygyny görkezdi. Şeýle impulslary bolsa diňe diri adamyň beýnisi berip bilýär. Beýniniň işjeňliginiň dowamlylygy bir gezek 33 sekunta, ýene bir gezek bolsa 12 sekunta ýetdi. Gyzjagaz uklap ýatan ýagdaýynda onuňbeýnisiniň işjeňligi şeýle häsiýetleri bererdi. – Medisina dünýäsi adam beýnisiniň syrlaryny diňe ýaňy açmaga başlady–diýip, britan alymy Dewid Jekson aýtdy. Medisina işgärleriniň topary öz gözegçiliklerini dowam edýär. RIMLILERDEN GÖRELDE ALYŇ Biziň eramyzyň birinji asyrynda gadymy rimliler Britaniýadaky berkitmelerini taşlap gidenlerinde ýerli taýpalaryň ýarag ýasamazlygy üçin demirden ýasalan ähli zatlaryny gömüpdirler. Gömlen zatlaryň barysyny yhlas bilen dokumentleşdiripdirler. Şeýle dokumentleriň biriniň üsti bilen arheologlar Şotlandiýanyň rim galalarynyň biriniň golaýynda 12 tonna çüýüň gömlendigini bildiler. Dogrudan hem şol ýerden 857 müň sany çüýi tapdylar. Üstünden 1900 ýyldan köp wagt geçse-de, şol çüýleriň köpüsi poslamandyr. Şonuň üçinem bu ýagdaý radioaktiw galyndylary gömmek bilen meşgullanýan inženerleriň ünsüni özüne çekýär. Eger rimliler ýaly, şol inženerler hem öz işine yhlasly ýapyşsalar, onda poslamaýan konteýnerlerde gömülýän radioaktiw galyndylar üstünden 19 asyr geçenden soň öz zyýanly täsirini ýitirer–diýip, Bolgariýanyň «Orbita» hepdeligi ýazýar. ÜÇ ATLY ÝAPRAGYŇ AŞAGYNDA Gawaý adasyndaky Alakan batgalygy Ýer ýüzünde iň çygly ýer. Şonuň üçinem iň ullakan ot–günneriýa şol ýerde ösýär. Onuň 50-ä golaý görnüşi bize duş gelýär. Kauai adasynda onuň ýapragynyň ini 2,4 metre ýetýär. Günneriýanyň ýapragynyň ininiň 3 metre ýetýänine-de duş gelinýär. Günneriýanyň ýapraklarynyň birisiniň aşagynda birbada üç atly ýerleşip bilýär diýýärler. Dürli ýurtlaryň halklary günneriýany derman, mürepbe, piwo, gönüň ýerine ulanylýan suwuklyk görnüşinde, şeýle hem saýawan ýasamakda ulanýarlar–diýip «Neşil kaýldlaýf» žurnaly ýazýar. TÄSIN REKORD Ajaýyp «rekordlaryň» birisi otuz ýyl mundan ozal ABŞ-da goýlupdyr we şu güne çenli oňa hiç kim üns bermändir. Gürrüň aşgazanyndan 258 predmet alnan bir erkek kişi barada gidýär. Şol predmetleriň 88-si teňňe, 39-sy dyrnak gyrar ýaly ige, 26-sy açar, galanlary bolsa başga dürli predmetler diýip, «Mlady swet» (ÇSFSR) žurnaly ýazýar. IŇ BEÝIK JAÝ Häzirki wagtda iň beýik, köp gatly jaý Çikagoda (ABŞ) ýerleşýär. Şol 110 gat jaýyň umumy beýikligi 440 metr. Ýeri gelende, ondan-da has beýik jaýyň guruljagyny aýdyp geçeýin. Ýaponiýanyň ýaşaýyş jaýlaryny gurýan Taý säý kompaniýasy bu babatda belli bir karara geldi. Piramida görnüşindäki bu jaý 800 gatdan ybarat bolar. Bu geň jaýyň belentligi Fudziýama dagyndanam 220 metr beýik, ýagny, dört müň metre deň bolar. Şeýle beýik jaýy gurmak üçin diametri alty kilometrlik meýdan gerek. Jaýyň gurluşygy otuz ýyla dagy çeker. Şol jaý 150000 (ýüz elli müň) milliard iýeme (iýen–Ýaponiýada pul birligi) düşer. Jaýa 500 700 müň adam ýerleşer. ÝEDI SANY TÄSIN ZAT «Dünýäniň ýedi sany geň zady» diýen düşünje bize antik döwürden gelip ýeten bolmaly. Şol döwürlerde ägirt uly desgalara geň zat diýer ekenler. Gizadaky müsür piramidalary, Semiramidanyň Wawilondaky kemerde ösen, sallanyp duran baglary, Artemidanyň Efesdäki ybadathanasy, Zewsiň Olimpiýadaky heýkeli, Aleksandriýadaky faraos adasyndaky boýy 37 metrlik heýkeli, Aleksandriýadaky faraos maýagy şol geň zatlardyr. Gynansak-da, bu geň zatlaryň hemmesi biziň döwrümize çenli gelip ýetmändir. IŇ ULY ŞÄHER 31 million ilaty bolan Meksikanyň Mehiko hem-de 25,8 million adamy bolan Braziliýanyň San-Paulu şäherleri dünýäde iň uly şäherler bolup durýar diýlip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady komissiýasynyň Latyn Amerika üçin Santýagoda çap edilen dokladynda aýdylýar. KÖP SERIÝALY FILM Bize mälim bolşuna görä, dünýäde iň köp seriýaly Braziliýanyň «Gyrnak Izaura» filmi bolmaly. Braziliýanyň özünde bu filmiň 100-den-de köp seriýaly kartinalarynyň bardygyny, Sowet Soýuzynyň bolsa bu filmiň iň gysga–15seriýasyny satyn alandygyny«Komsomolskaýa prazda» gazeti öz sahypasynda ýazýar. Gazetiň bellemegine görä, bu filmiň has köp seriýalysynyň mazmuny hem biziň ýurdumyzda görkezilenden kän bir tapawutlanmaýar. Uzyn seriýasynda epizodlar birazajyk süýndürilipdir. DÜNÝÄDE IŇ BAÝ KIMKÄ? Daşary ýurt metbugatynyň habar bermegine görä, planetanyň iň baý adamy häli-häzirem Aziýa kontinentindäki uly bolmadyk Bruneýa Hassapal Bolknah döwletiniň soltanydyr. Onuň emlägi 25 milliard dollar bahasynda kesgitlenilýär. Ikinji ýeri Saud Arabystanynyň koroly Fahta eýeleýär. Onuňky 18 milliard. Amerikaly Mars diýen adamyň maşgalasynyň adybir konditer konserniniň hümmeti 12,5 milliard bahalanýar. Dünýäniňiň baý aýaly iňlis korolewasy Ýelizaweta P-dir. Onuňmilliard dollar baýlygy bar. Ol şol bir wagtyňözünde Ýewropada iň baý adamdyr. Latyn Amerikasynda bolsa birinjiligi braziliýaly senagatçylar maşgalasy De Morazs özünde saklaýar. Olarda 2,3 milliard dollar bar. Bu sanawaçdan Afrika-da kem galanok. Onuňam öz milliarderleri bar. Olaryň biri Marokkonyň koroly Hasan P we altyn hem almaz bilen iş salyşýan Günorta Afrikanyň «De Bris» kompaniýasynyň eýesi bolmaly. Olaryň hersiniň 1,3 milliard hazynasy bolup bu kontinentde birinji ýeri iki paýlaşmaly bolýarlar. «De Birs» kompaniýasynyň hojaýynyna Garry Oppengeýmer diýýärler. Sowet Soýuzyndaky milliarderler hakynda welin hiç hili maglumat ýok. GORKY... BEJERDI Ren atly fransuz şäherinden bolan Jak-Mozes Sowini entek üç ýaşyndaka güýçli gök gümmürdisinden gorkupdy. Şol günden başlap oglanjyk gürläp bilmesini goýupdy. Wraçlaryň kömek etjek bolup eden ähli synanyşyklary şowsuz tamamlandy. On bäş ýaşyna ýetende ol bir gezek şäheriň golaýynda ýerleşýän obanyň töweregindäki tokaýda gezelenç edip ýördi. Duýdansyz ýerden onuň üstüne ygyşyp ýören itleriň bir sürüsi topuldy. Olar üýrüşip hem-de dişlerini gyjaşyp, oglanjygyň üstüne hüjüm etdiler. Ol gorkusyndan golaýdaky daragta tarap ylgady. Bu daragt ullakan dub bolup çykdy. Ýokaryk dyrmaşdy. Itler agajyň daşyny gurşap alyp, dişleri bilen oňa ýetäýjek bolýardylar. Jak welin barha ýokaryk dyrmaşýardy. Iki sagat töweregi wagtdan soň itler gitdiler. Oglanjyk daragtdan syrylyp düşdi. Ine, şonda ol özüniň gürläp bilýändigini aňyp galdy. Öýe gelip, ol ene-atasyna bolan waka hakda jikme-jik gürrüň bermegi başardy. NOBEL KIM? 1864-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda gündiziň günortany Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmda elhenç partlama bolup geçipdir. Mundan birnäçe minut öň hem Alfred Nobeliň nitrogliserin fabrigi bolan bu ýerde şol partlamadan soň uly çukur emele gelipdir. Şol wagt halas ediji topara Alfred Nobel ýolbaşçylyk edipdir. Onuň kakasy portlarda gurluşyk işlerini geçiripdir. Alfred ýaş wagtynda kakasyna kömek beripdir. Alfred Nobel himiýany ilki Russiýada, soňra ABŞ-da we Fransiýada öwrenipdir. XIX asyryň ortalaryna çenli has öň açylan gara däri partlaýjy madda hökmünde peýdalanylypdyr. Nobel öz fabriginde açyk nitrogliserini öndürmäge başlapdyr. Ýöne bu ýagjymak suwuklygy saklamak örän howply bolupdyr. Sebäbi ol güýçli yranmada we temperaturanyň çala üýtgemesinde partlapdyr. Nobeliň fabrigini ýok edenem şu hili partlamadyr. Bir gezek agzy gowy ýapylmaýan demir gaba nitrogliserin guýup, ony hem yranmaz ýaly gapyrjaga salyp, gyralaryna çäge guýupdyrlar. Ony bir ýerden başga bir ýere äkidenlerinde nitrogliserin dökülip çägä siňipdir, emma partlaýyş bolmandyr. Ol nitrogliserin siňen çägäni barlap görende nitrogliseriniň partlaýyş ukybyny saklap, yranmada we temperaturanyň üýtgemesinde partlamanyň bolmaýandygyna göz ýetiripdir. Bu täze güýçli hem-de howpsuz partlaýjy madda Nobel «dinamit» diýip at beripdir. Dinamit ilki açylanda ony ýol gurluşyk işlerinde, ýerasty geçelgeler gazmakda, kanallary geçirmekde we mineral baýlyklary gazyp almakda peýdalanypdyrlar. Soňra ony franklaryň we pruslaryň urşunda hem ulanypdyrlar. Nobel 1895-nji ýylda özüniň uly baýlygynyň hasabyna öz adyna her ýyl berilýän sylag döredilmegini sargyt edip wesýetnama galdyrypdyr. Alfred Nobeliň wesýetine görä, bu baýrak fizika, himiýa, medisina we başga ugurlar boýunça uly açyşlary edenlere berilmeli edilipdir. Däp bolup gelşine görä, Nobel baýragy her ýylyň 10-njy dekabrynda–Nobeliň aradan çykan güni berilýär. Dinamiti oýlap tapan Alfred Nobel özüniň wesýetinde görkezişine görä, köp zatlary döredip we açyp biljek ýaş alymlara kömek etmegi maksat edinipdir. UZYN BOÝLY ADAMLAR Ýewropada iň uzyn boýly iňlis Kris Grineriň boýy 228,6 santimetr bolupdyr. Ony amerikaly Sendi Allen bilen deňeşdiripdirler. Şonda Sendi Alleniň boýy Kris Grineriňkiden uzyn bolupdyr. Onuň boýy 231 santimetr eken. * * * Watussi we wanýaturu taýpalarynyň erkek adamlarynyň boýy 190-200 santimetr. Olaryň köpüsi ýokarlygyna bökmekde we tyg zyňmakda ýokary netijeler gazanypdyr. * * * Dünýäde iň uzyn boýly hytaýly gyz Çen Sziilýanyň boýy 1983-nji ýylda, 16 ýaşyndaka 240 santimetr, agramy bolsa 147 kilogram bolupdyr. * * * 1930-nji ýylda Meksikanyň demirgazygynda uzyn boýly adamlaryň giden bir gonamçylygy ýüze çykypdyr. GOÝUN KELLELI GÖMÜLGEN Şeýle ýylany Başgyrdystanda Şaripowa obasynyň golaýyndaky kölde gözi bilen görenler bar. Özem ony görenler onlarça. Adamlaryň birine, hatda, onuň suratyny almagam başardypdyr. Gömülgeniň ýogynlygy ep-eslije bar, onuň derisiniň, reňkem ýaşyl uzynlygam 6-7 metre ýetýär. Ol hemişe diýen ýaly kellesini gaty dik ýokaryk göterip ýüzýär. Adaty ýylanlar häzir gyş ukusyna gitdiler. Oňa welin kölüň kenarynda gabat gelinýän wagty bar. Bu ýeriniň adamlary uly ýylanlary indi görmeli del. Olar uly ýylanlary göre-göre gelýärler. Ýöne şeýle kelleli uly gömülgeni weli, olar hiç haçan görmändirler. OT DAGY NÄMEJIK! Günorta afrikaly Sarel fon Feýpig otdan gorkýan adam däl. Ol közleri eline almak boýunça dünýä çempiony. 25 ýaşly S. fon Feýpig arada öz rekordyny täzeledi. Ol şonda elini oduň içine sokup, 300 gezek gysymynda gysyp köz çykardy. Bu adam özüniň oda çydamlydygyny mundan alty ýyl öň bildi. Ol şonda oda gaçan eti eli bilen almaly bolupdy. Şeýlelikde-de 1990-njy ýylda 174 gezek, soňam 270 gezek elini oda sokup, rekord goýup ugrapdy. Otdan gorkmaýan bu ýigit tomaşa görkezip gazanýan ähli pullaryny Günorta Afrikanyň kömege mätäç çagalarynyň fonduna geçirýär. DÜNÝÄDE IŇ ULY GÖWHER Onuň agramy 106 karat (karat – 0,2 grama barabar ölçeg daşy). Ženewada geçiriljek Kristi auksionynda («Kim ýokary?») satyljak bu göwheriň bahasy takmynan 25 million dollar bolar. DINDARLARDA SPID NIREDEN BOLÝARKA? Häzirki wagtda taýlandlylaryň üç ýüz müňüsinde SPID-iň wirusy bar. Özem özlerine wirus degenleriň sany artýar. Şolaryň arasynda ýetginjekleriňem bolmagy aýratyn howsala döredýär. Özlerinde wirus göterip ýören budda monahlarynyň (dindarlaryň) iki ýüzüsi bar... Din bolsa olara aýal-gyzlar bilen islendik gatnaşygy gadagan edýär ahyryn! Bu sanlary telewideniýede çykyş edende ýurtda belli jemgyýetçilik işgäri, hökümetiň çleni Migaý Wirawaýtaýa halk köpçüligine ýetirdi. Bangokda, eger-de, tizden-tiz düýpli çäreler görülmese, onda Taýlandda SPID bilen kesellänler asyryň ahyrynda iki-üç million adama ýeter diýip çaklaýarlar. OGRYNYŇ ON BIR ÝAŞY BAR Hartumda metjitlerden ogurlyk etmek bilen meşgullanýan tüýkesme tutuldy. Körpeje ogry baý çinownikleriň, söwdagärleriň toplanan ýerinde ogurlyk edýän eken. Musulmanlaryň metjide namaz okamaga gelenlerinde aýakgabyny gapyda çykarýandyklaryny kim bilmeýär?! Ýaşajyk tüýkesme diňe bir aýakgaplary däl-de, eýsem pulluja gapjyklary çilmegi-de başarýar eken. Tüýkesmejik tötänleýin diýen ýaly ele düşdi. Söwdagärleriň biri metjitde ýygy-ýygydan ogurlyk bolýandygyny eşidip namaz üçin aşak eglende gapydan gözüni aýyrmandyr. Şonda ol oglanjygyň aýlanyp ýörenini görüpdir. Onuň gymmat baha italýan köwşi oglanjygyň uzyn donunyň aşagyndan tapyldy... Sorag edilende on bir ýaşly ogrujyk, munuň özi üçin ýaşamaga ýek-täk serişdedigiki boýun aldy. ALLA ALMA IBERDI Geň, galarlykly bu waka adaty başlandy. Hindi Okeanyndaky Reýunon adasynda ýaşaýan musulman zenany Raşida Açia gutap bişirmek üçin sekiz sany alma satyn aldy. «Kotiden dela Reýunon» gazetiniň habar bermegine görä, ol ilkinji alty almadan gutaby çalt bişiripdir. Haçan-da ýedinjini iki bölege bölende welin onuň hersiniň kesilen ýerinde garamtyl-gögümtil çyzyjaklara gözi düşüpdir.Şol çyzyjyklar arkaly Raşida Allanyň adyny okap bilipdir. Özem ol arap harplary bilen ýazylypdyr. Öz gözlerine ynanmadyk Raşida ejesiniň ýanyna ylgapdyr. Olar bilelikde şäher metjidiniň ymamynyň ýanyna barypdyrlar. Ol hem zenanlaryň çak edýänleriniň dogrudygyny tassyklapdyr. Indi Raşida adanyň iň meşhur adamlarynyň biri.Täsin alma haýran galarlykly wakanyň bolup geçen ýeri bolan Sen-Per şäherjigindäki metjitdäki ýahdandasaklanylýar. Ýeri gelende gazetde bar bolan maglumatlara görä, Reýunonda öňem şeýle wakalaryň ady ýazylan ýazgylar towuk ýumurtgasynda-da, gawunda-da tapylypdy. Ýerli mollalar muny haçan-da ateizm güýjäp, adamlar Allany ýatdan çykaranlarynda, ol özüniň bardygyny duýdurmak üçin edýär diýip düşündirýärler. TILKÄ AL SALNYŞY Bolgariýada guşçulyga uly zyýan ýetirýän tilkiler şeýle bir köpelýärler weli, hiý, ýönegoýaý! Munuň alajyny agtaran awçylar mekirje mahluklaryň has köpelen oblastlaryna bakan ýola düşenlerinde ýanlaryna tüpeňdenem başga kinniwanja magnitofonyda almagy unutmadylar. Olar täsin tehnikany işledip, özleri buky ýere sowulýarlar. Magnitofonda towuklaryň käkelemesidir gazlaryň gagyldamasy, kiçijik çebşejikleriň tyssyldamasy ýaňlanýar. Aradan birnäçe salym geçýärem weli, sürrenekleşip tilkiler şol ýere eňýärler. OKUWÇY GYZLARYŇ ÄHLISEM ÄRE ÇYKAÝYPDYR... Gadžiado şäherjigi Keniýanyň günortasynda ýerleşýär. Şol şäherjigiň ýüz ýaşly gojasy özünden on esse ýaşy kiçi gyzjagaza öýlenmek isläpdir. Eger-de gyzjagazyň okaýan mekdebindäki mugallymlar bu hakda öz wagtynda bilmedik bolsalar onda onuň arzuwy, belki, amala aşardy. Hüşgär pedagoglar eýýäm gelinligiň ene-atasyna iki sany sygyr, öküz hem-de goýun berip, galyň töläp hormatly gojanyň niýetini puja çykardylar oturyberdiler. Eger-de nikalaşmak başardan bolaýsa, onda mekdepde ýekeje gyz galjak eken. Golaýda ýerleşýän okuw jaýlarynyň üçüsinde-de ýagdaý şeýle. Ýokary klaslylaryňarasynda gyz galmady diýen ýaly. Gyzlaryň käbiri durmuşa çykyp gidipdir. Birnäçesi bolsa äre çykmadygam bolsa çaga garaşýar. Keniýede geçirilen barlaglaryň biriniň maglumatyna görä, her ýyl göwreliligi üçin gyzlaryň on müňüsi mekdebi taşlaýar. Olaryň şeýle ýagdaýa düşmelerine klasdaş deň-duşlary–oglanlar günäkär. Gyzlaryň 5 prosenti bolsa mugallymlarynyň «kömegi» arkaly göwreli bolýarlar. GAÝYNENE NÄÇE ÝAŞYNDAKA? Liwanda her ýyl «Iň ýaşuly adam», «Iň gadymy kitap» ýaly konkurslar geçirilýär. Şolaryň arasynda «Iň ýaş ene», «Iň köp çagaly ene», «Iň ýaş gaýynene» ýaly konkurslar hem bar. Ine, geçen ýyl şeýle bäsdeşlik geçirildi. Şonda iň ýaş gaýyneneleriň konkursynda Beýrut şäherinden Nažaž-al-Homsi diýen zenan ýeňiji boldy. Täsin ýeri, gaýynenäniň bary-ýogy 27 ýaşy bar... BIR ÝARYM ÝYL SAKLAÝAR Amerikanyň «Hormel» firmasynyň işläp çykaran ýörite plastmassa gabynda azyk önümlerini on sekiz aýlap saklamak bolýar. Bu gaplarda saklanan azyk önümlerini ulanmazdan öň ýokary ýylylykly duhowkada iki minutlap gyzdyrmak ýeterlikdir. ALTYN GUŞLAR Şu ýylyň ahyryna çenli Mawrikiý altyn pul ýasaýan ýurtlaryň ýedinjisi bolar diýip, Hindi okeanyndaky adada ýerleşýän bu döwletiň merkezi bankynyň uprawlýaýuşisi Indur Rampul aýtdy. Bir unsiýa, ýarym unsiýa we çärek unsiýa pullary öňler Maskaren adalarynda ýaşaýan we mundan 300 ýyl ozal ölüp gutaran guşlaryň ady ýaly dront diýlip atlandyrylar. Häzirki wagtda altyn pullar ABŞ-da, Welikobritaniýada, Kanadada, Awetraliýada, GAR-da we Singapurda ýasalýar. Oktýabr aýynda merkezi bank agramy 100, 200, 500 we müň gram bolan altyn böleklerini satyp başlamagy göz öňünde tutýar. SYGYRLARDAKY ÝAZGYLAR Ispaniýanyň Albaseta prowinsiýasynyň daýhanlary sygyrlarynyň tenine ak reňk bilen «sygyr» diýip ýazýarlar. Olar şeýle etmek bilen sygyrlaryny sugunlardan tapawutlandyryp bilmeýän awçylardan goraýarlar. ÖZ AGTYGYNY ÖZI DOGURDY Aberdin şäherinde ýaşaýan (Günorta Dakota ştaty) kyrk iki ýaşly amerikaly Arlett Şwaýser ABŞ-da öz agtygyny özi dogran aýallaryň ilkinjisi boldy. Ol giýewisi bilen 22 ýaşly gyzy Krista Ýuçktiltarapyndan emeli tohumlandyrmak arkaly ekizleri öz göwresinde göterip gezdi. Gyzy Krista bolsa çaga dogurmaga ukypsyz bolup dünýä inipdi. Krista Ýuçitilden alýan tohum öýjügi tohumlandyrylandan soňra gyzyň ejesiniň göwresine geçirildi. Täze doglan bäbejikler– oguldyr gyzjagaz gözegçilik edýän wraçlaryň sözlerine görä, diýseň sagdyn we oňat ösen. Agtyklarynyň enesi hem özüni oňat duýýar. DOŇUZ – IŇ GOWY HALASGÄR Haýwanlaryň arasyndan it adamyň iň wepaly ýoldaşy hasaplanyp gelýär. Emma oňa bu gün amerikaly alymlar şübheli garaýarlar. Olar şeýle dereje hakykatda doňza degişli bolmaly hasap edýärler. Ol näsaglaryň täzeden oturdylmaga mätäçlik çekýän iň zerur organlaryna esasy donor bolar. Eger spesialistlere ynansaň, onda eýýäm birnäçe ýyldan doňzuň içki organlarynyň adama geçirilip oturdylmagy adaty ýagdaýa öwrüler. Şu mesele Amerikanyň hirurgiýa jemgyýetiniň her ýylky gurultaýlarynyň üns merkezinde bolýar. Medikler doňzuň içki organlarynyň, meselem, bagyrdyr böwregiň adamyňka meňzeşdigini we tas şonuň ýaly işleýändigini bellediler. TÄSIN ÇILIM Ýörite ýasalan çilimden ýekeje gezek dartaýmaly– siziň diş agyryňyzdan nam-nyşan galmaz. Bu täzeligi hytaýly alymlar Pekiniň fizika we himiýa institutynda oýlap tapdylar. Ol beýleki onlarça proýektleriň arasynda synag edilip görüldi we giňden öndürmek üçin teklip edildi. Institutyň direktory San Gaofu bu täsin çilimi çekmek arkaly diş agyrynyň azyndan bir ýyllap tepbedini okap bolar hasap edýär. BÄBEJIK HAÝSY REŇKI HALAÝAR? ABŞ-yň we käbir ýewropa ýurtlarynyň pediatorlary täze doglan bäbekleriň aňyna reňkiň edýän täsirini bireýýämden bäri öwrenýärler. Aýratyn hem, ejesiniň gyzyl ýa-da açyk mämişi reňkdäki koftasydyr köýneginiň çaganyň «kakynyny tutdurýandygy» belli edildi. Eger çaganyň ejesi şu reňkde geýnen bolsa onda ol agşamyna wagty bilen köşeşmez. Gara, garamtyl goňur, goýy gök reňkler, birhili, bäbegi köşeşdirýär: ol özüni ýuwaş alyp barýar, emma ähli zada parhsyz garaýar. Diňe solgun gök we solgun ýaşyl reňkler çaganyň nerw sistemasyna oňaýly täsir edýär. IŇ UZYNY BIR METR «Uik-end» iňlis žurnalynyň habar bermegine görä, amerikan alymlary Ýeriň aşa köp ilatlylyk problemasyny çözmäge mümkinçilik berýän serişdäni oýlap tapanmyşlar. Bu serişde planetanyň ýaşaýjysy, hut siziň bilen bizi ösmezek etmekden ybaratdyr. Habar berlişine görä, atmosfera ýa-da suwa goýberiljek täze wirusyň çykarylmagy gysga wagtyň içinde adamlaryň boýunyň keltelmegine getirer: boýy 70-80 santimetr bolan adamlar adaty zada öwrüler, bir metr boýlulary olaryň arasyndan saýlanar durar. ABŞ-yň öňki goranmak ministri, häzirki bütindünýä bankynyň prezidenti Robert Maknamara täze serişdede aýratyn bir howply zat bardyram öýdenok: ikiden birine – ýa girdeneklige, ýa-da mejbury biçilmäge kaýyl bolaýmak galýar. BATYLLAR ÜÇIN GAZET Gonkongda batyllar üçin dünýäde ilkinji gazet neşir edilip başlandy. Gonkongyň batyllar jemgyýeti bilen «Saut Çaýna morning post» ýerli gazeti ony neşir edijilerdir. Umumy möçberi ýedi müň sözi bolan materially gazetiň nomeri redaksiýanyň EHM-nde programma salnyp saklanylýar. Batyllar jemgyýetiniň işgärleri bolsa tekstleri kompýuterlere kabul edip alýarlar-da Braýlyň şrifgi bilen informasiýany kagyz ýüzüne geçirýär. Şeýle ýagdaýda gazet abunaçylaryna gowuşýar. Jemgyýetiň çlenleri üçin ol mugt. Batyllar üçin elipbiýi düzen adamyň hormatyna «Braýl post» diýlip atlandyrylan gazetde dürli temadaky materiallar, sport täzelikleri, işjeň informasiýalar, bildirişler bar. Uly neşirleriň birnäçesi şol sanda «Nýu-Ýork taýms» hem bu täzelik bilen gyzyklanyp başlady. HIÇDEN GIÇ ÝAGŞY Deli şäheriniň ýaşy durugşan ýaşaýjysy Diniň wyždany oýanýan bolara çemeli. Bu ony täsin hereket etmäge iterdi. Ol aragatnaşyk bölüminiň üsti bilen demirýol transporty ministrlige ep-esli mukdardaky puly iberdi. Öz hatynda ol munuň Bombeýde işlän döwründe: şäherýaka otlularda gatnan wagty tölemeli puludygyny düşündirdi. Hindistanyň garaşsyzlygy ykrar edilen wagty bolan 1947-nji ýyldan bäri 40 ýylyň, dowamynda Din gatnap işlemeli bolupdyr. Şu döwrüň içinde bir köpügem tölemändir. Bir gezegem kontrolýorlaryň eline düşmändir. Munuň üçin ony Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizäýmeli. Ol özünde pulunyň bolmanlygy üçin şeýdipdir. «...Indi mende tölemek üçin pul bar. Wyždanymyň: öňünde-de men päk» diýip ol aýtdy. Ol ministrlige döwlete bergili bolandakysyndan üç esse köp pul geçirdi. WEJERALYGY ÇEKIP-ÇYDAP BILMEDI Nigeriýadan bir telekeçi (biznesmen) dogan-garyndaşlardan gizlinlikde parnografiýa filialynda surata düşen gyzynyň eden wejeralygyny çekip-çydap bilmedi. Bu waka hakda ýazan «Wengrad» gazetiniň habar bermegine görä, «Umuahio» şäheriniň (Imo ştaty) ýaşaýjysy öz ýoldaşynyň öýünde wideofilm gören körpe oglunyň kinoda gyz doganynyň oýnandygy barada aýdanlaryna birbada ynanmandyr. Emma şol filmiň bir nusgasyny satyn alan kakasy muňa ynanmaly bolupdyr. Şonda ol öýde maşgala çlenleriniň ählisini ýygnap, filme tomaşa etmegi gurapdyr. Haçanda ekranda gyzynyň keşbi görnen wagty welin, onuň üstüne benzin guýup otlapdyr. Ýanan gyz şol gün wepat bolupdyr. ADAMZADYŇ ATA-BABALARY Efiopiýanyň Keniýa bilen serhetdeş raýonlarynda gazuw-agtaryş işleri geçirilende 3,5 million ýyl mundan öň ýaşap geçen adamlaryň galyndylary tapyldy. Barlag işleriniň koordinatory Berhanýe Assefýanyň aýtmagyna görä, hatarynda amerikan, fransuz we efion paleontologlary bolan komissiýa maýmyna meňzeş jan darlaryň 17-siniň kelleçanagyny we süňklerini tapdy. Onuň sözlerine görä, olar öň Efiopiýanyň we Keniýanyň territoriýalarynda tapylýan galyndylara meňzeş. Häzirki Efiopiýanyň ýerinde şeýle jandarlaryň 15 million ýyl mundan öň ýaşandyklary belli edildi. PSIHOLOG Duýdansyz ýerden öňünde gaharjaň kepjebaşyň awuly dilini gören sürüji nähili duýgyny başdan geçirýändir öýdýärsiňiz! «Midl Ist taýms» hepdelik gazetiniň habar bermegine görä, bu sowala doly jogaby Kamriň ýaşaýjysy Muhammet diýen biri jogap bermegi başarypdyr. Ol müsür polisiýasy tarapyndan awtomobillerde ogurlyk edýändigi üçin tutulypdyr. Ähli sürüjiler kepjebaşy gören dessine gorkudan ýaňa derrew maşyndan çykyp gaçmak bilen bolýan ekenler. Şol wagtam Muhammet hiç hili päsgelçiliksiz awtomobildäki gymmatbaha zatlary alýan eken. Ol arzan maşynlaryň golaýyndanam barmandyr, diňe «Mersedes» ýaly gymmatbaha, owadan maşynlary talamak bilen meşgullanypdyr. Özem talaňçylyk üçin ol agşama golaý köçelere çykar eken. Kepjebaş welin Kamriň dükanlarynda satylýan, batereýa bilen işleýän adaty oýunjak bolup çykdy. MASLAHATA GULAK ASDYLAR Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde ogrular gije magaziniň gapysyny döwdüler we kassadan 17 müň franky ogurlalylar. Birnäçe gün geçenden soň polisiýa jenaýatçylary tutdy. Netijede olaryň magazini talamak üçin özleriniň ulanan gurallaryny ozal şol ýerden satyn alandyklary anyklanyldy. Magaziniň ady hem «Özüň ýasa» diýlip atlandyrylýar eken. PILIŇ DIŞINI ARASSALAÝARLAR Şri-Lankada piliň dişi arassalanylýar. Bu iş ýeňil däldir. Piliň 26 sany dişi bar. Onuň her biri kerpiç ýaly. Piliň dişlerini kokos hozunyň gabygy bilen arassalaýarlar. SOWGAT HÖKMÜNDE ALYP GITDILER Her ýyl suwa düşülýän möwsümiň başlanmagy bilen Rio-de-Žaneýronyň häkimiýetlerine plýažlaryň hapalanmasy iş bolýar. Her ýyl bütindünýä belli Kopakabana we Ipanema plýažlarynda ýer süpürijileriň 200-si işleýär. Sebäbi plýažlara gelýänler her gün 50 tonna hapa galdyryp gidýärler. Hapany ýygnamak bilen meşgullanýan firma öz işini ýeňletjek boldy. Indi plýažyň girelgesinde her adama owadan bezelen hapa salynýan plastik paket berilýär. Ýöne adamlar ol haltany sowgat hökmünde öýlerine alyp gidýärler, hapa bolsa galyberdi. TELLIŇ ARBALETI BOLMANDYR Şweýsariýaly alym Genrih Waýst, rowaýatda öz oglunyň depesindäki almany nyşana uran ýurduň milli gahrymany Wilgelm Tell arbalet diýlen zady (tüpeň şekilli ýaý) öz ömründe görmändir diýip, yglan etdi. 1300-nji ýylda arbalet Şweýsariýada ýok eken. Şol döwrüň grawýuralarynyň we suratlarynyň köpüsini öwrenip, alym olaryň arasyndan şu ýaragyň şekilini tapmady. UGUR TAPYJY DIREKTOR Amerikanyň Missuri ştatynyň Kanzas Siti şäherinde, golaýda, uly bolmadyk kir ýuwulýan ýer açyldy. Onuň eýesi reklama maksatlary üçin şu ýere gelen ilkinji erkek kişiniň kirini mugt ýuwup berjekdigini gazet üsti bilen habar berdi. GAÇMAK ÜÇIN... Golaýda Berliniň nemes taryhy muzeýine geň eksponat getirildi. Ol öňki GDR-iň graždanynyň Günbatara gaçmak üçin ýasan suwasty gämisidir. UÇUDYŇ ÜSTÜNDE 43 ýaşly Anri Peşanten Aweron departamentindäki (Fransiýa) daglarda on bir gije-gündizini geçirdi. Ol şol döwrüň içinde uçudyň üstünde berkidilen uzynlygy 2 ýarym metrlikdäki tagtanyň üstünde boldy. Peşanten ähli gijelerini şol ýerde geçirdi, dumanda-ýagyşda hem «öýüni» taşlap gitmedi. Bellenen wagt bolanda, ony bäş müň adamly mähelle şowhunly garşy aldy. KEPDERILERDEN GUTULMA ÝOK Oklahoma-siti şäheriniň (ABŞ) okrug sudunyň jaýynyň üstüne sereden adam ol ýerde owsun atyşýan ýylanlary görün biler. Ýöne şeýle bolsa-da şäherliler bu ýerden geçmäge gorkanoklar sebäbi ýylanlar plastikadan ýasalan. Olar bu şäher üçin tüýs melamat bolan kepderilerden goranmak üçin garantga hökmünde hyzmat edýärler. NÄMÄLIM ÝER ŞARY Amerikaly alymlar topary Boliwiýanyň demirgazyk bölegindäki jeňňelliklerde ylma mälim bolmadyk haýwanlary we ösümlikleri tapdylar. Alymlar süýdemdirijileriň 45 görnüşini, guşlaryň 403 görnüşini we ösümlikleriň 204 görnüşini ýazyp aldylar. Ol ylymda garaşylmadyk açyş boldy. ÄGIRT GÖK ÖNÜMLER Angliýada her ýyl äpet uly gök önümleriň: iň uly kädileriň, iň uly käşirleriň, iň uly kartoşkalaryň we şoňa meňzeşleriň sergisi geçirilýär. Golaýda. Otaf fordşir graflygyndaky sergide diametri bir ýarym metr bolan kelem görkezildi. SYRYNY GIZLIN SAKLAÝAR Kýoln şäherinden Klemens Mýutteriň ady Ginnessiň rekordlar kitabyna iki gezek ýazyldy. Birinji gezek onuň hiňňildik uçmakda gazanan üstünligi ýazyldy, ol 102 sagat 30 minutlap dynuwsyz uçdy. Ikinji gezek 7 sagat 58 minutda 1622 jübüt aýakgaby arassalady. Mýutter üçünji gezek hem kitaba girmekçi, ýöne «sportuň» haýsy görnüşi bilen meşgullanjakdygyny gizlin saklaýar. SAÇY BOÝUNÇA DIAGNOZ GOÝMAK Adamyň saçynda organizmiň kadaly işlemegi üçin zerur bolan himiki elementiň 43-siniň ählisi bar. Amerikaly alymlar indi gany, aşgazan şiresini we şoňa meňzeşleri barlag edişleri ýaly, saçlaryň himiki analizini hem geçirýärler. Saçda ol ýa-da beýleki elementleriň ýok bolmagy diagnoz goýmaga we bejeriş usulyny bellemäge kömek eder. DÄNEDENEMKIÇI ÝELPEWAÇ Pekiniň hünärmentleriniň birnäçesi ululygy tüwi dänesindenem kiçi bolan, dünýäde iň kiçi ýelpewajy ýasadylar. Gözüňe zordan saýgardýan pil süňkünden ýasalan plastinkajyklaryň on birisinde peýzaž suratlarynyň on birisi we iýeoroglifleriň 375-si bilen ýazylan goşgularyň on birisi ýerleşdirilipdir. KROKODILLERI GEŇ GALDYRDY Zairli Mobibi Nhara peýdasyzam bolsa, gaty batyrgaý edermenlik görkezdi. Ol krokodillerden doly Kasai derýasynyň suwunyň aşagyndan ýüzüp geçdi. Köpsanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda ol akwalangaly suwa çümüp, beýleki kenardan sag-aman çykdy. Nharanyň özem bu hadysa haýran galdy. Ol sag-aman beýleki kenardan çykanlygy üçin öz akwalangasyna örän minnetdar. Adaty bolmadyk adam keşbini gören krokodiller oňa haýran galyp seredip galan bolmaly. «DOLLARA»ALDANANLAR Gwetemalanyň Puerto-Borrios port şäheriniň adamdan hyryn-dykyn plýažyna motosikletli bir adam geldi. Ol märekäniň öňüne geçip, batly sesi bilen gygyrdy. Plýaždaky adamlar oňa sereden wagty, ol sumkasyndan bir topbak kagyz çykaryp ýokaryk oklady. Olar 50 we 100 dollarlyk amerikan pullarydy. Ol bu hereketini birnäçe ýüz metr geçip ýene gaýtalady. Plýažda dynç alýanlaryň hemmesi onuň yzyndan ylgap başladylar. Kynçylyksyz gazanylan pullary ýygnaýanlar haçanda öz dynç alyp oturan ýerlerine dolanyp gelenlerinde gymmat bahaly sagatlarynyň, magnitofonlarynyň, tranzistorlarynyň ýokdugyny bilip galdylar. Azap edip ýygnan pullary bolsa galp bolup çykdy. GAÇGAKLAR GÖZEGÇILIK ASTYNDA Kanadaly bir himik ýüze çalmak üçin garaňkyda şöhlelenýän krem oýlap tapdy. Bu täzelik döwlet türmeler uprawleniýesini gyzyklandyrdy. «Ygtybarsyz» tussaglaryň ýüzüne şu kremden çalmak göz öňüne tutulýar. Ol kremi ýüze çalanyňdan soňra aýyrmak kyn. Ony diňe özi üçin niýetlenen ergini ulanaýmasaň aýryp bolanok. JANKÖÝER TOTUGUŞ Günorta Afrikanyň Siros şäherinden Şenhuberleriň maşgalasynda gepleýän bir totuguş ýaşaýar. Ol guşuň eýýäm ep-esli ýaşy bar. Onuň dil baýlygy uly, hatda tutuş jümleleri hem aýdyp bilýär. Özem onuň aýdýan sözleri hemişe jüpüne düşäýýär. Robin atly bu totuguş telewizion gepleşikleri, aýratynam futbol oýunlaryny gowy görýär. Futbol başlanan dessine eýesiniň oýna garaýşyna laýyk söz oklaýar. Ol eýesine janköýerlik bilen seredip, oýunda pökgini aldyran oýunça «Meýdançadan gümüňi çek», «Aýagyňy gymyldat, bihepbe» ýa-da «Seniň ornuň stadion däl-de, atyzda» ýaly sözleri aýdyp gygyrýar. Ol garşydaşynyň toruna pökgi geçiren oýunçynyň göwnüni götermek üçin «Berekella», «Ajaýyp pökgi» ýaly sözleri aýdýar. Roben pökgini derwezä goýberen derwezeçä hem mynasyp baha berýär: «Pöwhe», «Lellim» ýaly sözleri aýdýar. Eýesi Robiniň söz baýlygyny gün-günden artdyrýar we başga wagtlar dostlaryny hem bu oýna tomaşa etmäge çagyrýar. FAKIR GANATSYZ UÇÝAR Taga şäheriniň (Butan) merkezi meýdançasynda özüni Fakir Rameş Janra diýip atlandyrýan bir kişi uçmak ukybyny görkezdi. Ol müňlerçe tomaşaçynyň gözüniň alnynda depä çykyp, ellerini ýokaryk uzatdy we gözlerini ýumdy. Şondan soň onuň öz-özi endigan, ýokaryk galyp başlady. Fakir üç metr ýokary galandan soň sägindi we elini hereketlendirmezden howada gaýyp başlady. Bu hadysa üç minut dagy dowam etdi. Uçuşy birnäçe kino apparat surata düşürdi. Emma uçuş tamamlanandan soňra surata alnan kinoplýonkalaryň ählisi hem arassa çykdy. Fakiriň bu uçuşyna häzire çenli hiç hili düşündiriş tapylanok. ADAMZADYŇ WATANY NIRE? Gomonidleriň häzirki zaman adamlaryny öz içine alýan maşgalalar öň çak edilişi ýaly, Afrikada däl-de, ilki Gresiýada peýda bolan bolmaly. Fessalonika töwereklerinde uranopitek adyny alan maýmyn şekilli jandaryň kelle süňkleriniň böleklerini tapan fransiýaly paleontolog Lui de Bonis şeýle hasaplaýar. Ol süňkleriň on million ýaşy bar. Bonisiň çaklamalaryna görä, Afrikadan tapylan galyndy süňkleriň ýaşy 3,5 million bolan afarly awstralopitek uranopiteklerden gelip çykypdyr. KIM ÖKDE? ABŞ-yň, Ispaniýanyň, Angliýanyň, Kanadanyň we Günorta Koreýanyň on üç ýaşly mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen barlag işi, matematikadan hemmelerden gowy bilýänleriň koreýalylardygyny, ýaramaz bilýänleriň hem amerikanlardygyny belli etdi. Barlag işde olara özleriniň matematikany bilşine nähili baha berýändigi hem soraldy. Berlen jogaplardan çen tutsaň, amerikanlylaryň özlerine göwni ýetýän ekeni. Günorta koreýalylar bolsa özleriniň matematikadan bilşine göwni ýetmeýän ekeni. PUL BILEN URUP ÝYKDY Eli ýaragly talaňçy kassa golaýlaşyp, kassadaky pullaryň baryny bermegi talap etdi. Bu waka Amerikanyň Miçagan ştatynyň Daýmondeli şäherinde bolup geçipdi. Kassir aýal Salli Daýmon içi pully on kilogramdan agyrrak haltany sowukganlylyk bilen alyp, talaňçylyk edýäniň depesinden eňterdi. Talaňçy özünden gidip ýykyldy. Wakanyň bolan ýerine gelen wraçlar talaňçynyň kellesinde şikesiň dörändigini we beýnisiniň sarsandygyny anykladylar. GURJAK HEM ÖSÝÄR Çaga ösdügiçe öň geýip ýören eşigi, aýakgabykellesine geýýän başgaby kiçi bolýar. Hut şonuň bilen bir hatarda oýunjaklary hem üýtgeýär. Çagalar üçin täze oýunjaklar satyn alyp oturmazlyklary üçin amerikaly konstruktorlar çagalaryň özi bilen deň ösýän plastmassa oýunjaklary ýasadylar. Ol gurjaklary ösdürmegiň kyn bolmadyk emeljagazy hem ýazylan. Ony ulaltmak üçin diňe wagtal-wagtal ölläp duraýmaly. ÇAGA WAGŞYMY? Nigeriýada birwagtlar ekiz çaga dogulsa bagtsyzlyk diýlip düşünilipdir ekeni. Ondan gutulmak üçin, jaýdan iýmiti, oduny, suwy çykarar ekenler. Ugandanyň käýerlerinde bu däp entegem saklanyp galypdyr. Olar ekiz bolan çagany bedibagt saýyp, olardan urşujylary taýýarlaýarlar. Amerikaly indeýler ekizlere hasam gazaply seredýärler. Eger olaryň biri gyz bolsa, gyzy öldürýärler. Käwagtlar bolsa ekizler iki atadan bolan hasaplanyp, olary dünýä inderen ene biwepalykda aýyplanýar. Bu aýala hökman jeza bermeli diýen düşünje olaryň aňyna guýlupdyr. Emma kanopa taýpasynda bu däp ýok. Bu taýpanyň wekilleri ekiz çagalary beýleki çagalardan artyk göräýmeseler kem görenoklar. GADYMY HAMMAM Taryhy dokumentlerde «Awgustanyň sümelgesi» ady bilen mälim bolan, biziň eramyzyň I asyrynda gurlan adaty bolmadyk kompleksi jikme-jikligi bilen dikeltmek üçin restawratorlar uly tagalla etdiler. Bu desga wannalara bejeriş häsiýetine eýe bolan suwy akdyrmak üçin köp dürli mehanizmler bilen enjamlaşdyrylypdyr. Portugaliýanyň paýtagty Lissobonyň ýaşaýjylarynyň arasynda Rim hammamlary ençeme ýyllap uly meşhurlyga eýe bolup gelipdir. Ýöne welin 1755-nji ýylda bolan heläkçilikli ýer titremesi şol hammamlary tutuşlygyna diýen ýaly ýumrupdyr. Ine, indi 230 ýyldan soň, şol hammamlar ilata ýene-de hyzmat edip başlady. ADALAR SÜÝŞÝÄR Ýuwaş okeandaky adalar, geologiki ölçegler boýunça, örän tizlik bilen Ýaponiýa tarap süýşýärler. Ýaponiýanyň poçta we telegraf ministrliginiň geçiren barlaglarynyň görkezişi ýaly diňe soňky bir ýylyň içinde Mikroneziýa adasy ýapon arhipelagyna 8 santimetr, Gawaý adalary bolsa 4 santimetr ýakynlaşypdyr. Alymlar bu maglumatlary ýer şarynyň üst tarapynda ýerleşýän tektoniki plitalaryň hereket ediş teoriýasy tassyklaýar diýip hasaplaýarlar. IŇ BEÝIK ŞAGLAWUK Wenesuelanyň günorta-gündogar bölegini Auýan-Tepun dag massiwi tutýar. Şol ýerde giň köpçülige mälim bolmadyk Çuruň derýajygy akýar. Ol başga bir derýa, ýagny Karoni derýasyna guýýar. Ol hem öz gezeginde Orinoko derýasynyň goşandy bolup durýar. Ine, şol ýerde, ýagny Çurun derýasynyň ýanynda dünýäde iň belent şaglawuk ýerleşýär. Ol Anhel diýlip atlandyrylýar. Onuň örän oňaýsyz ýerde ýerleşenligi sebäpli, häli-häzire çenli bu şaglawugyň ululygy barada gutarnykly pikir aýdylanok. Ýöne, takmynan 1054 metr belentligi bar diýlip çak edilýär. ÝERASTY KÖŞK Ýakynda Oman soltanlygynyň elektrik energiýasy we suw resurslary ministrliginiň spesialistleri ýurduň demirgazyk böleginde dünýäde iň uly karst gowagyny ýüze çykardylar. Bu gowagyň iň uly zalynyň ölçegi hem has gabaraly bolup çykdy. Onuň boýy 310 metre, ini 225 metre we beýikligi 120 metre barabar ekeni. Bu zalyň esasynyň meýdany 58 müň kwadrat metre golaýlaýar. Bu «ýerasty köşk» gowy barlanyp görlende, köşkde doly derejede ýaşaýşyň bolandygy anyklanyldy. ÖZ ÖÝÜŇI TAPÝARMYŇ? Bu soragyň örän geň görünmegi hem mümkin. Ýöne panyda bolmaýan zat barmy diýsene! Hut şeýle zatlaryň bol ýanlygy sebäpli Norwegiýanyň Bergen şäheriniň häkimi täze bir karar kabul etdi. Ol kararda aýdylyşy ýaly, täze gurlan raýonyň jaýlarynyň gapylarynda şol ýerde ýaşaýan öý eýeleriniň suratlary ýelmener. Şeýle çäräniň görülmegi dörän ýagdaý bilen baglanyşyklydyr. Kiçi ýaşly çagalaryň gezelençden ýa-da okuwdan gaýdyp gelenlerinde, ekiz taýy ýaly birmeňzeş jaýlaryň arasyndan öz öýlerini tapyp bilmän azaşýan halatlary ýygy-ýygydan bolýanlygy sebäpli, şeýle karar kabul edilipdir. WELOSIPEDDE DÜNÝÄNIŇ ÝÜZÜNE... Iki sany hindi ýigidi, höwesjeň sportsmenler Ram Çandra bilen Somnat Mukeriji 1982-nji ýylyň aprelinde Kalkuttadan ýola düşüp dünýäniň ýüzüni syýahat etmek bilen Liberiýa geldiler. Olar bu ýokary marafeýawelosipedli syýahatyň ahyrky nokadyna 1992-nji ýylda gelip ýetdiler. Hindi sportsmenleri syýahatyň on ýylynda Aziýanyň, Afrikanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň togsana golaý ýurduna baryp gördüler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |